Türkmenistanyň Suw Kodeksi

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Suw kodeksini

tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 139-njу madda)

 

1-njimadda.Türkmenistanyň Suw kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Suw kodeksini 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3-nji madda. Şulary 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan «Suw hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 34-nji madda);

2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Suw hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 51-nji madda).

4-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

Türkmenistanyň                                                  Gurbanguly

     Prezidenti                                                  Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 15-nji oktýabry.

№ 456-V.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

SUW KODEKSI

 

Şu kodeks ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen suwlary durnukly hem-de rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär we suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir.

 

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

 

I BAP. ESASY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler

 

1. Şu Kodeksde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) suwlar – suw obýektlerinde ýygnanan, ähli suwlaryň jemi;

2) suw obýekti – kesgitlenen çäkleri, möçberi we gidrologik düzgüniň ýa-da ýerasty suwlarynyň düzgüniniň alamatlary bar bolan emeli suw akymlarynda we akabalarynda ýa-da ýer üstüniň tebigy oýlarynda ýa-da ýer astynda suwlaryň ýygnanmagy;

3) suw serişdeleri – bellenen çägiň ýerüsti we ýerasty suwlarynyň gorlary;

4) suw akymy – ýer üstüniň oýunda, suwuň eňňide tarap hereketi bilen häsiýetlendirilýän suw obýekti;

5) howdan– suwuň haýal hereketi (suwy akyp gidýän) ýa-da onuň doly ýoklugy (suwy akyp gitmeýän) bilen häsiýetlendirilýän, ýer üstüniň oýundaky ýerüsti suw obýekti;

6) akwatoriýa – tebigy, emeli ýa-da şertli araçäkleriň çägindäki suw giňişligi;

7) suw serişdelerini bir bitewüleşdirip (toplumlaýyn) dolandyrmak – durmuş, ykdysady we tebigaty goraýyş bähbitlerini, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda suw serişdelerini dolandyrmagy utgaşdyrmagy nazara alyp, suw serişdeleriniň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegini we olary dolandyrmagy üpjün etmäge mümkinçilik berýän, çemeleşme;

8) dolandyrmagyň sebitleýin ýörelgesi – suw serişdelerini derýalaryň, kölleriň we beýleki suw obýektleriniň jülgeleriniň çäklerinde paýlanylan mahalynda durmuşa geçirilýän, gidrografik alamatlary boýunça suw goruny dolandyrmak;

9) gidrologik düzgün – suw obýektlerinde suwuň derejeleriniň, sarp edilişiniň we möçberleriniň wagtdaky üýtgemegi;

10) suw sowmak – akdyrylýan hapa, ýagyş we zeý suwlaryny sowmagy üpjün edýän, çäreleriň jemi;

11) suwdan peýdalanmak – ýuridik we fiziki şahslaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, suw serişdelerini peýdalanmak;

12) suwdan peýdalanyjy – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, suw serişdelerinden peýdalanmaga hukuk berlen ýuridik ýa-da fiziki şahs;

13) suwy sarp etmek – suw serişdelerini ilatyň we ykdysadyýetiň pudaklarynyň  hajatlaryny üpjün etmek üçin peýdalanmak;

14) suwy sarp ediji – suwy öz hajatlaryny üpjün etmek üçin suwdan peýdalanyjydan bellenilen tertipde alýan, ýuridik ýa-da fiziki şahs;

15) döwlet suw hojalyk guramalary – suwlary peýdalanmak we goramak babatda işi amala aşyrýan, ýerli we sebitleýin (basseýnleýin) döwlet suw hojalyk guramalary;

16) suw bilen üpjün ediji – suwdan peýdalanyjy üçin suw ýygnamagy we daşamagy amala aşyrýan, ýerli ýa-da sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary;

17) suw bermek boýunça hyzmatlar – hojalygara, içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba zeýkeş ulgamyny, gidrotehniki hem-de beýleki desgalary, şeýle hem suw sorujy enjamlaryny işjeň ýagdaýynda saklamaga we ulanmaga  edilýän harajatlary öz içine alýan, hyzmatlar;

18) gidrotehniki desgalar – suw serişdeleriniň peýdalanylmagyny we goralmagyny düzgünleşdirmek, suw bilen üpjün etmek, suw sowmak hem-de suwlaryň ýaramaz täsirini ýok etmek maksady bilen emeli döredilen desgalar;

19) gidromelioratiw ulgam (tor) – ýerleri suwarmak, suwlulandyrmak we zeýini aýyrmak üçin niýetlenilen, tehnologiýa taýdan özara baglanyşykly gidrotehniki desgalaryň, enjamlaryň we abzallaryň toplumy;

20) suwaryş ulgamy – suwy ýerleri suwarmak we ony oba hojalyk ekinlerini, gök (tokaý) ösümliklerini suwarmak üçin, ýerden peýdalanyjylaryň arasynda paýlamak maksady bilen bermek üçin hyzmat edýän, hemişelik we wagtlaýyn suwaryş kanallaryndan hem-de turba geçirijilerinden ybarat bolan, gidromelioratiw ulgamynyň (torunyň) bir bölegi;

21) zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamy – artykmaç ýerasty suwlaryny ýygnamak we suw kabul ediş desgalaryna (esasy zeýsuwakabalary, ýer relýefiniň çöketlikleri) sowmak üçin niýetlenilen ýerasty we ýerüsti kanallardan hem-de olarda ýerleşen desgalardan ybarat bolan, gidromelioratiw ulgamynyň bir bölegi;

22) suw alyş desgasy (gatla) – suw obýektlerinden suw almak üçin niýetlenilen, gidrotehniki desgalaryň we enjamlaryň toplumy;

23) suw obýektlerini goramak – suw obýektleriniň hapalanmagynyň, zibillenmeginiň we egsilmeginiň duýdurylmagyna, öňüniň alynmagyna, ýok edilmegine, olaryň goralyp saklanylmagyna we dikeldilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumy;

24) suw obýektleriniň hapalanmagy – suw obýektlerine suwuň düzümini we häsiýetlerini ýaramazlaşdyrýan hapalaýjy maddalaryň, mikroorganizmleriň, ýylylygyň gelip düşmegi;

25) suw obýektleriniň zibillenmegi – ýerüsti suw obýektlerine, suwlaryň hilini ýaramazlaşdyrýan özge maddalaryň gelip düşmegi;

26) suw obýektleriniň egsilmegi – olaryň hiliniň soňraky ýaramazlaşmagyna getirip biljek, ýerüsti we ýerasty suwlarynyň gorlarynyň kemelmegi;

27) suwlaryň ýaramaz täsiri – belli bir çäkleriň suw basmagy, ýerasty suwlarynyň galmagy, batgalaşmagy, suw obýektleriniň ýa-da olaryň bölekleriniň ýumrulmagy we olara beýleki zyýanly täsir;

28) akdyrylýan hapa suwlar – adamyň hojalyk we beýleki işiniň, atmosfera ygallarynyň ýagmagynyň netijesinde emele gelýän suwlar, şeýle hem şahta, karýer hem-de bulak suwlary;

29) zeý suwlary – olaryň ýaramaz täsir etmeginiň öňüni almak maksady bilen, munuň üçin ýörite niýetlenilen gidrotehniki desgalar arkaly sowulmagy amala aşyrylýan ýerasty suwlary;

30) yzyna gaýtarylýan suwlar – olar hojalyk ýa-da durmuş taýdan peýdalanylandan soň suw obýektlerine gelip düşýän ýerüsti we ýerasty suwlar;

31) suw obýektleriniň sanitariýa taýdan gorag zonasy – olaryň her birinde hojalyk işiniň we suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagyň aýratyn düzgünleri bellenilýän, sanitar gorag zonasynyň guşaklyklarynyň üçüsinden ybarat bolan, agyz suwy bilen üpjünçilik çeşmesini hem-de suw geçiriji desgalary öz içine alýan çäk;

32) serhetüsti suw obýektleri (serhetüsti suwlar) – iki we şondan-da köp daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky serhedi kesip geçýän ýa-da olaryň üsti boýunça döwlet serhedi geçýän suw obýektleri;

33) suw goraýyş zonalary – suw obýektleriniň hapalanmagynyň, zibillenmeginiň we egsilmeginiň öňüni almak, olaryň ekologiýa taýdan durnuklylygyny we göwnejaý sanitariýa ýagdaýyny saklamak maksady bilen olarda ony peýdalanmagyň aýratyn şertleri bolan zonalar bellenilýän, suw obýektlerine ýanaşyk çägi;

34) kenarýaka suw goraýyş zolaklary – olarda hojalyk işiniň çäklendirilen düzgüni bellenilýän, suw goraýyş zonalarynyň çäklerindäki ýerler;

35) serhetüsti täsir etme – onuň fiziki çeşmesi dolulygyna ýa-da bölekleýin ýanaşyk döwletiň ýa-da goňşy döwletleriň çäginde ýerleşýän, adamyň işi bilen döredilýän, serhetüsti suwlarynyň mukdar ýa-da hil taýdan üýtgemegi netijesinde döreýän zyýanly netijeler;

36) suwdan peýdalanyjylaryň birleşigi – içerki hojalyk gidromelioratiw ulgamlaryny (torlaryny) bilelikde dolandyrmak we olary işjeň ýagdaýynda saklamak hem-de ulanmak maksady bilen döredilýän jemgyýetçilik birleşigi;

37) suwdan peýdalanyjylaryň topary – daýhan birleşiginiň, suwdan peýdalanyjylaryň birleşiginiň ýa-da beýleki suwdan peýdalanyjylaryň hyzmat ediş zonasynda, daýhan birleşiginiň, suwdan peýdalanyjylaryň birleşiginiň ýa-da suwdan peýdalanyjylaryň beýleki birleşikleriniň bitewi içerki hojalyk gidromelioratiw ulgamynyň (torunyň) bölegi bolup durýan, suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamyny işjeň ýagdaýynda saklamagyň hem-de ulanmagyň jogapkärçiligini öz üstlerine alýan, ýuridik şahsy döretmezden suw serişdelerinden peýdalanyjylar;

38) taslama suw hojalyk çäresi – bioserişdeleri gorap saklamak boýunça çäreleri goşmak bilen, gidrotehniki desgalary gurmagyň we ulanmagyň ähli tapgyrlarynda olaryň işiniň ygtybarlylygyny, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň abatlygyny üpjün etmek;

39) suw hojalyk ulanyş çäresi – olara bildirilýän wezipeleýin talaplary ýerine ýetirmek, suw, ýer, zähmet, energiýa serişdeleriniň tygşytly peýdalanylan we bu desgalaryň hem-de obýektleriň işiniň daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeginiň öňüni alýan çäreleriň hökmany geçirilen mahalynda tehniki taýdan kadaly (gurat) ýagdaýy we howpsuzlygyň kadaly derejesini üpjün etmek maksady bilen, gidrotehniki desgalary ýa-da suw hojalyk obýektlerini, olaryň kadalaşdyrylan hyzmat ediş möhletiniň dowamynda netijeli ulanmak.

2. Gaýry düşünjeler şu Kodeksiň käbir maddalarynda kesgitlenilýär.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň suw kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň suw kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Türkmenistanyň suwlary peýdalanmak we goramak meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, şu Kodeks esasynda kabul edilýär we onuň düzgünlerine çapraz gelmeli däldirler.

3. Agyz suwy peýdalanmak we içimlik suw bilen üpjünçilik babatda ýüze çykýan gatnaşyklar, şu Kodeks we agyz suwy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

4. Deňiz we serhetüsti suwlaryny peýdalanmak we goramak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar, şu Kodeks we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

5. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde bellenen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek hem-de saklamak we ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin suwlary goramagy üpjün etmek bolup durýar.

2. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýar:

1) suw gaznasyny, suw üpjünçiligini we suw sowmagy peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny alyp barmak;

2) suwdan durnukly peýdalanmagy we suw gaznasyny, suw üpjünçiligini hem-de suw sowmagy goramagy goldamagyň we ösdürmegiň hukuk esasyny üpjün etmek;

3) suw serişdelerini, gidromelioratiw ulgamlaryny we gidrotehniki desgalaryny öwrenmek, barlamak, rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak hem-de goramak babatdaky gatnaşyklary dolandyrmak;

4) suw hojalygyny ösdürmegiň we ýerleriň meliorasiýasyny gowulandyrmagyň ugurlaryny kesgitlemek;

5) ilaty, çäkleri hem-de hojalygy dolandyrmagyň obýektlerini gidrotehniki desgalardaky adatdan daşary ýagdaýlardan we olaryň döreden netijelerinden goramak.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri

 

Türkmenistanyň suw kanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň we ilatyň saglygyny gorap saklamagyň esasy bolup durýan, suwlaryň döwlet ähmiýetini ykrar etmek;

2) suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşy hem-de döwlet gözegçiligi;

3) ilatyň suwa bolan deň elýeterliligini üpjün etmek;

4) suw serişdelerini durnukly we rejeli peýdalanmak;

5) suw serişdelerini bir bitewüleşdirip (toplumlaýyn) dolandyrmak;

6) suw serişdelerini dolandyrmagyň dolandyryş-çäk we sebitleýin ýörelgelerini utgaşdyrmak;

7) suwdan peýdalanmagyň amatly şertlerini döretmek, daşky gurşawyň ekologiýa durnuklylygyny we ilatyň sanitariýa- epidemiologiýa taýdan howpsuzlygyny gorap saklamak;

8) hil kadalaryna laýyk gelýän süýji suwlary agyz suw hajatlary üçin peýdalanmagy ileri tutmak;

9) suwlaryň hapalanmagynyň, zibillenmeginiň we egsilmeginiň öňüni almak;

10) raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň suw obýektlerini peýdalanmaga we goramaga degişli meseleleri çözmäge, olaryň durmuşa geçirilmegi suw obýektleri peýdalanylan we goralan mahalynda olara oňyn täsirini ýetirip biljek çözgütleri taýýarlamaga gatnaşmagy;

11) suwlary peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly çäreler geçirilen mahalynda aýanlygy hem-de suwlary peýdalanmak we goramak hakyndaky maglumatyň elýeterliligini üpjün etmek;

12) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän suwdan ýörite peýdalanmagyň käbir görnüşlerinden başgalary üçin suwdan ýörite peýdalanmagyň tölegliligi;

13) Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik;

14) Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak;

15) suwlary peýdalanmak we goramak babatda, şol sanda serhetüsti suw obýektleriniň sebitleriniň araçäklerinde suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygy.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň suw gaznasyna eýeçilik hukugy

 

1. Türkmenistanyň suw gaznasy diňe döwlet eýeçiliginde durýar.

2. Suw gaznasyna eýelik etmek, peýdalanmak we dolandyrmak hukugy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine degişlidir.

3. Ýuridik we fiziki şahslaryň, suw obýektlerine döwlet eýeçiligi hukugyny bozýan hereketleri, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

 

6-njy madda. Gidrotehniki desgalaryna bolan eýeçilik hukugy

 

1. Gidrotehniki desgalar döwlet ýa-da eýeçiligiň başga görnüşinde bolup bilerler.

2. Eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, eýeçiligiň başga görnüşinde durýan gidrotehniki desgalara eýelik etmek, peýdalanmak we dolandyrmak bilen bagly gatnaşyklar, Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

3. Döwlet eýeçiliginde durýan hojalygara gidrotehniki desgalar we suw howdanlary, döwlet suw hojalyk guramalaryna eýelik etmäge hem-de peýdalanmaga berilýär.

4. Içerki hojalyk gidrotehniki desgalar şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň eýelik etmegine we peýdalanmagyna ýa-da eýeçiligine berlip bilner.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň suw gaznasy

 

1. Ähli suw obýektleriniň jemi Türkmenistanyň suw gaznasyny düzýär.

2. Türkmenistanyň suw gaznasy suw obýektleriniň şu aşakdaky görnüşlerini öz içine alýar:

1) ýerüsti suw obýektleri:

a) deňiz suwlary (Hazar deňziniň türkmen böleginiň akwatoriýasynyň çäklerindäki suwlar);

b) suw akymlary (derýalar, çeşmeler, suwaryş we zeýsuwakaba- zeýkeş ulgamlarynyň kanallary);

ç) howdanlar (köller, howuzlar, suwly karýerler, suw howdanlary);

d) ýerasty suwlaryň ýeriň ýüzüne tebigy we emeli çykmalary (bulaklar, geýzerler, kärizler);

2) ýerasty suw obýektleri:

a) ýerasty suwlarynyň basseýnleri;

b) suwly gatlaklar.

 

8-nji madda. Suw gatnaşyklarynyň subýektleri

 

1. Döwlet, ýuridik we fiziki şahslar suw gatnaşyklarynyň subýektleri bolup durýarlar.

2. Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen olaryň ygtyýarlygynyň çäklerinde, suw gatnaşyklary babatda döwletiň adyndan çykyş edýärler.

 

9-njy madda. Suw gaznasynyň ýerleri

 

1. Suw gaznasynyň ýerlerine howdanlaryň (kölleriň, suw howdanlarynyň, Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwlarynyň), suw akymlarynyň (derýalaryň, kanallaryň, zeýsuwakabalarynyň, gidrotehniki we beýleki suw hojalyk desgalarynyň, hojalygara ähmiýetli gurnawlaryň), Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän döwletara zeýsuwakabalarynyň tutýan ýerleri, şeýle hem ýokarda sanalyp geçilen suw obýektleri we desgalary üçin bölünip berlen ýer zolaklary degişlidir.

2. Suw gaznasynyň ýerleri gidromelioratiw ulgamlaryny gurmak, ulanmak we durkuny täzelemek üçin niýetlenilýär.

3. Suw gaznasynyň ýerleri dolanyşykdan alynýar, degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna berilýär we maksatlaýyn peýdalanylýar.

4. Suw gaznasynyň ýerlerini peýdalanmaga bermegiň tertibi, şeýle hem ol ýerleri almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

5. Suw gaznasynyň ýerleriniň düzümi we möçberi, ol ýerlerdäki hojalyk işiniň görnüşleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

6. Suw obýektlerini ulanmak suw gaznasynyň ýerlerindäki işiň esasy görnüşi bolup durýar.

 

II bölüm. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY HEM-DE DÖWLET GÖZEGÇILIGI

 

II BAP. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK

BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY

 

10-njy madda. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda dolandyryşy amala aşyrýan döwlet edaralary

 

1. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, suwlary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna şu aşakdakylar girýärler:

1) Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara);

2) daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

3) geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri görýär;

2) suwlary rejeli peýdalanmagyň we goramagyň, suw hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklaýar;

3) suwlary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň işine ýolbaşçylyk edýär;

4) welaýatlar we etraplar boýunça, şeýle hem esasy suw obýektleri we ykdysadyýetiň pudaklary boýunça suwy sarp etmegiň çäklendirilen möçberlerini tassyklaýar;

5) suwlary peýdalanmak we goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

6) suw obýektlerini ýa-da olaryň böleklerini adatdan daşary ekologiýa ýagdaýyň ýa-da ekologiýa betbagtçylygyň zonalary diýip yglan edýär;

7) serhetüsti suwlary peýdalanmak we goramak meseleleri boýunça daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

8) Türkmenistanyň suw gaznasyna eýelik etmek, peýdalanmak we dolandyrmak hukugyny amala aşyrýar;

9) aýratyn strategik ähmiýete eýe bolan gidrotehniki we beýleki suw hojalyk desgalarynyň sanawyny kesgitleýär;

10) şu Kodekse we Türkmenistanyň  beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

12-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) suw obýektlerini peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny alyp barýar we durmuşa geçirýär;

2) suwlary toplumlaýyn peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

3) ýerleriň meliorasiýasyny we suw hojalygyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;

4) ýerasty suwlaryny çykaryp almak üçin ulanyş guýularyny burawlamagy bellenilen tertipde ylalaşýar;

5) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde, suwlary peýdalanmak we goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

6) Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň berjaý edilişine öz ygtyýarlygynyň çäklerinde gözegçiligi amala aşyrýar;

7) Türkmenistanyň Döwlet suw kadastryny düzmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegini utgaşdyrýar we görkezilen kadastry «Suwlary peýdalanmak» bölümi boýunça ýöretmegi amala aşyrýar;

8) suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we goramak boýunça işleri guraýar;

9) suwdan peýdalanmagyň içerki hojalyk, ulgamlaýyn, etrap, welaýat we tutuş döwlet boýunça meýilnamalaryny tassyklaýar;

10) suw serişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almak we olary peýdalanmak boýunça işleri amala aşyrýar;

11) suwdan peýdalanyjylara suwy sarp etmegiň çäklendirilen möçberlerini belleýär we olaryň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

12) suw obýektleriniň döwlet monitoringini alyp barmak boýunça işleri amala aşyrýar we utgaşdyrýar;

13) ýuridik we fiziki şahslara suwdan ýörite peýdalanmaga rugsatnama berýär, şeýle hem suwdan ýörite peýdalanmaga bolan rugsatnamanyň hereketini togtadýar;

14) suw obýektlerini ýa-da olaryň böleklerini aýrybaşga peýdalanmaga berýär;

15) suw obýektlerini bilelikde peýdalanmaga bermek baradaky teklipleri ylalaşýar;

16) suwlary peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly taslama düzüş, agtaryş, ylmy-barlag we konstruktorçylyk işlerini, gidromelioratiw ulgamlaryny we suw obýektlerini gurmagy hem-de ulanmagy amala aşyrýar;

17) ýerleri meliorasiýalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlaýar;

18) gidrotehniki desgalary tehniki taýdan ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

19) silleriň we suw joşgunlarynyň, suw basmalaryň we suw akymlarynyň hem-de suw howdanlarynyň, gorag gaçylarynyň we beýleki gidrotehniki desgalaryň kenarlarynyň ýumrulmalarynyň öňüni almak we netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar hem-de amala aşyrýar, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralary bilen ylalaşykly hereketi üpjün edýär;

20) Türkmenistanyň halkara şertnamalary we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde, suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, serhetüsti suwlaryny rejeli peýdalanmak we goramak meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

21) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

13-nji madda. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygy

 

Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy:

1) ýerüsti we ýerasty (gidrotermal suwlar muňa girmeýär) suwlarynyň goralyşyna, suw serişdeleriniň hapalanmagynyň, egsilmeginiň öňüni almak, olary rejeli peýdalanmak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) suw hojalyk obýektlerini gurmaga we durkuny täzelemäge taslamadan öňki we taslama resminamalarynyň döwlet ekologiýa seljermesini geçirýär hem-de suw obýektlerinde we suw goraýyş zonalarynda işleri geçirmekligi ylalaşýar;

3) eger munuň özi suw obýektleriniň ýagdaýyna täsir edýän bolsa, ekologiýa taýdan zyýanly obýektleriň we önümçilik obýektleriniň hojalyk ýa-da beýleki işini wagtlaýyn togtatmak, bes etmek ýa-da işiniň ugruny üýtgetmek barada çözgüdi kabul etmek üçin resminamalary taýýarlaýar;

4) ýerasty suwlaryny çykaryp almak üçin ulanyş guýularyny burawlamagy bellenilen tertipde ylalaşýar;

5) oba hojalyk ekinlerini akdyrylýan hapa suwlar bilen suwarmaga bellenilen tertipde netijenama berýär;

6) ygtyýarlandyrylan edara we döwlet sanitar gözegçilik barlagyny hem-de balyk gorlaryny goramagy amala aşyrýan edaralar we ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça bellenilen tertipde akdyrylýan hapa suwlary akdyrmak üçin suw obýektleriniň peýdalanylmagyna rugsatnama berýär;

7) suw obýektlerine hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň bellenilen aňryçäk ýol berilýän kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň, suw üpjünçilik çeşmeleriniň sanitar gorag zonalarynyň düzgüniniň berjaý edilişine, suw serişdeleriniň hapalanmagyny, egsilmegini duýdurmak we öňüni almak, olaryň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy boýunça çäreleriň kabul edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

9) daşky gurşawy goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, Hazar deňziniň türkmen böleginiň akwatoriýasynda suwlaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

10) senagat kärhanalarynda, deňiz gämilerinde we beýleki ýüzýän serişdelerinde, suw arassalaýjy we howa arassalaýjy desgalaryň we enjamlaryň tehniki işleýiş ýagdaýyna, kärhanalar tarapyndan suwdan ýörite peýdalanmagyň şertleriniň ýerine ýetirilişine, akdyrylýan hapa suwlary akdyrmagyň bellenilen tertibiniň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

11) döwletde ekologiýa ýagdaýyna, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň akwatoriýalaryna nebitiň dökülmek ýagdaýyny ýüze çykarmak we daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň möçberini kesgitlemek boýunça monitoringi amala aşyrýar;

12) Hazar deňziniň türkmen böleginde düýbüni çuňaldyş işleriniň ýerine ýetirilişine tebigaty goraýyş gözegçiligini amala aşyrýar;

13) suw serişdelerini peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly täze we durky täzelenen önümçilik, jemagat hem-de beýleki maksatly obýektleri kabul etmek we işe girizmek boýunça döwlet toparlarynyň işine gatnaşýar;

14) suwdan ýörite peýdalanmagyň şertlerini ylalaşýar;

15) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

14-nji madda. Geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygy

 

Geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy:

1) ýerasty suwlarynyň peýdalanylyşyna we olaryň ýataklarynyň egsilmekden we hapalanmakdan goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga rugsatnama berýär;

3) ýerasty suwlaryny çykaryp almak üçin ulanyş guýularyny burawlamaga rugsatnama berýär;

4) ýerasty suwlarynyň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

5) ýerasty suwlarynyň döwlet monitoringini amala aşyrýar;

6) ýerasty suwlarynyň ýataklaryna degişli bölekde Türkmenistanyň Döwlet suw kadastryny ýöredýär we bu maglumatlaryň bellenilen tertipde ygtyýarlandyrylan edara berilmegini guraýar;

7) ýerasty suwlaryny peýdalanmak babatda ýuridik we fiziki şahslaryň işlerini utgaşdyrýar;

8) ýerasty suwlarynyň ýataklaryny özleşdirýär;

9) ýerasty suwlar peýdalanylan halatynda suwdan ýörite peýdalanmagyň şertlerini ylalaşýar;

10) ýerasty suwlaryny geologiýa taýdan öwrenmek boýunça gözleg-barlag we beýleki işleriň alnyp barlyşyna döwlet geologiýa gözegçiligini amala aşyrýar;

11) ýerasty suwlarynyň peýdalanylyşyna degişli böleginde Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulan halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, ýerasty suwlaryndan peýdalanmak hukugyny çäklendirmek boýunça çäreleri görýär;

12) daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ýer astynda galyndylary gömmäge rugsatnama berýär;

121) şu maddanyň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen rugsatnamalary bermek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tölegi kesgitleýär, alýar we ony öz hasaplaşyk hasabyna geçirýär;

13) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky we 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda, № 4, __-nji madda).

 

15-nji madda. Ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary

 

1. Ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary – olaryň esasy wezipesi suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşyny hem-de gözegçiligini amala aşyrmak bolup durýan, ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagyndaky edaralardyr.

Ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary döredilen mahalynda geografik, taryhy, gidrografik, durmuş, ykdysady we beýleki ýagdaýlar nazara alynýar.

2. Ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary barada düzgünnamalar ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

3. Zerur bolan halatynda suw obýektleriniň rejeli we toplumlaýyn peýdalanylmagyny hem-de goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, olaryň wezipeleri we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýän ýerli we sebitleýin geňeşler döredilýär.

 

16-njy madda. Agyz suwy peýdalanmak we içimlik suw bilen üpjünçilik babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Agyz suwy peýdalanmak we içimlik suw bilen üpjünçilik babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy agyz suwy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

17-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary:

1) suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;

2) suwlary rejeli peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly shemalary, maksatnamalary we çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar hem-de özleriniň garamagyndaky çäkde olaryň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleri görýärler;

3) özleriniň garamagyndaky çäkde ilaty we ykdysadyýetiň pudaklaryny suw bilen üpjün etmek boýunça çäreleri görýärler;

4) özleriniň garamagyndaky çäkde suwlary rejeli peýdalanmagyň  we goramagyň suw tygşytlaýjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak boýunça işleri guraýarlar;

5) suwuň çäklendirilen möçberlerden artyk alynmagyny goşmak bilen, zerur bolan möçberlerde suw bermäge döwlet suw hojalyk guramalarynyň we suwdan peýdalanyjylaryň arasynda şertnamalaryň baglaşylmagy we ýerine ýetirilmegi boýunça işleri guraýarlar;

6) suwdan peýdalanyjylara suwy bermegiň bellenilen çäklendirilen möçberleriniň berjaý edilişine ygtyýarlandyrylan edara bilen bilelikde jogapkärçilik çekýärler;

7) suw serişdeleriniň goralyp saklanylmagyna we dikeldilmegine, şeýle hem suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almak we onuň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;

8) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde suwdan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün edýärler;

9) suw obýektlerini ýa-da olaryň böleklerini aýrybaşga peýdalanmaga bermek baradaky çözgütleri ylalaşýarlar;

10) suwuň ýagdaýyna täsirini ýetirýän önümçilik obýektleriniň, önümçilikleriň ýerleşdirilmegini we gurulmagyny, şeýle hem suw obýektlerinde, suw goraýyş zonalarynda we kenarýaka suw goraýyş zolaklarynda gurluşyk, düýbüni çuňaldyş we beýleki işlerini geçirmegiň şertlerini ylalaşýarlar;

11) özleriniň garamagyndaky çäklerde gidrotehniki desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmekde ýardam edýärler;

12) özleriniň garamagyndaky çäkde ýerleşýän suw obýektleriniň ýagdaýy barada ilaty habardar edýärler;

13) özleriniň garamagyndaky çäkde suw obýektlerinden suw almak üçin (şol sanda buraw guýularynyň) desgalaryň gurluşygynyň we gurnalyşynyň ýerleşjek ýerini ylalaşýarlar;

14) suwdan ýörite peýdalanmagyň şertlerini ylalaşýarlar;

15) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda olaryň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

18-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) suwlary rejeli peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly shemalary, maksatnamalary we çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýärler, özleriniň garamagyndaky çäklerde olaryň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleri görýärler;

2) özleriniň garamagyndaky çäkde ýerleşýän suw obýektleriniň rejeli peýdalanylmagy we goralmagy boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna ýardam edýärler;

3) özleriniň garamagyndaky çäkde suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we goramagyň suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny we usullaryny ornaşdyrmak boýunça işleri guraýarlar;

4) suwdan peýdalanyjylara suw bermegiň bellenilen çäklendirilen möçberleriniň berjaý edilişine, şeýle hem suwuň çäklendirilen möçberlerden artyk alynmagyny goşmak bilen, zerur bolan möçberlerde suw bermäge döwlet suw hojalyk guramalary we suwdan peýdalanyjylaryň arasynda şertnamalaryň baglaşylmagyna hem-de ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

5) özleriniň garamagyndaky çäkde ilaty we ykdysadyýetiň pudaklaryny suw bilen üpjün etmäge ýardam edýärler;

6) suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almak we onuň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;

7) özleriniň garamagyndaky çäkde suw üpjünçilik çeşmeleriniň sanitariýa ýagdaýyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

8) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda olaryň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

19-njy madda. Suw hojalygy babatda çäreleriň amala aşyrylmagyna raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy

 

Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) döwlet edaralary hem-de guramalary tarapyndan, suwlary peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly meselelere garalanda gatnaşmaga;

2) suwdan peýdalanyjylar tarapyndan suw goraýyş kadalarynyň we çäreleriniň ýerine ýetirilişine suwlary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan barlag geçirilende gatnaşmaga we bu meseleler boýunça teklipleri bermäge;

3) suw obýektleriniň peýdalanylyşyna we goralyşyna jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga;

4) jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmäge, onuň netijeleri barada ilata habar bermäge we olary suwlary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna bermäge, suwlary peýdalanmak hem-de goramak bilen baglanyşykly täze kärhanalary, desgalary we beýleki obýektleri ýerleşdirmek, taslamalaşdyrmak we gurmak hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kesgitlenilýän tertipde teklipleri bermäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, suw obýektleriniň ýagdaýy barada, hapalanmagyň çeşmeleri, suwlary peýdalanmak we goramak hakynda doly we dogry maglumaty almaga;

6) suwlary peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütler kabul edilende, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gatnaşmaga;

7) suwlaryň hapalanmagynyň, zibillenmeginiň we egsilmeginiň netijesinde döwlete we raýatlara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak barada kazyýete talap arzalaryny bermäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda suwlary peýdalanmak we goramak babatda beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

 

III BAP. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK

BABATDA DÖWLET GÖZEGÇILIGI

 

20-nji madda. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet gözegçiliginiň wezipeleri

 

1. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet gözegçiliginiň wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýar:

1) suwlary peýdalanmagyň we goramagyň bellenilen tertibiniň suwdan peýdalanyjylar tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik etmek;

2) suwlary hasaba almagy ýöretmegiň kadalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň suw kanunçylygy bilen bellenilen beýleki kadalaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek.

2. Suwlaryň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Suwlaryň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

21-nji madda. Suw serişdelerine döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar

 

1. Suwlaryň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen ygtyýarlandyrylan edaranyň düzüminde suw serişdeleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik ediş Gullugy döredilýär.

2. Suwlaryň goralyşyna, olaryň hapalanmagynyň, egsilmeginiň öňüni almak we suwlary rejeli peýdalanmak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň düzüminde ekologiýa taýdan gözegçilik etmegiň ýöriteleşdirilen gulluklary we daşky gurşawy goramak babatda ýerli ýerine ýetiriji edaralary hereket edýärler.

3. Suw alnyş düzgünine we ýerasty suwlaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň düzüminde geologiýa taýdan gözegçilik ediş Döwlet gullugy döredilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

III bölüm. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK BABATDA DÖWLET MEÝILLEŞDIRILIŞI. SUWLARY DÖWLET TARAPYNDAN HASABA ALMAK, TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SUW KADASTRY WE SUW OBÝEKTLERINIŇ DÖWLET MONITORINGI

 

IV BAP. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK

BABATDA DÖWLET MEÝILLEŞDIRILIŞI

 

22-nji madda. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet meýilleşdirilişiniň wezipeleri

 

1. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet meýilleşdirilişiniň wezipeleri suwlaryň suwdan peýdalanyjylaryň arasynda ylmy taýdan esaslandyrylyp paýlanylmagyny, suwlary goramagy üpjün etmek hem-de olaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almak bolup durýar.

2. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet meýilleşdirilişinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamalary, suw hojalyk balanslary, suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalary nazara alynýar.

 

23-nji madda. Suw hojalyk balanslary

 

1. Suw hojalyk balanslary suw obýektleriniň sebitleri, suw hojalyk zonalary we tutuş Türkmenistan boýunça suw serişdeleriniň barlygyna we peýdalanylyş derejesine baha bermek üçin niýetlenendir.

2. Suw hojalyk balanslary geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň, gidrometeorologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň gatnaşmaklarynda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Suw hojalyk balanslaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly harajatlar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

24-nji madda. Suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalary

 

1. Suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalary baş, sebitleýin we ýerli shemalara bölünýärler.

2. Suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalary suw serişdelerini bir bitewüleşdirip (toplumlaýyn) dolandyrmagyň meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek, ilatyň we ykdysadyýetiň pudaklarynyň suw serişdelerine geljekki hajatlaryny kanagatlandyrmaga, şeýle hem suwlary goramaga we olaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilen, suw gaznasyny rejeli peýdalanmak we goramak boýunça esasy suw hojalyk hem-de suw goraýyş çärelerini kesgitlemek maksady bilen işlenip taýýarlanylýar.

3. Suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalary ykdysadyýetiň pudaklarynyň suwa bolan hajatlarynyň esasynda ylmy we ýöriteleşdirilen taslama guramalaryny çekmek bilen geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň, gidrometeorologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň gatnaşmaklarynda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly harajatlar, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

V BAP. SUWLARY DÖWLET TARAPYNDAN HASABA ALMAK, TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SUW KADASTRY WE SUW OBÝEKTLERINIŇ DÖWLET MONITORINGI

 

25-nji madda. Suwlary döwlet tarapyndan hasaba almagyň wezipeleri

 

1. Suwlary döwlet tarapyndan hasaba almagyň wezipeleri Türkmenistanyň çäginde bar bolan suw serişdeleriniň mukdary we hili barada maglumatlary, şeýle hem suwdan peýdalanmak we suwy sowmak barada maglumatlary anyklamak bolup durýar.

2. Suwlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy we olaryň peýdalanylmagy şu aşakdakylar üçin zerur bolan maglumatlary almagy üpjün etmelidir:

1) Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, suwlary peýdalanmagyň hem-de suw goraýyş çärelerini geçirmegiň gündelik we geljegi nazarlaýan meýilleşdirmelerini işläp taýýarlamak;

2) suwlary, suw hojalyk balanslaryny toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň shemalaryny düzmek hem-de Türkmenistanyň Döwlet suw kadastryny ýöretmek;

3) suwy peýdalanmak bilen baglanyşykly suw hojalyk, ulag, senagat we beýleki obýektleri hem-de desgalary taslamalaşdyrmak;

4) gidrologik we gidrogeologik şertleriň üýtgemelerini, derýalaryň suwlulygyny hem-de suwlaryň hilini çaklamak;

5) gidromelioratiw ulgamlaryny dessin dolandyrmak we olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hajatlar.

3. Suwlary döwlet tarapyndan hasaba almak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

26-njy madda. Ýerüsti suwlaryny döwlet tarapyndan hasaba almak

 

1. Ýerüsti suwlaryny döwlet tarapyndan hasaba almak, ýerüsti suwlarynyň mukdar we hil häsiýetnamalaryna hemişelik gözegçilikleri geçirmek arkaly gidrometeorologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen bilelikde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Gidrometeorologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tebigy ýerüsti suwlarynyň mukdar we hil häsiýetnamalaryna hemişelik gözegçilikleriň geçirilmegini guraýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

27-nji madda. Ýerasty suwlaryny döwlet tarapyndan hasaba almak

 

Ýerasty suwlaryny döwlet tarapyndan hasaba almak ýerasty suwlarynyň mukdar we hil häsiýetnamalaryna hemişelik gözegçilikleri geçirmek arkaly geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

28-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet suw kadastry

 

1. Türkmenistanyň Döwlet suw kadastry suw obýektleriniň ýagdaýy we peýdalanylyşy barada, olaryň suw serişdeleri hakynda hem-de suwdan peýdalanyjylar barada ulgamlaşdyrylan maglumatlaryň ýygyndysydyr.

2. Türkmenistanyň Döwlet suw kadastry bütewi ulgam boýunça ýöredilýär we suwlary döwlet tarapyndan hasaba almagyň maglumatlaryna esaslanýar.

3. Türkmenistanyň Döwlet suw kadastryny ýöretmek geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň we gidrometeorologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň hem-de beýleki dahylly döwlet edaralarynyň berýän maglumatlary esasynda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýerüsti suwlaryna degişli böleginde, Türkmenistanyň Döwlet suw kadastryny ýöretmek, bu maglumatlary bellenilen tertipde ygtyýarlandyrylan edara bermegi guraýan, gidrometeorologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Suwdan peýdalanyjylar ygtyýarlandyrylan edara we geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna, Türkmenistanyň Döwlet suw kadastryna girizmäge degişli ähli zerur maglumatlary bermäge borçludyrlar.

5. Ygtyýarlandyrylan edara Türkmenistanyň Döwlet suw kadastrynda bar bolan maglumatlara, dahylly ýuridik we fiziki şahslaryň elýeterliligini bellenilen tertipde üpjün etmäge borçludyr.

6. Türkmenistanyň Döwlet suw kadastryny ýöretmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

29-njy madda. Suw obýektleriniň döwlet monitoringi

 

1. Suw obýektleriniň döwlet monitoringi suw obýektlerinde suwuň hiline täsir edýän suwlaryň ýagdaýynyň üýtgemelerini öz wagtynda ýüze çykarmak, olara baha bermek, ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak we netijelerini aradan aýyrmak üçin suwlaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegiň ulgamy bolup durýar.

2. Ygtyýarlandyrylan edara daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, gidrometeorologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen bilelikde suw obýektleriniň ýagdaýyna döwlet monitoringini alyp barýar.

3. Suw obýektleriniň döwlet monitoringini alyp barmak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

IV bölüm. SUWDAN PEÝDALANMAK

 

VI BAP. SUW OBÝEKTLERINI PEÝDALANMAK HUKUGY.

SUWDAN PEÝDALANMAGYŇ GÖRNÜŞLERI

 

30-njy madda. Suw obýektlerini peýdalanmak hukugy

 

Suw obýektlerini peýdalanmak hukugy şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde, ýuridik we fiziki şahslara berilýär.

 

31-nji madda. Suw obýektlerini peýdalanmaga bermek

 

Suw obýektleri ýa-da olaryň bölekleri şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenen tertipde ýuridik we fiziki şahslara peýdalanmaga berlip bilner.

 

32-nji madda. Suw obýektlerini peýdalanmaga bermegiň maksatlary

 

Suw obýektleri ilatyň agyz suwy, hojalyk-durmuş, bejeriş, şypahana, sagaldyş we beýleki hajatlaryny, şeýle hem oba hojalyk, senagat, energiýa, ulag, balyk hojalyk we beýleki zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen peýdalanmaga berilýär.

Suw obýektleri ýokarda görkezilen maksatlaryň biriniň ýa-da birnäçesiniň suwa bolan zerurlyklaryny üpjün etmek üçin peýdalanmaga berlip bilner.

 

33-nji madda. Suwdan peýdalanmagyň görnüşleri

 

Suwdan peýdalanmak şu aşakdaky görnüşlere bölünýär:

1) umumy;

2) ýörite;

3) bilelikde;

4) aýrybaşga;

5) ilkinji we ikinji.

 

34-nji madda. Suwdan umumy peýdalanmak

 

1. Suwdan umumy peýdalanmak gidrotehniki desgalary ýa-da tehniki enjamlary ulanmazdan, suw obýektlerini käbir ýuridik we fiziki şahslara berkitmezden hem-de olar tarapyndan ýörite rugsatnama alynmazdan ilatyň hajatlaryny (suwa düşmek, gaýyklarda ýüzmek, sport gaýyklarynyň ähli görnüşlerinde we beýleki ýüzüji serişdelerde, höwesjeň we sport balykçylygy, mallary suwa ýakmak) kanagatlandyrmak üçin amala aşyrylýar.

2. Şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda, umumy peýdalanylýan suw obýektlerine gadagan ediji belgilerini, germewleri, gorag nokatlaryny dikmek arkaly ilatyň elýeterliligini çäklendirmek gadagan edilýär.

3. Ilatyň ekologiýa, sanitariýa-epidemiologiýa taýdan howpsuzlygyny, şeýle hem gidrotehniki desgalaryň we tehniki enjamlaryň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen suwdan umumy peýdalanmaklyk çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner.

Suwdan umumy peýdalanylan mahalynda sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň, şeýle hem balyk gorlaryny goramagyň, gämi gatnawynyň, suwda adamlaryň janyny goramagyň, suwlary rejeli peýdalanmagyň we goramagyň kadalarynyň berjaý edilmegi hökmanydyr. Şu maksatlar bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde suwa düşünmek, gaýyklarda gezelenç etmek, agyz suwy we durmuş hajatlary üçin suw almak, mallary suwa ýakmak gadagan edilen ýerleri bellemäge, şeýle hem degişli welaýatyň, etrabyň, şäheriň, şäherçäniň ýa-da obanyň çäginde ýerleşýän suw obýektlerinde suwdan umumy peýdalanmagyň beýleki şertlerini kesgitlemäge haklydyr.

4. Suwdan umumy peýdalanmagyň şertleri we kadalary ygtyýarlandyrylan edara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň çözgütleriniň esasynda bellenilýär.

Görkezilen edaralar käbir suw obýektlerinde suwdan umumy peýdalanmagyň şertlerini dahylly ýuridik we fiziki şahslaryň dykgatyna ýetirmäge borçludyrlar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

35-nji madda. Suwdan ýörite peýdalanmak

 

1. Suwdan ýörite peýdalanmak – ilatyň agyz suw we durmuş hajatlaryny kanagatlandyrmak, oba we balyk hojalyklarynyň, gurluşygyň, senagatyň, energetikanyň suwa bolan zerurlyklaryny üpjün etmek üçin, şeýle hem akdyrylýan hapa suwlary akdyrmak üçin gidrotehniki desgalary ýa-da tehniki enjamlary ulanmak arkaly suw obýektlerinden ýa-da olaryň böleklerinden ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan peýdalanylmagy.

2. Käbir halatlarda suwdan ýörite peýdalanmaga gidrotehniki desgalary ýa-da tehniki enjamlary ulanmazdan, emma suwlaryň ýagdaýyna belli bir täsirini ýetirýän suw obýektlerinden peýdalanmak hem degişli edilip bilner.

3. Eger suwdan peýdalanmak şu aşakdakylar bilen baglanyşykly bolsa, ol ýörite diýlip ykrar edilip bilinmez:

1) gidrouzellerden suw geçirmek;

2) gämi gatnawy;

3) suw ýetmezçilik edýän sebitlerdäki suwdan peýdalanyjylara suw bermek (suw sorujylar bilen suw eltmek);

4) suwlaryň ýaramaz täsirini aradan aýyrmak (ýerasty suwlarynyň ýokary galmagy, şorlaşmagy, batgalaşmagy);

5) peýdaly düzümböleklerini almak üçin ýerasty suwlaryny peýdalanmak;

6) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen bilelikde ýer astyndan suwlary çykaryp almak;

7) gidromehanizasiýa, düýbüni çuňaldyş we partladyş işleriniň usullary arkaly gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek;

8) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak;

9) suw ösümliklerini ýygnap almak;

10) turbageçirijileri we kabelleri çekmek;

11) burawlaýyş we geologiýa gözleg işlerini geçirmek;

12) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilen, merkezleşdirilen suw üpjünçilik çeşmesi bolup durmaýan, birinji suwly gatlagyň üstüne çenli çuňluga, durmuş guýularynyň hem-de buraw guýularynyň gurulmagyny we ulanylmagyny amala aşyrmak;

13) oba ilatly ýerleriň, şäherçeleriň, şäherleriň çäklerinde, döwlet ätiýaçlygynyň we tokaý gaznasynyň ýerlerinde suwuň derejesini mejbury peseltmezden işleýän gazma şahta guýularyny, kakma süzgüç guýularyny, şeýle hem balyk hojalygy ähmiýeti bolmadyk ýapyk (suwy akyp gitmeýän) howdanlarda, gözbaşlaryň kaptažyny (inžener-tehniki desga), çeşmeleri we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda suw ýygnama möçberi bellenilen ýerli akymlaryň suwlaryny gurnamak arkaly ýerasty suwlaryndan peýdalanmak;

14) suw almazdan we akdyrylýan hapa suwlary akdyrmazdan suw obýektlerinde ýerine ýetirilýän beýleki işler.

4. Suwdan ýörite peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli döwlet edaralar bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berilýän rugsatnamalar esasynda amala aşyrylýar.

Ýuridik we fiziki şahslaryň suwdan ýörite peýdalanmak hukugy şonuň ýaly rugsatnamanyň olar tarapyndan alnan pursadyndan ýüze çykýar.

5. Oba ilatly ýerleriň, şäherçeleriň, şäherleriň çäklerinde, döwlet ýer ätiýaçlygynyň we tokaý gaznasynyň ýerlerinde suwuň derejesini mejbury peseltmezden işleýän gazma şahta guýularyny, kakma süzgüç guýularyny gurnamak arkaly ýerasty suwlaryndan peýdalanmaga rugsatnamany, geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň netijenamasynyň esasynda hem-de degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen  ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara berýär.

6. Balyk hojalygy ähmiýeti bolmadyk ýapyk (suwy akyp gitmeýän) howdanlarda, gözbaşlaryň, çeşmeleriň kaptažyny gurnamak arkaly suwdan ýörite peýdalanmaga rugsatnamany degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara berýär.

7. Suwdan ýörite peýdalanmagyň görnüşleriniň Sanawy daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

36-njy madda. Suwdan aýrybaşga peýdalanmak

 

1. Suwdan aýrybaşga peýdalanmak suw obýektlerini ýa-da olaryň böleklerini diňe bir ýuridik ýa-da fiziki şahsa peýdalanmaga bermek.

2. Aýrybaşga peýdalanmaga berlen suw obýektlerinde suwdan umumy peýdalanmaga, ygtyýarlandyrylan edara we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça suwdan ilkinji peýdalanyjy tarapyndan bellenilen şertlerde ýol berilýär.

3. Suwdan aýrybaşga peýdalanmagy amala aşyrýan suwdan peýdalanyjy, eger ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň çözgütleri bilen başgaça bellenilmedik bolsa, suwdan umumy peýdalanmagyň şertleri hakynda ýa-da gadagan edilendigi barada yglan etmäge borçludyr.

4. Suw obýektleri aýrybaşga peýdalanmaga geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edaranyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda doly ýa-da bölekleýin berilýär.

5. Suw obýektlerini aýrybaşga peýdalanmaga bermek barada towakganamalary bermegiň we olara garamagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

37-nji madda. Suwdan bilelikde peýdalanmak

 

1. Suwdan bilelikde peýdalanmak – suw obýektlerini ýa-da olaryň böleklerini birnäçe ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslara peýdalanmaga bermek.

2. Suwdan bilelikde peýdalanmak suwdan ýörite peýdalanmaga bolan rugsatnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

3. Aýrybaşga peýdalanmaga berilmedik suw obýektleri, bilelikde peýdalanmagyň obýektleri bolup bilerler.

4. Suwdan bilelikde peýdalanmaga berlen suw obýektlerinde, suwdan umumy peýdalanmaga, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan bellenilen şertlerde ýol berilýär.

5. Bilelikde suwdan peýdalanmagy amala aşyrýan suwdan peýdalanyjylar, eger ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň çözgütleri bilen başgaça bellenilmedik bolsa, suwdan umumy peýdalanmagyň şertleri hakynda ýa-da gadagan edilendigi barada yglan etmäge borçludyrlar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

38-nji madda. Suwdan ilkinji we ikinji peýdalanmak

 

1. Suwdan ilkinji peýdalanmak, gös-göni döwlet suwaryş ulgamlaryndan kanallar we turbageçirijiler boýunça suwy almagy hem-de daşamagy amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslaryň suwdan peýdalanmagy bolup durýar.

2. Suwy hereket edýän ilkinji suwdan peýdalanyjylara bermek, ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagyndaky degişli ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

3. Suwdan ikinji peýdalanmak, suwy suwdan ilkinji peýdalanyjydan onuň bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda alýan ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň suwdan peýdalanmagy bolup durýar.

 

39-njy madda. Suw obýektlerini peýdalanmagyň möhletleri

 

1. Suw obýektleri hemişelik ýa-da wagtlaýyn peýdalanmaga berilýär.

2. Hemişelik diýlip möhleti bellenilmezden suw obýektleriniň peýdalanylmagy hasap edilýär.

3. Suw obýektlerini wagtlaýyn peýdalanmak gysga möhletleýin bäş ýyla çenli we uzak möhletleýin bäş ýyldan kyrk ýyla çenli bolup biler. Zerur mahalynda suw obýektlerini peýdalanmagyň möhletleri degişlilikde gysga möhletleýin ýa-da uzak möhletleýin wagtlaýyn peýdalanmagyň möhletlerinden geçmeýän wagtyň dowamyna uzaldylyp bilner.

Suw obýektlerini wagtlaýyn peýdalanmagyň möhletleri dahylly suwdan peýdalanyjynyň towakganamasy boýunça suw obýektini aýrybaşga peýdalanmaga bermek barada çözgüt kabul eden ýa-da suwdan ýörite peýdalanmaga rugsatnama beren döwlet edaralary tarapyndan uzaldylyp bilner.

 

VII BAP. SUWDAN PEÝDALANYJYLARYŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

40-njy madda. Suwdan peýdalanyjylaryň hukuklary

 

Suwdan peýdalanyjylaryň şulara hukugy bardyr:

1) şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan talaplary berjaý etmek bilen, olaryň berilmeginiň maksatlary üçin, suw serişdelerini peýdalanmaga;

2) beýleki şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna, suw obýektlerine we daşky gurşawa zyýan ýetirilmegine ýol bermezden, özlerine degişli suw serişdelerinden peýdalanmak hukugyny amala aşyrmaga;

3) suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny peýdalanmagyň esasynda, şeýle hem hojalyk şertleriniň üýtgän halatlarynda ýa-da beýleki ýagdaýlar boýunça suwy rejeli peýdalanmagyň hasabyna onuň bölünip berlen çäklendirilen möçberlerini doly däl möçberde peýdalanmaga;

4) degişi döwlet suw hojalyk guramalary bilen ylalaşylmagy boýunça gidromelioratiw ulgamyň ýa-da onuň käbir bölekleriniň gurluşygyny we (ýa-da) durkuny täzelemegi amala aşyrmaga;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, suwdan peýdalanyjylaryň assosiasiýalaryny, toparlaryny we beýleki birleşiklerini döretmäge;

6) suw hojalyk işini amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, suw obýektleriniň ýagdaýy barada maglumaty almaga;

7) berilýän suwuň hilini we möçberini barlamaga;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, özleriniň suwdan peýdalanmaga bolan hukuklaryny goramaga;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

 

41-nji madda. Suwdan peýdalanyjylaryň borçlary

 

Suwdan peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, suwuň tygşytly ulanylmagy, suwuň hiliniň dikeldilmegi we gowulandyrylmagy hakynda alada etmäge;

2) önümçiligiň tehnologiýalaryny we suw üpjünçiliginiň shemalaryny kämilleşdirmek (suwsuz tehnologik ýagdaýlary, howa arkaly sowatmagy, dolanyşykly we gaýtadan-yzygiderli suw üpjünçiligini hem-de beýleki tehnologik tärleri peýdalanmak) arkaly suwuň sarp edilişini kemeltmek hem-de akdyrylýan hapa suwlaryň akdyrylmagyny azaltmak üçin çäreleri görmäge;

3) suw obýektlerinden olaryň berilmeginiň maksatlaryna we şertlerine laýyklykda peýdalanmaga;

4) hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň aňryçäk ýol berilýän bellenilen kadalaryny we suw almagyň çäklendirilen möçberlerini, şeýle hem sanitariýa we beýleki talaplary berjaý etmäge;

5) akdyrylýan hapa suwlar bilen suw obýektleriniň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmaga;

6) agyz suw we hojalyk-durmuş suw üpjünçiliginiň çeşmeleriniň sanitariýa taýdan goramak zonalaryny, kenarýaka suw goraýyş zolaklaryny, bölünip berlen zolaklary, suw ýollarynyň kenar zolaklaryny, arassalaýjy we beýleki gidrotehniki desgalary hem-de tehniki enjamlary göwnejaý ýagdaýda saklamaga;

7) suwlary almagyň we peýdalanmagyň möçberiniň hasabyny ýöretmäge, suwuň hiline hem-de suw obýektlerine akdyrylan gaýtarylýan suwlaryň we hapalaýjy maddalaryň mukdaryna gözegçiligi amala aşyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde degişli döwlet edaralaryna hasabatlary bermäge;

8) suwlary egsilmekden goramak, olaryň ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem akdyrylýan hapalanan suwlaryň akdyrylmagyny bes etmek boýunça bellenilen tertipde ylalaşylan tehnologik, tokaýmelioratiw, agrotehniki, gidrotehniki, sanitariýa we beýleki çäreleri amala aşyrmaga;

9) gidromelioratiw ulgamlarynda suwuň süzülmek we bugarmak ýitgilerini kemeltmek boýunça çäreleri görmäge;

10) içerki hojalyk we hojalygara ähmiýetli gidrotehniki desgalaryny ulanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;

11) balyk hojalygy ähmiýetli suw obýektlerinden gidromelioratiw ulgamlara balygyň we beýleki suw bioserişdeleriniň düşmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge;

12) çäklendirilen möçberlerden artyk ulanylmagyny goşmak bilen, suw serişdelerinden peýdalanmagyň töleglerini öz wagtynda ygtyýarlandyrylan edara geçirmäge;

13) ýerüsti suw obýektleriniň üstünden mallary sürüp geçirmegiň, traktorlaryň, oba hojalyk maşynlarynyň we beýleki ulag serişdeleriniň geçmeginiň kadalaryny berjaý etmäge;

14) suw obýektlerinde mallary suwa ýakmagyň we suwa düşürmegiň kadalaryny berjaý etmäge;

15) öz obýektlerine suwlary peýdalanmak we goramak babatda  ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň döwlet gözegçilerini, şeýle hem Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine barlagy amala aşyrýan, daşky gurşawy goramak boýunça jemgyýetçilik gözegçilerini päsgelçiliksiz goýbermäge we olara zerur maglumatlary bermäge;

16) bibatlyk sebäpli hapalanmalarynyň ýüze çykandygy barada ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralaryna, ygtyýarlandyrylan edara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna we ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna öz wagtynda habar bermäge;

17) suwuň hiliniň ýaramazlaşmagyna eltip biljek bibatlyklaryň netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz işleri amala aşyrmaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde beýleki suwdan peýdalanyjylaryň suw obýektlerinde bibatlyklary ýok etmek üçin niýetlenen zerur tehniki serişdeleri bermäge;

18) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

42-nji madda. Suwdan peýdalanyjylaryň hukuklaryny üpjün etmegiň kepillikleri

 

1. Suwdan peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar. Hiç kim şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda görkezilen esaslardan başga esaslar boýunça, suwdan peýdalanmak hukugyndan mahrum edilip bilinmez.

2. Şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda, döwlet edaralarynyň we beýleki edaralaryň, şeýle hem guramalaryň, suwdan peýdalanyjylaryň işine gatyşmagy gadagan edilýär.

3. Suwdan peýdalanyjylaryň bozulan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde dikeldilmäge degişlidir.

Suwdan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi, şu Kodeksiň 118-nji maddasynda kesgitlenen tertipde doldurylmaga degişlidir.

 

43-nji madda. Suwdan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň çäklendirilmegi

 

1. Suwdan peýdalanyjylaryň hukuklary ilatyň saglygyny, daşky gurşawy goramak, milli howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem gurakçylyk mahalynda, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäklendirilip bilner.

2. Suwdan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň çäklendirilmegi ilatyň agyz suw we durmuş hajatlary üçin suw serişdelerinden peýdalanmagynyň şertlerini ýaramazlaşdyrmaly däldir.

3. Suwdan peýdalanyjylaryň suwdan aýrybaşga peýdalanmak hukuklary, şol suw obýektlerini aýrybaşga peýdalanmaga beren ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan çäklendirilip bilner, suwdan ýörite we ikinji peýdalanmak üçin hukuklar bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde görkezilen suwdan peýdalanmaga rugsatnamany beren ygtyýarlandyrylan edaralar tarapyndan çäklendirilip bilner.

 

VIII BAP. SUWDAN PEÝDALANMAK HUKUGYNYŇ

BES EDILMEGINIŇ ESASLARY WE TERTIBI

 

44-nji madda. Suwdan peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi

 

1. Suwdan peýdalanmak hukugy şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilmäge degişlidir:

1) suwdan peýdalanyjynyň suwdan peýdalanmak hukugyndan ýüz döndermegi;

2) suwdan peýdalanmak möhletiniň gutarmagy;

3) suw obýektiniň maksada laýyk peýdalanylmazlygy;

4) suw obýektleriniň tebigy ýa-da emeli taýdan ýitip gitmegi;

5) suw obýektlerini döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin aýrybaşga peýdalanmakdan almak zerurlygynyň ýüze çykmagy;

6) gidrotehniki desgalarynyň beýleki suwdan peýdalanyjylara bellenilen tertipde berilmegi;

7) suwlary peýdalanmagyň we olary goramagyň kadalarynyň hem-de suwdan peýdalanmak şertnamasynyň şertleriniň bozulmalary;

8) suwdan peýdalanyjylar tarapyndan borçlarynyň ýerine ýetirilmezligi;

9) suw obýektiniň, aýratyn döwlet (tebigaty goraýyş) ähmiýeti ýa-da ylmy, medeni ýa bejeriş gymmatlygy bar bolan obýekt hökmünde ykrar edilmegi.

2. Suwdan ikinji peýdalanmak şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda suwdan ilkinji peýdalanyjynyň çözgüdi boýunça bes edilip bilner.

3. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen suwdan peýdalanmak hukugyny bes etmegiň beýleki esaslary hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

45-nji madda. Suwdan ýörite peýdalanmak hukugynyň bes edilmeginiň esaslary we tertibi

 

1. Suwdan ýörite peýdalanmak hukugy şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär:

1) suwdan peýdalanyjynyň towakganamasy boýunça;

2) şu Kodeksiň 44-nji maddasynyň birinji böleginiň 5-nji we 9-njy bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça;

3) şu Kodeksiň 44-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji, 3-nji,  4-nji, 6-njy we 7-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarynda, suwdan ýörite peýdalanmaga rugsatnamany beren ygtyýarlandyrylan edaranyň çözgüdi boýunça.

2. Suwdan ýörite peýdalanmak hukugy, suwdan ýörite peýdalanmaga rugsatnamanyň ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan yzyna alynmagy arkaly bes edilýär.

Suwdan ýörite peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi barada çözgüt suwdan peýdalanmak şertnamasynyň ýatyrylmagy üçin esas bolup durýar.

3. Suwdan ýörite peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi baradaky çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

 

46-njy madda. Suw obýektlerini aýrybaşga peýdalanmakdan almak

 

1. Suw obýektlerini aýrybaşga peýdalanmakdan doly ýa-da bölekleýin almaklyk Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça ýerine ýetirilýär.

2. Suwdan aýrybaşga peýdalanmak hukugy suw obýektlerini almak hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdiniň çykarylan ýa-da suw obýektinden peýdalanmak möhletiniň geçen pursadyndan bes edilýär.

3. Döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin suw obýektiniň alynmagy bilen baglanyşykly suwdan aýrybaşga peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi ýa-da suwdan peýdalanmagyň şertleriniň üýtgemegi netijesinde ýuridik we fiziki şahslara ýetirilen zyýanyň öwezi, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde dolunmaga degişlidir.

 

IX BAP. SUW OBÝEKTLERINI AGYZ SUW WE

HOJALYK-DURMUŞ SUW ÜPJÜNÇILIGI ÜÇIN PEÝDALANMAK

 

47-nji madda. Suw obýektlerini agyz suw we hojalyk-durmuş suw üpjünçiligi üçin peýdalanmak

 

1. Agyz suwy we hojalyk-durmuş suw üpjünçiligi, şeýle hem ilatyň beýleki hajatlary üçin, olardaky suwuň hili Türkmenistanyň bellenilen döwlet standartlaryna laýyk gelýän suw obýektleri berilýär.

2. Agyz suw maksatly suw obýektlerini ilatyň agyz suw we hojalyk-durmuş suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly bolmadyk hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin peýdalanmaga, kada bolşy ýaly, ýol berilmeýär.

Agyz suwuny ykdysadyýetiň pudaklarynyň hajatlary üçin peýdalanmaga diňe aýratyn halatlarda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ilatyň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin zyýan ýetirilmän suw bermegi amala aşyrmaga tehniki mümkinçiligiň bar bolan mahalynda ýol berilýär.

 

48-nji madda. Ilatyň merkezleşdirilen suw üpjünçiligi

 

1. Suw obýektleri merkezleşdirilen suw üpjünçiliginiň tertibinde ilatyň agyz suw, durmuş we beýleki hajatlary üçin peýdalanylan mahalynda, olaryň dessin dolandyryşynda, eýelik etmeginde we peýdalanmagynda hojalyk-içimlik suwlaryny geçiriji ulgamy bar bolan ýuridik şahslar, suw alyş desgalarynyň tassyklanylan taslamalaryna laýyklykda we agyz suwunyň hili bolan suwy almak hem-de ony sarp edijilere bermek üçin suwdan ýörite peýdalanmaga rugsatnamalaryň esasynda suw üpjünçilik çeşmelerinden suw almagy amala aşyrmaga haklydyr.

Görkezilen ýuridik şahslar suw üpjünçilik çeşmelerinden suw almagyň möçberiniň hasaba alynmagyny guramaga, olardaky suwlarynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi alyp barmaga, suw alynýan ýeriň sanitariýa taýdan goramak zonasyny göwnejaý ýagdaýda saklamaga we ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralaryna çeşmelerdäki suwuň mukdar we hil görkezijileriniň ululygynyň bellenilen kadalardan çykmalary hakynda habar bermäge borçludyrlar.

2. Ýerasty suwlarynyň merkezleşdirilen suw alyş ýerlerinde olaryň ýataklarynyň çäklerinde we ýanaşyk ýerlerde gözegçilik guýularynyň ýerli (lokal) ulgamy gurnalan bolmalydyr.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

49-njy madda. Ilatyň merkezleşdirilmedik suw üpjünçiligi

 

Suw obýektleri ilatyň agyz suw, durmuş we beýleki hajatlary üçin merkezleşdirilmedik suw üpjünçiligi tertibinde peýdalanylan mahalynda, ýuridik we fiziki şahslar suwdan umumy ýa-da ýörite peýdalanmak tertibinde gös-göni ýerüsti ýa-da ýerasty suw obýektlerinden suw almagy amala aşyrmaga haklydyr. Bu maksatlar üçin niýetlenen suw alyş desgalaryny peýdalanmaklyk, olaryň çäklerinde suw alyş desgalary ýerleşýän, ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary tarapyndan bellenilen kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

X BAP. SUW OBÝEKTLERINI BEJERIŞ, SAGALDYŞ WE

DYNÇ ALYŞ MAKSATLARY ÜÇIN PEÝDALANMAK

 

50-nji madda. Suw obýektlerini bejeriş we sagaldyş maksatlary üçin peýdalanmak

 

1. Özünde tebigy bejeriş serişdelerini saklaýan suw obýektleri Türkmenistanyň sanitariýa-şypahana işi we şypahanalar hakynda kanunçylygyna laýyklykda bejeriş we sagaldyş maksatlary üçin peýdalanylýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bejeriş we sagaldyş toparyna degişli edilen suw obýektleri, diňe bejeriş, şypahana we sagaldyş maksatlary üçin peýdalanylýar.

Ygtyýarlandyrylan edara we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça bejeriş we sagaldyş toparyna degişli edilen suw obýektlerini beýleki maksatlar üçin peýdalanmaga, aýratyn halatlarda rugsat berip bilýärler.

3. Bejeriş we sagaldyş maksatly topara degişli edilen suw obýektlerine, şeýle hem olaryň çäklerine, akdyrylýan hapa we zeýkeş suwlaryny sowmaklyk gadagan edilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

51-nji madda. Suw obýektlerini dynç alyş maksatlary üçin peýdalanmak

 

1. Suw obýektlerini dynç alyş maksatlary (dynç alyş, syýahatçylyk, sport) üçin peýdalanmaga suwdan umumy peýdalanmak tertibinde ýol berilýär.

2. Suw obýektlerindäki we gidrotehniki desgalaryndaky köpçülikleýin dynç alyş, syýahatçylyk we sport üçin ýerler ygtyýarlandyrylan edara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, ilatyň sanitariýa- epidemiologiýa abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, gämi gatnaw ýollarynda bolsa – gämi gatnawyny düzgünleşdirýän edaralar bilen ylalaşylmagy boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary tarapyndan bellenilýär.

3. Suw obýektlerini dynç alyş maksatlary üçin peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslar, olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyk eden kadalaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan halas ediş beketleri ýa-da postlary bilen üpjün etmelidirler.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

XI BAP. SUW OBÝEKTLERINI OBA HOJALYGYNYŇ

HAJATLARY ÜÇIN PEÝDALANMAK

 

52-nji madda. Suw obýektlerini oba hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmak

 

1. Suw obýektlerini oba hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmak suwdan umumy we ýörite peýdalanmak tertibinde amala aşyrylýar.

2. Suwdan ýörite peýdalanylan mahalynda ýuridik we fiziki şahslaryň eýelik etmeginde hem-de peýdalanmagynda durýan suwaryş, suwlulandyryş, zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlary we beýleki gidrotehniki desgalar hem-de enjamlar ulanylýar.

3. Suw obýektlerini öri meýdanlaryny suwlulandyrmak we maldarçylyk fermalaryny suw bilen üpjün etmek üçin peýdalanmak geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, Döwlet weterinariýa gullugy, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berlen rugsatnama esasynda suwdan ýörite peýdalanmak tertibinde amala aşyrylýar.

4. Suwarymly ýerleriň monitoringi we melioratiw ýagdaýyna baha bermek ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna geçirilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

53-nji madda. Oba hojalygynda suwdan peýdalanmagy meýilleşdirmek

 

1. Oba hojalygynda suwdan peýdalanmak suwdan peýdalanmagyň meýilnamalaryna laýyklykda döwlet suw hojalyk guramalarynyň – suw bilen üpjün edijileriň we suwdan peýdalanyjylaryň arasynda baglaşylýan şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.

2. Suwdan peýdalanyjylar oba hojalyk ekinleriniň ekin meýdanlarynyň möçberini meýilleşdiren we suwdan peýdalanmagyň möçberlerini hem-de möhletlerini kesgitlän mahalynda şu Kodeksiň 102-nji maddasyna laýyklykda çäklendirilen möçberli suwdan peýdalanyşyň şertlerinden ugur almalydyrlar.

Suwy bellenen çäklendirilen möçberlerden artyk bermegiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

3. Suwdan peýdalanmagyň içerki hojalyk meýilnamalary suwdan peýdalanyjylar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça döwlet suw hojalyk guramalary tarapyndan tassyklanylýar.

4. Suwdan peýdalanyjylary suwaryş suwy bilen üpjün etmek üçin welaýatlar, etraplar boýunça, şeýle hem suw obýektleriniň sebitleriniň çägi boýunça suwdan peýdalanmagyň meýilnamalary esasynda işlenip taýýarlanylýan, Türkmenistan boýunça suwdan peýdalanmagyň meýilnamasy düzülýär.

Türkmenistan boýunça suwdan peýdalanmagyň meýilnamasy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

5. Ygtyýarlandyrylan edara we onuň ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary şu aşakdakylara haklydyr:

1) suwaryş çeşmeleriniň suwlulygy azalan mahalynda suw sarp edijilere suw bermegi (şunda deňleşdirilen suw üpjünçilik ýörelgesini berjaý etmek bilen) çäklendirmäge;

2) suw bermegiň möçberlerini we möhletlerini üýtgetmek zerurlygyny ýüze çykarýan, suwaryş çeşmesiniň üýtgän suw düzgüninden, howa şertlerinden we beýleki sebäplerden ugur alyp, suwdan peýdalanyjylara suw bermegiň meýilnamalaryna düzediş girizmäge.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

54-nji madda. Akdyrylýan hapa we zeýkeş suwlaryny suwaryş üçin peýdalanmak

 

1. Akdyrylýan hapa we zeýkeş suwlarynyň suwaryş üçin peýdalanylmagy bellenilen ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Akdyrylýan hapa suwlar olaryň emele geliş çeşmelerine baglylykda jemagat-durmuş we önümçilik suwlaryna hem-de atmosfera ygalynyň suwlaryna bölünýärler.

3. Arassalanan akdyrylýan hapa suwlary diňe tehniki, ot-iýmlik ekinleri we gök (tokaý) agaçlary suwarmak üçin peýdalanmaga ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, weterinariýa işi babatda ygtyýarlandyrylan edara hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan berlen rugsatnama esasynda ýol berilýär.

4. Zeýkeş suwlaryny suwarmak üçin peýdalanmak ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy we ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara hem-de daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan berilýän rugsatnama esasynda amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

55-nji madda. Gulluk ýer paýlaryny, şahsy kömekçi hojalyklary we bagçylyk meýdançalaryny suw bilen üpjün etmek

 

1. Ýuridik şahslaryň – suwdan peýdalanyjynyň çäklerinde ýaşaýan fiziki şahslaryň şahsy kömekçi hojalyklaryny suw bilen üpjün etmeklik, tassyklanan çäklendirilen möçberiň çäklerinde suwdan peýdalanmagyň meýilnamasyna laýyklykda ilkinji nobatda ýerine ýetirilýär.

2. Ýuridik şahslaryň – suwdan peýdalanyjynyň çäklerinden daşarda ýerleşýän gulluk ýer paýlaryny, şahsy kömekçi hojalyklary we bagçylyk meýdançalaryny suw bilen üpjün etmeklik, tassyklanan çäklendirilen möçberiň çäklerinde suwdan peýdalanyjynyň meýilnamasyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

 

56-njy madda. Wagtlaýyn suw akymly suw çeşmelerini oba hojalygynda peýdalanmak

 

Ýuridik we fiziki şahslar ygtyýarlandyrylan edara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ekologiýa talaplaryny nazara almak bilen oba hojalyk ekinlerini, ot ýatyrylýan ýaýlalary, öri meýdanlaryny, düme ekerançylyk meýdançalaryny suwarmak we mallary suwa ýakmak üçin daşgyn we sil suwlaryny saklamak boýunça çäreleri amala aşyryp bilerler.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

57-nji madda. Gidrotehniki desgalary özbaşdak sazlamagy gadagan etmek

 

Ýuridik we fiziki şahslara suwuň möçberini köpeltmek ýa-da azaltmak we olarda wagtlaýyn bentleri, suw sorujy beketleri hem-de beýleki desgalary gurnamak maksady bilen kanallardaky we howdanlardaky gidrotehniki desgalary sazlamagy özbaşdak ýerine ýetirmek gadagan edilýär.

 

58-nji madda. Mallary suwa ýakmagyň we suwa düşürmegiň, kanallaryň we beýleki suw desgalarynyň üstünden mallary sürüp geçirmegiň we ulag serişdeleriniň geçmeginiň şertleri

 

1. Bu maksatlar üçin niýetlenilmedik ýerlerde, kanallaryň we beýleki gidrotehniki desgalaryň üstünden mallaryň sürlüp geçirilmegi, traktorlaryň, oba hojalyk maşynlarynyň we beýleki ulag serişdeleriniň geçmegi gadagan edilýär.

2. Mallary suwa ýakmak we suwa düşürmek üçin suw obýektlerini peýdalanmaga, sanitariýa taýdan goramak zonasynyň daşynda hem-de suw obýektleriniň hapalanmagynyň we zibillenmeginiň öňüni alýan suwa ýakyş meýdançalarynyň we enjamlarynyň bar mahalynda ýol berilýär.

 

59-njy madda. Hojalygara we içerki hojalyk gidrotehniki desgalar

 

1. Hojalygara suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamy olarda ýerleşýän, döwlet eýeçiliginde durýan, gidrotehniki hem-de beýleki desgalary bilen bilelikde döwlet suw hojalyk guramalaryna eýelik etmek we peýdalanmak hukugynda berilýär hem-de bu guramalaryň balansynda durýar.

Hojalygara suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamyny we olarda ýerleşýän gidrotehniki hem-de beýleki desgalary gurmak we işjeň ýagdaýynda saklamak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň hem-de beýleki ýerden peýdalanyjylaryň eýelik etmeginde we peýdalanmagynda ýa eýeçiliginde durýan içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamy hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki hem-de beýleki desgalar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen şertlerde we tertipde beýleki suwdan peýdalanyjylara eýelik etmäge we peýdalanmaga ýa-da eýeçiligine berlip bilner.

3. Içerki hojalyk we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamy hem-de olarda ýerleşýän gidrotehniki we beýleki desgalar suwdan peýdalanyjylaryň balansynda durýarlar.

4. Içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamyny, olardaky  ýerleşen gidrotehniki desgalary hem-de tehniki we suw göteriji enjamlary işjeň ýagdaýynda saklamaklyk, olaryň eýelik etmeginde we peýdalanmagynda, ýa eýeçiliginde olar durýan daýhan birleşikleriniň, suwdan peýdalanyjylaryň assosiasiýalarynyň, suwdan peýdalanyjylaryň toparlarynyň hem-de beýleki suwdan peýdalanyjylaryň üstüne ýüklenilýär.

5. Suwaryş suwy bilen üpjün etmäge jogapkär döwlet suw hojalyk guramalary daýhan birleşikleri, suwdan peýdalanyjylaryň assosiasiýalary, suwdan peýdalanyjylaryň toparlary hem-de beýleki suwdan peýdalanyjylar bilen baglaşylan şertnamalar boýunça içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamyny hem-de olarda ýerleşýän gidrotehniki desgalary we tehniki enjamlary abatlamak, arassalamak hem-de ulanmak boýunça işleri tölegli esasda amala aşyryp bilerler.

6. Içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamyny we olarda ýerleşen gidrotehniki desgalary hem-de tehniki enjamlary abatlamak, arassalamak we ulanmak boýunça işleriň töleginiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

7. Suwdan ilkinji peýdalanyjylardan suwaryş suwuny alýan suwdan ikinji peýdalanyjylar, içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba- zeýkeş ulgamyny we olarda ýerleşýän gidrotehniki desgalary we tehniki enjamlary işjeň ýagdaýynda saklamaga çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen şertlerde we tertipde töleýärler.

Döwlet buýurmasyna girýän oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin ulanylýan içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamyny we olarda  ýerleşen gidrotehniki desgalary hem-de tehniki enjamlary işjeň ýagdaýynda saklamaga gerek bolan çykdajylar (tarifler), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Döwlet buýurmasyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin ulanylýan içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamyny we onda ýerleşen gidrotehniki desgalary hem-de tehniki enjamlary saklamaga gerek bolan çykdajylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

 

60-njy madda. Gidromelioratiw ulgamlaryny ulanmak

 

1. Gidromelioratiw ulgamy ulanmak – ulgamy we onuň aýratyn böleklerini (elementlerini) işjeň ýagdaýynda saklamak, ony kämilleşdirmek, inžener-melioratiw monitoringini geçirmek, suwarymly ýerleriň suw kadalaryny meýilleşdirmek we dessin düzgünleşdirmek boýunça önümçilik we dolandyryş işi.

2. Gidromelioratiw ulgamlaryny ulanmagyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) Gidromelioratiw ulgamlaryny we olaryň aýratyn böleklerini gurat (işe ýaramly) ýagdaýda saklamak, olaryň bozulmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmek;

2) suwdan peýdalanyjylary bellenilen çäklendirilen möçberlere we suw bermegiň tertipnamasyna laýyklykda suw bilen üpjün etmek;

3) zeýsuwakaba-zeýkeş suwlarynyň sowulmagyny üpjün etmek;

4) suwaryş ulgamlarynyň tehniki ýagdaýyna we suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyna gözegçilik etmek;

5) gidromelioratiw ulgamlaryny kämilleşdirmek, tehniki derejesini we işe ýaramlylygyny ýokarlandyrmak.

3. Gidromelioratiw ulgamlaryny işjeň ýagdaýynda saklamak gidromelioratiw ulgamyň we onuň aýratyn bölekleriniň işe ýaramlylygyny saklamak we dikeltmek boýunça tehniki taýdan hyzmat etmekde hem-de abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmekde jemlenýär.

Gidromelioratiw ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak boýunça işler olaryň ýagdaýyna hemişelik gözegçiligi geçirmek, bozulmakdan, gyrmança we ot basmakdan goramak, syrgynlardan we haşal ösümliklerden arassalamak, gidromelioratiw ulgamlarynyň süzülmä garşy örtgülerini abatlamak boýunça çäreleri we beýleki çäreleri öz içine alýar. Gidromelioratiw ulgamlarynda görkezilen işleri geçirmek olaryň garamagynda gidromelioratiw ulgamlary bar bolan döwlet suw hojalyk guramalarynyň we suwdan peýdalanyjylaryň önümçilik meýilnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

61-nji madda. Suwlary daşamaga we suw sowmaga niýetlenilen gidrotehniki desgalaryny ulanmak

 

1. Suwlary daşamaga we suw sowmaga  niýetlenilen gidrotehniki desgalaryny ulanmak, bu desgalaryň tehniki taýdan guratlygyny we işe ýaramlylygyny saklamakda jemlenýär.

2. Suwlary daşamak we suw sowmak üçin niýetlenilen gidrotehniki desgalarynyň tehniki taýdan guratlygynyň we işe ýaramlylygynyň esasy görkezijileri şulardan ybaratdyr:

1) kanallaryň we gidrotehniki desgalaryň taslama geçirijilik ukybyny üpjün etmek;

2) kanallarda suwuň zerur derejesini saklamak;

3) kanallarda gyrmança we ot basmagynyň ýoklugy;

4) kanallarda suwuň iň az süzülme we tehnologik ýitgileri;

5) süzülme suwlaryndan ýerasty suwlarynyň galmagyna we ýerüsti suwlaryň ýanaşyk ýerleri basmagyna ýol bermezlik.

3. Suwlary daşamak we suw sowmak üçin niýetlenilen gidrotehniki desgalaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak boýunça işler, olaryň garamagynda görkezilen desgalar bar bolan döwlet suw hojalyk guramalarynyň we suwdan peýdalanyjylaryň önümçilik meýilnamalaryna laýyklykda geçirilýär.

 

XII BAP. SUW OBÝEKTLERINI SENAGAT MAKSATLARY

WE ENERGETIKANYŇ HAJATLARY ÜÇIN PEÝDALANMAK

 

62-nji madda. Suw obýektlerini senagat maksatlary we energetikanyň hajatlary üçin peýdalanmagyň tertibi

 

Suw obýektlerini senagat maksatlary we energetikanyň hajatlary üçin peýdalanmak suwdan ýörite peýdalanmak tertibinde amala aşyrylýar.

 

63-nji madda. Agyz suw maksatly suw obýektlerini senagat maksatlary üçin peýdalanmagy çäklendirmek ýa-da gadagan etmek

 

1. Agyz suw maksatly suw obýektlerini senagat maksatlary üçin peýdalanmaga, kada bolşy ýaly, ýol berilmeýär.

2. Agyz suwuny önümçilik hajatlaryny üpjün etmek üçin peýdalanmaga diňe aýratyn halatlarda we ilatyň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin zyýan ýetirmezden munuň ýaly peýdalanmaga tehniki mümkinçiligiň bar bolan mahalynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda ýol berilýär.

3. Hojalyk-içimlik suwuny geçirijilerinden, agyz suwuny senagat hajatlary üçin peýdalanmaklyk tebigy betbagtçylyk, bibatlyk halatlarynda ýa-da beýleki aýratyn ýagdaýlarda, şeýle hem akdyrylýan hapa suwlary arassalamak üçin niýetlenilen desgalar netijesiz işlän, kärhana tarapyndan agyz suwuny sarp etmegiň bellenilen çäklendirilen möçberinden artyk harçlanan mahalynda jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen bilelikde ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary tarapyndan çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner.

4. Hojalyk-içimlik suwuny geçirijilerinden senagat maksatlary üçin agyz suwuny harçlamagyň çäklendirilen möçberi ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

64-nji madda. Ýerasty suwlaryny tehniki taýdan suw üpjünçiligi we beýleki senagat hajatlary üçin peýdalanmak

 

1. Agyz suw we mineral suwlarynyň toparyna degişli edilmedik ýerasty suwlar, suwlary rejeli peýdalanmagyň we goramagyň, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň talaplaryny berjaý etmek bilen tehniki taýdan suw üpjünçiligi we beýleki önümçilik hajatlary üçin peýdalanylyp bilner.

2. Şu Kodeksiň 47-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda ýerüsti suw obýektleri bolmadyk, emma agyz suwy we hojalyk-durmuş suw üpjünçiliginiň maksatlary üçin ýaramly bolan ýerasty suwlarynyň ýeterlik gorlarynyň bar bolan çäklerinde, ýerasty suwlaryny tehniki taýdan suw üpjünçiligi we beýleki önümçilik hajatlary üçin peýdalanmaga, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aýratyn halatlarda ýol berilýär.

 

65-nji madda. Suw obýektlerini energetikanyň hajatlary üçin peýdalanmak

 

1. Suw obýektlerini energetikanyň hajatlary üçin peýdalanmak suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň talaplaryny berjaý etmek bilen, beýleki suwdan peýdalanyjylaryň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, şeýle hem energetikа obýektleriniň golaýynda ýaşaýan ilatyň bähbitlerini nazara almak bilen, suwdan ýörite peýdalanmak tertibinde amala aşyrylýar.

2. Suw obýektlerinde energetikа desgalaryny ulanýan guramalar, şu  aşakdakylary üpjün etmäge borçludyrlar:

1) howdanlary ulanmagyň bellenilen düzgünini, şunda agyz suw we hojalyk-durmuş suw üpjünçiliginiň ileri tutulmagyny saklamak bilen berjaý etmegi;

2) derýalaryň arnalarynda we dilkawlarynda (deltalarynda) balyk serişdelerini gorap saklamak we üznüksiz köpelmeк üçin derýalaryň hem-de howdanlaryň wajyp ähmiýeti bar bolan ýerlerine balyk hojalygynyň zerurlyklaryny;

3) gämileri we sallary päsgelçiliksiz geçirmek;

4) bellenilen tebigaty goraýyş, sanitariýa-epidemiologiýa we bibatlyk sebäpli suw goýbermelerini amala aşyrmak.

 

XIII BAP. SUW OBÝEKTLERINI BALYKÇYLYK, AWÇYLYK WE TOKAÝ HOJALYGYNYŇ HAJATLARY ÜÇIN PEÝDALANMAK. AÝRATYN GORALÝAN TEBIGY ÝERLERDE ÝERLEŞÝÄN SUW OBÝEKTLERINI PEÝDALANMAK

 

66-njy madda. Suw obýektlerini balykçylygyň hajatlary üçin peýdalanmak

 

1. Balyk hojalygy ähmiýetli suw obýektleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, suw bioserişdelerini senagat taýdan tutup almak (tutmak) üçin peýdalanmaga berilýär.

2. Balyk hojalygy ähmiýetli suw obýektlerini, agyz suw we hojalyk-durmuş suw üpjünçiliginden başga, beýleki maksatlar üçin peýdalanmaklyk, ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmagy boýunça balyk hojalygyny ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan balyk hojalygynyň bähbitleri üçin çäklendirilip bilner.

3. Balyk hojalygy ähmiýetli suw obýektlerini peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary, balykçylyk we suw biologik serişdelerini gorap saklamak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

67-nji madda. Suw obýektlerini awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmak

 

1. Ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerleri bolup hyzmat edýän suw obýektleri we olaryň bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, awçylyk hojalygyny alyp barmak üçin ýuridik we fiziki şahslara peýdalanmaga berlip bilner.

2. Ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerleri bolup hyzmat edýän suw obýektleri we olaryň bölekleri (suwly ýerlerdäki aw edilýän ýerler), ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmagy boýunça daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň çözgüdi esasynda awçylyk hojalygyny alyp barmak üçin ýüridik şahslara berkidilip bilner.

3. Aw edilýän ýerlere şu aşakda ýerleşýän suw obýektleri degişli däldir:

1) döwlet tebigy goraghanalarynyň çäklerinde we olaryň goralýan zonalarynda;

2) döwlet biosfera goraghanalarynyň goraghana düzgüniniň (özeniniň) zonasynda;

3) milli tebigy seýilgähleriň berk goragly zonasynda (goraghana zonasy) we aýratyn duýgurlyk zonasynda;

4) howuzly, kölli we beýleki balyk hojalyklarynyň çäklerinde.

4. Guşlaryň, sütükli haýwanlaryň seýrek duş gelýän we gymmatly görnüşleriniň ýaşaýan ýerlerinde gidromelioratiw işlerini geçirmegiň tertibi hem-de balyk tutmagyň kadalary suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, ygtyýarlandyrylan edara we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

68-nji madda. Awçylyk hojalyklarynyň suw obýektlerini peýdalanmaga bolan artykmaç hukuklary

 

1. Suwda ýüzýän ýabany guşlaryň we gymmatly sütükli haýwanlaryň ýaşaýan ýerleri bolup durýan derýalaryň, kanallaryň, kölleriň we beýleki suw obýektleriniň suwlaryndan peýdalanmaga artykmaç hukuklar, suwlary toplumlaýyn peýdalanmagyň we goramagyň talaplaryny nazara almak bilen daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan awçylyk hojalyklaryna berlip bilner.

2. Guramaçylykly awçylyk hojalyklarynda, suwda ýüzýän guşlaryň we sütükli haýwanlaryň seýrek duş gelýän we gymmatly görnüşleriniň ýaşaýan ýerlerinde, şeýle hem olarda haýwanat dünýäsiniň görnüşlerini goramak we üznüksiz köpeltmeк boýunça çäreler amala aşyrylýan ýerlerde fiziki şahslaryň bolmagy, höwesjeň we senagat taýdan aw etmek, kenar zolagynda gurmak hem-de awçylyk hojalygyny alyp barmagy ýaramazlaşdyrýan beýleki hereketler, ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň çözgüdi boýunça gadagan edilip ýa-da çäklendirilip bilner.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

69-njy madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ýerleşýän suw obýektlerini peýdalanmak

 

Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ýerleşýän suw obýektlerini peýdalanmak aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

70-nji madda. Suw obýektlerini tokaý hojalygynyň hajatlary üçin we agaç ekiş işleri geçirilen mahalynda peýdalanmak

 

1. Suw obýektlerini tokaý hojalygynyň hajatlary üçin we agaç ekiş işleri geçirilen mahalynda peýdalanmak suwdan ýörite peýdalanmak tertibinde amala aşyrylýar.

2. Olarda ýerüsti suw obýektleri bolmadyk, emma agyz suw we hojalyk-durmuş suw üpjünçiliginiň maksatlary üçin ýaramly ýerasty suwlarynyň ýeterlik gorlarynyň bar bolan sebitlerinde, tokaý hojalygynyň hajatlary üçin we agaç ekmek işleri geçirilen mahalynda ýerasty suwlaryny peýdalanmaga aýratyn halatlarda ýol berilýär. Bu ýagdaýda ýerasty suwlary peýdalanmak, şu Kodeks bilen bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.

 

XIV BAP. SUW OBÝEKTLERINI ULAGLARYŇ

HAJATLARY WE ÝANGYNA GARŞY GÖREŞMEK HAJATLARY ÜÇIN PEÝDALANMAK

 

71-nji madda. Suw obýektlerini suw ulaglarynyň hajatlary üçin peýdalanmak

 

1. Türkmenistanyň ýerüsti suw obýektleri – derýalar, köller, howdanlar, kanallar, haçan-da olaryň suw ýollary maksatly peýdalanylmagy doly ýa bölekleýin gadagan edilen ýa-da olar aýrybaşga peýdalanmaga berlen halatlaryndan başga halatlarda, umumylykda peýdalanylýan suw ýollary bolup durýarlar.

2. Suw ýollaryny gämi gatnaw ýollarynyň toparyna degişli etmegiň tertibi, gämi gatnawy üçin açyk içerki suw ýollarynyň sanawy hem-de suw ýollaryny ulanmagyň kadalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

72-nji madda. Suw obýektlerini howa ulaglarynyň hajatlary üçin peýdalanmak

 

Howa gämileriniň durmagyny, uçmagyny we gonmagyny üpjün etmek üçin, şeýle hem howa ulaglarynyň beýleki hajatlary üçin suw obýektlerini peýdalanmak, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

73-nji madda. Suw obýektlerini ýangyna garşy göreşmek hajatlary üçin peýdalanmak

 

1. Ýangynlary söndürmek üçin suw serişdelerini hiç bir rugsatsyz we ýangynlary ýok etmek üçin zerur bolan möçberde islendik suw obýektlerinden almaga ýol berilýär.

2. Suw obýektlerini ýangyna garşy göreşmek hajatlary üçin peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

 

XV BAP. SUW OBÝEKTLERINI AKDYRYLÝAN HAPA,

GAÝTARYLÝAN WE ZEÝKEŞ SUWLARYNY

AKDYRMAK ÜÇIN PEÝDALANMAK

 

74-nji madda. Suw obýektlerini akdyrylýan hapa, gaýtarylýan we zeýkeş suwlaryny akdyrmak üçin peýdalanmagyň umumy talaplary we şertleri

 

1. Suw obýektlerini akdyrylýan hapa we gaýtarylýan suwlary akdyrmak üçin peýdalanmak suwdan ýörite peýdalanmak tertibinde amala aşyrylýar.

2. Şu maddanyň 3-nji böleginde göz öňüne tutulan halatlardan başga halatlarda, ýerüsti suw obýektlerini akdyrylýan hapa suwlary akdyrmak üçin peýdalanmak gadagan edilýär.

3. Akdyrylýan hapa suwlary akdyrmak üçin suw obýektlerini peýdalanmak, ygtyýarlandyrylan edara, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy hem-de balyk hojalygyny ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan berlen rugsatnama esasynda, olaryň laýyk arassalanylmagy şertinde, aýratyn halatlarda ýerine ýetirilip bilner.

4. Zeýkeş suwlarynyň akdyrylmagy bu maksatlar üçin ýörite niýetlenilen suw obýektlerine ýerine ýetirilip bilner.

5. Suwdan peýdalanyjylar akdyrylýan hapa, gaýtarylýan we zeýkeş suwlarynyň ýerüsti suw obýektlerine akdyrylmagynyň öňüni almak ýa-da ony bes etmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga borçludyrlar, eger olar:

1) suw üpjünçiliginiň dolanyşykly, gaýtadan-yzygiderli ulgamlarynda peýdalanylyp bilinjek bolsa;

2) olardan gymmatly düzüm bölekleriniň çykarylyp alynmagy ykdysady taýdan esaslandyrylan galyndylary özünde saklaýan bolsa;

3) özünde tehnologik galyndylaryň bellenilen kadalaryndan geçýän mukdarda senagat çig malyny, reagentleri, kärhanalaryň ýarym önümlerini we ahyrky önümlerini saklaýan bolsa;

4) özünde zäherleýji maddalary we ýokanç keselleri döredijileri saklaýan bolsa;

5) hapalaýjy maddalary dökmegiň möçberi boýunça aňryçäk ýol berilýän kadalardan geçýän bolsa;

6) suw obýektlerine ýaramaz täsirini ýetirýän bolsalar we beýleki ýagdaýlarda.

6. Akdyrylýan hapa we zeýkeş suwlaryny ýeriň relýefine (källere, oýluklara, karýerlere, sil suwunyň hanalaryna, jarlara) akdyrmak gadagan edilýär.

7. Hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň bellenilen aňryçäk ýol berilýän kadalardan geçýän halatynda akdyrylýan hapa we zeýkeş suwlarynyň ýerüsti suw obýektlerine akdyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäklendirilip, wagtlaýyn gadagan edilip (wagtlaýyn durzulyp) ýa-da bes edilip bilner.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

75-nji madda. Zeýkeş suwlaryny suw obýektlerine akdyrmagyň şertleri

 

Suwarymly ýerleriň ýerasty suwlarynyň derejesiniň ýokarlanmagyny, batgalaşmagyny ýok etmek ýa-da ikinji gezek şorlaşmagynyň netijelerini aradan aýyrmak üçin zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlaryny ulanýan ýuridik we fiziki şahslar, olary suw obýektlerine akdyrmazdan ozal zeýkeş suwlarynyň tebigy we tehnogen hapalanmagyny azaltmak üçin netijeli tehnologiýalary ulanmaga borçludyrlar.

 

76-njy madda. Şahtalaryň, karýerleriň we känleriň suwlaryny suw obýektlerine akdyrmagyň şertleri

 

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar gazylyp çykarylan mahalynda şahtalary, karýerleri we känleri suw basmagynyň öňüni almak üçin ýer astyndan şahta, karýer we kän suwlaryny sorduryp çykarýan ýuridik şahslar, bu suwlar suw obýektlerine akdyrylmazyndan ozal minerallaşmagynyň we hapalaýjy maddalary saklamagynyň aňryçäk ýol berilýän derejesini peseltmegi üpjün edýän, netijeli tehnologiýalary peýdalanmaga borçludyrlar.

2. Şahta, karýer we kän suwlaryny suw obýektlerine akdyrmagyň şertleri şu Kodeksiň 74-nji maddasyna laýyklykda bellenilýär.

 

77-nji madda. Akdyrylýan senagat hapa suwlarynyň toplaýjylary we tehnologik howdanlar

 

1. Akdyrylýan senagat hapa suwlaryny ýa-da şahta, karýer we kän suwlaryny toplaýjylary bar bolan ýuridik şahslar, bu suwlary arassalamak üçin zerur çäreleri görmäge, zyýansyzlandyrmak we gaýtadan ulanmak üçin netijeli tehnologiýalary peýdalanmaga hem-de şol toplaýjylaryň ýerleşýän ýerleriniň bozulan ýerlerini öňki durkuna getirmegi amala aşyrmaga borçludyrlar.

2. Tehnologik howdanlary (ýylylyk stansiýalarynyň sowadyjy howuzlaryny, balyk köpeldilýän howuzlary, çökündi toplanylýan howuzlary we beýleki howdanlary) peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylan, ulanmagyň tehniki taslamalarda kesgitlenilen kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda ýerine ýetirilmelidir.

 

78-nji madda. Ýerasty suw obýektlerini akdyrylýan hapa suwlary akdyrmak üçin peýdalanmak

 

Ýerasty suw obýektlerine (suwly gatlaklara) tebigy suwlaryň esasynda döreýän we bar bolan serişdeler bilen arassalap bolmaýan, nebitgaz ýataklarynyň ugurdaş gatlak suwlaryny ýa-da minerallaşan şahta we gyzgyn suwlary goşmak bilen, özünde süýji suwlary saklamaýan akdyrylýan hapa suwlaryň akdyrylmagyna, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan berlen rugsatnama esasynda ýörite barlaglar geçirilenden soňra, aýratyn halatlarda ýol berilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

79-njy madda. Akdyrylýan hapa suwlary ýer astyna goýbermek

 

Bar bolan serişdeler bilen arassalap bolmaýan  akdyrylýan hapa suwlary ýer astyna  goýbermäge, ýer astynyň degişli böleginiň geologiýa taýdan ýörite öwrenilmegi geçirilenden soňra we ýer astyny peýdalanmaga taslama resminamalary bar bolan mahalynda, şeýle hem ýerasty baýlyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen, aýratyn halatlarda ýol berilýär.

 

XVI BAP. SUW HOWDANLARYNY ULANMAK

 

80-nji madda. Suw howdanlaryny doldurmagyň we howdanlardan suwy akdyrmagyň düzgüni

 

Suw howdanlaryny, olarda ýerleşýän suwuň derejesini ýokary galdyryş we suw geçiriş desgalaryny ulanýan ýuridik şahslar, suw howdanlarynyň täsir edýän zonalarynda ýerleşýän ähli suwdan peýdalanyjylaryň bähbitlerini nazara almak bilen bellenilen, suw howdanlaryny doldurmagyň we howdanlardan suwy akdyrmagyň düzgünini berjaý etmäge borçludyrlar.

 

81-nji madda. Suw howdanlaryny ulanmagyň tertibi

 

1. Suw howdanlaryny ulanmagyň tertibi ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy we beýleki dahylly edaralar bilen ylalaşylmagy boýunça her bir suw howdany üçin ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan aýratynlykda tassyklanylýan kadalar bilen kesgitlenilýär.

2. Suw howdanlarynyň göwnejaý tehniki ýagdaýyny we işini üpjün edýän çäreleri utgaşdyrmak, şeýle hem howdanlary ulanmagyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Döwlet eýeçiliginde durýan suw howdanlaryny ulanmak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

XVII BAP. DERÝALARDAN PEÝDALANMAK

 

82-nji madda. Türkmenistanyň derýalaryny toparlara bölmek

 

1. Derýanyň jülgesiniň suw toplaýyş meýdanyna we (ýa-da) derýanyň akymyna baglylykda derýalar uly, ortaça we kiçi derýalara bölünýärler.

2. Derýalar geografik ýerleşişine baglylykda içerki we serhetüsti derýalaryna bölünýärler.

3. Derýalary toparlara bölmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde ýerine ýetirilýär.

 

83-nji madda. Derýalardan peýdalanmagyň aýratynlyklary

 

1. Derýalaryň suwlulygyny goramak maksady bilen şu aşakdakylar gadagan edilýär:

1) derýanyň jülgesiniň relýefini üýtgetmek;

2) guraýan derýalaryň, bulaklaryň we suw akymlarynyň hanalaryny weýran etmek;

3) kiçi derýalaryň hanalaryny göneltmek we olaryň düýbüni tebigy derejesinden aşak çuňlaşdyrmak ýa-da suw akabalaryny, suw geçirijilerini (akweduklary) we beýleki desgalary gurnamazdan olary beklemek;

4) derýanyň jülgesinde tebigy ösümlik örtügini we tokaýçylygy azaltmak;

5) arnalyk ýerleri sürmek we olarda himiýa serişdelerini ulanmak;

6) derýalaryň ýokarky akymynda batgalaşan ýerlerde we aýratyn tapawutly ýerlerde guradyş melioratiw işlerini geçirmek;

7) derýalaryň arnalarynda (gidrotehniki, gidrometriki we ulgam desgalaryndan başga) islendik gurluşyk, şeýle hem bagbançylyk we bakjaçylyk üçin ýer böleklerini bermek;

8) derýanyň suwlulygyna we ondaky suwuň hiline zyýanly täsir edip biljek ýa-da täsir edýän beýleki işleri amala aşyrmak.

2. Ýerleri derýalaryň jülgesinde ýerleşýän suwdan peýdalanyjylar, şeýle hem ýerden peýdalanyjylar, derýalaryň suwlulygyny gorap saklamak we olary hapalanmakdan hem-de zibillenmekden goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün edýärler.

 

84-nji madda. Derýalaryň suwlulygyny gorap saklamak we olary hapalanmakdan goramak boýunça çäreleriň toplumy

 

1. Derýalaryň suwlulygyny gorap saklamak we olary hapalanmakdan goramak çäreleriniň toplumyna şu aşakdakylar degişlidir:

1) kenarýaka suw goraýyş zolaklaryny döretmek;

2) derýalara, kenarýaka gorag zolaklaryna, gidrotehniki desgalara seretmek we olary göwnejaý ýagdaýda saklamak boýunça ýöriteleşdirilen gulluklary döretmek;

3) suw toplaýyş çäklerini kontur-melioratiw taýdan guramak bilen, ekerançylygyň topragy goraýjy ulgamyny ornaşdyrmak;

4) topragyň zaýalanmagyna garşy agrotehniki, agro-tokaý melioratiw we eroziýa garşy gidrotehniki çärelerini geçirmek, şeýle hem awtoýollar, demir ýollar we beýleki inžener desgalary gurlan mahalynda ýerüsti akymy guramaçylykly sowmak üçin degişli kommunikasiýalary (suw akabalaryny, suw geçirijilerini we beýleki desgalary) döretmek;

5) derýalaryň jülgesinde ýerleşen kärhanalarda, edaralarda we guramalarda şu Kodeksde göz öňünde tutulan suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem suw goraýyş çärelerini amala aşyrmak;

6) tebigatyň gidrologik ýadygärliklerini goramak;

7) şu Kodeksiň düzgünlerine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda suw goraýyş zonalarynda  peýdalanmagyň kadalaryny we talaplaryny berjaý etmek.

2. Derýanyň jülgesiniň ekologiýa ýagdaýyna baha bermek hem-de suwlary rejeli peýdalanmak we goramak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde derýanyň pasporty düzülýär.

 

85-nji madda. Derýalaryň akymyny düzgünleşdirmek, emeli howdanlary döretmek

 

1. Derýalaryň aşaky akymy böleginde gidrologik, gidrobiologik we sanitariýa ýagdaýyny gorap saklamak maksady bilen, olaryň jülgesinde umumy möçberi şol derýanyň az suwly hasaplaşyk ýylyndaky suwunyň möçberinden uly bolan suw howdanlaryny we howuzlary gurmak, kada bolşy ýaly, gadagan edilýär.

2. Derýalarda we olaryň jülgelerinde emeli howdanlaryň we suwuň derejesini ýokary galdyryş desgalarynyň döredilmegine, ýerüsti suwlaryň tebigy akymyna we ýerasty suwlaryň ýagdaýyna täsir edýän böwetleýji we beýleki gidrotehniki desgalaryň ulanylmagyna, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy we geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça diňe ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berlen rugsatnama esasynda ýol berilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

86-njy madda. Wagtlaýyn ýerüsti akymlaryny peýdalanmak

 

1. Wagtlaýyn ýerüsti akym atmosfera ygalynyň ýagmagy, garyň eremegi netijesinde ýa-da ýerasty suwlarynyň ýeriň ýüzüne çykan ýa-da belli bir kesgitli wagtyň dowamynda bolup geçýän suw akymy mahalynda emele gelýär.

2. Wagtlaýyn ýerüsti akym ilatyň agyz suw hajatlary, mallary suwa ýakmak we ýerleri suwarmak üçin peýdalanylyp bilner.

Ýuridik we fiziki şahslar wagtlaýyn ýerüsti akymlaryndan peýdalanan mahalynda suwlary hapalanmakdan hem-de zibillenmekden goramak boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.

Wagtlaýyn ýerüsti akymlarynyň suwlary ulanylan we peýdalanylan mahalynda ýüze çykýan jedeller, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan çözülýär.

3. Wagtlaýyn ýerüsti akymlaryny ýygnamak hem-de saklamak üçin obýektleri (kaklary, sardobalary, howuzlary we beýleki howdanlary) taslamalaşdyrmak we gurmak Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

87-nji madda. Ýerüsti suw akymyny wagtlaýyn gidrotehniki desgalaryň kömegi arkaly düzgünleşdirmek

 

Suwlaryň ýerüsti akymlaryny wagtlaýyn gidrotehniki desgalaryň kömegi arkaly düzgünleşdirmek suw serişdeleriniň toplumlaýyn peýdalanylmagyny we goralmagyny nazara alyp amala aşyrylýar hem-de ygtyýarlandyrylan edara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy we beýleki dahylly edaralar bilen ylalaşylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

88-nji madda. Serhetüsti suw obýektlerinden peýdalanmak

 

1. Serhetüsti suw obýektlerinden peýdalanylan mahalynda ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) serhetüsti täsir edýän ýa-da edip biljek suwlaryň hapalanmagynyň öňüni almak, çäklendirmek we kemeltmek üçin ähli zerur çäreleri görmäge;

2) serhetüsti suw obýektlerini olaryň serhetüsti häsiýetini aýratyn nazara almak bilen paýhasly we adalatly ýagdaýda peýdalanmaga;

3) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, serhetüsti suw obýektlerini peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

2. Serhetüsti suw obýektlerini peýdalanmak we olary goramak şu Kodekse, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

V bölüm. SUW OBÝEKTLERINI GORAMAK WE

SUWLARYŇ ZYÝANLY TÄSIRINIŇ ÖŇÜNI ALMAK

 

XVIII BAP. SUW OBÝEKTLERINI GORAMAK

 

89-njy madda. Suw obýektlerini goramaga bolan umumy talaplar

 

1. Suw obýektleri, suw üpjünçilik şertlerini ýaramazlaşdyryp, ilatyň saglygyna zyýan ýetirip biljek, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň suw bioserişdeleriniň hem-de beýleki serişdeleriniň azalmagyna, ýerleriň hasyllylygynyň peselmegine we suwuň hiliniň fiziki, himiki, biologik görkezijileriniň üýtgemegi, olaryň tebigy arassalanmak ukybynyň peselmegi, suw obýektleriniň gidrologik we gidrogeologik düzgüniniň bozulmagy netijesinde beýleki amatsyz hadysalara getirip biljek hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden hem-de beýleki zyýanly täsirlerden goralmaga degişlidir.

2. Olaryň işleri suw obýektleriniň ýagdaýyna täsir edýän ýuridik we fiziki şahslar, daşky gurşawy goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ekologiýa talaplaryny berjaý etmäge we suw obýektleriniň hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goralmagyny üpjün edýän guramaçylyk, tehnologik, tokaýmelioratiw, agrotehniki, gidrotehniki, sanitariýa-epidemiologiýa hem-de beýleki çäreleri geçirmäge borçludyrlar.

 

90-njy madda. Suw obýektlerini hapalanmakdan we zibillenmekden goramak

 

1. Suw obýektleriniň hil we gidrologik ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan, şeýle hem suw obýektleriniň peýdalanylmagyny kynlaşdyrýan hapalanmanyň hem-de zibillenmäniň ähli görnüşlerinden suw obýektleriniň goralmagy amala aşyrylýar.

2. Suw obýektlerini hapalanmakdan we zibillenmekden goramak maksady bilen ýuridik we fiziki şahslara şu aşakdakylar gadagan edilýär:

1) suw obýektlerine galyndylaryň önümçilik, durmuş we beýleki görnüşlerini dökmegi amala aşyrmak;

2) nebit önümlerini, himiýa, radioaktiw galyndylary we adamyň hojalyk hem-de başga işiniň beýleki galyndylaryny dökmegi amala aşyrmak;

3) suw toplaýjylaryň, howdanlaryň buz örtükleriniň üstlerini önümçilik, durmuş we beýleki galyndylar, şeýle hem olaryň ýuwulmagy ýerüsti we ýerasty suwlarynyň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirip biljek nebit önümleri, himiýa önümleri bilen  hapalamak we zibillendirmek;

4) suwlary dökünler we zäherli himikatlar bilen hapalamak.

3. Eger nebitiň, gazyň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň gözlegleri, barlagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly buraw hem-de dag-magdan işleri geçirilen mahalynda, ýerasty suwly gatlaklaryň üsti açylan bolsa, bu işleri geçirýän ýuridik şahslar, ýerasty suwlarynyň hapalanmagynyň öňüni alýan, olaryň ygtybarly üzňeleşdirilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.

Guýularyň ähli görnüşleri sazlaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmaga, ulanmaga derde ýaramsyz ýa-da olaryň peýdalanylmagy bes edilen guýular bolsa, petiklenilip goýulmaga ýa-da ýok edilmäge degişlidir.

Senagat we hojalyk-durmuş hajatlaryna ulanylan akdyrylýan hapa suwlary akdyrmak üçin siňdiriji guýularyň burawlanylmagy, haçan-da bu guýularyň agyz suw we durmuş suw üpjünçiligi üçin ýaramly suwly gatlagy hapalaýjy çeşmeler bolup biljek ähli ýagdaýlarynda gadagan edilýär. Siňdiriji guýularyň burawlanylmagyna, geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň, bu guýularyň burawlanyljak sebitinde ýörite barlaglary geçireninden soň berýän oňyn netijenamalary bar bolan mahalynda we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, aýratyn halatlarda ýol berilýär.

4. Ýerasty suwlarynyň emele geliş zonasynda gaty we suwuk durmuş galyndylaryny toplaýjylarynyň, zir-zibil dökülýän ýerleriň gurnalmagyna, olaryň peýdalanylmagy ýerasty suwlarynyň ýataklaryny hapalamagyň çeşmesi bolup biljek senagat, oba hojalyk we beýleki obýektleriň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

5. Ýerasty suwlarynyň suw alyş desgalaryny ulanýan ýuridik we fiziki şahslar, ýerasty suwlaryny sanitariýa taýdan goramak zonasynyň düzgünini ýola goýmaga we berjaý etmäge borçludyrlar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

91-nji madda. Suw obýektlerini egsilmekden goramak

 

1. Suw obýektlerinden peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslar, suw obýektleriniň egsilmeginiň öňüni almak maksady bilen suw obýektleriniň egsilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmäge borçludyrlar.

2. Ýuridik we fiziki şahslaryň garamagynda durýan ýerasty suwlarynyň suw alyş desgalary, ýerasty suwlarynyň derejesine yzygiderli gözegçilik etmek üçin hem-de olar ulanylan ýagdaýynda suw alyş desgalarynyň debitini (çykymyny) ölçemek üçin suw ölçeýji enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydyr.

3. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan geçirilýän suw obýektleriniň egsilmeginiň öňüni almaga gönükdirilen suw goraýyş çäreleri, ygtyýarlandyrylan edara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we balyk hojalygyny ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary bilen deslapdan ylalaşylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

XIX BAP. SUW OBÝEKTLERINIŇ SUW GORAÝYŞ

ZONALARY WE KENARÝAKA SUW GORAÝYŞ ZOLAKLARY

 

92-nji madda. Suw obýektleriniň suw goraýyş zonalary we kenarýaka suw goraýyş zolaklary

 

1. Suw obýektlerini sanitariýa-gigiýena we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ýagdaýda saklamak üçin, olaryň hapalanmagynyň, zibillenmeginiň we egsilmeginiň öňüni almak, şeýle hem suw bioserişdeleriniň, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň beýleki obýektleriniň ýaşaýyş gurşawyny gorap saklamak üçin hojalyk hem-de beýleki işiň aýratyn düzgüni bolan suw goraýyş zonalary we kenarýaka suw goraýyş zolaklary bellenilýär.

2. Kenarýaka suw goraýyş zolaklary, olarda suw goraýyş zonasynda  bellenilen hojalyk we beýleki işiň düzgünine garanyňda, hojalyk we beýleki işiň has berk düzgüni bellenilýän suw goraýyş zonasynyň çägindäki ýerler bolup durýarlar.

3. Suw obýektleriniň suw goraýyş zonalarynyň we kenarýaka suw goraýyş zolaklarynyň hukuk düzgüni ygtyýarlandyrylan edaranyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan suw goraýyş zonalary we kenarýaka suw goraýyş zolaklary baradaky düzgünnamalar bilen kesgitlenilýär.

4. Suw goraýyş zonalarynyň çäklerindäki ýer bölekleri hojalyk taýdan peýdalanyşdan alynmaýar hem-de bu zonalarda hojalyk we beýleki işiň düzgünine bellenilen talaplaryň berjaý edilen şertinde, Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygynda bellenilen tertipde ýuridik we fiziki şahslara wagtlaýyn peýdalanmaga berlip bilner.

5. Suw goraýyş zonalarynyň bellenilmegi, suw gaznasynyň, hojalyk-içimlik üpjünçiligi, balyk hojalygynyň howdanlary üçin sanitariýa zonalary, şeýle hem olaryň peýdalanylmagynyň serhetleri we düzgüni Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýän, şypahanalaryň sanitariýa taýdan goraýyş okruglary üçin peýdalanylýan suw obýektlerini sanitariýa taýdan goramagyň zonalarynyň ýerlerini  bölüp bermek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.

6. Suw goraýyş zonalary we kenarýaka suw goraýyş zolaklary aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ýerleşýän suw obýektleri babatda bellenilmeýär.

7. Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary suw goraýyş zonalarynyň we kenarýaka suw goraýyş zolaklarynyň serhetleri, bu çäklerde hereket edýän hojalyk we beýleki işiň düzgüni baradaky maglumaty, ähli dahylly ýuridik we fiziki şahslaryň dykgatyna ýetirmäge borçludyrlar.

8. Suw goraýyş zonalarynyň we kenarýaka suw goraýyş zolaklarynyň çäkleri Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda hakyky (ýerinde) bellenilýär.

Suw goraýyş zonasynyň we kenarýaka suw goraýyş zolaklarynyň çäklerindäki hojalyk we beýleki işiň düzgüni hem-de topragy goraýyş we suw goraýyş çäreleriniň düzümi, suw goraýyş zonalarynyň we kenarýaka suw goraýyş zolaklarynyň taslamalary bilen kesgitlenilýär.

Aýratyn uly we möhüm suw obýektleriniň suw goraýyş zonalarynyň we kenarýaka suw goraýyş zolaklarynyň taslamalary suwlary peýdalanmak we goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralarynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

93-nji madda. Ýerleriň bölünip berilýän zolaklary

 

1. Howdanlary, esasy we beýleki kanallary, hojalygara we içerki hojalyk suwaryş hem-de zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamyny we olarda ýerleşýän gidrotehniki hem-de gidrometriki desgalary, şeýle hem derýalardaky howdanlary we bentleri ulanmagyň hem-de hapalanmakdan, zeper ýetmekden we ýumrulmakdan ýykylmakdan goramagyň hajatlary üçin olary peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bolan ýerleri bölüp bermegiň zolaklary bellenilýär.

2. Ýerleriň bölünip berilýän zolaklarynyň möçberleri ýerleri  bölüp bermek taslamalaryna laýyklykda bellenilýär.

 

94-nji madda. Suw obýektlerini sanitariýa taýdan goramagyň zonalary

 

1. Ilatyň agyz suw üpjünçiligi, bejeriş, şypahana, sagaldyş we beýleki hajatlary üçin suw obýektlerini goramak maksady bilen suw obýektlerine ýanaşyk, hojalyk we beýleki işi sanitariýa taýdan goramagyň berk düzgünli zonalary bellenilýär.

2. Suw obýektlerini sanitariýa taýdan goramagyň zonalarynyň hukuk düzgüni Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

XX BAP. SUW OBÝEKTLERINDE SUWLARYŇ WE

BIBATLYKLARYŇ ÝARAMAZ TÄSIRINIŇ NETIJELERINI

ÖŇÜNDEN DUÝDURMAK, ÖŇÜNI ALMAK WE ÝOK ETMEK

 

95-nji madda. Suwlaryň ýaramaz täsiriniň netijelerini öňünden duýdurmak, öňüni almak we ýok etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak

 

Suwlaryň ýaramaz täsiriniň netijelerini öňünden duýdurmak, öňüni almak we ýok etmek boýunça çäreler Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulýar.

Daşgyn suwlarynyň wagtal-wagtal basýan, derýalaryň we beýleki suw akymlarynyň suw goraýyş zonalarynda we kenarýaka suw goraýyş zolaklarynda daşgyn we sil suwlarynyň ýaramaz täsiriniň netijeleriniň öňüni almak maksady bilen, sil howply jarlarda ýuridik we fiziki şahslara ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýerleriň sürülmegi, önümçilik we önümçilik däl maksatly obýektleriň gurulmagy, şäheriň daşyndaky dynç alynýan ýerleriň, dynç alyş bazalaryň guralmagy gadagan edilýär.

Derýalaryň hemişe suw basýan arnalyklaryna, sil howply jarlara gyrymsy tokaý ösümlikleri ekilen bolmalydyr.

 

96-njy madda. Suw obýektlerinde suwlaryň we bibatlyklaryň ýaramaz täsiriniň döreden tebigy betbagtçylygynyň netijelerini öňünden duýdurmak we ýok etmek boýunça toparlar

 

Suw obýektlerinde suwlaryň ýaramaz täsiriniň, şeýle hem bibatlyklaryň döreden tebigy betbagtçylygynyň netijelerini öňünden duýdurmak we ýok etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ähli ýuridik we fiziki şahslar üçin ýerine ýetirilmegi hökmany bolup durýan çözgütleri kabul edýän, ýörite toparlar döredilip bilner.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

97-nji madda. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň we ekologiýa betbagtçylygynyň zonalary

 

1. Hojalyk ýa-da beýleki işiň, tebigy betbagtçylygyň, heläkçiligiň ýa bibatlygyň netijesinde ilatyň howpsuzlygyna we saglygyna, tebigy ekologiýa ulgamlarynyň we tebigy obýektleriň ýagdaýyna howp salýan, suwlaryň ýagdaýynyň durnukly zyýanly üýtgemeleri bolup geçýän suw obýektleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalary diýlip yglan edilýär.

2. Hojalyk ýa-da beýleki işiň, tebigy betbagtçylygyň, heläkçiligiň ýa bibatlygyň netijesinde ilatyň saglygynyň ýaramazlaşmagyna, tebigy deňagramlylygyň bozulmagyna, tebigy ekologiýa ulgamynyň bozulmagyna, topragyň kem-kemden ýaramazlaşmagyna, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ýok edilmegine alyp barýan, suwlaryň ýagdaýynyň dikeldilip bolmajak çuň üýtgemeleri bolup geçen suw obýektleri, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalary diýlip yglan edilýär.

 

XXI BAP. SUWLARYŇ ÝAGDAÝYNA TÄSIR EDÝÄN KÄRHANALARY, DESGALARY WE BEÝLEKI OBÝEKTLERI

ÝERLEŞDIRMÄGE, TASLAMALAŞDYRMAGA, GURMAGA, DURKUNY TÄZELEMÄGE WE IŞE GIRIZMÄGE BILDIRILÝÄN TALAPLAR

 

98-nji madda. Suwlaryň ýagdaýyna täsir edýän obýektleri ýerleşdirmegiň, taslamalaşdyrmagyň, gurmagyň, durkuny täzelemegiň we işe girizmegiň şertleri

 

1. Suwuň ýagdaýyna täsir edýän täze kärhanalar, desgalar we beýleki obýektler ýerleşdirilen, taslamalaşdyrylan, gurlan we bar bolan kärhanalaryň durky täzelenen mahalynda we gidrotehniki desgalar ulanylan mahalynda, suwlary rejeli peýdalanmagy, suw obýektlerini hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy, suwlaryň ýaramaz täsirini öňünden duýdurmagy, şeýle hem suw biologik serişdelerini hem-de haýwanat we ösümlik dünýäsiniň beýleki obýektlerini goramagy üpjün edýän çäreler amala aşyrylmalydyr.

2. Suwuň ýagdaýyna täsir edýän kärhanalary, desgalary we beýleki obýektleri ýerleşdirmek, taslamalaşdyrmak, gurmak, durkuny täzelemek we işe girizmek, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary, ygtyýarlandyrylan edaralara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy we beýleki döwlet edaralary bilen ylalaşylýar.

Gurluşyk işleri ýerine ýetirilen mahalynda ýerleriniň bozulan ýerlerini öňki durkuna getirmek, suw serişdelerini üznüksiz köpelmeк we rejeli peýdalanmak, çägi abadanlaşdyrmak hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreler görülýär.

3. Suwuň ýagdaýyna täsir edýän obýektleri gurmagyň we durkuny täzelemegiň taslama resminamalary, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet ekologiýa seljermesiniň geçirilmegine degişlidir.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

99-njy madda. Suwuň ýagdaýyna täsir edýän kärhanalary we beýleki obýektleri işe girizmegi gadagan etmegiň şertleri

 

1. Şu aşakdakylary işe girizmek gadagan edilýär:

1) suw almagy we sowmagy hasaba alýan abzallar, suw obýektlerine ýaramaz täsirleriň öňüni alýan desgalar we enjamlar bilen üpjün edilmedik täze hem-de durky täzelenen kärhanalary we beýleki obýektleri;

2) olary suw düzgünleşdiriji we gözegçilik-ölçeg enjamlary bilen enjamlaşdyrman hem-de sanitariýa taýdan goramagyň zonalaryny bellemän suwa ulanyş guýularyny;

3) balyk goraýyş enjamlary bolmadyk suw alyş desgalaryny;

4) balyk hojalygyny ösdürmegiň bähbitlerine taslama resminamasynda göz öňünde tutulan çäreler geçirilýänçä howdanlary;

5) suwuň basmagynyň, ýerasty suwlarynyň galmagynyň, ýerleriň batgalaşmagynyň, şorlaşmagynyň, topragyň eroziýasynyň, suw obýektleriniň hapalanmagynyň we egsilmeginiň öňüni alýan, taslama resminamasynda göz öňünde tutulan çäreler geçirilýänçä – suwaryş, melioratiw, guradyş we suwlulandyryş ulgamlaryny, howdanlary hem-de kanallary;

6) gämilerde emele gelýän hapalanan suwlary ýygnamak üçin enjamlary bolmadyk gämileri.

2. Gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryljak meýdançalaryň astynda ýerasty süýji suwlaryň ýataklarynyň ýokdugy barada geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň netijenamasy alynýança, ilatly ýerleri, senagat toplumlaryny we başga hojalyk obýektlerini taslamalaşdyrmak we gurmak gadagan edilýär.

 

100-nji madda. Suw obýektlerinde işleriň geçirilmegine bolan talaplar

 

1. Suw hojalyk, şeýle hem suw hojalyk ulanyş çäreleriniň esasynda geçirilýän işlerden başga gurluşyk, düýbüni çuňaldyş, partladyş, burawlaýyş, oba hojalyk we beýleki işler, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary we suw serişdelerini gazyp çykarmak, turba geçirijilerini, kabelleri we beýleki kommunikasiýalary çekmek, suw obýektleriniň düýbüni arassalamak, suw obýektlerindäki ösümlik dünýäsiniň obýektlerini aýyrmak işleri, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlandyrylan edaranyň ýerli we sebitleýin döwlet suw hojalyk guramalary, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary we beýleki döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça geçirilýär.

2. Hazar deňziniň türkmen böleginde şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen işleri ýerine ýetirmek, ygtyýarlandyrylan edara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ýerine ýetirilýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

VI bölüm. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK

BABATDA KADALAŞDYRMAK WE STANDARTLAŞDYRMAK

 

XXII BAP. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK

BABATDA KADALAŞDYRMAK WE STANDARTLAŞDYRMAK

 

101-nji madda. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda kadalaşdyrmagyň bitewi ulgamy

 

1. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda kadalaşdyrmagyň bitewi ulgamy suwuň mukdaryna we hiline, olaryň görkezijilerini ölçemegiň takyklyk kadalaryna bolan talaplary kesgitlemek maksady bilen bellenilýär hem-de suw obýektlerine önümçilik we beýleki işleriň täsiriniň çäklerini düzgünleşdirýär.

2. Suwlary rejeli peýdalanmak we goramak maksady bilen şu aşakdaky kadalar bellenilýär:

1) suwdan peýdalanmagyň ekologiýa howpsuzlyk kadalary;

2) suw obýektleriniň suwunyň hiliniň ekologiýa kadalary;

3) suw obýektlerine hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň aňryçäk ýol berilýän kadalary;

4) suw obýektlerine dökülýän hapalaýjy maddalaryň emele gelmeleriniň pudaklaýyn tehnologik kadalary;

5) suwlary peýdalanmagyň tehnologik kadalary.

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen suwlary peýdalanmak we goramak babatda beýleki kadalar hem bellenilip bilner.

3. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda kadalaşdyrmak ygtyýarlandyrylan edara, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we olaryň ygtyýarlygynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

102-nji madda. Suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri

 

1. Suwdan peýdalanmak her ýylda bellenilýän çäklendirilen möçberler esasynda amala aşyrylýar.

2. Welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri suw obýektleriniň garaşylýan suwlulygyna baglylykda ygtyýarlandyrylan edaranyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Anyk suwdan peýdalanyjylar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär we olaryň haýsy pudagyň garamagyndadygyna hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan suwdan peýdalanyjylar tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmany bolup durýarlar.

Görkezilen çäklendirilen möçberler bellenilen mahalynda suwdan peýdalanmagyň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda ähli suwdan peýdalanyjylaryň deňleşdirilen suw üpjünçilik şertleri berjaý edilmelidir.

4. Suwlulyk boýunça çaklama maglumatlarynyň, şeýle hem suw obýektleriniň ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň, howa şertleriniň üýtgän halatynda suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri täzeden seredilip bilner.

5. Ekin meýdanlarynyň giňeldilen, ekinleriň düzümi üýtgän, täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilen we beýleki çäreler geçirilen mahalynda suwdan peýdalanyjylary suw bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen çäklendirilen möçberleriň çäklerinde berk amala aşyrylýar.

 

103-nji madda. Suwdan peýdalanmagyň ekologiýa howpsuzlyk kadalary

 

1. Suw obýektlerinden suwy ilatyň we ykdysadyýetiň pudaklarynyň hajatlary üçin peýdalanmak mümkinçiliklerine baha bermek üçin, suwdan peýdalanmagyň howpsuz şertlerini üpjün edýän kadalar bellenilýär.

2. Suwdan peýdalanmagyň ekologiýa howpsuzlyk kadalary, maddalaryň jemlenmeleriniň aňryçäk ýol berilýän, şol sanda olaryň suwlary ilatyň we ykdysadyýetiň pudaklarynyň agyz suw, hojalyk-durmuş we beýleki hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin peýdalanylýan suw obýektlerindäki radioaktiw maddalaryň görkezijileri bolup durýarlar.

Zerurlyk ýüze çykan halatynda suwlary bejergi, şypahana, sagaldyş we beýleki maksatlar üçin peýdalanmak maksady bilen, suwdan peýdalanmagyň beýleki ekologiýa howpsuzlyk kadalary bellenilip bilner.

3. Suwdan peýdalanmagyň ekologiýa howpsuzlyk kadalary şu aşakdakylar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar:

1) olaryň suwy ilatyň agyz suw we hojalyk-durmuş hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin peýdalanylýan suw obýektleri üçin ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

2) olaryň suwy ykdysadyýetiň pudaklarynyň hajatlary üçin peýdalanylýan suw obýektleri üçin daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we beýleki degişli döwlet edaralary.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

104-nji madda. Suw obýektleriniň suwunyň ekologiýa hil kadalary

 

1. Suw obýektleriniň suwunyň ekologiýa hiline, ony hojalyk we beýleki işlerde peýdalanmak mümkinçiliklerine baha bermek üçin, suwlary peýdalanmak we goramak babatda gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, suwuň hiliniň fiziki, biologiki, himiki, radiologiki görkezijilerini we suwdan peýdalanmagyň dürli maksatlary üçin suw obýektleriniň suwunda zyýanly maddalaryň jemlenmeleriniň aňryçäk ýol berilýän görkezijilerini öz içine alýan suwuň hiliniň ekologiýa kadalary bellenilýär.

Şunda suw obýektleriniň hapalananlygynyň derejesi suwuň hiliniň degişli toparlary arkaly kesgitlenilýär.

2. Suw obýektleriniň suwunyň hiliniň kadalary we toparlary daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

105-nji madda. Suw obýektlerine hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň aňryçäk ýol berilýän kadalary

 

1. Suw obýektlerine hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň aňryçäk ýol berilýän kadalary, olary ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryna laýyk gelýän ýagdaýda saklamak maksady bilen bellenilýär.

2. Suw obýektlerine hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň aňryçäk ýol berilýän kadalary we suw obýektlerine hapalaýjy maddalaryň kadalaşdyrylýan sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

106-njy madda. Suw obýektlerine dökülýän hapalaýjy maddalaryň emele gelmeleriniň pudaklaýyn tehnologik kadalary

 

1. Önümçiligiň ekologiýa howpsuzlygyna baha bermek üçin suw obýektlerine dökülýän hapalaýjy maddalaryň emele gelmeleriniň pudaklaýyn tehnologik kadalary bellenilýär, ýagny şol bir çig malyň peýdalanylan mahalynda önümiň bir görnüşiniň öndürilişiniň barşynda emele gelýän akdyrylýan hapa suwlarda zyýanly maddalaryň jemlenmeleriniň aňryçäk ýol berilýän görkezijileri bellenilýär.

2. Suw obýektlerine dökülýän hapalaýjy maddalaryň emele gelmeleriniň pudaklaýyn tehnologik kadalary, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

107-nji madda. Suwlary peýdalanmagyň tehnologik kadalary

 

1. Suwlary rejeli peýdalanmak we goramak maksady bilen şu aşakdakylary öz içine alýan suwlary peýdalanmagyň tehnologik kadalary bellenilýär:

1) tehnologiýalaryň bar bolan derejesi üçin suwlary peýdalanmagyň gündelik tehnologik kadalary;

2) dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň derejesindäki gazanylanlary nazara almak bilen, suwlary peýdalanmagyň geljegi bar bolan tehnologik kadalary.

2. Suwdan peýdalanmagyň tehnologik kadalary daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

108-nji madda. Suw obýektlerine, olar üçin suwlary peýdalanmak we goramak babatda kadalar bellenilmedik hapalaýjy maddalaryň dökülmegini gadagan etmek

 

1. Olar üçin suwdan peýdalanmagyň ekologiýa howpsuzlyk kadalary we suw obýektlerine hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň aňryçäk ýol berilýän kadalary bellenilmedik hapalaýjy maddalaryň suw obýektlerine dökülmegi gadagan edilýär.

2. Suwdan peýdalanmagyň ekologiýa howpsuzlyk kadalarynyň we suw obýektlerine hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň aňryçäk ýol berilýän kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna buýrujylar bolup, hapalaýjy maddalary dökmegi amala aşyrýan, suwdan peýdalanyjylar durýarlar.

 

109-njy madda. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak

 

Suwlary peýdalanmak we goramak babatda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VII bölüm. SUWLARY REJELI PEÝDALANMAGY WE

GORAMAGY ÜPJÜN ETMEGIŇ YKDYSADY MEHANIZMI

 

XXIII BAP. SUWDAN PEÝDALANMAGY

DÜZGÜNLEŞDIRMEGIŇ YKDYSADY USULLARY

 

110-njy madda. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň görnüşleri

 

1. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň esasy görnüşleri şu aşakdakylar bolup durýarlar:

1) abatlaýyş-dikeldiş we beýleki suw hojalyk işlerini goşmak bilen, suwdan peýdalanyjylara suw bermek hem-de suwy sowmak boýunça tölegli esasda hyzmat etmek;

2) suwlary rejeli peýdalanmagyň we goramagyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we maliýeleşdirmek;

3) ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan suw tygşytlaýyş tehnologiýalarynyň girizilen we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we goramak boýunça beýleki netijeli çäreleriň amala aşyrylan mahalynda olara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz we beýleki ýeňillikleri bermek;

4) ýörite gaznalary döretmek we olary suw obýektlerini dikeltmek we goramak üçin peýdalanmak;

5) Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde suw obýektlerine we gidrotehniki desgalara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak;

6) suwlary peýdalanmak we goralmak babatda administratiw hukuk bozulmalaryna jerime çärelerini ulanmak.

2. Suwlary rejeli peýdalanmagy üpjün etmegiň we goramagyň ykdysady mehanizmi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň beýleki ugurlaryny hem öz içine alyp biler.

 

111-nji madda. Suw serişdelerinden peýdalanylandygy üçin töleg

 

1. Türkmenistanda suwdan umumy peýdalanmak muzdsuz esasda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän suwdan ýörite peýdalanmagyň käbir görnüşlerinden başgalary üçin, Türkmenistanda suwdan ýörite peýdalanmak tölegli esasda amala aşyrylýar.

3. Suwdan peýdalanyjylara suw bermek boýunça hyzmatlara tarifler maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

Suwdan peýdalanyjylara suw bermek boýunça hyzmatlaryň tarifleri suwuň kadalaşdyrylan möçberi, suwdan peýdalanyjylara suw berlen mahalynda hakyky üýşen çykdajylaryň we beýleki ölçütleriň esasynda bellenilýär. Suwdan ýörite peýdalanmagyň ähli görnüşleri üçin berlen suwuň kadadan artyk möçberine ýokarlandyrylan tarif bellenilýär.

4. Suwdan peýdalanyjylara suw bermek boýunça hyzmatlar üçin töleg almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

5. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak maksady bilen, suwdan peýdalanyjylaryň dürli toparlary üçin suw bermek boýunça hyzmatlara tapawutlandyrylan (differensirlenen) tarif möçberleri şu aşakdaky ölçütler nazara alnyp bellenilip bilner:

1) döwletiň suw bermek boýunça çykdajylary;

2) berilýän suwuň hili;

3) suw bermegiň öz wagtyndalylygy;

4) gidromelioratiw ulgamyň peýdalanylmagy;

5) suw serişdeleri berilýän çäk.

Görkezilen tarif möçberleri bellenilen mahalynda beýleki ölçütler hem göz öňünde tutulyp bilner.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

VIII bölüm. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK

BABATDA JEDELLERI ÇÖZMEK. TÜRKMENISTANYŇ SUW

KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK BABATDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

XXIV BAP. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK

BABATDA JEDELLERI ÇÖZMEK

 

112-nji madda. Suw jedelleri

 

Suw jedelleri suw obýektlerini, gidrotehniki desgalary peýdalanmak we goramak meseleleri boýunça we suw gatnaşyklarynyň beýleki meseleleri boýunça suw gatnaşyklarynyň subýektleriniň arasynda ýüze çykýan jedeller bolup durýar.

 

113-nji madda. Suw jedellerini çözýän edaralar

 

1. Suw gatnaşyklarynyň subýektleriniň arasynda döreýän jedeller taraplaryň gepleşikleri geçirmegi, olara suwdan peýdalanyjylaryň birleşikleriniň döreden edaralary, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary, ygtyýarlandyrylan edara we suwlary peýdalanmak we goralmak babatda ygtyýarlandyrylan beýleki edaralar tarapyndan garalmagy arkaly çözülýär.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen edaralar tarapyndan suw jedeli çözülmedik halatynda, bu jedel Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde çözülýär.

3. Suwlar peýdalanylan we goralan mahalynda döwlet edaralarynyň arasynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan çözülýär.

4. Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň arasyndaky serhetüsti suw obýektleri peýdalanylan we goralan mahalynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda çözülýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

114-nji madda. Suw jedellerine garamagyň tertibi

 

1. Suw jedellerine, suw jedele gatnaşýan taraplaryň gatnaşmagynda garalýar. Suw jedeliniň haýsy-da bolsa bir tarapynyň esassyz sebäplere görä gepleşiklere gelmedik halatynda, jedel onuň ýoklugynda çözülip bilner.

Suwdan peýdalanyjylaryň birleşikleriniň döreden edaralarynyň çözgütlerinde, kabul edilen çözgüdi ýerine ýetirmegiň tertibi we möhletleri, şeýle hem suwdan peýdalanyjynyň bozulan hukugyny dikeltmek boýunça çäreleri kabul etmegiň möhletleri görkezilen bolmalydyr.

2. Suw jedelleri boýunça çözgütler suw jedeliniň taraplary tarapyndan şikaýat edilip bilner. Suwdan peýdalanyjylaryň birleşikleriniň döreden edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň görkezilen çözgütlere şikaýatlary, ýokarda durýan döwlet edaralaryna berilýär. Suw jedelleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde çözülýär.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

115-nji madda. Suw gatnaşyklary bilen baglanyşykly emläk jedellerini çözmek

 

Suw gatnaşyklary bilen baglanyşykly emläk jedelleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

116-njy madda. Özbaşdak ele salnan suw obýektlerini yzyna gaýtarmak

 

Özbaşdak ele salnan suw obýektleri we gidrotehniki desgalar, olardan bikanun peýdalanylan wagtynda Türkmenistanyň suw kanunçylygyny bozmak bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen olar degişliligi boýunça yzyna gaýtarylýar. Özbaşdak ele salnan suw obýektlerini yzyna gaýtarmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

 

XXV BAP. TÜRKMENISTANYŇ SUW KANUNÇYLYGYNYŇ

BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

 

117-nji madda. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

1. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekmäge getirýär.

2. Türkmenistanyň suw kanunçylygyny bozanlygy üçin günäkär şahslary jogapkärçilige çekmek, olary goýberilen düzgün bozmany aradan aýyrmak we olar tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borjundan boşatmaýar.

 

118-nji madda. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde suw obýektlerine we gidrotehniki desgalara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Suw obýektlerine we gidrotehniki desgalara zyýan ýetiren şahslar, onuň öwezini meýletin ýa-da kazyýet tertibinde dolýarlar.

2. Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde suw obýektlerine we gidrotehniki desgalaryna ýetirilen zyýanyň möçberini çykarmagyň usuly, maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

3. Suw obýektlerine we gidrotehniki desgalara zyýan ýetiren ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň öwezini dolmaga borçludyrlar.

(2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 3-nji madda).

 

XXVI BAP. SUWLARY PEÝDALANMAK WE GORAMAK

BABATDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

119-njy madda. Suwlary peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

Türkmenistan suwlary peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrýar.

 

120-nji madda. Serhetüsti suwlaryny peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary

 

1. Serhetüsti suwlaryny peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn halkara şertnamalaryny baglaşmagy, halkara guramalarynyň we gaznalarynyň işine gatnaşmagy arkaly üpjün edilýär.

2. Türkmenistanyň serhetüsti suwlaryny peýdalanmak we goramak babatda ýanaşyk döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygy şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) serhetüsti suwlaryny we onuň bilen baglanyşykly ekoulgamy amatly peýdalanmak we goramak maksady bilen bilelikdäki köpçülikleýin işi amala aşyrmak;

2) serhetüsti täsirini ýetirýän ýa-da ýetirip biljek, suwlaryň hapalanmagynyň öňüni almak, çäklendirmek we kemeltmek hem-de uly serhetüsti zyýanyň howpuny iň pes derejä getirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak;

3) serhetüsti suwlaryny olaryň serhetüsti häsiýetini nazara almak bilen, paýhasly we adalatly ýagdaýda peýdalanmagy üpjün etmek;

4) serhetüsti suw obýektleriniň suwlarynyň ýagdaýynyň monitoringiniň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we ylalaşmak hem-de olary durmuşa geçirmäge gatnaşmak;

5) serhetüsti derýalarynyň jülgelerindäki suw hojalyk ýagdaýy barada maglumat alyşmagy, adatdan daşary suw ýagdaýlary mahalynda dessin habar bermegi we özara kömek bermegi;

6) serhetüsti suwlaryny we gidrotehniki desgalary bilelikde ulanmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak, ylalaşmak we amala aşyrmak;

7) Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan, serhetüsti suwlaryny peýdalanmak we goramak babatda döwletara we hökümetara ylalaşyklaryny bilelikde durmuşa geçirmek üçin, zerur bolan mahalynda serhetüsti suwlaryny dolandyrmak boýunça döwletara guramasyny döretmek;

8) suw meselelerini çözmek boýunça bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kodeksleri
Kabul edilen senesi 15.10.2016
Resminamanyň belgisi № 456-V