TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Eýeçilik hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 140-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 15.10.2016 ý. № 461-V we 08.06.2019 ý. № 153-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşlerini, eýeçilik gatnaşyklarynyň hukuk we ykdysady esaslaryny, eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň şertlerini kesgitleýär hem-de eýeçilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, eýeçilik hukugynyň goralmagyna we goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

 

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) eýeçilik – emlägiň paýlanylmagynyň (eýeçilik edilmeginiň) durmuş-ykdysady we guramaçylyk görnüşlerini häsiýetlendirýän ykdysady we ýuridik gatnaşyklaryň ulgamy;

2) eýeçilik hukugy – emläge eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek boýunça kanunçylyk taýdan düzgünleşdirilen jemgyýetçilik (emläk we emläk däl şahsy) gatnaşyklary:

a) eýelik etmek hukugy – emlägiň üstünden kanun tarapyndan rugsat edilýän hakyky agalyk;

b) peýdalanmak hukugy – emlägiň peýdaly alamatlarynyň şahsy peýdalanylmagyna hukugy.

Peýdalanmak hukugy, şahsyň öz emlägini peýdalanmazlyk mümkinçiligini hem öz içine alýar;

ç) ygtyýarlyk etmek hukugy– emlägiň aýrybaşgalanmagyny ýa-da wagtlaýyn eýelik edilmäge we peýdalanylmaga berilmegini göz öňünde tutýan, raýat-hukuk geleşikleriniň amala aşyrylmagy arkaly emlägi ykdysady dolanyşyga goşmak hukugy;

3) hojalygy ýörediş hukugy – kärhananyňemlägiň eýesi tarapyndan kanunda bellenilen çäklerde oňa berkidilen emläge eýelik etmäge, peýdalanmaga we ygtyýarlyk etmäge hukugy;

4) dessindolandyryş hukugy –kärhana eýesi tarapyndan (edara) dessin dolandyrylmaga berlen emläge eýelik etmek hukugynyň görnüşi, oňa laýyklykda bu kärhana (edara) diňe zadyň eýesiniň razylygy bilen bu emläge ygtyýar edip biler.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň eýeçilik hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň eýeçilik hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk eýeçilik gatnaşyklary Türkmenistanyň raýat kanunçylygy hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

3. Oýlap tapyşlaryň, açyşlaryň, ylmy, edebiýat we sungat eserleriniň hem-de intellektual eýeçiligi hukugynyň beýleki obýektleriniň döredilmegi we peýdalanylmagy boýunça gatnaşyklar awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda kanunçylyk hem-de Türkmenistanyň gaýry kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Eýeçilik gatnaşyklarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

 

1. Eýeçilik gatnaşyklarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi zadyň eýesiniň hukugynyň we borçnamalarynyň gatnaşyklaryny jemgyýetçilik bähbitleriniň ileri tutulýan talaplaryna laýyk getirmekden ybaratdyr hem-de ol eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň kanunçylyk taýdan berkidilen tärleriniň üsti bilen üpjün edilýär.

2. Eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň tärlerinde şular göz öňünde tutulýar:

1) döwletiň we ýerli öz-özüňi dolandyryş (munisipal) edaralarynyň eýeçiliginiň döwletiň garamagyndan aýrylmagywehususylaşdyrylmagy;

2) jemgyýetçilik bähbitlerinde öweziniň dolunmagy esasynda amala aşyrylýan hususy eýeçiligiň emläk gatnaşyklarynyň ykdysady serişdelere üýtgedilmegi;

3) durmuş-ykdysady häsiýetli eýeçiligi emele getirýän düzüm birlikleriniň düzgünleşdirilmegi, şol sanda şular arkaly:

a) döwlet tarapyndan zadyň eýesine, onuň telekeçilik işiniň barşynda zähmet gatnaşyklary babatda talaplaryň bellenilmegi, standartlaryň, ekologik ölçegleriň, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň hiliniň üpjün edilmeginiň berjaý edilmegi ýaly goýulýan çäklendirmeler we beýleki talaplar, şeýle hem ýerden peýdalanmagyň, durmuş hyzmatdaşlygynyň maksatnamasyna laýyklykda dolandyryş işiniň düzgünleşdirilmegi;

b) Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda we raýatlaryň aýry-aýry toparlary üçin durmuş transfertleriniň hasabyna girdejileriň gaýtadan paýlanylmagynyň esasynda olaryň düzgünleşdirilmegi.

 

4-nji madda. Eýeçilik hukugy

 

1. Türkmenistanda eýeçilik hukugy şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde ýüze çykýar.

2. Türkmenistanda eýeçilik hukugy ykrar edilýär we ol kanun tarapyndan goralýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň, ýuridik şahslarynyň, döwletiň daşary ýurtlarda ýerleşýän emlägine bolan eýeçilik hukugy Türkmenistanda ykrar edilýär we kanun tarapyndan goralýar.

3. Eýeçilik hukugynyň subýekti (zadyň eýesi) öz garamagyna görä özüne degişli bolan emläge Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň hasaba alynmagy bilen eýelik edýär, ondan peýdalanýar we oňa ygtyýarlyk edýär.

4. Zadyň eýesi emläge eýelik etmek, ony peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek boýunça öz ygtyýarlyklaryny başga bir şahsa geçirip, emlägi girewiň närsesi hökmünde peýdalanyp ýa-da ony gaýry usulda borçlandyryp, öz emlägini beýleki şahsyň eýeçiligine ýa-da dolandyrmagyna geçirip biler, şeýle hem öz emlägi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän islendik hereketleri amala aşyrmaga haklydyr.

Zadyň eýesi emlägi telekeçilik ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry işiň amala aşyrylmagy üçin peýdalanyp biler.

5. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da zadyň eýesi bilen beýleki şahsyň şertnamasynda (mundan beýläk – şertnama) başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, emlägiň, emlägiň şeýle peýdalanylmagynyň miweleri bolup durýan, hojalyk we gaýry peýdalanylmagynyň netijeleri bu emlägiň eýesine degişlidir.

6. Zadyň eýesine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, şertlerde we çäklerde onuň emlägini beýleki şahslaryň çäklendirilip peýdalanmagyna ýol berilmegine borçlar ýüklenilip bilner.

7. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, özüne degişli emlägiň saklanylmagybilen baglanyşykly, şeýle hem onuň tötänlikden ýok bolmagynyň ýa-da tötänlikden zaýalanmagynyň töwekgelçiliginiňýüküni zadyň eýesi çekýär.

8. Eýeçilik hukugynyň amala aşyrylmagy daşky gurşawa zyýan ýetirmeli däldir, fiziki we ýuridik şahslaryň hem-de döwletiň hukuklaryny we Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly goralýan bähbitlerini bozmaly däldir.

 

5-nji madda. Eýeçilik hukugynyň obýektleri

 

Şular eýeçilik hukugynyň obýektleri bolup biler: ýer, ýerasty baýlyklar, dag-magdanly ýerler, suw serişdeleri, howa giňişligi, tokaý gaznasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi, emläk toplumlary, binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý-jemagat obýektleri, enjamlar, pul serişdeleri, gymmatly kagyzlar hem-de önümçilik, sarp ediş,durmuş, medeni we beýleki hajatlar üçin niýetlenen gaýry eýeçilik obýektleri, medeniýet senetleri, açyşlar, oýlap tapyşlar, senagat nusgalary, haryt nyşanlary hem-de hyzmat ediş nyşanlary, intellektual işiň gaýry netijeleri.

 

6-njy madda. Eýeçilik hukugynyň subýektleri. Eýeçiligiň görnüşleri

 

1. Fiziki we ýuridik şahslar, döwlet Türkmenistanda eýeçilik hukugynyň subýektleri bolup durýarlar.

2.Türkmenistanda eýeçilik şu aşakdaky görnüşlerde çykyş edýär:

1) hususy eýeçilik;

2) döwlet eýeçiligi;

3) jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi;

4) kooperatiw birleşikleriniň eýeçiligi;

5) bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiligi;

6) gatyşyk (birleşen) eýeçilik;

7) daşary ýurt döwletleriniň, olaryň ýuridik şahslarynyň we  raýatlarynyň eýeçiligi;

8) halkara guramalarynyň eýeçiligi.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda, şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk gaýry eýeçilik görnüşleri hem bellenilip bilner.

 

7-nji madda. Zat-emläk hukuklary

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda ýa-da zadyň eýesiniň garaýşyna görä onuň emlägine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek hukuklary beýleki şahslara berlip bilner, olar bu hukuklary kanun ýa-da emlägiň eýesi tarapyndan göz öňünde tutulan çäklerde amala aşyrýarlar.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, zadyň eýesiniň emlägini görkezilen şertlerde hojalyk ýa-da gaýry babatda peýdalanylmagyny amala aşyrýan şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň kepillikleri edil zadyň eýesiniňki ýaly üpjün edilýär.

2. Zadyň eýesi özüne degişli emlägini hojalygy ýörediş hukugynda özi tarapyndan döredilen kärhanasyna berkidip biler.

Kärhana özüne berkidilen emläge hojalygy ýörediş hukugyny amala aşyrmak bilen görkezilen emläge eýelik edýär, peýdalanýar we oňa ygtyýarlyk edýär, ol babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän islendik hereketi amala aşyrýar. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da kärhana bilen zadyň eýesiniň şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, hojalygy ýörediş hukugyna eýeçilik hukugy hakynda düzgünler ulanylýar.

Zadyň eýesi ýa-da zadyň eýesi tarapyndan onuň emlägini dolandyrmaga ygtyýarly edilen şahslar, Türkmenistanyň kanunçylygyna we kärhananyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda kärhananyň döredilmeginiň we onuň işiniň maksatlarynyň kesgitlenilmeginiň, onuň üýtgedilip guralmagynyň we ýatyrylmagynyň meselelerini çözýärler, ynanylan emlägiň netijeli peýdalanylmagyna we abat saklanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýarlar.

Zadyň eýesiniň özüniň kärhana beren emläginiň peýdalanylmagyndan alnan peýdanyň bölegini şertnamada kesgitlenilen möçberde almaga hukugy bardyr. Bu paý kesgitlenilýän mahalynda ýüze çykýan jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.

3. Öz işini hojalygy ýörediş hukugynda amala aşyrýan döwlet kärhanasynyň zat eýesiniň ýa-da oňa ygtyýarly edilen döwlet edarasynyň razylygy bolmazdan şulary geçirmäge haky ýokdur:

a) olaryň ýöretmeginde durýan binalary, desgalary, enjamlary we kärhananyň beýleki esasy serişdelerini satmaga ýa-da üçünji taraplara bermäge, çalyşmaga, wagtlaýyn peýdalanmaga bermäge;

b) golçur kärhanalary, şahamçalary döretmäge, hususy eýeçilik görnüşindäki kärhanalar bilen bilelikdäki kärhanalary we önümçilikleri döretmäge, olara önümçilik we maliýe serişdelerini goýmaga.

4. Zadyň eýesi tarapyndan zadyň eýesiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän döwletiň býujet edarasyna, gaýry edara berkidilen emläk, bu edaranyň dessin dolandyrylmagynda durýar.

Döwletiň býujet edarasy diýlip Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary, şol sanda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan, işi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän, dolandyryş, durmuş-medeni, ylmy-tehniki ýa-da täjirçilik däl häsiýetli gaýry wezipeleri amala aşyrmak üçin döredilen edara düşünilýär.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, edara berkidilen emlägiň eýesi bu emlägi almaga ýa-da özüniň döreden beýleki ýuridik şahslarynyň arasynda ony öz garaýşyna görä gaýtadan paýlamaga haklydyr.

Zadyň eýesiniň razylygy bilen telekeçilik işini amala aşyrýan döwletiň býujet edaralary we gaýry edaralar, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, şeýle işden gelen girdejilere we bu girdejileriň hasabyna satyn alnan emläge özbaşdak ygtyýar etmäge bolan hukuga eýe bolýarlar.

 

8-nji madda. Eýeçilik hukugynyň edinilmegi we onuň bes edilmegi

 

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, fiziki ýa-da ýuridik şahs şulara eýeçilik hukugyny edinýär:

1) kanuna garşy gelmeýän esaslar boýunça özi tarapyndan edinilen emläge;

2) özleri tarapyndan döredilen ýa-da düýpli gaýtadan işlenen zatlara;

3) oňa degişli emlägiň peýdalanylmagyndan, şeýle hem tebigy serişdeleriň ýa-da bu şahsa degişli hem bolmadyk, emma Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da şertnama laýyklykda bu maksatlar üçin oňa berlen gaýry emlägiň peýdalanylmagyndan özi tarapyndan alnan önümlere, miwelere we gaýry girdejilere.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, emlägiň satyn alyjysynyň eýeçilik hukugy oňa zadyň geçirilen pursatyndan ýüze çykýar.

3. Zadyň eýesiniň erkinden daşarky ýagdaýda eýeçilik hukugynyň bes edilmegine ýol berilmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde zady eýesiniň borçnamalary boýunça bu emläge tutup almak çäresiniň bellenilmegi, kanunyň güýji bilen bu zadyň eýesine degişli bolup bilmejek emlägiň mejbury aýrybaşgalanan halatlary muňa degişli däldir.

 

9-njy madda. Umumy eýeçilik

 

1. Umumy eýeçilik kanuna görä ýa-da şertnama esasynda ýüze çykýar.

2. Emläk umumy eýeçilik hukugynda bir wagtyň özünde olaryň hersiniň paýlarynyň kesgitlenilmegi bilen (paýly eýeçilik) ýa-da paýlary kesgitlenilmezden (bilelikdäki eýeçilik) birnäçe şahslaryň eýeçiligine degişli bolup biler.

Umumy eýeçilikde durýan emläge eýelik edilmegi, onuň peýdalanylmagy we oňa ygtyýar edilmegi zat eýeleriniň razylygy boýunça amala aşyrylýar, ol bolmadyk mahalynda bolsa, zat eýeleriniň haýsy-da bolsa biriniň talap arzasy boýunça kazyýet tarapyndan bellenilýär.

3. Umumy paýly eýeçiligiň gatnaşyjysynyň öz paýynyň bölünip berilmegine, umumy bilelikdäki eýeçiligiň gatnaşyjysynyň bolsa - paýynyň kesgitlenilmegine we bölünip berilmegine hukugy bardyr.

4. Umumy eýeçiligiň bir gatnaşyjysy tarapyndan öz paýy satylanda şeýle eýeçiligiň galan gatnaşyjylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde satylýan paýy satyn almakda artykmaçlyk hukugyna eýedirler.

 

10-njy madda. Zat eýesiniň emläginiň hasabyna töleg töletdirmek çäresiniň bellenilmegi

 

1. Fiziki şahslar öz borçnamalary boýunça özlerine eýeçilik hukugynda degişli bolan emlägiň çäklerinde jogap berýärler.

Raýatlaryň algydarlaryň nägilelikleri boýunça töleg töletdirmek çäresi bellenilip bilinmeýän emläginiň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

2. Zat eýesi özüniň döreden ýuridik şahsynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, ýuridik şahs bolsa zat eýesiniň borçnamalary boýunça jogap bermeýär,Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

3. Ýuridik şahsyň borçnamalary boýunça töleg töletdirmek çäresieýeçilik ýa-da hojalygy ýöretmek hukugynda oňa degişli bolan islendik emläge salnyp bilner, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

4. Zat eýeleriniň döwletiň öňündäki borçnamalary boýunça bergileriniň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölegler boýunça bergileriniň jedelsiz töletdirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ýol berilýär.

Şeýle töletdirmek çaresiniň bellenilmegi hakynda çözgüt bilen ylalaşmadyk mahalynda, zadyň eýesi talap arza bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

 

II bap. HUSUSY EÝEÇILIK HUKUGY

 

11-nji madda. Umumy düzgünler

 

Eýeçiligiň hususy görnüşi Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiligine we ýuridik şahslarynyň eýeçiligine bölünýär.

 

12-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçilik hukugy

 

1. Raýatyň eýeçiligi onuň önümçilige gatnaşmagyndan we özüniň zähmete bolan başarnyklarynyň gaýry ygtyýar edilmeginden, telekeçilik işinden, şahsy hojalygynyň ýöredilmeginden alan girdejileriniň hem-de karz edaralaryna, paýnamalara we beýleki gymmatly kagyzlara goýlan serişdelerinden alan girdejileriniň, miras boýunça we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry esaslar boýunça emlägi edinmeginiň hasabyna döredilýär we köpeldilýär.

2. Raýatyň emlägi miras almaga hukugy ykrar edilýär we kanun tarapyndan goralýar.

3. Şular raýatyň eýeçiliginiň obýekti bolup biler:

1) ýer bölegi;

2) ýaşaýyş jaýlary, öýler, bagçylyk öýleri,ulag jaýlary, gaýry gurluşlar, ýer bölegindäki agaçlar, öý hojalygynda we şahsy peýdalanýan zatlary;

3) önüm berýän we işçi mallar, guşlar;

4) pul serişdeleri;

5) paýnamalar, obligasiýalar we beýleki gymmatly kagyzlar;

6) intellektual işiň netijeleri;

7) köpçülikleýin habar beriş serişdeleri;

8) kärhanalar, telekeçilik işiniň çygryndaky emläk toplumlary, binalar, desgalar, enjamlar, ulag serişdeleri we gaýry önümçilik serişdeleri;

9) önümçilik, sarp ediş, durmuş, medeni we gaýry maksatly islendik başga emläk, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan raýata degişli bolup bilmejek emläkleriň görnüşleri muňa degişli däldir.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da şertnama laýyklykda raýat tarapyndan edinilen emlägiň sany we bahasy çäklendirilmeýär.

5. Raýatlaryň birleşiginiň eýeçiliginiň obýekti gatnaşyjylaryň goýumlarynyň, telekeçilik işinden we beýleki kanuny çeşmelerden alnan girdejileriň hasabyna döredilýär.

 

13-nji madda. Telekeçilik işini amala aşyrýan raýatyň eýeçilik hukugy

 

1. Raýat öz eýeçiliginde durýan emlägi, bu maksat üçin ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi üçin ulanyp biler.

2. Raýat tarapyndan bilelikdäki telekeçilik işi üçin maşgala agzalarynyň we (ýa-da) beýleki raýatlaryň emlägi ulanylan halatynda, öndürilen önüm we alnan girdejiler, eger olaryň arasyndaky şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olara umumy paýly eýeçilik hukugynda degişli bolup durýar.

3. Raýat öz emlägini özi tarapyndan döredilen kärhanasyna berkiden halatynda, ol şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuklara eýe bolýar.

4. Raýat öz emlägini paýdarlar jemgyýetlerine, hojalyk jemgyýetlerine, kooperatiw we gaýry kärhanalara, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň beýleki birleşiklerine goýumy hökmünde peýdalanmak bilen telekeçilik işini amala aşyryp biler.

 

14-nji madda. Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň eýeçilik hukugy

 

1. Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň eýeçiligi kärhanalaryň eýeçiligine we telekeçilik birleşikleriniň eýeçiligine bölünýär.

2. Kärhananyň eýeçiligi raýatyň we (ýa-da) ýuridik şahsyň öz emläginiň döredilýän kärhana berkidilmeginiň netijesinde, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet kärhanalarynyň eýeçiliginiň obýektleriniň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelýär.

3. Emlägiň eýeleri hökmünde döredilen we ýuridik şahslar bolup durýan paýdarlar jemgyýetleri, hojalyk jemgyýetleri we gaýry kärhanalary, olaryň gatnaşyjylary tarapyndan goýumlar we beýleki gatançlar görnüşinde olara berlen emlägiň, şeýle hem telekeçilik işiniň netijesinde alnan we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry esaslar boýunça edinilen emlägiň eýeçilik hukugyna eýe bolýarlar. Paýdarlar jemgyýetleri, şeýle-de özleriniň paýnamalaryň satylmagyndan alan serişdeleriniň hem eýesi bolup durýarlar.

4. Kärhanalar özara şertnama boýunça ýuridik şahsyň hukuklaryna eýe bolan assosiasiýalara, konsernlere we telekeçilik birleşikleriniň beýleki görnüşlerine birleşip bilerler.

Telekeçilik birleşigi onuň gatnaşyjylary tarapyndan özüniň eýeçiligine meýletin berlen, şeýle hem telekeçilik birleşiginiň işiniň netijesinde alnan emlägiň eýeçilik hukugyna eýe bolýar.

 

III bap. DÖWLET EÝEÇILIK HUKUGY

 

15-nji madda. Ýere, beýleki tebigy serişdelere, Türkmenistanyň medeni mirasynyň obýektlerine eýeçilik we gaýry zat hukuklary

 

1. Ýer, ýerasty baýlyklar, suw, ösümlik we haýwanat dünýäsi, howa giňişligi, medeni mirasyň obýektleri Türkmenistanyň halkynyň baýlygy bolup durýar.

2. Türkmenistan öz çäginde ýere, beýleki tebigy serişdelere eýelik etmegi, peýdalanmagy we ygtyýar etmegi amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň raýatlarynyň hususy eýeçiligine berlen ýerlerden başga,Türkmenistanyň ähli ýerleri döwlet eýeçiliginde durýar.

Döwlet goraghanalaryna berlen ýerler, şeýle hem beýleki aýratyn goralýan tebigy çäkleriň ýerleri döwletiň aýratyn eýeçiligi bolup durýar.

4. Ýer bölekleri fiziki we ýuridik şahslara, jemgyýetçilik birleşiklerine, dolandyryş-çäk düzümlerine Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna laýyklykda eýelik etmäge we peýdalanmaga berlip bilner.

5. Suwlar, ýerasty baýlyklar we olaryň serişdeleri, şol sanda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň gözlenilmegi we işlenip taýýarlanylmagy üçin dag-magdan bölünip berilýän ýerler,ýerasty baýlyklar hakynda geologik we geofiziki maglumatlar, yklym ýalpaklygynyň we deňiz ykdysady zolaklarynyň serişdeleri, howa giňişligi, döwletiň aýratyn eýeçiligine degişli bolan beýleki tebigy serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçilik hukugynyň subýektleriniň eýelik etmegine we peýdalanmagyna berilýär.

6. Ýer böleklerine we beýleki tebigy serişdelere gaýry zat hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde berilýär we amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanyň milli medeni baýlyklaryna degişli bolup durýan medeni gymmatlyklar, olary beýleki döwletlere bermek hukugy bolmazdan, diňe Türkmenistana degişlidir.

 

16-njy madda. Döwlet eýeçiligi hukugynyň obýektleri

 

1. Döwlet eýeçiligi Türkmenistanyň halkynyň baýlygy bolup durýar.

2. Şular döwlet eýeçiligindedurýar:ýer,Türkmenistanyň milli medeni baýlyklarynyň döwlet obýektleri, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň, Ýaragly Güýçleriniň, milli howpsuzlyk edaralarynyň, serhet we içerki goşunlarynyň emlägi, goranmak obýektleri, bir bitewi energetika ulgamy; umumydöwlet ähmiýeti bolan umumy peýdalanylýan ulag, aragatnaşyk we maglumat ulgamlary; Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri, Türkmenistanyň Merkezi banky, beýleki döwlet banklarywe olaryň edaralary hem-de olar tarapyndan döredilýän karz serişdeleri; döwletiň ätiýaçlyk, ätiýaçlandyryş we beýleki gaznalary; döwletiň bilim berýän edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezleriniň we obýektleriniň, gidrometeorologiýa gullugynyň, patent gullugynyň,daşky gurşawy goramak gullugynyň, standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň obýektleriniň emlägi.

Döwlet eýeçiliginde kärhanalar we senagat toplumlary; agrosenagat toplumynyň döwlet kärhanalary; durmuş-medeni çygrynyň obýektleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we döwletiň gaýry serişdeleriniň hasabyna döredilen we edinilen ýa-da eýeçilik hukugynyň beýleki subýektleri tarapyndan Türkmenistanyň eýeçiligine muzdsuz berlen gaýry emläkler, açyşlar, oýlap tapyşlar, gaýry intellektual işiň netijeleri bolup biler.

3. Döwlet eýeçiligi bolup durýan emläk döwlet kärhanalaryna (edaralaryna) hojalygy ýörediş hukugynda ýa-da dessin dolandyryş hukugynda berkidilýär.

4. Döwlet eýeçiliginiň obýektlerine ygtyýarlyk edilmegini we onuň dolandyrylmagyny degişli ygtyýarly edilen döwlet edaralary amala aşyrýarlar.

5. Döwlet kärhanasynyň işini kämilleşdirmek hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen döredilýän paýdarlar jemgyýetine, bilelikdäki kärhana ýa-da hojalyk jemgyýetine gatnaşmagy üçin döwlet eýeçiligine degişli emläk, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça onuň eýeçiligine berlip bilner. Bu ýagdaýda döwlet kärhanalary öz borçnamalary boýunça şol emlägi bilen jogap berýärler.

6. Türkmenistanyň döwlet edaralary döwlet eýeçiliginde durýan dini däp-dessur binalaryny we gaýry emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde, dini guramalara eýeçiligine ýa-da  muzdsuz peýdalanmaga berip bilerler.

 

17-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş (munisipal) edaralarynyň eýeçilik hukugy

 

1. Ýerli öz-özüňi dolandyryş(munisipal) edaralarynyňeýeçiliginde aşakdakylar bolup biler: degişli ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň emlägi, degişli býujetleriň serişdeleri, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasy we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli jaýlardaky ýaşalmaýan jaýlar, oba hojalyk, söwda, durmuş hyzmaty kärhanalary,ulag, senagat, gurluşyk we beýleki kärhanalar, döwletiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş edaralary hem-de etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň ykdysady we durmuş taýdan ösdürilmegi üçin zerur bolan gaýry emläkler.

2. Ýerli öz-özüňi dolandyryş (munisipal) edaralarynyň eýeçiligi bolup durýan emläk, kärhanalara (edaralara) hojalygy ýörediş hukugynda ýa-dadessin dolandyryş hukugynda berkidilýär.

 

18-nji madda. Döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş (munisipal) edaralarynyň emläginiň eýeçiliginiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we hususylaşdyrylmagy

 

Döwlet ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş (munisipal) edaralarynyň eýeçiliginde durýan kärhanalar, emläk toplumlary, binalar, desgalar we gaýry emläk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde olaryň eýeçiliginiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we hususylaşdyrylmagy arkaly raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hususy eýeçiligine berlip bilner.

 

IV bap. JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ

EÝEÇILIK HUKUGY. KOOPERATIWBIRLEŞIKLERINIŇ

EÝEÇILIK HUKUGY. GATYŞYK (BIRLEŞEN) EÝEÇILIK

 

19-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi hakynda umumy düzgünler

 

1. Jemgyýetçilik birleşikleri öz eýeçiligine binalary, desgalary, gurluşlary, ýaşaýyş jaý gaznasyny, ulaglary, enjamlary, abzallary, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emläkleri, pul serişdelerini, paýnamalary, beýleki gymmatly kagyzlary, intellektual zähmetiň netijelerini hem-de olaryň tertipnamalarynda kesgitlenilen işiň maddy taýdan üpjün edilmegi üçin zerur bolan gaýry emlägi edinip bilerler.

Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiliginde, şeýle-de öz tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda hususy serişdeleriniň hasabyna döredilýän we edinilýän edaralar, neşirýatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, banklar bolup biler.

2. Döwletiň we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasy bilen eýeleri jemgyýetçilik birleşikleri bolup bilmeýän emläkleriň görnüşleri kesgitlenilip bilner.

3. Jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan ýuridik şahslar hökmünde döredilen ýa-da edinilen kärhanalar we edaralar özlerine berkidilen emläge hojalygy ýörediş hukugynda ýa-da dessin dolandyryş hukugynda eýe bolýarlar.

4. Jemgyýetçilik birleşiginiň guramaçylyk düzümleri jemgyýetçilik birleşiginiň emlägine, bu jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda kesgitlenilýän çäklerde ygtyýar etmäge haklydyr.

 

20-nji madda. Jemgyýetçilik gaznalarynyň eýeçilik hukugy

 

1. Jemgyýetçilik gaznalarynyň özleri tarapyndan kesgitlenilýän jemgyýetçilik peýdaly maksada ýetilmegi üçin esaslandyryjylar tarapyndan berlen emläge eýeçilik hukugy bardyr.

2. Jemgyýetçilik gaznalary, şeýle-de kömekçi häsiýete eýe bolan telekeçilik işinden gelen girdejileri hem goşmak bilen, hususy serişdeleriň hasabyna satyn alnan ýa-da özleri tarapyndan döredilen emläkleriň, şeýle hem özlerine raýatlar, ýuridik şahslar ýa-da döwlet tarapyndan berlen, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän başga esaslar boýunça satyn alnan emläkleriň eýeçilik hukugyna eýedirler.

 

21-nji madda. Dini guramalaryň eýeçilik hukugy

 

1. Dini guramalaryň eýeçiliginde binalar, dini dessurlara degişli zatlar, onümçilik, durmuş we haýyr-sahawat maksatly obýektler, pul serişdeleri hem-de olaryň işini üpjün etmek üçin zerur bolan gaýry emläk bolup biler.

2. Dini guramalar özleri tarapyndan hususy serişdeleriniň hasabyna satyn alnan ýa-da döredilen emläkleriň, raýatlar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan peşgeş berlen (miras berlen) ýa-da döwlet tarapyndan berlen ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän başga esaslar boýunça edinilen emläkleriň eýeçilik hukugyna eýe bolýarlar.

3. Dini guramalara degişlidini dessurlara niýetlenen emläge algydarlaryň nägilelikleri boýunça töleg töletdirmek çäresi bellenilip bilinmez.

 

22-nji madda. Kooperatiw birleşikleriniň eýeçilik hukugy

 

Kooperatiw birleşikleriniň öz agzalarynyň pul we beýleki emläk gatançlarynyň hasabyna döredilen emläge, şeýle hem özleriniň önümçilik, söwda, taýýarlaýyş işinden we olaryň tertipnamasynda göz öňünde tutulan gaýry işden alýan girdejilerine eýeçilik hukugy bardyr.

 

23-nji madda. Gatyşyk (birleşen) eýeçilik

 

Gatyşyk (birleşen) eýeçilik hususy eýeçilige, döwlet eýeçiligine degişli obýektler, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň, daşary ýurt döwletleriniň, olaryň fiziki we ýuridik şahslarynyň eýeçiligine degişli obýektler birleşdirilen mahalynda döreýär.

 

V BAP. BILELIKDÄKI KÄRHANALARYŇ

EÝEÇILIK HUKUGY.DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ,

HALKARA GURAMALARYNYŇ,DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇÝURIDIK ŞAHSLARYNYŇWE RAÝATLARYNYŇ, RAÝATLYGYBOLMADYK ADAMLARYŇEÝEÇILIKHUKUGY

 

24-nji madda. Bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiligi

 

Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriň ýuridik şahslarynyň we raýatlarynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiliginde, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, esaslandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan işiň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan emlägi bolup biler.

 

25-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň eýeçiligi

 

Daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen halatlarda we tertipde öz eýeçiliginde diplomatik, konsullyk we gaýry halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmaklary üçin zerur bolan binalary, desgalary, beýleki emlägi edinmäge haklydyr.

 

26-njy madda. Daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň eýeçiligi

 

Daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary telekeçilik we beýleki işleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde öz eýeçiliginde senagat we beýleki kärhanalary, binalary, desgalary hem-de gaýry emlägi edinmäge haklydyr.

 

27-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň eýeçiligi

 

Şu Kanunyň düzgünleri, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda bar bolan eýeçiligi babatda hem ulanylýar.

 

VI BAP. EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ GORALMAGY

 

28-nji madda. Eýeçilik hukugynyň goralmagy hakynda esasy düzgünler

 

1. Türkmenistanda eýeçiligiň ähli görnüşleriniň eldegrilmesizligi, deň derejede goragy we olaryň ösdürilmegi üçin deň şertleriň döredilmegi kepillendirilýär.

2. Zat eýesiniň Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda öz eýeçilik obýektini keseki biriniň bikanun eýelemeginden talap edip almaga hukugy bardyr.

3. Zat eýesi özüniň hukugynyňislendik bozulmalarynyň, hatda bu bozulmalar eýelik edilmeginden mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk hem bolsa, düzedilmegini talap edip biler.

4. Eýeçilik hukugynyň goralmagy kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Şu maddada göz öňünde tutulan hukuklar, şeýle-de hatda zat eýesi bolup durmaýan, emma eýeçiligiň obýektine hojalygy ýörediş, dessin dolandyryş hukugynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda we şertnamada göz öňünde tutulan gaýry esaslar boýunça eýelik edýän, şahsa hem degişlidir. Bu şahsyň öz eýeçiligini, şeýle-de zadyň eýesinden goramaga hem hukugy bardyr.

 

29-njy madda. Kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça zat eýesiniň hukuklary bes edilen mahalynda, onuň bähbitleriniň goralmagy

 

1. Eýeçiligiň muzdunyň tölenilip mejbury alynmagyna diňe kanunda bellenilen halatlarda ýol berilýär.

2. Eýeçilik hukugyny bes edýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namasy kabul edilen halatynda, bu namanyň kabul edilmeginiň netijesinde zat eýesine ýetirilen ýitgiler, kazyýetiň çözgüdi boýunça döwlet tarapyndan oňa doly möçberde tölenilýär.

3. Zat eýesiniň emläginiň alynmagyna gös-göni gönükdirilen döwlet edarasynyň karary, şol sanda zat eýesine degişli bolan jaý, gaýry gurluşlar, desgalar ýa-da agaçlar ýerleşýän ýer bölekleriniň alynmagy hakynda karary bilen baglanyşykly eýeçilik hukugynyň bes edilmegine, diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we halatlarda, zat eýesine deň derejeli emlägiň berilmegi ýa-da eýeçilik hukugynyň bes edilmegi bilen baglanyşykly oňa ýetirilen ýitgileriň doly möçberde öweziniň dolunmagy bilen ýol berilýär.

Eýeçilik hukugynyň bes edilmegine getiren karar bilen zat eýesiniň ylalaşmadyk halatynda, ol jedeliň kazyýet tarapyndan çözülmegine çenli amala aşyrylyp bilinmez. Şeýle ýagdaýda kazyýet zat eýesine deň derejeli emlägiň berilmegi ýa-da eýeçilik hukugynyň bes edilmegi bilen baglanyşykly oňa ýetirilen ýitgileriň doly möçberde öweziniň dolunmagy hakynda meseläni çözýär.

4. Tebigy betbagtçylyklar, heläkçilikler, epidemiýalar, epizootiýalar bolan halatlarynda hem-de adatdan daşary häsiýeti bolan gaýry ýagdaýlarda döwlet häkimiýet edaralarynyň karary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipdewe şertlerde jemgyýetiň bähbidi üçin eýeçilik obýekti zat eýesinden alnyp bilner, şeýle ýagdaýda eýeçiligiň obýektiniň şol pursatdaky gymmaty tolenilýär (rekwizisiýa).

Eýeçiligiň muzdsuz alynmagyna ýol berilmeýär, kanunda gadagan edilen usul bilen edinilen eýeçilik muňa degişli däldir.

5. Edilen jenaýat netijesinde zat eýesine ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir.

 

30-njy madda. Zat eýeleriniň hukuklaryny bozýan namalaryň hakyky däldigi

 

1. Eger Türkmenistanyň döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän namany çykarmagy netijesinde zat eýesiniň hem-de beýleki şahslaryň özlerine degişli emläge eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek boýunça hukuklary bozulýan bolsa, şeýle nama zat eýesiniň ýa-da hukugy bozulan şahsyň talap arzasy boýunça kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

2. Görkezilen namalaryň çykarylmagy netijesinde fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen ýitgileriň, şol sanda elden giderilen peýdanyň degişli döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň serişdeleriniň hasabyna doly möçberde öwezi dolunmaga degişlidir.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

31-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 53-nji madda);

2007-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň III bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 40-njy madda);

2012-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 2, 52-nji madda);

2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen«Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I böleginiň1-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 148-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                           Gurbanguly

     Prezidenti                                                             Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 21-nji noýabry.

№ 306-V.

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 21.11.2015
Resminamanyň belgisi № 306-V