Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 21-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 26.08.2017 ý. № 608-V Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär; Türkmenistanyň raýatlarynyň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine bolan elýeterlilik hukugynyň durmuşa geçirilmegine we her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Milli maddy däl medeni miras düşünjesi

 

Milli maddy däl medeni miras diýlip türkmen jemgyýetiniň etniki, sosial ýa-da konfessional toparlaryna mahsus bolan ruhy gymmatlyklarynyň jemine düşünilýär, olar estetiki, sosial-medeni, taryhy we başga nukdaýnazarlardan türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlulygyny aýawly saklamak we ösdürmek üçin ähmiýeti bolan gymmatlykdyr.

Milli maddy däl medeni mirasy göterijiler hökmünde milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini  üýtgewsiz däp bolan görnüşlerde we üýtgewsiz däp bolan serişdeler arkaly döretmäge, saklamaga we geljekki nesillere geçirmäge täsin ukyby bolan fiziki şahslar bolup biler.

Milli maddy däl medeni mirasy göterijiler öz gyzyklanmalary (ýüze çykýan ýerleri) boýunça hem toparlary hem-de toparlardan we (ýa-da) milli maddy däl medeni mirasyň aýratyn göterijilerinden ybarat bolan bileleşikleri emele getirip bilerler.

 

2-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykýan ýerleri we obýektleri

 

1. Türkmenistanyň çäginde milli maddy däl medeni miras aşakdaky ýerlerde ýüze çykyp biler:

1) maddy däl medeni mirasy göteriji hökmünde dili hem goşmak arkaly, dil üsti bilen aňlatmagyň däpleri we görnüşleri;

2) ýerine ýetirijilik sungatlary;

3) adatlar, dessurlar, baýramçylyklar;

4) adaty kesp-kärler bilen baglanyşykly başarnyklar we endikler;

5) tebigat we älem bilen baglanyşykly başarnyklar we adatlar.

2. Dil üsti bilen aňlatmagyň däplerine we görnüşlerine milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:

1) dil üsti bilen aňladylýan folklor, şeýle hem dessanlar, eposlar, rowaýatlar, ertekiler;

2) urp-adat we urp-adat däl şahyrana lirika;

3) gutlaglar, doga-tumarlar, tapmaçalar, nakyllar, atalar sözi;

4) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.

3. Ýerine ýetirijilik sungatlaryna milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:

1) saz sungatynyň däpleri we ýüze çykýan görnüşleri (wokal, instrumental, tans we beýleki sazlar);

2) bütewi (sinkretik) werbal-saz görnüşdäki döredijilik (hüwdüler, agylar, urp-adat bolup galan toý aýdymlary, senenama toparyndan bolan dessur aýdymlary, sazandarlyk edilmeginde aýdylýan aýdymlar hem-de sazandarlyk edilmezliginde aýdylýan we beýleki aýdymlar);

3) däpler we horeografik sungatyň ýa-da horeografik usullaryň ýüze çykýan görnüşleri (tanslar, tans giňişlikleri);

4) bagşyçylyk, sazandalar sungaty (dutarçylar, gyjakçylar, tüýdükçiler we beýleki sazandalar), aňlatmasynyň serişdesi sinkretik dil bolan (dilden, sazly, drama) dessançy bagşylar;

5) milli çaga oýunlary, milli sport oýunlary;

6) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.

4. Adatlara, dessurlara, baýramçylyklara milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:

1) milli adatlar, dessurlar, däpler, dabaraly wakalar, adat bolup gelen baýramçylyklar, milli toýlar;

2) adaty medeni institutlar (hormatly adamlaryň we ýaşulularyň geňeşleri, gyzlaryň ýygnanyşyklary, köpçülikleýin kömek (geňeş);

3) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.

5. Adaty kesp-kärler bilen baglanyşykly başarnyklara we endiklere milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:

1) haly dokamak, keçe basmak (ýasamak), palas dokamak, keşde çekme tilsimleri;

2) zergärçilik önümlerini ýasamak, küýzegärlik sungaty, agajy, ýüpegi, pagtany, ýüňi, derini işläp bejermek;

3) milli tagamlary taýýarlamagyň usullary;

4) egin-eşikleri taýýarlamagyň we hojalyk öwselelerini ýasamagyň usullary;

5) däp bolup gelen binagärlik;

6) saz gurallaryny ýasamagyň usullary;

7) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.

6. Tebigat we älem bilen baglanyşykly başarnyklara we adatlara milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:

1) milli awçylyk, balyk tutmak;

2) oba hojalyk tejribesi, şeýle hem ösümlikleriň we ekinleriň ýerli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek;

3) maldarçylyk, şeýle hem gylýallary, goýunlary, sygyrlary, düýeleri, itleri we beýleki haýwanlary ösdürip ýetişdirmek tejribesi;

4) ýerli ösümlik çig malyndan tebigy boýaglary almagyň usullary;

5) dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň usullary;

6) suwy ýygnamagyň we tygşytly ulanmagyň usullary;

7) howanyň ýagdaýy barada halk arasyndaky alamatlara düşündirişler, ýerde we suwda hereketiň ugruny kesgitlemek;

8) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.

 

3-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň toparlara bölünişi

 

Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri aşakdaky toparlara bölünýär:

1) milli maddy däl medeni mirasy göterijilerde ‒ bileleşiklerde (toparlarda) durmuşa ukyplylygy bilen häsiýetlendirilýän we olaryň barabarlygyny kesgitlemekde açyk aýdyň bolup durýan obýektler;  

2) çeperçilik we etnografik gymmaty bolan, milli maddy däl medeni mirasyň az sanly göterijileriniň durmuşynda bar bolan, köp derejede köpçüligiň hakydasynda saklanýan, ýok bolup gitmek howpy abanýan we eger olary aýawly saklamak we dikeltmek boýunça çäreler görülmese, ýok bolup gitjek obýektler;

3) milli maddy däl medeni mirasy göterijiler bolup durýan bileleşikleriň (toparlaryň) durmuşyndan ýok bolup giden, ýöne taryhy, ylmy ähmiýeti bolan hem-de türkmen halkynyň däpleriniň medeni dürlüliginiň üstüni ýetirýän obýektler.

Milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini toparlara bölmek olary Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek arkaly geçirilýär we milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

4-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň derejeleri

 

1. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri şu aşakdaky derejelere bölünýär:

1) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna (ÝUNESKO) girizilen we girizmek nazarda tutulýan, şeýle hem beýleki ýurtlaryň halklarynyň taryhyna we medeniýetine akyl ýetirmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, bütindünýä miras üçin aýratyn taryhy, ylmy, çeperçilik gymmaty bolan, halkara ähmiýetli milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri;

2) Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti üçin taryhy, ylmy we çeperçilik gymmaty bolan, umumydöwlet ähmiýetli milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri;

3) welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň taryhy we medeniýeti üçin taryhy, ylmy we çeperçilik gymmaty bolan ýerli ähmiýetli milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri.

2. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň derejeleri olary seljermegiň netijeleri boýunça kesgitlenýär.

 

5-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň kesgitlemesi

 

1. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde onuň barabarlygynyň anyklanylmagyny, resmileşdirilmegini, öwrenilmegini, aýawly saklanylmagyny, goragyny, ýaýradylmagyny, onuň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagyny, onuň nesilden nesle geçirilmegini, şeýle hem, zerur mahalynda şeýle mirasyň dürli ugurlarynyň gaýtadan dikeldilmegini goşup, milli maddy däl medeni mirasyň durmuşa ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, maliýe, maddy-tehniki, maglumat we beýleki çäreler ulgamy ýaly kesgitlenilýär.

2. Milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek bu obýektleri tükellemek we olara akyl ýetirmek maksady bilen hasaba almagyň däp bolan we häzirki zaman serişdelerini peýdalanmak arkaly milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň barabarlygynyň anyklanylmagyny we resmileşdirilmegini öz içine alýar, onuň netijeleri beýan etmek, audio we wideo ýazgylar, suratlar we däp bolan medeni giňişlikde milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň bardygy hakynda maglumatyň islendik beýleki görnüşlerinde berilýär.

Milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek milli maddy däl medeni mirasy göterijiler bolup durýan bileleşiklerde we şol bileleşikleriň gatnaşmaklarynda ony geçirmek boýunça ygtyýarlyklar bölünip berlen edaralaryň we guramalaryň wekilleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek milli maddy däl medeni mirasyň durmuşa ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilen, ylmy, okuw, usulyýet we giňden ýaýran işlerini döretmek, ol hakdaky bilimleri ýaş nesle bermek we milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda hünärmenleri taýýarlamak bilen, milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerinde resminamalary işläp taýýarlamak arkaly tamamlanýar.

3. Milli maddy däl medeni mirasy aýap saklamak milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň durmuşa ukyplylygyny olary asyl nusgadaky görnüşde üpjün edýän çäreleri öz içine alýar we milli maddy däl medeni mirasy göterijiler bolup durýan bileleşikleriň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda ygtyýarlandyrylan edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak ýitip gitmek howp astynda durýan milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň gaýtadan dikeldilmegine we durmuşa ukyplylygyna ýardam edýän derhal we uzak möhletli çäreleriň ulanylmagyny öz içine alýar.

5. Milli maddy däl medeni mirasy ýaş nesle geçirmek terbiýeçilik çärelerini geçirmek arkaly, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini göterijilerden olary ýaş nesle geçirmek üçin şertleri döretmegi goşmak bilen, şeýle hem ylmy, ylmy-populýar we okuw neşirlerini çykarmak arkaly amala aşyrylýar.

6. Milli maddy däl medeni mirasy gaýtadan dikeltmek, eger-de  bileleşikleriň barabarlygynyň anyklanylmagy üçin möhüm ähmiýeti bolan milli maddy däl medeni mirasyň obýekti ýitip gitmek howpunda duran bolsa, ony dikeltmek we nesilden nesle geçirmek boýunça çäreleriň geçirilmegi bilen üpjün edilýär.

7. Milli maddy däl medeni mirasyň ýaýradylmagy we peýdalanylmagy medeni alyş-çalyş boýunça jemgyýetçilik çäreleriň üsti bilen, şeýle hem neşirýat önüminiň, milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň hakykylygynyň saklanylmagyna ýardam edýän audiowizual serişdeleriniň üsti bilen üpjün edilýär.

 

6-njy madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de medeniýet çygryndaky meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

 

7-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Şu Kanunyň maksatlary şu aşakdakylardyr:

1) milli medeni mirasyň bir bölegi hökmünde milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamak;

2) bileleşikleriň, toparlaryň we aýry-aýry şahslaryň milli maddy däl medeni mirasyna hormat goýulmagyny terbiýelemek;

3) ýerli, umumydöwlet we halkara derejelerinde milli maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklarynyň ykrar edilmegini üpjün etmek.

2. Şu Kanunyň wezipeleri şu aşakdakylardyr:

1) türkmen halkynyň medeniýetiniň özboluşlulygyny kesgitleýän milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň aýawly saklanylmagy we  dikeldilmegi;

2) ilatyň ähli toparlarynyň milli maddy däl medeni mirasa bolan elýeterliliginiň deň derejede üpjün edilmegi;

3) milli maddy däl medeni mirasyň iň gowy nusgalarynyň ýaýradylmagy;

4) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň guramaçylyk, hukuk we maliýe mehanizmleriniň ösdürilmegi;

5) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda işgärleriň taýýarlanylmagy we hünäriniň ýokarlandyrylmagy;

6) milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamaga bolan çemeleşmelerde hukuk taýdan goragyň üpjün edilmegi;

7) ýerli, umumydöwlet we halkara derejesinde milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň ähmiýetine we olaryň özara ykrar edilmegine ünsüň çekilmegi.

 

8-nji madda. Şu Kanunyň düzgünleşdirjek närsesi

 

Şu Kanunyň düzgünleşdirjek närsesi şulardyr:

1) Türkmenistanyň halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar;

2) Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň tertibi;

3) Türkmenistanyň halkynyň milli maddy däl medeni mirasynyň obýektlerini döwlet tarapyndan gorap saklamagyň umumy ýörelgeleri.

 

9-njy madda. Şu Kanunyň ulanylyş çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi adam hukuklary boýunça bar bolan halkara hukuk namalaryna we bileleşikleriň, toparlaryň hem-de aýry-aýry şahslaryň arasyndaky özara hormatyň talaplaryna, şeýle hem durnukly ösüşe laýyk gelýän milli maddy däl medeni mirasa degişlidir.

2. Şu Kanun intellektual eýeçiligi ýa-da awtorlyk hukuklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kömegi bilen milli maddy däl medeni mirasyň haýsydyr bir obýektine (ýa-da onuň düzüm bölegine) eýeçilik hukugyny ýa-da awtorlyk hukugyny almak üçin fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan peýdalanylyp (dolulygyna ýa-da bölekleýin) bilinmez.

 

10-njy madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri

 

Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasaty şu aşakdaky ýörelgelerde guralýar:

1) türkmen halkynyň özboluşlulygyny, medeni taýdan köpdürlüligini we durnukly ösüşiniň kepilini üpjün etmegiň şerti hökmünde milli maddy däl medeni mirasyň ähmiýetiniň wajyplygynyň ykrar edilmegi;

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri bilen milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň arasyndaky ysnyşykly özara baglanyşygyň hasaba alynmagy;

3) milli maddy däl medeni  mirasy gorap saklamagyň üpjün edilmegine ymtylyş;

4) bileleşikleriň, toparlaryň we käbir halatlarda aýry-aýry şahslaryň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini döretmekde, aýawly saklamakda, olary geljekki nesillere geçirmekde we dikeltmekde ornunyň möhümdiginiň ykrar edilmegi;

5) milli maddy däl medeni mirasyň we olary gorap saklamagyň möhümdigine, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda has çuň akyl ýetirilmeginiň zerurlygy;

6) milli maddy däl medeni mirasyň döwletiň içinde, şeýle hem bütin dünýäde adamlaryň arasynda ýakynlaşmaga we özara düşünişmäge ýardam edýän şert hökmünde bahasyna ýetip bolmajak ornunyň ykrar edilmegi.

 

11-nji mdda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlary

 

Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) jemgyýetde milli maddy däl medeni mirasyň ornunyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen umumy syýasatyň kabul edilmegi we bu mirasy gorap saklamagyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalaryna girizilmegi;

2) Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen zerur bolan hukuk, administratiw, maddy, tehniki we maliýe çäreleriniň kabul edilmegi;

3) bileleşikleriň, toparlaryň we degişli jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň çäginde bar bolan milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň barabarlygynyň anyklanylmagy;

4) Türkmenistanyň çäginde bar bolan milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň sanawynyň – Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawynyň düzülmegi we onuň yzygiderli täzelenmegi;

5) ylmy, tehniki we sungaty öwreniş barlaglaryna, şeýle hem milli maddy däl medeni mirasy, hususan-da, howply ýagdaýda duran milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini netijeli goramak maksady bilen ylmy-barlag usulyýetlerini işläp taýýarlamalara ýardam edilmegi;

6) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak, şol sanda milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri boýunça resminamany ýöretmek boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň kesgitlenilmegi;

7) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda işgärleriň taýýarlanylmagyna ýardam edilmegi;

8) milli maddy däl medeni mirasa, şeýle mirasyň ol ýa-da beýleki görnüşlerine elýeterliligiň tertibini kesgitleýän, kabul edilen kadany berjaý etmek bilen elýeterliligiň üpjün edilmegi;

9) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda habarlylygyň we jemgyýetçilige, aýratyn-da ýaşlara habar berilmeginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam edilmegi;

10) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda degişli okuw maksatnamalarynyň bilim ulgamyna girizilmegi;

11) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda dolandyryş we ylmy barlag meseleleri, şeýle hem olar baradaky maglumatlary ýaýratmagyň dürli usullary bilen baglanyşykly mümkinçiligi pugtalandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy;

12) tebigy giňişlikleri we ýadygärlik ýerlerini goramagyň meseleleri boýunça bilime ýardam edilmegi, şeýle ýerleriň bolmagy milli maddy däl medeni mirasyň gymmatyny aýan etmek üçin möhümdir;

13) milli maddy däl medeni mirasy göterijiler bolup durýan bileleşikleriň, toparlaryň we aýry-aýry şahslaryň milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga mümkin boldugyça giňden gatnaşmaklarynyň, şeýle hem olaryň şeýle mirasy dolandyrmaga gatnaşmaga işjeň çekilmeginiň üpjün edilmegi.

 

12-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary

 

1. Şu Kanuna laýyklykda häzirki we geljekki nesilleriň bähbitlerine Türkmenistanyň raýatlaryna milli maddy däl medeni mirasyň abat saklanylmagy kepillendirilýär.

2. Her bir raýatyň şu Kanunda bellenen tertipde milli maddy däl medeni mirasa bolan elýeterlilik hukugy we olardan peýdalanmak hukugy bardyr.

3. Her bir raýatyň şu Kanunda bellenen tertipde Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawynda saklanylýan maglumatlaryň çäklerinde milli maddy däl medeni miras hakynda maglumatlary päsgelçiliksiz almaga hukugy bardyr.

4. Her bir raýatyň, eger şeýle iş Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän bolsa, düşünjelilik we meýletinlik esasynda milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek, aýawly saklamak, nesilden nesle geçirmek, dikeltmek, ýaýratmak we peýdalanmak işine gatnaşmaga hukugy bardyr.

5. Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini aýawly saklamakda, peýdalanmakda, ýaýratmakda we döwlet tarapyndan goramakda ýardam etmäge haklydyrlar.

6. Maddy däl medeni mirasy göteriji bolup durýan Türkmenistanyň raýatlary şu aşakdakylara hukuklydyrlar:

1) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň kömegi bilen öz medeni kybapdaşlygyny ýüze çykarmaga;

2) şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga gatnaşmaga;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini öwrenmäge, aýap saklamaga, ýaýratmaga we nesilden nesle geçirmäge gyzyklanýan subýektler bilen gatnaşyklarda adaty kadalary ulanmaga;

4) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna (ÝUNESKO) girizmek üçin milli maddy däl medeni mirasyň aýry-aýry obýektlerini teklip etmäge.

 

II BAP. MILLI MADDY DÄL MEDENI MIRASY

GORAP SAKLAMAK BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

13-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary

 

Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda şu Kanunyň 13-nji maddasynda görkezilen döwlet düzgünleşdiriş edaralarynyň işiniň kadaly düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;

3) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyny kesgitleýär;

4) milli maddy däl medeni mirasy öwrenmäge, aýawly saklamaga, goramaga, nesilden nesle geçirmäge, dikeltmäge, ýaýratmaga we peýdalanmaga gönükdirilen ýörite döwlet maksatnamalaryny kabul edýär;

5) milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýar etmegiň kadalaryny hem-de düzgünlerini belleýär;

6) milli maddy däl medeni mirasy ýüze çykarmagyň, döwlet tarapyndan hasaba almagyň, barabarlygyny kesgitlemegiň, resmileşdirmegiň, wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň, peýdalanmagyň tertibini belleýär;

7) milli maddy däl medeni mirasy  gorap saklamak babatda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

15-nji madda. Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak meseleleri boýunça ygtyýarlygy

 

Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:

1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary işläp taýýarlaýar;

3) milli maddy däl medeni mirasy öwrenmäge, aýawly saklamaga, goramaga, nesilden nesle geçirmäge, ýaýratmaga, dikeltmäge we peýdalanmaga gönükdirilen ýörite döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;

4) milli maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň, aýawly saklamagyň, goramagyň, nesilden nesle geçirmegiň, ýaýratmagyň, dikeltmegiň we peýdalanmagyň meseleleri boýunça gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrýar;

5) ýitip gitmek howpunda bolan milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň ylmy, tehniki we sungaty öwreniş taýdan barlaglaryna ýardam edýär;

6) Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň tertibini kesgitleýär;

7) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

16-njy madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň ygtyýarlygy

 

Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) milli maddy däl medeni mirasy öwrenmäge, aýawly saklamaga, goramaga, nesilden nesle geçirmäge, dikeltmäge, ýaýratmaga we peýdalanmaga gönükdirilen ýörite döwlet maksatnamalaryny  durmuşa geçirýär;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň ýüze çykarylmagyny, öwrenilmegini, hasaba alynmagyny, aýawly saklanylmagyny, resmileşdirilmegini, ýaýradylmagyny we peýdalanylmagyny amala aşyrýar;

4) Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyny ýöredýär;

5) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda seljeriş, ylmy-usulyýet we beýleki toparlary döredýär;

6) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesini guraýar we amala aşyrýar;

7) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň ýagdaýyna gözegçiligi amala aşyrýar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

17-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz garamagyndaky çäklerde we ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň ýüze çykarylmagyna, hasaba alynmagyna, aýawly saklanylmagyna, ýaýradylmagyna we peýdalanylmagyna ýardam edýärler;

3) ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň meýilnamalarynda öz çäklerinde ýüze çykarylan milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini öwrenmegi, hasaba almagy hem-de aýawly saklamagy guramak we olary maliýeleşdirmek boýunça çäreleri göz öňünde tutýarlar;

4) milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek, aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça çäreleriň geçirilmegine degişli ugurdaky ylmy edaralary we jemgyýetçiligi çekýärler;

5) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşyp, ähli derejelerdäki milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek, hasaba almak, aýawly saklamak we peýdalanmak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;

6) milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektlerini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek üçinmilli maddy däl medeni mirasy göterijilere ýardam edýärler;

7) milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň, beýleki gyzyklanýan guramalaryň we raýatlaryň görkezmeleri boýunça milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri üçin howp döredýän işleri (çäreleri) togtatmak, şeýle hem gadagan etmek hakyndaky meseleleri çözýärler;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

18-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň we medeniýet guramalarynyň gatnaşmagy

 

1. Ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri:

1) milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykarylmagyna gatnaşýarlar;

2) milli maddy däl mdeni mirasy gorap saklamak babatda ylmy işleri amala aşyrýarlar;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň ylmy taýdan gymmatlylygyny kesgitlemek üçin bilermenler hökmünde çykyş edýärler;

4) milli maddy däl medeni mirasyň ýaýradylmagy boýunça işleri geçirýärler;

5) ylmy barlaglaryň meýilnamalarynda hem-de okuw maksatnamalarynda milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagy öwrenmegiň we okatmagyň meselelerini göz öňünde tutýarlar;

6) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň meseleleri boýunça ylmy maslahatlary berýärler;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirýärler.

2. Medeniýet guramalary:

1) adaty we häzirki zaman usullary we tehnologiýalary ulanyp milli maddy däl medeni mirasyň hasabyny ýöredýärler we barlagyny amala aşyrýarlar;

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň medeni gymmatlylygyny kesgitlemek üçin bilermenler hökmünde çykyş edýärler;

3) milli maddy däl medeni mirasy ýaýratmak boýunça degişli işleri amala aşyrýarlar;

4) barlaglaryň netijesinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň arhiwlerini guraýarlar, maglumatlar binýadyny, kolleksiýalaryny döredýärler;

5) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň meseleleri boýunça maslahatlary berýärler;

6) ýitip gitmek howpunda bolan milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar;

7) milli maddy däl medeni mirasyň goralyp saklanylmagynyň, nesilden nesle geçirilmeginiň saklanyp galmagyna ýardam edýärler;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirýärler.

 

19-njy madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň gatnaşmagy

 

1. Tertipnamalarynda işiniň esasy ugry hökmünde milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek, aýawly saklamak, goramak, nesilden nesle geçirmek, dikeltmek, ýaýratmak we peýdalanmak göz öňünde tutulan jemgyýetçilik birleşiklerişu Kanunda bellenen tertipde milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga gatnaşýarlar.

2. Beýleki jemgyýetçilik  birleşikleri we raýatlar:

1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralaryna, ylmy edaralara, ýokary okuw mekdeplerine we medeniýet guramalaryna milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýardam edýärler;

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň abat saklanylmagy we peýdalanylmagy üçin jemgyýetçilik gözegçiligini hem-de ýardam etmegi guraýarlar;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini aýawly saklamak we peýdalanmak meseleleri boýunça ilat arasynda düşündiriş hem-de wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

 

III BAP. MILLI MADDY DÄL MEDENI MIRASYŇ

OBÝEKTLERINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN GORAGY

 

20-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň döwlet tarapyndan goragy hakynda düşünje

 

1. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri olaryň ýok bolup gitmeginiň, olary bellige alan maddy göterijä zyýan ýetirilmeginiň ýa-da weýran edilmeginiň öňüni almak, olary peýdalanmagyň, ýerini üýtgetmegiň bellenen kadalarynyň bozulmagynyň, milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine zyýan ýetirip biljek beýleki hereketleriň öňüni almak, şeýle hem olary beýleki ýaramaz täsirlerden goramak maksady bilen döwlet tarapyndan goralmaga degişlidir.

2. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň döwlet tarapyndan goragy şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini;

2) şu Kanuna laýyklykda milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň alamatlary bar bolan obýektleriň döwlet hasabyny;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesiniň geçirilmegini;

4) milli maddy däl medeni mirasyň obýektini bellige alan maddy göterijisine şikes ýetirilmeginiň ýa-da onuň ýok edilmeginiň öňüni almak üçin jogapkärçiligiň bellenilmegini.

 

21-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň döwlet tarapyndan goragyny guramagyň esasy ýörelgeleri

 

Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň döwlet tarapyndan goragyny guramagyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardyr:

1) milli maddy däl medeni mirasy öwrenmäge, aýawly saklamaga, goramaga, nesilden nesle geçirmäge, dikeltmäge, ýaýratmaga we peýdalanmaga gönükdirilen ýörite döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi;

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamak babatda ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň işiniň guralmagy we tertibiniň kesgitlenmegi;

3) Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawynyň döredilmegi we ýöredilmegi;

4) milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmegiň, milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini görkezilen sanawdan aýyrmagyň, milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň ýerini üýtgetmegiň, milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň derejesini üýtgetmegiň tertibiniň bellenilmegi;

5) milli maddy däl medeni mirasyň aýawly saklanylmagy we peýdalanylmagy üçin döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy;

6) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň milli maddy däl medeni mirasyň aýratyn gymmatly obýektlerine degişli edilmegi;

7) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna goşmaga döwlet tarapyndan milli maddy däl medeni mirasy göterijiler bilen bilelikde hödürlenilýän milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň sanawyny we ÝUNESKO tarapyndan düzülen gyssagly goralmaga degişli maddy däl medeni mirasyň sanawyny döretmegiň tertibiniň bellenilmegi;

8) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesini geçirmegiň tertibiniň bellenilmegi;

9) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet tarapyndan halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagy;

10) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda ylmy-usulyýet taýdan üpjünçilik;

11) maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda halkara şertnamalarynyň baglaşylmagy we ýerine ýetirilmeginiň guralmagy.

 

22-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet gözegçiligi

 

1. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet gözegçiligi şu Kanuna laýyklykda milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

2. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet düzgünleşdiriji edaralaryň şu Kanunyň bozulan halatlarynda kazyýete hak islegini bildirmäge hukuklary bardyr.

 

23-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň ýörite döwlet maksatnamalary

 

1.Milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek, aýawly saklamak, goramak, nesilden nesle geçirmek, dikeltmek, ýaýratmak we peýdalanmak üçin milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň ýörite döwlet maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar.

2. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň ýörite döwlet maksatnamalary milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmaga, bellige almaga we öwrenmäge, olaryň meşhurlygyny artdyrmak we täzeden işlemek üçin şertleri döretmäge, dil üsti bilen ýaýratmagyň mehanizmlerini höweslendirmäge, olary ýaýratmak hem-de milli maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň meselelerini bilim maksatnamalaryna girizmek arkaly milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň jemgyýetçilik abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

3. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň ýörite döwlet maksatnamalaryny döretmegiň, maliýeleşdirmegiň we durmuşa geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ MADDY DÄL MEDENI

MIRASYNYŇ MILLI SANAWY

 

24-nji madda. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawy düşünjesi

 

1. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawy milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň hukuk statusy, ýazgylary, medeni gymmatlygy, beýleki degişli zatlar we olaryň abatlygyna baha bermek hakynda yzygider täzelenýän maglumatlardan we resminamalardan ybarat bolan, maglumatlar binýadyny öz içine alýan döwlet maglumat ulgamydyr.

2. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawynda saklanylýan maglumatlar, gaýry maglumatlar ulgamlary ýa-da maglumatlar binýady döredilende we ýöredilende ulanylýan (nazarda tutulýan) milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri, olaryň ýerleşýän we saklanylýan çäkleri barada esasy maglumatlar çeşmeleridir.

3. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawy şu Kanun bilen bellenen tertipde, olary görkezilen sanawa girizmek hakynda kararyň kabul edilmegi bilen, milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini oňa girizmek arkaly, şeýle hem olary sanawdan çykarmak hakynda kararyň kabul edilmegi bilen, milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini  şu sanawdan aýyrmak arkaly döredilýär.

 

25-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hakynda karary kabul etmek üçin hödürlenilýän resminamalar

 

Milli maddy däl medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hakynda kararyň kabul edilmegi üçin arza beriji (fiziki we ýuridik şahs) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna şu aşakdaky resminamalary berýär:

1) milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hakynda arza (ýa-da hödürnama);

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň seljerme netijenamasy;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň ady hakynda maglumatlar;

4) milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykarylan we (ýa-da) ýazyp (bellige) alnan wagty hakynda maglumatlar;

5) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň ýerleşýän ýeri ýa-da onuň durmuşda bar bolan çäkleri hakynda maglumatlar;

6) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň derejesi hakynda maglumatlar;

7) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň niýetlenen ýeri (ýüze çykma ýeri) hakynda maglumatlar;

8) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň ony Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hem-de hökmany aýap saklamak üçin esas bolan aýratynlyklarynyň, şeýle hem onuň taryhy-medeni gymmatlygynyň ýazgysy.

 

26-njy madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmegiň tertibi

 

1. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hukugy medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna degişlidir.

2. Milli maddy däl medeni miras babatda gymmaty bolan obýektler we bu obýektler barada milli maddy däl medeni mirasyň obýekti hökmünde olary Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hakynda seljermäniň netijenamasynyň alnan gününden başlap olar milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykarylan obýektlerine degişlidir.

3. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri hakyndaky maglumatlar ýörite resminamalara girizilýär.

Şeýle resminamalaryň sanawy, olary ýöretmegiň görnüşleri, olary ýazyp doldurmak boýunça maslahatlar Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň tertibi bilen kesgitlenilýär. Görkezilen resminamalar ol sanawyň bir bölegidir we hemişelik saklanylmaga degişlidir.

 

27-nji madda. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyny ýöretmek

 

1.Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyny ýöretmek, sanawda milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň hasaba alnan belgisini, sanawa girizilen milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň gözegçiligi hakyndaky maglumatlary, bu sanawyň resminama bilen üpjünçiligini öz içine alýar we milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň üstüne ýüklenilýär.

2. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyny ýöretmek milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça işleri öz içine alýar.

Resminamalaryň sanawy, olary ýöretmegiň görnüşleri, hasaba alyş resminamalaryny doldurmak boýunça maslahatlar milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Görkezilen resminamalar Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawynyň bir bölegidir we hemişelik saklanylmaga degişlidir.

3. Milli maddy däl medeni mirasyň obýekti Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawynda bellige alnanda şu aşakdaky maglumatlar girizilýär:

1) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň hasaba alnan belgisi;

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek üçin arza beriji hakynda maglumatlar;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hakynda kesgitlenen resminamanyň belgisi we senesi;

4) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň degişli bolan onuň ýüze çykarylan ýeri;

5) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň ady;

6) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň ýüze çykan wagty ýa-da döredilen senesi;

7) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň durmuşda bar bolan ýeri;

8) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň derejesi;

9) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň onuň Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek üçin esas bolup hyzmat eden medeni gymmatlygyny kesgitlemek we aýratynlyklarynyň beýany.

4. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizilen milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri hakyndaky maglumatlaryň gözegçiligi Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizilen milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri hakyndaky maglumatlary öz wagtynda üýtgetmek maksady bilen milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy hem-de onuň çäk düzümleri tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawynyň resminamalaýyn üpjünçiligi milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar hem-de şu Kanun bilen bellenen sanawa goşulan milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri hakyndaky maglumatlary özünde saklaýan resminamanyň taýýarlanylmagyny we saklanylmagyny öz içine alýar. Görkezilen resminamanyň esasynda Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawynyň awtomatlaşdyrylan görnüşde ýöredilmegini üpjün edýän onuň maglumat serişdeleri döredilýär.

 

28-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyndan çykarmak

 

Milli maddy däl medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyndan çykarmak, milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň seljermesiniň şol obýektiň milli maddy däl medeni mirasyň obýekti hökmünde öz gymmatlylygyny ýitirendigi hakynda kesgitlän netijenamasy esasynda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

29-njy madda. Milli maddy däl medeni mirasyň aýratyn gymmatly obýektleri

 

1.Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizilen milli maddy däl medeni mirasyň obýektini milli maddy däl medeni mirasyň aýratyn gymmatly obýekti diýip ykrar etmek hakynda karar kabul edip biler.

2. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna (ÝUNESKO) girizilen milli maddy däl medeni mirasyň obýekti Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasynyň aýratyn gymmatly obýekti diýlip ilkinji nobatda ykrar edilýär.  

 

V BAP. MILLI MADDY DÄL MEDENI MIRASYŇ

OBÝEKTLERINIŇ SELJERMESI

 

30-njy madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini seljermegiň maksatlary

 

1. Şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda, milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň alamatlaryna eýe bolan obýektler milli maddy däl medeni miras babatda seljermäniň obýektleri bolup durýarlar.

2. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesi şu aşakdaky maksatlar üçin geçirilýär:

1) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizilmegini esaslandyrmak;

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň derejesini kesgitlemek;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyndan çykarylmagyny esaslandyrmak.

 

31-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesini geçirmegiň ýörelgeleri

 

Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesi şu aşakdaky ýörelgeleriň esasynda geçirilýär:

1) ylmy taýdan esaslandyrmak, hakykatçyllyk we kanunylyk;

2) milli maddy däl medeni mirasyň obýekti babatda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek;

3) milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň seljermesi üçin hödürlenilýän maglumatlaryň hakykylygy we ýeterlik derejede bolmagy;

4) bilermenleriň garaşsyz bolmagy;

5) aýanlyk.

 

32-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesini geçirmegiň tertibi

 

Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesini geçirmegiň tertibi, bilermenler hökmünde çekilip bilinjek ýuridik we fiziki şahslary kesgitlemäge bolan talaplar, bilermenlere berilýän resminamalaryň sanawy, olara garamagyň tertibi, bu seljermäniň çäklerinde beýleki barlaglary geçirmegiň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.

 

33-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň seljermesiniň netijenamasy

 

1. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini seljermegiň netijesi nama görnüşinde resmileşdirilýär, onda şu Kanunda kesgitlenen tertipde bilermenler tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleri görkezilýär.

2. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektiniň seljermesiniň netijenamasy bilen razy bolunmadyk halatynda:

1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy öz başlangyjy boýunça ýa-da gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça seljermäni gaýtadan bellemäge haklydyr;

2) arza beriji şahs (ýuridik ýa-da fiziki) bu karara kazyýete şikaýat edip biler.

 

34-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektini adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna (ÝUNESKO) girizmek üçin esaslar we degişli resminamany bermegiň tertibi

 

1. Meşhur uniwersal medeni, taryhy, çeperçilik, ylmy we estetiki gymmaty bolan milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri ÝUNESKO tarapyndan kabul edilen Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Konwensiýada bellenen tertipde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň obýektlerine degişli edilip bilner.

2. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän umumydöwlet ähmiýetli milli maddy däl medeni mirasyň obýektini adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna (ÝUNESKO) girizmek hakynda seljermäniň netijenamasy we ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanan resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparyna iberilýär.

 

VI BAP. MILLI MADDY DÄL MEDENI MIRASY GORAP SAKLAMAK BOÝUNÇA ÇÄRELERI MALIÝELEŞDIRMEK

 

35-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça çäreleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

 

1. Şu aşakdakylar milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça çäreleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleridir:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeler.

2. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça çäreleri maliýeleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň maksatlaýyn peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujetden daşary gaznalar döredilip bilner.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

36-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

37-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamagyň meseleleri boýunça ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

 

38-nji madda. Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatda höweslendiriji çäreler

 

1. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak işine goşan aýratyn goşandy üçin fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde höweslendirilip, şeýle hem döwlet sylaglaryna mynasyp bolup bilerler.

2. Milli maddy däl medeni mirasy göterijileriň bileleşigi, medeniýeti göterijileriň bileleşigi we ylmy bileleşik tarapyndan ykrar edilen milli maddy däl medeni mirasy göterijiler üçin milli maddy däl medeni miras babatda hyzmatlary üçin hormatly at girizilip bilner, ol «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bellenilýär we dakylýar.

 

39-njy madda. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

40-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                             Gurbanguly

       Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 28-nji fewraly.

№ 187-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 28.02.2015
Resminamanyň belgisi № 187-V