Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 57-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 03.06.2017 ý. № 576-V, 25.11.2017 ý. № 659-V we

01.12.2018 ý. № 103-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler şulary aňladýar:

1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy – her bir adamyň fiziki we psihiki saglygynyň goralyp saklanmagyna we berkidilmegine, onuň uzak ýyllar dowam edýän işjeň durmuşynyň saklanylmagyna gönükdirilen syýasy, ykdysady, hukuk, durmuş, medeni, ylmy, saglygy goraýyş, sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy häsiýetli çäreleriň jemi;

2) adamyň saglygy – adamyň bedeniniň işlemeginiň keselleriň, şikesleriň ýa-da fiziki kemçilikleriň netijeleri bilen şertlendirilen bozulmagynyň alamatlarynyň bolmazlygy, şeýle hem adamyň ruhy we durmuş taýdan abadançylygy;

3) saglygy goraýyş kömegi – öňüni alyş, anyklaýyş, saglygy bejeriş, dikeldiş ýa-da barlag işine gönükdirilen kömek;

4) saglygy goraýyş hyzmaty – keseliň öňüni almak, anyklamak, bejermek ýa-da saglygy dikeltmek maksady bilen görülýän çäreler;

5) öňüni alyş – kesellemegiň, maýyplygyň öňüniň alynmagy, howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegi, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagy, daşky gurşawyň goralmagy boýunça sanitariýa-sagaldyş we bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň işlenip düzülmegi we amala aşyrylmagy;

6) anyklaýyş – adamyň saglyk ýagdaýynyň ýa-da keseliň barlygynyň ýa-da ýoklugynyň anyklanylmagyna gönükdirilen saglygy goraýyş hyzmatlarynyň toplumy;

7) anyklama (diagnoz) – syrkawyň saglyk ýagdaýy, keseliniň (şikesiniň) barlygy ýa-da ölüminiň sebäbi barada lukmançylyk netijenamasy;

8) bejeriş – keseliň ýok edilmegine, onuň geçişiniň  duruzylmagyna ýa-da ýeňilleşdirilmegine, şeýle hem keseliň agyrlaşmagynyň öňüniň  alynmagyna gönükdirilen çäreleriň toplumy;

9) saglygy goraýyş dikeldişi (mundan beýläk – saglygy dikeltmek) – adam bedeniniň bozulan işiniň dikeldilmegine ýa-da öweziniň dolunmagyna, şeýle hem zähmet ukyplarynyň dikeldilmegine gönükdirilen bejeriş we öňüni alyş çäreleriniň toplumy;

10) syrkaw – saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş hyzmaty üçin ýüz tutan we (ýa-da) saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş hyzmaty berilýän adam;

11) saglygy goraýyş işgäri – hünärli lukmançylyk bilimi bolan hem-de saglygy goraýyş işini amala aşyrýan fiziki şahs;

12) saglygy goraýyş işi – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan, raýatlaryň saglygynyň goralyp saklanylmagyna we berkidilmegine, keselleriň (şikesleriň) öňüniň alynmagyna, bejerilmegine gönükdirilen iş;

13) lukman – raýatlaryň saglygyny goramak işi bilen meşgullanmaga hukugy bolan, ýokary lukmançylyk bilimli hünärmen;

14) bejeriji lukman – syrkawyň saglygyna seredilýän we bejerilýän döwründe oňa lukmançylyk kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny guramak we bermek boýunça işler üstüne ýüklenilen lukman;

15) maşgala lukmany – raýata we onuň maşgala agzalaryna ýaşaýan ýerlerine garamazdan, özüniň hyzmat edýän çäginde ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän lukman;

16) lukmançylyk gözden geçirmesi – saglyk ýagdaýyny kesgitlemek we keselleri ir ýüze çykarmak maksady bilen raýatlary barlagdan geçirmek arkaly amala aşyrylýan bejeriş-öňüni alyş kömeginiň bir görnüşi;

17) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi – raýatlaryň kesellerini ýüze çykarmak, anyklamak, saglygyny bejermek, dikeltmek, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek we sanitariýa-gigiýena taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, göwreliligiň geçişine gözegçilik etmek boýunça çäreler;

18) jemgyýet üçin howply keseller – raýatlaryň ömrüniň dowamlylygynyň kemelmegine ýa-da olary maýyplyga getirýän, ýaýramagynyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýän ýokanç keseller;

19) saglygy goraýyş resminamasy – düzüminde syrkawyň, ilatyň dürli toparlarynyň saglyk ýagdaýy, berilýän saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň möçberi we hili hakynda, şeýle hem saglygy goraýyş edaralarynyň işi hakynda saglygy goraýyş-statistik maglumatlary bolan resminama;

20) bejeriş iýmiti – bellenilen himiki düzümi, energetik gymmatlylygy bolan, anyk önümlerden, şol sanda tehnologik taýdan işlenilmäniň degişli görnüşleri bilen işlenilýän bejeriş iýmitiniň ýöriteleşdirilen önümlerinden düzülen belli bir döwür üçin niýetlenen tagamlary öz içine alýan, keseliň güýjemeginiň mehanizmleriniň hasaba alynmagy bilen adamyň bedeniniň iýmitlik maddalara we energiýa bolan fiziologik talaplarynyň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýän iýmit;

21) bejeriş iýmitiniň ýöriteleşdirilen önümleri – bellenilen himiki düzümi, energetik gymmatlygy we fiziki özboluşlylygy we subut edilen bejeriş netijesi bolan, adamyň kesellemegi netijesinde bedeniniň bozulan ýa-da ýitirilen işiniň dikeldilmegine, şeýle hem onuň bedeniniň uýgunlaşmak mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna täsir edýän iýmit önümleri;

22) maýyplygy bolan adam – dürli päsgelçilikler bilen özara baglanyşykda bolan mahalynda jemgyýetiň durmuşyna beýlekiler bilen deň derejede doly we netijeli gatnaşmagyna päsgel berip biljek durnukly fiziki, psihiki, akyl taýdan ýa-da duýuş bozulmalary bolan adam;

23) lukmançylyk syry – raýatyň saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny almak üçin ýüz tutmagy, onuň saglyk ýagdaýy we näsaglygy hakynda maglumatlar, şeýle hem onuň saglygy goraýyş barlagy ýa-da bejerilmegi netijesinde alnan beýleki maglumatlar;

24) telelukmançylyk aragatnaşygy – hünärmenleriň arasynda syrkawlara maslahat berilmeginiň, keselini anyklamagyň, bejermegiň hilini we dessinligini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki zaman kompýuter we telearagatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen geçirilýän guramaçylyk, tehnologik we maliýe çäreleriniň toplumy.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Raýatlaryň saglygynyň goralmagynyň Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bar bolan kadalary şu Kanunyň kadalaryna çapraz gelmeli däldir.

3. Raýatlaryň saglygynyň goralmagynyň şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalary şu Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmekden başga görnüşde Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilinmez.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

Şu Kanunyň hereketi, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, ol Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.

 

4-nji madda. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri

 

Şular raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) raýatlaryň howpsuz we oňat hilli saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny almaga bolan hukugynyň deňligi;

2) saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň hemmelere elýeterli bolmagy;

3) saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň öňüni alyş çärelerine we durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi;

4) eneligiň we çagalygyň goralmagynyň ileri tutulmagy;

5) raýatlaryň zähmete bolan ukybyny ýitiren halatynda durmuş taýdan goraglylygy;

6) saglygy goraýşyň ösüşiniň geljegini kesgitlemekde lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň birligi;

7) saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň berilmeginde ýüz öwrülmegine ýol berilmezligi;

8) jemgyýetçilik birleşikleriniň raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň üpjün edilmegine gatnaşmagy.

 

5-nji madda. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky iş

 

1. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky iş saglygy goraýyş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar, olar ýerine ýetirýän işiniň häsiýeti boýunça bejeriş-öňüni alyş edaralaryna, sanitariýa-epidemiologiýa edaralaryna, saglygy goraýyş-durmuş edaralaryna, şypahana edaralaryna, kazyýet-lukmançylyk we patologoanatomik edaralaryna, ylmy-kliniki merkezlere, şeýle hem saglygy goraýyş statistika edaralaryna, derman taýýarlaýyş edaralaryna, dermanhana edaralaryna we raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky amala aşyrýan beýleki guramalara, edaralara, kärhanalara we birleşiklere bölünýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagynda bolup bilerler (mundan beýläk − döwlet saglygy goraýyş edaralary).

3. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky iş Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde we şertlerde hususy telekeçiler bolup durýan fiziki şahslar we telekeçi ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky maliýeleşdiriliş

 

1. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky maliýeleşdiriliş Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş serişdeleriniň hasabyna we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça töleginiň möçberi raýatlaryň zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň, girdejileriniň, yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar üçin bolsa - döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça töiegiň möçberini kesgitlemegiň binýatlyk mukdarynyň üç göterimi derejesinde bellenilýär.

 

7-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň raýatlaryň saglygynyň goralmagynyň üpjün edilmegine gatnaşmagy

 

Jemgyýetçilik birleşikleri raýatlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça işe öz tertipnamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gatnaşýarlar.

 

II BAP. RAÝATLARYŇ SAGLYGYNYŇ GORALMAGY ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

8-nji madda. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar.

 

9-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) ygtyýarly edarany kesgitleýär;

3) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

4) şulary tassyklaýar:

a) ilatyň saglygynyň goralmagy çygryndaky işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany;

b) mugt saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş hyzmaty bilen üpjün edilýän hassalaryň we beýleki hemaýata mätäç adamlaryň Sanawyny we Türkmenistanyň raýatlaryna berilýän mugt saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň möçberini;

ç) ygtyýarly edara hakynda Düzgünnamany;

d) Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagynyň Kadalaryny;

e) hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparlary hakynda Düzgünnamany;

ä) ygtyýarly edaranyň garamagyndaky aýry-aýry saglygy goraýyş edaralary tarapyndan edilýän tölegli saglygy goraýyş hyzmatlary üçin nyrhlaryň Sanawyny;

5) Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagynyň, tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmagyň, daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň, oňaýly sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi boýunça işi, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky işini  utgaşdyrýar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

10-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarly edara:

1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;

4) Türkmenistanyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan talaplaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

5) raýatlara tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän möçberleriniň berilmegini üpjün edýär;

6) tabynlygyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň, bilim edaralarynyň we derman senagaty kärhanalarynyň işini, şeýle hem beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň   raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky işini utgaşdyrýar;

7) raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň, tiz kömegiň, palliatiw, şol sanda telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen, saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini guraýar;

8) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamalary berýär ýa-da olary bermekden ýüz öwürýär, ygtyýarnamalary gaýtadan resmileşdirýär, olaryň hereketini uzaldýar, togtadýar, dikeldýär ýa-da möhletinden öň bes edýär, bellenilen tertipde ýatyrmak hakynda talap arzasy bilen kazyýete ýüz tutýar;

9) saglygy goraýşyň elektron ulgamyny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär;

10) şulary işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürleýär:

a) ilatyň saglygynyň goralmagy çygryndaky işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany;

b) mugt saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş hyzmaty bilen üpjün edilýän hassalaryň we beýleki hemaýata mätäç adamlaryň Sanawyny we Türkmenistanyň raýatlaryna berilýän mugt saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň möçberini;

ç) saglygy goraýyş edaralarynyň Düzgünnamalaryny;

d) Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagynyň Kadalaryny;

e) hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparlary hakynda Düzgünnamany;

ä) öz garamagyndaky aýry-aýry saglygy goraýyş edaralary tarapyndan edilýän tölegli saglygy goraýyş hyzmatlary üçin nyrhlaryň Sanawyny;

11) şulary tassyklaýar:

a) lukmançylyk bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibini (saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesinden we harby- lukmançylyk bilermenler seljermesinden başgasyny);

b) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda elektron göterijileriň peýdalanylmagy bilen, resminama dolanyşygy ulgamyny, saglygy goraýyş resminamalarynyň umumylaşdyrylan görnüşleriniň peýdalanylmagyny guramagyň Tertibini;

ç) raýatlaryň saglygy goraýyş we saglygy goraýyş-genetik barlaglaryny geçirmegiň Tertibini;

d) ýokary ýa-da orta lukmançylyk bilimi bolan hünärmenlere hünär derejesiniň berilmegini we eýeleýän wezipesine laýyklyk derejesiniň  tassyklanylmagy üçin  hünär synagynyň geçirilmeginiň Tertibini;

e) saglygy goraýyş işgärleriniň hünär synagynyň we gaýtadan hünär synagynyň geçirilmeginiň Tertibini;

ä) saglygy goraýyş hyzmatynyň kadalyk ölçeglerini, hil standartlaryny, hyzmat ediliş Tertibini;

f) aýry-aýry saglygy goraýyş edaralary tarapyndan edilýän tölegli saglygy goraýyş hyzmatlary üçin nyrhlaryň Sanawyny;

g) sagaldyş iýmiti bellenilýän raýatlaryň toparlarynyň Sanawyny;

h) saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny etmegiň görnüşleri we şertleri hakynda Düzgünnamany;

11-nji bendiň «i» kiçi bendi - Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 659-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren;

j) saglygy goraýyş tohumsyzlandyrmasynyň geçirilmegi hakynda Düzgünnamany;

ž) serhoşlyk, neşekeşlik, awuly serhoşlyk ýagdaýynyň lukmançylyk güwä geçmesiniň Tertibini we himiki-toksikologik barlaglary geçirmegiň düzgünlerini;

k) raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň Sanawyny, şeýle hem onuň berilmeginiň möçberini we tertibini;

l) Türkmenistanyň çägine getirilýän saglygy goraýyş maksatly önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň Tertibini;

m) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda statistik hasaba alnyşyny we hasabatlylygy, maglumat alyşmagy amala aşyrmagyň Tertibini;

n) raýatlaryň lukmançylyk gözegçiligine alynmagynyň (dispanserleşdirilmeginiň) Tertibini we işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň lukmançylyk gözden geçirilmesiniň Tertibini;  

ň) lukmançylyk gözden geçirilmesine degişli bolan işleýän raýatlaryň toparlarynyň Sanawyny;

o) ýaşaýyş üçin wajyp görkezijiler boýunça saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi hakynda Düzgünnamany;

ö) adamyň ölüm pursatyny anyklamagyň tertibini we ölçeglerini kesgitlemek, reanimasiýa çärelerini bes etmek boýunça Düzgünnamany we adamyň ölümini kesgitlemegiň Beýanyny;

p) ölüm halatlaryny tassyklaýan saglygy goraýyş resminamalaryny ýöretmegiň tertibi hakynda Düzgünnamany;

r) lukmançylyk galyndylarynyň toplanylmagynyň, peýdalanylmagynyň, zyýansyzlandyrylmagynyň, ýerleşdirilmeginiň, saklanylmagynyň, daşalmagynyň, hasaba alynmagynyň we utilleşdirilmeginiň Tertibini;

s) patologoanatomik barlaglarynyň geçirilmeginiň Tertibini;

ş) öňüni alyş çäreleriniň, anyklamagyň, saglygy bejermegiň, dikeltmegiň, täze saglygy goraýyş tehnologiýalarynyň, häzirki zaman derman serişdeleriniň ulanylmagynyň, biolukmançylyk barlaglaryny geçirmegiň Tertibini;

t) raýatlaryň ömrüniň dowamlylygynyň gysgalmagyna getirýän seýrek keselleriň Sanawyny;

u) maşgala lukmany we bejeriji lukman hakynda Düzgünnamalary;  

ü) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky registrleriň Sanawyny we olaryň ýöredilmeginiň tertibini;

w) kömekçi önelge (reproduktiw) tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň Tertibini;

y) dogluş hakynda lukmançylyk şahadatnamasynyň doldurylyşy we berlişi hakynda Düzgünnamany;

12) saglygy goraýyş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagy we  gaýtadan taýýarlanylmagyny amala aşyrýar;

13) lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegini, raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ylmy barlaglaryň guralmagyny we geçirilmegini üpjün edýär;

14) öz garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;

15) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda maglumatlar binýatlarynyň ýöredilmegini, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olarda bar bolan şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;

16) Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagyny, ýokanç we beýleki keselleriň öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegini üpjün edýär, oňaýly sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi boýunça döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçilik barlagyny we başga çäreleri amala aşyrýar;

17) döwlet saglygy goraýyş edaralaryny derman serişdeleri, immunobiologik serişdeler, zyýansyzlandyryş serişdeleri, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almagyň başga mahsus serişdeleri bilen üpjün edýär;

18) döwlet saglygy goraýyş edaralarynda lukmançylyk bilermenler seljermesini, lukmançylyk gözden geçirmesini we lukmançylyk güwä geçilmesini guraýar;

19) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda elektron maglumatlar serişdeleriniň we habar beriş ulgamlarynyň, habar beriş-aragatnaşyk torlarynyň işlemegini, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda fiziki we ýuridik şahslaryň olary ulanyp bilmeginiň guralmagyny üpjün edýär;

20) raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösdürilmegini we kämilleşdirilmegini üpjün edýär;

21) ilatyň arasynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň usullary barada düşündiriş işlerini geçirýär, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi we ornaşdyrmagy amala aşyrýar;

22) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

23) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

11-nji madda. Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ygtyýarlylygy

 

Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary:

1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;

3) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

4) özleriniň garamagyndaky çäkde raýatlaryň saglygynyň goralyp saklanylmagy we berkidilmegi, keselleriň öňüni almak we sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy boýunça çäreleriň geçirilmegi üçin şertleri döredýärler;

5) özleriniň garamagyndaky çäkde sagaldyş we şypahana edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreleri görýärler;

6) köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we ornaşdyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

12-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;

3) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

4) özleriniň garamagyndaky çäkde saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatynyň edilmeginiň guralmagyny üpjün edýärler;

5) özleriniň garamagyndaky çäkde raýatlaryň saglygynyň goralyp saklanylmagy we berkidilmegi, keselleriň öňüni almak we sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy boýunça çäreleriň geçirilmegi üçin şertleri döredýärler;

6) özleriniň garamagyndaky çäkde sagaldyş we şypahana edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreleri görýärler;

7) köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;

8) özleriniň garamagyndaky çäkde sanitariýa-epidemiologiýa, karantin we arassaçylyk çäreleriniň geçirilmegini guraýarlar;

9) epidemiýalar ýüze çykan halatlarynda raýatlaryň janyny halas etmek we saglygyny gorap saklamak boýunça zerur çäreleri görýärler;

10) harby hasaba alnyşa, borçnama boýunça harby gulluga çagyrylýan, şeýle hem harby ýygnanyşyklara çagyrylýan raýatlaryň saglygynyň lukmançylyk taýdan tassyklanylmagy we lukmançylyk gözden geçirilmegini üpjün etmek boýunça çäreleri guraýarlar;

11) ýerli ilatyň arasynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň usullary barada düşündiriş işleriniň geçirilmegine gatnaşýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi we ornaşdyrmagy amala aşyrýarlar;

12) obalarda we şäherçelerde ýerleşýän saglygy goraýyş edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işe ugradylýan saglygy goraýyş işgärleri üçin amatly sosial-durmuş şertlerini döredýärler;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

III BAP. RAÝATLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAGA

BOLAN HUKUGYNYŇ ÜPJÜN EDILMEGINIŇ KEPILLIKLERI

 

§1. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky hukuklary we borçlary

 

13-nji madda. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky hukuklary

 

1. Raýatlaryň şulara hukugy bar:

1) tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň kepillendirilen möçberini almaga;

2) maşgala lukmanyny we saglygy goraýyş edarasyny erkin saýlamaga;

3) saglygy goraýyş kömegini almaga, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmaga, şol sanda telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen;

4) öz saglyk ýagdaýy, öňüni alyş çäreleriniň usullary, anyklaýyş, saglygynyň bejerilişi, dikeldilişi, ýaşaýan ýeriniň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy, sagdyn iýmitlenmegi, iýmit önümleriniň howpsuzlygy we hili, saglygyny goramaga ýardam berýän ýa-da oňa zyýanly täsir edýän şertler barada doly we ygtybarly maglumatlary almaga;

5) saglygynyň barlanylmagyna, bejerilmegine we sanitariýa-gigiýena talaplaryna laýyk gelýän şertleriň döredilmegine;

6) lukmançylyk syryny düzýän maglumatlaryň goralmagyna;

7) ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilen tertipde Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygyny barlatmaga we bejertmäge;

8) saglygy goraýyş işgärleriniň hereketlerine (hereketsizligine) şikaýat etmäge;

9) saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş hyzmatlary edilen mahalynda öz saglygyna ýetirilen zeperiň (zyýanyň) öweziniň dolunmagyna;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklara.

2. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnama baglaşan we döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş tölegini töleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň şulara hem hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan Sanawa girizilen derman serişdelerini döwlet dermanhana edaralaryndan olaryň bahasynyň elli göterimi möçberinde ýeňillikli şertlerde satyn almaga;

2) döwlet saglygy goraýyş edaralarynda tölegli esaslarda berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny olaryň bahasynyň elli göterimi möçberinde ýeňillikli şertlerde almaga.

 

14-nji madda. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky borçlary

 

Raýatlar şulara borçludyr:

1) öz saglygy barada alada etmäge, ony berkitmäge we beýleki adamlaryň saglygy barada alada etmäge;

2) heläkçilige uçranlara ilkinji kömegi bermegiň esasy usullaryny, şahsy we köpçülikleýin goranyş serişdelerinden peýdalanmagyň kadalaryny bilmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga borçlary ýerine ýetirmäge.

 

§2. Eneligi we çagalygy goramak. Maşgalanyň önelge saglygy

 

15-nji madda. Maşgalanyň saglygyny goramaga bolan hukugynyň kepillikleri

 

1. Döwlet maşgalanyň saglygyny goramak baradaky aladany öz üstüne alýar.

2. Maşgala agzalarynyň şulara hukuklary bardyr:

1) lukmançylyk görkezijileri boýunça − maşgalany meýilleşdirmegiň meseleleri boýunça mugt maslahatlary almaga;

2) maşgala gatnaşyklarynyň lukmançylyk-psihologik meseleleri boýunça − bolup biljek nesil yzarlaýan we dogabitdi döreýän keselleriň öňüni almak maksady bilen, döwlet saglygy goraýyş edaralarynda mugt lukmançylyk-genetik we başga maslahatlary almaga hem-de barlanylmaga.

3. Ata-enäniň biriniň (ýa-da onuň ornuny tutýan adamyň) üç ýaşa çenli çaga ideg etmek boýunça ýatymlaýyn şertlerde döwlet saglygy goraýyş edarasynda onuň ýanynda bolmaga hukugy bar.

4. Üç ýaşdan ýokary bolan çaga ideg etmek boýunça ýatymlaýyn şertlerde ata-enäniň biriniň (ýa-da onuň ornuny tutýan adamyň) döwlet saglygy goraýyş edarasynda çaganyň ýanynda bolmagy ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen Tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Ýatymlaýyn şertlerde çaga ideg etmegi üçin ata-enäniň birine (ýa-da onuň ornuny tutýan adama) ýa-da maşgalanyň başga agzasyna bellenilen tertipde ýarawsyzlyk haty berilýär.

 

16-njy madda. Nika baglaşýan raýatlaryň saglygy goraýyş we lukmançylyk-genetik taýdan barlanylmaga hukugynyň kepillikleri

 

1. Nika baglaşmak isleýän raýatlar özara razylygy boýunça lukmançylyk barlaglaryndan geçip, şeýle hem lukmançylyk-genetik meseleler we maşgalany meýilleşdirmegiň meseleleri boýunça döwlet saglygy goraýyş edaralarynda mugt maslahat alyp bilerler.

2. Barlaglaryň netijeleri lukmançylyk syryny düzýär.

3. Saglygy goraýyş we lukmançylyk-genetik barlagy geçirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

17-nji madda. Göwreli aýallaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň kepillikleri

 

1. Türkmenistanda enelik döwlet tarapyndan goralýar.

2. Enäni goramak maksady bilen, saglygy goraýyş edaralary şulary amala aşyrýarlar:

1) ginekologiýa keselleriniň öňüniň alynmagyna we olaryň bejerilmegine, göwrelilik döwründäki, çaga doguran wagtyndaky we çaga dogrumdan soňky agyrlaşmalaryň öňüniň alynmagyna we bejerilmegine, aýallarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň emele gelmegine gönükdirilen öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegini;

2) netijeli we howpsuz serişdeler we usullar bilen göwrelilikden goranmak (kontrasepsiýa) boýunça işleriň geçirilmegini;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş-hukuk kömeginiň berilmegini.  

3. Aýalyň göwrelilik döwründe, çaga dogurýan wagtynda we çaga doguranyndan soň çaga üç ýaşaýança Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet saglygy goraýyş edaralarynda tölegsiz we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini almaga hukugy bar.

 

18-nji madda. Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagy

 

1. Kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanmaga ýokary lukmançylyk bilimi bolan we bellenilen tertipde ýörite taýýarlygy geçen we saglygy goraýyş edaralarynda işleýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama alan adamlaryň hukugy bar. Kömekçi önelge tehnologiýalary diýlip önelgesizligi bejermegiň usullaryna düşünilýär, olar ulanylan mahalynda göwrede çaga galmagyň aýry-aýry ýa-da ähli tapgyrlary hem-de düwünçegiň irki ösüşi, şol sanda donorlara degişli ýa-da aýratyn şertlerde saklanylan (kriokonserwirlenen) jyns öýjükleriniň, bedeniň önelge agzalarynyň dokumalarynyň we düwünçegiň peýdalanylmagy bilen, enäniň (surrogat ene) bedeninden daşarda amala aşyrylýar. Surrogat enelik mahalynda donor düwünçegi geçirilenden soň, düwünçegi göwresinde göterýän aýal bilen tohumlandyrmak üçin jyns öýjükleri peýdalanylan geljekki ata-enäniň (ýalňyz ene ýa-da ýalňyz ata) arasynda şertnama baglaşylýar. Surrogat enelik hakynda şertnama notarial tertipde tassyklanylýar.

2. Ikisiniň hem ýazmaça razylygy bolan mahalynda är-aýalyň, şeýle hem ýüz tutan pursatynda nikada durmaýan aýalyň kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanmaga  hukuklary bardyr.

3. Kömekçi önelge tehnologiýalary ulanylan mahalynda çaganyň jynsyny saýlamaga maşgalada ikiden köp jynsy birmeňzeş çaga doglan (bolan) mahalynda rugsat berilýär.

4. Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylandygy hakynda maglumatlar lukmançylyk syryny düzýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň eýeleriniň razylygy bolmazdan, jyns öýjüklerini, bedeniň önelge agzalarynyň dokumalaryny we düwünçegi ulanmaga hukuklary ýokdur.

5. Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň tertibi, olaryň ulanylmagyna bildirilýän garşy görkezmeleriň we çäklendirmeleriň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

19-njy madda. Göwreli aýallaryň göwreliligini emeli usul bilen aýyrmaga bolan hukugy

 

1. Maşgalany meýilleşdirmek we öz saglygyny goramak, şeýle hem islenilmeýän göwreliliginiň öňüni almak maksady bilen, enelik baradaky meseläni aýalyň özbaşdak çözmäge hukugy bar.

2. Göwreli aýalyň on sekiz ýaşyna ýetenden soň, bäş hepdä çenli göwreliliginiň möhleti bolan mahalynda göwreliligini emeli usul bilen aýyrmaga hukugy bar.

3. On sekiz ýaşyny doldurmadyk göwreli aýala göwreliliginiň möhleti bäş hepdä çenli bolan mahalynda göwreliliginiň arasynyň emeli usul bilen aýrylmagy onuň ata-enesiniň (ýa-da olaryň ornuny tutýan adamyň) ýazmaça razylygy we lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň netijenamasy bolan mahalynda geçirilýär.

4. Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagy şu aşakdaky ýagdaýlarda geçirilýär:

1) göwreliliginiň möhleti ýigrimi iki hepdä çenli bolan mahalynda durmuş görkezijileri boýunça − lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň netijenamasy boýunça;

2) göwreliliginiň möhleti ýigrimi iki hepdä çenli bolan mahalynda saglygy goraýyş görkezijileri boýunça − lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň netijenamasy boýunça;

3) göwreliliginiň möhleti ýigrimi iki hepdeden ýokary bolan mahalynda saglygy goraýyş görkezijileri boýunça – ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde lukmanlaryň maslahatynyň (konsiliumynyň) netijenamasy boýunça.

5. Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagy döwlet saglygy goraýyş edaralarynda geçirilýär.

6. Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň tertibi we şertleri ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

20-nji madda. Lukmançylyk tohumsyzlandyrmasy

 

1. Lukmançylyk tohumsyzlandyrmasy adamy nesil öndürmek mümkinçiliginden mahrum etmek maksady bilen ýa-da göwrelilikden goranmak usuly hökmünde amala aşyrylýar we diňe ýaşy otuz bäşden geçen ýa-da azyndan üç çagasy bolan syrkawyň ýazmaça razylygy bilen, lukmançylyk görkezmeleri bolan halatynda bolsa – ýaşyna we çagalarynyň sanyna garamazdan, geçirilip bilner.

2. Lukmançylyk tohumsyzlandyrmasynyň geçirilmeginiň tertibi we şertleri ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

21-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň kepillikleri

 

1. Döwlet çagalaryň saglygynyň goralmagyny çagalaryň beden we psihiki taýdan ösmeginiň iň möhüm we zerur şertleriniň biri hökmünde ykrar edýär.

2. Çagalar maşgala we durmuş abadançylygyna garamazdan, olaryň saglygy barada alada edilmegini we saglygy goraýyş çygrynda göwnejaý hukuk kömeginiň berilmegini hem goşmak bilen, aýratyn goralmaga degişlidirler we saglygy goraýyş kömegini almakda, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmakda ileri tutulmak hukugyna eýedirler.

3. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyndan mugt peýdalanmaga hukugy bar.

4. Döwlet kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara şulary kepillendirýär:

1) durmuş we hukuk taýdan goraglylygy;

2) olaryň beden we ruhy taýdan ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegini;

3) bilim beriş edaralaryna okuwa girýän mahalynda we olarda okaýan döwründe lukmançylyk gözden geçirilmegini;

4) işe giren mahalynda öňüni alyş çäreleriniň toplumynyň geçirilmegini, şol sanda lukmançylyk öňüni alyş gözden geçirmelerini we bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylyk gözegçiligine alynmagyny;

5) saglygy goraýyş edaralarynda, çagalar sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem saglygy dikeldiş merkezlerinde saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň  edilmegini;

6) nika we maşgala meseleleri boýunça düşünje berilmeginiň üpjün edilmegini;

7) sagdyn durmuş ýörelgesiniň endikleriniň emele gelmegi üçin şertleriň üpjün edilmegini.

5. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen ýa-da psihiki bozulmalary bolan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde  saglygy goraýyş-durmuş kömegini almaga hukugy bar.

6. Şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen çagalara saglygy goraýyş-durmuş kömegini bermek üçin saglygy goraýyş görkezijileriniň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

§3. Raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň saglygy goraýyş

çygryndaky hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi

 

22-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

 

1. I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň, maýyplygy kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze çykan adamlar muňa degişli däldir, kämillik ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagalaryň, çagalykdan I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň döwlet saglygy goraýyş edaralarynda tölegsiz saglygy goraýyş kömegini we saglygy goraýyş hyzmatlaryny almaga hukugy bar.

2. Ýeke ýaşaýan maýyplygy bolan adamlaryň, başganyň kömegine mätäç psihiki keselleri bolan adamlaryň lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda ýöriteleşdirilen edaralarda saklanylmaga hukuklary bardyr.

3. Maýyplygy bolan adamlaryň, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagalaryň we çagalygyndan maýyplygy bolan adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saglygy goraýyş-durmuş kömegine, saglygyny dikeltmäge, ýeňillikli şertlerde derman serişdeleri bilen üpjün edilmäge hukugy bar.

4. Maýyplygy bolan adamlara saglygy goraýyş kömeginiň berilmeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlaryny edilmeginiň tertibi, şeýle hem olar üçin berilýän ýeňillikleriň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary maýyplygy bolan adamlaryň saglygy goraýyş edaralaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin sport desgalaryna erkin baryp bilmekleri üçin zerur şertleri döretmäge, ýörite sport enjamlary bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde maýyplygy bolan adamlara goşmaça ýeňillikleri hem berip bilerler.

 

23-nji madda. Harby gullukçylaryň, harby gulluga çagyrylmaga degişli we borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

 

1. Harby gullukçylaryň harby gulluga ýaramlylygyny kesgitlemek üçin lukmançylyk güwä geçilmesine we harby-lukmançylyk (lukmançylyk) toparynyň netijenamasy esasynda saglyk ýagdaýy boýunça harby gullukdan möhletinden öň boşadylmaga hukugy bar.

2. Çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişli, borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlar lukmançylyk güwä geçilmesini we lukmançylyk gözden geçirmesinde saglygy boýunça harby gullugy geçmekde garşy görkezmeleri we saglyk ýagdaýyna görä çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmagynyň möhletiniň yza süýşürilmegi ýa-da boşadylmagy barada doly maglumatlary almaga hukugy bar.

3. Harby gullukçylar, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga  degişli we borçnama boýunça harby gulluga girýän  raýatlar harby-lukmançylyk (lukmançylyk) toparynyň netijenamasy bilen ylalaşmadyk halatynda, şu Kanunyň 53-nji maddasyna laýyklykda garaşsyz lukmançylyk bilermenler seljermesiniň geçirilmegine ýa-da harby-lukmançylyk (lukmançylyk) toparynyň netijenamasyny Merkezi harby-lukmançylyk toparyna, Merkezi harby-lukmançylyk uçuş toparyna, welaýatyň, welaýat hukukly şäheriň çagyryş toparyna şikaýat etmäge, olaryň çözgüdi bilen razy bolmadyk mahalynda bolsa, kazyýete ýüz tutmaga hukugy bar.

4. Harby gullukçylaryň, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişli we borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlaryň tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberini almaga hukugy bar.

5. Harby hasaba goýulmaga, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişli, borçnama boýunça harby gulluga girýän, çagyryş boýunça harby gulluga we harby ýygnanyşyklara çagyrylýan raýatlaryň lukmançylyk güwä geçilmesi we lukmançylyk gözden geçirmesi «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Harby gullukçylara, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlara we borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlara saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatlaryny guramagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

24-nji madda. Jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da administratiw taýdan tussag edilen adamlaryň, şeýle hem Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

 

1. Jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da administratiw taýdan tussag edilen adamlaryň, şeýle hem Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamlaryň saglygy goraýyş kömegine, saglygy goraýyş hyzmatlaryny almaga  hukuklary bardyr.

2. Jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da administratiw taýdan tussag edilen göwreli aýallaryň ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini almaga hukugy bar.

Aýallaryň çaga dogurýan wagtynda we çaga dogrumdan soňky döwürde ýöriteleşdirilen, şol sanda düzediş edarasyna  hyzmat edýän  saglygy goraýyş edarasynyň çaga dogrulýan bölüminde saglygy goraýyş kömegini almaga hukugy bar.

3. Eneleriň we üç ýaşyna çenli çagalarynyň bilelikde saklanylmagy göz öňünde tutulýan azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde Çagalar öýleri döredilýär.

4. Deslapky tussag ediş ýerlerinde ýa-da düzediş edaralarynda saglygy goraýyş kömeginiň berilmegine mümkinçilik bolmadyk mahalynda tussag astyna alnan ýa-da azatlykdan mahrum ediş görnüşinde jezasyny çekýän adamyň, şeýle hem Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamlaryň saglygy goraýyş edaralarynda saglygy goraýyş kömegini almaga, şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde maslahat bermegiň geçirilmegi üçin lukman hünärmenlerini çagyrmaga hukugy bar.

5. Saglygy goraýyş edaralarynda saglygy goraýyş kömegi berlen mahalynda deslapky tussag ediş ýerleriniň we düzediş edaralarynyň işgärleri tarapyndan şu maddanyň 4-nji böleginde görkezilen adamlaryň goralmagyny, zerurlyk bolan mahalynda bolsa, gije-gündiziň dowamynda görkezilen adamlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, şeýle hem saglygy goraýyş edaralarynda bolýan başga adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde gözegçiligi amala aşyrylýar.

6. Jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da administratiw tussag astynda bolýan adamlaryň, şeýle hem Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamlaryň anyklaýşyň, öňüni alşyň we keseli bejermegiň täze usullaryny, şeýle hem derman serişdelerini synag etmäge, biolukmançylyk barlaglaryny geçirmäge çekilmegine ýol berilmeýär.

7. Jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da administratiw taýdan tussag edilen adamlara, şeýle hem Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamlaryň saglygy goraýyş kömeginiň guralmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

 

25-nji madda. Jemgyýet üçin howply kesellerden ejir çekýän raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

 

1. Jemgyýet üçin howply kesellerden ejir çekýän raýatlaryň degişli saglygy goraýyş edaralarynda saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny almaga we lukmançylyk gözegçiligine alynmaga hukugy bar.

2. Jemgyýet üçin howply keselleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

3. Jemgyýet üçin howply kesellerden ejir çekýän raýatlar üçin olaryň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwründe iş ýerleri saklanyp galýar.

4. Jemgyýet üçin howply kesellerden ejir çekýän raýatlara saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny bermegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

26-njy madda. Seýrek kesellerden ejir çekýän raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

 

1. Seýrek kesellerden ejir çekýän raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saglygy goraýyş kömegini we saglygy goraýyş hyzmatyny almaga hukugy bar.

2. Ýüz müň ilaty bolan çäkde keseliň on gezekden köp bolmadyk ýaýrawy bolanda keseller seýrek keseller bolup durýarlar.

3. Görkezilen kesellerden ejir çekýän ýa-da maýyplyga, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygynyň kemelmegine getirýän seýrek keselleriň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

27-nji madda. Bejerip bolmaýan kesellerden ejir çekýän raýatlaryň palliatiw saglygy goraýyş kömegine bolan hukugy

 

1. Bejerip bolmaýan kesellerden ejir çekýän raýatlaryň agyrydan dynmagyna ýa-da başga agyr ýagdaýynyň ýeňledilmegine gönükdirilen palliatiw saglygy goraýyş kömegini almaga hukugy bar. Palliatiw saglygy goraýyş kömegi degişli kömegi bermek boýunça okuwy geçen saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde berilýär.

2. Palliatiw saglygy goraýyş kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynyň sanawy, şeýle hem degişli kömegiň berilmeginiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

28-nji madda. Ekologik taýdan amatsyz diýlip ykrar edilen çäklerde ýaşaýan raýatlaryň, aýratyn zyýanly we aýratyn howply zähmet şertleri bolan işlerde işleýän raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

 

Ekologik taýdan amatsyz diýlip ykrar edilen çäklerde ýaşaýan raýatlaryň, şeýle hem aýratyn zyýanly we aýratyn howply zähmet şertleri bolan işlerde işleýän raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saglygyny goramaga hukugy bar.

 

29-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy

 

1. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda raýatlaryň tölegsiz saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny we saglygyny dikeldiş  bejergisini almaga, adatdan daşary ýagdaýyň netijelerini ýeňip geçmek we öz jany we saglygy üçin töwekgelçiligi peseltmek boýunça gigiýena we epidemiýa garşy çäreleriň geçirilmegine, şeýle hem öz janyna, saglygyna, nesline ýetirilen zeperiň (zyýanyň) öweziniň dolunmagyna hukugy bar.

2. Gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda adamlary halas edýän wagtynda, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýyň şertlerinde  saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny berýän wagtynda ejir çeken raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde, saglygyny dikeltmegini hem goşmak bilen, saglygynyň tölegsiz bejerilmegi kepillendirilýär.

 

30-njy madda. Raýatlaryň maşgala lukmanyny we saglygy goraýyş edarasyny saýlamaga bolan hukugy

 

1. Raýata ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi berlen mahalynda, onuň ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan tertipde saglygy goraýyş edarasyny we maşgala lukmanyny saýlamaga hukugy bar.

2. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini almak üçin raýatyň çäk ýörelgesi boýunça, ýylda bir gezekden ýygy bolmazdan (raýatyň ýaşaýan ýerini ýa-da bolýan ýerini üýtgeden halatlary muňa degişli däldir) saglygy goraýyş edarasyny saýlamaga hukugy bar. Raýat saýlap alan saglygy goraýyş edarasynda ýylda bir gezekden köp bolmadyk ýygylykda (saglygy goraýyş edarasynyň çalşylan halatlary muňa degişli däldir) özi ýa-da öz wekiliniň üsti bilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň adyna arza bermek arkaly maşgala lukmanyny ýa-da maşgala feldşerini saýlamagy hukugy bar.

3. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň berilmegi şu ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

1) maşgala lukmanynyň, maşgala feldşeriniň, hünärmen lukmanyň gönükdirmesi boýunça;

2) raýat saglygy goraýyş edarasyna, şol sanda şu maddanyň ikinji bölegine laýyklykda öz saýlap alan edarasyna özbaşdak ýüz tutan halatynda.

4. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň meýilnamalaýyn tertipde alynmagy üçin saglygy goraýyş edarasynyň saýlanylmagy maşgala lukmanynyň ýa-da inçe ugurly lukmanyň ýollamasy boýunça amala aşyrylýar.

5. Maşgala lukmanyny we saglygy goraýyş edarasyny saýlap alan mahalynda raýatyň özi üçin düşnükli görnüşde ýerleşdirilen saglygy goraýyş edarasy hakynda, oňyn amala aşyrýan saglygy goraýyş işi hakynda we lukmanlaryň bilimi we hünär derejesi hakynda maglumatlary almaga hukugy bar.

6. Saglygy goraýyş kömegi berilýän syrkawa saglygy goraýyş kömeginiň berilmegine talyplaryň we lukmançylyk biliminiň hünär bilim maksatnamalary boýunça amaly taýýarlygynyň çäklerinde  okaýanlaryň gatnaşýandygy hakynda habar berilmelidir. Şonda syrkawyň özüne saglygy goraýyş kömeginiň berilmegine görkezilen adamlaryň gatnaşmagyndan ýüz öwürmäge hukugy bar. Şu ýagdaýda saglygy goraýyş edarasy syrkawyň görkezilen adamlaryň gatnaşmazlygyndaky saglygy goraýyş kömeginiň berilmegine bolan hukugyny üpjün etmäge borçludyr.

 

31-nji madda. Raýatlaryň ganyň we onuň düzüm bölekleriniň donorlygyna bolan hukugy

 

1. Ganyň we onuň düzüm bölekleriniň donorlygy – raýat (donor) tarapyndan ganyň we onuň düzüm bölekleriniň başga raýata goýberilmegi üçin öz ganyny we onuň düzüm böleklerini bermegidir.

2. Saglygy goraýyş barlagyndan geçen on sekizden altmyşa çenli ýaşly kämillik ukyby bolan raýat ganyň we onuň düzüm bölekleriniň donory bolmaga haklydyr.

3. Ganyň we onuň düzüm bölekleriniň donorlygy döwlet saglygy goraýyş edaralarynda meýletin amala aşyrylýar.

4. Bejeriş maksatlary üçin ulanylýan gan we onuň düzüm bölekleri diňe sagdyn adamdan alnyp bilner.

5. Donordan ganyň we onuň düzüm bölekleriniň alynmagyna diňe donoryň saglygyna zeper (zyýan) ýetirilmese, ýol berilýär.

6. Donor ganynyň we onuň düzüm bölekleriniň, donor ganyndan taýýarlanylýan serişdeleriň girdeji almak maksady bilen satylmagyna (gan we onuň düzüm böleklerini taýýarlamak üçin harçlanylýan materiallaryň tölegi muňa degişli däldir) ýol berilmeýär.

7. Donor ganynyň we onuň düzüm bölekleriniň, donor ganyndan taýýarlanylýan serişdeleriň Türkmenistanyň çäginden daşyna çykarylmagyna ýol berilmeýär, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça ynsanperwer saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi muňa degişli däldir.

8. Donoryň saglygy goraýyş taýdan güwä geçilmeginiň, donor ganynyň, onuň düzüm bölekleriniň we donor ganyndan serişdeleriň taýýarlanylmagynyň, gaýtadan işlenilmeginiň, saklanylmagynyň we ulanylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

9. Donoryň hukuklary we borçlary, şeýle hem donora ýeňillikleriň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

IV BAP. SAGLYGY GORAÝYŞ KÖMEGINI GURAMAGYŇ

ESASLARY

 

32-nji madda. Saglygy goraýyş kömeginiň guralyşy

 

Saglygy goraýyş kömeginiň guralmagy şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek boýunça çäreleri işläp düzmek we amala aşyrmak;

2) ilkinji kömegi, saglygy goraýyş kömeginiň ähli görnüşlerini bermegiň guralyşy;

3) raýatlaryň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýatlaryň derman serişdeleri we saglygy bejeriş iýmiti bilen üpjün edilmegi.

 

33-nji madda. Ilkinji kömek

 

1. Raýatlara ilkinji kömek betbagtçylykly ýagdaýlarda, şikes ýetmelerde, zäherlenmelerde we olaryň janyna we saglygyna howp salýan başga ýagdaýlarda we kesellemelerde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli taýýarlygy bolan we ilkinji kömegi bermäge borçly bolan adamlar tarapyndan lukmançylyk kömeginden öň berilýän kömek görnüşinde berilýär.  

2. Ilkinji kömegiň berilýän saglyk ýagdaýlarynyň sanawy we ilkinji kömegi bermek boýunça çäreleriň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

3. Ilkinji kömegi bermek boýunça okuwyň maksatnamalary ygtyýarly edara tarapyndan işlenip düzülýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylýar.

 

34-nji madda. Saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleri

 

1. Saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleri ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa, tiz saglygy goraýyş kömegi, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş-durmuş kömegi, şypahana kömegi, palliatiw saglygy goraýyş kömegi, şeýle hem derman kömegi görnüşinde berlip bilner.

2. Saglygy goraýyş kömegi şeýle berlip bilner:

1) saglygy goraýyş edarasyndan daşarda – tiz saglygy goraýyş kömegi toparynyň çagyrylýan ýeri boýunça ýa-da syrkaw gatnadylýan mahalynda;

2) gatnawly şertlerde, şol sanda saglygy goraýyş işgäri çagyrylan mahalynda öýünde, gije-gündiz gözegçilik edilmezden we bejerilmezden;

3) gündizki ýatymlaýyn şertlerde – gije-gündiz gözegçilik edilmegi we bejerilmegi talap etmeýän, gündizine gözegçilik edilmegi we bejerilmegi;

4) ýatymlaýyn şertlerde –  gije-gündiz gözegçilik edilmegi we  bejerilmegi.

Syrkawlara maslahat bermegiň dessinligini ýokarlandyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş kömegi telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen berlip bilner.

3. Saglygy goraýyş kömegi şu görnüşlerde berlip bilner:

1) tiz kömek – syrkawyň janyna we saglygyna howp döredýän duýdansyz ýiti keseller ýüze çykan mahalynda, dowamly keseller ýitileşen ýagdaýlarynda;

2) meýilnamalaýyn kömek – öňüni alyş çäreleri geçirilen mahalynda, syrkawyň janyna we saglygyna howp döretmeýän we bejermegiň belli bir wagta yza süýşürilmegi syrkawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirmeýän keseller mahalynda we ýagdaýlarda.

4. Saglygy goraýyş kömegini bermegiň görnüşleri we şertleri ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanan tertipde bellenilýär.

 

35-nji madda. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň berilmegi

 

1. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi saglygy goraýyş kömeginiň öňüni alyş çäreleriniň, keseli ir ýüze çykarmak, anyklaýyş, bejeriş, dikeldiş, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek we raýatlara sanitariýa-gigiýena taýdan düşünje bermek maksatlary bilen amala aşyrylýan saglygy goraýyş kömeginiň her bir raýat üçin esasy elýeterli görnüşi bolup durýar.

2. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi bejeriş-öňüni alyş edaralary tarapyndan gatnawly şertlerde we gündizki ýatymlaýyn şertlerde berilýär.

3. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi ilkinji kömek, lukman gelmezinden öň berilýän saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi, lukmançylyk saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi ýaly görnüşlere bölünýär.

4. Ilkinji kömek lukman, orta saglygy goraýyş işgäri, şeýle hem ýörite taýýarlygy bolmadyk adam tarapyndan berlip bilner.

5. Lukman gelmezinden öňki ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi maşgala feldşerleri, maşgala şepagat uýalary we orta lukmançylyk bilimi bolan beýleki saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan berilýär.

6. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi maşgala lukmanlary we hünärmen lukmanlar tarapyndan berilýär.

7. Ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi hünärmen lukmanlar, şol sanda ýöriteleşdirilen, ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmen lukmanlary tarapyndan berilýär.

8. Raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän  döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň sanawy, şeýle hem ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini bermegiň möçberi we tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

36-njy madda. Tiz saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi

 

1. Tiz saglygy goraýyş kömegi raýatlara gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini talap edýän keseller, betbagtçylykly halatlar, şikesler, zäherlenmeler we beýleki ýagdaýlar bolan mahalynda berilýär.

Tiz saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi görnüşinde berlip bilner.

Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi raýatlara tölegsiz berilýär.

2. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş edarasyndan daşarda, şeýle hem gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde berlip bilner.

3. Türkmenistanyň çäginde ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde tiz saglygy goraýyş kömegini çagyrmagyň ýeke-täk san belgisiniň ulgamy işleýär.

4. Adamyň janyna we saglygyna howp döredýän ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda saglygy goraýyş işgärleriniň zerur bolan islendik aragatnaşyk serişdesini we adamy iň ýakynda ýerleşýän tiz saglygy goraýyş kömegi gullugyna ýa-da bejeriş-öňüni alyş edarasyna alyp barmak üçin bar bolan islendik ulag serişdesini tölegsiz peýdalanmaga hukugy bar.  

Tiz saglygy goraýyş kömegini bermek zerurlygy ýüze çykan halatynda sanitar awiasiýasynyň serişdeleri peýdalanylýar.

 

37-nji madda. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi

 

1. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýatymlaýyn şertlerde berilýär.

Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi öňüni alyş çärelerini, anyklaýşy we saglygy bejermegi, şol sanda ýörite usullaryň, şeýle hem saglygy dikeltmegiň ulanylmagyny talap edýän göwreliligiň, çaga dogurmagyň we çaga dogrumdan soňky döwürleri öz içine alýar.

2. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi görnüşinde berlip bilner.

Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi keseli bejermegiň täze çylşyrymly ýa-da özboluşly usullaryny, şeýle hem keseli bejermegiň ylmy taýdan subut edilen netijeliligi bolan usullarynyň ulanylmagyny, şol sanda öýjük (sütün öýjükleri) tehnologiýalarynyň, robotlaşdyrylan tehnikanyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň we saglygy goraýyş ylmynyň, ylymyň we tehnikanyň meňzeş pudaklarynyň gazananlarynyň esasynda işlenip düzülen genetik inženerçilik usullarynyň ulanylmagyny özünde jemleýär.

3. Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleriniň sanawyna laýyklykda saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berilýär.

 

38-nji madda. Saglygy goraýyş-durmuş kömeginiň berilmegi

 

1. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi – keseliň öňüniň alynmagyna, anyklanylmagyna, bejerilmegine, saglygynyň dikeldilmegine, gaýtadan dukeldilmegine gönükdirilen, syrkawlara ortopediýa we diş protezlemesi boýunça saglygy goraýyş hyzmatlary, näsaglara, zähmete ukypsyz we maýyplygy bolan adamlara ideg edilmegi özünde jemleýän kömek.

2. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi raýatlara kesellän, zähmete ukyplylygyny ýitiren mahalynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga ýagdaýlarda berilýär.

3. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi saglygy goraýyş we durmuş pudagynyň işgärleri tarapyndan berilýär.

4. Raýatlara tölegsiz saglygy goraýyş-durmuş kömeginiň kepillendirilýän möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýär.

5. Raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň ortopedik we diş protezleri, eşidiş enjamlary, hereket ediş serişdeleri we beýleki ýörite serişdeler bilen ýeňillikli üpjün edilmäge hukugy bar.

 

39-njy madda. Şypahana kömeginiň berilmegi

 

1. Şypahana kömegi şu aşakdakylara gönükdirilendir:

1) adamyň zeper ýeten beden agzasynyň ýa-da beden ulgamynyň bozulan ýa-da ýitirilen işiniň doly ýa bölekleýin dikeldilmegine;

2) adamyň zeper ýeten beden agzalarynyň ýa-da beden ulgamynyň işiniň bolup biljek bozulmalarynyň öňüniň alynmagynyň  irki anyklanylmagyna we düzedilmegine;

3) bolup biljek maýyplygyň öňüniň alynmagyna we derejesiniň peseldilmegine;

4) adamyň bedeniniň bozulan işiniň dikeldilmegine ýa-da öweziniň dolunmagyna.

Şypahana kömegi tebigy bejeriş we derman serişdeleriniň, şeýle hem öňüni alyş çäreleriniň we bejermegiň beýleki usullarynyň ulanylmagy bilen berilýär.

2. Şypahana kömeginiň berilmeginiň tertibi, şypahana kömeginiň berilmegi üçin lukmançylyk görkezmeleriniň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

40-njy madda. Derman kömeginiň berilmegi

 

Raýatlara derman kömeginiň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

41-nji madda. Lukmançylyk gözden geçirmeleriň we gözegçilige almagyň geçirilmegi

 

1. Saglygy goraýyş edaralary tarapyndan raýatlaryň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek we kesellerini ir ýüze çykarmak maksady bilen, olar lukmançylyk taýdan gözden geçirilýär. Raýatlaryň saglygynyň barlanylmagyny öz içine alýan lukmançylyk gözden geçirmesi bejeriş-öňüni alyş kömeginiň bir görnüşi bolup durýar.

2. Şular lukmançylyk gözden geçirmesiniň görnüşleri bolup durýar:

1) keselleri, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun ulanylmagyny öz wagtynda ýüze çykarmak maksady bilen, şeýle hem syrkawlaryň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek we syrkaw üçin degişli maslahatlary taýýarlamak maksady bilen geçirilýän saglygy goraýyş öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesi;

2) işgäriň saglygynyň oňa tabşyrylýan işe, okuwçynyň okuwyň talaplaryna laýyk gelýändigini kesgitlemek maksady bilen işe ýa-da okuwa gireninde geçirilýän deslapky lukmançylyk gözden geçirmesi;

3) şu maksatlarda bellenilen möhletlerde meýilnama boýunça yzygiderli geçirilýän lukmançylyk gözden geçirmesi:

a) işgärleriň, okuwçylaryň saglyk ýagdaýyna işjeň gözegçilik etmek;

b) hünär keselleriniň başlangyç görnüşlerini öz wagtynda ýüze çykarmak;

ç) iş gurşawynyň, zähmetiň, okuwyň barşynyň işgärleriň, okuwçylaryň saglyk ýagdaýyna täsir edýän zyýanly ýa-da howply önümçilik ýagdaýlarynyň täsir etmeginiň irki alamatlaryny öz wagtynda ýüze çykarmak;

d) hünär keselleri döremek howpy bolan töwekgel toparlary ýüze çykarmak;

e) işiň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagyna, okuwyň dowam etdirilmegine saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeleri ýüze çykarmak;

4) iş gurşawynyň we zähmetiň barşynyň zyýanly ýa-da howply önümçilik şertleriniň işgärleriň saglyk ýagdaýyna täsir edýän alamatlaryny, zähmet borçlarynyň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik döredýän ýagdaýlary we keselleri, şol sanda alkogol, neşe we awuly serhoşlygy ýüze çykarmak maksady bilen, iş gününiň (çalşygyň ýa-da gatnawyň) başynda we ahyrynda geçirilýän lukmançylyk gözden geçirmeleri;

5) lukmançylyk gözden geçirmeleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga görnüşleri.

3. Döwlet saglygy goraýyş edaralary tarapyndan gaýra üzülmeleri, keseliň agyrlaşmagyny, başga patologik ýagdaýlary wagtynda ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak, dowamly kesellerden, funksional bozulmalardan ejir çekýän syrkawlaryň saglygynyň dikeldilmegini amala aşyrmak maksady bilen, olar lukmançylyk gözegçiligine alynýar. Lukmançylyk gözegçiligine almak diýlip, dürli ugurly lukmanlaryň ilatyň anyk toparlary babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirýän çäreleriniň toplumyna hem-de barlagyň zerur usullarynyň ulanylmagyna düşünilýär.  

4. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda lukmançylyk gözden geçirmeler, gözegçilige almak we olaryň geçirilmegi hökmany bolup durýar.

5. Lukmançylyk gözden geçirmeleriň we ilatyň lukmançylyk gözegçiligine alynmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

6. Raýatlaryň işe girende hökmany deslapky ýa-da döwürleýin lukmançylyk gözden geçirmesi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.

7. Raýatlaryň öz islegi boýunça ýylda bir gezek geçirilýän lukmançylyk gözden geçirmesi olaryň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

42-nji madda. Keseliň öňüni alyş çäreleriniň, anyklaýşyň we kesel bejermegiň täze usullarynyň, biolukmançylyk barlaglarynyň, täze saglygy goraýyş tehnologiýalarynyň, häzirki zaman derman serişdeleriniň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, immunobiologik serişdeleriň ulanylmagy

 

1. Türkmenistanda diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulanylmagyna rugsat berlen, keseliň öňüni alşyň, anyklaýşyň we kesel bejermegiň täze usullary, biolukmançylyk barlaglary, täze saglygy goraýyş tehnologiýalary, häzirki zaman derman serişdeleri, zyýansyzlandyryjy serişdeler, immunobiologik serişdeler ulanylmaga degişlidir.

2. Keseliň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň täze usullarynyň, biolukmançylyk barlaglarynyň, täze saglygy goraýyş tehnologiýalarynyň, häzirki zaman derman serişdeleriniň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň we immunobiologik barlaglaryň ulanylmagy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

43-nji madda. Saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi

 

1. Saglygy goraýyş edaralary tarapyndan saglygy goraýyş kömegi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanýan saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibine laýyklykda guralýar we berilýär.

2. Saglygy goraýyş kömeginiň standartlarynyň degişli sanawyna girmeýän derman serişdeleriniň, saglygy bejeriş iýmitiniň ýöriteleşdirilen önümleriniň bellenilmegine we ulanylmagyna saglygy goraýyş edarasynyň lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň karary boýunça lukmançylyk görkezmeleri bolan halatynda rugsat berilýär.

 

44-nji madda. Saglygy goraýyş kömeginiň hiliniň bilermenler seljermesi

 

1. Saglygy goraýyş kömegi berlen mahalynda goýberilen düzgün bozmalary ýüze çykarmak maksady bilen saglygy goraýyş kömeginiň hiliniň bilermenler seljermesi geçirilýär. Saglygy goraýyş kömeginiň hiliniň bilermenler seljermesi diýlip, saglygy goraýyş kömeginiň öz wagtynda berlendigine, keseliň saýlanyp alnan öňüni alyş usullarynyň dogrulygyna, anyklanylyşyna, bejerilişine, saglygyň dikeldilişine, berlen saglygy goraýyş kömeginiň netijeliligine baha bermek boýunça çäreleriň toplumyna düşünilýär.

2. Saglygy goraýyş kömeginiň hiliniň bilermenler seljermesi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

45-nji madda. Ewtanaziýanyň gadagan edilmegi

 

1. Türkmenistanda ewtanaziýanyň amala aşyrylmagy gadagan edilýär. Ewtanaziýa diýlip, syrkawyň haýyşy boýunça haýsy-da bolsa bir hereketler (hereketsizlikler) ýa-da serişdeler bilen onuň ölüminiň çaltlandyrylmagyna düşünilýär.

2. Syrkawy bilgeşleýin ewtanaziýa gönükdirýän ýa-da ewtanaziýany amala aşyrýan adam Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekilýär.

 

46-njy madda. Saglygy goraýşyň galyndylary

 

1. Saglygy goraýyş işiniň, derman serişdelerini öndürmek boýunça işiň amala aşyrylmagynyň barşynda saglygy goraýşyň galyndylary emele gelip biler. Saglygy goraýşyň galyndylaryna anatomik, patologoanatomik, biohimiki, mikrobiologik, fiziologik we başga galyndylar degişlidir.  

2. Saglygy goraýşyň galyndylary özüniň epidemiologik, zäherleýjilik, radiasiýa howplulyk, şeýle hem ýaşaýyş gurşawyna oňaýsyz täsiriniň derejesi boýunça şeýle galyndylara bölünýärler:

1) epidemiologik howpsuz, düzümi boýunça durmuş galyndylaryna ýakyn galyndylar;

2) epidemiologik howply;

3) çendenaşa epidemiologik howply;

4) zäherleýji howply, düzümi boýunça senagat galyndylaryna ýakyn galyndylar;

5) radioaktiw galyndylar.

3. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, saglygy goraýşyň galyndylary ygtyýarly edaranyň tassyklan tertibinde toplanylmaga, peýdalanylmaga, zyýansyzlandyrylmaga, ýerleşdirilmäge, saklanylmaga, daşalmaga, hasaba alynmaga we utilleşdirilmäge degişlidir.

 

V BAP. LUKMANÇYLYK BILERMENLER SELJERMESI

WE LUKMANÇYLYK GÜWÄ GEÇMESI

 

47-nji madda. Lukmançylyk bilermenler seljermesi

 

1. Lukmançylyk bilermenler seljermesi diýlip raýatyň saglyk ýagdaýyny, onuň zähmet ýa-da başga işi amala aşyrmaga bolan ukybyny kesgitlemek, şeýle hem raýatyň saglyk ýagdaýynyň haýsydyr bir wakalaryň, faktlaryň täsiri bilen sebäpli baglanyşygyny kesgitlemek maksady bilen bellenilen tertipde geçirilýän barlaga düşünilýär.

2. Türkmenistanda lukmançylyk bilermenler seljermesiniň şu aşakdaky görnüşleri geçirilýär:

1) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň bilermenler seljermesi;

2) saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesi;

3) harby-lukmançylyk bilermenler seljermesi;

4) kazyýet-lukmançylyk, kazyýet-psihiatrik we narkologik bilermenler seljermesi;

5) hünäre ýaramlylygyň bilermenler seljermesi we keseliň hünär bilen baglanyşygynyň bilermenler seljermesi;

6) garaşsyz lukmançylyk bilermenler seljermesi.

 

48-nji madda. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň bilermenler seljermesi

 

1. Raýatlaryň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygynyň bilermenler seljermesi şu aşakdakylar bilen baglanyşykly geçirilýär:

1) keseller (şikesler), zäherlenmeler we wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk bilen baglanyşykly başga ýagdaýlar;

2) şypahana edaralarynda saglygyň bejerilmeginiň dowam edilmegi;

3) karantin;

4) ýatymlaýyn şertlerdäki protezlemek;

5) göwreliligi we çaga doguranlygy;

6) ogullyga alynmak;

7) işgäriň zähmet işini amala aşyrmaga ukybynyň kesgitlenilmegi;

8) işgäriň saglyk ýagdaýy boýunça möhletli başga işe (wagtlaýyn ýa-da hemişelik) geçirilmeginiň zerurlygy;

9) raýatyň saglygy goraýyş-durmuş bilermenler seljermesine ugradylmagy hakynda kararyň kabul edilmegi.

2. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň bilermenler seljermesi syrkawa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatynyň bejeriji lukman ýa-da feldşer tarapyndan: alty senenama gününe çenli ‒ özbaşdak berilmegi arkaly; ýediden otuz senenama gününe çenli hasaba goşmak bilen, bölüm müdiriniň ýa-da saglygy goraýyş edarasynyň başlygynyň orunbasarynyň gözegçiligi astynda geçirilýär.

Saglygy goraýyş edarasy göz öňünde tutulmadyk wahta iş usuly boýunça we oba ýerlerinde işleýän syrkawlara şol ýerdäki lukmançylyk nokatlarynyň feldşeri ýa-da bejeriji lukmany tarapyndan geçirilen lukmançylyk barlagynyň esasynda, otuz senenama gününe çenli wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilýär.

3. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk  hatynyň – şu maddanyň ikinji böleginde görkezileninden köp möhlete, emma dört aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylmagy saglygy goraýyş edarasynyň lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen möhlet geçenden soň  syrkaw saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesini geçmeklige  iberilýär. Syrkaw saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesini geçmekden ýüz öwüren halatynda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk  hatynyň möhleti uzaldylmaýar.

5. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

49-njy madda. Saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesi

 

1. Raýatyň önümçilikde şikes almagy ýa-da hünär keselini, zähmete ukyplylygyny ýitirmegini, zähmete ukyplylygynyň ýitmeginiň başlanan wagtyny, maýyplygynyň sebäbini, onuň toparyny we başlanan wagtyny kesgitlemek, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň maýyplyk alamatlaryny kesgitlemek maksady bilen saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesi geçirilýär.

2. Raýatlaryň saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesi döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparlary tarapyndan geçirilýär.

3. Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň raýaty işe ýerleşdirmek boýunça maslahatlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlary üçin hökmany bolup durýar.

4. Saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesini geçirmek hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

5. Raýatyň (kanuny wekiliň) arzasy boýunça saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesiniň geçirilmegine gatnaşmak üçin degişli hünärli garaşsyz bilermen (onuň razylygy bilen) çekilip bilner.

6. Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna raýat tarapyndan Hemaýata mätäçligi anyklaýjy merkezi topara bir aýyň dowamynda şikaýat edilip bilner. Raýat (kanuny wekil) Hemaýata mätäçligi anyklaýjy merkezi toparyň karary bilen razy bolmadyk mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete ýüz tutup biler.

 

50-nji madda. Harby lukmançylyk (lukmançylyk) bilermenler seljermesi

 

1. Harby lukmançylyk (lukmançylyk) bilermenler seljermesi harby-lukmançylyk toparlary, harby lukmançylyk-uçuş toparlary, şeýle hem çagyryş toparlarynyň düzümindäki hünärmen lukmanlar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Harby lukmançylyk (lukmançylyk) bilermenler seljermesi şularyň ýaramlylygyny kesgitlemek üçin geçirilýär:

1) adamyň harby gulluga (oňa deňleşdirilen gulluga), anyk harby-hasaba alyş hünärleri (eýeleýän wezipesine laýyklykdaky hünärler) boýunça okuwa (gulluga);

2) harby hasaba alnyşa gelýän çagyryşa degişli raýat;

3) harby gulluga (harby ýygnanyşyklara) çagyrylýan, harby gulluga borçnama boýunça girýän adamyň;

4) harby borçlynyň;

5) adamyň, ýörite desgalarda gullugyny geçmäge;

6) adamyň, harby-okuw mekdeplerine girmäge (okamaga);

7) okuw we barlag ýygnanyşyklaryna çagyrylýan harby gullukçynyň, harby borçlynyň saglyk ýagdaýy boýunça, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň işgärleriniň we gullukçylarynyň – radioaktiw maddalar, başga ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň başga çeşmeleri, şeýle hem zäherliligi ýokary bolan maddalar bilen işlemäge.

3. Harby lukmançylyk (lukmançylyk) bilermenler seljermesi şulary kesgitlemek maksady bilen geçirilýär:

1) uruşda bolmak, harby gullugy geçmek, harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly kesellemegiň, ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes ýetmegiň sebäplerini;

2) saglyk ýagdaýy boýunça harby gulluga ýaramsyz ýa-da çäkli ýaramly diýlip ykrar edilýän harby gullukçyny ýa-da öňki harby gullukçynyň (harby gullugy geçýän döwründe) ýaramlylygyny;

3) kesellemegi zerarly rugsada ýa-da gulluk borçlaryny (okuwyny) ýerine ýetirmekden belli bir möhlete boşadylmaga mätäçlik çekýän harby gullukçynyň saglyk ýagdaýyny.

4. Harby hasaba girýän, harby gulluga (harby ýygnanyşyklara) çagyrylýan, harby gulluga borçnama boýunça girýän, harby-okuw jaýlaryna girýän adamlaryň harby lukmançylyk (lukmançylyk) bilermenler seljermesini guramagyň we geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär.

5. Harby lukmançylyk (lukmançylyk) bilermenler seljermesiniň netijenamasy Türkmenistanyň çäginde ähli wezipeli adamlaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolup durýar.

6. Harby lukmançylyk (lukmançylyk) bilermenler seljermesini geçiren edaranyň netijenamasyna Merkezi harby-lukmançylyk toparyna şikaýat edilip bilner, onuň karary bilen razy bolunmadyk mahalynda raýat (kanuny wekil) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete ýüz tutup biler.

 

51-nji madda. Kazyýet-lukmançylyk, kazyýet-psihiatrik we narkologik bilermenler seljermeleri

 

1. Kazyýet-lukmançylyk, kazyýet-psihiatrik we narkologik bilermenler seljermeleri anyk iş boýunça subut edilmäge degişli ýagdaýlary anyklamak maksady bilen, bilermenler tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

2. Kazyýet-lukmançylyk bilermenler seljermesi döwlet saglygy goraýyş edaralarynda kazyýet-lukmançylyk bilermenler seljermesiniň bilermeni tarapyndan, ol bolmadyk mahalynda anyklaýjynyň derňewçiniň, prokuroryň karary ýa-da kazyýet edarasynyň kesgitlemesi esasynda bilermenler seljermesiniň öňümçiligi üçin çekilen lukman tarapyndan geçirilýär.

3. Raýatyň (kanuny wekiliň) kazyýet-lukmançylyk, kazyýet-psihiatrik we narkologik bilermenler seljermesini geçirmegi bellän edaranyň öňünde bilermenler toparynyň düzümine degişli ugry bolan garaşsyz bilermeniň (onuň razylygy bilen) goşulmagy hakynda haýyş etmäge hukugy bar.

4. Kazyýet-lukmançylyk, kazyýet-psihiatrik we narkologik bilermenler seljermelerini guramagyň we öňümçiliginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

5. Kazyýet-lukmançylyk, kazyýet-psihiatrik we narkologik bilermenler seljermelerini geçiren edaralaryň netijenamalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

52-nji madda. Hünäre ýaramlylygyň bilermenler seljermesi we keseliň hünär bilen baglanyşygynyň bilermenler seljermesi

 

1. Hünäre ýaramlylygyň bilermenler seljermesi işgäriň saglyk ýagdaýynyň işleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirip bilmek mümkinçiligini kesgitlemek maksady bilen geçirilýär.

2. Hünäre ýaramlylygyň bilermenler seljermesi deslapky ýa-da yzygiderli lukmançylyk gözden geçirmeleriň netijeleri boýunça hünärmen lukmanlaryň çekilmegi bilen saglygy goraýyş edarasynyň lukmançylyk-masalahat beriş topary tarapyndan geçirilýär.

3. Lukmançylyk-masalahat beriş topary hünäre ýaramlylygyň bilermenler seljermesi boýunça işgäriň işiň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmäge ýaramlylygy ýa-da ýaramly däldigi hakynda lukmançylyk netijenamasyny çykarýar.

4. Hünäre ýaramlylygyň bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi, işgäriň işiň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmäge ýaramlylygy ýa-da ýaramly däldigi hakynda lukmançylyk netijenamasynyň görnüşi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

5. Keseliň hünär bilen baglanyşygynyň bilermenler seljermesi keseliň hünär işi bilen sebäp-netije baglanyşygyny anyklamak maksady bilen geçirilýär.

6. Keseliň hünär bilen baglanyşygynyň bilermenler seljermesi hünär keseli ýüze çykarylan mahalynda hünärmen patologiýasy babatdaky ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralary ýa-da saglygy goraýyş edarasynyň ýöriteleşdirilen gurluş düzüm birlikleri tarapyndan geçirilýär. Keseliň kär bilen baglanyşygynyň bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça hünär keseliniň barlygy ýa-da ýoklugy hakynda lukmançylyk netijenamasy çykarylýar.

7. Keseliň hünär bilen baglanyşygynyň bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi hünär keseliniň barlygy ýa-da ýoklugy hakynda lukmançylyk netijenamasynyň görnüşi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

53-nji madda. Garaşsyz lukmançylyk bilermenler seljermesi

 

1. Raýat lukmançylyk bilermenler seljermesiniň netijenamasy bilen razy bolmadyk mahalynda onuň arzasy boýunça degişli görnüşdäki garaşsyz lukmançylyk bilermenler seljermesi geçirilýär. Eger bilermenler seljermesini geçirýän bilermen ýa-da toparyň agzalary lukmançylyk bilermenler seljermesini geçirýän saglygy goraýyş edarasyndan ýa-da topardan, şeýle hem garaşsyz bilermenler seljermesiniň netijelerine gyzyklanma bildirýän edaralardan, guramalardan, wezipeli adamlardan we raýatlardan gulluk ýa-da başga garaşlylykda bolmaýan bolsalar bilermenler seljermesi garaşsyz diýlip ykrar edilýär.

2. Garaşsyz lukmançylyk bilermenler seljermesi geçirilen mahalynda, kazyýet-psihiatrik we narkologik bilermenler seljermeleri muňa degişli däldir, raýatlara bilermenler seljeriş edarasyny, şeýle hem bilermenler seljermesini geçirýän bilermeni saýlamaga hukuk berilýär.

3. Garaşsyz lukmançylyk bilermenler seljermesi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Garaşsyz lukmançylyk bilermenler seljermesiniň netijenamasyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

54-nji madda. Lukmançylyk-maslahat beriş topary we lukmanlaryň maslahaty

 

1. Lukmançylyk-maslahat beriş topary ýokary hünär derejeli lukmanlardan düzülýär we oňa saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da oňuň orunbasarlarynyň biri baştutanlyk edýär.

2. Lukmançylyk-maslahat beriş topary saglygy goraýyş edarasynda şu maksatlar bilen döredilýär:

1) saglygy goraýyş kömegini bermegiň guralyşyny kämilleşdirmek;

2) has çylşyrymly we dawaly ýagdaýlarda keseliň öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş, dikeldiş meseleleri boýunça karar kabul etmek;

3) raýatlaryň zähmete ukyplylygyny we işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň hünäre ýaramlylygyny kesgitlemek;

4) bejeriş-anyklaýyş çäreleriniň hiline, esaslandyrylanlygyna we netijeliligine, şol sanda derman serişdeleriniň bellenilmegine baha bermegi amala aşyrmak;

5) derman serişdeleri bilen üpjün edilen mahalynda syrkawlaryň maglumatlaryny hasaba almak maksady bilen, bejermegiň bellenilmegini we düzedilmegini üpjün etmek;

6) adamyň beden agzalarynyň we dokumalarynyň trasplantasiýasyny (oturdylmagyny) amala aşyrmak;

7) başga çözgütler kabul edilende.

3. Lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň karary teswirnama bilen resmileşdirilýär we syrkawyň saglygy goraýyş resminamalaryna goşulýar.

4. Geçirilýän bejeriş-anyklaýyş çäreleriniň esaslandyrylanlygyny we netijeliligini kesgitlemek zerur bolanda ýa-da başga saglygy goraýyş meseleleri boýunça karar kabul edilen mahalynda lukmanlaryň maslahaty çagyrylyp bilner.

5. Lukmanlaryň maslahatynyň karary bellenilen tertipde resmileşdirilýär.

 

55-nji madda. Lukmançylyk güwä geçmesi

 

1. Şahsyň lukmançylyk güwä geçmesi adamyň saglyk ýagdaýynyň ýuridik taýdan ähmiýeti bolan netijeleriň ýüze çykmagyna getirýän şeýle saglyk ýagdaýynyň güwä geçilmegine gönükdirilen lukmançylyk gözden geçirmesiniň we saglygy goraýyş barlaglarynyň usullarynyň jemini özünde jemleýär.

2. Şular lukmançylyk güwä geçmesiniň esasy görnüşleri bolup durýar:

1) arakhorluk, neşekeşlik ýa-da başga zäherleniş ýagdaýyna güwä geçilmegi;

2) psihiatrik güwä geçilmegi;

3) ulag serişdelerini dolandyrmaga garşy lukmançylyk görkezmeleriň barlygyna güwä geçilmegi;

4) ýaraga eýelik edilmegine garşy lukmançylyk görkezmeleriň barlygyna güwä geçilmegi;

5) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi.

3. Lukmançylyk güwä geçmesi saglygy goraýyş edaralarynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän tertipde geçirilýär.

4. Psihiatrik güwä geçmesi Türkmenistanyň psihiatrik kömek hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

5. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

VI BAP. ADAMYŇ ÖLÜMI BILEN BAGLANYŞYKLY

AMALA AŞYRYLÝAN SAGLYGY GORAÝYŞ ÇÄRELERI

 

56-njy madda. Adamyň ölüm pursatyny kesgitlemek

 

1. Adamyň beýnisiniň ölen pursaty ýa-da onuň biologik ölümi adamyň ölüm pursaty bolup durýar (adamyň bedeniniň işiniň dolanuwsyz durmagy, onuň şahsy ýaşamagynyň gutulgysyz ahyrky tapgyry bolup durýar).

2. Adamyň beýnisiniň ölmegi, ol ýürek işleýän we öýken emeli dem alýan mahalynda bellige alynýan bedeniň ähli işlerini doly we dolanuwsyz bes eden mahalynda bolýar.

3. Adamyň beýnisiniň ölmeginiň kesgitlenmegi, merhumyň bolýan saglygy goraýyş edarasynyň lukmanlarynyň maslahaty tarapyndan anyklanylýar. Lukmanlaryň maslahatynyň düzümine hünäri boýunça bäş ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolan anesteziolog-reanimatolog we newrolog goşulmalydyr.

Lukmanlaryň maslahatynyň düzümine adamyň beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň alynmagyna we transplantasiýasyna (oturdylmagyna) gatnaşýan hünärmenler goşulyp bilinmez.

4. Adamyň biologik ölümi jesediň irki ýa-da giçki üýtgemeleriniň bardygy esasynda anyklanylýar.

5. Adamyň biologik ölüminiň takyklanylmagy lukman, feldşer ýa-da başga saglygy goraýyş işgäri tarapyndan amala aşyrylýar.

6. Şu ýagdaýlarda reanimasiýa çäreleri bes edilýär ýa-da olaryň düýbünden netijesi ýok hasaplanylýar:

1) adamyň ölümi onuň beýnisiniň ölümi esasynda, şol sanda janynyň saklanylmagyna gönükdirilen reanimasiýa çäreleriniň doly toplumynyň netijesiz ulanylmagy bilen baglanyşykly anyklanan mahalynda;

2) otuz minudyň dowamynda, adamyň bedeniniň ýaşamagy üçin möhüm işiniň dikeldilmegine gönükdirilen reanimasiýa çäreleri netijesiz bolan mahalynda;

3) reanimasiýa çäreleri geçirilip başlandan on minut geçeninden soň bäbegiň ýüreginiň urgusy bolmadyk mahalynda.

7. Şu ýagdaýlarda reanimasiýa çäreleri geçirilmeýär:

1) ygtybarly anyklanan bejerip bolmaýan kesel ýitileşende ýa-da ýaşamaga umyt bermeýän ýiti şikesi bejerip bolmaýan halatynda kliniki ölüm bolan ýagdaýynda, adam bedeniniň jany üçin möhüm işi (gan aýlanyşy we dem alşy) duran mahalynda;

2) adamyň biologik ölüminiň alamatlary bolan mahalynda.

8. Adamyň ölüm pursatyny anyklamagyň tertibi, reanimasiýa çärelerini bes etmegiň tertibi we adamyň ölümini anyklamagyň teswirnamasynyň görnüşi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan Düzgünnama laýyklykda kesgitlenilýär.

 

57-nji madda. Patologoanatomik barlaglaryň geçirilmegi

 

1. Patologoanatomik barlaglar adamyň diri wagtyndaky kesel kesgitlemesini (biopsiýany) anyklamak ýa-da ölüminiň sebäbini ýüze çykarmak (autopsiýa) maksady bilen, degişli hünärli lukmanlar tarapyndan geçirilýär.

2. Diri wagtyndaky kesel kesgitlemesini anyklamak maksady bilen, merhumyň beden agzalary, dokumalary, biopsiýa materiallary bellenilen tertipde patologoanatomik barlaglara iberilmäge degişlidir.  

3. Autopsiýa äriniň (aýalynyň) ýa-da ýakyn garyndaşynyň (çagalarynyň, ata-enesiniň, ogullyga alnanlarynyň, ogullyga alanlaryň, süýtdeş doganlarynyň we uýalarynyň, agtyklarynyň, atasynyň, enesiniň), olar bolmadyk mahalynda merhumyň başga garyndaşlarynyň ýa-da kanuny wekiliniň ýazmaça arzasy, ýa-da merhumyň diri wagtynda ýazmaça beýan eden islegi bolan mahalynda autopsiýa geçirilmeýär, muňa şular degişli däldir:

1) zorlukly ölen diýlip şübhelenilmegi;

2) ölüme getiren keseliň jemleýji kliniki kesel kesgitlemesini bellemegiň ýa-da ölümiň gös-göni sebäbini anyklamagyň mümkin bolmazlygy;

3) saglygy goraýyş edarasynda ölen syrkawa bir gije-gündizden az ýatymlaýyn şertlerde saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi;

4) derman serişdeleriniň, waksinalaryň, syworotkalaryň, ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň artyk berilmegine ýa-da götermeýänligine şübhelenilmegi;

5) şular bilen baglanyşykly ölmegi:

a) lukmanyň ýalňyşy netijesinde  ölen diýlip şübhelenilmegi;

b) ýokanç keselden ýa-da oňa şübhelenilmegi;

ç) çişiň gistologik werifikasiýasynyň bolmazlygynda onkologik keseliň bolmagy;

d) ekologik heläkçiligiň netijesinde ýüze çykýan kesellerden;

e) göwreliligi, çaga dogurmagy, çaga dogrumdan soňky döwri;

ä) düwünçegiň perinatal (ýigrimi iki hepde göwrelilikden doglandan soňky ýedi senenama gününe çenli) we postneonatal (ömrüniň ýedi gününden ýigrimi sekiz senenama gününi goşup) heläk bolmagy.

4. Patologoanatomiki kesimiň netijeleri hakynda netijenamasyna äri (aýaly) ýa-da ýakyn garyndaşy (çagalary, ata-enesi, ogullyga alnanlary, ogullyga alanlary, süýtdeş doganlary we uýalary, agtyklary, atasy, enesi), olar bolmadyk mahalynda merhumyň başga garyndaşlary ýa-da kanuny wekili tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

5. Patologoanatomik barlaglaryň amala aşyrylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

58-nji madda. Anatomik sowgat

 

1. Anatomik sowgat – adamyň öz islegi boýunça, meýletin, saglygy goraýyş edarasyna lukmançylyk işinde peýdalanmak üçin ýa-da ýörite orta we (ýa-da) ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan, gaýtadan taýýarlaýan, hünär derejesini ýokarlandyrýan bilim edarasyna notarial taýdan tassyklanylan wesýetnamasy arkaly aradan çykanyndan soňra, onuň öz bedenini, beden agzalaryny we dokumalaryny (gözüň buýnuz perdesi muňa degişli däl) bermek barada ygtyýar etmegi. Anatomik sowgat diňe sowgat beriji aradan çykandan soň hakyky bolýar.

2. Anatomik sowgat hakynda maglumatlar ýaýradylmaga degişli däldir.

3. Merhumyň bedeni, beden agzalary we dokumalary saglygy goraýyş, ylym we okuw maksatlary üçin peýdalanylyp bilner.

4. Anatomik sowgadyň peýdalanylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

VII BAP. RAÝATLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK ÇYGRYNDA MAGLUMATLAŞDYRMAK

 

59-njy madda. Raýatlaryň saglygyny goramak çygrynda maglumatlaşdyrmak

 

Raýatlaryň saglygyny goramak çygrynda maglumatlaşdyrmak şu aşakdakylara gönükdirilendir:

1) saglygy goraýşy maglumatlaşdyrmak çygrynda halkara standartlarynyň ulanylmagyna;

2) saglygy goraýyş edaralary barada maglumatlary bolan elektron maglumatlar serişdelerinden erkin peýdalanyp bilinmegini üpjün etmäge, peýdalanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäklendirilen elektron maglumatlar serişdeleri muňa degişli däldir;

3) saglygy goraýşyň elektron ulgamynyň we telelukmançylyk aragatnaşygynyň ornaşdyrylmagyna we ösdürilmegine;

4) syrkawlaryň şahsy maglumatlary bolan elektron maglumatlar serişdeleriniň abatlygynyň we ýaşyrynlygynyň üpjün edilmegine;

5) elektron maglumatlar serişdelerindäki özleri babatda jemagata ýaýradylmagynyň hökmany häsiýeti bellenilen doly we ygtybarly maglumatlaryň öz wagtynda berilmegine.

 

60-njy madda. Syrkawlaryň şahsy maglumatlarynyň goralmagynyň üpjün edilmegi

 

1. Syrkawlaryň şahsy maglumatlaryny saklaýan elektron maglumatlar serişdeleri ýaşyryn toparyna degişlidir.

2. Syrkawlaryň şahsy maglumatlaryny saklaýan elektron maglumatlar serişdelerini emele getirmek üçin şahsy maglumatlaryň toplanylmagy, işlenilmegi, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, syrkawyň özüniň ýa-da onuň kanuny wekiliniň razylygy bilen amala aşyrylýar.

3. Saglygy goraýyş işgärleriniň syrkawlaryň şahsy maglumatlaryny saklaýan elektron maglumatlar serişdelerinden peýdalanmagyna, diňe syrkawa lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen rugsat berlip bilner.

4. Syrkawlaryň şahsy maglumatlaryny saklaýan elektron maglumatlar serişdelerinden diňe olaryň özüniň peýdalanmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda hukuk goraýjy we başga döwlet edaralaryna rugsat berlip bilner.

 

VIII BAP. SYRKAWLARYŇ WE SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

61-nji madda. Syrkawlaryň esasy hukuklary

 

1. Syrkawyň şulara hukugy bar:

1) keseliniň anyklanylýan, bejerilýän we seredilýän döwründe mynasyp seredilmegine; özüniň medeni we şahsy gymmatlyklaryna hormat bilen garalmagyna;

2) häzirki zaman telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen saglygy goraýyş kömegine, saglygy goraýyş hyzmatyny almaga;

3) lukmany ýa-da saglygy goraýyş edarasyny saýlamaga ýa-da çalyşmaga;

4) maşgalasy ýa-da garyndaşlary tarapyndan goldanylmagyna;

5) saglygy goraýyş tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň çäklerinde ejir çekmesiniň ýeňilleşdirilmegine;

6) öz saglygy, şeýle hem bellenilýän derman serişdeleri barada doly we ygtybarly maglumatlary almaga.

2. Syrkawyň öz hukuklary we borçlary, özüne berilýän saglygy goraýyş kömegi, edilýän saglygy goraýyş hyzmaty, şol sanda  tölegli saglygy goraýyş hyzmatlary, şeýle hem olaryň berliş tertibi barada maglumatlary almaga hukugy bar. Görkezilen maglumatlar saglygy goraýyş edaralarynda onuň üçin düşnükli görnüşde, şol sanda telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen ýerleşdirilmelidir.

Syrkaw saglygy goraýyş edarasyna giren mahalynda oňa saglygy goraýyş kömegini berjek, saglygy goraýyş hyzmatyny etjek adamlaryň atlary we hünärmenlik derejesi, şeýle hem saglygy goraýyş edarasynyň içki tertip-düzgün kadalary barada maglumatlar berilmelidir.

3. Saglygy goraýyş kömegi syrkawyň dilden ýa-da ýazmaça razylygy alnandan soň berilmelidir.

4. Lukmançylyk bilim edarasynyň binýadynda guralan kliniki şertlerde saglygy goraýyş kömegini alýan syrkawlaryň bejeriş-anyklaýyş çäreleri geçirilen mahalynda üçünji taraplaryň gatnaşmagyndan ýüz öwürmäge hukugy bar.

 

62-nji madda. Syrkawlaryň esasy borçlary

 

1. Syrkaw şulara borçludyr:

1) öz saglygyny gorap saklamak we berkitmek boýunça çäreleri görmäge;

2) saglygy goraýyş işgärleri bilen gepleşende olara hormat bilen garamaga;

3) kesel kesgitlemesini anyklamagy we  bejermegi üçin zerur bolan ähli maglumatlary lukmana habar bermäge;

4) saglygyny bejeriji lukmanyň ähli görkezmelerini ýerine ýetirmäge;

5) içki tertip-düzgün kadalaryny berjaý etmäge we saglygy goraýyş edarasynyň emlägine aýawly garamaga;

6) kesel anyklaýyş we bejeriş döwründe, şeýle hem jemgyýet üçin howply keseller ýüze çykanda ýa-da olara şübhe dörän halatlarynda  saglygy goraýyş işgärlerine öz saglyk ýagdaýynyň üýtgemegi hakynda öz wagtynda habar bermäge;

7) beýleki syrkawlaryň hukuklaryna, azatlyklaryna we kanuny bähbitlerine hormat goýmaga.

2. Syrkawlaryň şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji, 3-nji we 7-nji bentlerinde görkezilen borçlary ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan näsag çaga idegi gös-göni amala aşyrýan ata-enesine ýa-da başga adamlara degişlidir.

 

63-nji madda. Saglygy goraýyş işgärleriniň esasy hukuklary

 

1. Saglygy goraýyş işgärleriniň şulara hukuklary bardyr:

1) öz hünär işini amala aşyrmagy üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine;

2) öz hünärmen mertebesiniň we abraýynyň goralmagyna;

3) bellenilen tertipde hünäriniň ýokarlandyrylmagyna;

4) raýatyň janyna howp abanan halatlarynda ony ýakynda ýerleşýän saglygy goraýyş edarasyna alyp barmak üçin guramalara ýa-da raýatlara degişli aragatnaşyk serişdelerinden ýa-da islendik bar bolan ulag serişdesinden päsgelçiliksiz we tölegsiz peýdalanmaga;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýeňilliklere;

6) gatnaw häsiýetli iş bilen baglanyşykly çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyna;

7) zähmet (gulluk) borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly janyna ýa-da saglygyna ýeten zeperiň (zyýanyň) öweziniň dolunmagyna.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgüdi boýunça obalarda we şäherçelerde işleýän saglygy goraýyş işgärlerine aýlyk zähmet hakyna goşmaça töleg görnüşinde, jemagat hyzmatlary üçin çykdajylaryň öweziniň dolunmagy, hususy ýaşaýyş jaýyny gurmagy üçin ýer bölekleri bilen üpjün edilmegi we başga ýeňillikler görnüşindäki durmuş taýdan goramagyň goşmaça çäreleri görlüp bilner.

 

64-nji madda. Saglygy goraýyş işgärleriniň esasy borçlary

 

1. Saglygy goraýyş işgärleri şulara borçludyr:

1) öz hünärmen we wezipe borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirmäge, syrkawlara hormat goýmaga we ynsanperwerlikli garamaga;

2) raýatlaryň keseliniň öňüni almaga we saglygyny berkitmäge;

3) ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça işi geçirmäge;

4) lukmançylyk syryny saklamaga;

5) öz hünär derejesini ýokarlandyrmaga.

2. Hünärmen borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda saglygy goraýyş işgärlerine öz dini ynançlaryna görä, haýsy-da bolsa bir hereketleri (hereketsizligi) amala aşyrmagyna, şonuň ýaly hem syrkawlaryň janyna we saglygyna zeper (zyýan) ýetirip biljek dini dessurlary we dabaralary geçirmegine (amala aşyrmagyna) ýol berilmeýär.

 

IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

65-nji madda. Raýatlaryň janyna we saglygyna ýetirilen zeperiň (zyýanyň) öweziniň dolunmagy

 

Raýatlaryň janyna we saglygyna ýetirilen zeperiň (zyýanyň) öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.

 

66-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

67-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

68-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

2002-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň  Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 4, 68-nji madda);

2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., ХМ-84);

2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň kanunlaryny kabul etmek we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., ХМ-85) 2-nji we 3-nji maddalaryny, Türkmenistanyň «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Kanuny böleginde;

2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda) XXXХIII bölegini;

2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda) birinji böleginiň 1-nji bendini.

3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanun güýje giren gününden başlap üç aý möhletde oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

     Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 23-nji maýy.

№ 223-V.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 23.05.2015
Resminamanyň belgisi № 223-V