Ekologiýa howpsuzlygy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ekologiýa howpsuzlygy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 72-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 131-VI Kanuny esasynda girizilen

 üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ekologiýa howpsuzlygy – hojalyk we beýleki işiň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň mümkin bolaýjak ýaramaz täsirinden daşky gurşawyň, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygynyň ýagdaýy;

2) tebigy obýekt ýa-da tebigy gurşawyň düzüm bölekleri – ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, ekologiýa ulgamlary, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy;

3) antropogen (adam tarapyndan döredilen) obýekt – adamyň durmuş zerurlyklaryny üpjün etmek üçin ol tarapyndan döredilen we tebigy obýektleriň alamatlary bolmadyk obýekt;

4) tebigy-antropogen obýekt – hojalyk we beýleki işiň netijesinde üýtgedilen tebigy obýekt we (ýa-da) adam tarapyndan döredilen we dynç alyş-sagaldyş hem-de gorag ähmiýeti bar bolan, tebigy obýektiň alamatlary bolan obýekt;

5) tebigy serişdeler – jemgyýetiň maddy, medeni we beýleki zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda peýdalanylýan ýa-da peýdalanylyp bilinjek, tebigy gurşawyň düzüm bölekleri;

6) tebigy ekologiýa ulgamy – giňişlik-çäk serhetleri bar bolan we onda onuň janly (ösümlikler, haýwanlar we beýleki organizmler) hem-de jansyz elementleri biri-biri bilen gatnaşykda bolýan we öz aralarynda maddalaryň, energiýa hem-de maglumat çalşygy bilen baglanyşykda bolan tebigy gurşawyň hakyky bar bolan bölegi;

7) daşky gurşawyň hili – fiziki, himiki, biologik hem-de beýleki görkezijiler we (ýa-da) olaryň jemi bilen häsiýetlendirilýän, daşky gurşawyň ýagdaýy;

8) amatly daşky gurşaw – onuň obýektleriniň ýagdaýy ekologiýa howpsuzlygyny we ilatyň saglygynyň goragyny, hapalanmanyň öňüniň alynmagyny, ekologiýa ulgamlarynyň durnukly işlemegini we tebigy serişdeleriň gaýtadan dikeldilmegini üpjün edýän daşky gurşaw;

9) daşky gurşawa ýaramaz täsir etme hojalyk we beýleki işiň prosesleriniň, tebigy hadysalaryň we täsirleriň daşky gurşawa täsir etmegi, şeýle hem olaryň netijeleri daşky gurşawyň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýän ýa-da getirip biljek täsir etmeleriň utgaşdyrylmagy;

10) ilatyň saglygyna ýaramaz täsir etme – hojalyk we beýleki işiň prosesleriniň, tebigy hadysalaryň we täsirleriň daşky gurşawa täsir etmegi, şeýle hem olaryň netijeleri ilatyň durmuşynyň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýän ýa-da getirip biljek täsir etmeleriň utgaşdyrylmagy;

11) daşky gurşawyň hapalanmagy – daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň, howply himiki we biologik maddalaryň, radioaktiw materiallaryň, galyndylaryň gelip gowuşmagy, şeýle hem daşky gurşawa galmagalyň, wibrasiýanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki fiziki taýdan zyýanly täsirleriň täsir etmegi;

12) ekologiýa töwekgelçiligi – ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine getirip biljek hojalyk we beýleki işiň çaklanylýan ýaramaz täsir etmesi bilen şertlendirilen, daşky gurşaw we ilatyň saglygy üçin ýaramaz netijeleri bar bolan wakanyň ýüze çykmak ähtimallygy;

13) ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplar – daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsir etmelere alyp barýan hadysalara, proseslere we täsirlere getirip biljek şertleriň döremek ähtimallygy;

14) ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleri – görlen seresaplylyk çärelerini nazara almak bilen, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan meýilleşdirilýän ýa-da amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine getirmeýändigini we getirip bilmejekdigini tassyklaýan, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen olaryň raýatlyk jogapkärçiligini göz öňünde tutýan borçnamalar;

15) ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesi – ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine garşy seresaplylyk çäreleriniň netijeliligine we ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplar amala aşan halatynda daşky gurşawa, ilatyň saglygyna, ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine zyýan ýetirilmegine getirip biljek raýat jogapkärçiligini göz öňünde tutýan borçnamalara garaýan, meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň döwlet ekologiýa seljermesiniň bölümi;

16) ekologiýa auditi – ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň hojalyk we beýleki işiň subýekti tarapyndan berjaý edilişine garaşsyz baha bermek we ekologiýa işi babatda hödürnamalary taýýarlamak;

17) ekologiýa howpsuzlygynyň auditi – ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleriniň yzygiderli, resminamalaşdyrylan hakyky baha berilmesini we ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine garşy seresaplylyk çäreleriniň netijeliliginiň içerki gözegçiligini öz içine alýan, hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygyny dolandyrmagyň içerki elementi;

18) ekologiýa taýdan ätiýaçlandyryş – ekologiýa howpsuzlygy boýunça töwekgelçilikleriň ätiýaçlandyrylmagyny we ekologiýa taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky talap arzalarynyň ykrar edilmegini üpjün edýän, halkara we milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulgamy;

19) ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek – döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň, döwletiň durnukly, ekologiýa taýdan howpsuz durmuş-ykdysady ösüşine şertleriň döredilmegine hem-de onuň ekologiýa howpsuzlygyna abanýan daşky we içerki howplaryň öňüni almaga gönükdirilen işi;

20) adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalary – hojalyk we beýleki işiň netijesinde olarda ilatyň saglygyna, tebigy ekologiýa ulgamlarynyň ýagdaýyna, ösümlikleriň we haýwanlaryň genetiki fonduna aýgytly howp salýan, daşky gurşawda durnukly ýaramaz üýtgemeler bolup geçýän çägiň bölekleri (uçastoklary);

21) ekologiýa taýdan betbagtçylyk zonalary – hojalyk we beýleki işiň ýa-da tebigatyň tebigy güýçleriniň weýran edijilikli täsiriniň, heläkçiligiň ýa-da betbagtçylygyň netijesinde olarda ekologiýa ulgamlarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly tebigy gurşawyň durnukly we dikeldip bolmajak üýtgemeleri bolup geçen çägiň bölekleri.

 

2-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri

 

Ekologiýa howpsuzlygy şu esasy ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar:

1) adamyň we raýatyň ekologiýa howpsuzlygyna bolan konstitusion hukuklarynyň hökmürowanlygy;

2) durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmegiň hökmany şerti hökmünde ekologiýa howpsuzlygynyň milli ulgamyny döretmek we goldamak;

3) döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň degişli çäkde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bolan jogapkärçiligi;

4) ekologiýa töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyrmak;

5) ýokary ekologiýa howpunyň çeşmesi bolup durýan kärhanalaryň we önümçilikleriň raýat jogapkärçiliginiň hökmany ätiýaçlandyrylmagy;

6) hojalyk we beýleki işiň ekologiýa taýdan auditiniň garaşsyzlygy;

7) ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesiniň netijeleriniň esasynda hojalyk we beýleki işiň obýektlerini ýerleşdirmek (antropogen obýektleri we tebigy-antropogen obýektleri);

8) daşky gurşawa, ilatyň saglygyna, ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine ýetirilen zeleliň netijesinde ýüze çykan zyýanyň öweziniň dolunmagynyň hökmanylygy;

9) işiň islendik görnüşleriniň amala aşyrylmagyna çäklendirmeler we (ýa-da) ekologiýa howpsuzlygyna howp salýan işi wagtlaýyn togtatmak;

10) ekologiýa howpsuzlygy babatda maglumatyň elýeterliligi;

11) ekologiýa howpsuzlygyna howp döredýän ýa-da döredip biljek hereketlere ýa-da hereketsizlige ýuridik we fiziki şahslaryň jogapkärçiligi;

12) amatly daşky gurşawa we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan olaryň hukuklaryna degişli çözgütleri taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy;

13) ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek.

 

4-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan esasy talaplar

 

1. Ekologiýa howpsuzlygy şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düzüm bölegidir.

2. Ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet syýasaty Türkmenistanyň ähli döwlet häkimiýet edaralarynyň bu babatdaky hereketleriniň bitewiligini we sazlaşyklylygyny göz öňünde tutmalydyr.

3. Türkmenistanyň ösüşiniň döwlet strategiýasy kemala getirilen we durmuşa geçirilen mahalynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar.

4. Ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet syýasaty ekologiýa howpunyň derejesiniň meýilnama laýyk peseldilmegini göz öňünde tutmalydyr.

Daşky gurşawa gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn täsir edýän islendik hojalyk we beýleki iş, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan düzgünleşdirilmelidir.

5. Hojalyk we beýleki işiň ähli subýektleri şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bolan talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.

6. Ekologiýa taýdan howply ýagdaý ýüze çykan halatynda onuň häsiýeti we çeşmeleri barada ýuridik we fiziki şahslara hökmany suratda habar berilýär.

 

II BAP. EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY BABATDA

DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

5-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda döwletи düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

 

Ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara), beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary (mundan beýläk – ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary) we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ekologiýa howpsuzlygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär we onuň durmuşa geçirilişine gözegçilik edýär;

2) ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) ekologiýa howpsuzlygy babatda işi utgaşdyrýar;

4) şu Kanuna we ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

7-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

2) adamyň we raýatyň amatly daşky gurşawa we ekologiýa howpsuzlygyna bolan hukuklaryny goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

3) ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň  kadalaşdyryjy hukuk namalaryny bellenilen tertipde işläp taýýarlaýar we tassyklaýar hem-de olaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

4) ekologiýa howpsuzlygy babatda maglumat üpjünçiligini guraýar we bu işi utgaşdyrýar;

5) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplaryna laýyklygyny kesgitlemek maksady bilen, ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesini geçirýär;

6) hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

7) ekologiýa howpsuzlygy babatda ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;

8) ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça, şol sanda hojalyk we beýleki işiň ekologiýa taýdan howply netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri kesgitleýär;

9) degişli çäklere adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalary derejesiniň (statusynyň) berilmegi baradaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýär;

10) kärhanalaryň we önümçilikleriň tebigaty goraýyş resminamalaryna ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň hökmany bölümleriniň goşulmagyna bolan talaplary belleýär;

11) döwletiň ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremeginiň ýokary töwekgelçiligi olar üçin kesgitlenen tebigy, tehnogen we tebigy-tehnogen obýektleriniň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

12) daşky gurşawyň hapalanmagynyň çeşmeleri bolup durýan we ekologiýa taýdan hökmany ätiýaçlandyrylmagyna degişli hojalyk we beýleki işiň obýektleriniň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

13) ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

14) şu Kanuna we ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

8-nji madda. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

1. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary:

1) ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) ekologiýa howpsuzlygyna ekologiýa taýdan howply ýagdaýlaryň döremek we güýçlenmek howpuny döredýän hereketleri hem-de hadysalary ýüze çykarmak we çaklamak boýunça işe gatnaşýarlar;

3) ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde ylalaşýarlar;

4) ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça, şol sanda hojalyk we beýleki işiň ekologiýa taýdan howply netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri kesgitlemäge gatnaşýarlar;

5) özüniň garamagyndaky çäklerde we obýektlerde ekologiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna gözegçilik ulgamynyň hereketde bolmagyny guraýarlar we üpjün edýärler;

6) ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine garşy zerur we ýeterlik seresaplylyk çärelerini üpjün edýän, edaranyň içki öňünden duýduryş çärelerini bellenilen tertipde tassyklaýarlar;

7) ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşýarlar;

8) şu Kanuna we ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, özleriniň ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

2. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ekologiýa howpsuzlygy babatda öz işini amala aşyran mahalynda, ygtyýarlandyrylan edara bilen bilelikde arkalaşykly hereket edýärler we ony utgaşdyrýarlar.

 

9-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde ýardam edýärler;

2) kärhanalaryň we önümçilikleriň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplara laýyklygyna barlag geçirmek meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan edara ýüz tutýarlar;

3) jemgyýetçilik ara alyp maslahatlaşmalarynyň geçirilmeginiň guralmagyna we raýatlaryň ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmagynyň beýleki görnüşleriniň amala aşyrylmagyna ýardam edýärler;

4) şu Kanuna we ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, özleriniň ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

III BAP. EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY BABATDA RAÝATLARYŇ WE JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

10-njy madda. Raýatlaryň hukuklary we borçlary

 

1. Her bir raýatyň şulara hukugy bardyr:

1) ýaşaýyş we saglyk üçin amatly daşky gurşawa we ekologiýa howpsuzlygyna;

2) özüniň ýaşaýan ýerlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň ýagdaýy baradaky ygtybarly maglumata;

3) özüniň ýaşaýan ýerlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň ýagdaýy baradaky maglumaty almak meseleleri boýunça we ony üpjün etmegiň çäreleri boýunça döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýüz tutmaga;

4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Her bir raýat şulara borçludyr:

1) ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

2) döwletiň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam etmäge;

3) özüniň günäsi bilen ýüze çykyp biljek, ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň öňüni almaga.

 

11-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary we borçlary

 

1. Daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy babatda işi amala aşyrýan jemgyýetçilik birleşikleri, öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde raýatlaryň ekologiýa howpsuzlygyna bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrmaga haklydyrlar.

2. Jemgyýetçilik birleşikleri ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öz işini amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy hakyndaky kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

 

12-nji madda. Raýatlaryň ekologiýa howpsuzlygyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça döwlet çäreleriniň ulgamy

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde raýatlara we jemgyýetçilik birleşiklerine olaryň ekologiýa howpsuzlygyna bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde ýardam etmäge borçludyrlar.

2. Ilatyň we daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygyna howp döredip biljek hojalyk we beýleki işiň obýektlerini ýerleşdirmek baradaky çözgüt, jemgyýetçilik pikirini hasaba almak bilen kabul edilýär.

 

IV BAP. EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY BABATDA

YKDYSADY TAÝDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

13-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek

 

1. Ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreler, daşky gurşawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda çaklamalar hem-de maksatnamalar işlenip taýýarlanylan mahalynda nazara alynýar we ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna goşulýar.

2. Ekologiýa howpsuzlygyna howp döredip biljek hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, öz işiniň ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga borçludyrlar.

 

14-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maksatnamalary we ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek

 

1. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maksatnamalary we ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek şularyň hasabyna geçirilýär:

1) hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça gelip gowuşýan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň serişdeleriniň;

2) ýuridik we fiziki şahslaryň hususy serişdeleriniň;

3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň.

2. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüminde maksatlaýyn döwlet gaznalary döredilip bilner.

3. Ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleri, jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamasy bilen göz öňünde tutulan işi maliýeleşdirmek, çekilen serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

15-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda hojalyk we beýleki işi döwlet tarapyndan ykdysady taýdan höweslendirmek

 

1. Ekologiýa howpsuzlygy babatda hojalyk we beýleki işi döwlet tarapyndan ykdysady taýdan höweslendirmek, ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça hojalyk subýektlerini işjeňleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Ekologiýa howpsuzlygy babatda hojalyk we beýleki işi döwlet tarapyndan ykdysady taýdan höweslendirmek ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna we hakykatda durmuşa geçirilmegine döwlet ykdysady ýeňillikleriniň berilmegini öz içine alýar.

3. Ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça döwlet ykdysady ýeňillikleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

16-njy madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda telekeçilik işi

 

1. Ekologiýa howpsuzlygy babatda telekeçilik işi döwlet tarapyndan goldanylýar.

2. Ekologiýa howpsuzlygy babatda telekeçilik işini döwlet tarapyndan goldamak döwlet tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda salgyt we beýleki ýeňillikleri bellemek arkaly amala aşyrylýar.

 

V BAP. EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY BABATDA

KADALAŞDYRMA

 

17-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda kadalaşdyrmagyň esaslary

 

1. Ekologiýa howpsuzlygy babatda kadalaşdyrma ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň öňüniň alynmagyny üpjün edýän hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawyň ýagdaýyna we ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Ekologiýa howpsuzlygy babatda kadalaşdyrma döwlet standartlaryny bellemekden hem-de hojalyk we beýleki işiň ekologiýa howpsuzlyk meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyndan ybarat bolup durýar.

3. Ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijileri we kadalaşdyryjy resminamalar halkara konwensiýalarynyň we standartlarynyň talaplaryny hasaba almak bilen, ekologiýa howpsuzlygy babatda ylmyň we tehnikanyň häzirki zaman gazananlarynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar.

4. Ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijileri degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylýar.

 

18-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygynyň kada görkezijileri

 

1. Ekologiýa howpsuzlygynyň kada görkezijileri meýilleşdirilýän hem-de amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň netijesinde daşky gurşaw, ilatyň saglygy, ýuridik we fiziki şahslaryň emlägi üçin aňryçäk töwekgelçiligine baha bermek üçin bellenilýär.

2. Daşky gurşawa we ilatyň saglygyna täsir ediş obýektlerine ulanylmaga degişli ekologiýa howpsuzlygynyň kada görkezijilerine şulara laýyklykda bellenilen, ekologiýa taýdan töwekgelçiligiň kabul ederlikli we aňryçäk ýol berilýän derejeleriniň kada görkezijileri degişlidir:

1) radioaktiw maddalary goşmak bilen, ekologiýa we tebigy-hojalyk ulgamlarynyň himiki hapalanmadan tebigy gaýtadan işlenilmäge we gaýtadan dikeldilmäge bolan ukybyny nazara almak bilen, daşky gurşawyň ýagdaýynyň himiki görkezijilerine;

2) gidrometeorologik görkezijileri we ölçegleriň beýleki görnüşleriniň derejelerini goşmak bilen, daşky gurşawyň ýagdaýynyň fiziki görkezijilerine;

3) tebigy ekologiýa ulgamlarynyň, şol sanda daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna ekologiýa taýdan anyklaýyş ulgamlarynda indikatorlar hökmünde peýdalanylýan ösümlikleriň, haýwanlaryň we beýleki organizmleriň görnüşleriniň hem-de toparlarynyň biologik görkezijilerine;

4) daşky gurşawa we ilatyň saglygyna täsir edýän stasionar, hereketlenýän we beýleki çeşmeleriň tehnologik dessurlaryna.

3. Ekologiýa taýdan töwekgelçiligiň kabul ederlikli we aňryçäk ýol berilýän derejeleriniň kada görkezijileri ekologiýa we durmuş-ykdysady faktorlaryny nazara almak bilen, hojalyk we beýleki işiň hem-de täsir ediş obýektleriniň görnüşleri boýunça daşky gurşawa we ilatyň saglygyna täsir edýän obýektler üçin işlenip taýýarlanylýar we bellenilýär.

4. Ekologiýa howpsuzlygynyň kada görkezijileri daşky gurşawyň ýagdaýynyň hereket edýän görkezijilerinden hem-de hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda olaryň ilatyň saglygyna edýän täsirinden, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekden ugur alnyp işlenip taýýarlanylýar we bellenilýär.

 

19-njy madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijilerini işläp taýýarlamaga bolan talaplar

 

Ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijilerini işläp taýýarlamak şulary öz içine alýar:

1) ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijilerini esaslandyrmak boýunça ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini;

2) olary iş ýüzünde ulanmagyň usullary we usulyýetleri hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijileriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça maslahatlary;

3) ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesini geçirmegi we bellenilen tertipde ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijilerini tassyklamagy;

4) ekologiýa howpsuzlygy babatda täze kada görkezijilerini işläp taýýarlamak ýa-da hereket edýänlerini gözden geçirmek üçin esaslary bellemegi;

5) ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijileriniň ýeke-täk maglumatlar binýadyny döretmegi we girizmegi;

6) ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beýleki talaplary.

 

VI BAP. EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNA ABANÝAN

HOWPLARA BAHA BERMEK WE ÖŇÜNI ALMAK

 

20-nji madda. Meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki iş barada çözgütleri kabul etmek

 

1. Meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki iş onuň daşky gurşawa mümkin bolaýjak göni ýa-da gytaklaýyn täsir etmegi we onuň ekologiýa howpunyň derejesini kesgitlemek nukdaýnazaryndan bellenilen tertipde baha berilmegine degişlidir.

2. Daşky gurşawa göni ýa-da gytaklaýyn täsir edýän hojalyk we beýleki iş, ekologiýa taýdan potensial howpludyr we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplara laýyklygyna bellenilen tertipde yzygiderli barlanylmaga degişlidir.

3. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplara laýyk gelmeýän meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işe, ekologiýa taýdan howply diýlip baha berilýär hem-de onuň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gadagan edilýär.

 

21-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesi

 

1. Ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesi şulary kesgitlemek maksady bilen geçirilýär:

1) meýilleşdirilýän ýa-da amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplara laýyklygyny;

2) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň taslamalarynyň çaklanylýan durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine garşy seresaplylyk çäreleriniň ýeterlikligini.

2. Ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesiniň obýektleri şulardyr:

1) meýilleşdirilýän ýa-da amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň taslamalary;

2) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň taslamalarynyň ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmäge bolan talaplaryna laýyklygy bilen tassyklanylan, hojalygy ýörediji subýektleriň ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleri;

3) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň taslamalary durmuşa geçirilen mahalynda ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine garşy seresaplylyk çärelerini üpjün etmek üçin ygtyýarnamalar, sertifikatlar we maliýe kepillikleri.

3. Ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesi döwlet ekologiýa seljermesiniň düzüm bölegidir we ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine garşy seresaplylyk çäreleriniň ýeterlikligine toplumlaýyn, resminamalaşdyrylan baha bermegi öz içine alýar.

4. Ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesine howply işiň ähli görnüşleri, şeýle hem ekologiýa howpsuzlygyna potensial howp bilen baglanyşykly, meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň ähli görnüşleri degişlidir.

Ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesine hökmany degişli hojalyk we beýleki işiň görnüşleriniň sanawy, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

5. Ekologiýa seljermesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resmileşdirilýän netijenama, ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesini geçirmegiň netijesidir. Netijenamada meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň yglan edilýän taslamalarynda ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleriniň ekologiýa howpsuzlygy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklygy kesgitlenilýär.

 

22-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygynyň auditi

 

1. Ekologiýa howpsuzlygynyň auditi ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine garşy seresaplylyk çäreleriniň netijeliligini hemişe gözegçilikde saklamak maksady bilen, ekologiýa töwekgelçiligi bilen baglanyşykly hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan kärhanalarda we önümçiliklerde geçirilýär.

2. Ekologiýa howpsuzlygynyň auditi hojalyk we beýleki işiň subýekti tarapyndan kesgitlenen hasabat döwründe ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bolan talaplaryň berjaý edilişine garaşsyz, toplumlaýyn, resminamalaşdyrylan baha berilmesini, şol sanda daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda kada görkezijileriniň we kadalaşdyryjy resminamalaryň, seýle hem halkara standartlarynyň talaplarynyň berjaý edilişini öz içine alýar.

3. Ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleriniň berjaý edilişiniň ölçütleri bolup, amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň netijesinde daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsir etmeleriň töwekgelçiliginiň kabul ederlikli we aňryçäk ýol berilýän derejeleriniň kada görkezijileri hyzmat edýär.

4. Ekologiýa töwekgelçiligi bilen baglanyşykly hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan kärhanalar we önümçilikler, ekologiýa howpsuzlygynyň auditini guramaga we onuň geçirilmegine ýardam etmäge borçludyrlar.

5. Ekologiýa howpsuzlygynyň auditi degişli ygtyýarnamalary bar bolan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak

 

Ekologiýa howpsuzlygy babatda işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

24-nji madda. Himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleriniň, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlarynyň, hereketleriň, işleriň we hyzmatlaryň ekologiýa howpsuzlygyny sertifikatlaşdyrmak

 

1. Türkmenistanyň çäginde öndürilen himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleri, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlary, ýerine ýetirilýän hereketler, işler we hyzmatlar ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerine eýe bolmalydyr.

2. Himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleriniň, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlarynyň, hereketiň, işleriň we hyzmatlaryň anyk görnüşi boýunça sertifikaty bermek baradaky çözgüt Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kabul edilýär.

3. Ekologiýa howpsuzlygyny hökmany sertifikatlaşdyrmaga degişli himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleriniň, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlarynyň, hereketleriň, işleriň we hyzmatlaryň görnüşleriniň sanawy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Himiýa we nebit-himiýa önümleriniň, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlarynyň kesgitlenen görnüşleriniň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplara laýyklygyna olaryň ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleriniň sertifikatlaşdyrylmagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

25-nji madda. Kärhanalaryň we önümçilikleriň ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleri

 

Kärhanalaryň we önümçilikleriň ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleri, bellenilen tehnologik kada görkezijilerini we dessurlary, daşky gurşawyň hiliniň kada görkezijilerini, daşky gurşawa täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kada görkezijilerini, daşky gurşawy goramak babatda döwlet standartlaryny we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýörite kadalaşdyryjy resminamalary berjaý etmek ýoly bilen üpjün edilýär.

 

26-njy madda. Himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleriniň, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleri

 

1. Himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleriniň, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleri, ekologiýa howpsuzlygynyň sertifikaty we tehnologik dessura görä önümleriň we harytlaryň kesgitlenen görnüşleriniň öndürilen, daşalan hem-de saklanan mahalynda ekologiýa howpsuzlygyna bolan talaplaryň berjaý edilmegi bilen tassyklanylýar.

2. Himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümlerini, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlaryny öndürijiler, kesgitlenen önümiň we harydyň ekologiýa howpsuzlygyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ekologiýa howpsuzlygynyň ýörite haryt nyşanlary bilen kepillendirip bilýärler.

3. Ekologiýa howpsuzlygynyň ýörite haryt nyşanlaryny peýdalanmaga bolan hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümlerini, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlaryny öndürijiler alýarlar.

4. Öndüriji döwletiň ekologiýa howpsuzlygynyň ýörite haryt nyşanlary we sertifikatlary bar bolan, Türkmenistana import edilýän himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleri, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlary laýyklyga sertifikatlaşdyrmak amalyny geçmelidirler.

 

27-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen hojalyk we beýleki işiň amala aşyrylmagyna çäklendirmeler

 

1. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen döwlet häkimiýet edaralaryna, şulara ýol berýän çözgütleri kabul etmek we durmuşa geçirmek gadagan edilýär:

1) ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmazdan, şeýle hem bu işi amala aşyrmaga bellenilen tertipde berlen ygtyýarnamasy bolmazdan hojalyk we beýleki işi amala aşyrmaga;

2) ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelýän ylmy-barlag, ykdysady we beýleki synaglary geçirmäge;

3) daşky gurşawyň we onuň düzüm bölekleriniň hemmetaraplaýyn ýaramaz üýtgemelerine ýardam edýän işi, şol sanda ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny bozmak bilen amala aşyrylýan işi amala aşyrmaga;

4) daşky gurşaw we adam üçin olaryň howplulygyna baha berilmegi geçirilmedik  maddalaryň ulanylmagyna;

5) degişli çägiň tebigy gurşawyna mahsus bolmadyk organizmleri, şeýle hem emeli ýol bilen alnan organizmleri, olaryň gözegçiliksiz köpelmeginiň we ýerleşdirilmeginiň öňüni almagyň netijeli çärelerini işläp taýýarlamazdan peýdalanmaga, köpeltmäge, ýerleşdirmäge.

2. Ýuridik ýa-da fiziki şahslara tebigy serişdeler eýeçilik etmäge, peýdalanmaga ýa-da kärendesine berlen mahalynda olaryň tebigy serişdelere eýeçilik etmäge, peýdalanmaga ýa-da olaryň kärendesine bolan hukugyny tassyklaýan resminamalarda, degişli tebigy serişdeleriň olar tarapyndan ekologiýa taýdan howpsuz peýdalanylmagynyň üpjün edilmegine bolan talaplar resminamalar esasynda bellenilen bolmalydyr.

 

28-nji madda. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalary we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalary

 

Çäkleri adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalary ýa-da ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalary diýip yglan etmegiň tertibi we olaryň düzgünini bellemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

29-njy madda. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda netijeleriýok etmek

 

1. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda netijeleri ýok etmek boýunça işiň utgaşdyrylmagyna we görkezilen işiň amala aşyrylmagyna döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Döwlet häkimiýet edaralary adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda daşky gurşawy dikeltmek boýunça çäreleriň guralmagyny we goldanylmagyny amala aşyrmalydyrlar.

3. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda netijeleri ýok etmek boýunça işe bolan talaplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

4. Ekologiýa taýdan howply ýagdaýlaryň şol sanda uzaklaşan netijeler şularyň hasabyna doly möçberde ýok edilýär:

1) ýuridik we fiziki şahslaryň günäsi boýunça heläkçilik ýa-da betbagtçylyk bolup geçen we ekologiýa taýdan howply ýagdaý döredilen bolsa, olaryň serişdeleriniň;

2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň maksatlaýyn serişdeleriniň;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çeşmeleriň.

5. Ekologiýa taýdan howply ýagdaýyň döremegi netijesinde daşky gurşawa ýetirilen zyýan üçin hojalyk we beýleki işiň subýektiniň jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga bolan talaplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

 

VII BAP. EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY BABATDA

EKOLOGIÝA TERBIÝESI, BILIMI WE YLMY

TAÝDAN ÜPJÜNÇILIK

 

30-njy madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda bilimleri almak we ýaýratmak

 

Ekologiýa howpsuzlygy babatda bilimleri almak we ýaýratmak ekologiýa taýdan terbiýeleýiş we bilim beriş ulgamlarynda yzygiderli we toplumlaýyn amala aşyrylýar hem-de döwlet tarapyndan goldanylýar.

 

31-nji madda. Ekologiýa terbiýesi

 

1. Ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplary öňünden görmek we öňüni almak hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça adamyň we raýatyň ekologiýa taýdan dünýägaraýşyny we düşünjeli hereketlerini kemala getirmek maksady bilen ilata ekologiýa howpsuzlygy babatda maksatlaýyn ekologiýa terbiýesiniň berilmegi amala aşyrylýar.

2. Ekologiýa howpsuzlygy babatda ekologiýa terbiýesi maşgalada, kollektiwlerde, şeýle hem bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda we görnüşlerinde geçirilýär.

 

32-nji madda. Ekologiýa bilimi we ekologiýa howpsuzlygy babatda hünärmenleri taýýarlamak

 

1. Ekologiýa taýdan bilim bermek ulgamynda ekologiýa howpsuzlygynyň esaslaryny okatmak, ekologiýa howpsuzlygynyň umumy we ýörite meselelerini okuw mekdepleriniň ähli derejeleriniň okuw maksatnamalaryna we meýilnamalaryna goşmak arkaly amala aşyrylýar.

2. Ekologiýa howpsuzlygy babatda hünärmenlere bolan kwalifikasion talaplary işläp taýýarlamak ekologiýa taýdan bilim bermek okuw-usulyýet birleşikleri tarapyndan amala aşyrylýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar.

3. Ekologiýa howpsuzlygy babatda hünärmenleri taýýarlamak orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş we olary gaýtadan taýýarlaýyş edaralarynda amala aşyrylýar.

 

33-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatdaylmy üpjünçilik

 

Ekologiýa howpsuzlygy babatda ylmy üpjünçilik bu ugurda ylmy barlaglary geçirýän ylmy edaralar we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar.

 

VIII BAP. EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY HAKYNDA

TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ

BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

 

34-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

35-nji madda. Daşky gurşawa, ilatyň saglygyna hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borjy

 

1. Ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde daşky gurşawa, ilatyň saglygyna hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine zyýanýetiren ýuridik we fiziki şahslar, ýetirilen zyýanyň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda doly möçberde dolmaga borçludyrlar.

2. Daşky gurşawa, ilatyň saglygyna hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy  görkezilen zyýany ýetiren ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda olary ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmekden boşatmaýar.

3. Daşky gurşawa, ilatyň saglygyna hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň tertibi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

 

36-njy madda. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplaryň bozulan mahalynda ýuridik we fiziki şahslaryň hojalyk we beýleki işini çäklendirmek, wagtlaýyn togtatmak, bes etmek ýa-da işiniň ugruny üýtgetmek

 

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplaryň bozulan mahalynda ýuridik we fiziki şahslaryň hojalyk we beýleki işini çäklendirmek, wagtlaýyn togtatmak, bes etmek ýa-da işiniň ugruny üýtgetmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul edilýär.

 

IХ BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

37-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda jedelleri çözmek

 

Ekologiýa howpsuzlygy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

38-nji madda. Ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara hyzmatdaşlygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrýar.

2. Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara hyzmatdaşlygyna ekologiýa howpsuzlygynyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny we ylalaşyklaryny baglaşmak arkaly gatnaşýar.

 

39-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

     Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.

№ 569-V.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 03.06.2017
Resminamanyň belgisi № 569-V