Ýangyn howpsuzlygy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ýangyn howpsuzlygy hakynda

(rejelenen görnüşi)

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 3-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 149-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde fiziki we ýuridik şahslaryň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek çygryndaky hukuk gatnaşyklaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) ýangyn – adamyň janyna we saglygyna zyýan, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz ot;

2) ýangyn howpsuzlygy‒ şahsyýetiň, emlägiň,jemgyýetiň we döwletiň ýangynlardan goraglylygynyň ýagdaýy;

3) ýangyn howpsuzlygynyň talaplary – ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygy, kadalaşdyryjy resminamalary ýa-da ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen durmuş we tehniki häsiýetdäki ýörite şertler;

4) ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmagy – ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmezligi;

5) ýangyna garşy düzgün‒ ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmalarynyň öňüni almagy we ýangynlary söndürmegi üpjün edýän, adamlaryň özlerini alyp baryş düzgünleriniň, önümçiligi guramagyň we jaýlary (çäkleri) saklamagyň tertibi;

6) ýangyn howpsuzlygynyň çäreleri‒ ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şol sanda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça hereketler;

7) ýangyna garşy gulluklar‒ ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi, şunuň bilen baglylykda ilkinji nobatdaky heläkçilikden halas ediş işlerini geçirmegi guramak üçin bellenilen tertipde döredilen dolandyryş edaralarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzüm birlikleriniň, güýçleriniň we serişdeleriniň, şol sanda ýangyna garşy düzümleriň jemi;

8) ýangynlary söndürmek‒ adamlary, emlägi halas etmäge we ýangynlary ýok etmäge gönükdirilen söweşjeň hereketler;

9) ýangyn söndürmek bilen baglylykda ilkinji nobatdaky heläkçilikden halas ediş işleri‒ ýangynlarda adamlary, emlägi, eýeçiligi halas etmek we howpsuz ýere çykarmak, ejir çekenlerelukmana çenli kömegi bermek boýunça ýangyna garşy gulluklaryň hereketleri;

10) ýangyn-tehniki önüm‒ ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenilen ýörite tehniki, ylmy-tehniki we başga önümler, şol sanda ýangyn tehnikasy we enjamlar, ýangyn esbaplary, ot söndüriji we otdan goraýjy jisimler, ýörite aragatnaşyk we dolandyryş serişdeleri, elektron hasaplaýyş maşynlary we maglumatlar gorlary üçin maksatnamalar, şeýle hem ýangynlaryň öňüni almagyň we söndürmegiň beýleki serişdeleri;

11) ýangyn howpsuzlygynyň garnizony‒ belli bir çäkde ýerleşen Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralarynyň, düzüm birlikleriniň, ýangyn howpsuzlygynyň okuw mekdepleriniň, pudaklaýyn degişliligine garamazdan beýleki ýangyna garşy düzümleriň jemi.

 

2-nji madda. Ýangyn howpsuzlygynyň hukuk esasy

 

1. Ýangyn howpsuzlygynyň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, ýangyn howpsuzlygynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Ýangyn howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamy we onuň esasy borçlary

 

1. Ýangyn howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamy – güýçleriň we serişdeleriň, şeýle hem ýangynlaryň öňüni almaga we söndürmäge gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady, durmuş we ylmy-tehniki häsiýetli çäreleriň jemi.

2. Ýangyn howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamynyň esasy borçlary şulardan ybaratdyr:

1) ýangyn howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk taýdan düzgünleşdirmek we döwlet çärelerini amala aşyrmak;

2) ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;

3) ýangyn howpsuzlygy çygrynda hukuklary, borçlary durmuşa geçirmek we jogapkärçilik derejesini kesgitlemek;

4) ýangyna garşy wagyz işlerini geçirmek we ilata ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmek;

5) Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiň we beýleki ýangyna garşy meýletin düzümleriň işlerine ýardam bermek we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge ilaty çekmek;

6) ýangyn howpsuzlygyny ylmy-tehniki taýdan üpjün etmek;

7) ýangyn howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamyny maglumat taýdan üpjün etmek;

8) ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet ýangyn gözegçiligini we beýleki barlag borçlaryny amala aşyrmak;

9) ýangyn howpsuzlygy çygrynda işleri ýerine ýetirmek we hyzmat etmek;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýangyn howpsuzlygy çygrynda amala aşyrylýan işleri (hyzmatlary) ygtyýarlylandyrmak we ýangyn howpsuzlygy çygrynda önümleri we hyzmatlarysertifikatlaşdyrmak;

11) ýangyna garşy ätiýaçlandyrmak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmekde beýleki durmuş çärelerini we ykdysady taýdan höweslendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmak;

12) ýangynlary söndürmek we ýangyn söndürmek bilen baglylykdailkinji nobatdaky heläkçilikden halas ediş işlerini geçirmek;

13) ýangynlary we olaryň netijelerini hasaba almak.

 

II BAP. ÝANGYN HOWPSUZLYGY

 

4-nji madda. Ýangyn howpsuzlygyny amala aşyrýan gulluklar we olaryň esasy wezipeleri

 

1. Türkmenistanda ýangyn howpsuzlygyny şu aşakdaky ýangyna garşy gulluklar amala aşyrýarlar:

1) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy;

2) pudaklaýyn ýangyn goragy;

3) meýletin ýangyn goragy.

2. Ýangyna garşy gulluklaryň ýangyn howpsuzlygy çygrynda esasy wezipeleri ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi guramakdan ybaratdyr.

 

5-nji madda. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy

 

1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyna garşy gulluklaryň esasy görnüşi bolup, ol Türkmenistanyň  Içeri işler ministrliginiň ulgamyna girýär.

2. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy:

1) ýangyn howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamagy we döwlet çärelerini amala aşyrmagy guraýar;

2) ýangyn howpsuzlygy çygrynda bir bitewi döwlet gözegçiligini guraýar we amala aşyrýar;

3) ilatly ýerleriň, hojalyk we beýleki desgalaryň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýangyna garşy goragyny, şeýle hem beýleki işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegi guraýar we amala aşyrýar;

4) ýangynlary söndürmegi üpjün edýär we amala aşyrýar;

5) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralarynyň we düzüm birlikleriniň işiniň maliýe we maddy-tehniki üpjünçiligini amala aşyrýar;

6) ýangyn howpsuzlygy çygrynda bir bitewi ylmy-tehniki syýasaty işläp taýýarlaýar we ony amala aşyrmagy guraýar;

7) ýangyna garşy gulluklaryň beýleki görnüşleriniň işlerine gözegçilik edýär we olary utgaşdyrýar;

8) ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birliklerinde ýangyn amaly sport bölümçeleriniň işiniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri guraýar we amala aşyrýar;

9) öz düzüm birlikleri we beýleki ýangyna garşy gulluklar üçin işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyamala aşyrýar;

10) täze gurulýan, durky täzelenýän we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylýan binalaryň we desgalaryň taslama-çykdajy we şähergurluşyk resminamalaryna seljerme geçirmek işlerini tölegli esasda amala aşyrýar;

11) jisimleriň, maddy zatlaryň, önümleriň, enjamlaryň we gurluşlaryňýangyn howpsuzlygyny synag etmek işlerini tölegli esasda amala aşyrýar;

12) ýangyn howpsuzlygy meseleleri boýunça halkara maslahatlaryna we sergilerine gatnaşýar;

13) Türkmenistanyňkanunçylygyna laýyklykda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň üstüne ýüklenen beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

3. Howa, deňiz, derýa we demir ýol ulag serişdeleriniň, şeýle hem ýüzýän deňiz we derýa serişdeleriniň hem-de desgalarynyň ulanylyşynda ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine gözegçilik etmek we olary utgaşdyrmak Döwletýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzümineTürkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirligi, welaýatlar we welaýat hukukly şäherler boýunça döwlet ýangyn howpsuzlygy bölümleri, ýangyn howpsuzlyk otrýadlary, etraplar, etrap hukukly şäherler boýunça döwlet ýangyn howpsuzlygy bölümçeleri we barlag gulluklary, harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölümleri, deňiz we derýa ýörite ýangyn howpsuzlyk bölümleri, ýangyn howpsuzlygynyň okuw mekdepleri we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň kärhanalary girýärler.

Döwletýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri şulardan ybaratdyr:

1) synag ýangyn howpsuzlygy merkezi;

2) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuw merkezi;

3) welaýatlaryň merkezlerinde,welaýat hukukly we beýleki şäherlerde guralýan ýangyn howpsuzlygynyň öňdebaryjy tejribelerini we ýangyn-tehniki bilimlerini wagyz ediş ýangyn-tehniki merkezleri;

4) ilatly ýerlerde ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi guramak maksady bilen döredilen çäk düzüm birlikleri;

5) kärhanalarda ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi guramak maksady bilen döredilen desga düzüm birlikleri;

6) uly ýangynlary, gaz we nebit çüwdürimleriniň ýangynlaryny söndürmek maksady bilen döredilen ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri;

7) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň kärhanalary.

5. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzüm birligi bolan Ýangyn howpsuzlygy müdirligi Döwletýangyn howpsuzlygy gullugyna ýolbaşçylyk edýär.

6. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzüminde ýangyn howpsuzlygynyň okuw mekdepleri döredilýär.

7. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralarynyň we düzüm birlikleriniň işini guramagyňtertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hakynda düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

 

6-njy madda. Döwlet ýangyn gözegçiligi

 

1. Döwlet ýangyn gözegçiligi – ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek we olaryň bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralarynyň we düzüm birlikleriniň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýan döwlet gözegçilik işiniň ýörite görnüşidir.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň ýolbaşçysy şol birwagtda Türkmenistanyň Döwlet ýangyn gözegçiligi boýunça baş döwlet gözegçisidir, onuň orunbasarlary şol birwagtda Döwlet ýangyn gözegçiligi boýunça baş döwlet gözegçisiniň orunbasarydyr.

3. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň düzüm birlikleriniň, welaýatlar we welaýat hukukly şäherler boýunça döwlet ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň, ýangyn howpsuzlyk otrýadlaryň ýolbaşçylary şol birwagtda Türkmenistanyň Döwlet ýangyn gözegçiligi boýunça uly döwlet gözegçileridir. Döwletýangyn howpsuzlygy gullugynyň ofiserler we kiçi gözegçiler wezipelerinde durýan adamlary şol bir wagtda Türkmenistanyň Döwlet ýangyn gözegçiligi boýunça döwlet gözegçileridir.

4. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wezipeli adamlarynyň döwlet ýangyn gözegçiligi amala aşyrylanda şulara hukugy bardyr:

1) ýangyn howpsuzlygy boýunça ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kadalaşdyryjy resminamalary özbaşdak ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlamaga, ylalaşmaga we tassyklamaga;

2) ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine bir bitewi döwlet ýangyn gözegçiligini amala aşyrmaga;

3) ýangyn howpsuzlygynyň çäreleriniň ýerine ýetirilişi barada ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna teklipler hödürlemäge;

4) ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek we olaryň bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen gije-gündiziň islendik wagty kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we beýleki obýektleriň çäklerinde, binalarynda, desgalarynda, jaýlarynda barlag etmäge we olary gözden geçirmäge;

5) öýlerde, hususy jaýlarda, başga ýaşaýyş otaglarynda, mellek ýerlerinde, şeýle hem ýazlaglarda, ulaghanalarda, beýleki kömekçi hojalyk jaýlarynda ýangyn-tehniki barlaglaryny geçirmäge;

6) gurluşyk meýdanlaryny (ugurlaryny) saýlap almak boýunça, şeýle hem gurluşygy (durkunyň täzelenmegi) tamamlanan desgalary ulanmaga kabul etmek boýunça toparlaryň işine çözüji ses hukugy bilen gatnaşmaga;

7) eýesiniň ýa-da buýrujynyň kärhanalarda, binalarda, desgalarda we beýleki obýektlerde gurluşyk, durkuny täzelemek, giňeltmek we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak işleriniň şähergurluşyk we taslama-çykdajy resminamalarynda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişi babatynda ýangyn howpsuzlygynyň hereket edýän kadalarynyň talaplaryndan esasly çykylan ýagdaýlaryna ýa-da görkezilen talaplaryň ýokdugyna seretmäge we şol ýagdaýlar boýunça ylalaşyk gazanmaga;

8) taslama we taslama-gözleg işlerini ýerine ýetirýän edaralarda, olaryň işläp taýýarlaýan taslama we taslama-çykdajylar sanawynyň resminamalarynyň ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryna laýyklygy boýunça saýlap alyş barlagyny geçirmäge;

9) işleriň, harytlaryň we hyzmatlaryň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmalaryny aradan aýyrmak üçin fiziki we ýuridik şahslara ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryknamalary bermäge;

10) ýangyn döremegine we adamlaryň howpsuzlygyna howp döredýän ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmalary ýüze çykarylanda kärhanalaryň (aýry-aýry önümçilikleriň), önümçilik bölekleriniň, enjamlaryň işini, binalary, desgalary, jaýlary ulanmagy, işleriň käbir görnüşlerini geçirmegi, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, binalarda, desgalarda we beýleki obýektlerde taslamalar işlenilip taýýarlanylanda, gurluşyk, düýpli abatlaýyş, durkuny täzelemek, giňeltmek, täzeden tehniki taýdan enjamlaşdyryş işleri geçirilende bu talaplar ýerine ýetirilmeýän halatlarynda olary doly ýa-da bölekleýin togtatmaga;

11) ýangyn-tehniki seljermeler, ýangyn-tehniki synaglar we barlag işlerini geçirmäge;

12) ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmalary we ýangynlar barada işler boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda anyklaýyşy geçirmäge;

13) önümçilikde bar bolan ýangynlar barada işler we maglumatlar boýunça Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralaryna we düzüm birliklerine wezipeli adamlary hem-de raýatlary çagyrmaga, olardan zerur bolan düşündirişleri, delilnamalary, resminamalary we olaryň göçürilen nusgalaryny almaga;

14) ýangyn howpsuzlygy kadalaryny bozanlygy ýa-daDöwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wezipeli adamlarynyň tabşyryknamalaryny we kararlaryny öz wagtynda  ýerine ýetirmänligi ýa-da ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýanlygy üçin taýýarlaýjylary (ýerine ýetirijileri, satyjylary) hem goşmak bilen raýatlara we wezipeli adamlara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda administratiw temmisini bermäge;

15) ýurdumyzda baýramçylyk, sport, medeni we beýleki köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän döwründe ýangyn howpsulygyny üpjün etmek maksady bilen çäreleriň geçiriljek ýerlerinde ýangyn-tehniki barlaglaryny geçirmäge we ýerine ýetirilmeli çäreler boýunça tabşyryknamalary bermäge;

16)Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdeleriniň gözleginiň, gazylyp alnyşynyň we nebit işleriniň beýleki görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň barşynda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine barlaglary we gözegçilikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirmäge.

5. Döwletýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleriniň wezipeli adamlary daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryň ýa-da daşary ýurt maýa goýumly ýuridik şahslaryň eýeçiligindäki obýektlerde döwlet ýangyn gözegçiligini amala aşyranlarynda şu maddada bellenen hukuklardan peýdalanýarlar.

6. Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk edaralaryň we halkara guramalaryň jaýlarynda, olaryň Türkmenistanyň raýatlygynda durmaýan işgärleriniň ýaşaýyş jaýlarynda, şonuň ýaly-da daşary ýurt gurluşyk kompaniýalarynyň eksterritorial hukuklardan peýdalanýan täze gurluşyk meýdanlarynda (binalarynda, desgalarynda) ýangyn-tehniki barlaglar diňe şol edaralaryň we guramalaryň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginehat üsti bilen resmi ýüzlenmesi esasynda, şeýle hem olaryň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Döwletýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleriniň wezipeli adamlary tarapyndan geçirilip bilner.

7. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň degişli gulluklary özleriniň ygtyýarlyklaryna laýyklykda öz tabynlygyndaky edaralarda we desgalarda ýangyn gözegçiligini amala aşyrýarlar.

8. Tokaýlarda, daglarda, sähralarda we öri meýdanlarda, şeýle hem ýerasty obýektlerde we partlaýyş işleri geçirilende ýangyn gözegçiligini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen döwlet edaralary amala aşyrýarlar.

 

7-nji madda. Döwletýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümi

 

1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň ulgamyna gulluga kabul edilen we bellenilen tertipde ýörite atlar dakylýan Türkmenistanyň raýatlary Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleridir. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri gullukçylar we raýat işgärleri bolup durýarlar.

2. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylary Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda gullugy geçmek hakynda düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gullugy geçýärler.

Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylaryna we raýat işgärlerine «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen hukuklar, borçlar we ýeňillikler degişlidir.

3. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylarynaTürkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan bellenilen nusgada olaryň şahsyýetini we wezipesini tassyklaýan gulluk şahadatnamasy we tapawutlandyryş nyşanlary berilýär. Şeýle hem olar görnüşi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan birmeňzeş nusgadaky lybas we oňa dakylýan nyşanlar bilen üpjün edilýär.

 

8-nji madda. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzüminiň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleri

 

1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümi hem-de olaryň maşgala agzalary döwlet goragynda durýarlar. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümine «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen hukuk wedurmuş taýdan gorag hem-de ýeňillikler kepillendirilýär.

2. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri we olar bilen bilelikde ýaşaýan maşgala agzalary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde hem-de esaslarda welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimlikleri (mundan beýläk – ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary) we Geňeşler, şeýle hem Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri haýsy kärhanalarda döredilen bolsa, şolar tarapyndan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

3. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gulluk borjuny ýerine ýetirmegi bilen şikes alan işgärleriniň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lukmançylyk gullugynda we onuň ýanyndaky Saglyk öýlerinde lukmançylyk kömegini tölegsiz almaga hukugy bardyr. Döwletýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň gulluk edýän ýerinde ýa-da ýaşaýan ýerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lukmançylykgullugy we onuň ýanyndaky Saglyk öýleri bolmadyk ýa-da ýörite lukmançylyk enjamlary bolmadyk halatynda, şeýle hem gaýragoýulmasyz halatlarda lukmançylyk kömegi bellenen tertipde pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan döwlet saglygy goraýyş edaralarynda, şonuň ýaly-da eýeçiligiň görnüşine garamazdan beýleki lukmançylyk edaralarynda amala aşyrylýar. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgäriniň özüni bejertmek üçin harçlan serişdeleri oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan tölenilýär.

4. Öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýa-da Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri haýsy kärhanalarda döredilen bolsa, şolaryň serişdeleriniň hasabyna doly möçberde dolunýar.

5. Zähmet şertleri zyýanly we howply kärhanalary ýangynlardan goraýan ýangyna garşy gulluklaryň işgärlerine şu kärhanalaryň işgärleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuk, durmuş taýdan goragy we ýeňillikleriň kepillendirmeleri degişlidir. Şu maksatlar üçin çykdajylar goralýan obýektleriň hasabyna geçirilýär.

6. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärlerine zähmet şertleri zyýanly we howply (ýangyn söndürmek bilen bagly) bolan işlerde  gulluk eden döwri üçin goşmaça tölegTürkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

9-njy madda. Hünär töwekgelligine bolan hukuk

 

1. Ýangyna garşy gulluklaryň işgäriniň ýangyny söndürmek bilen bagly hereketlerinde administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine degişli etmişleriň alamatlary bolup, eger olar hünär töwekgelligi ýagdaýynda amala aşyrylan bolsa, onda onuň hereketleri hukuk bozulmalaryna girmeýär.

2. Eger ýangynagarşy gulluklaryň işgäri ýangyn söndürilende ýaramaz netijeleriň öňüni almak üçin mümkin bolan ähli çäreleri görüp, töwekgellik bilen bagly bolmadyk hereketler arkaly kanuny maksady gazanyp bolmajakdygyna göz ýetirip, bolup geçýän ýagdaýlar we hakykat ýüzündäki ýagdaýlar barada özüne belli bolan maglumatlara gorä töwekgellik bilen hereket eden bolsa, şeýle halatlarda hünär töwekgelligi esaslandyrylandiýlip hasap edilýär.

3. Öz janlaryny howp astyna salyp ýangyn söndürmek ýa-da halas ediş işlerini geçirmek boýunça söweşjeň wezipeleri ýerine ýetiren raýatlara olaryň töwekgelligi üçin bellenen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hasabyna birwagtlaýyn pul kömegi berlip bilner.

4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýangyna garşy gulluklaryň gullukçylaryna we raýat işgärlerine ýangyn söndürmek we halas ediş işleri geçirilende töwekgelligi üçin öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde sylaglary berip bilerler.

 

10-njy madda. Ätiýaçlandyrma

 

1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylary we raýat işgärleri Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynda gulluk edýän (ýygnanyşyklara gatnaşýan) döwründe wepat bolan (ölen), ýaralanan, seňselän, ýanyk alan, maýyp bolan, kesellän halatlaryndan hereket edýän kanunçylyga laýyklykda hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişlidirler.

2. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylary we raýat işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe wepat bolan (ölen) halatynda ýa-da olaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda ýaralanmagy, seňselemegi, ýanyk almagy, kesellemegi zerarly gullukdan (ýygnanyşyklardan) boşadylandan soň bir ýyl geçmezden öň ätiýaçlandyryş puluny tölemek, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we birwagtlaýyn pul kömegini tölemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Ätiýaçlandyrylan adamyň gulluk etmegi (ýygnanyşyklara gatnaşmagy) bilen baglylykda oňa maýyplyk bellenilen halatynda, gullukdan boşadylandan soň bir ýyl geçmezden öň, şeýle hem agyr (ýeňil) ýaralanan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberde ätiýaçlandyryş puly tölenilýär.

4. Ätiýaçlandyrma Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine bölünip berilýän serişdeleriň, şeýle hem Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri haýsy kärhanalarda döredilen bolsa, şolaryň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möçberde amala aşyrylýar.

5. Pudaklaýyn we meýletin ýangyn goragynyň şahsy düzümi, şeýle hem ýangyn söndürmäge gös-göni gatnaşan beýleki adamlar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuk, durmuş goragy we ýeňillikleriň kepillendirmeleri degişlidir.

 

11-nji madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda maliýe we maddy-tehniki üpjünçilik

 

1. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda maliýe üpjünçiligi belli bir maksatly degişli býujetlerde aýratynlykda görkezmek bilen döwlet edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde meýilnamalaşdyrylýar we amala aşyrylýar.

2. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralaryny we düzüm birliklerini (şertnama esasynda döredilýän düzüm birliklerden başgalar), ýangyn-tehniki edaralaryny we ýangyn howpsuzlygynyň okuw mekdeplerini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Zerur bolan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmelerinden hem goşmaça serişdeler alnyp bilner.

3. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan kärhanalar bilen şertnamalar esasynda döredilen desga düzüm birlikleri şol kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna, zerur halatlarda bolsa maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmelerinden goşmaça serişdeleriň hasabyna hem saklanylýar.

4. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan kärhanalar bilen şertnamalar esasynda döredilen ýöriteleşdirilen düzüm birlikler şol kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna saklanylýar.

5. Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň we Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleriniň maddy-tehniki üpjünçiligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar. Pudaklaýyn we meýletin ýangyn goragynyň maddy-tehniki üpjünçiligi olaryň döredilen ýerleri (eýeleri) tarapyndan amala aşyrylýar.

 

12-nji madda. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň emlägi

 

1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan emlägi we gozgalmaýan emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde  kesgitlenýär.

2. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri döredilen kärhanalaryň maksatlaýyn emlägi Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň ýokarda durýan edarasy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ýerli edarasy bilen ylalaşmazdan şol emlägiň eýesi tarapyndan üýtgedilip bilinmez.

3. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri döredilen kärhanalar bellenilen kadalara laýyklykda şol düzüm birlikleri aragatnaşyk serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan jaýlar, binalar, desgalar, gulluk otaglary, ýangyn awtoulaglary, ýangyn-tehniki enjamlar we beýleki zerur emläklerbilen üpjün edýärler.

 

13-nji madda. Pudaklaýyn ýangyn goragy

 

1. Ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, kärhanalar we guramalar pudaklaýyn ýangyn goragynyň dolandyryş edaralaryny we düzüm birliklerini döredip bilerler.

2. Pudaklaýyn ýangyn goragynyň dolandyryş edaralaryny we düzüm birliklerini döretmegiň, üýtgedip guramagyň, ýatyrmagyň, olaryň işini, şahsy düzüminiň gulluk geçmegini amala aşyrmagyň şertleri, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilen ylalaşylan degişli düzgünnamalar bilen kesgitlenýär.

3. Pudaklaýyn ýangyn goragynyň dolandyryş edaralary we düzüm birlikleri zerurlyk ýüze çykanda beýleki ýangynlary söndürmäge çekilip bilinýär.

4. Pudaklaýyn ýangyn goragynyň dolandyryş edaralarynyň we düzüm birlikleriniň maliýe we maddy-tehniki üpjünçiligi olaryň döredilen kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Meýletin ýangyngoragy

 

1. Meýletin ýangyn goragy – munuň özi ilatly ýerlerde we kärhanalarda ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi guramakda raýatlaryň gatnaşmagynyň görnüşidir.

2. Meýletin ýangyn söndüriji – ýangynlaryň öňüni almak we olary söndürmek boýunça ýangyn goragynyň düzüm birlikleriniň işine meýletin esasda (zähmet şertnamasyny baglaşmazdan) gönüden-göni gatnaşýan raýatdyr.

3. Ýangyna garşy meýletin düzümleri döretmegiň, üýtgedip guramagyň, ýatyrmagyň we bellige almagyň hem-de meýletin ýangyn goragynyň düzüm birliklerini (toparçalaryny, toparlaryny) döretmegiň tertibi Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy we onuň ýerlerdäki düzüm birlikleri tarapyndan bellenýär.

4. Meýletin ýangyn goragynyň düzüm birlikleriniň (toparçalarynyň, toparlarynyň) maliýe we maddy-tehniki üpjünçiligi bu düzüm birlikleriniň (toparçalaryň, toparlaryň) döredilen kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň serişdeleriniň, şeýle hem maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

15-nji madda. Ýangyn-tehniki toparlary

 

1. Obýektleriň ýangynlardan ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryşedaralarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda ýangyn-tehniki toparlary döredilýär.

2. Ýangyn-tehniki toparlarynyň maksady, wezipeleri, hukuklarywe borçlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Ýangyn-tehniki toparlary hakynda düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

 

III BAP. ÝANGYN HOWPSUZLYGY ÇYGRYNDA ÝERINE ÝETIRIJI HÄKIMIÝET, ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ WE BEÝLEKI EDARALARYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

16-njy madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda TürkmenistanyňMinistrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Ýangyn howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) bitewi döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, ony amala aşyrmagyň strategik we taktiki çärelerini işläp taýýarlaýar;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar hem olary Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagyna hödürleýär;

3) ýangyn howpsuzlygy çygrynda şu Kanunyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar we gözegçilik edýär;

4) ýangyn howpsuzlygy çygrynyň işini maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüminde serişdeleri göz öňünde tutýar, ýangyn howpsuzlygy üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň ýerine ýetirilmegini meýilnamalaşdyrýar we oňa gözegçilik edýär;

5) ilatly ýerleriň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna saklanýan ýangyn howpsuzlygy düzüm birlikleriniň, şeýle hem öz serişdeleriniň hasabyna ýangyn howpsuzlygy gullugy hökman döredilýän pudaklaryň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we obýektleriň sanawyny belleýär;

6) döwlet hajatlary üçin çykarylmaly we iberilmeli ýangyn-tehnikiönümleriň atlaryny, möçberini tassyklaýar;

7) ýangyn howpsuzlygy boýunça döwlet standartlaryny, kadalaryny işläp taýýarlamagy guraýar we tassyklaýar hem-de olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

8) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenen tertipde berilýän beýleki serişdeleriň hasabyna saklanýan Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralaryny, düzüm birliklerini, ýangyn-tehniki, ylmy-barlag edaralaryny we ýangyn howpsuzlygynyň okuw mekdeplerini döretmegi, üýtgedip guramagy we ýatyrmagy amala aşyrýar;

9) ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň, ony durmuş we ykdysadytaýdan höweslendirmegiň, şol sanda ýangyn-tehniki önümleri öndürmek wesatyn almak, şeýle hem ýangyna garşy göreşe ilatyň gatnaşmagynyhöweslendirmegiň umumy ýörelgelerini belleýär;

10) ýangyn howpsuzlygy çygrynda ylmy we tehnikany ösdürmegi, esasyylmy barlaglary hem-de işläp taýýarlamalary utgaşdyrmak işini guramagy amalaaşyrýar;

11) ýangyn howpsuzlygy çygrynda ygtyýarlylandyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň umumy ýörelgelerini belleýär;

12) döwlet maglumat üpjünçiligi ulgamlaryny, şeýle hem ýangynlary weolaryň netijelerini hasaba almagy ýöretmegiň ulgamlaryny döretmegi guraýar;

13) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralaryna wedüzüm birliklerine raýat goragynyň ýangyna garşy gullugyny we çagyryştabşyryklaryny guramagyň umumy ýörelgelerini belleýär;

14) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri üçin işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmagy guramagy amala aşyrýar;

15) ýangyna garşy gulluklaryň tapawutlandyryş nyşanlaryny we lybaslaryny bellemek barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň tekliplerini Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagyna hödürleýär;

16) halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar we Türkmenistanyň çäginde ýangynlaryň öňüni almak hem olary ýok etmek boýunça daşary ýurt ýuridik şahslarynyň we raýatlarynyň işiniň tertibini kesgitleýär.

 

17-nji madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary we borçlary

 

l. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) ýangyn howpsuzlygynyň ýagdaýyny yzygiderli seljerýärler, bu meseleler boýunça çözgütleri kabul edýärler, meýilnamalary işläptaýýarlaýarlar we degişli çäklerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;

2) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birliklerini maliýeleşdirmek, olar üçin zerur bolan maddy-tehniki binýady döretmegi guramak boýunça teklipleri hödürleýärler;

3) ýangyn howpy artan halatynda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilen ylalaşyp, degişli çäklerde ýangyna garşy düzgünleri we ýangyn howpsuzlygynyň goşmaça talaplaryny belleýärler;

4) ýangyna garşy işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek, ýangyna garşy enjamlary taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen kärhanalary döretmäge hem-de olaryň işine ýardam berýärler;

5) ilatly ýerleriň, ýaşaýyş toplumlaryňwe degişli çäkleriň ýangyna garşy ýagdaýyny barlamagy amala aşyrýarlar we gözden geçirýärler, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga kärhanalary, edaralary we guramalary çekýärler;

6) tokaýlarda, daglarda, sähra we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek we ýangynlary söndürmek boýunça Ýangyna garşy we tebigaty goraýyş çärelerini geçirmek barada toparlary döredýärlerwe olaryň işini guraýarlar;

7) ilatly ýerleriň ýaşaýyş toplumlarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin raýatlardan bolan jemgyýetçilik ýangyn gözegçileriniň işini guraýarlar;

8) ilata ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmegi guraýarlar we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmekde raýatlaryň işjeň gatnaşmagy üçin çäreleri görýärler;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ilaty, zähmetkeşler köpçüligini we harby bölümleri ýangyna garşy göreşe gatnaşmaga çekýärler, wezipe sanawyna girmeýän ýangyn düzümlerini (toparlary, toparçalary, düzümleri, wezipe sanawyna girmeýän ýangyn gözegçileriniň toparlaryny, okuw-usulyýet merkezlerini, ýaş ýangyn söndürijileriň medeni öýlerini) döredýärler, olaryň (harby bölümlerden başgasynyň) işlerini barlaýarlar;

10) ýangyna garşy gulluklar üçin bellenen kadalara laýyklykda aragatnaşyk serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan jaýlary, binalary, desgalary, gulluk otaglary, ýangyn awtoulaglary, ýangyn-tehniki enjamlary we beýleki zerur emläkleri bilen üpjün edilen ýangyn howpsuzlyk bölümlerini gurmagy üpjün edýärler;

11) ilatly ýerleriň, hojalyk we beýleki desgalaryň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýangyna garşy meýletin düzümleri guraýarlar, olaryň we beýleki ýangyna garşy gulluklaryň öz wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyna, maddy-tehniki üpjünçiligine, olaryň hemişe söweşjeň ýagdaýyny saklamagyna, özlerine ynanylan tehnikanyň we esbaplarynyňabat saklanylmagyna olaryň jogapkärçiligini üpjün edýärler.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary şulara borçludyrlar:

1) tabynlygyndaky edaralarda we degişli çäklerde ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi guramaga;

2) öz üstlerine ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmekde ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birliklerine zerur bolan kömegi bermäge;

3) dörän ýangynlary söndürmek üçin ähli güýçleri we serişdeleri çekmäge;

4) ilatly ýerlerde ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi guramak üçin meýletin ýangyn gorag toparlaryny döretmäge;

5) ýangynlaryň öňüni almak we söndürmek boýunça işlere ilaty çekmek üçin şertleri döretmäge;

6) tokaýlarda, daglarda, sähra we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek we ýangynlary söndürmek boýunça ýangyna garşy we tebigaty goraýyş çärelerini geçirmek barada degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde meýilnamalary işläp taýýarlamagy guramaga;

7) ýangyna garşy wagyz işleriniň geçirilmegini we ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini ilata öwretmegi guramaga.

 

18-nji madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň borçlary

 

Ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda ýangyn howpsuzlygy çygrynda degişli çäklerde şulara borçludyrlar:

1) ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini işlap taýýarlamaga we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi guramaga;

2) ýangyn söndüriji serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilen ýangyndan goraýyş nokatlaryny döretmäge;

3) ýangyn howpsuzlygynyň üpjün ediliş ýagdaýy boýunça meselelere seretmäge we olar boýunça degişli çäreleri görmäge;

4) dörän ýangynlary söndürmek üçin ähli zerur güýçleri we serişdeleri çekmäge;

5) ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygy boýunça ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleriniň işlerini guramaga;

6) ýangyna garşy gulluklaryň işlerine ýardam bermäge;

7) ilata ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmegi guramaga.

 

19-njy madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hukuklary we borçlary

 

1. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň şulara hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirligi bilen şertnama baglaşmak esasynda öz serişdeleriniň hasabyna saklanylýan ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birliklerini bellenilen tertipde döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak barada teklipler girizmäge;

2) ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet häkimiýet edaralaryna teklipler girizmäge;

3) öz çäklerinde dörän ýangynlaryň sebäplerini we ýagdaýlaryny anyklamak boýunça işleri geçirmäge;

4) öz garamagynda durýan serişdeleriň hasabyna ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin durmuş we ykdysady höweslendiriş çärelerini bellemäge;

5) bellenilen tertipde ýangyn howpsuzlygynyň meseleleri boýunça, şol sanda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralaryndan we düzüm birliklerinden maglumatlar almaga.

2. Kärhanalar, edaralar we guramalar şulara borçludyr:

1) ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmäge, şeýle hem Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wezipeli adamlarynyň kararlaryny, tabşyryknamalaryny we beýleki kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge;

2) ýangyn howpsuzlygy boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga;

3) ýangyna garşy wagyz işlerini geçirmäge, şeýle hem öz işgärlerine ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmäge;

4) şertnama (ylalaşyk) baglaşylanda oňa ýangyn howpsuzlygynyň meselelerini girizmäge;

5) ýangyna garşy gorag ulgamlaryny we serişdelerini, ýangyn tehnikasyny we ýangyn-tehniki enjamlaryny, şeýle hem ýangynlary söndürmegiň ilkinji serişdelerini abat ýagdaýda saklamaga, olaryň başga maksatlar üçin ulanylmagyna ýol bermezlige;

6) bellenilen kadalara laýyklykda, şol sanda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirligi bilen şertnama esasynda ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birliklerini döretmäge we saklamaga;

7) ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birliklerine ýangynlary söndürmäge, olaryň döremeginiň we ýaýramagynyň sebäplerini we şertlerini, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmagynda we ýangynyň döremeginde günäkar adamlary anyklamaga ýardam bermäge;

8) çäklerinde ýangynlar söndürilende zerur güýçleri weserişdeleri, ýag-ýangyçserişdelerini, şeýle hem ýangynlary söndürmek boýunça söweşjeň hereketleri ýerine ýetirýän ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birlikleriniň işgärlerine we ýangynlary söndürmäge çekilen güýçlere bellenilen tertipde azyk önümlerini we dynç alar ýaly ýerleri bermäge;

9) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wezipeli adamlary öz gulluk borçlaryny amala aşyranlarynda olara çäklerine, jaýlaryna, binalaryna, desgalaryna we beýleki obýektlerine girmegi üpjün etmäge;

10) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wezipeli adamlarynyň talap etmekleri boýunça guramalaryň ýangyn howpsuzlygy ýagdaýy barada, şol sanda özleriniň öndürýän önümleriniň ýangyn howpy, şeýle hem çäklerinde bolan ýangynlar we olaryň netijeleri barada maglumatlary we resminamalary bermäge;

11) ýangynlaryň dörändigi, bar bolan ýangyna garşy gorag ulgamlarynyň we serişdeleriniň näsazlygy, ýollaryň we geçelgeleriň ýagdaýynyň üýtgändigi barada haýal etmän ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birliklerine habar bermäge;

12) ýangyna garşy meýletin düzümleriň işine ýardam bermäge.

 

IV BAP. ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK

 

20-nji madda. Ýangyn howpsuzlygy çygryny kadalaşdyryjy hukuk taýdan düzgünleşdirmek

 

1. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk taýdan düzgünleşdirmek – bu döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan ýangyn howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmekden ybaratdyr.

2. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy düzgünleşdirmek – buýangyn howpsuzlygynyň ýerine ýetirilmegi üçin hökmany bolan talaplarynyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan kadalaşdyryjy resminamalarda bellenmegidir.

3. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy resminamalara ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri, ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny öz içine alýan gözükdirijiler we beýleki resminamalar degişlidir.

4. Ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny belleýän ýa-da bellemäge degişli bolan standartlaşdyrma babatda ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan kabul edilýän standartlaşdyrma boýunça kadalaşdyryjy resminamalar Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşylmaga degişlidir.

5. Ýangyn howpsuzlygy boýunça beýleki kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlamagyň, herekete girizmegiň we ulanmagyň tertibi bellenilen tertipde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, şeýle hem degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşylandan soň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan bellenýär.

6. Ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryndan çykmagyň, şeýle hem kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilmedik ýangyn howpsuzlygynyň goşmaça talaplaryny ylalaşmagyň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan bellenýär.

 

21-nji madda. Ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek

 

1. Ýangyn howpsuzlygynyň çäreleri şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we ýangyn howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda, şeýle hem ýangyna garşy göreşiň tejribesi esasynda, jisimleriň, maddy zatlaryň, önümleriň, enjamlaryň, tehnologiýa işiniň, gurluşlaryň,binalaryň we desgalaryň ýangyn howplulygyna baha bermek esasynda işlenilip taýýarlanylýar.

2. Jisimleri, maddy zatlary, önümleri we enjamlary taýýarlaýjylar (iberijiler) bu jisimleriň, maddy zatlaryň, önümleriň we enjamlaryň ýangyn howplulygynyň degişli görkezijilerini, şeýle hem olar bilen iş salşylanda ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini olaryň degişli tehniki resminamalarynda hökman görkezýärler.

3. Kärhanalar, binalar, desgalar we beýleki obýektler üçin ýangyn howpsuzlygynyň çäreleri işlenip taýýarlananda we durmuşa geçirilende, şolsanda olaryň taslamasy taýýarlananda ýangynlar bolan halatynda howply ýerlerden adamlary tertipli çykarmak barada çözgütler hökman göz öňünde tutulýar.

4. Aýratyn ähmiýetli, partlama-ýangyn howply obýektleriň sanawyna laýyklykda adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi göz öňünde tutýan ýangynlary söndürmegiň meýilnamalary hökman işlenip taýýarlanýar.

 

22-nji madda. Ýangynlary söndürmek

 

1. Ýangyn howpsuzlygynyň garnizonlarynda ýangynlary söndürmegiň tertibi Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan bellenýär.

2. Ýangynlary söndürmek üçin güýçleri we serişdeleri çekmegiň tertibi Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan kesgitlenýär we welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň häkimleri we Geňeşleriň arçynlary tarapyndan tassyklanýar.

3. Belli bir çäkde ýerleşýän ýangyna garşy gulluklaryň, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik gulluklarynyň güýçleri we serişdeleri ýangyny ýok etmäge ýeterlik bolmadyk halatynda, onuň adatdan daşary ýagdaýa ýetmegi mümkindir.Şunda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde beýleki çäklerdäki ýangyna garşy gulluklaryň güýçleri we serişdeleri adatdan daşary ýagdaýlary weolaryň netijelerini ýok etmäge çekilip bilner.

4. Tokaýlarda, daglarda, sähralarda we öri meýdanlarynda ýangynlary söndürmegi guramak tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň gatnaşmagynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek we ýangynlary söndürmek üçin döredilen Ýangyna garşy we tebigaty goraýyş çärelerini geçirmek baradaky topary tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birlikleriniň ýangynlary söndürmägegitmegi we olary ýok etmegi hökmany tertipde amala aşyrylýar.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa,onda ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birlikleri ýangynlary söndürmegimuzdsuz amala aşyrýarlar.

6. Ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birliklerini çagyrmak üçin ilatly ýerleriň telefon aragatnaşyk ulgamynda ýeke-täk «01» belgili telefon oturdylýar.

7. Ýangynlar söndürilende adamlaryň howpsuzlygyny üpjünetmek, maddy gymmatlyklary we emlägi halas etmek boýunça zerur bolan hereketler amala aşyrylýar, şol sanda:

1) ýangynlaryň ýaýraýan (ýaýramagy mümkin bolan) we olaryň howply ýüze çykmalarynyň bolan ýerlerine, şol sanda kömege mätäç adamlaryň bolmagy ähtimal ähli ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik we beýleki jaýlaryna päsgeçiliksiz aralaşmak;

2) ýangynlaryň ýaýramagyna päsgel berýän we olaryň ýok edilmegini üpjün edýän şertleri döretmek, şol sanda ýangynyň ýaýramagyny aradan aýyrmak maksady bilen gözden geçirmek we söndürmek üçin germew gurluşlaryny açmak, sökmek we döwmek, gurlan zatlary sökmek we ýykmak, ýapyk gapylary we penjireleri açmak, şeýle hem şol işleri ýerine ýetirmek bilen bagly beýleki hereketleri amala aşyrmak;

3) daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalaryndan, konsullyk edaralaryndan, beýleki resmi wekilhanalaryndan we halkara guramalaryň wekilhanalaryndan başga, haýsy pudaga degişlidigine garamazdan aragatnaşyk, ulag serişdelerini we enjamlaryny muzdsuz esasda ulanmak;

4) ýangynlary söndürmek üçin kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylaryndan olaryň ygtyýaryndaky maddy-tehniki enjamlary, ýag-ýangyç serişdeleri bilen üpjün edilmegini, adamlaryň (işgärleriň) herekete getirilmegini, şeýle hem halas ediş işlerini netijeli geçirmek üçin zerur maglumatlaryň berilmegini, dört sagatdan köpe çeken dowamly we üznüksiz ýangynlar söndürilen halatynda bolsa, ýangyn söndürmäge gatnaşýanlaryň azyk önümleri we dynç almak üçin otaglar bilen üpjün edilmegini, sowuk we yssy howada ýyladyş we gyzgynlyk urgusynyň täsirinden goranyş mümkinçiliklerini guramaklaryny talap etmäge bolan hukugy amala aşyrmak;

5) ýangynlaryň bolýan ýerlerine barmagy çäklendirmek we gadagan etmek, şeýle hem ýangynlaryň töweregindäki ýerlerde ulaglaryň we pyýadalaryň hereketlerini çäklendirmek we gadagan etmek hem-de olary şu ýerleri taşlap gitmäge borçly etmek;

6) ýangynlaryň bolýan ýerlerinden adamlary, maddy gymmatlyklary we emlägi guramaçylykly çykarmak.

8. Ýangyny söndürmäge gönüden-göni ýolbaşçylygy (eger başgaça bellenilmedik bolsa), ýangyny söndürmegiň ýolbaşçysy, ýangyn bolan ýere gelen Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň uly wezipeli adamy amala aşyrýar, şol şahs ýangyny söndürmek boýunça söweşjeň hereketleri ýerine ýetirmäge gatnaşýan Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümini, şeýle hem ýangyny söndürmäge çekilen güýçleri bitewi baştutanlyk esasynda dolandyrýar.

9.Ýangyny söndürmegiň ýolbaşçysy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine, ýangyny söndürmek boýunça hereketleri ýerine ýetirmäge gatnaşýan we ýangyn söndürmäge çekilen güýçleriň, ýangyna garşy gulluklaryň şahsy düzüminiň howpsuzlygyna jogap berýär.

10.Ýangyny söndürmegiň ýolbaşçysy ýangyny söndürmek boýunça hereketleriň amala aşyrylmaly çäginiň serhetlerini, görkezilen hereketleriň aýratynlyklaryny we tertibini belleýär, şeýle hem ýangynda adamlary, maddy gymmatlyklary we emlägi halas etmek barada çözgütleri kabul edýär. Zerurlyk ýüze çykan halatynda ýangyn söndürmegiň ýolbaşçysy beýleki çözgütleri, şol sanda görkezilen çäkde wezipeli adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryny çäklendirýän çözgütleri hem kabul edýär.

11.Ýangyny söndürmek boýunça hereketler amala aşyrylýan çäklerde ýangyny söndürmegiň ýolbaşçysynyň görkezmesi ähli wezipeli adamlar we raýatlar üçin hökmanydyr. Ýangyn söndürilende ýangyny söndürmegiň ýolbaşçysynyň hereketlerine gatyşmaga ýa-da onuň görkezmelerini ýatyrmaga ýangyna garşy gulluklaryň oňa ygtyýarly wezipeli adamlaryndan başga hiç kimiň haky ýokdur.

12. Ýangynlar söndürilende ýetirilen maddy zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir. Bialaç zerurlyk we hünär töwekgelligi şertlerinde hereket eden ýangyn söndürmage gatnaşýan Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümi we beýleki gatnaşyjylar ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan boşadylýarlar.

13.Şu aşakdaky halatlarda ýangyna garşy gulluklaryň gullukçylary, raýat işgärleri we beýleki raýatlar döwlet sylaglaryna hödürlenilip bilner:

1) ýangyn söndürmekde, adamlary halas etmekde, Türkmenistanyň milli ruhy we medeni baýlyklaryny hem-de raýatlaryň emlägini otdan goramakda görkezen batyrlygy, edermenligi we gaýratlylygy üçin;

2) ýangyn söndürmekde we adamlary halas etmekde ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birlikleriniň söweşjeň işlerine başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edendigi üçin;

3) partlamalaryň we ýangynlaryň öňüni almakda görkezen edermenligi, gaýratlylygy we tutanýerliligi üçin;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

 

23-nji madda. Ýangyn-tehniki önümleri öndürmek

 

1. Ýangyn-tehniki önümler döwlet buýurmasy esasynda, şeýle hem telekeçilik işi tertibinde öndürilýär. Ýangyn-tehniki önümleri öndürmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Ýangyn-tehniki önümlere döwlet buýurmasyny ýerine ýetirmek boýunça işleri guramak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

24-nji madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek

 

Ýangyn howpsuzlygy çygrynda işler we hyzmatlar ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi üpjün etmek maksatlary bilen ýerine ýetirilýär.Ýangyn howpsuzlygy çygrynda işlere we hyzmatlara şular degişlidir, ýagny:

1) şertnamalaýyn esasda ilatly ýerleri, kärhanalary we beýleki obýektleri ýangynlardan goramak;

2) ýangyn-tehniki önümleri öndürmek, synagdan geçirmek, satyn almak we ibermek;

3) taslama we gözleg işlerini ýerine ýetirmek;

4) ylmy-tehniki maslahatlary bermek we seljerme geçirmek;

5) jisimleriň, maddy zatlaryň, önümleriň, enjamlaryň we gurluşlaryňýangyn howpsuzlygyny synag etmek;

6) ilata ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmek;

7) ýangyna garşy wagyz işlerini geçirmek, ýörite edebiýatlary we mahabat önümlerini neşir etmek;

8) otdan goraýyş we turba-peç işleri;

9) ýangyna garşy gorag ulgamlaryny we serişdelerini gurnamak, tehniki hyzmat etmek we abatlamak;

10) ýangyn esbaplaryny, ýangynlary söndürmegiň ilkinji serişdelerini abatlamak we olara hyzmat etmek, ot söndüriji serişdeleriň hilini dikeltmek;

11) binalary, desgalary, ýangyna garşy gulluklaryň jaýlaryny we ýangyn howuzlaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek we abatlamak;

12) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralary tarapyndan sanawy bellenilýän ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen beýleki işler we hyzmatlar.

 

25-nji madda. Ýangyna garşy wagyz we ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmek

 

1. Ýangyna garşy wagyz – bu köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi, ýörite edebiýatlary we mahabat önümlerini neşir etmek we ýaýratmak, ýörite mowzuklaýyn sergileri, gözden geçirişleri, ylmy maslahatlary geçirmek we ilaty habarly etmegiň Türkmenistanyň kanunçylygyda göz öňünde tutulan beýleki görnüşlerini ulanmak arkaly ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri we ýollary barada jemgyýeti maksada gönükdirilen habarly etmekdir.

2. Ýangyna garşy wagzy döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birlikleri we guramalar geçirýärler.

3. Işgärlere ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmek iş berijiler  tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýänlere we bilim edaralarynda okaýanlara ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini hökmany öwretmek degişli edaralar tarapyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşylan ýörite maksatnamalar boýunça amala aşyrylýar.

5. Bilimi dolandyryş edaralary we Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm birlikleri tarapyndan Ýaş ýangyn söndüriji toparlary hakynda düzgünnama esasynda ýaş ýangyn söndürijileriň toparlary döredilip bilner. Görkezilen adamlara ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini okatmagyň, öwretmegiň maksatnamasynyň we tertibiniň mazmunyna bolan talap Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan kesgitlenýär.

6. Türkmenistanyň ilatyna ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmek işi ýangyn howpsuzlygynyň öňdebaryjy tejribelerini we ýangyn-tehniki bilimleri wagyz ediş ýangyn-tehniki merkezlerinde, şeýle hem kärhanalarda we beýleki ýerlerde geçirilýär.

 

26-njy madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda maglumat üpjünçiligi

 

1. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda maglumat üpjünçiligi ýangyn howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamynda öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýörite maglumatlar ulgamlaryny we zerur bolan görkezijiler goruny (mundan beýläk – maglumat ulgamlary) döretmek we ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

2. Ýangyn howpsuzlygy barada maglumatlary maglumat ulgamlaryna girizmegiň esaslary we tertibi, şeýle hem olar bilen wezipeli adamlary we raýatlary tanyşdyrmagyň şertleri hem-de tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy we ýangyn howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalar bilen bellenýär.

3. Meteorologiýa gulluklary we beýleki ygtyýarly döwlet edaralary ýangyn howpsuzlygy üçin ýakymsyz wakalar we çaklamalar barada Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna haýal etmän we muzdsuz habar bermäge borçludyrlar.

4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri haýal etmän we muzdsuz ýangyn howpsuzlygynyň meseleleri boýunça zerur bolan habarlary çap etmäge, ýaýlyma bermäge hem-de wagyz ediji filmleri öndürmäge we görkezmäge borçludyrlar.

5. Ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kabul edilen çözgütler barada ilaty habarly etmelidirler we ýangyn-tehniki bilimleri ýaýratmaga ýardam bermelidirler.

 

27-nji madda. Ýangynlary we olaryň netijelerini hasaba almak

 

1. Türkmenistanda ýangynlaryň we olaryň netijeleriniň statistik maglumatlarynyň umumy döwlet ulgamy hereket edýär.

2. Ýangynlar we olaryň netijeleri boýunça statistik maglumatlary hasaba almak we döwlet statistik hasabatlylygyny alyp barmak döwlet statistika edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, eýeçiligiň görnüşine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri düzüm birliklerinde we degişli ýerlerinde bolup geçen ýangynlar barada doly we dogry maglumatlary bellenilen tertipde döwlet statistika edaralaryna berýärler.

4. Ýangynlary döwlet hasabatyna almagyň düzgünleri, ýangynlar we olaryň netijeleri barada maglumat bermegiň tertibi we möhletleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiwe beýleki degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilenylalaşylypTürkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.

5. Türkmenistanyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we olary amala aşyrmagy guramak üçin degişli dolandyryş-çäk birlikleri, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklary boýunça ýangynlar barada umumylaşdyrylan maglumatlar Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine iberilýär.

 

28-nji madda. Ýangyna garşy ätiýaçlandyrma

 

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndansanawy tassyk edilýän Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan ýuridik şahslar, şol sanda daşary ýurt ýuridik şahslar emlägini hem-de ýangyn sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny geçirmelidirler.

2. Ýuridik şahslaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

3. Ýangynlaryň öňüni almak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryndan serişdeler bölünip goýberilýär. Çäreleriň sanawy, bölünip goýberilýän serişdeleriň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Ýuridik şahslaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň tertibinde görkezilýär.

 

29-njy madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda salgyt ýeňillikleri

 

Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralary we düzüm birlikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan borçlaryny amala aşyranlarynda olara salgyt ýeňillikleri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy tarapyndan bellenýär.

 

30-njy madda. Ygtyýarlylandyrmak

 

1. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda ygtyýarlylandyrmaga degişli işleriň görnüşleri, ygtyýarlylandyrmagyň tertibi «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenýär.  

2. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan işleriň ygtyýarnamasyz ýa-da ygtyýarlylandyrmagyň talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy bilen amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

3. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda işler TürkmenistanyňIçeri işler ministrligi tarapyndan berilýän ygtyýarnamalar esasynda amala aşyrylýar.

4. Ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegi ygtyýarlylandyrmaga degişli işleriňgörnüşleriniň hemmesi üçin hökmanydyr.

 

31-nji madda. Sertifikatlaşdyrmak

 

1. Ýangyn howpsuzlygy babatynda sertifikatlaşdyrmak Türkmenistanyň kanunynçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Ýangyn howpsuzlygynyň sertifikaty laýyklyk sertifikatynyň hökmany düzüm bölegidir.

3. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda hökmany sertifikatlaşdyrmaga degişli önümleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda sertifikatlaşdyrmagy guramagyň we geçirmegiň tertibi «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy bilen ylalaşmak boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.

5. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň bahasyny tölemek önümleri we hyzmatlary taýýarlaýjy (satyjy, ýerine ýetiriji) tarapyndan geçirilýär.

 

32-nji madda. Ýangyn howpsuzlygynyň ylmy-tehniki üpjünçiligi

 

1. Ýangyn howpsuzlygynyň ylmy-tehniki üpjünçiligini ylmy-barlag, tejribe-gurnamaçylyk, taslama we beýleki ylmy-tehniki edaralary, şeýle hem degişli okuw mekdepleri amala aşyrýarlar.

2. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň býujetleriniň, şeýle hem maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

3. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wezipelerini durmuşa geçirmek üçin ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilýär.

4. Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, kärhanalar ýangyn howpsuzlygy çygrynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň kanuny bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen täze tehnologiýalar we önümler döredilende zerur ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary geçirmegi guraýarlar.

 

 

V BAP. ÝANGYN HOWPSUZLYGY ÇYGRYNDA RAÝATLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY HEM-DE JOGAPKÄRÇILIK

 

33-nji madda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda raýatlaryň hukuklary we borçlary

 

1. Raýatlaryň şulara hukugy bardyr, ýagny:

1) ýangyn dörän halatynda öz janynyň, saglygynyň we emläginiň goralmagyna;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýangynyň ýetiren zyýanynyň öweziniň dolunmagyna;

3) özleriniň saglygyna we emlägine zyýan ýetiren ýangynyň sebäplerini anyklamak işine gatnaşmaga;

4) ýangyn howpsuzlygynyň meseleleri boýunça, şol sanda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralaryndan we düzüm birliklerinden maglumatlary bellenilen tertipde almaga;

5) ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda meýletin ýangyn goragynyň işine bellenilen tertipde gatnaşmaga.

2. Raýatlar şulara borçludyrlar:

1) ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

2) degişli dolandyryş edaralary tarapyndan tassyklanan ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerine we sanawlaryna laýyklykda eýeçiliginde (ulanmagynda) bolan jaýlarda we gurluşyklarda ýangyny söndürmegiň ilkinji serişdeleriniň we ýangyna garşy enjamlaryň bolmagyna;

3) ýangynlar ýüze çykan halatynda bu barada haýal etmän ýangyna garşy gulluklary habarly etmäge;

4) ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birlikleri gelip ýetişýänçä, adamlary, maddy gymmatlyklary, emlägi halas etmek we ýangynlary söndürmek üçingüýjüniň ýeten çärelerini görmäge;

5) ýangynlary söndürmekde ýangyna garşy gulluklaryň düzüm birliklerine hemaýat etmäge;

6) tokaý, dag, sähra we öri meýdan zolaklarynda üznüksiz we dowamly ýangynlar bolan halatlarynda olary söndürmage işeňňir gatnaşmaga;

7) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wezipeli adamlarynyň tabşyryknamalaryny, kararlaryny we beýleki kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge;

8) ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek we olaryň bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wezipeli adamlaryna özlerine degişli önümçilik, hojalyk, ýaşaýyş we beýleki jaýlary we binalary barlamaga mümkinçilik döretmäge.

 

34-nji madda. Ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

1. Ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulandygy üçin şular Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler:

1) emlägiň eýeleri;

2) emläge eýelik etmäge, ulanmaga ýa-da ygtyýar etmäge ygtyýarlyadamlar, şol sanda ýuridik şahslaryň ýolbaşçylary;

3) bellenilen tertipde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin jogapkär hökmünde bellenen adamlar;

4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde wezipeli adamlar.

2. Eger degişli şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýaşaýyş  jaýlarynda, öýlerinde (otaglarynda) ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik olaryň eýeleriniň ýa-da olary kärendesine alýan şahslaryň üstüne ýüklenýär.

3. Ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulanlygy üçin şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar we beýleki raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

4. Ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmagynda günäkär fiziki we ýuridik şahslar ýetiren zyýanynyň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde dolmaga borçludyrlar.

 

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

35-njimadda. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda halkara hyzmatdaşlygy

 

Türkmenistan ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ähli babatda ýardam berýär, ýangyn howpsuzlygynyň halkara ulgamynyň çäklerinde beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär we goldaýar.

 

36-njy madda. Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçilik

 

Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

37-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

38-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                        Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary.

№ 318-V.

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 12.01.2016
Resminamanyň belgisi № 318-V