Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 159-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 130-VI Kanuny esasynda girizilen

 üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň halk çeper döredijiliginiň dikeldilmeginiň, aýalyp saklanylmagynyň, ösdürilmeginiň we goldanylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler   ulanylýar:

1) halk çeper döredijiligi – Türkmenistanyň halkynyň özboluşly çeper däp-dessurlaryny şöhlelendirýän önümleri döretmek bilen baglanyşykly taryhy taýdan kemala gelen işiň görnüşi;

2) halk çeper döredijiliginiň önümi – Türkmenistanyň halkynyň özboluşly çeperçilik däp-dessurlaryna laýyklykda taýýarlanan, durmuşda ulanylýan we (ýa-da) bezeg maksatly çeperçilik önümi;

3) halk çeper döredijiliginiň ussasy – halk çeper döredijiliginiň belli bir önümini döredýän fiziki şahs.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaka garanda başga kadalar bellenilse, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

 

Halk çeper döredijiligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr:

1) halk çeper döredijiligini döwlet tarapyndan goldamak boýunça kanunçylyk we guramaçylyk çärelerini kesgitlemek we durmuşa geçirmek;

2) halk çeper döredijiligini dikeltmegiň, aýap saklamagyň, ösdürmegiň we goldamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etmek;

3) halk çeper döredijiliginiň önümleri döredilende fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan zerur maddy-enjamlaýyn we maglumat serişdeleriniň, şeýle hem ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna mümkinçilik bermek;

4) halk çeper döredijiligi babatda işgärleri taýýarlamagy we hünärini ýokarlandyrmagy guramak;

5) halk çeper döredijiliginiň wagyz edilmegini, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly guramak;

6) halk çeper döredijiligi babatda halkara hyzmatdaşlygyny we daşary ykdysady işi goşup, halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslaryň söwda, ylmy-tehniki, önümçilik we maglumat aragatnaşyklarynyň ösüşine ýardam etmek;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde halk çeper döredijiliginiň önümleriniň ýöriteleşdirilen söwdasyny guramak;

8) halk çeper döredijiliginiň önümlerini taýýarlamak (öndürmek) üçin gerek bolan çig maly we materiallary taýýarlamak we edinmek üçin halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan fiziki hem-de ýuridik şahslara amatly şertleri döretmek;

9) halk çeper döredijiliginiň dikeldilmegine, aýalyp saklanylmagyna, ösdürilmegine we goldanylmagyna gönükdirilen beýleki çäreleri amala aşyrmak.

 

II BAP. HALK ÇEPER DÖREDIJILIGI BABATDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

 

4-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmäni amala aşyrýan edaralar

 

Halk çeper döredijiligi babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy (mundan beýläk – ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

5-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) halk çeper döredijiligi babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) halk çeper döredijiligini dikeltmek, aýap saklamak, ösdürmek we goldamak boýunça döwlet maksatnamalaryny kabul edýär;

3) halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslaryň hukuk we durmuş goraglylygy boýunça kanunçylyk we guramaçylyk çärelerini amala aşyrýar;

4) halk çeper döredijiligi babatda hünärmenleri okatmagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň döwlet ulgamyny guraýar;

5) halk çeper döredijiliginiň önümlerini taýýarlamak (öndürmek) bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslaryň maddy we maliýe binýadynyň ösdürilmegine ýardam edýär;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda halk çeper döredijiligi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

6-njy madda. Halk çeper döredijiligi babatda ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarly edara:

1) halk çeper döredijiligini dikeltmegiň, aýap saklamagyň, ösdürmegiň we goldamagyň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

2) halk çeper döredijiligi babatda ylmy barlaglaryň geçirilmegini guraýar;

3) halk çeper döredijiliginiň önümleriniň gadymdan gelýän  görnüşleriniň dikeldilmeginiň we täze görnüşlerini döretmegiň meseleleri boýunça synag işini geçirýär;

4) halk çeper döredijiliginiň merkezlerini döredýär;

5) taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da beýleki medeni ähmiýeti bolan halk çeper döredijiliginiň önümleriniň sergilerini guraýar;

6) halk çeper döredijiligi babatda miras geçijilik ulgamynyň döredilmegini we ösdürilmegini üpjün edýär;

7) halk çeper döredijilik önümleriniň esasynda ýadygärlik sowgatlaryň öndürilmegini guraýar;

8) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda halk çeper döredijiligi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz tabynlygyndaky çäkde we öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde:

1) halk çeper döredijiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;

2) halk çeper döredijiligini dikeltmek, aýap saklamak, ösdürmek we goldamak üçin zerur maddy-enjamlaýyn we guramaçylyk şertlerini üpjün edýärler;

3) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda halk çeper döredijiligi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

8-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda ylmy guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we muzeýleriň gatnaşmagy

 

Ylmy guramalar, ýokary okuw mekdepleri we muzeýler:

1) halk çeper döredijiliginiň önümlerini ýüze çykarmak işine gatnaşýarlar, olary öwrenmek boýunça ylmy barlag işini geçirýärler;

2) halk çeper döredijiligini ýaýratmak boýunça çäreleri  geçirýärler;

3) ylmy barlaglarynyň meýilnamalarynda we okuw maksatnamalarynda halk çeper döredijiliginiň öwrenilmegini we okadylmagyny göz öňünde tutýarlar;

4) halk çeper döredijiliginiň gadymdan gelýän görnüşleriniň dikeldilmeginiň we täze görnüşleriniň döredilmeginiň esasy meseleleri boýunça ylmy maslahat beriş çärelerini geçirýärler;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda halk çeper döredijiligi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

III BAP. HALK ÇEPER DÖREDIJILIGI BABATDA IŞ

 

9-njy madda. Halk çeper döredijiligi babatda işiň esasy görnüşleri

 

Şu aşakdakylar halk çeper döredijiligi babatda işiň esasy görnüşleridir:

1) halyçylyk;

2) milli nagyşlary we suratlary peýdalanmak bilen palaslary we keçe önümlerini taýýarlamak;

3) zergärçilik işi;

4) milli nagyş we milli örmek;

5) keramika we külalçylyk;

6) milli matalary taýýarlamak;

7) halk saz gurallaryny taýýarlamak;

8) gönden we deriden däp bolan önümleri taýýarlamak;

9) agaçdan önümleri taýýarlamak;

10) demir ussaçylygy.

 

10-njy madda. Halk çeper döredijiligi babatda işi guramak

 

1. Halk çeper döredijiligi babatdaky iş professional ýa-da höwesjeň esasda amala aşyrylyp bilner.

2. Halk çeper döredijiligi babatdaky iş fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:

1) hususy telekeçilik işi;

2) öýünde işleýän işçileriň zähmeti;

3) halk çeper döredijilik önümlerini öndürýän kärhanalar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşlerde.

 

11-nji madda. Halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhanalar

 

1. Halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhanalara, olaryň öndürýän önümleriniň umumy möçberiniň azyndan 50 göterimini halk çeper döredijiliginiň önümleri düzýän kärhanalar degişlidir.

2. Halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhanalaryň işiniň esasy wezipeleri halk çeper döredijiligi babatda işiň görnüşleriniň dikeldilmegi, aýalyp saklanylmagy we ösdürilmegi bolup durýarlar.

3. Halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhanalarda halk çeper döredijilik önümleriniň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak we olary öndürmegiň tehnologik proseslerini kämilleşdirmek boýunça synag barlaghanalary we döredijilik toparlary döredilip bilner.

 

12-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda işiň maliýeleşdirilmegi

 

1. Halk çeper döredijiligi babatda işiň maliýeleşdirilmegi aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

2) býujetden daşary serişdeleriň;

3) ýuridik we fiziki şahslaryň serişdeleriniň;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň.

2. Halk çeper döredijiligi babatda işi maliýeleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň maksatly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujetden daşary gaznalar döredilip bilner.

 

13-nji madda. Önümleriň halk çeper döredijiliginiň önümlerine degişliliginiň ölçegleri

 

1. Önümleriň halk çeper döredijiliginiň önümlerine degişliliginiň esasy ölçegleri olary taryhy taýdan emele gelen usullar bilen taýýarlamak, şeýle hem halk çeper döredijiliginiň önümleri taýýarlananda zähmetiň, önümçilik serişdeleriniň, çig malyň we materiallaryň däp bolan görnüşlerini we usullaryny ulanmak bolup durýar.

2. Önümleriň halk çeper döredijiliginiň önümlerine degişliliginiň ölçegleriniň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

3. Halk çeper döredijiliginiň önümlerine şu aşakdakylar degişli edilip bilinmez:

1) nagşy döredijilikli ýerine ýetirmäge we üýtgetmäge mümkinçilik berýän elde edilen nagyş ýa-da nagyş salyjy maşynlarda ýerine ýetirilen nagyş bilen utgaşdyrmazdan nagyş salyjy maşynlarda (awtomatlarda ýa-da ýarym awtomatlarda) ýerine ýetirilen nagyşly önümler;

2) önümleri bezemegiň el usullary bilen utgaşdyrmazdan surat çap ediş arkaly bezelen matalardan edilen önümler;

3) el bilen ýerine ýetirilmegi utgaşdyrmazdan maşynlarda taýýarlanan matalardan edilen önümler, halylar we haly önümleri;

4) soňra basma, haşamlamak, ýazmak, nagyş salmak ýaly işleri ýerine ýetirmezden ýa-da metaly el bilen bezeg taýdan işläp geçmegiň beýleki usullaryny ulanmazdan gysmak we guýmak (üpürjik modelleri boýunça guýmalar muňa degişli däldir) arkaly taýýarlanan, metaldan edilen önümler we şaý-sep önümleri;

5) soňra ýazmazdan, şekil etmezden ýa-da önümleri el bilen bezemegiň beýleki usullaryny ulanmazdan guýma arkaly taýýarlanan keramiki önümler;

6) bezegi el bilen örüp, nagyş salyp ýa-da önümleri el bilen bezemegiň beýleki usullary bilen utgaşdyrmazdan örüji awtomat maşynlarda taýýarlanan önümler;

7) halk çeper döredijiliginiň äheňlerini peýdalanmak bilen mehaniki usulda taýýarlanan beýleki önümler.

4. Ol ýa-da beýleki önümleri halk çeper döredijiliginiň önümlerine degişli etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde ygtyýarly edaranyň ýanynda döredilýän halk çeper döredijiligi boýunça bilermen topary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda işi amala aşyrýan raýatlaryň hukuklary

 

Halk çeper döredijiligi babatda işi amala aşyrýan raýatlar fiziki şahslar hökmünde ýa-da ýuridik şahslaryň düzüminde bolup, olar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) özleriniň döredijilik hyýallaryny goramaga;

2) ylmy barlaglar bilen meşgullanmaga;

3) öz işiniň netijelerini görkezmäge we jemagata görkezmegiň beýleki görnüşlerine;

4) öz intellektual işiniň netijeleriniň jemagat taýdan peýdalanylmagy üçin hak-heşdege;

5) medeniýet babatda gaznalara bolan elýeterlilige;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredijilik ussahanalary hökmünde olary peýdalanmak üçin jaýlary kärendesine almaga;

7) zähmeti goramagyň talaplaryna laýyklykda döredijilik işi üçin şertleriň üpjün edilmegine;

8) halk çeper döredijiliginiň degişli görnüşini öwretmek boýunça işe;

9) çig malyň we materiallaryň zerur görnüşlerini edinmäge we taýýarlamaga;

10) öz professional namysyny we mertebesini goramaga.

 

15-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda işi amala aşyrýan raýatlaryň awtorlyk hukuklary

 

Halk çeper döredijiliginiň önümlerinde (halk çeper döredijiliginiň täsin önüminde ýa-da önümiň birkysmy nusgasynda) iş ýüzüne geçirilen intellektual işiň netijesine bolan raýatlaryň awtorlyk hukuklary, şonuň bilen birlikde soňra gaýtadan döretmek üçin şertnamanyň şertlerinde awtor tarapyndan berilýän bu netijäniň ulanylmagy, şol sanda döredijilik özgertmesini ulanmak bilen baglanyşykly hukuklar intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

 

16-njy madda. Halk çeper döredijiliginiň ussasy

 

1. Halk çeper döredijiliginiň ussasy öz işini halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhana bilen zähmet şertnamasynyň (kontraktynyň) ýa-da raýat-hukuk şertnamasynyň şertlerinde ýa-da ýuridik şahsy döretmezden hususy telekeçi hökmünde amala aşyrmaga haklydyr.

2. Halk çeper döredijiliginiň ussasy birwagtda halk çeper döredijiliginiň önümlerinde iş ýüzüne geçirilen intellektual işiniň netijesiniň awtory bolup biler.

3. Halk çeper döredijiliginiň ussasy halk çeper döredijiligi babatda üstünlikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan tertipde çeper döredijiligiň halk ussasy diýlip ykrar edilip bilner.

 

IV BAP. HALK ÇEPER DÖREDIJILIGINI ÖWRETMEK WE ONUŇ ÝAÝRADYLMAGY

 

17-nji madda. Halk çeper döredijiligini öwretmek

 

Halk çeper döredijiligini öwretmek aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) işgärleri gös-göni halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhanalarda taýýarlamak;

2) däp-dessurlaryň meňzeşligini üpjün etmek maksady bilen çeper döredijiligiň halk ussalaryndan hünär endiklerini almak;

3) işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak maksady bilen halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän bir ugurly kärhanalaryň hyzmatdaşlygy;

4) mekdebe çenli çagalar edaralarynda, şeýle hem mekdepden daşary estetiki we çeperçilik taýdan okatmagyň we terbiýelemegiň çäklerinde halk çeperçilik döredijiligi bilen, önümleriň aýry-aýry görnüşlerini öndürmegiň usullary bilen, halk çeper döredijiliginiň çeperçilik tärleri bilen tanyşmak;

5) umumybilim edaralarynda halk çeper döredijiligini okatmak.

 

18-nji madda. Halk çeper döredijiliginiň ýaýradylmagy

 

Halk çeper döredijiligini ýaýratmak, şeýle hem halk çeper döredijiligi babatda iş bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslary höweslendirmek maksady bilen, ygtyýarly edara gyzyklanýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde:

1) halk çeper döredijilik önümleriniň her ýylky gözden geçirilişlerini-sergilerini geçirýärler;

2) mahabat-neşirýat işini amala aşyrýarlar;

3) halk çeper döredijilik önümleriniň sergilerini, ýarmarkalaryny, auksionlaryny guraýarlar;

4) halk çeper döredijiligi babatda işi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirýärler;

5) halk çeper döredijiligini wagyz etmek bilen baglanyşykly beýleki çäreleri geçirýärler.

 

19-njy madda. Halk çeper döredijiligi muzeý işinde

 

Halk çeper döredijiliginiň has gymmatly önümlerini ýygnamak we görkezmek maksady bilen ygtyýarly edara tarapyndan halk çeper döredijilik muzeýleri, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň muzeýlerinde hereket edýän ýöriteleşdirilen bölümleri döredilip bilner.

 

20-nji madda. Halk çeper döredijiligi boýunça resminamalaryň gaznalary (arhiwleri)

 

Taryhy-medeni ähmiýeti bolan halk çeper döredijiligi boýunça resminamalaryň gaznalaryna (arhiwlerine) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda medeni gymmatlylygyň derejesi berilýär.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

21-nji madda. Halk çeper döredijiligi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

 

Halk çeper döredijiligi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) halk çeper döredijiligi babatda halkara gatnaşyklaryny guramak we ösdürmek;

2) halk çeper döredijiligi babatda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem maglumatyň özara alyş-çalşyny amala aşyrmak;

3) halk çeper döredijiligi babatda işleri guramagyň halkara tejribesini öwrenmek;

4) halkara maslahatlaryny, kongresleri, simpoziumlary, sergileri geçirmek we olara gatnaşmak;

5) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda halk çeper döredijiligi babatda beýleki bilelikdäki halkara işini guramak.

 

22-nji madda. Halk çeper döredijilik önümlerini äkitmek

 

1. Taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da beýleki medeni ähmiýete eýe bolan halk çeper döredijiliginiň önümleri, şeýle hem medeni gymmatlyklar hökmünde döwlet tarapyndan goralýan önümleri Türkmenistanyň çäklerinden daşyna äkitmäge sergileri, durkuny dikeldiş işlerini we ylmy barlaglary geçirmek, teatral, konsert we beýleki artistik işi amala aşyrmak üçin ýol berilýär.

Şeýle äkitmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

2. Şu maddanyň hereketi häzirki zaman sowgatlyk önümlerine, şeýle hem tapgyrlaýyn we köpçülikleýin öndürilýän halk çeper döredijilik önümlerine degişli däldir.

 

23-nji madda. Halk çeper döredijiligi bilen baglanyşykly daşary ykdysady işiň amala aşyrylmagy

 

Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan halk çeper döredijiligi bilen baglanyşykly daşary ykdysady işe diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde berilýän rugsat bolanda ýol berilýär.

 

24-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Halk çeper döredijiligi babatda jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

25-nji madda. Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

26-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 2000-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky «Türkmenistanyň halk çeper amaly-haşam döredijiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 3-4, 37-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                          Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

№ 478-V.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 23.11.2016
Resminamanyň belgisi № 478-V.