Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 95-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 149-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär, pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň, ygtyýarly edaranyň we beýleki döwlet edaralarynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygryndaky hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejiler jemgyýetçilik howply etmişi etmegiň netijesinde edinilen pul serişdeleri we gaýry emläk;

2) emläk – görünýän ýa-da görünmeýän, maddy ýa-da maddy däl, gozgalýan ýa-da gozgalmaýan, şeýle hem edinilmeginiň usulyna we ýerleşýän ýerine garamazdan islendik aktiwler, şonuň ýaly-da bank karzlaryny, ýol çeklerini, bank çeklerini, poçta geçirmelerini, akkreditiwleri, paýnamalary, obligasiýalary, wekselleri we beýleki töleg gurallaryny we gymmatly kagyzlary hem goşmak bilen şeýle aktiwlere bolan hukugy ýa-da bähbidi ýa-da olara gatnaşmagy tassyklaýan islendik görnüşli ýuridik resminamalar ýa-da namalar, şol sanda olaryň elektron ýa-da sanly görnüşleri we şeýle islendik emläkdäki doly ýa-da bölekleýin ýuridik ýa-da adalatly bähbidi öz içine alýar;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy – bikanun ýol bilen alnan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen maliýe amallarynyň edilmegi ýa-da beýleki geleşikleriň baglaşylmagy, şonuň ýaly-da görkezilen pul serişdeleriniň we emlägiň telekeçilik ýa-da başga ykdysady işi amala aşyrmak üçin peýdalanylmagy, olaryň başga görnüşe öwrülmegi, geçirilmegi, şeýle hem olara eýelik edilmegini, peýdalanylmagyny we ygtyýar edilmegini kanuny görnüşe getirmek maksady bilen şol pul serişdeleriniň we emlägiň bikanun gelip çykyşynyň gizlenilmegi, ýaşyrylmagy ýa-da şol hereketlerden peýda ýa-da beýleki bähbitleriň alynmagy;

4) terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi – terrorçylyk maksatly hereketi amala aşyrmak üçin, terrorçy, terrorçylykly topar, terrorçylykly gurama tarapyndan peýdalanylmagynyň maksadyna ýa-da olar tarapyndan doly ýa-da bölekleýin peýdalanyljaklygyna düşünmek bilen göni ýa-da gytaklaýyn ýa-da islendik başga usulda pul, maddy-tehniki we gaýry serişdeleriň ýygnalmagy ýa-da berilmegi ýa-da maliýe hyzmatlaryň edilmegi, şonuň ýaly-da terrorçylyk maksatly hereket bilen bagly ýa-da bagly bolmazdan terrorçynyň, terrorçylykly toparyň, terrorçylykly guramanyň ýa-da şol maksatlara ýetmek üçin döredilýän guramaçylykly toparyň, bikanun ýaragly düzümiň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň işini üpjün etmek boýunça hereketler (hereketsizlik);

5) predikat jenaýat – Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan, netijesinde pul serişdeleri we gaýry emläk edinilýän, edilmegi başga jenaýatyň hökmany alamaty bolan we ol babatda hem öňünden edilen bolup durýan jenaýat;

6) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal – amala aşyrylmagynyň görnüşine we usulyna garamazdan fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdeleri we gaýry emläk bilen edýän olar bilen bagly raýatlyk hukuklary we borçlary bellemäge, üýtgetmäge ýa-da bes etmäge gönükdirilen hereketleri;

7) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen şübheli amal (mundan beýläk – şübheli amal) – müşderiniň amaly (şol sanda şeýle amaly geçirmäge edilen synanyşyk, geçirilmegi dowam edip duran amal ýa-da eýýäm geçirilen amal) babatda onuň edilmegi üçin peýdalanylýan pul serişdeleriniň we gaýry emlägiň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdeji bolmagyna ýa-da amalyň özi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga ýa-da terrorçylygy ýa-da gaýry jenaýatçylykly işi maliýeleşdirmäge gönükdirilenligine şübhe döreýän amal;

8) döwlet syýasaty boýunça edarasy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döredilýän hem-de jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly döwlet syýasatyny amala aşyrmaga gönükdirilen degişli çäreleri geçirmäge ygtyýarly edilen döwlet edarasy;

9) ygtyýarly edara – şu Kanuna laýyklykda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi ýa-da predikat jenaýatlar bilen bagly bolmagynyň mümkinligine şübhe döredýän amallar we ýagdaýlar barada maglumaty almaga, toplamaga, gaýtadan işlemäge, seljermäge, peýdalanmaga we bermäge ygtyýarly edilen döwlet edarasy;

10) içerki gözegçilik – pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahsyň şu Kanunda görkezilen çäreleri amala aşyrmak boýunça işi;

11) benefisiar – bu peýda edinýän, ýagny şertnama ýa-da bergi resminamasyna laýyklykda pul tölegini, girdejileri we beýleki artykmaçlyklary we peýdalary alýan şahs.

Şular benefisiarlar bolup bilerler:

a) ynançly dolandyrmakda bolan ýa-da üçünji şahslar tarapyndan peýdalanylýan eýeçiliginden girdeji alýan şahslar (gozgalýan we gozgalmaýan emlägi kireýine ýa-da kärendesine bermek, paýnamalary dellallaryň peýdalanmagyna geçirmek we ş.m.);

b) ätiýaçlandyrýan tarapyndan bellenen ätiýaçlandyryş tölegini alýanlar, şu halatda benefisiar ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilýär. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen benefisiar töleg edilýänçä aradan çyksa, bu hukugy mirasa alan şahs benefisiar bolup durýar;

ç) bank, bank-emitent tarapyndan resminamalaýyn akkreditiwiň eýesi hökmünde görkezilen şahslar;

d) trastdan maliýe peýdasyny alýan şahslar;

e) inkassodan pul sereşdelerini alyjylar;

ä) bank depozit sertifikatyny alyjylar we beýlekiler.

12) işjeň gatnaşyklar – kesgitli bir möhletiň çäklerinde, belli bir maksada ýetmäge gönükdirilen resminama esasynda ya-da resminamasyz yola goýlan hyzmatdaşlyk;

13) örtük banklar – bellige alnan ýa-da bank işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alan döwletlerinde we çäklerinde bolmaýan we bu döwletleriň we çäkleriň netijeli gözegçiliginde bolýan haýsydyr-bir kadalaşdyrylýan maliýe toparyna girmeýän bank;

14) hökmany gözegçilik – ygtyýarly edara we pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallar barada maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, seljermek we peýdalanmak boýunça çäreleriň jemi;

15) offşor zolaklar – degişlilikde bank, ätiýaçlyk we beýleki amallary we geleşikleri amala aşyrmakda, ýeňillikli salgyt salmakda ýa-da ýuridik şahslary bellige almakda dahylsyzlara hyzmat etmek üçin döwlet tarapyndan bellenilen aýratyn amatly şertleri bolan zolaklar;

16) ulgamy laýyk däl ýurt – Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny ýerine ýetirmeýän ýa-da ýeterlik derejede ýerine ýetirmeýän ýurt;

17) jemgyýetçilik wezipeli adam – bu daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamyny, milli jemgyýetçilik wezipeli adamyny, halkara guramasynyň wezipeli adamyny öz içine alýar:

a) daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamy – daşary ýurt döwletiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, administratiw ýa-da kazyýet edarasynda haýsydyr bir wezipäni eýeleýän, bellenilýän ýa-da saýlanylýan adam, şeýle hem daşary ýurt döwleti üçin haýsydyr bir jemgyýetçilik wezipäni ýerine ýetirýän ýa-da ýerine ýetiren islendik adam;

b) milli jemgyýetçilik wezipeli adamy – kanuna laýyklykda bellenilen ygtyýarlyklarynyň möçberi we jogapkärçiliginiň kesgitlenen derejesi bolan döwlet wezipesini eýeleýän ýa-da eýelän, döwlet gullugynyň wezipelerini amala aşyrmak bilen baglanyşykly kararlary kabul etmäge hukugy bar bolan ýa-da ozal bolan döwlet wezipeli adam, şeýle hem syýasy partiýalaryň görnükli işgärleri;

ç) halkara guramasynyň wezipeli adamy – bu guramanyň dolandyryş düzümine girýän agzalar, şol sanda başlyklar, olaryň orunbasarlary, müdirýetiniň agzalary ýa-da şolara meňzeş wezipeleri eýeleýän ýa-da eýelän adam.  

18) milli töwekgelçiliklere baha bermek we töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmak – kabul edilen çäreleriň ýüze çykarylan töwekgelçiliklere laýyk gelmegini üpjün etmek maksatlary bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiligini kesgitlemek we oňa baha bermek;

19) seljerme şübheli amallar, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda hökmany gözegçilige degişli amallar bilen bagly maglumatlaryň, predikat jenaýatlar we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly beýleki maglumatlaryň seljermesi;

20) barabarlamak – müşderler, olaryň ygtyýarly eden taraplary we benefisiarlar barada maglumatlary anyklamak we bu maglumatlary anyklamak üçin resminamalaryň asyl nusgasyny ýa-da olaryň bellenilen tertipde tassyklanan göçürme nusgasyny ulanmagyň usullaryny tassyklamak boýunça şu Kanunda görkezilen çäreleriň toplumy;

21) nagt pullar we görkeziji üçin dolanyşykdaky gurallar – nagt pullar we çäklendirmesiz dolanyşykda bolup biljek we tölegiň hakyky alyjysy bolmadygyň adyna ýa-da alynmagy boýunça oňa hukugyň geçendigini görkezýän görnüşde ýazylyp bilinjek ýol çekleri, çalşyk gurallary (çekleri, wekselleri we pul tabşyryklaryny hem goşmak bilen) ýaly görkeziji üçin atsyz görnüşindäki beýleki pul gurallary. Olara gol çekilen, ýöne alyjynyň ady görkezilmedik, doldurylmadyk gurallar (çekleri, wekselleri we pul tabşyryklaryny hem goşmak bilen) degişlidirler;

22) jenaýatçylykly ýol bilen alnan pullary nagtlaşdyrmak – nagt pul almak maksady bilen pullary kanunlaşdyrmaga gönükdirilen ýalan geleşik baglaşylanda resminamalary peýdalanmak arkaly fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan edilýän hereketler;

23) trast – bir şahsyň (dolandyryjynyň) özüne berlen pul serişdelerine we gaýry emläge degişli hereketlerinde beýleki şahsyň (trasty esaslandyryjynyň) talaplaryny we gözükdirijilerini goldanmagy şerti bilen trasty esaslandyryjy tarapyndan dolandyryja pul serişdeleriniň we gaýry emlägiň ynançly peýdalanmaga berilmegi;

24) daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy – daşary ýurt döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegi amala aşyrýan daşary ýurt döwlet edarasy.

 

2-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň wezipeleri we ulanylýan çygry

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi ýa-da predikat jenaýatlar bilen baglanyşykly işi durýurmak, ony ýüze çykarmak şu Kanunyň esasy wezipesi bolup durýar.

2. Şu Kanun jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly etmişleri duýdurmak, ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen şulary düzgünleşdirýär:

1) ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary geçirmegiň tertibini;

2) Türkmenistanyň dahyllysy bolan ýuridik şahslaryň daşary ýurt döwletlerinde ýerleşen golçur kärhanalarynyň, wekillikleriniň we şahamçalarynyň işini;

3) Türkmenistanyň çäginde pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallaryň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işiniň tertibini.

3. Şu Kanun şübheli amallar, şonuň ýaly-da şu Kanuna laýyklykda hökmany gözegçilige degişli amallar babatda maglumatlary almak, seljerme geçirmek we olary ýaýratmak ygtyýarlyklar berlen döwlet edarasyny döretmegiň hukuk esaslaryny belleýär.

4. Şu Kanunyň talaplary pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary Türkmenistanyň çäginden daşarda amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslara Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda degişli edilip bilner.

5. Şu Kanunyň talaplary köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň we ekstremizmiň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly hukuk gatnaşyklaryna hem degişlidir.

 

II BAP. JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNY WE TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINI DUÝDURMAK

 

4-nji madda. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahslar

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahslara (mundan beýläk – amallary amala aşyrýan şahslar) şular degişli edilýär:

1) karz edaralary;

2) biržalar;

3) ätiýaçlandyryş guramalary, ätiýaçlandyryş dellallary;

4) lizing işi bilen meşgul bolýan edaralar;

5) lombardlar;

6) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary;

7) notariuslar;

8) adwokatlar we beýleki hukuk kömegini berýän ygtyýarnamalylar – olaryň aşakdaky işler babatda müşderileriniň adyndan ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallara gatnaşýan halatlarynda:

a) gozgalmaýan emlägi satyn almak we satmak;

b) müşderiniň pullaryny, gymmatly kagyzlaryny we gaýry emlägini dolandyrmak;

ç) müşderiniň bank hasabyny ýa-da gymmatly kagyzlarynyň hasabyny dolandyrmak;

d) ýuridik şahslary döretmek, ýuridik şahsy dolandyrmagy üpjün etmek ýa-da kärhanalary satyn almak we satmak boýunça geleşikleri taýýarlamak ýa-da amala aşyrmak;

9) buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy çygrynda telekeçilik işini amala aşyrýan buhgalterçilik düzümleri, auditorçylyk guramalary, auditorlar;

10) söwdalaryň we auksionlaryň guramaçylary;

11) humarly oýunlaryň we lotereýalaryň guramaçylary bolan ýuridik we fiziki şahslar;

12) kazino;

13) riýeltorlar we rieltorçylyk guramalary;

14) pullary geçirmek boýynça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalar;

15) trast ýa-da telekeçilik düzümlerini döretmek boýunça hyzmatlary hödürleýän ýuridik şahslar;

16) gozgalmaýan emlägi, gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary, olardan önümleri, şeýle hem şeýle önümleriň döwük böleklerini satyn almagy we satmagy amala aşyrýan şahslar;

17) Türkmenistanyň dahyllylary we dahylsyzlary tarapyndan nagt pullar we görkeziji üçin dolanyşykdaky gurallaryň Türkmenistanyň gümrük serhediniň üsti bilen geçirilmegine gözegçilik edýän gümrük edaralary;

18) Türkmenistana getirilýän, ondan alnyp gidilýän we üstaşyr geçirilýän harytlara we gaýry emläklere, şol sanda ulag serişdelerine gözegçiligi we olary resmileşdirmegi amala aşyrýan we maglumatlar binýadyny ýöredýän edaralar;

19) döwlet belligine alynmaga degişli ulag serisdelerini we gaýry emläkleri resmileşdirmegi amala aşyrýan we maglumatlar binýadyny ýöredýän edarlar.

 

5-nji madda. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar  

 

1. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal, şol sanda on günüň dowamynda edilen özara baglanyşykly birnäçe amallar (geleşikler), eger olar özleriniň häsiýeti boýunça şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan amallaryň birine degişli bolsa ýa-da edilýän amalyň (geleşigiň) häsiýetini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen döwlet syýasaty boýunça edarasy tarapyndan bellenýän amallaryň çäklendirme möçberine deň ýa-da şondan ýokary möçberde edilýän bolsa, hökmany gözegçilige degişlidir.

Eger pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal daşary ýurt pulunda amala aşyrylýan bolsa, onuň milli puldaky möçberi şeýle amalyň edilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen puluň resmi hümmeti boýunça kesgitlenilýär.

2. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallara şular degişlidirler:

1) bank hasaplaryny (goýumlaryny) açmak we alyp barmak hukugy bolan banklar we beýleki karz edaralary tarapyndan amala aşyrylýan amalyň (geleşigiň) häsiýeti boýunça onuň amala aşyrylmagy şübhe döredýän içerki we daşarky amallar (geleşikler);

2) offşor zolakda degişlilikde belligi, ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bolan, şonuň ýaly-da offşor zolakda bellige alnan bankda hasaba eýelik edýän fiziki ýa-da ýiridik şahs tarapyndan amala aşyrylýan müşderiniň bank hasabyna pul gowşurmak ýa-da geçirmek ýa-da müşderi tarapyndan görkezilen topar şahslaryň peýdasyna bir gezeklik amal, şeýle hem yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde pul geçirmek;

3) maliýe amallary geçirilende taraplaryň bolmanda biriniň maglumatyň açylmagyny ýa-da berilmegini göz öňünde tutmaýan ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmaýan döwletde (çäkde) degişlilikde belligi, ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bolan fiziki ýa-da ýiridik şahs bolan halatynda, ýa-da taraplaryň biri görkezilen döwletde (çäkde) bellige alnan bankda hasabyň eýesi bolan amallar, şol sanda pul serişdelerini hasaba gowşurmak ýa-da geçirmek, karz bermek ýa-da almak, gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän amallar we beýlekiler;

Şeýle döwletleriň we çäkleriň sanawy jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen meşgullanýan halkara guramalary tarapyndan tassyklanýan sanawlaryň esasynda döwlet syýasaty boýunça edarasynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär;

4) nagt görnüşli pul serişdeleri bilen amallar:

a) ýuridik şahsyň hojalyk işiniň häsiýeti bilen şertlendirilmedik halatlarynda pul serişdeleriniň nagt görnüşinde onuň hasabyndan alynmagy ýa-da hasabyna gowuşmagy;

b) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde puluň müşderiniň fiziki şahsyň  bank hasabyndan alynmagy ýa-da onuň bank hasabyna gowuşmagy;

ç) fiziki şahs tarapyndan daşary ýurt pulunyň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen nagt satyn alynmagy, satylmagy ýa-da çalşylmagy;

d) gymmatly kagyzlaryň fiziki şahs tarapyndan nagt hasaplaşyga edinilmegi;

e) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde çek ýa-da weksel boýunça pul almak;

ä) dahylsyzlar tarapyndan berlen görkeziji üçin çek boýunça fiziki şahs tarapyndan pul serişdeleriniň alynmagy;

f) bir hümmetli banknotlaryň başga hümmetli banknotlara çalşyrylmagy;

g) ýuridik şahsyň esaslyk maýasyna fiziki şahs tarapyndan nagt görnüşinde pul serişdeleriniň girizilmegi;

h) nagt pullary, görkeziji üçin resminamalaýyn gymmatly kagyzlary, wekselleri, çekleri Türkmenistana getirmek ýa-da ondan alyp gitmek, muňa Türkmenistanyň Merkezi banky, banklary we poçta aragatnaşygy edaralary tarapyndan amala aşyrylýan getirmek ýa-da alyp gitmek girmeýär;

5) bank hasaplary (goýumlary) boýunça amallar:

a) görkeziji üçin goýumy (depoziti) tassyklaýan resminamalary resmileşdirmek bilen goýuma (depozite) pul serişdeleriniň ýerleşdirilmegi;

b) goýuma (depozite) nagt görnüşinde pul serişdelerini ýerleşdirmek bilen onuň üçünji şahslaryň peýdasyna açylmagy;

ç) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde amala aşyrylan daşary ýurda näbelli eýäniň adyna açylan hasaba (goýuma) pul serişdeleriniň geçirilmegi we daşary ýurtdan näbelli eýäniň adyna açylan hasapdan (goýumdan) pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy;

d) bellige alnan gününden üç aýdan köp wagt geçmedik iş döwri bolan ýuridik şahsyň hasabyna (goýumyna) pul serişdeleriniň gowuşmagy ýa-da  onuň hasabyndan (goýumyndan) pul serişdeleriniň öçürilmegi ýa-da ýuridik şahsyň görkezilen hasaby (goýumy) boýunça onuň açylan pursatyndan amallaryň geçirilmedik halatynda ýuridik şahsyň hasabyna (goýumyna) pul serişdeleriniň gowuşmagy ýa-da pul serişdeleriniň onuň hasabyndan (goýumyndan) öçürilmegi;

e) müşderi tarapyndan başga şahsyň peýdasyna muzdsyz esasda amala aşyrylýan pul tölegleri we geçirmeleri;

ä) meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň girizilmegi, geçirilmegi, şeýle hem pensiýa gatançlaryň hasabyna meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyndan tölegiň amala aşyrylmagy;

6) gozgalýan emläkler bilen gaýry geleşikler:

a) gymmat bahaly metallary, gymmat bahaly daşlary, olardan önümleri we şeýle önümleriň döwük böleklerini ýa-da gaýry gymmatlyklary lombarda ýerleşdirmek;

b) ätiýaçlandyryş tölegini amala aşyrmak ýa-da ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) almak;

ç) lizingi şertnamasy boýunça emlägi almak ýa-da bermek;

d) gymmat bahaly metallar, gymmat bahaly daşlar we olaryň önümleri bilen satyn almak-satmak we gaýry amallar;

e) medeni gymmatlyklaryň edinilmegi (satylmagy), Türkmenistana getirilmegi ýa-da ondan alnyp gidilmegi;

ä) lotoreýa, totalizatora (özara jedelleşmäge) we töwekgelçilige esaslanýan gaýry humarly oýunlara (şol sanda elektron görnüşde) gatnaşylmagy üçin töleg görnüşinde pul serişdelerini almak we görkezilen oýunlara gatnaşmakdan ýeňilşi utuk görnüşinde alnan pul serişdelerini tölemek;

f) fiziki şahslara ýa-da beýleki ýuridik şahslara göterimsiz zaýmlary bermek, şeýle hem şeýle zaýmlary almak;

g) hyzmatlary etmek, şol sanda potratçylyk, daşaýyş, ulag ekspedisiýasy, saklamak, komissiýa, emlägi ynançly dolandyrmak boýunça geleşikler, muňa seýf hyzmatlary girmeýär;

h) gymmatly kagyzlar bilen geleşikler.

3. Şübheli amallar olaryň amala aşyrylmagynyň görnüşine we geçirilýän ýa-da geçirilip bilinjek möçberine garamazdan hökmany gözegçilige degişlidir.    

Şübheli amallary kesgitlemegiň alamatlaryny döwlet syýasaty boýunça edarasy tassyklaýar.

4. Döwlet belligine alynmaga degişli gozgalmaýan we gaýry emläk bilen edilýän geleşik, eger onuň möçberi edilýän geleşigiň häsiýetini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen döwlet syýasaty boýunça edarasy tarapyndan bellenýän çäklendirme möçberine deň ýa-da şondan ýokary bolsa, hökmany gözegçilige degişlidir.  

5. Taraplaryň bolmanda biriniň ol babatda ýuridik ýa-da fiziki şahsyň terrorçylyga ýa-da ekstremistik işe gatnaşygy barada şu Kanunda bellenilen tertipde alnan maglumat bar bolan ýa-da şeýle şahslaryň göni ýa-da gytaklaýyn eýeçiliginde ýa-da gözegçiliginde ýerleşýän ýuridik şahs bolan ýa-da fiziki we ýuridik şahslar şeýle şahslaryň adyndan ýa-da görkezmesi boýunça hereket edýän halatlarynda pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal hökmany gözegçilige degişlidir.

Şeýle şahslaryň sanawyny kesgitlemegiň we amallary amala aşyrýan şahslaryň dykgatyna ýetirmegiň tertibi döwlet syýasaty boýunça edarasy tarapyndan bellenýär.

Fiziki ýa-da ýuridik şahslary görkezilen sanawa goşmagyň esaslary şular bolup durýar:

a) ýuridik şahsyň terrorçylyga ýa-da ekstremistik işe gatnaşygy bilen baglylykda ony ýatyrmak ýa-da onuň işini gadagan etmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi;

b) fiziki şahsy terrorçylyk häsiýetli jenaýatlary etmekde günäli diýip bilmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi;

ç) terrorçylyk bilen göreşi amala aşyrýan halkara guramalary ýa-da olaryň ygtyýarly edaralary tarapyndan düzülýän we Türkmenistan tarapyndan ykrar edilýän terrorçyylykly ýa-da ekstremistik guramalar ýa-da terrorçylar bilen baglanyşygy bolan guramalaryň we fiziki şahslaryň sanawy;

d) terrorçylykly ýa-da ekstremistik işi amala aşyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahslar babatda Türkmenistanda onuň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýän daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň hökümleri (çözgütleri) we gaýry ygtyýarly edaralarynyň çözgütleri.

6. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar barada maglumatlar amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara gös-göni berilýär.

7. Müşderi tarapyndan geçirilýän amallaryň amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan öwrenilmegi we şeýle öwrenilmeginiň netijeleriniň şu Kanunyň 6-njy maddasyna laýyklykda berkidilmegi üçin şular hökmany esaslar bolup durýarlar:

1) müşderi tarapyndan pul serişdeleri we gaýry emläk bilen çylşyrymly, adaty bolmadyk uly ýa-da görnüp duran ykdysady manysy ýa-da görünýän kanuny maksady bolmadyk amallaryň edilmegi;

2) müşderi tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulan talabalaýyk barlagdan we hökmany gözegçilikden boýun towlamaga gönükdirilen hereketleriň edilmegi;

3) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallar jenaýatçylykly ýol bilen alnan pullary nagtlaşdyrmaga gönükdirilen diýip çaklamaga esas bar bolanda müşderi tarapyndan şeýle amallaryň edilmegi;

4) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallaryň ulgamy laýyk däl ýurt bolan döwletde (çäkde) bellige alnan (ýaşaýan) şahsyň gatnaşmagynda, şonuň ýaly-da şeýle döwletde (çäkde) bellige alnan bankdaky hasaby peýdalanmak bilen edilmegi.

Ulgamy laýyk däl ýurtlaryň sanawy Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan topar (FATF)  tarapyndan neşir edilýän resminamalary hasaba almak bilen ygtyýarly edara tarapyndan düzülýär we degişli döwlet edaralaryna ugradylýar, olar ony amallary amala aşyrýan şahslara ýetirýärler.  

 

6-njy madda. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan müşderileriň talabalaýyk barlagy

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda  özleriniň müşderileriniň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagyny geçirmek boýunça çäreleri görmelidirler.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar şu halatlarda müşderileriň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagyny geçirýärler:

1) müşderi bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlanda;

2) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar, şol sanda şübheli amallar amala aşyrylanda;

3) müşderi (onuň wekilleri) we benefisiar barada öň alnan maglumatlaryň hakykylygyna şübhelenmek üçin esaslar bar bolanda;

3. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan özleriniň müşderileriniň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagy şu çäreleriň amala aşyrylmagyny öz içine alýar:

1) fiziki şahsyň barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň: onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň maglumatlarynyň, hususy barabarlyk belgisiniň (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda fiziki şahsa hususy barabarlyk belgisiniň berilmedik halatlary muňa girmeýär), şeýle hem ýuridik salgysynyň berkidilmegini;

2) ýuridik şahsyň (onuň şahamçasynyň, wekilliginiň) barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň: ýuridik şahsyň (onuň şahamçasynyň, wekilliginiň) döwlet belligi barada maglumatlaryň, barabarlyk belgisiniň (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik şahsa barabarlyk belgisiniň berilmedik halatlary muňa girmeýär) ýa-da ýuridik şahslara-dahylsyzlara daşary ýurt döwletinde bellige alnan belgisiniň, şeýle hem ýerleşýän ýeriniň salgysynyň berkidilmegini;

3) benefisiaryň ýüze çykarylmagyny we onuň şu bölegiň 1-nji bendine laýyklykda barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň berkidilmegini, muňa ýuridik salgysy girmeýär.

Ýuridik şahsyň-müşderiniň benefisiaryny ýüze çykarmak maksady bilen amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan şeýle müşderiniň esaslandyryjy resminamalarynyň we paýnamalaryny saklaýjylaryň sanawynyň ýa-da beýleki çeşmelerden alnan maglumatlaryň esasynda onuň eýeçiliginiň we dolandyrylyşynyň gurluşy anyklanylýar.

Şu bentde göz öňünde tutulan çäreleriň netijesinde ýuridik şahsyň-müşderiniň benefisiary ýüze çykarylmadyk halatynda şeýle ýuridik şahsyň-müşderiniň ýekelikde ýerine ýetiriji edarasynyň ýa-da kollegial ýerine ýetiriji edarasynyň ýolbaşçysynyň onuň benefisiary diýlip ykrar edilmegine ýol berilýär.

Benefisiary barabarlamak üçin zerur bolan maglumatlaryň berkidilmegi müşderi (onuň wekili) tarapyndan berlen ýa-da gaýry çeşmelerden alnan maglumatlaryň we resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar;

4) işjeň gatnaşyklaryň çak edilýän maksadynyň we häsiýediniň anyklanylmagyny;

5) işjeň gatnaşyklary barlamagyň hemişelik esasda geçirilmegini we zerur bolanda edilýän amallaryň (geleşikleriň)  maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri barada maglumatlaryň alynmagyny we berkidilmegini hem goşmak bilen müşderi tarapyndan bu amallary amala aşyrýan şahsyň üsti bilen amala aşyrylýan amallaryň (geleşikleriň) öwrenilmegini;

6) müşderi (onuň wekili) we benefisiar barada maglumatlaryň hakykylygynyň barlanylmagyny we täzelenilmegini.

Müşderini (onuň wekilini), benefisiary barabarlamak üçin zerur bolan maglumatlaryň hakykylygynyň barlanylmagy olary degişli resminamalaryň asyl nusgalarynyň ýa-da notarial tertipde şaýatlyk edilen nusgalarynyň maglumatlary bilen deňeşdirmek ýoly bilen ýa-da elýeterli çeşmeleriň maglumatlary bilen deňeşdirmek ýoly bilen amala aşyrylýar.

Müşderiniň wekili babatda şeýle şahsyň müşderiniň adyndan we onuň bähbitlerine hereket etmek ygtyýarlyklary goşmaça barlanylýar.

Maglumatlaryň täzelenilmegi müşderi, benefisiar barada öň alnan maglumatlaryň hakykylygyna şübhelenmek üçin esaslar bar bolanda, şeýle hem içerki gözegçiligiň düzgünlerinde göz öňünde tutulan halatlarda amala aşyrylýar.

4. Eger amalyň (geleşigiň) möçberi döwlet syýasaty boýunça edarasy tarapyndan kesgitlenen möçberden geçmeýän bolsa, şu halatlarda şu maddada göz öňünde tutulan çäreler geçirilmeýär:

1) müşderi-fiziki şahs tarapyndan nagt pullary kabul etmek üçin niýetlenilen gurallaryň kömegi bilen fiziki şahsyň bank hasabyna pullary gowuşurmak boýunça amal (geleşik) amala aşyrylanda;

2) müşderi tarapyndan bank hasaby peýdalanylmazdan nagt däl pullary tölemek ýa-da geçirmek amala aşyrylanda, muňa müşderi tarapyndan şübheli amallaryň edilýän halatlary girmeýär;

3) müşderi-fiziki şahs tarapyndan alyş-çalyş nokadynda nagt daşary ýurt puluny satyn almak, satmak ýa-da çalyşmak boýunça amal (geleşik) amala aşyrylanda, muňa müşderi tarapyndan şübheli amallaryň edilýän halatlary girmeýär;

4) müşderi-fiziki şahs tarapyndan şeýle müşderiniň bank hasabyna elýeterlik serişdeleri bolmadyk töleg kartlaryny peýdalanmak bilen amal (geleşik) amala aşyrylanda;

5. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan özleriniň müşderileriniň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagy içerki gözegçiligiň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Amallary amala aşyrýan şahsyň müşderini (onuň wekilini) barabarlamak, benefisiary ýüze çykarmak üçin zerur bolan maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegini, şeýle hem salgyt dahyllylygy, işiniň görnüşi we edýän amallarynyň (geleşikleriniň) maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri barada maglumatlaryň berilmegini müşderiden (onuň wekilinden) talap etmäge hukugy bardyr.

Müşderiler (olaryň wekilleri) amallary amala aşyrýan şahslaryň şu Kanunda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin olara zerur bolan maglumatlary we resminamalary bermäge borçludyrlar.

7. Şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 1-3-nji we 6-njy bentlerinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar aşakdaky şertler berjaý edilende beýleki amallary amala aşyrýan şahslar, şeýle hem daşary ýurt maliýe guramalary tarapyndan degişli müşderiler (olaryň wekilleri) we benefisiarlar babatda kabul edilen şu maddanyň üçünji böleginiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri hasap edip bilerler:

1) talabalaýyk barlagy boýunça beýleki amallary amala aşyrýan şahs, şeýle hem daşary ýurt maliýe guramasy tarapyndan kabul edilen çäreleri hasap edýän amallary amala aşyrýan şahs tassyklaýjy resminamalaryň nusgalaryny hem goşmak bilen müşderi (onuň wekili), benefisiar barada maglumatlary şu maddanyň üçünji böleginiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde haýal etmezden almalydyr;

2) talabalaýyk barlagy boýunça daşary ýurt maliýe guramasy tarapyndan kabul edilen çäreleri hasap edýän amallary amala aşyrýan şahs şeýle daşary ýurt maliýe guramasynyň işiniň onuň bellige alnan döwletinde ygtyýarlylandyrylmaga, düzgünleşdirilmäge we gözegçilige degişliligini we şeýle daşary ýurt maliýe guramasynyň talabalaýyk barlagy boýunça şu maddanyň talaplaryna meňzeş çäreleri kabul edýänligini anyklamalydyr.

 

7-nji madda. Müşderi bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlan halatynda müşderiniň talabalaýyk barlagy

 

Amallary amala aşyrýan şahslar müşderiler bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýulmazyndan öň şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri görýärler, muňa şu Kanunyň 6-njy maddasynyň dördünji böleginde görkezilen halatlar girmeýär.

 

8-nji madda. Hökmany gözegçilige degişli amallar amala aşyrylanda müşderiniň talabalaýyk barlagy

 

1. Şu Kanunyň 5-nji masddasyna laýyklykda hökmany gözegçilige degişli amallary geçirmezden öň amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri görýärler, muňa şeýle çäreleriň müşderi bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlanda görlen halatlary girmeýär.

2. Töleg kartlaryny peýdalanmak bilen edilýän pul töleglerinden we geçirmelerinden, şeýle hem şu Kanunyň 6-njy maddasynyň dördünji böleginiň 1-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlardan başga müşderiniň görkezmesi boýunça nagt däl görnüşinde pul tölegleri we geçirmeleri amala aşyrylanda karz edaralary şulary hem goşmak bilen töleg resminamasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan rekwizitleriň bolmagyny we pul tölegine (geçirmesine) gatnaşyja geçirilmegini üpjün edýärler:

a) puly iberijiniň we alyjynyň (benefisiaryň) familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň (bar bolanda) ýa-da doly we gysgaldylan adynyň (ýuridik şahslar üçin);

b) eger puly geçirmek bank hasabyny peýdalanmak bilen amala aşyrylan bolsa, puly iberijiniň we alyjynyň (benefisiaryň) hususy barabarlyk belgisiniň ýa-da eger puly geçirmek bank hasabyny peýdalanmazdan amala aşyrylan bolsa, puly ibermek ýa-da geçirmek boýunça görkezmäniň belgisiniň;

ç) puly iberijiniň (fiziki we ýuridik şahslar üçin) barabarlyk belgisiniň ýa-da salgysynyň ýa-da puly iberijiniň (fiziki şahs üçin) şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň belgisiniň.

3. Daşary ýurt maliýe guramasyndan pul tölegi we geçirmesi gelip gowşanda karz edaralary töleg resminamasynda şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlaryň bolmagyna gözegçilik edýärler, şeýle hem bank hasabyny peýdalanmazdan puly geçirmek boýunça alyjyny barabarlamak üçin zerur bolan maglumatlary berkidýärler we abat saklaýarlar.

 

9-njy madda. Jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň talabalaýyk barlagy

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamlar we halkara guramasynyň wezipeli adamlary babatda şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çärelerden başga-da goşmaça şulara borçludyrlar:

1) müşderiniň daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adama we halkara guramasynyň wezipeli adamyna, olaryň maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna degişliliginiň we gatnaşygynyň barlygynyň barlagyny amala aşyrmaga;

2) şol daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamynyň we halkara guramasynyň wezipeli adamynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi halatlaryna gatnaşygynyň barlygy babatda onuň abraýyna baha berilmegini amala aşyrmaga;

3) şeýle müşderiler bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, dowam etdirilmegine guramanyň ýolbaşçy işgäriniň rugsadyny almaga;

4)  serişdeleriň çeşmelerini anyklamak üçin elýeterli çäreleri görmäge.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan milli jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň talabalaýyk barlagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

10-njy madda. Daşary ýurt maliýe guramalary bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýulanda talabalaýyk barlagy

 

1. Şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar daşary ýurt maliýe guramalary bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýulanda şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çärelerden başga-da, goşmaça şulara borçludyrlar:

1) daşary ýurt maliýe guramasynyň-respondentiň iş abraýy we häsiýeti barada, şol sanda onuň bellige alnan ýurdunyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda kanunçylygyny bozanlygy üçin oňa temmileriň ulanylanlygy barada maglumatlary toplamagy we resminamalaýyn berkitmegi amala aşyrmaga;

2) daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan onuň bellige alnan ýurdunyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda kanunçylygyna laýyklykda, görýän içerki gözegçilik çäreleri barada maglumatlary resminamalaýyn berkitmäge, şeýle hem görülýän içerki gözegçilik çäreleriniň netijeliligine baha berilmegini amala aşyrmaga;

3) örtük banklar bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýmazlyga we saklamazlyga;

4) daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan öz hasaplarynyň örtük banklaryň peýdalanmagyndan ýüz dönderýänligine göz ýetirmäge;

5) täze korrespondent gatnaşyklaryň ýola goýmagyna guramanyň ýolbaşçy işgäriniň rugsadyny almaga.

2. Daşary ýurt maliýe guramasynyň-respondentiň örtük banklar bilen korrespondent gatnaşyklarynyň barlygy, daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan berilýän we amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan gaýry çeşmelerden alynýan maglumatlaryň esasynda kesgitlenýär.

 

11-nji madda. Talabalaýyk barlagy geçirilende maglumatlaryň toplanylmagy we resminamalaýyn tassyklanmagy

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar müşderiniň talabalaýyk barlagyny geçirenlerinde degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak boýunça ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenýän, amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça müşderiniň talabalaýyk barlagy üçin zerur resminamalaryň sanawy esasynda müşderi barada maglumatlary resminamalaýyn berkitmäge borçludyrlar.

2. Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlar amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara düzüminde şu bölümler bolan görnüş boýunça berilýär: giriş maglumatlar, amallary amala aşyrýan şahslar barada maglumatlar, amallar (geleşikler) we amallaryň (geleşikleriň) gatnaşyjylary barada maglumatlar, hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada goşmaça maglumatlar. Bu görnüş döwlet syýasaty boýunça edara tarapyndan tassyklanýan düzgünler bilen kesgitlenýär.

Şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlar resminamalaýyn berkidilýär we amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara döwlet dilinde berilýär:

1) şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 1-3-nji, 6-njy we 14-nji bentlerinde görkezilenler – bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda amalyň (geleşigiň) edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan, muňa işiniň görnüşi diňe daşary ýurt puluny çalyşmak amallaryny guraýan ýuridik şahslar girmeýär;

2) işiniň görnüşi diňe daşary ýurt puluny çalyşmak amallaryny guraýan ýuridik şahslar tarapyndan bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda ýa-da kagyz göterijide amalyň edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan;

3) şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 7-13-nji we 15-16-njy  bentlerinde görkezilenler – bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda ýa-da kagyz göterijide amalyň (geleşigiň) edilen we ýüze çykarylan gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan.

3. Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlar berilmeýär:

1) adwokatlar tarapyndan, eger bu maglumatlar fiziki we ýuridik şahslara anyklaýyş, deslapky derňew, kazyýet edaralarynda wekilçilik etmek we goramak meseleleri boýunça, şeýle hem olar tarapyndan çözülmegi ýuridik bilimleri, talap arzalaryny, şikaýatlary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzmegi talap edýän meseleler boýunça maslahatlar, düşündirişler we ýazmaça netijeler görnüşinde ýuridik kömegi berlende alnan bolsa;

2) notariuslar tarapyndan, eger bu maglumatlar olar tarapyndan çözülmegi ýuridik bilimleri talap edýän meseleler boýunça maslahatlar, düşündirişler görnüşinde ýuridik kömegi berlende alnan bolsa.

4. Öň amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan berlen hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler), şol sanda şübheli amallar boýunça zerur maglumatlary almak maksatlary bilen ygtyýarly edara zerur maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegini sorap amallary amala aşyrýan şahsa haýyşnama ugradýar.

Şu Kanunyň 21-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen maksatlar bilen ygtyýarly edara amallary amala aşyrýan şahslara zerur maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegini sorap haýyşnama ugradýar.

Amallary amala aşyrýan şahslar ygtyýarly edara onuň haýyşy boýunça hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) boýunça zerur maglumatlary we resminamalary bermäge borçludyrlar:

1) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda degişli haýyşyň alnan gününden üç iş gününiň dowamynda;

2) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň ýedinji bölegine laýyklykda degişli haýyşyň alnan pursatyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda.

5. Müşderiniň talabalaýyk barlagy geçirilende alnan hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlaryň ygtyýarly edara berilmegi bilen bagly çykdajylary amallary amala aşyrýan şahslar çekýärler.

 

12-nji madda. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan içerki gözegçiligiň alnyp barylmagy

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar özleriniň edýän hyzmatlarynyň beýleki şahslar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň edilmegi ýa-da olara ýardam berilmegi maksatlaryna peýdalanylmazlygy üçin degişli çäreleri, şol sanda töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmagy amala aşyrmak boýunça çäreleri görýärler.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň oňüni almak maksatlary bilen içerki gözegçilik kadalaryny we olary amala aşyrmagyň maksatnamalaryny işläp düzýärler, şeýle hem ol kadalaryň we maksatnamalaryň berjaý edilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler.

3. Içerki gözegçilik kadalary amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan işlenilip düzülýär, kabul edilýär we ýerine ýtririlýär we şu Kanunda göz öňünde tutulan içerki gözegçilik geçirilende amallary amala aşyrýan şahslaryň işine bildirilýän talaplardan başga-da şulary öz içine almalydyr:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen içerki gözegçiligi guramagyň maksatnamasyny;

2) müşderiniň töwekgelçiligini we tehnologik gazananlary peýdalanmagyň töwekgelçiligini hem goşmak bilen hyzmatlaryň jenaýatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagynyň töwekgelçiligini hasaba alýan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiligini dolandyrmagyň maksatnamasyny;

3) müşderileri barabarlamagyň maksatnamasyny;

4) müşderileriň çylşyrymly, adaty bolmadyk uly ýa-da adaty bolmadyk beýleki amallaryny (geleşiklerini) hem goşmak bilen müşderileriň amallaryna (geleşiklerine) gözegçilik etmegiň we olary öwrenmegiň maksatnamasyny;

5) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň meseleleri boýunça amallary amala aşyrýan şahslaryň işgärlerini taýýarlamagyň we okatmagyň maksatnamasyny;

6) amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan içerki gözegçilik kadalaryna laýyklykda işlenilip düzülip bilinjek gaýry maksatnamalary.

4. Amallary amala aşyrýan şahslar özleriniň Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem eger bu olaryň şahamçalarynyň, wekillikleriniň, golçur kärhanalarynyň ýerleşýän döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, onda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçalary, wekillikleri, golçur kärhanalary tarapyndan içerki gözegçilik kadalarynyň berjaý edilmegini we durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler.

Amallary amala aşyrýan şahslar şahamçalarynyň, wekillikleriniň, golçur kärhanalarynyň ýerleşýän döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelýänligi sebäpli özleriniň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçalary, wekillikleri, golçur kärhanalary tarapyndan içerki gözegçilik kadalarynyň berjaý edilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň mümkin dälliginiň hakyky ýagdaýlary barada ygtyýarly edara habar bermäge borçludyrlar.

5. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplar ygtyýarly edara bilen ylalaşylyp, ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralary tarapyndan bellenilýär.

6. Müşderiniň maglumatlaryny we onuň bilen hat alyşmalary hem goşmak bilen müşderiniň talabalaýyk barlagynyň netijeleri müşderiler bilen işjeň gatnaşyklaryň bes edilen gününden bäş ýyldan az bolmadyk möhlete amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan saklanylmaga degişlidir.

Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar we şübheli amallar barada resminamalar we maglumatlar, şeýle hem ähli çylşyrymly, adaty bolmadyk uly we adaty bolmadyk beýleki amallaryň (geleşikleriň) öwrenilmeginiň netijeleri  amallar (geleşikler) edileninden soň bäş ýyldan az bolmadyk möhlete amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan saklanylmaga degişlidir.

7. Müşderiler we olar tarapyndan edilýän amallar (geleşikler) barada maglumatlaryň ygtyýarly edara şu Kanuna laýyklykda berilmegi barada şeýle müşderilere we gaýry adamlara habar bermäge amallary amala aşyrýan şahslaryň we olaryň işgärleriniň haky ýokdur.

8. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulan maksatlarda we tertipde ygtyýarly edara maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegi döwlet syrynyň ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlaryň aýan edilmegi bolmaýar.

9. Amallary amala aşyrýan şahslar, olaryň wezipeli adamlary ygtyýarly edara şu Kanuna laýyklykda maglumatlary beren halatlarynda habar berilmegiň netijesine garamazdan Türkmenistanyň kanunçylygynda, şeýle hem raýat-hukuk şertnamada göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekmeýärler.

10. Amallary amala aşyrýan şahslara işgärleri taýýarlamak we okatmak boýunça talaplar degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak boýunça ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanýar.

 

13-nji madda. Terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawy

 

1. Ygtyýarly edara terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyny düzýär we onuň amallary amala aşyrýan şahslara elýeterliligini üpjün edýär.

2. Hukuk statistikasy we ýörite hasaplar çygrynda statistiki işi ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýan döwlet edarasy, şeýle hem beýleki ygtyýarly döwlet edaralary şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyny ygtyýarly edara ugradýarlar.

3. Terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawy hukuk statistikasy we ýörite hasaplar çygrynda statistiki işi ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýan döwlet edarasy, şeýle hem beýleki ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ygtyýarly edara berlen maglumata laýyklykda täzelenýär.

4. Fiziki ýa-da ýuridik şahsy terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyna goşmak üçin şular esas bolup durýar:

1) ýuridik şahsyň terrorçylygy ýa-da ekstremistik işi amala aşyrmagy bilen bagly ony ýatyrmak barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi;

2) Türkmenistanyň we beýleki döwletiň çäginde terrorçylygy ýa-da ekstremistik işi amala aşyrýan daşary yurt ýa-da halkara guramasyny terrorçylykly ýa-da ekstremistik gurama diýip ykrar etmek, şol sanda onuň adyny üýtgedenligini anyklamak barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi;

3) fiziki şahsy ekstremizmiň alamatlaryny düzýän jenaýatlary etmekde günäli diýip bilmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi;

4) terrorçylykly ýa-da ekstremistik işi amala aşyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahslar babatda Türkmenistanda onuň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýän daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň hökümleri (çözgütleri) we gaýry ygtyýarly edaralarynyň çözgütleri;

5) fiziki ýa-da ýuridik şahsyň Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda terrorçylyga garşy hereket etmegi amala aşyrýan halkara guramalary ýa-da olaryň ygtyýarly edaralary tarapyndan düzülýän terrorçyylykly guramalar ýa-da terrorçylar bilen baglanyşygy bolan guramalaryň we fiziki şahslaryň sanawynda bolmagy;

6) Türkmenistanyň hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralary tarapyndan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň terrorçylykly we ekstremistik işe gatnaşygy barada berlen maglumatlary.

5. Fiziki ýa-da ýuridik şahsy terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyndan aýyrmak olary görkezilen sanawa goşmak üçin esas bolup hyzmat eden ýagdaýlaryň hereketiniň bes etmegi barada maglumat esasynda amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary geçirmekden ýüz döndermek we olary togtatmak

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri görmek mümkin bolmadyk halatynda fiziki ýa-da ýiridik şahsa onuň bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan, şeýle hem pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary geçirmekden ýüz döndermäge borçludyrlar.

Amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan çäreleri görmek mümkin bolmadyk halatynda, şeýle hem müşderiniň edýän amallaryny (geleşiklerini) öwrenmegiň barşynda ol tarapyndan işjeň gatnaşyklar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrylmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek maksatlaryna peýdalanylýar diýmäge şübhe dörän halatynda, bu müşderi bilen işjeň gatnaşyklary bes etmäge haklydyr.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ygtyýarly edara tarapyndan şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan sanawa goşulanlygy barada maglumaty alan pursatyndan gaýry goýmazdan şulara borçludyrlar:

1) şeýle fiziki ýa-da ýuridik şahsyň bank hasaplary boýunça, şeýle hem benefisiary şeýle fiziki şahs bolan müşderiniň bank hasaplary boýunça çykdajy amallary togtatmaga;

2) şeýle fiziki şahsyň, şeýle hem benefisiary şeýle fiziki şahs bolan müşderiniň bank hasabyny peýdalanmazdan pul tölegi ýa-da geçirmesi boýunça görkezmelerini ýerine ýetirmegi togtatmaga;

3) şeýle fiziki ýa-da ýuridik şahsyň, şeýle hem benefisiary şeýle fiziki şahs bolan müşderiniň hasaplaryndaky gymmatly kagyzlary, pul serişdelerini gabamaga;

4) şeýle fiziki ýa-da ýuridik şahs tarapyndan ýa-da olaryň peýdasyna, şonuň ýaly-da benefisiary şeýle fiziki şahs bolan müşderi ýa-da onuň peýdasyna edilýän gaýry pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary geçirmekden ýüz döndermäge.

Şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyna goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahsyň bank hasaplary boýunça çykdajy amallar, gymmatly kagyzlar bilen geleşiklerini bellige almak, şeýle hem pul serişdeleri we gaýry emläk bilen gaýry amallar amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan kazyýetiň çözgüdi, salgyt we gümrük edaralarynyň inkasso tabşyryklary, salgyt we gümrük edaralarynyň ygtyýar etmek çäklendirilen emläge tutup almagy girizmek barada kararlary esasynda, şeýle hem şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde fiziki ýa-da ýuridik şahs ýokarda görkezilen sanawdan çykarylandan soň amala aşyrylyp bilner.

3. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň hakyky ýagdaýlaryny duýdurmak we olaryň öňüni almak maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslar amaly (geleşigi) şübheli hökmünde ykrar edende ony geçirmezden öň şeýle amal (geleşik) barada ygtyýarly edara haýal etmezden habar bermäge borçludyrlar.

Togtadylyp bilinmejek şübheli amallar (geleşikler) barada habarlar amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara olar edilenden soň üç sagatdan gijä goýmazdan ýa-da şeýle amallaryň (geleşikleriň) ýüze çykarylan pursatyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda berilýär.

Edilenden soň şübheli diýlip ykrar edilen amal (geleşik) barada habar, şeýle amalyň (geleşigiň) şübheli diýlip ykrar edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara berilýär.

Amallary amala aşyrýan şahslar fiziki ýa-da ýuridik şahs bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan ýüz dönderilmeginiň, müşderi bilen işjeň gatnaşyklaryň bes edilmeginiň şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary geçirmekden ýüz dönderilmeginiň hakyky ýagdaýlary barada, şeýle hem şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda amallaryň (geleşikleriň) togtadylmagynyň hakyky ýagdaýlary barada habary amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan degişli çözgüt kabul edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan ygtyýarly edara berýärler.

4. Ygtyýarly edara şu maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan habary alyp, eger amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan berlen şübheli amal (geleşik) barada habar ygtyýarly edara tarapyndan geçirilen seljermäniň netijesinde esasly diýlip ykrar edilen halatynda, onuň alnan pursatyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda şübheli amalyň (geleşigiň) geçirilmegini üç iş gününe çenli möhlete togtatmak barada çözgüt kabul edýär.

Ygtyýarly edara şu Kanunyň 19-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan şübheli amal (geleşik) barada habary alyp, eger maglumat alnan pursatynda ol amal (geleşik) edilmedik bolsa şu halatda, şeýle amaly (geleşigi) togtatmaga haklydyr.

Şübheli amaly (geleşigi) togtatmak ýa-da şübheli amaly (geleşigi) togtatmagyň zerurlygynyň ýoklugy barada çözgüt ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär we elektron usulda ýa-da kagyz göterijide şübheli amal (geleşik) barada habar beren amallary amala aşyrýan şahsa ýetirilýär.

Ygtyýarly edarasynyň amallary (geleşikleri) togtatmak barada çözgüdi gaýra goýmazdan ýerine ýetirilýär.

5. Habar berlen pursatyndan ýigrimi dört sagadyň doňamynda şübheli amaly (geleşigi) togtatmak ýa-da şübheli amaly (geleşigi) togtatmagyň zerurlygynyň ýoklugy barada ygtyýarly edaranyň çözgüdi barada maglumat amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan alynmadyk halatynda, eger bu amaly (geleşigi) geçirmäge päsgel berýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry esaslar bolmasa, amal (geleşik) geçirilmelidir.

6. Şübheli amalyň (geleşigiň) geçirilmegini togtatmak barada çözgüt kabul edenden soň ygtyýarly edara haýal etmezden maglumaty Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna berýär, ol bolsa şübheli amalyň (geleşigiň) geçirilmeginiň togtadylanlygy barada ygtyýarly edaranyň habaryny çözgüt çykarmak üçin ygtyýarlyklaryna laýyklykda hukuk goraýjy ýa-da beýleki döwlet edaralaryna ugradýar.

Degişli hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralary kabul edilen çözgüt barada Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we ygtyýarly edara habar bermäge borçludyrlar.

Ygtyýarly edara hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň degişli çözgüdini alan pursatyndan üç sagadyň dowamynda ony amallary amala aşyrýan şahsa ýetirýär.

7. Hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralary tarapyndan şu maddanyň altynjy bölegine laýyklykda berlen şübheli amaly (geleşigi) togtadylmagynyň zerurlygy barada çözgüdi alan halatynda, bu amal (geleşik) boýunça onuň terrorçylygy maliýeleşdirmäge gönükdirilenligine çak etmäge esas bar bolsa,  ygtyýarly edara tarapyndan şeýle amalyň (geleşigiň) gatnaşyjylary bolan şahslaryň bank hasaplary boýunça çykdajy amallary on bäş senenama gününe çenli möhlete togtatmak barada çözgüt çykarylýar.

Terrorçylygy maliýeleşdirmäge gönükdirilenligine çak etmäge esas bar bolan amalyň (geleşigiň) gatnaşyjylary bolan şahslaryň bank hasaplary boýunça çykdajy amallary togtatmak barada çözgüt ygtyýarly edarasy tarapyndan kabul edilýär we şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan amallary amala aşyrýan şahslara ýetirilýär.

Ygtyýarly edara bank hasaplary boýunça çykdajy amallaryň togtadylanlygy barada Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, bu çözgüdi beren hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralaryna habar berýär.

8. Şübheli amaly (geleşigi) togtatmagyň möhlete geçenden soň bu amaly (geleşigi) geçirmäge päsgel berýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry esaslar bolmasa, amal (geleşik) ygtyýarly edaranyň çözgüdi boýunça geçirilmelidir.

9. Şu Kanuna laýyklykda pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallaryň geçirilmeginden ýüz dönderilmegi, şeýle hem olaryň togtadylmagy degişli şertnamalaryň şertleriniň bozulanlygy sebäpli amallary amala aşyrýan şahslaryň raýat-hukuk jogapkärçiligi üçin esaslar bolmaýar.

Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallaryň togtadylmagy şeýle togtadylmagyň netijesinde emele gelen zyýan, şol sanda elden giderilen peýda sebäpli ygtyýarly edaranyň raýat-hukuk ýa-da gaýry jogapkärçiligi üçin esaslar bolmaýar.

 

15-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik  

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar barada maglumatlary berkitmek, saklamak we bermek, müşderileriň (olaryň wekilleriniň) we benefisiarlaryň talabalaýyk barlagy, hökmany gözegçilige degişli amallary (geleşikleri) geçirmegi togtatmak we ondan ýüz öwürmek, öz işiniň barşynda alnan resminamalary goramak böleginde amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ýerine ýetirilişine, şeýle hem içerki gözegçiligiň guralyşyna we geçirilişine gözegçilik özleriniň ygtyýarlyklaryna laýyklykda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly edara we beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

III bap. JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA WE TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA EDARALARYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

16-njy madda. Döwlet syýasaty boýunça edarasy

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça döwlet syýasaty boýunça edarasy şu wezipeleri amala aşyrýar:

1) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar we olary kämilleşdirmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

3) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçlaryň ýerine ýetirilmegini guraýar we oňa ýolbaşçylyk edýär;

4) milli töwekgelçiliklere baha bermek, şeýle hem şeýle töwekgelçilikleriň derejelerini peseltmek we olary aradan aýyrmak boýunça çäreleri guraýar we utgaşdyrýar;

5) milli töwekgelçiliklere baha bermek boýunça işi guraýar;

6) daşary ýurtlaryň hökümetleriniň we halkara guramalaryň tehniki ýardamlygy we tehniki kömegi boýunça taslamalarynyň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýär;

7) maglumat berýän şahslar üçin okuw maksatnamalary tassyklaýar, olar üçin okuwlary, şol sanda halkara we daşary ýurt bilermenlerini çekmek arkaly guraýar, olaryň işgärlerine hünärleýin talaplary kesgitleýär, bu ugurda Türkmenistanda we ondan daşarda hünärmenleriň taýýarlanylyşyny guraýar;

8) şu Kanunda göz öňünde tutulan we hökmany gözegçilige degişli bolan amallaryň çäklendirme möçberini kesgitleýär;

9) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda, şeýle hem halkara guramalarynyň maslahatlarynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

2. Döwlet syýasaty boýunça edarasy öz wezipelerini ýerine ýetirende şulara hukugy bardyr:

1) ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralardan, hukuk goraýjy, harby we kazyýet edaralaryndan, eýeçiligiň görnüşine garamazdan beýleki ýurdik we fiziki şahslardan islendik maglumatlary, şol sanda gizlinlik düzgünini berjaý etmek bilen statistiki we beýleki maglumatlary bellenilen tertipde talap etmäge;

2) amallary amala aşyrýan şahslaryň, olara gözegçilik edýän edaralaryň, ygtyýarlylandyryjy edaralaryň, şeýle hem ýerine ýetiriji edaralaryň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça işine baha bermäge, olardan şu Kanunda bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilmegini we bu ugurda hukuk bozulmalara ýol beren ýuridik we fiziki şahslara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäreleriň görülmegini talap etmäge, ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan temmileri ulanmaga.

3. Döwlet syýasaty boýunça edarasynyň işi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

4. Döwlet syýasaty boýunça edarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan şu Kanunda görkezilmedik gaýry wezipeler we borçlar ýüklenilip bilner.

 

17-nji madda. Ygtyýarly edaranyň wezipeleri we ýerine ýetirýän işleri

 

1. Şular ygtyýarly edaranyň wezipeleridir:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek, döwlet syýasaty boýunça edarasy bilen bilelikde işiň şu ugry boýunça döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda bir bitewi maglumatlar ulgamyny döretmek we maglumatlar bazasyny alyp barmak;

4) daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda bilelikde hereket etmegi we maglumatlary alyşmagy amala aşyrmak;

5) halkara guramalarynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek.

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen ygtyýarly edara şu işleri ýerine ýetirýär:

1) şu Kanuna laýyklykda pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar barada maglumatlary toplamagy we gaýtadan işlemegi amala aşyrýar;

2) alnan maglumatlary bellenilen tertipde seljermegi amala aşyrýar;

3) döwlet syýasaty boýunça edarasy bilen bilelikde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

4) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar boýunça zerur maglumatlary önümçilikde bolan materiallary çözmek üçin jenaýat işleri boýunça kazyýetiň haýyşy boýunça ugradýar;

5) hökmany gözegçilige degişli amallar barada maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralaryň haýyşlary boýunça olara berýär;

6) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly diýip çak etmäge esas bar bolanda iş ýörediş taýdan çözgüt kabul etmek üçin hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda olara ugratmak üçin maglumaty Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna geçirýär;

7) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalary işlenip taýýarlananda we amala aşyrylanda gatnaşýar;

8) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda maglumatlar bazasyny döretmegi we alyp barmagy guraýar, şeýle hem maglumatlar ulgamynyň usulyýet taýdan bir bitewiligini we ylalaşykly hereket etmegini üpjün edýär;

9) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny duýdurmak boýunça çäreleri işläp düzýär we geçirýär;

10) döwlet edaralaryndan we gaýry guramalardan alynýan maglumatlaryň esasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulanylmagynyň tejribesini umumylaşdyrýar, şeýle hem ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär we hödürleýär;

11) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň halkara tejribesini öwrenýär;

12) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda işgärleri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirýär;

13) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara guramalarynyň, birleşikleriniň we gaýry iş toparlarynyň işine bellenilen tertipde gatnaşýar;

14) şu Kanunyň maksatlary üçin offşor zolaklaryň sanawyny Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmak boýunça kesgitleýär;

15) şu Kanunda, Türkmenistanyň gaýry kanunlarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

3. Ygtyýarly edaranyň işi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

 

18-nji madda. Ygtyýarly edaranyň hukuklary we borçlary

 

1. Ygtyýarly edaranyň şulara hukuklary bardyr:

1) hökmany gözegçilige degişli amallar boýunça zerur maglumatlary amallary amala aşyrýan şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan talap etmäge;

2) şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmagy üçin gerek bolan islendik maglumatlary, şol sanda gizlinlik düzgünini berjaý etmek bilen statistiki we beýleki maglumatlary bellenilen tertipde ýurdik we fiziki şahslardan talap etmäge;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilen edaralardan ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli töwekgelçiliklere baha bermek we töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmak boýunça degişli çäreleriň kabul edilmegini talap etmäge;

4) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň ýedinji böleginde bellenilen talaplaryň birine ýa-da birnäçesine gabat gelýän şübheli amallaryň alamatlary ýüze çykarylan halatynda pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallaryň üç senenama gününe çenli möhlete togtadylmagy barada çözgüt çykarmaga;

5) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary we halkara şertnamalary işlenip taýýarlananda gatnaşmaga;

6) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy bilen maglumatlary alyşmaga;

7) döwlet syryny ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary goramak boýunça talaplary berjaý etmek bilen bilermenler seljermesini geçirmek, okuw maksatnamalaryny, usulyýet gollanmalaryny, programma we maglumat üpjünçiligini işläp taýýarlamak, hökmany gözegçiligiň çygrynda maglumatlar ulgamyny döretmek üçin ylmy-barlag we beýleki guramalary, şeýle hem aýry-aýry hünärmenleri, şol sanda şertnamalaýyn esasda, işe çekmäge;  

8) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň çäginde we ondan daşarda geçirilýän bilermenler seljermesine, barlaglara, anyklaýyşlara we deslapky derňewlere, şeýle hem wagtlaýyn ýa-da hemişelik esasda şu maksatlar üçin döredilýän milli ýa-da halkara toparlarynyň işine gatnaşmaga, olardan zerur bolan maglumatlary almaga, olara hem bar bolan maglumatlaryny bermäge;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde halkara we sebitleýin guramalary, daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen maglumatlary alyşmak boýunça ylalaşyklary, özara düşünişmek boýunça şertnamalary, teswirnamalary we beýleki resminamalary baglaşmaga we olaryň ýerine ýetirilimegine degişli edaralary çekmäge;

10) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalary hakynda degişli döwlet edaralaryna habar ugratmaga;

11) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maglumatlary alyşmak we geçirmek boýunça bilelikde hereket etmegiň tertibini hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde kesgitlemäge.

2. Ygtyýarly edara şulara borçludyr:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça çäreleri kabul etmäge;

2) döwlet syryny ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary düzýän öz işinde alnan maglumatlary saklamagyň, goramagyň we abat saklamagyň degişli düzgünleriniň üpjün edilmegine;

3) hökmany gözegçilik amala aşyrylanda adamyň we raýatyň, ýuridik şahslaryň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

4) ygtyýarly edara Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan şu Kanunda görkezilmedik gaýry borçlar hem ýüklenilip bilner.

 

19-njy madda. Ygtyýarly edaranyň Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde hereket etmegi

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýan döwlet edaralary şulara borçludyrlar:

1) şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmagy üçin ygtyýarly edara zerur bolan maglumatlary oňa bermäge;

2) ygtyýarly edaranyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalary barada habaryna garamaga we kabul edilen çäreler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletde ygtyýarly edara habar bermäge;

3) döwlet syryny ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary düzýän öz işinde alnan maglumatlary saklamagyň, goramagyň we abat saklamagyň degişli düzgünleriniň üpjün edilmegine;

4) anyk ygtyýarlyklar amala aşyrylanda adamyň we raýatyň, ýuridik şahslaryň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine.

2. Döwlet edaralary şulara borçludyrlar:

1) özbaşdak ýüze çykarylan şübheli amallar (geleşikler) barada, şol sanda bazar bahasynda göz-görtele tapawutlanýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) eksporty (importy) boýunça geleşikler barada ygtyýarly edara habar bermäge;

2) şu Kanunyň bozulmalary özbaşdak ýüze çykarylanda bu barada ygtyýarly edara habar bermäge;

3) ygtyýarly edaranyň haýyşy boýunça öz maglumatlar ulgamyndan maglumatlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilen tertipde bermäge;

4) döwlet syryny ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary düzýän öz işinde alnan maglumatlary saklamagyň, goramagyň we abat saklamagyň degişli düzgünleriniň üpjün edilmegine.

3. Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlaryň ygtyýarly edara tarapyndan hukuk goraýjy edaralara berilmegi olaryň ýazmaça haýyşlary boýunça amala aşyrylýar.

Hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralary jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek bilen bagly bolan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alnan işler we iş toplumlary boýunça haýyşlary ugradýarlar.

Hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň haýyşlarynyň ýerine ýetirilmegi ygtyýarly edara tarapyndan onuň ygtyýarynda bar bolan maglumatlaryň çäklerinde, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralaryndan alnan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek çygryndaky maglumatlaryň çäklerinde amala aşyrylýar.

4. Şübheli amallar (geleşikler) barada maglumatlaryň ygtyýarly edara şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde berilmegi döwlet syrynyň ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlaryň aýan edilmegi bolmaýar.

5. Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler), şol sanda şübheli amal (geleşik) barada maglumatlaryň ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralaryna şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde berilmegi döwlet syrynyň ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlaryň aýan edilmegi bolmaýar.

6. Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada, şeýle hem amallary amala aşyrýan şahslaryň müşderileri barada maglumatlar ygtyýarly edara tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk tertipde berilmeýär.

7. Deklarirlenilen medeni gymmatlyklary, nagt pullary, görkeziji üçin resminamalaýyn gymmatly kagyzlary, wekselleri, çekleri Türkmenistana getirmek ýa-da ondan alyp gitmek boýunça maglumatlary toplamak soňra olary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde ygtyýarly edara hökmany bermek bilen Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

20-nji madda. Işiň gizlinlik düzgünini berjaý etmek

 

1. Ygtyýarly edara üçin işi amala aşyrýan ýa-da amala aşyran we degişli çärelere we gizlin maglumatlara rugsady bolan adamlar gizlinlik düzgünini berjaý etmäge borçludyrlar. Şeýle adamlaryň gizlin maglumatlary ýa-da resminalamary ygtyýarly edaradan rugsat almazdan işden boşanda hem çap etmäge, habar bermäge ýa-da görkezmäge hukugy ýokdur.

Şu borjuň ýerine ýetirilmezligi kanunçylykda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi bilen ygtyýarly edarada bar bolan, görkezilen resminamalar we maglyumatlar gizlindirler we şulardan başga halatlarda aýan edilmäge degişli däldir:

a) maglumatlaryň açylmagyna, çap edilmegine ýa-da berilmegine degişli şahsyň özüniň razylygy bar bolanda;

b) statistik maglumatlaryň we hasabatlaryň çekilen şahslary gytaklaýyn hem barabarlamak mümkin bolmadyk görnüşdäki derejede çap edilmegi;

с) prokuraturanyň we kazyýetiň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmekleri üçin zerur bolanda we maglumat soralýan şahslar üçin gizlinligiň kepillendirilen halatynda, şu Kanunda bellenilen tertipde olaryň ýazmaça haýyşlary boýunça berilmegi. Şeýle halatlarda maglumata mätäçlik edýän edara maglumaty almagyň zerurlygynyň ýuridik esaslandyrmasyny bermelidir we onuň abat saklanmagy üçin jogapkärçilik çekýär;

3. Ygtyýarly döwlet edarasyndan gizlin maglumatlary alýan edaralar, şahslar we döwlet edaralary şu maddada bellenilen gizlinligi berjaý etmelidirler, gizlinligi üpjün etmek maksady bilen degişli çäreleri ulanmalydyrlar we maglumaty diňe Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin peýdalanmalydyrlar.

 

21-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Ygtyýarly edaranyň we Türkmenistanyň gaýry döwlet edaralarynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly etmişleri duýdurmak, ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we olary derňemek, şeýle hem görkezilen girdejileri muzdsuz almak çygrynda daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ygtyýarly edara bilen daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasynyň arasynda maglumatlary haýyş etmek we alyşmak ýollary bilen amala aşyrylyp bilner.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi barada maglumatyň berilmegi, onuň haýyşda görkezilmedik maksatlar üçin peýdalanylmajak ýa-da ygtyýarly edaranyň deslapky razylygy bolmazdan üçünji şahslara bermezlik şerti bilen daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasynyň haýyşy boýunça amala aşyrylýar.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi barada maglumatlar adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozmaýan ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine zyýan ýetirmeýän ýa-da jenaýat kazyýet önümçiliginiň barşyna täsir etmeýän bolsa daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasyna berlip bilner.

Maglumatyň berlip bilinmeýän halatynda ygtyýarly edara onuň esaslaryny görkezmek bilen, daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasyny habarly edýär.

Ygtyýarly edara jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekde jogapkär daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edaralaryna berilýän maglumatlardan peýdalanmagyň goşmaça şertlerini we çäklendirmelerini bellemäge haklydyr.

3. Ygtyýarly edara jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekde jogapkär daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edaralaryndan maglumaty we resminamalary haýyş edip almaga haklydyr.

Ygtyýarly edara haýyş boýunça alan maglumatyny we resminamalaryny diňe jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen peýdalanmaga haklydyr.

Ygtyýarly edaranyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekde jogapkär daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edaralarynyň deslapky razylygy bolmazdan daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edaralary tarapyndan bellenilen şertleri we çäklendirmeleri bozmak bilen olardan alnan ýa-da gelip gowşan maglumaty we resminamalary üçünji tarapa bermäge we peýdalanmaga haky ýokdur.

Ygtyýarly edaranyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen ylalaşyklary baglaşmaga haky bardyr.

Dördünji bölegi - Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 149-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

5. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, halkara hyzmatdaşlygy babatda şu maddanyň düzgünleri ulanylýar.

 

IV bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

22-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulanlygy üçin jogapkärçilik

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Ygtyýarly edaranyň we gaýry döwlet edaralarynyň işgärleri, şeýle hem özleriniň gulluk borçlaryny amal etmek bilen bagly döwlet syryny ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary düzýän maglumatlara elýeterliligi bolan adamlar olaryň aýan edilenligi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

3. Ygtyýarly edara tarapyndan öz wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi bilen bagly ygtyýarly edaranyň ýa-da onuň işgärleriniň bikanun hereketleri bilen fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir.

 

23-nji madda. Şu Kanunyň berjaý edilişine gözegçilik

 

Şu Kanunyň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

a) 2009-njy ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 42-nji madda);

b) 2011-nji ýylyň 4-nji awgustynda kabul edilen «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 58-madda) we

ç) 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 79-madda).

3. Şu Kanuna garşy gelýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                       Gurbanguly

     Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.

№ 261-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 18.08.2015
Resminamanyň belgisi № 261-V