Telekeçilik işi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Telekeçilik işi hakynda

 

1991-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar

 

 (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9-10, 58-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV, 28.02.2015ý. № 194-V, 26.03.2016 ý. № 386-V, 04.11.2017 ý. № 636-V we 20.10.2018 ý. № 86-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda telekeçilik işiniň (telekeçiligiň) umumy esaslaryny kesgitleýär¸ telekeçilik işi bilen meşgullanýanlaryň hukuklaryny we jogapkärçiligini belleýär, telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan goralmagyny hem-de goldalmagyny üpjün edýär, telekeçiligiň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Şu Kanun eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňlik düzgünini durmuşa geçirmek, raýatlaryň öz emlägine özleriniň erkin erk edip, haýsy ugurdaky işde işlejekdigini özleriniň erkin saýlap alyp bilmekleri esasynda olaryň iş bitirijiligini hem-de ugur tapyjylygyny giňden ýüze çykarmak üçin şert döretmäge gonükdirilendir.

 

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Telekeçilik

 

Telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) – munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hemem töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik şahsyň - kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak işidir, hususy kärhanaçylyk işidir.

Telekeçi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly gadagan edilmedik işiň islendik görnüşini amala aşyryp biler.

 

2-nji madda. Telekeçilik işi hakyndaky kanunlar

 

Telekeçilik işi bilen baglanyşykly gatnaşyklar eýeçiligiň görnüşleriniň, işleriň görnüşiniň we ugrunyň nähilidigine garamazdan, şu Kanun bilen hem-de Türkmenistranyň beýleki kanunçylyk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Taraplardan biri daşary ýurt fiziki we ýuridik şahs bolup durýan wagtyndaky gatnaşyklarda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar – eger Türkmenistanyň ulanylyp gelinýän kanunlarynda başga kadalar bellenmedik bolsa.

 

3-nji madda. Telekeçiligiň subýektleri (telekeçilik bilen meşgullanýanlar)

 

Türkmenistanda şu aşakdakylar telekeçiligiň subýektleri (telekeçiler) bolup bilerler:

Türkmenistanyň hem-de beýleki döwletleriň fiziki we ýuridik şahslary, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlar.

Telekeçi hukuk ýagdaýyna Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen tertipde döwlet belligine alynmagy esasynda eýe bolunýar. Bellige aldyrtman telekeçilik işi bilen meşgullanmak gadagandyr.

 

4-nji madda. Telekeçilik işiniň görnüşleri

 

Türkmenistanyň kanunynyň çäklerinde amala aşyrylýan telekeçiligiň islendik görnüşini ykrar edýär hem-de şolary hukuk kepillendirmesi bilen üpjün edýär we şolara goldaw berýär.

Telekeçilik işi aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:

hakyna tutma zähmeti ulanmazdan we ýuridik şahsy döretmezden;

hakyna tutma zähmeti ulanmak we ýuridik şahsy döretmek arkaly.

Telekeçilik işi kärhananyň ýolbaşçysyny şertnama esasynda hakyna tutmak arkaly amala aşyrylyp bilner- eger kärhananyň emläginiň eýesi ýa-da kärhananyň ygtyýarly eden edara (adamy) oňa degişli ygtyýarlary beren bolsa.

 

5-nji madda. Telekeçilikde bäsdeşligiň çäklendirilmegine ýol berilmezligi

 

Eger Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda başga hili göz önünde tutulmadyk bolsa¸ telekiçileriň bäsdeşligi çäklendirýän hereketleri ulanmagyna ýol berilmeýär, şol sanda hem aşakdaky hereketlerine ýol berilmeýär:

Bäsdeşiň abraýyny gaçyrýan hereketleriň edilmegine¸ önümçiligi çäklendirmek, bazarlary paýlaşmak, höküm ýörediji ýokary ýa-da pes nyrhlary saklamak hakynda dilleşik baglaşylmagyna;

beýleki öndürijileriň önüminiň nusgasyny göçürip almaga mümkinçilik berýän keseki haryt (firma) nyşanlarynyň, maglumatlarynyň alynmagyna - öz adyna geçirilmegine, şeýle hem kanunda göz önünde tutulmadyk gaýry hereketleriň edilmegine.

Bäsdeşligiň çäklendirilmegi hem-de kanunda göz öňünde tutulmadyk beýleki hereketleriň netijesinde alnan peýda bellenen tertipde olaryň elinden alynmalydyr.

 

II bölüm. TELEKEÇINIŇ HUKUKLARY, TELEKEÇILIK IŞINIŇ KEPILLERI

 

6-njy madda. Telekeçiniň hukuklary

 

Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda telekeçiniň aşakdakylara haky bardyr:

öz işini amala aşyrmak üçin kärhanalaryň islendik görnüşlerini döretmäge;

kärhanalaryň eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, şolaryň emlägini, gaýry emlägi, emläk we emläk däl hukuklary doly ýa-da kem - käsleýin edinmäge - satyn almaga;

öz emlägi bilen hojalyk ýöredýän beýleki subýektleriň işine gatnaşmaga;

taraplaryň ylalaşmagy bilen fiziki we ýuridik şahslaryň emlägini peýdalanmaga;

şertnama şertlerinde we kanunda bellenen beýleki şertlerde işgärleri hakyna tutmaga hem-de işden boşatmaga;

hakyna durup işleýän adamlaryň zähmetine hak tolemegiň görnüşlerini, ulgamlaryny we möçberini hem-de olaryň girdejileriniň beýleki görnüşlerini özbaşdak bellemäge;

hojalyk işiniň maksatnamasyny özbaşdak düzmäge, ozüne önüm iberijileri we öz onümini (işlerini, hyzmatlaryny) alyjylary saýlap almaga, oňa (olara) Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de baglaşylan şertnamalara laýyklykda nyrhlary we tarifleri bellemäge;

banklarda hasaplar açmaga, pul amallaryny we beýleki amallary amala aşyrmaga;

öz işinde möhüri, möhürçäni, resmi kagyzlary, nyşanyny, haryt nyşanyny peýdalanmaga;

öz elinde galan düşewünde (girdejä) erkin erk etmäge. Telekeçilik işi şertnama esasynda amala aşyrylanda gazanylan peýdany paýlamagyň tertibi şertnamada kesgitlenilýär;

girdejini islendik, çäklendirilmedik möçberlerde almaga;

döwlet ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndan peýdalanmaga;

döwlet edaralarynyň hem-de beýleki edaralaryň ozüniň hukuklaryny ýa-da kanuny bähbitlerini kemsidýän hereketleri barada bellenen tertipde şikaýat etmäge;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklara gatnaşyjy bolup çykyş etmäge.

 

7-nji madda. Telekeçiniň borçlary

 

Türkmenistanyň kýanunlaryna hem-de baglaşylan şertnamalara laýyklykda telekeçi aşakdakylara borçludyr:

hakyna durup işleýän adamlara döwletiň bellän iň pes möçberinden az bolmadyk derejede hak tölemäge;

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hakyna durup işleüän adamlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmaga;

kärhananyn maliýe ýagdaýynyň nähilidigine garamazdan, hakyna tutulan ähli

işgärler bilen doly hasaplaşyk geçirmäge;

ulanylyp gelinýän düzgünleri we kadalary gollanyp, ekologiýa howpsuzlygyny, zähmeti goramagy, howpsuzlyk tehnikasyny, önümçilik gigienasyny we sanitariýasyny üpjün etmäge;

alyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaň etmäge, öndürilýän harytlaryň (ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň) hiliniň talaba laýyk bolmagyny üpjün etmäge;

Türkmenistanyň çäginde amala aşyrmak üçin ygtyýarnama talap edilýän işleriň aýry-aýry görnüşleri üçin ygtyýarnamalary almaga;

döwlet statistika edaralaryna we salgyt edarasyna zerur maglumaty bellenen tertipde öz wagtynda bermäge;

algydarlaryň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirmek mümkün bolmadyk mahalynda kärhananyň batyp galanlygyny aýtmaga.

 

8-nji madda. Telekeçiniň jogapkärçiligi

 

Öz işini ýuridik şahsy döretmek arkaly amala aşyrýan telekeçi Türkmenistanyň «Kärhanalar hakyndaky» Kanunynda bellenen jogapkärçiligi çekýär.

Öz işini ýuridik şahsy tarap döretmän amala aşyrýan telekeçi şol iş bilen baglanyşykly bolan borçnamalar barada özüniň bütin emlägi bilen jogapkärçilik çekýär, ýöne Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda töleg tutulyp alnyp bilinmejek emläk muňa girmeýär.

Öz işini şertnama esasynda amala aşyrýan telekeçi emläk eýesiniň önünde jogapkärçilik çekýär, ýagny onuň ýolbaşçylyk edýän kärhanasynyň borçnamalary boýunça olaryň arasynda baglaşylan şertnamanyň tertibinde hem-de şertlerinde jogapkärçilik çekýär.

 

9-njy madda. Telekeçilik işini döwlet belligine almak

 

Ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi «Kärhanalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen tertipde döwlet belligine alynýar.

Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary-hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almak olaryň salgyt hasabyna goýulmaly ýeri boýunça salgyt edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Telekeçilik işini bellige almakdan boýun gaçyrylmagy ýa-da ony bellige almagyň tertibiniň we möhletiniň bozulmagy barada suda şikaýat edilip bilner.

 

10-njy madda. Haryt (firma) nyşanyny bellige almak

 

 Haryt (firma) nyşany Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda bellige alynýar hem peýdalanylýar,

 

11-nji madda. Telekeçilik işiniň bes edilmegi

 

Telekeçilik işi emläk eýesiniň ýa-da suduň çözgüdi esasynda bes edilýär.

Kazyýet tarapyndan telekeçilik işi şu aşakdaky halatlarda bes edilýär, ýagny:

telekeçi Türkmenistanyň kanunlarynda gadagan edilen telekeçilik işini ýa-da ýörite ygtyýarnamasy bolmadyk şeýle telekeçilik işini amala aşyran mahalynda;

kanunlar telim gezek ýa-da gödek bozulan mahalynda;

ekologiýa howpsuzlygynyň kadalary bozulan mahalynda;

telekeçi batyp galan diýlip ykrar edilende;

Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.

Kazyýet şu maddada bellenen halatlarda telekeçilik işini bes etmek hakynda karar kabul edende Türkmennstanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda telekeçilik işiniň bes etmegiň tertibini we möhletini kesgitleýär.

Telekeçi aradan çykan mahalynda onuň telekeçilik işini amala aşyrmak baradaky hukuklary we borçlary onuň mirasdarlaryna geçýär.

Şertnama esasynda amala aşyrylýan telekeçilik işi şol şertnamanyň möhleti gutarandan soň ýa-da şertnamada göz önünde tutulan halatlarda we tertipde taraplardan biriniň beren  arzasy esasynda şertnama ýatyrylan mahalynda bes edilip bilner.

III bölüm.

TELEKEÇILERIŇ DÖWLET BILEN ÖZARA GATNAŞYKLARYNY DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

12-nji madda. Telekeçileriň, döwlet tarapyndan goldalmagy

 

 Türkmenistan telekeçileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär, olara bäsdeşligi üçin şert döredýär, maddy, maliýe, zähmet, maglumat, tebigy serişdeler we gaýry serişdeleri elýeterli bolar ýaly, olara goldaw hem deň mümkinçplikler berýär.

 

13-nji madda. Telekeçileriň hukuklaryny goramak

 

Türkmenistan emlägiň eldegirilmesizligini kepillendirýär we telekeçiniň eýeçilik hukugynyň goralmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen esaslardan hem-de ýokarda görkezilen edaralaryň ygtyýarlarynyň çäklerinden daşgary, telekeçileriň işine döwlet edaralarynyň ýa-da başga edaralaryň, ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň gatyşmagyna ýol berilmeýär.

Telekeçiniň işine döwlet edaralarynyň ýa-da başga edaralaryň, ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň esassyz gatyşmagy netijesinde telekeçä ýetirilen zyýanyň öwezini şol edaralar ýa-da olaryň wezipeli adamlary tölemelidir.

Çekilen zyýanyň öwezini tölemek baradaky jedellere kazyýet seredýär.

 

14-nji madda. Telekeçiligiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

 

Türkmenistan kärhanalaryň arasyndaky erkin bäsdeşligi üpjün edýär, telekeçilik islendik ugrunda betniýet bäsdeşlik edilmeginden we monopolýalaşdyrmak halatlaryndan telekeçileri goraýar.

Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary telekeçiler bilen öz gatnaşygyny şu aşakdakylary ulanmak esasynda guraýar:

salgyt we maliýe-karz syýasatyny, şol sanda döwlet karzlary boýunça göterimleriň, nyrhlaryň we nyrh emele getirmegiň düzgünlerini, belli maksat üçin berilýän dotasiýalaryň we subsidiýalaryň, ykdysady temmileriň möçberleriniň bellenilmegi;

döwlet emlägini we ätiýaçlyklar ulgamyny, rugsatnamalary, konsessiýalary, lizingleri, durmuş, ykdysady hem-de beýleki kadalary we ölçegleri;

daşary ykdysady pul syýasatyny;

döwlet buýurmalaryny;

ylmy-tehniki, döwlet durmuş we sebitleýin maksatnamalary.

 

141-nji madda. Hususy telekeçiligiň jemgyýetçilik tarapyndan düzgünleşdirilmegi

 

Türkmenistanda hususy telekeçiligiň jemgyýetçilik tarapyndan düzgünleşdirilmegi we hususy telekeçileriň işiniň utgaşdyrylmagy   Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesitarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi:

1) şular boýunça işleri geçirýär:

a) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň hususy telekeçiliginiň subýektlerini öz hataryna birleşdirmek;

b) ilatyň wagtlaýyn işlemeýän böleginiň hataryndan hususy telekeçiligiň subýektleri bolup biljek adamlary telekeçilik işine çekmek, şol sanda işgärleri taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň bilimi dolandyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylan maksatnamalary boýunça olary telekeçiligiň esaslary boýunça okatmak arkaly çekmek;

2) döwlet häkimiýet edaralaryna durmuş taýdan möhüm, şeýle hem jemgyýetçilige peýdaly maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär, şol sanda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy bilen amala aşyrylýan böleginde ýerine ýetirilmegini utgaşdyrmak arkaly ýardam berýär.

Hususy telekeçiligiň höweslendirilmegi boýunça işleri kämilleşdirmek, hususy telekeçileriň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy üçin olary birleşdirmek boýunça geçirýän işinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini goldamak, hususy telekeçileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýazmaça ýüz tutmasy boýunça döwlet tarapyndan bellige almaklygy amala aşyrýan edaralar oňa ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň-hususy telekeçileriň we eýeçiliginiň hususy görnüşi bolan ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda maglumatlary berýär.

 

15-nji madda Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

16-njy madda. Hojalyk jedelleri

 

Telekeçiniň ýa-da onuň ygtyýarly eden edaralarynyň ýa-da adamlarynyň hojalyk ýöredýän beýleki adamlaryň (subýektleriň) her bir hereketleri barada ýa-da Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda bellenen tertipde bildirilen nägilelikler we berlen temmi – töleg çäreleri barada şikaýat etmäge haky bardyr, ýöne töleg jedelsiz suratda töletdirilip alynýan halatlarda muňa girmeýär.

 

 

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti          Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri  

1993-nji ýyl, 1-nji oktýabr

№ 863 – ХП

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji fewralyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 01.10.1993
Resminamanyň belgisi № 863 – ХП