Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli

döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna

garşy göreşmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 57-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 661-V Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler şulary aňladýar:

1) adamyň immunýetmezçilik wirusy (mundan beýläk - AIW) – adamyň bedeninde immunýetmezçiligini döredýän wirus;

2) AIW-ýokanjy – AIW-iň döredýän dowamly ýokanç keseli;

3) AIW ýokançly adam – bedeninde AIW ýüze çykarylan adam;

4) adamyň immunýetmezçiliginiň döredýän sindromy (AIDS) adamyň immun ulgamynyň düýpli weýran bolmagy netijesinde, dürli agyr we howply keselleriň alamatlarynyň ýüze çykmagy bilen AIW-ýokanjynyň soňky döwri;

5) AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesi – barlagdan öň we soň maslahatlaşmak arkaly geçirilýän, adamda AIW-iň anyklanyş barlagy;

6) AIW-е hökmany lukmançylyk güwä geçilmesi – şu Kanun tarapyndan kesgitlenen aýratyn toparda durýan adamlar üçin hökmany talap bolup durýan, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan sanawda durýan adamlarda geçirilýän lukmançylyk barlagy;

7) AIW-е mejbury lukmançylyk güwä geçilmesi – şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen halatlarda we tertipde adamda AIW-ýokanjynyň bardygyna güman etmeklige ýeterlik esaslar bolan mahalynda onuň razylygy ýa-da onuň kanuny wekiliniň razylygy alynmazdan geçirilýän lukmançylyk barlagy;

8) AIW-е gizlin lukmançylyk güwä geçilmesi – barlagdan geçýän adamyň şahsyýetini kepillendirýän resminamalar görkezilmezden, şahsy maglumatlary aýdylmazdan, adamda AIW-i ýüze çykarmak üçin meýletin geçirilýän lukmançylyk barlagy;

9) AIW-е ýaşyryn lukmançylyk güwä geçilmesi – AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň barlagyndan geçýän adama AIW-iň bardygynyň barlagyndan geçmeginiň faktyny we onuň netijeleri baradaky maglumatlaryň ýaşyryn saklanylmagyny kepillendirýän, lukmançylyk barlagy;

10) AIDS-li näsaglar – AIW-iň adamyň immun ulgamyny düýpli weýran etmegi netijesinde ölüme getirýän agyr we howply kesellerden ejir çekýän AIW-ýokanjynyň soňky döwründäki adamlar;

11) biologik suwuklyklar adam bedeniniň emele getirýän suwuklyklary: gan, tohum suwuklygy, oňurga-ýilik suwuklygy, jyns agzalarynyň suwuklygy, göwüs süýdi, tüýkülik, der, gözýaş,  peşew;

12) retrowirusa garşy derman serişdeleri (RWG derman serişdeleri) – AIW-e täsir edip, adamyň ganynda wirusyň mukdarynyň güýçli peselmegine we AIW ýokançly adamyň ömrüniň uzalmagyna mümkinçilik berýän derman serişdeleri.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda kanunçylygy

 

Türkmenistanyň adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

 

Şular adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky (mundan beýläk - AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek) döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar:

1) sagdyn durmuş, ruhy gymmatlyklar we jynsy gatnaşyk terbiýesi babatda ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ilata AIW-ýokanjynyň meseleleri boýunça maglumatlary bermek;

2) AIW-iň öz wagtynda anyklanylmagy üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman test-ulgamlary bilen üpjün etmek arkaly AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça çäreleri amala aşyrmak;

3) ýaşyrynlygyň we gizlinligiň berjaý edilmegi esasynda barlagdan öň we soň maslahatlaşmak arkaly AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň elýeterliligini we howpsuzlygyny üpjün etmek;

4) AIW-e gizlin lukmançylyk güwä geçilmesini  tölegsiz esasda geçirmek;

5) AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň we onuň netijeleri barada maglumatlaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmek;

6) anyklaýyş, bejeriş we ylmy maksatlar üçin ulanylýan derman serişdeleriniň, biologik suwuklyklaryň, adam bedeniniň synalarynyň we dokumalarynyň howpsuzlygyna gözegçiligi guramak;

7) saglygy goraýyş edaralarynda geçirilýän bejergi-anyklaýyş emleriniň howpsuzlygyna sanitariýa-epidemiologik gözegçiligini amala aşyrmak, şeýle hem adamlara deriniň we nemli bardalaryň bitewüliginiň bozulmagynyň töwekgelligi bilen baglanyşykly kosmetologik, dellekhana we beýleki hyzmatlar edilende AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça çäreleri geçirmek;

8) Türkmenistanyň çäginde AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin ýaşyrynlyk ýörelgelerini berjaý edip, epidemiologik gözegçilik barlagyny amala aşyrmak;

9) ilata AIW-ýokanjynyň ýaýramagynyň we AIW-iň jyns gatnaşygy arkaly ýokuşmagynyň öňüniň alynmagyna mümkinçilik berýän öňüni alyş serişdelerine (prezerwatiw) elýeterliligi üpjün etmek;

10) AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara bejeriş-öňüni alyş edaralarynda anyklaýşyň, bejergi-maslahat beriş kömeginiň ähli görnüşlerine, derman serişdeleriniň üpjünçiligine tölegsiz elýeterliligini üpjün etmek;

11) AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara durmuş taýdan kömek bermek, olara bilim almakda, işe ýerleşmekde, hünärini ýokarlandyrmakda we gaýtadan ýokarlandyrmakda ýardam etmek;

12) AIW-iň ýokuşmak töwekgelligi bolan saglygy goraýyş işgärlerini we beýleki hünärmenleri iş şertleriniň howpsuzlygy we şahsy goranyş serişdeleri bilen üpjün etmek;

13) bilim edaralarynyň okuw maksatnamalaryna AIW-ýokanjynyň meseleleri boýunça mowzukly bölümleri girizmek;

14) AIW-ýokanjynyň meseleleri boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin hünärmenleri taýýarlamak;

15) AIW-ýokanjynyň meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmek;

16) lukmançylyk tejribesinde we ylmy işlerde donorlardan alynýan gan (onuň düzüm bölekleri) we beýleki biologik suwuklyklar, adam bedeniniň synalary we dokumalary ulanylan mahalynda AIW-ýokanjynyň geçmeginiň öňüniň alynmagyny üpjün etmek üçin olarda AIW-ýokanjyny ýüze çykarmak maksady bilen, AIW-iň hökmany anyklanyş barlagyny geçirmek;

17) AIW-ýokanjynyň bejerilmegi we öňüniň alynmagy üçin niýetlenen derman serişdeleri Türkmenistana getirilen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde gümrük we salgyt ýeňilliklerini bermek;

18) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek.

 

4-nji madda. AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işiň maliýeleşdirilmegi

 

AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işiň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

II BAP. AIW-ÝOKANJYNYŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞMEK ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GÖZEGÇILIK

 

5-nji madda. AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi (mundan beýläk – ygtyýarly edara), AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky beýleki döwlet edaralary, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň Milli maksatnamasyny tassyklaýar;

4) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işini utgaşdyrýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi:

1) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

3) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar:

4) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň işini utgaşdyrýar;

5) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

6) bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň AIW-i anyklaýyş barlaghanalaryny halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlaryň häzirki zaman görnüşleri, AIW-i anyklaýyş test ulgamlary bilen üpjün edýär;

7) ygtyýarly edarany AIW-ýokanjynyň ýaýramagynyň we AIW-iň jyns gatnaşygynyň üsti bilen ýokuşmagynyň öňüni almak üçin möhüm bolan gorag serişdeleri (prezerwatiw), şeýle hem ätiýaçlyk goruny döretmek maksady bilen, AIW ýokançly adamlar ýüze çykarylan ýagdaýynda ulanmak üçin retrowirusa garşy derman serişdeleriniň gerekli mukdary bilen üpjün etmegi amala aşyrýar;

8) Türkmenistanyň çäginde AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda epidemiologik gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;

9) AIW ýokançly adamlar ýüze çykarylan mahalynda lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň tertibini kesgitleýär;

10) bejeriş-öňüni alyş edaralarynda AIW-ýokanjynyň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejerilmeginiň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyny üpjün edýär;

11) AIW-iň anyklanylmagyna we AIW-ýokanjynyň bejergisiniň netijelerine baha bermek bilen baglanyşykly ylmy-barlag işlerini guraýar;

12) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda işi amala aşyrýan saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejeleriniň  ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny üpjün edýär;

13) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda işi amala aşyrýan saglygy goraýyş işgärleriniň hünär synagyny geçirýär;

14) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär;

15) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň Milli maksatnamasyny işläp düzýär we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär:

16) şulary tassyklaýar:

а) Ygtyýarly edara hakynda düzgünnamany;

b) AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginiň düzgünnamasyny;

ç) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzgünnamasyny;

d) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň  Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini;

17) Türkmenistanyň kanunçylygynda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarly edara:

1) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirýär;

3) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

4) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda gözegçiligi amala aşyrýar;

5) AIW-ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak, AIW ýokançly adamlary ýüze çykarmak, bejeriş-öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek, guramaçylyk-usulyýet kömegini bermek boýunça resminamalary işläp düzýär;

6) Türkmenistanyň çägine AIW-ýokanjynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak meseleleri barada bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň geçirýän çärelerine guramaçylyk-usulyýet kömegini berýär, olaryň durmuşa geçirilmegine gözegçilik edýär;

7) bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň AIW-i anyklaýyş barlaghanalaryny AIW-i anyklaýyş test-ulgamlary bilen üpjün edýär, geçirilýän barlaglaryň hiline gözegçilik edýär we olara guramaçylyk-usulyýet kömegini berýär;

8) AIW-i anyklaýyş barlaghanalarynda işleýän ýokary hünär we orta hünär bilimli hünärmenleriň bilimlerini ýokarlandyrmagy, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýokarlandyrylmagyny amala aşyrýar, olaryň hünär synagyny geçirýär;

9) AIW ýokançly adamlary we AIDS-li näsaglary ýüze çykarmagy guraýar, retrowirusa garşy bejergini geçirýär, olaryň dispanser gözegçiligini we olarа durmuş taýdan kömek bermek çärelerini amala aşyrýar;

10) saglygy goraýyş işgärlerini AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ylmyň gazananlary barada habarly edýär we ilatyň arasynda AIW-ýokanjynyň öňüni almaga gönükdirilen düşündiriş işlerini geçirýär;

11) AIW-ýokanjy bilen baglanyşykly öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş çärelerini we AIW-ýokanjyna epidemiologik gözegçilik barlagyny geçirýär;

12) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ylmy barlaglary geçirýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

9-njy madda. AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşýarlar;

3) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işi amala aşyranlarynda ygtyýarly edara bilen özara hereket edýärler;

4) ilatyň arasynda AIW-ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça düşündiriş işlerini geçirýär;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

III BAP. AIW-ÝOKANJYNYŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY

GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÇÄRELER

 

10-njy madda. AIW-ýokanjynyň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça işi amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralary

 

1. Ygtyýarly edara we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri AIW-ýokanjynyň öňüniň alynmagyny, anyklanylmagyny, AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagyny, AIW ýokançly adamlaryň dispanser gözegçiligini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkezi, welaýatlaryň Gan banklary we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň kliniki-anyklaýyş barlaghanalary AIW-iň anyklanyş barlaglaryny geçirýärler.

3. AIW ýokançly adamlar we AIDS-li näsaglar babatynda anyklaýyş-bejeriş we beýleki çäreler saglygy goraýyş edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

4. AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça çäreler Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu Kanunda kesgitlenen tertipde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

5. Jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanuna we öz tertipnamalaryna laýyklykda, AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça çäreleri amala aşyrmakda goldaw hem-de ýardam berip biler.

6. AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça çäreler halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylyp bilner.

 

11-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesine hukugy we borçlary

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň döwlet saglygy goraýyş edaralarynda AIW-i anyklamak üçin meýletin, gizlin, ýaşyryn lukmançylyk güwä geçilmesini geçmäge hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan epidemiologik görkezmeler bellenende AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesini geçmäge borçludyrlar.

3. On sekiz ýaşyna ýetmedik çagalaryň AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesi olaryň ata-enesiniň, olaryň ornuny tutýan adamyň razylygy bilen geçirilýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesi bolsa, olaryň kanuny wekilleriniň razylygy bilen geçirilýär. Ata-enäniň, olaryň ornuny tutýan adamyň we kanuny wekilleriň şeýle güwä geçilmesiniň geçirilişine gatnaşmaga, onuň netijesi bilen tanyşmaga hukugy bardyr we alnan netijeleri ýaşyrynlykda saklamaga borçludyrlar.

4. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär. AIW-iň ýoklugy baradaky güwänama ygtyýarly edara we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri tarapyndan berilýär.

5. Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde artykmaçlyklardan we aýratyn hukuklardan peýdalanýan adamlar AIW-iň ýüze çykarylmagy boýunça lukmançylyk güwä geçilmesinden ýaşyrynlykda, diňe özleriniň razylygy bilen geçirilýär. Görkezilen adamlaryň AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşmak arkaly geçirýär.

6. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesinden geçen adamyň, şol bir saglygy goraýyş edarasynda ýa-da başga saglygy goraýyş edarasynda, öňki geçen lukmançylyk güwä geçilmesiniň möhletine garamazdan, gaýtadan AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesinden geçmäge hukugy bar.

7. Barlagdan geçýän adamyň islegine görä, AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesi gizlin bolup biler.

 

12-nji madda. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň görnüşleri

 

1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenen kadalara we düzgünlere laýyklykda ygtyýarly edarada we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde AIW-e meýletin, hökmany ýa-da mejbury görnüşlerde lukmançylyk güwä geçilmesi geçirilýär.

2. AIW-e meýletin lukmançylyk güwä geçilmesi barlanylýan adamyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň onuň geçirilmegine habarly razylygy bolan mahalynda ýaşyrynlygy berjaý edilip geçirilýär.

3. AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesi ýaşyrynlykda geçirilýär. AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesiniň lukmançylyk netijenamasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde diňe görkezilen güwä geçilmesinden geçen adamyň özüne ýa-da onuň kanuny wekiline berilýär.

4. AIW-e mejbury lukmançylyk güwä geçilmesi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde barlanylýan adamyň razylygy ýa-da onuň kanuny wekiliniň razylygy alynmazdan geçirilýär. AIW-e mejbury lukmançylyk güwä geçilmesiniň fakty we netijeleriniň ýaşyrynlygy kanun esasynda goralýar.

5. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenen tertipde, barlagdan öň we soň maslahatlaşmak arkaly geçirilýär.

6. AIW-ýokanjy ýüze çykarylan adama döwlet kepillikleri, onuň hukuklary we borçlary, şeýle hem durmuş-ruhy goldaw gulluklary barada doly maglumat berilýär.

 

13-nji madda. AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesi

 

1. Şular AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesine degişlidir:

1) gan we beýleki biologik suwuklyklary, synalary we dokumalary tabşyryjylar;

2) sagdyn maşgalanyň emele gelmegi üçin şertleri döretmek, AIW ýokançly çagalaryň dogulmagynyň öňüni almak maksady bilen nika baglaşýanlar;

3) özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde gan we beýleki biologik suwuklyklar, adam bedeniniň synalary we dokumalary bilen galtaşykda bolýan saglygy goraýyş işgärleri;

4) näsaglar, kiçi we uly hirurgik bejergilerden öň;

5) göwreli aýallar;

6) gan önümleriniň  resipiýentleri;

7) jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden ejir çekýän adamlar;

8) jyns gatnaşygynda bolýan ýoldaşynda AIW ýüze çykarylan halatyndaky adamlar;

9) neşe serişdelerini ulanmakda güman edilýän adamlar;

10) azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän, şeýle hem azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylan adamlar;

11) AIW ýokançly enelerden doglan çagalar;

12) daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar.

2. AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesinden ýüz öwren adamlar ganyň we beýleki biologik suwuklyklaryň, synalaryň we dokumalaryň donorlary bolup bilmezler.

3. Öz hünär işinde biologik suwuklyklar, adam bedeniniň synalary we dokumalary bilen galtaşykda bolýan saglygy goraýyş işgärlerinde AIW-ýokanjy ýüze çykarylan halatynda olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde biologik suwuklyklar, adam bedeniniň synalary we dokumalary bilen galtaşykda bolunmaýan başga iş ornuna geçirilmäge degişlidir.

4. AIW ýokançly saglygy goraýyş işgärleriniň zähmet çekmekligine rugsat berilmeýän hünärleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

14-nji madda. AIW ýokançly adamlaryň bellige alnyşy, hasabynyň ýöredilişi we olara dispanser gözegçiliginiň edilmegi, AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagy

 

1. AIW ýokançly adamlaryň bellige alnyşy, hasabynyň ýöredilişi we olara dispanser gözegçiliginiň edilmegi, AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagynyň geçirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşyrynlyk şertleriniň berjaý edilmegi bilen geçirilýär.

2. AIW ýokançly adamlaryň hasabyny ýöretmegiň we olara dispanser gözegçiligini etmegiň, şeýle hem AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagynyň geçirilmegini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

15-nji madda. Daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň şertleri

 

1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde, AIW-ýokanjynyň ýokdugy barada lukmançylyk güwä geçilmesiniň güwänamasyny görkezen mahalynda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara  Türkmenistana gelmäge wiza berýär.

2. Türkmenistanda ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesinden geçmekden bilkastlaýyn boýun gaçyran halatynda, olaryň mundan beýläk Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

3. Türkmenistanda ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlarynda we raýatlygy bolmadyk adamlarda AIW-ýokanjy ýüze çykarylan halatynda, olaryň mundan beýläk Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda çözülýär.

 

16-njy madda. Donor ganynyň (onuň düzüm bölekleriniň) barlaghanada barlanylmagy

 

1. Lukmançylyk tejribesinde ulanylmagy üçin niýetlenen gan donorlaryndan alnan gan (onuň düzüm bölekleri) we beýleki biologik suwuklyklar, adam bedeniniň synalary we dokumalary AIW-ýokanjyna hökmany barlaghana barlagynyň geçirilmegine degişlidir.

2. Gan donorlaryndan alnan ganyň (onuň düzüm bölekleriniň) goýberilmegine we lukmançylyk tejribesinde gan donorlaryndan alnan ganyň (onuň düzüm bölekleriniň) beýleki biologik suwuklyklaryň, adam bedeniniň synalarynyň we dokumalarynyň ulanylmagyna AIW-ýokanjyna hökmany barlaghana barlagy geçirilenden soň we olarda AIW-iň ýoklugy tassyk edilenden soň rugsat berilýär.

 

IV BAP. AIW ÝOKANÇLY ADAMLARYŇ WE OLARYŇ

MAŞGALA AGZALARYNYŇ HUKUKLARY WE

DURMUŞ TAÝDAN GORALMAGY

 

17-nji madda. AIW ýokançly adama onuň özüniň lukmançylyk güwä geçilmesiniň netijeleri baradaky maglumatlaryň berilmegi

 

1. AIW ýokançly adam, adamyň immunýetmezçilik sindromynyň alamatlarynyň ýoklugyna garamazdan, ýokanjyň çeşmesi bolup durýar.

2. Özünde AIW-ýokanjy ýüze çykarylan adam AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesini geçiren saglygy goraýyş edarasynyň saglygy goraýyş işgäri tarapyndan AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň netijeleri, AIW ýokançly adamyň saglygynyň goralyp saklanylmagy üçin zerur bolan öňüni alyş çäreleri, AIW-ýokanjynyň mundan beýläk ýaýramagyna ýol berilmezligi, şeýle hem AIW ýokançly adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kepillikleri, başga adamy AIW-iň ýokuşmak howpunda görnetin goýandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilýändigi barada ýazmaça habarly edilmelidir.

3. Özünde AIW-ýokanjy ýüze çykarylan adam bilen barlagdan soň maslahatlaşmak geçirilýän wagtynda AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesini geçiren saglygy goraýyş edarasynyň saglygy goraýyş işgäri, görkezilen adama onuň razylygy bilen özüniň jynsy gatnaşykda bolýan ýoldaşyna AIW-iň ýokuşmak töwekgelligi barada habar berilmegini, öňüni alyş maksady bilen AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesinden geçmegi maslahat bermäge borçludyr.

4. Kämillik ýaşyna ýetmediklerde, şeýle hem Тürkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlarda AIW-ýokanjy ýüze çykarylan halatynda AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesini geçiren saglygy goraýyş edarasynyň saglygy goraýyş işgärleri bu barada degişlilikde olaryň ata-enesine, olaryň ornuny tutýan adamlara we olaryň kanuny wekillerine habar berýärler. Şonda ata-enä, olaryň ornuny tutýan adamlara we olaryň kanuny wekillerine öz hossarlyk edýän adamlarynyň saglygynyň bejerilmegi barada habarly edilen karara gelmegi, olara seretmegiň hem-de hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň göwnejaý üpjün edilmegi boýunça degişli maslahatlar berilmelidir.

 

18-nji madda. AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara lukmançylyk kömeginiň berlişi

 

1. AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara lukmançylyk kömegi ýaşaýan salgysy boýunça ygtyýarly edarada we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde dispanser gözegçiligine hasaba alnan şertinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenen tertip boýunça berilýär.

2. AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara lukmançylyk kömeginiň berilmegi AIW-ýokanjynyň retrowirusa garşy  bejergisini, şeýle hem AIW-ýokanjy bilen baglanyşykly keselleriň döremeginiň öňüniň alynmagyny, anyklanylmagyny we bejerilmegini özünde jemleýär.

3. AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara retrowirusa garşy tölegsiz bejergi ygtyýarly edarada we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde, AIW-ýokanjynyň döwrüne baglylykda lukmançylyk maslahat beriş toparynyň çözgüdi esasynda, ygtyýarly edaranyň ugrukdyrmagynda we gözegçiliginde geçirilýär.

4. Ygtyýarly edara we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri beýleki bejeriş-öňüni alyş edaralary bilen bilelikde AIW ýokançly adamlarda we AIDS-li näsaglarda AIW-ýokanjy bilen baglanyşykly keselleriň döremeginiň öňüni almak, anyklamak we bejermek maksady bilen lukmançylyk kömegini berýär.

5. AIW ýokançly adamlarda we AIDS-li näsaglarda AIW-ýokanjy bilen baglanyşykly däl keseller ýüze çykarylanda, lukmançylyk kömegi degişli bejeriş-öňüni alyş edaralarynda gatnaw ýa-da ýatymlaýyn şertlerinde berilýär.

 

19-njy madda. AIW ýokançly çagalary, olaryň ata-enesini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary durmuş taýdan goramak

 

1. AIW ýokançly çagalaryň mekdebe çenli çagalar edaralarynda bolmaga we umumybilim berýän mekdeplerde okamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

2. AIW ýokançly çagalara on sekiz ýaşyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygynda maýyp çagalar üçin kesgitlenen döwlet kömek puly, şeýle hem ýeňillikler bellenilýär.

3. AIW ýokançly on dört ýaşyna çenli çaganyň ata-enesiniň birine ýa-da onuň ornuny tutýan adama ýatymlaýyn hassahanada oňa seretmek üçin bilelikde bolmaga hukuk berilýär.

4. AIW ýokançly çaga ýatymlaýyn hassahanada gös-göni            seredýän ata-enesiniň birine ýa-da onuň ornuny tutýan adama Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde zähmete ukypsyzlyk haty berilýär.

5. AIW ýokançly enelerden doglan çagalary emeli iýmitlendirmek tölegsiz üpjün edilýär.

6. Türkmenistanyň kanunçylygynda AIW ýokançly çagalara we olaryň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adama durmuş taýdan goralmagynyň beýleki çäreleri hem bellenilip bilner.

 

V BAP. GULLUK BORÇLARYNY ÝERINE ÝETIREN MAHALYNDA AIW-iň ÝOKUŞMAK TÖWEKGELLIGINE SEZEWAR BOLAN

ADAMLARYŇ DURMUŞ TAÝDAN GORALMAGY

 

20-nji madda. Gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda AIW-iň ýokuşmak töwekgelligine sezewar bolan saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goralmagy

 

1. Saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärlerine gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda AIW-iň ýokuşmagy hünär bilen baglanyşykly döreýän keselleriň toparyna degişli bolup durýar. Olar üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikler bellenilýär.

2. Saglygy goraýyş edaralarynyň gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda AIW-iň ýokuşmak töwekgelligine sezewar bolan saglygy goraýyş işgärleriniň aýry-aýry toparlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde  zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Sanawyna goşulýar.

3. AIW-ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak, AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagyny geçirmek, AIW ýokançly adamlardan alnan biologik suwuklyklaryň, synalaryň we dokumalaryň ylmy barlaglaryny geçirmek, şeýle hem AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara dispanser gözegçiligini geçirmek hem-de bejermek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini geçirmek bilen gös-göni meşgullanýan saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärlerine we ýolbaşçylaryna işiniň zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda:

1) gysgaldylan iş güni;

2) goşmaça tölegli rugsat;

3) zähmetine goşmaça hakyň tölenilmegi;

4) ýeňillikli şertlerde pensiýa bellenilýär.

4. Saglygy goraýyş edaralarynyň dolandyryşlary, AIW-ýokanjyna anyklaýyş barlaglaryny geçirýän, AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara bejeriş we öňüni alyş kömegini berýän, şeýle hem AIW ýokançly adamlardan alnan gan we beýleki biologik suwuklyklar bilen galtaşykda bolýan saglygy goraýyş işgärlerini döwürleýin saglyk barlagyndan geçirmäge we olary AIW-iň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin zerur gorag serişdeleri bilen üpjün etmäge borçludyr.

 

21-nji madda. Birwagtlaýyn döwlet kömek puly

 

1. Saglygy goraýyş edaralarynyň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly AIW-iň ýokuşmagy netijesinde maýyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän möçberde birwagtlaýyn kömek puly tölenýär.

Saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň öz gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändikleri sebäpli AIW-iň ýokuşmagyna sezewar bolan adamlaryň hem görkezilen kömek puluny almaga hukugy bardyr.

2. Saglygy goraýyş edaralarynyň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly AIW-iň ýokuşmagy netijesinde aradan çykan saglygy goraýyş işgärleriniň maşgalasyna (maşgala agzalaryna) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän möçberde birwagtlaýyn kömek puly tölenýär.

 

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

22-nji madda. Lukmançylyk syryny saklamak

 

Saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly AIW ýokançly adamlaryň we AIDS-li näsaglaryň, şeýle hem AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň netijeleri barada özüne mälim bolan maglumatlary gizlin saklamaga borçludyrlar.

 

23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

24-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

25-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şuny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda kabul edilen «Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 20-nji madda).

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şu Kanundan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary alty aýyň dowamynda bellenilen tertipde taýýarlamaly we kanunçylyga girizmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                      Gurbanguly

     Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy marty.

№ 372-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 26.03.2016
Resminamanyň belgisi № 372-V.