Döwlet protokoly hakynda (rejelenen görnüşi)

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Döwlet protokoly hakynda

(rejelenen görnüşi)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, olaryň hökümetleri we halkara guramalary bilen ýokary we beýleki derejelerde halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmagynyň düzgünini kesgitleýär.

 

1-nji madda. Döwlet protokoly diýen düşünje

Döwlet protokoly – Türkmenistanyň halkynyň milli däplerinden we halkara tejribesinden ugur alnyp, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, olaryň hökümetleri we halkara guramalary bilen resmi özara gatnaşyklarynda berjaý edilýän umumy ykrar edilen düzgünleriň we kadalaryň jemidir.

 

2-nji madda. Döwlet protokolynyň hukuk esaslary

Döwlet protokolynyň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy  hukuk namalary, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalary düzýär.

Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyndakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Döwlet protokolynyň esasy maksady we

                    wezipeleri

Döwlet protokolynyň esasy maksady ýokary we beýleki derejelerde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda üpjün etmekdir.

Döwlet protokolynyň üstüne şu wezipeler ýüklenilýär:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, hökümet we parlament wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlaryny, şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, parlament wekiliýetleriniň, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň baştutanlarynyň we görnükli syýasy hem-de jemgyýetçilik işgärleriniň Türkmenistana saparlaryny protokol we guramaçylyk taýdan üpjün etmek;

2) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we beýleki halkara resminamalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy hatlaryna gol çekilmegini guramak;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwlet, hökümet we parlament wekiliýetleri, halkara guramalarynyň wekiliýetleri, şeýle hem iri daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryny we gepleşiklerini taýýarlamak we guramak;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokary derejedäki duşuşyklary taýýarlamak;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi hat alyşmagyny we telefon arkaly gepleşiklerini guramak;

6) daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň baştutanlarynyň akkreditirlenilmegini guramak;

7) daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny gowşurmagyny guramak;

8) ýokary derejedäki saparlaryň protokol üpjünçiligi boýunça Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikdäki işi utgaşdyrmak we guramak;

9) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri amala aşyrmak.

 

4-nji madda. Döwlet protokolyny amala aşyrmak

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Döwlet protokolyny amala aşyrýar.

Döwlet protokolyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birliginiň:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzüm birliklerinden, Türkmenistanyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan zerur maglumatlary bellenilen tertipde soramaga we almaga;

2) döwlet, şol sanda hökümet aragatnaşyk ulgamlaryny we desgalaryny peýdalanmaga;

3) beýleki ýurtlaryň protokol gulluklary, daşary syýasat edaralary we daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalary bilen iş aragatnaşyklaryny saklamaga hukugy bardyr.

 

5-nji madda. Ýokary derejeli myhmanlaryň

                       Türkmenistana saparlary

Türkmenistanda ýokary derejeli myhmanlaryň saparlary döwlet, resmi, iş, üstaşyr, resmi däl, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy myhmany hökmündäki saparlara bölünýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça daşary ýurt döwlet, hökümet baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurtly görnükli döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň Türkmenistana saparlarynyň guralmagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde üpjün edýär.

Daşary ýurt döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, hökümet, parlament we beýleki resmi wekiliýetleriniň saparlarynyň, şol sanda daşary ýurt döwletleriniň ýörite wekilleriniň, adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileriniň, şeýle hem halkara guramalarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we işewürler toparlarynyň saparlarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birliginiň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan üpjün edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň Hökümetiniň myhmany hökmünde ýokary derejede kabul edilýär.

Saparlaryň maksatnamasyny, wekiliýetleriň düzümini, duşuşyk dabaralaryny we beýleki çäreleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde bellenilen tertipde ylalaşýar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň ýokary derejeli

          myhmanlarynyň gatnaşmagyndaky

          protokol çäreleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi halkara tejribesine laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde protokol çärelerini işläp taýýarlaýar.

Türkmenistanyň ýokary derejeli myhmanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän protokol çärelerine şular degişlidir:

1) ýokary derejeli myhmanlaryň resmi garşylanylmagy we ugradylmagy;

2) çäkli we giňişleýin düzümdäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi;

3) halkara şertnamalaryna we resminamalaryna gol çekilmegi;

4) metbugat maslahatlarynyň geçirilmegi;

5) ýokary derejeli myhmanlaryň hormatyna resmi kabul edişlikleriň (ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary) geçirilmegi;

6) Türkmenistanyň ýadygärlik ýerlerine gül desseleriniň goýulmagy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi gol çekmek üçin döwletara, hökümetara, pudagara we beýleki halkara resminamalaryň ýazgylarynyň ylalaşylmagyny, taýýarlanylmagyny, terjime edilmegini we olara gol çekilmegini guraýar.

 

7-nji madda. Ýokary derejeli myhmanlaryň

                    Türkmenistana saparlarynyň

                    maksatnamalary

Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistana saparlarynyň maksatnamalary Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde işlenilip düzülýär we ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistanda bolmagy bilen bagly dabaralary, duşuşyklary we beýleki protokol çärelerini öz içine alýar.

Maksatnama işlenip düzülende Türkmenistana gelýän ýokary derejeli myhmanlaryň diplomatik ýollar arkaly gelip gowuşýan islegleri nazara alynýar.

Maksatnamada çäreleriň geçiriljek ýeri, senesi, wagty, gatnaşyjylaryň düzümi we sapary guramak hem-de amala aşyrmak üçin zerur bolan beýleki maglumatlar yzygiderli görnüşde görkezilýär.

Ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistana saparynyň maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar we resmi resminama bolup durýar.

Eger ýokary derejeli myhmanyň ýany bilen aýaly (äri) we beýleki maşgala agzalary gelýän bolsa, zerur bolan halatynda olar üçin aýratyn maksatnama işlenip düzülýär we ylalaşylýar.

 

8-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň döwlet we

                    hökümet baştutanlarynyň ýörite wekilleriniň,

                    halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň

                    saparlary

Daşary ýurt döwletleriniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýörite wekilleri we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetiniň myhmanlary hökmünde kabul edilýär.

 

9-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary

                        derejeli myhmanlar bilen duşuşyklary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de degişli döwlet edaralary we gulluklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejeli myhmanlar bilen duşuşyklarynyň geçirilmegini şu görnüşlerde üpjün edýär:

1) ikiçäk duşuşyklar we gepleşikler;

2) çäkli we giňişleýin düzümdäki duşuşyklar we gepleşikler;

3) ertirlik, günortanlyk we agşamlyk iş naharlary.

Her tarapdan duşuşyga gatnaşyjylaryň düzümi, sanawy we duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, senesi we wagty bellenilen tertipde ylalaşylýar.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň

   iş duşuşyklary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden diplomatik ýollar arkaly gelip gowuşýan resmi ýüztutmalar, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamalary boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň:

1) daşary ýurt döwletleriniň, hökümetleriniň baştutanlary, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki resmi daşary ýurtly adamlary;

2) daşary ýurt döwletleriniň we hökümetleriniň baştutanlarynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekilleri;

3) Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň baştutanlary we olaryň orunbasarlary;

4) halkara guramalarynyň baştutanlary ýa-da olaryň wekilleri;

5) daşary ýurtlaryň döwlet, hökümet we parlament wekiliýetleriniň baştutanlary;

6) görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärleri hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklarynyň geçirilmegini Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşýar we üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň myhmanlary bolup durýan daşary ýurt döwletleriniň adamlary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň duşuşyklarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça üpjün edilýär.

 

11-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň adatdan

                     daşary we doly ygtyýarly ilçileri

                     tarapyndan ynanç we yzyna çagyrylyş

                     hatlarynyň  gowşurylmagy

Daşary ýurt döwletleriniň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri tarapyndan ynanç we yzyna çagyrylyş hatlary Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna gowşurylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ynanç we yzyna çagyrylyş hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň taýýarlanylmagyny we geçirilmegini üpjün edýär.

 

12-nji madda. Türkmenistanyň adatdan daşary we

                         doly ygtyýarly ilçileri tarapyndan

                         gowşurmak üçin ynanç we yzyna

                         çagyrylyş hatlaryny taýýarlamak

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi daşary ýurt döwletine Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini bellemek hakyndaky ýüztutma şol daşary ýurt döwletinden razylyk (agreman) alnandygy hakyndaky Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habarynyň esasynda ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny taýýarlaýar.

 

 

13-nji madda. Tassyklaýyş hatlaryny taýýarlamak we

 alyşmak

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi bellenilen görnüşde tassyklaýyş hatlaryny taýýarlaýar. Tassyklaýyş hatlaryna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilýär we onuň möhri bilen tassyklanylýar hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan güwä geçilýär.

Tassyklaýyş hatlaryny alyşmagyň tertibi, ýeri we senesi diplomatik ýollar arkaly ylalaşylýar.

 

 

 

 

14-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň

                         resmi hat alyşmagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi hat alyşmagynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gutlag, hoşallyk we gynanç hatlaryny taýýarlaýar.

 

15-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň

                      daşary ýurt döwletlerine saparlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine saparlarynyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine saparyny taýýarlamak we geçirmek üçin sapara gidilýän ýurda degişli taýýarlaýyş topary iberilýär.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasy taýýarlaýyş toparynyň işine zerur ýardamy üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurda sapar bilen gidende we Türkmenistana gaýdyp gelende, bellenen tertipde ony Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki resmi adamlar ugradýarlar we garşylaýarlar.

 

16-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň (onuň wekiliniň)

                      daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän çärelere

                       gatnaşmagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň (onuň wekiliniň) daşary ýurt döwletleriniň baýramçylyk çärelerine, daşary ýurt döwletleriniň baştutanlarynyň wezipä girişmegine bagyşlanan dabaralaryna (inaugurasiýa), halkara maslahatlaryna we beýleki çärelere gatnaşmagy daşary ýurt döwletiniň ýa-da halkara guramasynyň çagyrmagy we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary boýunça amala aşyrylýar.

Daşary ýurt döwletiniň baştutanynyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly ýas çärelerine, daşary ýurt döwletlerinde aradan     çykanyň ýadygärligini hormatlamak çärelerine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň tertibi we derejesi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

17-nji madda. Ýokary derejeli myhmanlaryň

                      Türkmenistanyň döwlet çärelerine

                      gatnaşmagy

Ýokary derejeli myhmanlaryň ýa-da olaryň wekilleriniň Türkmenistanyň döwlet çärelerine, halkara maslahatlaryna we beýleki çärelere gatnaşmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.

 

 

 

18-nji madda. Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny

                         peýdalanmak

wlet protokoly amala aşyrylanda Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy, Türkmenistanyň Döwlet senasy peýdalanylýar.

Şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýadygärlik gül desseleri we gülli sebetler üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýazgy ýazylan lentalar, ýadygärlik sowgatlar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň wizit kartoçkalary peýdalanylyp bilner.

 

19-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň

                       tejribesiniň Dessury hem-de Türkmenistanyň

                          döwlet ýolbaşçylarynyň we wezipeli

                          adamlarynyň protokol boýunça wezipe

                          yzygiderliliginiň sanawy

Şu Kanunyň esasynda kabul edilýän Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessury daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, parlament wekiliýetleriniň, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýörite wekilleriň, adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileriň, halkara guramalarynyň wekilleriniň şeýle hem beýleki görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň hem-de iri daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda kabul edilmeginiň tertibini belleýär.

Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessury we Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň we wezipeli adamlarynyň protokol boýunça wezipe yzygiderliliginiň sanawy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

 

20-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

Türkmenistanyň                                              Gurbanguly

     Prezidenti                                               Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

№ 499-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 04.02.2017
Resminamanyň belgisi № 499-V