Alyjylar jemgyýetleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Alyjylar jemgyýetleri hakynda

 

Şu Kanun alyjylar jemgyýetleriniň, olaryň birleşikleriniň döredilmeginiň we işiniň hukuk, ykdysady, guramaçylyk, we durmuş esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) alyjylar jemgyýeti ‒ köplenç ýagdaýda ýerleşýän çäkleri boýunça onuň agzalarynyň, ilatyň we beýleki sarp edijileriň dürli harytlara we hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, öz emläklerini paý görnüşinde birleşdirmek ýoly bilen söwda, taýýarlaýyş, önümleri öndürmek we ýerlemek hem-de gaýry işleri ýerine ýetirmek üçin agzalyk esasynda döredilen fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslaryň meýletin birleşigi;

2) alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri – ilatyň we olaryň agzalarynyň maddy we gaýry zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen alyjylar jemgyýetleriniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň, olar tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň ulgamy;

3) alyjylar jemgyýetiniň agzasy – giriş we paý gatançlaryny goşan we alyjylar jemgyýetiniň düzgünnamasynda bellenilen tertipde alyjylar jemgyýetine kabul edilen fiziki we (ýa-da) ýuridik şahs;

4) giriş gatanjy ‒ alyjylar jemgyýetine agza hökmünde kabul edilmegi bilen bagly çykdajylary ýapmak üçin bir gezek tölenýän pul möçberi;

5) paý gatanjy – alyjylar jemgyýetiniň agzasynyň pul serişdeleri, gymmatly kagyzlar, ýer bölegi ýa-da ýer paýy bilen, başga emläkler ýa-da pul gymmatlygy bolan emläk ýa-da gaýry hukuk bilen onuň paý gaznasyna emläk gatanjy;

6) paý gaznasy – paý, goýum gatançlaryndan durýan, alyjylar jemgyýetiniň esaslandyryjylarynyň (agzalarynyň) onuň döredilen mahalynda ýa-da oňa girilende, hereket edýän döwründe goşýan we alyjylar jemgyýetiniň emläginiň emele getirilmeginiň bir çeşmesi bolup durýan, gazna;

7) ätiýaçlyk gaznasy – alyjylar jemgyýeti, alyjylar jemgyýetiniň birleşigi tarapyndan tertipnamalaýyn işi amala aşyrylan mahalynda mümkin bolan ýitgileriň we zyýanlaryň ýapylmagy üçin niýetlenilen gazna, onuň emele getirilmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibi alyjylar jemgyýetiniň ýa-da alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň tertipnamasynda kesgitlenilýär;

8) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň ygtyýarlandyrylan wekili – alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynda saýlanan hem-de alyjylar jemgyýetiniň ýokary dolandyryş edarasynda ony saýlan alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň adyndan meseleleri çözmäge ygtyýarlyk berlen alyjylar jemgyýetiniň agzasy.

 

2-nji madda. Alyjylar jemgyýetleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Alyjylar jemgyýetleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň esasy wezipeleri

 

Şular alyjylar jemgyýetleriniň esasy wezipeleri bolup durýar:

1) lomaý we bölek söwdanyň, jemgyýetçilik iýmitiniň guralmagy;

2) taýýarlaýyş işiniň, şol sanda ilatdan, hususy telekeçilerden we ýuridik şahslardan oba hojalyk önümleriniň we çig malyň, şahsy kömekçi hojalyk we awçylyk önümleriniň, ýabany ösýän miweleriň, ir-iýmişleriň we kömelekleriň, dermanlyk ösümlik çig malynyň we tehniki çig malyň satyn alynmagy arkaly amala aşyrylmagy;

3) oba hojalyk önümleriniň, azyk we azyk däl harytlaryň, önümçilik-tehniki maksatly önümleriň önümçiligi;

4) halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek, iş orunlaryny döretmek, milli el hünärlerini we halk senetçiligini ösdürmek;

5) söwda we hyzmatlar edilmegi ulgamyna öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy;

6) alyjylar jemgyýetlerini döwrebaplaşdyrmak, olaryň täze gurluş düzümlerini döretmek meseleleri boýunça teklipleriň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi;

7) ilata tölegli hyzmatlaryň edilmegi;

8) halkara alyjylar jemgyýetleriniň hereketine gatnaşmak we paýçylarynyň arasynda halkara jemgyýetleriniň esaslarynyň we maksatlarynyň wagyz edilmegi.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň alyjylar jemgyýetleriniň ulgamy

 

Obalaryň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň alyjylar jemgyýetleri, welaýatlaryň alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri we Türkmenistanyň alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Türkmenistanyň alyjylar jemgyýetleriniň ulgamyny emele getirýär.

 

5-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşygy

 

1. Alyjylar jemgyýetleri, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri döwletiň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär hem-de döwlet alyjylar jemgyýetleriniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär.

2. Alyjylar jemgyýetleri, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri özleri tarapyndan öz gündelik işleri bilen baglanyşykly karar kabul eden mahalynda döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna garaşly däldirler.

3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň alyjylar jemgyýetleriniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň hojalyk, maliýe we gaýry işlerine goşulmaga haklary ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary alyjylar jemgyýetleriniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň hojalyk özbaşdaklygynyň pugtalanmagyna, durmuş taýdan ösmegine ýardam berýärler.

5. Alyjylar jemgyýetleriniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň özara gatnaşyklary şertnamalar bilen kesgitlenilýär.

6. Alyjylar jemgyýetleriniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň hukuklaryny bozýan döwlet häkimiýet edaralarynyň namalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň namalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň bikanun hereketleri netijesinde alyjylar jemgyýetlerine, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiklerine ýetirilen ýitgileriň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.

7. Döwlet alyjylar jemgyýetleriniň, olaryň birleşikleriniň we agzalarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär.

 

6-njy madda. Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň ady

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň Türkmenistanyň döwlet dilinde hökmany doly ady bolmalydyr hem-de gysgaldylan adyny edinmäge haklydyr. Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň, şeýle-de haýsy-da bolsa bir daşary ýurt dilinde doly we (ýa-da) gysgaldylan adyny edinmäge haky bardyr.

2. Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň adyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

3. Türkmenistanyň çäklerinde döredilýän gaýry kärhanalaryň atlarynda «alyjylar jemgyýeti» we «alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi» diýen sözleriň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

 

II BAP. ALYJYLAR JEMGYÝETI HEM-DE ONUŇ

DÖREDILMEGINIŇ WE IŞINIŇ ÝÖRELGELERI

 

7-nji madda. Alyjylar jemgyýeti

 

1. Alyjylar jemgyýeti kooperatiw birleşikleriniň eýeçiligindäki kärhana görnüşinde döredilýär hem-de alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň ulgamynyň esasy bölegi bolup durýar.

2. Alyjylar jemgyýeti ýuridik şahs bolup durýar, hojalyk hasaplaşygy ýörelgeleri esasynda hereket edýär, şu Kanunda we onuň tertipnamasynda göz öňünde tutulan wezipileri amala aşyrýar, hukuklardan peýdalanýar we borçlary ýerine ýetirýär.

3. Alyjylar jemgyýetiniň Tertipnamasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar.

4. Alyjylar jemgyýetiniň Tertipnamasynda şular göz öňünde tutulmalydyr:

1) alyjylar jemgyýetiniň ady, maksatlary, wezipeleri, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşi;

2) alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş we gözegçilik edaralary;

3) alyjylar jemgyýetiniň amala aşyrýan işleriniň görnüşleri;

4) alyjylar jemgyýetine  girmegiň we ondan çykmagyň şertleri hem-de tertibi, alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň we gatnaşyjylarynyň hukuklary we borçlary;

5) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň mejlislerini bellemegiň we olar tarapyndan çözgütleriň kabul edilmeginiň tertibi;

6) alyjylar jemgyýetiniň pul serişdelerini we başga emlägini emele getirmegiň çeşmeleri;

7) alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi;

8) alyjylar jemgyýetini üýtgedip gurmagyň, ýapmagyň, şeýle hem alyjylar jemgyýeti ýapylandan soň galýan emlägi paýlamagyň tertibi;

9) alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda  Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki ygtyýarlyklar we maglumatlar hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

8-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň döredilmeginiň we işiniň esasy ýörelgeleri

 

Alyjylar jemgyýeti şu ýörelgeleriň esasynda döredilýär we hereket edýär:

1) alyjylar jemgyýetine girilmeginiň we ondan çykylmagynyň meýletinligi;

2) giriş we paý gatançlarynyň hökmany tölenilmegi;

3) alyjylar jemgyýetiniň demokratik dolandyrylmagy (alyjylar jemgyýetiniň bir agzasy bir ses, welaýatlaryň alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine, Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine hasabatlylygy, bu jemgyýetiň saýlawly edaralaryna alyjylar jemgyýetiniň her bir agzasynyň gatnaşmaga mümkinçiligi);

4) hojalyk özbakdaklygy;

5) alyjylar jemgyýetiniň agzalary üçin birek-birege kömek bermek we ykdysady bähbidiň üpjün edilmegi;

6) alyjylar jemgyýetiniň we onuň wezipeli adamlarynyň işi hakynda maglumatlaryň onuň ähli agzalary üçin elýeterliligi;

7) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň bilim we medeni derejeleriniň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi;

8) şahsy, köpçülikleýin, jemgyýetçilik we döwlet bähbitleriniň utgaşdyrylmagy.

 

9-njy madda. Alyjylar jemgyýetiniň döredilmegi

 

1. Alyjylar jemgyýeti esaslandyryjylar tarapyndan çäk, önümçilik ýa-da gaýry alamatlar boýunça agzalygyň esasynda döredilýär.

2. Türkmenistanyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslary alyjylar jemgyýetiniň esaslandyryjylary bolup biler. Alyjylar jemgyýetini esaslandyryjylaryň sany bäşden az bolmaly däldir. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň sany çäklendirilmeýär.

3. Alyjylar jemgyýetini döretmek hakynda karar esaslandyryjylaryň umumy ýygnagynda kabul edilýär.

 

10-njy madda. Alyjylar jemgyýetiniň hukuklary

 

Alyjylar jemgyýeti şu hukuklara eýedir:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda:

a) alyjylar jemgyýetiniň işinden gelip çykýan wezipeler esasynda öz emlägine eýelik etmäge, peýdalanmaga we ygtyýar etmäge;

b) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň we ilatyň zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen telekeçilik işiniň amala aşyrylmagyna;

2) şahamçalary, wekilhanalary, kärhanalary, guramalary we edaralary döretmäge;

3) ýuridik şahslaryň esaslyk gaznalaryna gatnaşmaga;

4) alyjylar jemgyýetiniň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaznalaryny emele getirmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde daşary ykdysady işi amala aşyrmaga;

6) alyjylar jemgyýetiniň hukuklaryny bozýan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kararlaryna, olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerine bellenilen tertipde şikaýat etmäge;

7) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiklerine meýletin birleşmäge we ondan çykmaga;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zähmete hak tölemegiň görnüşini we ulgamyny, işgärleri durmuş taýdan goramagyň çärelerini kesgitlemäge;

9) döwlet kärhanalarynyň, birleşikleriniň we eýeçiligiň başga görnüşleri esasynda döredilen kärhanalaryň, telekeçileriň emlägini, başga eýeçiligi we oňa bolan emläk hukuklaryny edinmäge;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleklerini, paýlaryny edinmäge;

11) kärhanalar, edaralar, önümçilik, oba hojalyk, jemgyýetçilik iýmiti, söwda, hyzmat ediş we dynç alyş merkezleri hem-de başga desgalar gurlan mahalynda we olar işi alyp baranlarynda goýumlar ýa-da uzakmöhletli kärende tölegleri hökminde şertnama esasynda fiziki we ýuridik şahslaryň serişdelerini çekmäge.

Alyjylar jemgyýetiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hukuklary hem bolup biler.

 

11-nji madda. Alyjylar jemgyýetine agzalyk etmek

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalygyna kabul etmegiň tertibi alyjylar jemgyýetiniň Tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

2. Türkmenistanyň kämillik ukuply fiziki şahslary we hukuk ukyply ýuridik şahslary alyjylar jemgyýetiniň agzalary bolup biler.

3. Alyjylar jemgyýetiniň agzalaryna, onuň tertipnamasynda bellenilen tertipde, olaryň alyjylar jemgyýetiniň agzasydygyny tassyklaýan resminama berilýär.

4. Alyjylar jemgyýetine agzalyk etmek onuň işinde hökmany zähmet gatnaşygy bilen şertleşilen bolup bilmez.

 

12-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň hukuklary we borçlary

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň şulara hukugy bar:

1) alyjylar jemgyýetine meýletin esasda girmäge we ondan çykmaga;

2) alyjylar jemgyýetiniň işine gatnaşmaga, onuň dolandyryş edarasyna we gözegçilik edarasyna saýlamaga we saýlanylmaga;

3) paý gatançlaryna laýyklykda alyjylar jemgyýetiniň umumy agzalarynyň ýygnagynyň karary esasynda höweslendirmeleri almaga;

4) alyjylar jemgyýetiniň söwda we durmuş hyzmatlary edaralarynda harytlar satyn alnanda, hyzmatlar edilende artykmaçlyklardan peýdalanmaga;

5) bu alyjylar jemgyýetiniň agzalary üçin göz öňünde tutulan ýeňilliklerden peýdalanmaga;

6) alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş edarasyndan we gözegçilik edarasyndan olaryň işi hakynda maglumat almaga;

7) alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş edarasyna we gözegçilik edarasyna alyjylar jemgyýetiniň işgärleriniň bikanun hereketleri barada arzalar we şikaýatlar bilen ýüz tutmaga;

8) özleriniň kanuny bähbitlerine degýän alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş edarasynyň kararyna kazyýet tertibinde şikaýat etmäge;

9) şertnama şertlerinde alyjylar jemgyýetine we onuň kärhanalaryna oba hojalyk önümleriniň we çig malynyň, şahsy kömekçi hojalyk we awçylyk önümleriniň ýerleşdirilmegini amala aşyrmaga;

10) paý gatanjyny miras boýunça wesýet etmäge.

Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň onuň ýokary dolandyryş edarasy tarapyndan bellenilen we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hukuklary hem bolup biler.

2. Alyjylar jemgyýetiniň agzalary şulara borçludyr:

1) alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasyny berjaý etmäge;

2) onuň dolandyryş edarasynyň we gözegçilik edarasynyň kararlaryny ýerine ýetirmäge;

3) alyjylar jemgyýetiniň öňünde öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge.

Alyjylar jemgyýetiniň agzalary alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda göz öňünde tutulan gaýry borçlary hem ýerine ýetirip biler.

 

13-nji madda. Giriş we paý gatançlary

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalygyna girýän şahslar giriş we paý gatançlaryny töleýär. Giriş we paý gatançlarynyň möçberi alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

2. Alyjylar jemgyýetinde agzalyk bes edilen mahalynda:

1) giriş gatanjy yzyna gaýtarylmaga degişli däldir;

2) paý gatanjy yzyna gaýtarylmaga degişlidir.

Alyjylar jemgyýetinde agzalyk bes edilen mahalynda paý gatanjynyň yzyna gaýtarylmagynyň tertibi alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda kesgitlenilýär.

 

14-nji madda. Alyjylar jemgyýetinde agzalygyň bes edilmegi

 

1. Alyjylar jemgyýetinde agzalyk şu ýagdaýlarda bes edilýär:

1) alyjylar jemgyýetinden meýletin çykylanda;

2) alyjylar jemgyýetiniň agzalygyndan çykarylanda;

3) alyjylar jemgyýetiniň agzasy bolup durýan raýat aradan çykanda;

4) alyjylar jemgyýetiniň agzasy bolup durýan ýuridik şahs ýatyrylanda (işini bes edende);

5) alyjylar jemgyýeti ýatyrylanda (işini bes edende).

2. Alyjylar jemgyýetinde agzalygyň bes edilmeginiň tertibi onuň tertipnamasynda düzgünleşdirilýär.

 

15-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş edaralary we gözegçilik edarasy

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagy alyjylar jemgyýetiniň ýokary dolandyryş edarasy bolup durýar.

2. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti alyjylar jemgyýetiniň ýerine ýetiriji edarasy bolup durýar.

3. Derňew topary alyjylar jemgyýetiniň gözegçilik edarasy bolup durýar.

 

16-njy madda. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň ygtyýarlylygy

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagy alyjylar jemgyýetiniň işine dahylly bolan ähli meseleleri çözmäge, şol sanda alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň kararyny tassyklamaga ýa-da ýatyrmaga hukuklydyr.

2. Şular alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň aýratyn ygtyýarlylygyna degişli bolup durýar:

1) alyjylar jemgyýetiniň Tertipnamasynyň tassyklanylmagy, oňa üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmegi;

2) alyjylar jemgyýetiniň işiniň esasy ugurlarynyň kesgitlenilmegi;

3) giriş, paý gatançlarynyň möçberleriniň bellenilmegi;

4) alyjylar jemgyýetiniň agzalygyndan çykarylmagy;

5) alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasyna laýyklykda alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň başlygynyň we kätibiniň saýlanylmagy;

6) alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň düzüm sanynyň kesgitlenilmegi;

7) alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň we agzalarynyň saýlanylmagy;

8) alyjylar jemgyýetiniň derňew toparynyň döredilmegi we onuň düzüm sanynyň kesgitlenilmegi, derňew toparynyň başlygynyň we agzalarynyň saýlanylmagy, derňew toparynyň saklanylmagy üçin serişdeleriň möçberiniň kesgitlenilmegi, derňew topary hakynda düzgünnamanyň tassyklanylmagy, derňew toparynyň işi hakynda hasabatlaryň diňlenilmegi we onuň agzalarynyň ygtyýarlylyklarynyň bes edilmegi;

9) alyjylar jemgyýetiniň gaznalarynyň görnüşleriniň, emele geliş şertleriniň we möçberleriniň kesgitlenilmegi;

10) alyjylar jemgyýetiniň birleşigine girmek we ondan çykmak hakynda kararyň kabul edilmegi;

11) alyjylar jemgyýeti agzasy bolup durýan alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ýokary dolandyryş edarasyna wekilleriň saýlanylmagy, olaryň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň kesgitlenilmegi;

12) alyjylar jemgyýetiniň ýyllyk maliýe hasabatynyň derňew toparynyň ol boýunça netijenamasynyň esasynda tassyklanylmagy;

13) alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň işi hakynda ýyllyk hasabatyň tassyklanylmagy;

14) Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlar, ýygymlar we gaýry hökmany tölegler tölenilenden soň alyjylar jemgyýetiniň ygtyýarynda galýan peýdanyň paýlanylmagy;

15) alyjylar jemgyýetiniň ýitgileriniň we zyýanlarynyň üstüniň doldurylmagynyň tertibiniň kesgitlenilmegi;

16) alyjylar jemgyýetiniň emläginiň aýrybaşgalanmagynyň, şeýle hem onuň goýum hökmünde ýuridik şahslaryň esaslyk gaznalaryna geçirilmeginiň meseleleriniň çözülmegi;

17) alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň we derňew toparynyň bikanun hereketleri boýunça alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň şikaýatlaryna garalmagy we degişli  çözgütleriň kabul edilmegi;

18) alyjylar jemgyýetiniň üýtgedilip guralmagy we ýatyrylmagy hakynda kararyň kabul edilmegi.

Alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň ygtyýarlyklaryna başga meseleler hem degişli edilip bilner.

 

17-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karar kabul etmeginiň tertibi

 

1. Eger alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagyna alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň ýa-da olaryň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň üçden iki böleginden köpüsi gatnaşýan bolsa, ol doly hukukly bolup durýar.

2. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň çözgüdi, haçanda alyjylar jemgyýetiniň ýygnaga gatnaşýan agzalarynyň ýa-da olaryň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň onuň üçin ýönekeý köplügi razy bolup ses beren şertlerinde kabul edilen diýlip hasap edilýär, şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çözgütler muňa degişli däldir.

3. Alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynyň tassyklanylmagy hakynda, oňa üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmegi hakynda, alyjylar jemgyýetiniň alyjylar jemgyýetiniň birleşigine girmegi we ondan çykmagy hakynda, alyjylar jemgyýetiniň ýatyrylmagy ýa-da üýtgedilip guralmagy hakynda karar, eger oňa bu alyjylar jemgyýetiniň ýygnaga gatnaşýan agzalarynyň ýa-da olaryň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň azyndan üçden iki bölegi razy bolup ses beren halatynda kabul edilen diýlip hasap edilýär.

4. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagy alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti tarapyndan zerurlyna görä, ýöne azyndan ýylda bir gezek ýa-da alyjylar jemgyýetiniň derňew toparynyň ýazmaça talap etmegi boýunça, ýa-da alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň bäşden bir böleginiň ýazmaça talap etmegi boýunça çagyrylýar.

Alyjylar jemgyýetiniň agzalary umumy ýygnagyň geçirilmegi hakynda ýygnagyň geçirilýän senesine çenli 15 senenama güni öňünden ýazmaça habarly edilýär.

Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň hasabat-saýlaw ýygnagy bäş ýyldan bir gezek geçirilýär.

5. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan kararlary kabul etmegiň tertibi – gizlin ýa-da açyk ses berilmegi bilen – bu ýygnak tarapyndan kesgitlenilýär.

 

18-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagyna hasabat berýän bolup durýar.

Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ygtyýarlyklarynyň möhleti bäş ýyl.

2. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti şu Kanunda, alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda we alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň kararlarynda kesgitlenilen ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

3. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň agzalary bäş ýyl möhlet bilen alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň arasyndan saýlanylýar.

Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy onuň agzalarynyň umumy ýygnagynda saýlanylýar.

Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň agzalary öz borçlaryny (ygtyýarlyklaryny) ýerine ýetirmekden alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karary boýunça möhletinden öň boşadylyp bilner.

Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň möhletinden öň saýlanan başlygynyň we (ýa-da) agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ygtyýarlyklarynyň möhleti bilen çäklendirilýär.

4. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň agzasy alyjylar jemgyýetiniň derňew toparynyň agzalygyna saýlanyp bilinmez.

5. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň işiniň we kararlary kabul etmeginiň tertibi alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda kesgitlenilýär.

 

19-njy madda. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ygtyýarlyklary

 

1. Şular alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ygtyýarlyklaryna degişli bolup durýar:

1) alyjylar jemgyýetiniň maliýe-hojalyk işiniň guralmagy;

2) alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň gurluş düzüminiň, onuň saklanylmagynyň çykdajylarynyň çenlikleriniň tassyklanylmagy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň işgärlerini durmuş taýdan goramagyň çäreleriniň, zähmete hak tölemegiň görnüşiniň we ulgamynyň kesgitlenilmegi;

3) alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň peýdasyndan tutup galmalaryň, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanyny saklamagy bilen bagly çykdajylaryň möçberiniň kesgitlenilmegi;

4) alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň teklibi boýunça alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň agzalaryndan alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasarlarynyň saýlanylmagy we olaryň eýeleýän wezipelerinden boşadylmagy, şeýle hem alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň we onuň orunbasarlarynyň arasynda borçlaryň paýlanylmagy;

5) alyjylar jemgyýetiniň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň, aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi, olaryň tertipnamalarynyň we düzgünnamalarynyň tassyklanylmagy, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi hakynda kararlaryň kabul edilmegi;

6) alyjylar jemgyýetiniň emläginiň girewe goýulmagy, alyjylar jemgyýeti, onuň kärhanalary, guramalary we edaralary tarapyndan kepillik, zamunlyk şertnamalarynyň baglaşylmagy hakynda, bilelikdäki iş hakynda, alyjylar jemgyýetiniň emläginiň kärendä, muzdsuz peýdalanmaga berilmeginiň meseleleriniň ylalaşylmagy boýunça kararlaryň kabul edilmegi;

7) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň tertipnama hukuklarynyň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegi;

8) alyjylar jemgyýetiniň işgärleriniň hem-de agzalarynyň ýüz tutmalaryna, tekliplerine we şikaýatlaryna garalmagy;

9) alyjylar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi we alyjylar jemgyýetiniň agzalygyndan çykarylmagy;

10) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň geçirilmeginiň guralmagy;

11) her ýylda alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagyna alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň işi hakynda hasabatyň hödürlenilmegi;

12) alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, aýrybaşgalanan düzüm birlikleriň ýolbaşçylarynyň wezipä bellenilmeginiň we wezipeden boşadylmagynyň ylalaşylmagy;

13) alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, aýrybaşgalanan gurluş düzüm birlikleriň maliýe-hojalyk işiniň derňewleriniň netijelerine garalmagy;

14) alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasyna laýyklykda gaýry meseleleriň çözülmegi.

2. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň mejlisi zerurlygyna görä, ýöne aýda bir gezekden az bolmadyk ýygylykda geçirilýär.

Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti, eger onuň mejlisine alyjylar jengyýetiniň müdiriýetiniň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi, şol sanda alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy ýa-da onuň birinji orunbasary gatnaşýan bolsa, meseleleri çözmäge hukuklydyr.

3. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň çözgütleri alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär, teswirnama girizilýär hem-de kararlar bilen resmileşdirilýär.

4. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň agzalary Türkmenistanyň kanunçylygyna we alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasyna laýyklykda özleri tarapyndan kabul edilen karar üçin jogapkärçilik çekýärler.

20-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy

1. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy:

1) alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetini çagyrýar we onuň işine ýolbaşçylyk edýär;

2) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň kararlarynyň ýerine ýetirilişini üpjün edýär;

3) döwlet edaralarynda we gaýry guramalarda ynanç haty bolmazdan alyjylar jemgyýetiniň bähbitlerine wekilçilik edýär;

4) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde alyjylar jemgyýetiniň adyndan şertnamalary we ylalaşyklary baglaşýar;

5) alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti bilen ylalaşylmagy boýunça alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, aýrybaşgalanan gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryny wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

6) alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň işgärlerini işe kabul edýär we işden boşadýar;

7) alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, aýrybaşgalanan gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryna, alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň işgärlerine höweslendirme çärelerini ulanýar, olara düzgün-nyzam temmilerini berýär;

8) alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň we alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, aýrybaşgalanan gurluş düzüm birlikleriniň wezipe sanawyny tassyklaýar;

9) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde alyjylar jemgyýetiniň emlägini dolandyrýar;

10) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň işgärleriniň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan görkezmeleri çykarýar;

11) alyjylar jemgyýetiniň adyndan ynanç hatlaryny berýär;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda we alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

2. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy öz ygtyýarlyklaryny agzasy alyjylar jemgyýeti bolup durýan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdirliginiň başlygynyň onuň bilen baglaşan zähmet şertnamasynyň esasynda amala aşyrýar.

3. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy alyjylar jemgyýetleriniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karary boýunça ýa-da degişli welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy tarapyndan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti bilen ylalaşylmagy boýunça eýeleýän wezipesinden boşadylyp bilner. Alyjylar jemgyýetleriniň müdiriýetiniň başlygy eýeleýän wezipesinden Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi hem-de degişli welaýatyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça boşadylýar.

 

21-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň derňew topary

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň derňew topary alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýär, onuň maliýe-hojalyk işine, şeýle hem alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, aýrybaşgalanan gurluş düzüm birlikleriniň maliýe-hojalyk işine derňewleri geçirýär.

2. Alyjylar jemgyýetiniň derňew toparynyň başlygy we agzalary alyjylar jemgyýetiniň umumy ýygnagynyň karary esasynda bäş ýyl möhlet bilen agzalarynyň arasyndan saýlanylýar.

Alyjylar jemgyýetiniň derňew toparynyň başlygy öz ygtyýarlyklaryny alyjylar jemgyýetiniň agza bolup durýan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy bilen baglaşan zähmet şertnamasynyň esasynda amala aşyrýar.

3. Alyjylar jemgyýetiniň derňew toparynyň başlygy alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karary boýunça ýa-da degişli welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy tarapyndan eýeleýän wezipesinden boşadylyp bilner.

4. Alyjylar jemgyýetiniň derňew toparynyň agzalary öz borçlaryny (ygtyýarlyklaryny) ýerine ýetirmekden möhletinden öň alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karary boýunça boşadylyp bilner.

5. Alyjylar jemgyýetiniň derňew toparynyň möhletinden öň saýlanan başlygynyň we (ýa-da) agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti derňew toparynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti bilen çäklendirilýär.

6. Alyjylar jemgyýetiniň derňew topary alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagyna hasabat berýär.

7. Alyjylar jemgyýetiniň derňew topary öz işinde şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasyna, alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylan derňew topary hakynda düzgünnama gollanýar.

 

22-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň emlägi we onuň emele geliş çeşmeleri

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň emlägi oňa eýeçilik hukugynda degişli bolup durýar.

2. Alyjylar jemgyýetiniň emlägi bölünmeýän bolup durýar hem-de agzalaryň we alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň işgärleriniň arasynda paý (goýum) boýunça paýlanylmaýar.

3. Şular alyjylar jemgyýetiniň emläginiň emele getirilmeginiň çeşmeleri bolup durýar:

1) öndürilen önümi (işi¸ hyzmatlary) ýerlemekden alnan girdejiler, tertipnamada göz öňünde tutulan başga hojalyk işiniň netijeleri;

2) alyjylar jemgyyýetiniň agzalarynyň paý gatançlary;

3) alyjylar jemgyýetiniň telekeçilik işinden alnan girdejileri;

4) alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň we guramalaryň peýdadan geçirmeleri;

5) karz edaralarynyň karz serişdeleri;

6) kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň, telekeçileriň we raýatlaryň mugt beren ýa-da haýyr-sahawat maksady bilen beren goýumlary, sowgat beren pullary;

7) alyjylar jemgyýetiniň hususy serişdelerini karz edaralaryna we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry çeşmelere ýerleşdirmekden alnan girdejileri;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

 

23-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň paý we gaýry gaznalary

 

1. Alyjylar jemgyýeti öz işini amala aşyrýan mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda we alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda göz öňünde tutulan paý, ätiýaçlyk we gaýry gaznalary döretmäge haklydyr.

2. Ätiýaçlyk gaznasynyň serişdeleri alyjylar jemgyýetiniň ýitgileriniň ýapylmagyna hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda we alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda göz öňünde tutulan gaýry maksatlara gönükdirilýär.

 

24-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň girdejisi (peýdasy)

 

Alyjylar jemgyýetiniň tertipnamalaýyn işinden alan girdejisi (peýdasy) salgytlar, ýygymlar we gaýry hökmany tölegler Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenenden soň onuň ygtyýarynda galýar.

 

25-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň we onuň agzalarynyň emläk jogapkärçiligi

 

1. Alyjylar jemgyýeti öz borçnamalary boýunça özüne degişli ähli emlägi bilen jogap berýär.

2. Alyjylar jemgyýeti öz agzalarynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär.

3. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň alyjylar jemgyýetiniň borçnamalary boýunça raýdaşlyk jogapkärçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda we alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda kesgitlenilýär.

4. Alyjylar jemgyýetiniň emläk hukuklarynyň bozulmagy netijesinde oňa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak kazyýet tertibinde amala aşyrylýar.

Alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş edaralarynyň ýa-da onuň wezipeli adamlarynyň görkezmeleriniň ýerine ýetirilmegi netijesinde ýa-da şol edaralaryň hereket etmezligi sebäpli, alyjylar jemgyýetiniň agzasyna ýa-da köpçülik toparynyň  agzalaryna ýetirilen zyýanyň öwezi dolunmaga degişlidir.

 

26-njy madda. Alyjylar jemgyýetleriniň emläk hukuklarynyň goralmagy

 

1. Döwlet alyjylar jemgyýetleriniň emläk hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär. Olaryň eýeçiligi eldegirilmesizdir.

Alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryndan, guramalaryndan, edaralaryndan jaýlaryň, desgalaryň, pul serişdeleriniň, harytlaryň we beýleki emlägiň döwlet edaralary we beýleki edaralar tarapyndan alynmagyna we çetleşdirilmegine ýol berilmeýär.

2. Alyjylar jemgyýeti ýatyrylanda onuň ähli özara hasaplaşylmalardan soň galan emlägi ozal şol alyjylar jemgyýetini öz içine alan alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine geçirilýär.

 

III BAP. ALYJYLAR JEMGYÝETLERINIŇ BIRLEŞIGI

 

27-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň döredilmeginiň we işiniň esaslary

 

1. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi jemgyýetçilik guramasy bolup durýar hem-de Tertipnamasynyň esasynda hereket edýär.

2. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi onuň esaslandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan gözegçilik we ýolbaşçylyk ediji wezipeleri amala aşyrýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýeke-täk pudaklaýyn dolandyryş gözegçilik ulgamyny döredýär.

3. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň telekeçilik işinden alnan girdejiler bu birleşikleriň agzalarynyň arasynda gaýtadan paýlanylyp bilinmez.

4. Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Türkmenistanyň kanunçylygynda berlen ygtyýarlyklaryna laýyklykda halkara alyjylar jemgyýetleriniň hereketinde öz agzalarynyň bähbitlerine wekilçilik edýär.

 

28-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň döredilmeginiň tertibi

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen we degişli etrabyň çäginde ýerleşýän alyjylar jemgyýeti etrabyň alyjylar jemgyýetiniň esaslandyryjysy bolup biler.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen hem-de degişli welaýatyň çäginde ýerleşýän, olara degişli kärhanalar, guramalar, edaralar we etrap alyjylar jemgyýetleri welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň esaslandyryjysy bolup biler.

3. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen hem-de Türkmenistanyň çäginde hereket edýän alyjylar jemgyýeti we welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň esaslandyryjysy bolup biler.

4. Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi öz düzüminde edaralary we kärhanalary döretmäge, gurluş düzüm birliklerini üýtgetmäge haklydyr.

5. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň döredilmegi hakynda karar esaslandyryjy ýygnakda kabul edilýär, onda alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine girmek hakynda arzanyň esasynda alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasy we agzalarynyň sanawy tassyklanylýar.

 

Esaslandyryjy ýygnak alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň dolandyryjy edarasyny we gözegçilik edarasyny saýlaýar.

 

29-njy madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň dolandyryş edaralary we gözegçilikedaralary

 

1. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň dolandyrylmagyny alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy amala aşyrýar.

2. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ýokary dolandyryş edarasy bolup durýar. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ýokary dolandyryş edarasynda alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň wekilçiliginiň çägi alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynda bellenilýär.

3. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ýerine ýetiriji edarasy bolup durýar.

4. Derňew topary alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň gözegçilik edarasy bolup durýar.

 

30-njy madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyňygtýarlylygy

 

1. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy onuň işine degişli ähli meseleleri çözmäge hukukly bolup durýar.

2. Şular alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň aýratyn ygtyýarlylygyna degişlidir:

1) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasyny tassyklamak, oňa üýtgetmeleri we (ýa-da) goşmaçalary girizmek;

2) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň işiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

3) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasyna laýyklykda alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň başlygyny we kätibini saýlamak;

4) müdiriýetiň düzüminiň sanyny kesgitlemek;

5) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygyny we agzalaryny saýlamak, olaryň işi hakynda hasabatlary diňlemek;

6) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew toparynyň döredilmegi we onuň düzüminiň sanyny kesgitlemek, derňew toparynyň başlygyny we agzalaryny saýlamak, olary saklamak üçin serişdeleriň möçberini kesgitlemek, bu topar hakynda düzgünnamany tassyklamak, olaryň işi hakynda hasabatlary diňlemek we derňew toparynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny bes etmek;

7) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalygyna kabul etmek we onuň agzalygyndan çykarmak;

8) giriş we paý gatançlarynyň möçberini kesgitlemek;

9) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň beýleki birleşiklere (assosiýasiýalara) girmegi we ondan çykmagy hakynda kararlary kabul etmek;

10) alyjylar jemgyýetleriniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzasy bolup durmaýan fiziki we ýuridik şahslaryň haýryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň emläginiň aýrybaşgalanmagy, şeýle hem emlägiň şeýle ýuridik şahslaryň esaslyk gaznalaryna goýum hökmünde geçirilmegi hakynda kararlary kabul etmek;

11) telekeçilik işinden alnan girdejileriň onuň tertipnama maksatlaryna laýyklykda peýdalanylmagyna gönükdirilmegi hakynda kararlary kabul etmek;

12) alyjylar jemgyýetleriniň agzalarynyň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň alyjylar jemgyýetleriniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň we derňew toparynyň bikanun hereketlerine şikaýatlara garamak we degişli kararlary kabul etmek;

13) alyjylar jemgyýetleriniň birleşigini ýatyrmak, üýtgedip gurmak hakynda kararlary kabul etmek.

3. Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine birleşen alyjylar jemgyýetleriniň, olaryň birleşikleriniň emläginiň aýrybaşgalanmagynyň ýeke-täk tertibini kesgitleýär.

 

31-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyny çagyrmagyň we olar tarapyndan kararlaryň kabul edilmeginiň tertibi

 

1. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti tarapyndan zerurlygy boýunça, ýöne ýylda bir gezekden az bolmazdan, çagyrylýar.

2. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň üçden bir böleginden az bolmadyk agzalarynyň ýa-da alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew toparynyň ýazmaça talap etmegi boýunça alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyny çagyrmaga borçludyr.

3. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy, eger-de oňa alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk wekilleri gatnaşýan bolsa, ol doly hukukly bolup durýar.

4. Karar kabul edilen mahalynda alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň her agzasynyň bir sesi bolýar.

5. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karary, eger-de alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň 50 göterimden köpüsi onuň üçin ses beren bolsa, ol kabul edilen diýlip hasap edilýär, şu bölegiň ikinji we üçünji tesimlerinde görkezilen meseleleriň çözülmegi boýunça kararlar muňa degişli däldir.

Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasynyň kabul edilmeginiň, oňa üýtgetmeler we goşmaçalaryň girizilmeginiň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalygyna kabul edilmeginiň we onuň agzalygyndan çykarylmagynyň meseleleri boýunça karar, eger alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyna gatnaşýan alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk wekilleri onuň üçin ses beren bolsa, ol  kabul edilen diýlip hasap edilýär.

Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ýatyrylmagy ýa-da üýtgedilip guralmagy hakynda karar diňe alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ahli agzalarynyň razylygy bolan mahalynda kabul edilip bilner.

6. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň kararyna kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

 

32-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti

 

1. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyna hasabat berýän bolup durýar.

2. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti şu Kanunda, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasynda, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň kararlarynda kesgitlenilen ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

3. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň agzalary bäş ýyl möhlet bilen alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň arasyndan saýlanylýar.

Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy onuň agzalarynyň arasyndan saýlanylýar.

Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň agzalary öz borçlaryny (ygtyýarlyklaryny) ýerine ýetirmekden alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karary bilen möhletinden öň boşadylyp bilner.

Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň möhletinden öň saýlanan başlygynyň we (ýa-da) agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň ygtyýarlyklary bilen çäklendirilýär.

4. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň agzasy bu birleşigiň derňew toparynyň agzalygyna saýlanyp bilinmez.

5. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň işiniň we kararlary kabul etmeginiň tertibi bu birleşigiň tertipnamasynda kesgitlenilýär.

 

33-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň ygtyýarlylygy

 

1. Şular alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň ygtyýarlylygyna degişli bolup durýar:

1) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyny çagyrmak;

2) müdiriýetiň başlygynyň hödürlemegi boýunça müdiriýetiň düzüminden müdiriýetiň başlygynyň orunbasarlaryny saýlamak, başlygyň we onuň orunbasarlarynyň arasynda borçlary paýlamak, müdiriýetiň başlygynyň orunbasarlaryny eýeleýän wezipelerinden boşatmak;

3) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ykdysady we durmuş taýdan ösdürilmeginiň çaklamalaryny işläp düzmek, olaryň ýerine ýetirilmegini guramak;

4) zähmet, çig mal we maliýe baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek;

5) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň gaznalarynyň görnüşleriniň, möçberleriniň, emele getirilmeginiň hem-de harçlanylmagynyň tertibini we şertlerini kesgitlemek;

6) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň dolandyryş diwanynyň düzüminiň we sanynyň, ony saklamagyň çykdajylarynyň çenliklerini tassyklamak;

7) alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan döredilen kärhanalaryndan, guramalaryndan, edaralaryndan alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň dolandyryş diwanynyň saklanmagy üçin tutup galmalaryň möçberini kesgitlemek;

8) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnama maksatlaryna laýyklykda telekeçilik işinden alnan girdejileriň peýdalanylmagyna gönükdirilmegi hakynda kararlary kabul etmek;

9) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň kärhanalaryny, guramalaryny, edaralaryny, şahamçalaryny we wekilhanalaryny döretmek we işiniň bes etmek, olaryň tertipnamalaryny we düzgünnamalaryny tassyklamak, görkezilen ýuridik şahslaryň we aýrybaşgalanan düzüm birlikleriň işiniň dolandyrylmagy, olaryň ýyllyk maliýe hasabatlylygynyň tassyklanylmagy hakynda kararlary kabul etmek;

10) alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan döredilen ýuridik şahslaryň we aýrybaşgalanan düzüm birlikleriň ýolbaşçylarynyň wezipä bellenilmegini we wezipeden boşadylmagyny ylalaşmak;

11) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň emläginiň girewe goýulmagy, alyjylar jemgyýeti, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň kärhanalary, guramalary tarapyndan kepillik, zamunlyk şertnamalarynyň baglaşylmagy hakynda, bilelikdäki iş hakynda, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň emläginiň kärendä, muzdsuz peýdalanmaga berilmeginiň meseleleriniň ylalaşylmagy boýunça kararlary kabul etmek;

12) müdiriýetiň başlyklaryna, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew toparlarynyň başlyklaryna höweslendirme ýa-da düzgün-nyzam temmi çäreleriniň ulanylmagy hakynda kararlary kabul etmek;

13) zerur halatlarda alyjylar jemgyýetiniň ýa-da alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň degişli ýokary dolandyryş edarasyna müdiriýetiň başlygynyň, derňew toparynyň başlygynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň bes edilmegi hakynda teklipleri bermek;

14) alyjylar jemgyýetiniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de alyjylar jemgyýetiniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň tertipnamasyna garşy gelýän kararlaryny ýatyrmak;

15) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan ygtyýarly edilen gaýry meseleleri çözmek.

2. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň işiniň guralmagynyň we olaryň kararlary kabul etmeginiň tertibi alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasynda kesgitlenilýär.

3. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti özleri tarapyndan kabul edilen kararlaryň esaslylygy we kanunylygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

 

34-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy

 

1. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy:

1) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ýokary dolandyryş edarasynyň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

2) döwlet edaralarynda we gaýry guramalarda alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň bähbitlerine ynanç haty bolmazdan wekilçilik edýär;

3) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň adyndan şertnamalary we ylalaşyklary baglaşýar;

4) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň dolandyryş diwanynyň, öz tabynlygyndaky kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň wezipe sanawyny tassyklaýar;

5) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň dolandyryş diwanynyň işgärlerini işe kabul edýär we işden boşadýar;

6) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýeti bilen ylalaşylmagy boýunça alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan döredilen ýuridik şahslaryň we aýrybaşgalanan düzüm birlikleriň ýolbaşçylaryny wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

7) alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan döredilen ýuridik şahslaryň, aýrybaşgalanan düzüm birlikleriň ýolbaşçylary birleşigiň agzalary bolup durýan alyjylar jemgyýetleriniň müdiriýetleriniň we derňew toparlarynyň başlyklary bilen zähmet şertnamalaryny baglaşýar, olara höweslendirme çärelerini ulanýar, düzgün-nyzam temmilerini berýär;

8) onuň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň emlägini dolandyrýar;

9) onuň ygtyýarlylygynyň çäklerinde alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň dolandyryş diwanynyň işgärleriniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan döredilen ýuridik şahslaryň, aýrybaşgalanan düzüm birlikleriň ýolbaşçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan buýruklary çykarýar;

10) alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň adyndan ynanç hatlaryny berýär;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

2. Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetleriniň we derňew toparlarynyň başlyklary bilen zähmet şertnamalaryny (ylalaşyklaryny) baglaşýar.

3. Welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy bu birleşigiň agzalary bolup durýan alyjylar jemgyýetleriniň müdiriýetleriniň we derňew toparlarynyň başlyklary bilen zähmet şertnamalaryny (ylalaşyklaryny) baglaşýar.

 

35-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew topary

 

1. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew topary alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär, onuň maliýe-hojalyk we gaýry işine, şeýle hem alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan döredilen ýuridik şahslaryň, aýrybaşgalanan düzüm birlikleriň işine derňew geçirýär.

Derňew topary alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyna hasabat berýär.

2. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew toparynyň başlygy we agzalary alyjylar jemgyýetleriniň birlişiginiň agzalarynyň wekilleriniň arasyndan bäş ýyl möhlet bilen saýlanylýar.

3. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew toparynyň agzalary öz borçlaryny (ygtyýarlyklaryny) ýerine ýetirmekden möhletinden öň alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň wekilleriniň umumy ýygnagynyň karary bilen boşadylyp bilner.

4. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew toparynyň möhletinden öň saýlanan başlygynyň we (ýa-da) agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti derňew toparynyň ygtyýarlyklary bilen çäklendirilýär.

5. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň derňew topary öz işinde şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasyna, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylan derňew topary hakynda düzgünnama gollanýar.

 

36-njy madda. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň emlägi

 

1. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň emlägi oňa eýeçilik hukugynda degişli bolup durýar.

2. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň eýeçiliginde onuň agzalarynyň gatançlarynyň hasabyna satyn alnan emläkler, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň we olar tarapyndan döredilen kärhanalaryň we guramalaryň telekeçilik işinden, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry çeşmelerden alynýan girdejiler bolup biler.

3. Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Türkmenistanyň kanunçylygyna we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň tertipnamasyna laýyklykda gaznalary döredip biler.

 

IV BAP. ALYJYLAR JEMGYÝETLERINIŇ WE ALYJYLAR JEMGYÝETLERINIŇ BIRLEŞIKLERINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN BELLIGE ALYNMAGYNYŇ, ÜÝTGEDILIP GURALMAGYNYŇ, ÝATYRYLMAGYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

 

37-nji madda. Alyjylar jemgyýetleriniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, olaryň tertipnamasyna üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmegi

 

1. Alyjylar jemgyýeti we alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi döwlet tarapyndan bellige alnan senesinden ýuridik şahs hukugyna eýe bolýar.

2. Alyjylar jemgyýetiniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, olaryň tertipnamasyna üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Alyjylar jemgyýetiniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň düzümi üýtgän mahalynda olaryň tertipnamasyna üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar girizilmeýär.

 

38-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň üýtgedilip guralmagy

 

Alyjylar jemgyýetiniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň üýtgedilip guralmagy (goşulmagy, birleşmegi, bölünmegi, bölünip aýrylmagy, özgerdilmegi) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karary boýunça hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry esaslar boýunça amala aşyrylýar.

 

39-njy madda. Alyjylar jemgyýetiniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ýatyrylmagynyň aýratynlyklary

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň we alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň ýatyrylmagy olaryň ýokary dolandyryş edaralarynyň kararlary boýunça degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň habarly edilmegi bilen (Türkmenistanyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi ýatyrylan ýagdaýynda – Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bilen), şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça geçirilýär.

2. Alyjylar jemgyýeti we alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi ýatyrylan mahalynda algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň galan emläk alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi, alyjylar jemgyýetiniň ýokary dolandyryş edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde, alyjylar jemgyýetiniň onuň batan diýlip ykrar edilmegi bilen baglanyşykly ýatyrylan halatynda bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde beýleki alyjylar jemgyýetlerine, alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine berilýär.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

40-njy madda. Alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň harytlary (işleri, hyzmatlary) üçin nyrhlar we bahalar

 

Alyjylar jemgyýetleri we olaryň birleşikleri alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalary, guramalary we edaralary tarapyndan ýerlenýän harytlar (işler, hyzmatlar) üçin nyrhlary we bahalary olaryň hakyky özüne düşýän gymmatyny, dolanyşyk we önümçilik çykdajylaryny, düşewüntliligi hem-de erkin bazarda emele gelen nyrhlary nazara alyp, özbaşdak ýa-da şertnamalaýyn esasda kesgitleýärler, nyrhlary we bahalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýän içerki bazar üçin harytlar, (işler, hyzmatlar) muňa degişli däldir.

 

41-nji madda. Alyjylar jemgyýetinde, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginde buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylygy

 

Alyjylar jemgyýeti, alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşyň we maliýe hasabatlylygynyň ýöredilmegini hem-de statistiki hasabatyň berilmegini üpjün edýär.

 

42-nji madda. Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň zähmet gatnaşyklary. Işgärleriň durmuş taýdan goraglylygy

 

1. Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň dolandyryş diwanynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary, olaryň durmuş üpjünçiliginiň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Alyjylar jemgyýeti, alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyryş diwanynyň işgärleriniň durmuş taýdan goldanylmagy boýunça, olaryň ýaşaýyş-jaý şertlerini gowulandyrmak maksady bilen gozgalmaýan emlägiň satyn alynmagyny hem goşmak bilen, çäreleri görmäge haklydyr.

 

43-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Alyjylar jemgyýetleri çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

44-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçinjogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.

 

45-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1991-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen «Alyjylar kooperasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 16, 163-nji madda);

1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanda alyjylar kooperasiýasy hakyndaky» Türkmenistan Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 4,   36-njy madda);

1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň «Türkmenistanda alyjylar kooperasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 24-nji madda).

 

Türkmenistanyň                                                  Gurbanguly

      Prezidenti                                                     Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.

№ 565-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 03.06.2017
Resminamanyň belgisi № 565-V