Meýletinçilik hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Meýletinçilik hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 5-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 665-V Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun meýletinçiligiň hukuk esaslaryny belleýär, meýletinçilik işiniň esasy ýörelgelerini we görnüşlerini, maksatlaryny we wezipelerini, bu işi amala aşyrmagyň esasy görnüşlerini we tertibini, şeýle hem meýletinçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerini kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) meýletinçilik – durmuş taýdan hyzmat etmegiň görnüşi, raýatlaryň (meýletinçileriň) öz başlangyçlary boýunça we muzdsuz işleri netijesinde meýletinçilik kömegini alyjylaryň bähbitlerinde hyzmat etmeklerinde, bilimlerini we başarnyklaryny bermeklerinde ýa-da jemgyýetçilik bähbitli işe gatnaşmaklarynda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň jemi;

2) meýletinçi – işden (okuwdan) boş wagty özi meýletinçilik işini amala aşyrýan Türkmenistanyň raýaty, şeýle hem daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadykadam;

3) jemgyýetçilik bähbitli ugurlar – durmuş goldawy we raýatlaryň goragy, hemaýatkärlik, saglygy goraýyş, ylym we bilim, medeniýet we sungat, syýahatçylyk we sport, daşky gurşawy goramak we jemgyýetçilik ähmiýeti bolan beýleki ugurlar;

4) meýletinçilik kömegini alyjy – meýletinçileriň kömegine mätäçlik edýän we meýletinçilik işi olaryň bähbitlerine amala aşyrylýan fiziki ýa-da ýuridik şahs, durmuş topary, bütewi jemgyýet;

5) daşary ýurtly meýletinçi – Türkmenistandaky meýletinçilik guramasy bilen meýletinçilik şertnamasy boýunça we şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda meýletinçilik işini amala aşyrmak maksady bilen wagtyň üznüksiz dowamynyň içinde – on iki aýdan köp bolmadyk wagtda kanuny esaslarda Türkmenistanyň çägine gelýän daşary ýurt raýaty bolan ýa-da raýatlygy bolmadyk meýletinçi;

6) meýletinçilik işi – şu Kanunda göz öňünde tutulan şekillerde we görnüşlerde işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek arkaly raýatlaryň (meýletinçileriň) erkini beýan etmeginiň esasynda muzdsyz amala aşyrylýan meýletin iş;

7) meýletinçilik maksatnamasy – meýletinçileriň guramaçylykly işini peýdalanmak bilen durmuşa geçirilýän we durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen çäreleriň toplumy;

8) meýletinçilik çäresi – gatnaşyjylary meýletinçiler bolup durýan, anyk durmuş ähmiýetli wezipeleri çözmäge gönükdirilen bir gezeklik çäre;

9) meýletinçilik guramasy – «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bellige alnan jemgyýetçilik guramasy ýa-da meýletinçilik işiniň guramaçysy bolup çykyş edýän, meýletinçilik maksatnamalaryny ýa-da meýletinçilik çärelerini amala aşyrýan, olaryň adyndan we tabşyrmagy boýunça hereket edýän meýletinçileri öz işine çekýän, Türkmenistanyň çäginde döwlet bellige alynmasy bolan (wekilhana) halkara hökümete dahylsyz täjirçilik däl guramasy;

10) meýletinçilik şertnamasy – meýletinçi diýlip atlandyrylýan fiziki şahs bilen meýletinçilik guramasy diýlip atlandyrylýan ýuridik şahsyň arasynda raýat-hukuk şertnamasy görnüşinde baglaşylan ylalaşyk, ol boýunça birinji şahs ikinjiniň öňünde pul ýa-da beýleki maddy hak heşdegi almazdan jemgyýetçilik bähbitli belli bir işi amala aşyrmaga borçlanýar;

11) meýletinçiniň şahsy kitapçasy – fiziki şahsyň meýletinçi hökmünde işini tassyklaýan, bellenilen görnüşdäki resminama;

12) meýletinçileriň döwlet sanawy – sanaw bolup, oňa meýletinçilik maksatnamalaryna ýa-da meýletinçilik çärelerine gatnaşyjylar hökmünde meýletinçiler, şeýle hem şunuň ýaly işe gatnaşmak hakynda erkini meýletin beýan eden adamlar goşulýar;

13) meýletinçiligiň maglumat tory – meýletinçilik işine ýardam etmek boýunça anyk teklipleri, maksatnamalary öňe ilerletmek mehanizmlerini üpjün edýän Internetde açyk maglumat serişdesi;

14) meýletinçileri utgaşdyryjy – meýletinçileri gözükdirmek, olaryň arasyndaky işi paýlamak, her bir meýletinçiniň iş ornuny we möçberini kesgitlemek, olaryň işini ýerine ýetirişine gözegçilik etmek, şeýle hem meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň, beýleki ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen we beýleki meýletinçilik guramalary bilen gös-göni hereket etmegiň bar bolan ygtyýarlyklary ýaly wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen meýletinçilik guramasy tarapyndan onuň agzalarynyň hataryndan bellenilýän meýletinçilik guramasynyň meýletinçisi ýa-da işgäri.

 

2-nji madda. Meýletinçilik işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Meýletinçilik işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we meýletinçilik işi hakynda meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaka garanda başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3. Şu Kanun maşgala, dostlukly ýa-da hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasynda amala aşyrylýan aýry-aýry meýletinçilik çärelerine degişli däldir.

 

3-nji madda. Meýletinçilik işiniň subýektleri

 

Şu aşakdakylar meýletinçilik işiniň subýektleridir:

1) meýletinçiler;

2) meýletinçilik guramalary;

3) meýletinçilik kömegini alyjylar;

4) meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy;

5) öz ygtyýarlyklaryndaky çäklerinde meýletinçilik işine ýardam etmek böleginde ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

6) meýletinçilik işiniň guralmagyna we amala aşyrylmagyna göni ýa-da bir zadyň üsti bilen gatnaşýan, meýletinçilik işi tertipnamalaýyn resminamalarynda kesgitlenen beýleki ýuridik şahslar, şonuň ýaly-da fiziki şahslar.

 

4-nji madda. Meýletinçilik işiniň maksatlary we wezipeleri

 

1. Şu aşakdakylar meýletinçilik işiniň maksatlarydyr:

1) jemgyýetde raýatyň ornuny, durmuş taýdan jogapkärçilik duýgusyny, raýdaşlygy, özara kömegi we rehimdarlygy döretmek;

2) jemgyýetçilik ähmiýetli çärelere olary guraýjylaryň razylygy bilen muzdsuz gatnaşmak;

3) kömege mätäçlik edýän adamlara we durmuş toparlaryna muzdsuz kömek bermek;

4) durmuş tejribesine çekmek arkaly raýatlara özüni görkezmäge, öz mümkinçiligini durmuşa geçirmäge we mynasyp sylag hormata eýe bolmaga mümkinçilik bermek.

2.Şu aşakdakylar meýletinçilik işiniň wezipelerine degişlidir:

1) durmuş wezipelerini çözmekde we jemgyýetçilik ähmiýetli çärelerini geçirmekde döwlete, edaralara, telekeçilik gurluşlaryna, hususy şahslara we maşgala toparlaryna kömek bermek;

2) raýatlara ýaşaýyş durmuş howpsuzlygynyň esaslaryna, ilkinji kömek bermegiň, ekologik goragyň, ilatyň dürli derejedäki gatlaklary bilen durmuş işini alyp barmagyň endiklerine eýelik etmekde kömek bermek;

3) hünär gözükdirmäni höweslendirmek we hünär endiklerini kemala getirmek;

4) raýatlara durmuş wezipeleri çözülende öz mümkinçiliklerini görkezmekde we özbaşdak guramaçylyk endiklerini almakda kömek bermek;

5) meýletinçileriň işgärler ätiýaçlygyny taýýarlamak;

6) ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga we sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, medeni mirasy aýap saklamaga, ýaşlara watançylyk we ekologik terbiýe bermäge gönükdirilen köp görnüşli jemgyýetçilik işine raýatlary çekmegiň mehanizmlerini döretmek;

7) ýurduň ilatynyň arasynda durmuş taýdan hyzmat etmegiň ideýalaryny we  ýörelgelerini ýaýratmak;

8) meýletinçilik işini guramaga we amala aşyrmaga gönükdirilen ýaşlar başlangyçlaryny ösdürmek we goldamak.

 

5-nji madda. Meýletinçilik işiniň esasy ýörelgeleri

 

Türkmenistanda meýletinçilik işi şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) meýletinçileriň işi amala aşyrylanda erkin isleg bildirişi beýan etmek, meýletinlik, dogruçyllyk, deňhukuklylyk we kanunylygyň berjaý edilmegi;

2) adamyň we raýatyň hukuklaryny, Türkmenistanyň kanunçylygyny, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we jemgyýetçilik düzgünini hökman berjaý etmäge esaslanan meýletinçilik işi saýlananda maksatlary, formalary, görnüşleri we usullary kesgitlemegiň erkinligi;

3) şahsyýetiň, maşgala syrynyň, raýatlaryň hususy maglumatlarynyň ýaşyrynlyk hukuklaryny hökmany berjaý etmek bilen meýletinçilik işi hakynda habaryň aýanlygy we umumy elýeterliligi;

4) ynsanperwerlik, meýletinçilik kömegini alyjynyň hem-de meýletinçiniň özüniň – adam we raýat hökmünde hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek;

5) meýletinçileri deň mümkinçilikleriň esasynda we kemsitmezden çekmek hem toplamak;

6) meýletinçiniň öz hukuklaryny we borçlaryny bilmekligi, olarda meýletinçileriň amaly goşandyny nazarda tutýan bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we iş tejribesiniň bolmagy;

7) meýletinçilik işini meýletinçilik kömegini alyjydan ýa-da meýletinçilik guramasyndan meýletinçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly harajatlaryň öwezini dolmakdan başga haýsydyr bir pul ýa-da beýleki maddy hak-heşdegi almazdan amala aşyrmak;

8) meýletinçilik işinde syýasy partiýalary goldamaga, sala-salşyklary geçirmäge, şeýle hem durmuş ýa-da maddy bähbitleri almak maksady bilen täjirçilik dellalçylygyny, harytlary, işleri, hyzmatlary täjirçilik taýdan öňe ilerletmäge bolan gönükdirmeleriň bolmazlygy;

9) ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny çalyşmaga ýol bermezden meýletinçilik işini amala aşyrmak;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän tertipde we görnüşlerde döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan meýletinçilik işini goldamak;

11) meýletinçiniň ömrini we gurşap alýan ilatyň ömrini, olaryň emlägini aýap saklamak, daşky gurşawy goramak howpsuzlygyny üpjün etmek;

12) meýletinçilik işi babatda deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy.

 

II BAP. MEÝLETINÇILIK IŞINIŇ ESASY GÖRNÜŞLERI. MEÝLETINÇILIK IŞINI AMALA AŞYRMAGYŇ

TERTIBI WE GÖRNÜŞLERI

 

6-njy madda. Meýletinçilik işiniň esasy görnüşleri

 

Şu aşakdakylar meýletinçilik işiniň esasy görnüşlerine degişlidir:

1) ýaşlaryň, çagalar we ýaşlar hereketleriniň, çagalar we ýaşlar guramalarynyň başlangyçlaryny goldamak;

2) çagalaryň we ýaşlaryň watançylyk, ruhy-ahlak terbiýesine ýardam etmek;

3) syrkawlara we garrylara seretmek, maýyplara, urşuň we zähmetiň weteranlaryna kömek etmek;

4) ýetim çagalaryň, ata-eneleriň howandarlygyndan galan çagalaryň, agyr durmuş ýagdaýynda bolýan çagalaryň durmuş taýdan dikeldilmegine gatnaşmak, maşgalalarda çagalara seretmek;

5) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda gözegçiliksizliginiň we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça işe gatnaşmak;

6) raýat goranyşy boýunça çärelere gatnaşmak;

7) tebigy betbagtçylyklaryň, ýangynlaryň, epidemiýalaryň we epizotiýalaryň, ekologik, tehnogen we beýleki betbagtçylyklaryň netijesinde ejir çeken adamlara kömek etmek;

8) tebigy betbagtçylyklar barada, ekologik, tehnogen we beýleki betbagtçylyklar hakynda ilatyň habarly edilmegine, olara taýýarlyk görülmegine we olaryň netijesiniň ýeňilip geçilmegine gatnaşmak;

9) daşky gurşawy goramaga we gorap saklamaga, ekologik çärelere we çäkleriň abadanlaşdyrylmagyna gatnaşmak;

10) bosgunlara we mejbury göçüp gelenlere, şeýle hem keseki kömege we goldawa mätäç bolan adamlaryň beýleki gatlaklaryna we toparlaryna, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan goramak çygrynyň edaralarynda kömek etmek;

11) çagalaryň we ýaşlaryň ylmy-tehniki, çeper döredijiliginiň ösdürilmegine ýardam etmek;

12) arheologik, etnografik we beýleki ylmy ekspedisiýalara, rejeleýiş, abatlaýyş işlerine gatnaşmak;

13) ýadygärliklere we gonamçylyklara seretmek, tokaý hojalyklaryndaky we goraghanalardaky iş (tokaýlary arassalamak, agaç oturtmak we beýleki işler);

14) medeni mirasyň we taryhy medeni gurşawyň, taryhy we medeni ýadygärlikleriň aýalyp saklanmakdaky işlerine gatnaşmak;

15) bilimiň, ylymyň ösdürilmegine, bilimleriň ýaýradylmagyna, innowasiýalary goldamaga gatnaşmak;

16) bedenterbiýäniň, sportuň we işjeň dynç alşyň, durmuş syýahatçylygynyň ösdürilmegine gatnaşmak;

17) umumydöwlet, sebitleýin we halkara derejelerinde bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň we sport ýaryşlarynyň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşmak;

18) sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, jemgyýet üçin howply keselleriň ýaýramagyna garşy hereket etmek boýunça öňüni alyş işini guramak we geçirmek;

19) medeni, tomaşa we beýleki jemgyýetçilik çäreleriniň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşmak;

20) öýsüz-öwzarsyz haýwanlara seretmek;

21) ilaty we çäkleri adatdan daşary ýagdaýlardan goramak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bilimleri wagyz etmek;

22) ilata mugt hukuk kömegini bermek we hukuk maglumatyny ýaýratmak, sarp edijileriň hukuklaryny goramak;

23) durmuş mahabatyny guramak we (ýa-da) ýaýratmak hem-de durmuş işiniň beýleki görnüşleri boýunça işe ýardam etmek;

24) Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki meýletinçilik işi.

 

7-nji madda. Meýletinçilik işini amala aşyrmak

 

1. Meýletinçilik işi meýletinçiler hökmünde hem bellige alnan hem bellige alynmadyk fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

2. Daşary ýurtly meýletinçiler Türkmenistanyň çäginde meýletinçilik işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmak hukugyna eýedirler.

3. Meýletinçilik işi şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:

1) özbaşdak meýletinçilik işi;

2) özbaşdak ýa-da guralan (toparlaýyn) tertipde Türkmenistandaky meýletinçilik guramasynyň üsti bilen meýletinçilik işi.

4. Meýletinçilere meýletinçilik işine gatnaşmaga mümkinçiligi üpjün etmek maksady bilen meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan boş meýletinçilik orunlarynyň maglumatlar binýady döredilýär.

Maglumatlar binýadyny döretmek üçin boş orunlar baradaky maglumaty döwlet dolandyryş edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem durmuş hyzmaty edaralary, lukmançylyk edaralary,  çagalar öýleri, beýleki çagalar edaralary, ekologik, psihologik, hukuk gulluklary, medeniýet guramalary, sport guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki guramalar hödürläp bilerler.

Boş meýletinçilik orunlarynyň maglumatlar binýady, meýletinçilik babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň saýtynda ýerleşdirilýär we elektron poçta boýunça şu Kanuna laýyklykda saýtda bellige alnan meýletinçilere iberilýär.

5. Meýletinçilik işi raýat-hukuk şertnamasy görnüşinde meýletinçi bilen meýletinçilik guramasynyň arasynda baglaşylýan meýletinçilik şertnamasynyň esasynda hem-de şeýle şertnamany baglaşmazdan meýletinçilik kömegini gös-göni alyjy bilen meýletinçiniň ylalaşygy bar bolan mahalynda amala aşyrylyp bilner.

6. Meýletinçilik işi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilmeýär, adam sany bilen çäklendirilmä degişli däldir we iş üçin rugsadyň alynmagyny talap etmeýär.

7. Meýletinçileri bellige almak meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan meýletin habar bermek esasynda, şol sanda onuň Internet torundaky saýty boýunça amala aşyrylýar.

8. Meýletinçilik işi çagyryş boýunça harby gullugy ýa-da tölenilýän işi çalşyp bilmeýär.

9. Meýletinçi öz iş ornunda meýletinçilik işi bilen meşgullanyp bilmeýär.

10. Meýletinçileri önümçilikde (gullukda) işgärleriň ýetmezçiliginiň öňüni almak maksady bilen peýdalanmaklyga ýol berilmeýär.

11. Täjirçilik maksatly meýletinçilik işiniň amala aşyrylmagyna ýol berilmeýär.

12. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar meýletinçilik işi bilen öz ata-eneleriniň biriniň ýa-da hossarynyň (howandarynyň), hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen meşgullanyp bilerler.

 

8-nji madda. Meýletinçiler bilen işlenilende ulanylýan esasy resminamalar

 

Meýletinçiler bilen işlenilende ulanylýan esasy resminamalara şu aşakdakylar degişlidir:

1) meýletinçilik şertnamasy;

2) meýletinçiniň şahsy kitapçasy;

3) maslahat beriji haty;

4) meýletinçileriň şahsy maglumatlaryny hasaba alyş kitaby. 

 

9-njy madda. Meýletinçilik şertnamasy

 

1. Meýletinçilik şertnamasy on sekiz ýaşyna ýeten adamlar bilen baglaşylýar. Ol şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar bilen olaryň ata-eneleriniň biriniň ýa-da hossarynyň (howandarynyň), hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen hem baglaşylyp bilner.

Şu bölümde görkezilen adamlar bilen meýletinçilik şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

2. Meýletinçilik guramasy meýletinçi bilen eger meýletinçi aýda ýigrimi sagatdan köp meýletinçilik işi bilen meşgullansa, meýletinçilik şertnamasyny baglaşmaga borçludyr.

Eger meýletinçi şol bir wagtda birnäçe meýletinçilik guramalarynda meýletinçilik işini amala aşyrsa, onda meýletinçiniň aýda ýigrimi sagatdan köp işi amala aşyrýan her bir meýletinçilik guramasy meýletinçi bilen aýratyn meýletinçilik şertnamasyny baglaşmaga borçludyr.

Ýerine ýetirilýän meýletinçilik işiniň dowamlylygyna we görnüşine bagly bolmazdan daşary ýurt meýletinçileri bilen meýletinçilik şertnamasyny baglaşmak hökmany bolup durýar.

3. Meýletinçilik şertnamasynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) taraplaryň atlary;

2) şertnamanyň mazmuny (meýletinçiniň işiniň görnüşi, hyzmatlaryň (işleriň) häsiýeti, olaryň möçberi, iş günleri we wagty, şertnamanyň möhleti);

3) ynanylýan (berilýän) maddy gymmatlyklaryň sanawy we olary ýerine ýetirmek boýunça gollanmalar;

4) meýletinçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly aýratyn şertler (ýaşaýyş jaýynyň hakyna tutulmagy, niýetlenen ýerine çenli we yzyna ýoly, iş ornundaky nahary we iş geýimi (lybasy) üçin, şeýle hem işleri ýerine ýetirmek (hyzmatlary etmek) üçin zerur bolan dürli serişdeler we özbaşdak edinilen hususy gorag serişdeler üçin meýletinçileriň çykdajylarynyň öwezini dolmak);

5) meýletinçiniň hukuklary we borçlary;

6) meýletinçilik guramasynyň hukuklary we borçlary;

7) meýletinçileriň utgaşdyryjysynyň (eger ol bar bolsa) hukuklary we borçlary;

8) meýletinçiniň hünär endiklerine we başarnyklaryna bolan esasy talaplar, oňa bolan hünär talaplary;

9) meýletinçiniň saglyk ýagdaýyna bolan talaplar, lukmançylyk kepilnamalary we zurur mahalynda beýleki resminamalar (sertifikatlar, hünär taýdan ýaramlylyk we kär şahadatnamalary);

10) meýletinçä bildirilýän ýeňillikler;

11) mümkin bolan nägilelikleri çözmegiň tertibi;

12) bu şertnamanyň ýerine ýetirilmezligi (göwnejaý ýerine ýetirilmezligi) we meýletinçilik kömegini alyja ýa-da meýletinçilik guramasyna zyýanyň ýetirilmegi üçin meýletinçiniň jogapkärçiligi, şol sanda maddy jogapkärçiligi;

13) fors mažor ýagdaýlary;

14) bu şertnamany möhletinden öň bes etmegiň we ony hakyky däl diýip ykrar etmegiň şertleri;

15) meýletinçilik işi amala aşyrylanda ýüze çykýan jedelleri çözmegiň tertibi.

4. Meýletinçilik şertnamasynda şeýle hem işleri guramagyň, tehniki howpsuzlygyň meseleleri hem beýan edilmelidir.

5. Meýletinçi bilen, şol sanda daşary ýurtly meýletinçi bilen meýletinçilik şertnamasy Türkmenistanyň döwlet dilinde düzülýär. Meýletinçi meýletinçilik şertnamasynyň özüniň saýlamagy boýunça öz ene dilinde ýa-da başga dilde goşmaça resmileşdirilmegini talap edip biler.

6. Meýletinçilik şertnamasy iki nusgada resmileşdirilýär, olaryň biri meýletinçilik guramasynda hökmany saklanyşda durýar, ikinjisi bolsa meýletinçä berilýär.

7. Eger meýletinçilik şertnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda taraplara bagly bolmadyk sebäpler boýunça meýletinçiniň üstüne ýüklenilýän borçlaryň amala aşyrylmagyna päsgel berýän ýa-da şertnamanyň mundan beýläk ýerine ýetirilmegine mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar ýüze çyksa, şertnama taraplaryň biriniň başlangyjy boýunça gaýtadan seredilýär ýa-da ýatyrylýar.

Fors mažor ýagdaýlary ýüze çykan mahalynda, eger taraplar şertnama boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirip bolmaýar diýip hasap etseler, şertnama bes edilýär.

8. Meýletinçilik şertnamasyny birtaraplaýyn tertipde ýatyrmak, eger meýletinçilik şertnamasynda başga zat ýazylmadyk bolsa bu hakda beýleki tarapyň ýedi gün galanda öňünden habar bermek şerti bilen we şeýle çözgüdi kabul etmegiň delillerini görkezmek arkaly meýletinçi ýa-da meýletinçilik guramasy tarapyndan amala aşyrylýar.

9. Özbaşdak zähmet şertnamasyny (potraty) baglaşmakdan gaça durmak maksady bilen ýa-da beýleki ýagdaýlar boýunça meýletinçilik şertnamasyndan başga hyzmatlary muzdly etmegiň raýat-hukuk şertnamasyny ýa-da başga şuňa meňzeş şertnamany baglaşmak gadagandyr. Şeýle şertnamalar ýüze çykarylanda olar hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

 

10-njy madda. Meýletinçiniň şahsy kitapçasy

 

1. Meýletinçiniň şahsy kitapçasy meýletinçilik işini hasaba almak üçin niýetlenendir we meýletinçiniň işi, onuň sylaglary, goşmaça taýýarlygy, hünär derejesi, gaýtadan taýýarlygy geçişi hakyndaky maglumatlary özünde saklaýar.

Bu maglumatlar meýletinçilik guramalary ýa-da meýletinçilik işini amala aşyran meýletinçiniň meýletinçilik kömegini alyjy guramalar tarapyndan meýletinçiniň şahsy kitapçasyna girizilýär we degişli guramanyň ýolbaşçysynyň goly hem-de möhri bilen tassyklanylýar.

2. Meýletinçiniň şahsy kitapçasy meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan meýletinçiniň ýazmaça arzasynyň we meýletinçileriň döwlet sanawynda bar bolan anyklaýyş belgileriniň esasynda meýletinçiniň islegine görä berilýär. Hasaba alyş amalyny geçmedik adamlara meýletinçilik kitapçasy berilmeýär.

3. Meýletinçiniň şahsy kitapçasy pugta hasabatlylyk blanky bolup durýar, meýletinçiniň şahsy kitapçasynyň görnüşi, onuň beýany, taýýarlanyş, berliş we hasaba alyş tertibi meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär we tassyklanylýar.

4. Meýletinçiniň şahsy kitapçasy Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär. Onda meýletinçiniň öz saýlamagy boýunça başga dilde ýazylan onuň şahsyýeti hakyndaky maglumaty saklaýan goşmaça sahypanyň bolmagy mümkin.

5. Meýletinçiniň şahsy kitapçasynyň anyklaýyş seriýasy we belgisi, şeýle hem rugsatsyz taýýarlamadan we galplykdan gorag ulgamy bolmalydyr.

 

11-nji madda. Maslahat beriji hat

 

1. Maslahat beriş haty meýletinçiniň haýyşy boýunça meýletinçilik guramasynyň ýolbaşçysy tarapyndan berilýär.

2. Maslahat beriji hat şu aşakdaky maglumatlary saklamalydyr:

1) meýletinçiniň familiýasy, ady, atasynyň ady;

2) hatyň mazmuny (meýletinçiniň eýeleýän wezipesi we işiniň dowamlylygy, ýüklenilen jogapkärçilik we zerur endikleri, borçlaryny ýerine ýetirişine berlen baha, meýletinçilik işini amala aşyrýan ýerinde özüni alyp barşyna berlen baha, meýletinçiniň belli bir intellektual, emosional we amaly ukyplaryny açyp görkezen anyk iş ýagdaýlary);

3) maslahat beriji hatyň netijenamasy (kesgitli wezipäni eýeländigi hakynda pikiriň we teklibiň gysgaça beýany);

4) sene, maslahat beriji haty düzen adamyň goly, şahsyýet şahadatnamasynyň maglumatlary (familiýasy, ady, meýletinçilik guramasynda eýeleýän wezipesi, ýerleşýän ýeri, meýletinçilik guramasynyň telefony we elektron salgysy);

3. Maslahat beriji hatlar meýletinçileri seçip almagyň usullaryna goşmaça bolup biler.

4. Maslahat beriji hat bilen tassyklanan meýletinçilik işi, iş tejribesi hökmünde, eger ol işe kabul etmek üçin seçip almagyň çelgisi bolsa iş beriji tarapyndan belli bir işde iş tejribesi hökmünde kabul edilip bilner. Maslahat beriji hatyň mazmunynyň dogrulygy oňa meýletinçiniň şahsy kitapçasynyň goşulmagy bilen tassyklanylýar.

 

12-nji madda. Meýletinçileriň şahsy maglumatlaryny hasaba alyş žurnaly

 

1. Meýletinçileriň şahsy maglumatlary şahsy maglumatlary goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda meýletinçilik guramasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar.

2. Meýletinçilik guramasy meýletinçileriň şahsy maglumatlaryny hasaba almagyň şu aşakdaky žurnallaryny ýöredýär:

1) meýletinçileri hasaba alyş žurnaly;

2) meýletinçilik şertnamalaryny hasaba alyş žurnaly;

3) meýletinçileriň şahsy kitapçalaryny hasaba alyş žurnaly;

4) maslahat beriji hatlary hasaba alyş žurnaly.

3. Žurnallar meýletinçileri utgaşdyryjy ýa-da meýletinçilik guramasynyň beýleki ygtyýarly adamsy tarapyndan doldurylýar.

4. Žurnallar ösüş tertibinde belgilenilýär we olaryň daşky sahypasynda ýazgylaryň ýyllary görkezilýär we goragly ýerde saklanylýar.

Žurnallar meýletinçilik guramasynda bäş ýylyň dowamynda saklanylýar, bu möhlet gutarandan soň bolsa ýok edilip bilner.

 

III BAP. MEÝLETINÇINIŇ, MEÝLETINÇILIK

GURAMASYNYŇ WE MEÝLETINÇILIK KÖMEGINI

ALYJYNYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

13-nji madda. Meýletinçiniň hukuklary we borçlary

 

1. Meýletinçi şu aşakdakylara hukukly:

1) eger meýletinçilik şertnamasynda başga zat görkezilmedik bolsa, amala aşyrylmagy öz isleglerine we bähbitlerine laýyk gelýän şol görnüşdäki meýletinçilik işine gatnaşanda öz ölçegini we göwrümini erkin saýlamaga;

2) eger meýletinçilik şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, meýletinçilik işini islendik wagt erkin bes etmäge;

3) meýletinçilik guramasy hakynda, şeýle hem onuň meýletinçilik maksatnamalarynyň maksatlary, wezipeleri we mazmuny hakynda dogry maglumaty almaga;

4) baglaşylan şertnamadaky meýletinçilik maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga;

5) işi öz mümkinçiliklerine görä laýyk gelýän ugurda we meýletinçilik guramasynda hereket edýän kadalara laýyklykda amala aşyrmaga;

6) meýletinçilik işini ýokary hilli amala aşyrmak üçin guralýan maglumat beriş we bilimiňi artdyrmak (hünär ýokarlandyryş) maksatnamalaýyn okuwlara we beýleki çärelere gatnaşmaga;

7) ýöriteleşdirilen geýimi almaga, ýol, ýaşaýyş, naharlanmak üçin çykdajylaryň, zerur hususy gorag serişdeleriniň, gurallaryň we meýletinçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly beýleki harajatlaryň öwezini dolmaga;

8) meýletinçilik işi amala aşyrylanda tehniki howpsuzlyk gözükdirijisini almaga;

9) waksinasiýanyň geçirilmeginiň, lukmançylyk gözden geçirilişiniň we meýletinçilik işini amala aşyrmak bilen gös-göni baglanyşykly beýleki bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň üpjün edilmegine;

10) eger munuň özi meýletinçilik şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, durmuş goragynyň kepilliklerine we lukmançylyk kömeginiň berilmegine;

11) meýletinçilik guramasyndan maslahat beriji hatlary almaga, meýletinçiniň şahsy kitapçasyna onuň jemgyýetçilik bähbitli işi hakynda, iş orny, işlän sagatlarynyň sany, sylaglary, şeýle hem goşmaça taýýarlygy hakynda ýazgylaryň girizilmegine;  

12) meýletinçilik guramasyna berlen onuň şahsy maglumatlarynyň we beýleki maglumatlarynyň ýaşyrynlygynyň aýalyp saklanylmagyna;

13) şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ätiýaçlandyrma;

14) meýletinçiniň saglygyny we psihofiziki mümkinçiligini bozmaýan dowamlylykdaky iş wagtynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilmegini nazara alýan dynç alyş wagtyna.

2. Meýletinçi şu aşakdakylara borçly:

1) meýletinçilik guramasynyň tabşyryklaryny päk ýürekli we öz wagtynda ýerine ýetirmäge;

2) tehniki howpsuzlygyň kadalaryny berjaý etmäge, öz işi bilen meýletinçilik guramasyna, meýletinçilik kömegini alyjylara, olaryň emlägine zyýan, şeýle hem daşky gurşawa zyýan ýetirmezlige;

3) meýletinçilik şertnamasy bilen kesgitlenen halatlarda lukmançylyk gözden geçirilişini geçmäge we özüniň saglyk ýagdaýy hakyndaky kepilnamany bermäge;

4) zerur mahalynda dowamly taýýarlygy (gaýtadan taýýarlygy) geçmäge, onuň abraýyna ýaramaz täsir edip biljek hereketlere we etmişlere ýol bermezlige;

5) eger bu şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, meýletinçilik şertnamasyny meýletinçi tarapyndan birtaraplaýyn ýatyran mahalynda olara göni ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga;

6) meýletinçilik guramasynyň razylygy bolmazdan meýletinçilik işini amala aşyrmak boýunça öz borçlarynyň ýerine ýetirilmegini beýleki adamlara bermezlige;

7) meýletinçilik işini amala aşyrýan wagtynda özüne berlen maddy serişdelere we enjamlara aýawly garamaga we iş gutarandan soň olary gaýtarmaga;

8) meýletinçilik şertnamasy ýerine ýetirilende bu şertnamany baglaşan meýletinçilik guramasynyň ýolbaşçylygyna tabyn bolmaga;

9) meýletinçilik işiniň barşynda elýeterlilige eýe bolan maglumatyň ýaşyrynlygyny berjaý etmäge;

10) meýletinçilik şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

 

14-nji madda. Meýletinçilik guramasynyň hukuklary we borçlary

 

1. Meýletinçilik guramasy meýletinçilik işiniň guramaçysy bolup çykyş edýär, meýletinçilik işini amala aşyrmagyň tekliplerini bazara ilerledýär, belli bir çygyrlarda işletmek üçin meýletinçileri seçip alýar we okadýar, olar bilen meýletinçilik şertnamalaryny baglaşýar we degişli meýletinçilik işini ýerine ýetirmek üçin olary fiziki we ýuridik şahslara iberýär.

2. Meýletinçilik guramasy şu aşakdaky hukuklara eýedir:

1) meýletinçilik maksatnamalarynyň we meýletinçilik çäreleriniň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar we özbaşdak durmuşa geçirýär;

2) meýletinçi bilen iş salyşmaly bolup durýan meýletinçileriň kömegini alyjylaryň deslapky seçip almasyny amala aşyrýar;

3) meýletinçileri toplamagy amala aşyrýar, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda meýletinçilik şertnamasynyň esasynda meýletinçilik maksatnamalaryny we meýletinçilik çärelerini amala aşyrmak üçin, hususy işler üçin meýletinçileriň döwlet sanawyna girizilen ýa-da özüniň meýletinçiler sanawyndan meýletinçileri çekýär;

4) bar bolan boş meýletinçilik orunlary hakyndaky maglumaty meýletinçiligiň maglumat ulgamynda ýerleşdirýär;

5) meýletinçilik işini amala aşyrmak üçin zerur serişdeleri we başga emlägi alýar;

6) öz atlandyrylyşynda we meýletinçilik işinde «meýletinçilik guramasy» diýen sözleri ulanýar;

7) meýletinçileriň utgaşdyryjysyny belleýär, onuň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär;

8) meýletinçileriň okadylmagyny geçirmek üçin bilim berijilik işini amala aşyrýan guramalary çekýär, şeýle hem ýörite seminarlary, diňleýji sapaklaryny, iş duşuşyklaryny, meýletinçileriň ýygnaklaryny geçirýär;

9) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde we esaslar boýunça meýletinçiler bilen baglaşylan meýletinçilik şertnamalaryny ýatyrýar;

10) meýletinçileriň işine gözegçilik edýär we meýletinçilik şertnamasyndan gelip çykýan borçnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini ondan talap edýär;

11) meýletinçilerden edilen iş hakynda maglumatlary we hasabatlary alýar; meýletinçilik işini goldamak, meýletinçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, meýletinçilik çärelerini geçirmek boýunça çykdajylaryň degişli hasabyny ýöredýär.

3. Meýletinçilik guramasy şu aşakdakylara borçludyr:

1) meýletinçilik çärelerine we meýletinçilik maksatnamalaryna gatnaşdyrmak üçin işiň görnüşine erkin isleg we erkin saýlamak esasynda işleri ýerine ýetirmek üçin zerur we ýeterlik başarnyklara, endiklere we fiziki mümkinçiliklere eýe bolan gatnaşyjylary ‒ meýletinçileri tapmaga (çekmäge);

2) meýletinçilik işini amala aşyrmaga çekilen adamlar bilen meýletinçiligiň degişli şertnamasyny baglaşmaga;

3) meýletinçilere olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge, olary aýratyn-da işleri guramagyň howpsuzlygyny üpjün etmek bölegine gözükdirmäge;

4) meýletinçileriň taýýarlygyny amala aşyrmaga (zerur mahalynda);

5) meýletinçilik işi amala aşyrylanda meýletinçileriň ýaşaýşy we saglygy üçin howpsuz we göwnejaý şertleri üpjün etmäge;

6) meýletinçiniň ýoly, ýaşaýşy, naharlanmagy, hususy goragyň zerur serişdelerini edinmek üçin çykdajylarynyň we beýleki harajatlarynyň öwezini dolmaga, şeýle hem eger bu meýletinçi bilen baglaşylan meýletinçilik şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa ýörite geýimleri we gurallary bermäge;

7) meýletinçileriň şahsy maglumatlaryny hasaba alyş žurnalyny ýöretmäge;

8) meýletinçileriň şahsy kitapçalaryny resmileşdirmäge, olaryň jemgyýet bähbitli işi, iş orny, işlän sagatlarynyň sany, sylaglary, şeýle hem olaryň goşmaça taýýarlygy barada olara ýazgylary girizmäge;

9) aýda ýigrimi sagatdan köp meýletinçilik işi bilen meşgullanan meýletinçä maslahat beriji hatyny bermäge;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda meýletinçä lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny we jogapkärlik ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmaga;

11) meýletinçilik işi amala aşyrylanda meýletinçi tarapyndan ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmak boýunça çäreleri görmäge;

12) meýletinçilik kömegini alyjy we meýletinçileriň arasyndaky dawalarynyň çözülmegine, şeýle hem betbagtçylyk halatlarda, meýletinçä şikesler ýetirilen halatlarynda ýa-da onuň kesellemeginde kömek edilmegine gatnaşmak (zerur mahalynda), bolup geçen waka hakynda ykrarnama düzmäge we meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna degişli tertipde habar bermäge;

13) meýletinçilik işiniň amala aşyrylyşy baradaky habary we meýletinçilik işiniň netijeleri hakyndaky maglumaty meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýet ygtyýarly edarasyna bermäge;

14) has tapawutlanan meýletinçileriň hataryndan sylaglamak üçin kandidaturalaryň sanawyny meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna hödürlemäge;

15) meýletinçilik hereketini bütewilikde, onuň maksatnamalaryny, aýratyn çärelerini maglumat taýdan goldamagy amala aşyrmaga, şeýle hem olaryň ilerlemegine ýardam etmäge;

16) meýletinçilik şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki borçnamalary ýerine ýetirmäge.

 

15-nji madda. Meýletinçilik guramasynyň derejesi

 

1. Meýletinçilik guramasyna derejesini bermek jemgyýetçilik guramasynyň adyndan ýazmaça arzanyň esasynda meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Arzada şular görkezilýär: meýletinçilik derejesini almak isleýän jemgyýetçilik guramasynyň ady, onuň ýerleşýän ýeri, poçta salgysy, aragatnaşyk serişdeleriniň belgileri, şeýle hem bolan mahalynda Internet torunda resmi saýtynyň, elektron poçtasynyň salgylary.

Arza şonuň ýaly-da ýuridik şahslaryň Ýeketäk döwlet sanawyndan göçürme we jemgyýetçilik guramanyň tertipnamasynyň (düzgünnamasynyň) göçürmesi goşulýar.

Şu maddada göz öňünde tutulmadyk beýleki maglumatlary we resminamalary talap etmek gadagandyr.

Meýletinçilik guramasynyň derejesini bermek muzdsyz esasda amala aşyrylýar.

2. Jemgyýetçilik guramasyna meýletinçilik guramasynyň derejesiniň berilmeginden ýüz döndermek hakyndaky karar şu maddanyň 1-nji böleginde kesgitlenen maglumatlaryň we resminamalaryň berilmedik mahalynda ýa-da berlen resminamalaryň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmedik mahalynda kabul edilýär.

3. Şu Kanunda bellenilen tertipde meýletinçilik guramasynyň derejesi berilmedik arza berijä öz adynda we işini amala aşyranda «meýletinçilik guramasy» diýen sözleriň islendik görnüşde ulanylmagy gadagan edilýär.

4. Meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy arza berijiniň adyndan degişli ýazmaça arzanyň esasynda arza berijini meýletinçilik guramasynyň derejesinden mahrum etmek, onuň işini bes etmek hakynda ýa-da Türkmenistanyň meýletinçilik hakynda kanunçylygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ony meýletinçilik guramasynyň derejesinden mahrum etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi esasynda karar kabul edýär.

 

16-njy madda. Meýletinçilik kömegini alyjynyň hukuklary we borçlary

 

1. Meýletinçilik kömegini alyjy şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) meýletinçilik kömegi üçin ýüz tutmaga;

2) meýletinçiler we meýletinçilik guramasy tarapyndan sylagly we ynsanperwer garaýşa;

3) meýletinçileri we meýletinçilik guramalaryny, berilýän meýletinçilik kömeginiň görnüşlerini saýlamaga;

4) öz hukuklary, borçlary we berilýän meýletinçilik kömeginiň şertleri hakynda maglumat almaga;

5) çäklendirilen elýeterlilikli maglumatyň hukuk düzgünini berjaý etmäge;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga.

2. Meýletinçilik kömegini alyjy şu aşakdakylara borçludyr:

1) meýletinçilere we meýletinçilik guramalaryna meýletinçilik kömegini bermek bilen baglanyşykly doly we dogry maglumaty bermäge;

2) meýletinçilik kömeginiň berilýän wagtynda meýletinçileriň ömri we saglygy üçin goşmaça töwekgelçilikleri döretmezlige;

3) meýletinçilik kömegi berlende ondan ýüz döndermek bilen dörän göni ýitgileriň öwezini dolmaga.

 

IV BAP. MEÝLETINÇILIGIŇ DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

 

17-nji madda. Meýletinçilik işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri

 

1. Döwlet meýletinçilik işini ileri tutulýan ugur hökmünde ähli derejelerde hemme taraplaýyn  öňe sürýär we goldaýar.

2. Döwlet şu Kanunyň 5-nji maddasynda görkezilen meýletinçilik işiniň esasy ýörelgelerini berjaý etmek bilen işlenlip taýýarlanylýan we durmuşa geçirilýän meýletinçilik işini goldamak syýasatyny amala aşyrýar.

 

18-nji madda. Meýletinçiligi goldamak boýunça döwlet çäreleri

 

1. Meýletinçilik işiniň hil standartlary, meýletinçileri we meýletinçilik guramalaryny goldamak boýunça çäreleri ulanmagyň şertleri, meýletinçileriň şahsy kitapçalaryny, maslahat beriş hatlaryny we beýleki resminamalary bermek amaly, şeýle hem meýletinçilik işini amala aşyrmak üçin zerur bolan şertler meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we tassyklanylan degişli düzgünnamalarda bellenilýär.

2. Meýletinçileriň döwlet sanawyna goşulan we meýletinçilik şertnamasyny ýazmaça görnüşinde baglaşan meýletinçi meýletinçilik işiniň amala aşyrylmagyny we toplanylan tejribäni we endikleri tassyklaýan meýletinçiniň kesgitlenen nusgadaky şahsy kitapçasyny we maslahat beriji hatlaryny almak hukugyna eýedir.

3. Meýletinçiniň şahsy kitapçasy we maslahat beriş hatlary bilen tassyklanan meýletinçilik işi, eger ol işe ýa-da okuwa kabul edilende hökmany şert bolsa, jemgyýetçilik bähbitli işiň tejribesi ýaly nazara alynýar.

4. Meýletinçiniň şahsy kitapçasy we meýletinçilik şertnamasy bilen tassyklanan endikleri kemala getirmek we hünär tejribesini edinmek maksady bilen talyp tarapyndan amala aşyrylan meýletinçilik, eger talyp tarapyndan azyndan kyrk sagat işlenilen we hünär bilim edarasynyň meýletinçilik guramasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy (şertnamasy) bar bolsa, onda ol okuw ýa-da önümçilik (diplomdan ozalky) tejribeliginde nazara alynýar.

5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bu maksatlarda aşakdaky çäreleri amala aşyryp meýletinçilik işini goldaýarlar:

1) meýletinçilik guramalaryna subsidiýa bermek we olary maddy-tehniki taýdan üpjün etmek;

2) meýletinçilik maksatnamalaryny ýa-da meýletinçilik çärelerini bäsleşik esasynda maliýeleşdirmek;

3) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda meýletinçileri durmuş taýdan goldamak.

 

19-njy madda. Meýletinçiligi jemgyýetçilik tarapyndan ykrar etmegiň çäreleri

 

1. Meýletinçilik işiniň ýörelgelerini öňe ilerletmekde we üstünlikli amala aşyrmakda gazanylanlary ykrar etmegiň we baha bermegiň tertibinde fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sylaglanylyp bilner.

2. Meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy meýletinçilik guramalary bilen bilelikde aşakdaky çäreleri geçirýärler:

1) meýletinçilik maksatnamalaryna we meýletinçilik çärelerine gatnaşmak üçin meýletinçiligi öňe ilerletmek we meýletinçileri toplamak boýunça her ýylky çäreleri;

2) meýletinçilik babatda gazanylanlary ykrar etmek boýunça her ýylky çäreleri.

3. Meýletinçilik guramalary meýletinçileri höweslendirmegiň ulgamyny özbaşdak kesgitleýärler, ol şu aşakdaky höweslendirmeleri öz içine alyp biler:

1) dilden minnetdarlyk bildirmek;

2) işleýän ýa-da okaýan ýerine minnetdarlyk hatyny ugratmak;

3) meýletinçilik guramasynyň ýadygärlik sowgady, hormat haty, abraýa mynasyp bolan önümi;

4) iş berijilere, bilim edaralaryna maslahatlar we synlar;

5) meýletinçini halkara seminarlaryna, duşuşyklaryna, lagerlerine, forumlaryna gatnaşmak üçin ugratmak;

6) kurslarda okadylanlygy üçin töleg (meýletinçiniň saýlamagy boýunça);

7) hemaýatkärlerden baýraklar;

8) meýletinçileriň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek;

9) meýletinçileri höweslendirmegiň beýleki görnüşleri.

 

20-nji madda. Meýletinçilik işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) meýletinçilik işi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) meýletinçilik işini amala aşyrmagyň we ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyny kesgitleýär;

4) meýletinçilik işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

21-nji madda. Meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygy

 

1. Meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) meýletinçilik işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) meýletinçilik işini amala aşyrmagyň we ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak;

3) meýletinçilik işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak;

4) Şu Kanunda bellenilen tertipde jemgyýetçilik guramalaryna meýletinçilik guramasynyň derejesini bermek we meýletinçilik guramasy hökmünde jemgyýetçilik guramasynyň işini bes etmek hakynda karar kabul etmek;

5) meýletinçilere we meýletinçilik guramalaryna emläk, guramaçylyk, maliýe, maglumat, usulyýet we maslahat beriş goldawyny bermek;

6) meýletinçiniň şahsy kitapçasynyň nusgasyny we meýletinçileriň şahsy maglumatlaryny hasaba alyş žurnallarynyň nusgalaryny kesgitlemek;

7) meýletinçileriň şahsy kitapçalaryny çykarmak;

8) meýletinçileri bellige almak, meýletinçileriň döwlet sanawyny döretmek we ýöretmek;

9) boş meýletinçilik orunlarynyň binýatlaryny döretmek we ýöretmek;

10) lukmançylyk ätiýaçlandyryşynyň we raýat jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşynyň degişli şertnamasy baglaşylanda meýletinçileriň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin ätiýaçlandyryş guramasyny kesgitlemek;

11) meýletinçileri taýýarlamak (gaýtadan taýýarlamak) üçin bilim maksatnamalaryny utgaşdyrmak;

12) meýletinçiligiň maglumat toruny guramagyň meselelerini düzgünleşdirmek.

2. Meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy öz ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen mejlisleri, iş maslahatlaryny, maslahatlary, öwrediji seminarlary, «tegelek stollary» we beýleki çäreleri geçirýär, olar hakyndaky maglumat onuň Internetdäki resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

3. Meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy boş meýletinçilik orunlarynyň maglumatlar binýadyny we meýletinçileriň döwlet sanawyny Internetdäki öz resmi saýtynda ýerleşdirýär.

 

22-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) meýletinçilik işini goldamak we höweslendirmek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) meýletinçilik işini ösdürmegiň we höweslendirmegiň degişli pudaklaýyn (ýerli) maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar;

3) meýletinçilere we meýletinçilik guramalaryna emläk, guramaçylyk, maliýe, maglumat, usulyýet we maslahat beriş goldawyny berýärler;

4) meýletinçileri taýýarlamak (gaýtadan taýýarlamak) üçin bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

5) meýletinçileriň degişli pudaklaýyn  (ýerli) sanawyny, şeýle hem meýletinçilik işi bilen baglanyşykly meýletinçilik işine teklipler we olary amala aşyrmak boýunça ýüztutmalar hakynda maglumatlary özünde saklaýan maglumatlar binýadyny ýöredýärler;

6) öz ygtyýarlyklaryndaky edaralarynyň we ýerleriniň çäklerinde meýletinçilik işiniň netijelerine baha berýärler hem-de ony mundan beýläk ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýärler.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

23-nji madda. Meýletinçilik işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmak

 

1. Meýletinçilere Türkmenistanyň çäginde meýletinçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezi Türkmenistanyň döwlet býujetiniň hasabyna doly ýa-da bölekleýin saklanylýan (maliýeleşdirilýän) döwlet gullukçylary we kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärleri üçin bellenilen çykdajylaryň öwezini dolmagyň ölçegleriniň çäklerinde dolunýar.  

2. Tassyklaýjy resminamalaryny görkezen ýagdaýynda meýletinçä aşakdakylaryň öwezi dolunýar:

1) meýletinçilik işiniň amala aşyrylýan ýerine barmak (goşunyň daşalmagyny goşup) üçin çykdajylar;

2) naharlanmak üçin çykdajylar, haçan-da meýletinçilik işi bir gije-gündizde dört sagatdan köp dowam etse; ýaşaýyş harajatlary üçin çykdajylar, sekiz sagatdan köp dowam edýän meýletinçilik işini amala aşyrmak üçin meýletinçi başga ilatly nokadyna iş saparyna ugradylanda;

3) poçta we telefon hyzmatlary üçin çykdajylar, eger meýletinçi meýletinçilik guramasynyň ýerleşýän ýerinden daşynda meýletinçilik işini amala aşyrýan bolsa;

4) meýletinçilik işini gös-göni amala aşyrmak bilen baglanyşykly lukmançylyk gözden geçirilişini, waksinasiýany we beýleki bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirmek üçin çykdajylar.

3. Şu maddanyň 2-nji böleginde kesgitlenen çykdajylaryň öwezini dolmak meýletinçilik guramalarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

24-nji madda. Meýletinçilik işiniň üpjün edilmegi üçin maliýeleşdirmek we çykdajylar

 

1. Meýletinçilik işini üpjün etmek üçin serişdeleri we beýleki emlägi çekmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Meýletinçilik guramalary meýletinçilik  işini üpjün etmek üçin çekilen serişdeleri we beýleki emlägi peýdalanmagyň ugurlaryny özbaşdak kesgitleýärler, meýletinçilik işiniň anyk görnüşini amala aşyrmak üçin fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan serişdeleri we başga emlägi maksatlaýyn bermek halatlary muňa degişli däldir.

3. Meýletinçilik guramasy meýletinçilik işini amala aşyrmak üçin çekilen serişdeleri we başga emlägi aýry-aýry balans hasaplarynda nazara almaga borçludyr.

4. Meýletinçilik işini üpjün etmek üçin çykdajylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär.

5. Fiziki we ýuridik şahslardan gelip gowuşýan maliýe serişdeleri meýletinçilik guramasynyň tertipnamasynda (düzgünnamasynda) göz öňünde tutulan meýletinçilik işiniň anyk görnüşlerini amala aşyrmak üçin ulanylýar.

6. Meýletinçilik işini amala aşyrmak üçin serişdeler alýan meýletinçilik guramalary meýletinçilik işini amala aşyrmak üçin serişdeler berýän fiziki we ýuridik şahslaryň ýazmaça talap etmegi boýunça bu serişdeleri bu şahslar tarapyndan bellenilen möhletlerde we tertipde maksatlaýyn peýdalanýandyklary hakynda hasabat bermäge borçludyrlar.

 

25-nji madda. Halkara meýletinçiligi

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň halkara meýletinçilik maksatnamalaryna we meýletinçilik çärelerine gatnaşmagy meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan utgaşdyrylýar.

2. Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan halkara şertnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda döwlet hem milli hukuk giňişliginde, hem beýleki döwletleriň hukuk giňişliginde Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtly raýatlar babatda deň şertlerde meýletinçiligi amala aşyrmak we ykrar etmek üçin kanunçylyk binýadyny üpjün edýär.

3. Türkmenistanyň döwlet bilim edaralary degişli daşary ýurt döwletiniň meýletinçilik işiniň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen çakylygyň esasynda okuwçylaryň we talyplaryň halkara meýletinçilik maksatnamalaryna we çärelerine gatnaşmagyna ýardam edýärler, çakylykda meýletinçilik işiniň çygry, onuň amala aşyrylýan ýeri we möhletleri görkezilýär.

4. Meýletinçi Türkmenistana gaýdyp geleninden soň meýletinçilik işi hakyndaky hasabaty we meýletinçilik işiniň degişli daşary ýurtdaky ygtyýarly edarasy tarapyndan berlen tassyknamasyny bermäge borçludyr. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň bilim edarasy halkara meýletinçilik işine gatnaşmak bilen baglanyşykly wagtyň geçen döwründen soň gaýdyp gelen okuwça ýa-da talyba okuw prosesiniň dikeldilip dowam etdirilmegi üçin amatly şertleri üpjün edýär.

5. Daşary ýurtly meýletinçi meýletinçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen kesgitlenen möhlet üçin we kesgitlenen şertlerde ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň çäginde işi amala aşyrýan degişli meýletinçilik guramasy bilen meýletinçilik şertnamasyny baglaşýar.

6. Meýletinçilik işini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň çägine gelýän daşary ýurtly meýletinçilere wizalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gysga wagtda resmileşdirilýär.

Daşary ýurtly meýletinçiler Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alynmaga borçludyrlar.

 

26-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

27-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary.

№ 320-V.

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 12.01.2016
Resminamanyň belgisi № 320-V