«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly

Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda

 

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanan raýatlary sylaglamak maksady bilen:

1-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.

2-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

 

 

Türkmenistanyň                                              Gurbanguly

     Prezidenti                                               Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 18-nji iýuny.

№ 410-V.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda

DÜZGÜNNAMA

 

1. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň we jemgyýetiň ösüşi üçin halal zähmeti bilen uly hyzmatlary bitiren adamlary sylaglamak üçin döredilýär.

2. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen:

- Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we önjeýli döwlet, jemgyýetçilik işi, şeýle hem ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin;

- Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini, sungatyny, saglygy goraýşyny, şeýle hem ýurduň durmuşynyň beýleki ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamalary abraýly durmuşa geçirmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri we ýokary hyzmatlary üçin;

- Garaşsyz Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy üçin;

- ösüp gelýän ýaş nesli Watana söýgi we oňa wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde görkezen uly hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

3. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Garaşsyz Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan daşary ýurt raýatlary hem sylaglanyp bilner.

4. Şu sylaga mynasyp bolan adamlara «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly         Türkmenistanyň ýubileý medalynyň

ÝAZGYSY

 

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly üsti-üstüne birleşdirilen sekizburçluklaryň üçüsinden ybarat bolup, onuň ýokarky sekizburç ýyldyzynyň burçlarynyň her birinde ýaşyl reňkli sirkoniý daşynyň birisi we ak reňkli sirkoniý daşlarynyň ýedisi ýerleşdirilendir. Ortada ýerleşdirilen sekizburç ýyldyzyň burçlary altyn çaýylan sary reňkli bolup, onuň burçlary ýokarky sekizburç ýyldyzyň burçlarynyň arasynda ýerleşdirilen. Aşaky sekizburç ýyldyzyň burçlary ýaşyl reňkli syrçalanan bolup, olaryň arasy daşy ak, içi bolsa ýaşyl reňkli syrçalanan burç görnüşli iki bezeg bilen birleşdirilen.

Ýokarky sekizburç ýyldyzyň merkezinde umumy diametri 31 mm bolan tegelekleriň ikisi ýerleşdirilen. Diametri 22 mm bolan ýerligi altyn çaýylan içki tegelekde Türkmenistanyň kartasynyň ýaşyl reňkli syrçalanan şekili, tegelegiň merkezinde günüň şöhlelerini şöhlelendirýän Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» binasy ýerleşdirilen, onuň çep tarapynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini aňladýan «XXV» rim san belgisi, sag tarapynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna bina edilen «Arkadag» ýadygärliginiň şekili ýerleşdirilen. Tegelegiň aşaky böleginde Türkmenistanyň bitaraplygyny aňladýan iki sany zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Içki tegelegiň daşynda ýerligi ýaşyl reňkli syrçalanan ini 4,5 mm bolan halkanyň ýokarky böleginde «GARAŞSYZ», aşaky böleginde bolsa «TÜRKMENISTAN» diýen altyn çaýylan ýazgylar ýerleşdirilip, ýazgylaryň arasynda tegelekleriň çep we sag taraplarynyň her birinde ak reňkli sirkoniý daşlarynyň bäşisi oturdylan.

Ýubileý medalynyň umumy diametri 44 mm.

Ýubileý medaly halkajyk arkaly ini 30 mm, beýikligi 20 mm bolan baýdak görnüşli ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodka birikdirilýär. Kolodkada bäş sany milli haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarym Aý şekillendirilen.

Ýubileý medaly we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

 

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 18.06.2016
Resminamanyň belgisi