Demir ýol ulagy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Demir ýol ulagy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 20-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 41-VI we 08.06.2019 ý. № 153-VI Kanunlary

esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun demir ýol ulagynyň hereket etmeginiň we ösdürilmeginiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) daşamak işi ‒ demir ýol ulagynda ýolagçylaryň gatnadylmagy, ýükleriň we goşlaryň daşalmagy taýýarlanylýan, amala aşyrylýan we tamamlanylýan mahalynda ýerine ýetirilýän guramaçylyk we tehnologik arabaglanyşykly amallaryň jemi;

2) demir ýol otlusynyň düzümi – lokomotiwler, lokomotiwiň çekip äkitmegindäki ýük wagonlary, ýolagçy wagonlary we hereketlendiriji-wagonly otlynyň düzümi, şeýle hem demir ýol otlusynyň daşamagyň amala aşyrylmagynyň we demir ýol ulagynyň infrastrukturasynyň hereket etmeginiň üpjün edilmegi üçin niýetlenilen başga düzümi;

3) demir ýollaryň sowma zolagy (mundan beýläk – sowma zolagy) – demir ýollara ýanaşýan, demir ýollaryň tutýan ýa-da şeýle ýollaryň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen, şeýle hem demir ýol beketleriniň, suw sowujy we berkidiji gurluşlaryň, demir ýollaryň uzaboýundaky gorag zolaklarynyň, aragatnaşyk geçirijileriniň, elektrik üpjünçilik enjamlarynyň, önümçilik we başga jaýlaryň, gurluşlaryň, desgalaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen ýer bölekleri;

4) Demir ýol ulagyndaky düzgünler ‒ demir ýol ulag serişdeleriniň peýdalanylmagynyň we olaryň bitewiliginiň üpjün edilmeginiň tertibini, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary  daşamagyň şertlerini, hereketiň howpsuzlygynyň, demir ýollardan ulagly we pyýada geçmegiň üpjün edilmegi boýunça çäreleri, demir ýollaryň kommunikasiýalar bilen kesişmeginiň tertibini, zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça çäreleri göz öňünde tutýan düzgünler;

5) demir ýol ulagynyň hereketiniň we ulanylmagynyň howpsuzlygy ‒demir ýol otlusynyň düzüminiň hereket ediş işiniň we demir ýol otlusynyň düzüminiň özüniň goraglylyk ýagdaýy, şunda raýatlaryň janyna ýa-da saglygyna, daşky gurşawa, fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň emlägine zyýan (zelel) ýetirilmegine getirýän ulag hadysalarynyň we olaryň netijeleriniň ýüze çykmagyna ýol berilmezlik töwekgelçiligi bolmaýar;

6) demir ýol ulagynyň hereketiniň we ulanylmagynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi – döwlet häkimiýet edaralary, demir ýol ulagynyň kärhanalary, guramalary, edaralary (mundan beýläk - demir ýol ulagynyň kärhanalary), başga ýuridik şahslar, şeýle hem fiziki şahslar tarapyndan görülýän we ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna hem-de raýatlaryň janyna ýa-da saglygyna, daşky gurşawa, fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň emlägine zyýan (zelel) ýetmeginiň töwekgelçiliginiň aşakladylmagyna gönükdirilen ykdysady, guramaçylyk-hukuk, tehniki we başga çäreleriň ulgamy;

7) demir ýol ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjy – demir ýol ulagynyň kärhanalary tarapyndan edilýän (ýerine ýetirilýän) hyzmatlardan (işlerden) peýdalanýan ýolagçy, ýük iberiji (iberiji), ýük alyjy (alyjy) ýa-da başga fiziki ýa-da ýuridik şahs;

8) demir ýol ulagynyň ýerleri ‒demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň işini we (ýa-da) jaýlaryň, gurluşlaryň, desgalaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň ulanylmagyny üpjün etmek üçin niýetlenilen ýer bölekleri, şol sanda demir ýollaryň sowma zolaklarynda we gorag zolaklarynda ýerleşen ýer bölekleri;

9) gorag zolaklary – iki tarapyndan hem sowma zolaklaryna ýanaşýan we demir ýol ulagynyň obýektleriniň, şol sanda süýşýän topragyň çäklerinde we çäge syrgynlaryna hem-de beýleki zyýanly täsirlere duçar bolýan çäklerde ýerleşýän demir ýol ulagynyň obýektleriniň bitewiligini, berkligini we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, çäklerinde ýer bölekleriniň (olaryň belli bir bölekleriniň) peýdalanylmagynyň aýratyn düzgüni bellenilýän çäkler;  

10) Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasy ‒ demir ýol boýunça daşamalaryň amala aşyrylmagynyň, demir ýol ulagynyň obýektleriniň ulanylmagynyň tertibini we şertlerini düzgünleşdirýän, şeýle hem demir ýol ulagy bilen bilelikde hereket edýän demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini belleýän kadalaşdyryjy hukuk namasy;

11) ulag hadysasy ‒ demir ýol otlusynyň düzüminiň hereketi mahalynda we onuň gatnaşmagy bilen ýüze çykan hem-de raýatlaryň janyna ýa-da saglygyna, daşky gurşawa, fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň emlägine zyýan (zelel) ýetmegine getiren hadysa;

12) umumy peýdalanylýan demir ýollar ‒otlularyň kabul edilmegi we ugradylmagy, ýükleriň, goşlaryň kabul edilmegi we berilmegi, ýolagçylara hyzmat edilmegi we saýlamak hem-de manýowr işiniň ýerine ýetirilmegi boýunça amallaryň ýerine ýetirilmegi üçin açyk bolan demir ýol beketleriniň çäklerindäki demir ýollar, şeýle hem şeýle beketleri birleşdirýän demir ýollar;

13) peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollar –umumy peýdalanylýan demir ýollara ýanaşýan we demir ýol ulagynyň hyzmatlarynyň anyk peýdalanyjylaryna hyzmat edilmegi ýa-da şahsy hajatlar üçin işleriň ýerine ýetirilmegi üçin niýetlenilen, barylýan demir ýollar;

14) umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy – özünde demir ýol ulagynyň infrastrukturasyny, demir ýol otlusynyň düzümini, beýleki emlägi jemleýän hem-de ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary daşamagyň amala aşyrylmagy, şeýle hem şeýle gatnawlar (daşamalar) bilen baglanyşykly başga işleriň (hyzmatlaryň) ýerine ýetirilmegi (edilmegi) üçin niýetlenilen önümçilik-tehnologik toplum;

15) peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýol ulagy ‒özünde peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollary, demir ýol otlusynyň düzümini, şeýle hem beýleki emlägi jemleýän hem-de anyk peýdalanyjylaryň demir ýol ulagynyň işlerinde (hyzmatlarynda) zerurlyklaryny üpjün etmek ýa-da şahsy hajatlary üçin niýetlenilen önümçilik-tehnologik toplumlarynyň jemi;

16) umumy peýdalanylýan demir ýol ulagynyň infrastrukturasy –umumy peýdalanylýan demir ýollary we beýleki desgalary, demir ýol beketlerini, elektrik üpjünçilik enjamlaryny, aragatnaşyk toruny, duýduryş (signalizasiýa), merkezleşdirme we gabaýyş ulgamlaryny, maglumatlar toplumlaryny we hereketi dolandyrmagyň ulgamyny hem-de bu toplumyň hereket etmegini üpjün edýän başga jaýlary, gurluşlary, desgalary we enjamlary özünde jemleýän tehnologik toplum.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň demir ýol ulagy hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň demir ýol ulagy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi şu maddanyň ikinji böleginiň düzgüniniň hasaba alynmagy bilen, umumy peýdalanylýan demir ýol ulagynyň hereket etmegi bilen baglanyşykly  gatnaşyklara degişlidir.

2. Şu Kanunyň hereketi peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýol ulagynyň hereket etmegi bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň, onuň umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy bilen özara gatnaşygy bolan bölegine degişli bolup durýar.

 

4-nji madda. Demir ýol ulagynyň hereketiniň esaslary

 

1. Umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy (mundan beýläk – demir ýol ulagy) Türkmenistanyň ýeke-täk ulag ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Demir ýol ulagy ulagyň beýleki görnüşleri bilen özara baglanyşykda hereket etmek bilen, fiziki şahslaryň, ýuridik şahslaryň we döwletiň demir ýol ulagynda gatnatmaga (daşamaga) bolan zerurlyklaryny öz wagtynda we oňat hilli üpjün etmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge niýetlenendir.

2. Demir ýol ulagynyň hereket etmegi şu aşakdaky ýörelgelerden ugur almak bilen amala aşyrylýar:

1) demir ýol ulagynyň işiniň durnuklylygy;

2) edilýän hyzmatlaryň elýeterliligi, howpsuzlygy we oňat hili;

3) bäsdeşligiň ösdürilmegi we demir ýol ulagynyň hyzmatlarynyň ösen bazarynyň emele getirilmegi;

4) Türkmenistanyň ýeke-täk ulag ulgamynyň ylalaşykly hereket etmegi.

3. Türkmenistan demir ýol ulagynyň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegini demir ýol ulagy babatda netijeli düzgünleşdirmegiň we gözegçiligiň üsti bilen, şeýle hem demir ýol ulagynyň ösdürilmegine gatnaşmak arkaly üpjün edýär.

 

5-nji madda. Demir ýol ulagynda eýeçilik hukugy

 

Demir ýol ulagynyň emlägi döwletiň eýeçiliginde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçiligiň beýleki görnüşlerinde bolup biler.

 

II BAP. DEMIR ÝOL ULAGY BABATDA DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

6-njy madda. Demir ýol ulagy babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esaslary

 

1. Demir ýol ulagy babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek şu maksatlar bilen amala aşyrylýar:

1) döwletiň, demir ýol ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň we demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmek;

2) demir ýol ulagynyň bitewi, netijeli, howpsuz we oňat hilli  hereket etmegini, şeýle hem onuň toplumlaýyn ösmegini üpjün etmek.

2. Demir ýol ulagy babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek şular arkaly amala aşyrylýar:

1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň geçirilmegi;

2) demir ýol ulagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi;

3) demir ýol ulagynda peýdalanylýan obýektleriň tehniki taýdan düzgünleşdirilmegi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklygynyň hökmany tassyklanylmagynyň guralmagy;

4) umumy peýdalanylýan demir ýollara gurulýan, şeýle hem täze (dikeldilen) umumy peýdalanylýan demir ýollaryň we peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollaryň ýanaşmagyna rugsatnama bermegiň tertibiniň kesgitlenilmegi;

5) otlularyň bellenilen tertipdäki hereketiniň ýerine ýetirilmegine täsir edýän umumy peýdalanylýan demir ýollaryň anyk bölekleri boýunça hereketiň ýapylmagyna (çäklendirilmegine) rugsatnamanyň berilmegi;

6) ýörite we harby demir ýol gatnawlaryň (daşamalaryň) guralmagy we üpjün edilmegi;

7) demir ýol ulagynda mobilizasiýa taýýarlygynyň we raýat goranyşynyň guralmagy;

8) demir ýol ulagy babatda döwlet gözegçiliginiň guralmagy we amala aşyrylmagy;

9) demir ýol ulagy babatyndaky iş hakynda statistik maglumatlaryň ýygnalmagynyň, toplanmagynyň we seljerilmeginiň tertibiniň bellenilmegi;

10) degişli hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy.

 

7-nji madda. Demir ýol ulagy babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi amala aşyrýan edaralar

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, demir ýol ulagy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy (mundan beýläk – ygtyýarly edara) we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary demir ýol ulagy babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti demir ýol ulagy babatda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) şu aşakdakylary tassyklaýar:

a) Demir ýol ulagyny ösdürmegiň milli maksatnamasyny;

b) Demir ýol ulagyndaky düzgünleri;

ç) Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasyny;

d) Demir ýol ulagynyň işgärleriniň zähmet-düzgün nyzamy hakynda düzgünnamany;

e) howply ýükleriň sanawyny we olaryň daşalmagyna bildirilýän talaplary;

ä) ýany bilen harbylaşdyrylan goragly äkidilmäge degişli ýükleriň sanawyny we olaryň goragynyň düzgünini;

f) demir ýol ulagynyň goralýan obýektleriniň sanawyny;

3) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

4) şu aşakdakylary kesgitleýär:

a) Sowma zolaklaryň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibini;

b) Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň tertibini;

5) maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň hödürlemegi boýunça demir ýol ulagynyň döwletiň eýeçiliginden aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli kärhanalarynyň sanawyny ylalaşýar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Demir ýol ulagy babatda ygtyýarly edara:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Demir ýol ulagyny ösdürmegiň milli maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

3) demir ýol gatnawyny guraýar;

4) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

5) şu aşakdakylary işläp düzýär we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär:

a) Demir ýol ulagyndaky düzgünleriň taslamasyny;

b) Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasyny;

ç) ýany bilen harbylaşdyrylan goragly äkidilmäge degişli ýükleriň sanawyny we olaryň goragynyň düzgünini;

d) demir ýol ulagynyň goralýan obýektleriniň sanawyny;

e) howply ýükleriň sanawyny we olaryň daşalmagyna bildirilýän talaplary;

6) Demir ýol ulagynyň harbylaşdyrylan goragy hakynda Düzgünnamany tassyklaýar;

7) degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça demir ýol beketleriniň we razýezdleriň açylmagy, olaryň hereket etmeginiň bes edilmegi hakynda karar kabul edýär;

8) peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýoluň barylýan ýollarynyň taslamalaşdyrylmagyny, gurluşygyny we durkunyň täzelenilmegini ylalaşýar;

9) gorag zolaklarynyň bellenilýän ýerlerini we möçberini kesgitleýär;

10) şu aşakdakylary belleýär:

a) poçta wagonlary goşulýan otlularyň sanawyny;

b) umumy peýdalanylýan demir ýollara barylýan demir ýollaryň  ýanaşmagynyň şertlerini;

ç) degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça Demir ýol geçelgeleriniň enjamlaşdyrylmagynyň we ulanylmagynyň tertibini;

d) Ýokary howplulygy bolan ýerlerde işleri geçirmegiň we bolmagyň tertibini hem-de demir ýollardan ulagly we pyýada geçmegiň şertlerini;

11) şu aşakdakylary amala aşyrýar:

a) eýeçiliginiň dürli görnüşlerindäki demir ýol obýektleriniň işiniň utgaşdyrylmagyny;

b) demir ýol ulagy babatda döwlet gözegçiligini, şol sanda demir ýollaryň, demir ýol otlusynyň düzüminiň we konteýnerleriň tehniki ýagdaýynyň, şeýle hem ýükler wagonlara we konteýnerlere ýüklenilen hem-de wagonlardan we konteýnerlerden düşürilen mahalynda ýüklemek-düşürmek işleriniň ýerine ýetirilmeginiň howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmeginiň barlagyny;

ç) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga ygtyýarlyklary.

 

10-njy madda. Demir ýol ulagynda amala aşyrylýan işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy

 

Demir ýol ulagynda amala aşyrylýan işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

11-nji madda. Demir ýol ulagy babatynda standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak we ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek

 

Demir ýol ulagy babatynda standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak we ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

12-nji madda. Demir ýol ulagynda nyrhlar we tölegler

 

1. Demir ýol ulagynda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri we goşlary daşamak üçin nyrhlar, işler we hyzmatlar üçin tölegler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda demir ýol ulagyndaky nyrhlar we tölegler boýunça ýeňillikler bellenilip bilner.

Görkezilen ýeňillikleriň bellenilmeginden gelip çykýan ýitgileriň öweziniň dolunmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

3. Demir ýol ulagynyň halkara gatnawlaryndaky daşamalarynyň nyrhlary Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda bellenilýär.

 

13-nji madda. Demir ýol ulagynyň ýerleriniň peýdalanylmagynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň aýratynlyklary

 

1. Demir ýol ulagynyň işlemegi üçin zerur bolan ýer bölekleri demir ýol ulagynyň kärhanalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hemişelik peýdalanylmaga berilýär.

2. Demir ýol ulagynyň ýer bölekleri Türkmenistanyň ýer, şähergurluşyk, ekologiýa, sanitariýa, ýangyna garşy we başga kanunçylygyna laýyklykda peýdalanylmalydyr.

3. Ýer bölekleriniň, şol sanda sowma zolaklaryň möçberleri, taslama-çenlik resminamalarynda kesgitlenilýär.

Sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň howpsuz ulanylmagyny, şeýle hem süýşgüne, opurylma, köwülmä, sile we beýleki oňaýsyz täsirlere duçar bolýan ýerlerde ilatyň, demir ýol ulagynyň işgärleriniň we ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde gorag zolaklary bellenilýär.

5. Gorag zolaklarynyň çäklerindäki ýer bölekleri üçin ýerden peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýär, şunda bu ýer bölekleriniň eýeleriniň, peýdalanyjylarynyň ýa-da kärendeçileriniň şu aşakdaky çäklendirmeler bilen ondan peýdalanmaga hukuklary bardyr:

1) raýat we senagat gurluşygynyň alnyp barylmagynyň gadagan edilmegi bilen;

2) ygtyýarly edara bilen ylalaşylmazdan, islendik işiň ýerine ýetirilmeginiň gadagan edilmegi bilen;

3) demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň bu ýer bölekleriniň eýelerini, peýdalanyjylaryny ýa-da kärendeçilerini öňünden habarly etmek we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýetirilen zyýanyň öweziniň soňundan dolunmagy bilen gorag zolaklarynyň çäklerinde demir ýol ulagynyň obýektleriniň bejerilmegi we hyzmat edilmegi boýunça işleri geçirmäge, şeýle hem heläkçilik ýagdaýlarynyň netijeleriniň aradan aýrylmagy boýunça işleri geçirmäge hukuklary bardyr.

 

14-nji madda. Demir ýol ulagynyň obýektleriniň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi we saklanylmagy

 

Demir ýol ulagynyň obýektleriniň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi we saklanylmagy ygtyýarly edaranyň, demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň serişdeleriniň, Türkmenistanyň degişli milli maksatnamalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

III BAP. DEMIR ÝOL ULAGYNYŇ KÄRHANALARYNA WE DEMIR ÝOL ULAGYNYŇ OBÝEKTLERINE BILDIRILÝÄN ESASY TALAPLAR

 

15-nji madda. Demir ýol ulagynyň kärhanalaryna bildirilýän esasy talaplar

 

1. Demir ýol ulagynyň kärhanalary şu aşakdakylara borçludyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işleriň görnüşleriniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamalarynyň bolmagyna;

2) daşamalary amala aşyrmak üçin demir ýol otlusynyň düzümine eýelik etmäge;

3) degişli hünär taýýarlygy bolan hünärli işgärleriniň bolmagyna;

4) geçelgeleriň, otlularyň we beýleki demir ýol ulag serişdeleriniň hereketiniň, şol sanda manýowr işi mahalynda, ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda howpsuzlyk şertlerini, zähmetiň, ýolagçylaryň janynyň we saglygynyň, daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmäge.

2. Demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň arasyndaky ykdysady we beýleki hukuk gatnaşyklar Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasyna laýyklykda we taraplaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitleýän şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Demir ýollara bildirilýän esasy talaplar

 

1. Demir ýollar, şol sanda  peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollar hem-de olarda ýerleşen desgalar we enjamlar degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, kadalaşdyryjy resminamalaryň, gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelýän demir ýol ulagynyň ulanylmagynyň we hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine laýyklykda tehniki ýagdaýda saklanylmalydyr.

2. Demir ýollara gurulýan, täze ýa-da dikeldilen demir ýollaryň, şol sanda peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollaryň ýanaşmagy ygtyýarly edaranyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.

3. Demir ýollaryň açylmagy we ýapylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary esasynda amala aşyrylýar, muňa şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen demir ýollar degişli däldir.

4. Pes hereketli ugurlaryň we demir ýollaryň bölekleriniň, şeýle hem umumy peýdalanylýan demir ýollara ýanaşýan peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollaryň açylmagy we ýapylmagy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

5. Peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollarda ýerleşýän desgalaryň we enjamlaryň konstruksiýasy hem-de ýagdaýy umumy peýdalanylýan demir ýollarda wagonlaryň rugsat berilýän tehniki ýüküň kadalyk ölçegi bilen goýberilmegini, şeýle hem peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollara hyzmat etmek üçin niýetlenilen lokomotiwleriň goýberilmegini üpjün etmelidir.

 

17-nji madda. Demir ýol otlusynyň düzümine we konteýnerlere bildirilýän esasy talaplar

 

1. Demir ýollar boýunça ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary daşamak üçin niýetlenilen demir ýol otlusynyň düzümi we konteýnerler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen hökmany talaplara laýyk gelmelidir.

2. Demir ýol otlusynyň düzüminiň peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollardan umumy peýdalanylýan demir ýollara we umumy peýdalanylýan demir ýollardan peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollara berilmeginiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

IV BAP. DAŞAMAK IŞINIŇ DOLANDYRYLMAGY.

DEMIR ÝOL GATNAWLARYNYŇGURALMAGY

 

18-nji madda. Demir ýol ulagynda daşamak işiniň dolandyrylmagynyň guralmagy

 

1. Demir ýol ulagynda daşamak işiniň dolandyrylmagy ygtyýarly edara ýa-da onuň bilen ylalaşmak boýunça demir ýol ulagynyň degişli kärhanasy tarapyndan şu Kanuna we Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we başga guramalaryň, fiziki şahslaryň demir ýol ulagynda daşamak işiniň dolandyrylmagynyň guralmagyna gatyşmaga haklary ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

 

19-njy madda. Demir ýol ulagynyň we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň özara hereketleri mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi

 

Demir ýol ulagynyň we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň özara hereketleri mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

20-nji madda. Ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary daşamagyň amala aşyrylmagynyň esaslary

 

1. Demir ýol ulagy bilen içerki we halkara gatnawlarynda, şol sanda üstaşyr gatnawda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri we goşlary daşamak Demir ýol ulagyndaky düzgünlere, Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Ýolagçylary gatnatmak, ýükleri we goşlary daşamak şertnama esasynda amala aşyrylýar.

Ýolagçylary gatnatmagyň ýol resminamasy, goşlary daşamagyň goşuň töleg haty, ýükleri daşamagyň şertnamasy boýunça bolsa, ýük daşaýyş resminamalary şertnamany baglaşmagyň resminamalaýyn tassyklanylmagy bolup durýar.

3. Demir ýol ulagy bilen ýükleri daşamak göni gatyşyk gatnawlaryň ulgamynyň guralmagy arkaly awtomobil, suw (deňiz, derýa) we howa ulag ýolunyň özara hereket etmeklerinde amala aşyrylyp bilner.

4. Demir ýol ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň talap etmegi boýunça daşamalary amala aşyrýan demir ýol ulagynyň kärhanasy şu aşakdakylara borçludyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ygtyýarnamalary we laýyklyk sertifikatlary görkezmäge;

2) edilýän hyzmatlaryň sanawyny, olaryň bahalary we bu hyzmatlary etmegiň şertleri hakynda maglumatlary bermäge.

5. Demir ýol ulagynyň kärhanalary üçin hökmany bolan ýükleri we goşlary daşamagyň hil görkezijileri (eltilip berilmeli möhletleri, ýükleriň we goşlaryň bitewiligi) hem-de demir ýol ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylara hyzmat etmegiň hil görkezijileri Demir ýol ulagyndaky düzgünler we beýleki kadalaşdyryjy resminamalar bilen kesgitlenilýär.

 

21-nji madda. Ýolagçylary gatnatmagyň esasy düzgünleri

 

1. Ýolagçy ýol resminamasyny edinmäge borçludyr, gatnadyjy bolsa otlynyň gidýän ugry boýunça ýolagçynyň görkezen ýerine çenli onuň satylmagyny üpjün etmäge, oňa ýol resminamasyna görä otluda orun bermek bilen, ýolagçyny we onuň goşuny bellenilen nokada çenli eltmäge borçludyr.

2. Gatnaw ýa-da ýüki daşamak üçin ýol resminamalaryny resmileşdiren ýolagçynyň içerki we halkara demir ýol gatnawlarynda gatnadyjy tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanmaga haky bardyr.

3. Ýolagçynyň şulara hukugy bardyr:

1) ýolagçylaryň gatnadylmagy üçin açylan islendik ugra ýol resminamasyny almaga;

2) ýol resminamasynda görkezilen orny eýelemäge;

3) oňa aýratyn orun bermezden bäş ýaşyna çenli bir çagany, bellenilen ölçegleriň çäklerinde el goşuny we ýüküni ýany bilen tölegsiz äkitmäge;

4) gidýän ugrundan saklanan wagtynda ýol resminamasynyň hereketini 10 günden köp bolmadyk wagta uzaltmaga, şäherýaka ugrunyň gatnawlary muňa degişli däldir. Şunda gatnawlary amala aşyrýan demir ýol ulagynyň kärhanasy gidýän ugrundan saklanylan wagtynda ýol resminamasynyň hereketiniň möhletini uzaltmalydyr;

5) gatnawlaryň başlanmagyna çenli ýol resminamasyny yzyna tabşyrmaga we Demir ýol ulagyndaky düzgünlerde bellenilen tertipde ýol resminamasy üçin tölenilen puly yzyna almaga. Ýitirilen we zaýalanan ýol resminamalary dikeldilmeýär we olar üçin tölenilen pul yzyna gaýtarylmaýar, Demir ýol ulagyndaky düzgünlerde bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

4. Demir ýol ulagyndaky düzgünlerde ýolagça beýleki hukuklar hem berlip bilner.

5. Ýolagçy demir ýol ulagynda bellenilen düzgünleri berjaý etmäge borçludyr.

 

22-nji madda. Ýükleri daşamak hakynda esasy düzgünler

 

1. Daşamalary amala aşyrýan demir ýol ulagynyň kärhanasynyň ýükleri daşamagyň şertnamasy boýunça ýüki bellenilen nokada çenli eltmäge we ony alyja ýa-da şoňa ygtyýarly şahsa (mundan beýläk ‒ ýüki alyjy) bermäge, ugradyjy bolsa bellenilen tertipde daşamagyň hyzmatyny tölemäge borçlanýar.

2. Ýükleri daşamak ugurlar, wagonlar we konteýnerler boýunça ugratmak arkaly guralýar hem-de ýüki ugradyjynyň ýa-da ýüki alyjynyň goragy astynda we ýany bilen äkidilmeginde, şeýle hem demir ýol ulagynyň harbylaşdyrylan goragy astynda amala aşyrylyp bilner.

Ýany bilen harbylaşdyrylan goragly äkidilmäge degişli ýükleriň sanawy, şeýle hem goragyň düzgüni Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Bellenilen talaplara laýyklykda gymmaty yglan edilen ýükler daşalmaga hödürlenip bilner.

4. Ýükler, şol sanda tiz zaýalanýan ýükler ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän ugurlarda ýük tizligi, şeýle hem uly tizlik bilen daşamak üçin kabul edilýär.

5. Ýüküň niýetlenen bekediniň ýa-da ýüki alyjynyň üýtgedilmegi bellenen tertipde iberijiniň ýa-da alyjynyň arzasy boýunça geçirilýär.

6. Ýükleri daşamak ýükleri iberijileriň we alyjylaryň ylalaşmagy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýän aýratyn şertlerde amala aşyrylyp bilner.

7. Demir ýol ulagyny peýdalanyjylar ýükleri daşamak bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi üçin demir ýol ulagynyň kärhanalary bilen şertnamalary baglaşyp bilerler.

 

23-nji madda. Demir ýol gatnawynyň guralmagy

 

1. Demir ýol gatnawy demir ýol beketleriniň arasynda amala aşyrylýar we demir ýol ulagynyň kärhanalary tarapyndan üpjün edilýär.

2. Otlularyň hereketiniň guralmagy otlularyň hereketiniň jemleýji tertibiniň esasynda amala aşyrylýar.

Otlularyň hereketiniň jemleýji tertibi, demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň teklibiniň esasynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýän tertipde tassyklanylýar.

3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, demir ýol ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň otlularyň hereketiniň tertibiniň kämilleşdirilmegi hakynda teklipleri ygtyýarly edaranyň garamagyna bermäge hukugy bardyr.

 

24-nji madda. Demir ýol beketleri, razýezdler we duralga nokatlary

 

1. Demir ýol beketleri içerki we halkara demir ýol gatnawlarynda ýolagçylary gatnatmaga, ýükleri we goşlary daşamaga hyzmat etmek üçin niýetlenilýär hem-de şäherlerde we beýleki ilatly nokatlarda ýerleşýär.

2. Demir ýol beketleriniň arasynda razýezdler we duralga ýerleri göz öňünde tutulýar.

3. Demir ýol beketlerinden, razýezdlerden we duralga nokatlaryndan peýdalanylmagy Demir ýol ulagyndaky düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Demir ýol beketleriniň we razýezdleriň atlary bolýar. Demir ýol beketlerine we razýezdlere atlaryň dakylmagy ýa-da olaryň üýtgedilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Demir ýol beketleriniň, razýezdleriň we duralga nokatlarynyň açylmagy, olaryň hereket etmeginiň bes edilmegi hakynda çözgüt degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär.

 

25-nji madda. Demir ýol geçelgeleri

 

1. Demir ýollaryň awtomobil ýollary bilen kesişýän ýerlerinde demir ýol geçelgeleri enjamlaşdyrylýar.

Demir ýol geçelgeleriniň enjamlaşdyrylmagynyň we ulanylmagynyň tertibi ýol gurluşygy babatda we içeri işler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.  

2. Demir ýol geçelgeleriniň täzesiniň açylmagy we hereket edýäniniň ýapylmagy ygtyýarly edaranyň degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylan çözgüdi esasynda geçirilýär.

 

V BAP. DEMIR ÝOL ULAGYNDA HOWPSUZLYK, ÝÜKLERIŇ, DEMIR ÝOL ULAGYNYŇ OBÝEKTLERINIŇ GORALMAGY,

AÝRATYN ŞERTLERDÄKI IŞLERIŇGURALMAGY

 

26-njy madda. Demir ýol ulagynyň we gaýry tehniki serişdeleriň hereketiniň we ulanylmagynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň guralmagy

 

1. Ygtyýarly edara demir ýol ulagynyň we gaýry tehniki serişdeleriň hereketiniň we ulanylmagynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini şular arkaly guraýar:

1) demir ýol ulagynyň we demir ýol ulagynda daşamagyň işi bilen baglanyşykly beýleki tehniki serişdeleriň hereketiniň we ulanylmagynyň howpsuzlygy babatda hukuk we tehniki taýdan düzgünleşdirmegiň amala aşyrylmagy, şol sanda ulag hadysalarynyň we demir ýol ulagynyň hereketiniň hem-de ulanylmagynyň howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly gaýry wakalaryň toparlara bölünmeginiň, gulluk derňewleriniň tertibiniň bellenilmegi we hasaba alynmagy;

2) demir ýol ulagynyň hereketiniň we ulanylmagynyň howpsuzlygy we daşamak işi bilen baglanyşykly ulaglaryň hem-de beýleki tehniki serişdeleriň ulanylmagy babatda döwlet syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagy.

2. Demir ýol ulagynyň kärhanalary, ýük iberijiler (iberijiler) we daşamak işiniň beýleki gatnaşyjylary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şulary üpjün edýärler:

1) ýolagçylaryň jany we saglygy üçin gatnawyň howpsuz şertlerini;

2) ýükleri we goşlary daşamagyň howpsuzlygyny;

3) demir ýol ulagynyň hereketiniň we ulanylmagynyň howpsuzlygyny;

4) ekologiýa howpsuzlygyny.

 

27-nji madda. Demir ýol ulagynyň ulanylmagynyň we hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esaslary

 

1. Demir ýollar, şol sanda peýdalanylmagy umumy bolmadyk demir ýollar, demir ýol beketleri, ýolagçy platformalary, şeýle hem otlularyň hereketi we manýowr işleri bilen baglanyşykly demir ýol ulagynyň beýleki obýektleri ýokary howply zolaklar bolup durýarlar hem-de zerur halatlarda olaryň daşyna germew aýlanyp bilner.

2. Ýokary howply zolaklarda raýatlaryň bolmagy we obýektleriň ýerleşdirilmegi, bu zolaklarda işleriň ýerine ýetirilmegi, demir ýollardan ulagly we pyýada geçilmegi Demir ýol ulagyndaky düzgünler bilen düzgünleşdirilýär. Görkezilen düzgünleri bozýan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

3. Çäklerinde, howply ýükleriň önümçiligi, saklanylmagy, ýüklenilmegi, daşalmagy we düşürilmegi amala aşyrylýan obýektler  demir ýol ulagynyň howpsuz işlemegini üpjün edýän demir ýollardan we olarda ýerleşýän jaýlardan, gurluşlardan, desgalardan daşlaşdyrylmalydyr. Bu görkezilen obýektlerden demir ýollaryň we  olarda ýerleşýän jaýlaryň, gurluşlaryň, desgalaryň, demir ýollar bilen kesişýän aragatnaşyk geçirijileriniň, elektrik geçirijileriniň, nebit, gaz geçirijileriniň hem-de beýleki ýerüsti we ýerasty desgalaryň iň az aralyklary, şeýle hem bu görkezilen obýektleriň demir ýollar bilen kesişýän we olaryň demir ýollara ýakynlaşýan mahalynda gurulmagynyň we saklanylmagynyň kadalary ygtyýarly edara bilen ylalaşylmagy boýunça degişli döwlet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

4. Aragatnaşyk geçirijileriniň, elektrik geçirijileriniň, nebit, gaz geçirijileriniň we demir ýollar bilen kesişýän ýa-da olaryň gös-göni ýakynlygynda ýerleşýän beýleki desgalaryň eýeleri olaryň hereket etmeginiň howpsuzlygynyň berjaý edilmegine we görkezilen desgalaryň gurluşygynyň we ulanylmagynyň bellenilen kadalarynyň üpjün edilmegine jogapkärçilik çekýärler. Görkezilen desgalaryň eýesi demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň işine täsir edip biljek heläkçilik ýagdaýlarynyň ýüze çykmagy hem-de görülýän çäreler hakynda demir ýol ulagynyň degişli kärhanasyna öz wagtynda maglumat bermäge borçludyr.

5. Ýük iberijiler we ýük alyjylar howply hem-de ýörite ýükler daşalanda, ýüklenilende we düşürilende, şeýle daşamalaryň, ýüklenmeleriň we düşürmeleriň howpsuzlygyny üpjün etmelidirler, şeýle hem olaryň heläkçilik ýagdaýlarynyň we olaryň netijeleriniň ýok edilmegi üçin zerur bolan degişli serişdeleri we ykjam düzüm birlikleri bolmalydyr.

6. Demir ýol ulagynyň kärhanalary özlerinde bar bolan dikeldiş we ýangyna garşy serişdeleriniň tehniki hem-de tehnologik mümkinçilikleriniň çäklerinde ulag hadysalarynyň netijeleriniň ýok edilmegine gatnaşmaga borçludyrlar.

7. Demir ýollaryň awtomobil ýollary bilen kesişmeginiň (demir ýol geçelgeleri) kesgitlenilmeginiň tertibi we demir ýollary kesip geçmegiň düzgünleri, demir ýol geçelgeleriniň açylmagynyň we ýapylmagynyň tertibi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň teklipleriniň hasaba alynmagy bilen içeri işler babatda, ýol gurluşygy babatda we awtomobil ulagy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

8. Ygtyýarly edaranyň, daşamagy amala aşyrýan demir ýol ulag kärhanasynyň ýük iberijiler (iberijiler) tarapyndan daşamalaryň resminamalarynda görkezilen ýükleriň agramy hakynda maglumatlaryň we beýleki maglumatlaryň dogrulygyny barlamaga hukugy bardyr.

9. Demir ýol ulagynda hereketiň howpsuzlygynyň hem-de ulaglaryň we daşamak işi bilen baglanyşykly beýleki tehniki serişdeleriň ulanylmagynyň düzgünleriniň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

 

28-nji madda. Demir ýol ulagynda ekologiýa, ýangyn, senagat howpsuzlygynyň, zähmeti goramagyň, ölçegleriň bitewüliginiň, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň üpjün edilmegi

 

Demir ýol ulagynda ekologiýa, ýangyn we senagat howpsuzlygynyň, zähmeti goramagyň, ölçegleriň bitewüliginiň üpjün edilmegi boýunça, şeýle hem ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň üpjün edilmegi boýunça işler demir ýol ulagynyň kärhanalary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

29-njy madda. Ýükleriň, demir ýol ulagynyň obýektleriniň goralmagy we demir ýol ulagynda jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmegi

 

1. Gidilýän ýoluň ugrunda we demir ýol beketlerinde ýükleriň goralmagy demir ýol ulagynyň daşamagy amala aşyrýan kärhanasy tarapyndan özbaşdak ýa-da ygtyýarly edaranyň pudaklaýyn goragy ýa-da beýleki guramalar bilen şertnama boýunça üpjün edilýär, ýük iberijiler ýa-da ýük alyjylar tarapyndan ýükleriň goragynyň we ýany bilen äkidilmeginiň üpjün edilmegi muňa degişli däldir.

2. Demir ýol ulagynyň has wajyp obýektleriniň we ýörite ýükleriň goragy degişlilikde ygtyýarly edaranyň pudaklaýyn goragynyň düzüm birlikleri we içeri işler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň içerki goşunlary tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýle obýektleriň we ýükleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Demir ýol ulagynda jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmegi we jenaýatçylyga garşy göreşmek ulaglardaky polisiýa edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda şeýle wezipeler ýüklenilen gaýry edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

30-njy madda. Demir ýol ulagy babatda döwlet gözegçiligi we gözegçilik barlagy

 

1. Demir ýol ulagy babatda döwlet gözegçiligi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Demir ýol ulagynyň kärhanasy tarapyndan şu Kanun, Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň howpsuzlygy babatda gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen bellenilen demir ýol ulagynyň hereketiniň we ulanylmagynyň howpsuzlygynyň, demir ýol ulagynyň infrastrukturasynyň obýektleriniň taslamalaşdyrylmagynyň, gurluşygynyň, durkunyň täzelenilmeginiň, ulanylmaga kabul edilmeginiň (olar babatda döwlet gurluşyk gözegçiligi amala aşyrylýan düýpli gurluşygyň obýektleri muňa degişli däldir) we olaryň ulanylmagynyň talaplarynyň, ýükleri daşamagyň we täzeden ýüklemegiň, ýolagçylary gatnatmagyň we goşlary daşamagyň düzgünleriniň (mundan beýläk – hökmany talaplar) berjaý edilmegi döwlet gözegçiliginiň närsesi bolup durýar.

3. Demir ýol ulagynyň kärhanalary tarapyndan hökmany talaplaryň berjaý edilmegine döwlet gözegçiligi meýilnamalaýyn we meýilnamadan daşary barlaglaryň geçirilmegi arkaly amala aşyrylýar.

4. Meýilnamalaýyn barlag barlaglary geçirmegiň her ýylky meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Meýilnamalaýyn barlagyň geçirilmegi üçin şular esas bolup durýar:

1) şu aşakdaky günlerden soň üç ýylyň geçmegi:

a) demir ýol ulagynyň kärhanasy döwlet tarapyndan bellige alnandan;

b) demir ýol ulagynyň kärhanasynyň soňky meýilnamalaýyn barlagy geçirilenden;

2) demir ýol otlusynyň düzümini ulanýan demir ýol ulagynyň kärhanasyna  soňky meýilnamalaýyn barlagyň geçirilen gününden soň bir ýylyň geçmegi.

5. Meýilnamadan daşary barlagyň geçirilmegi üçin şular esas bolup durýar:

1) ýüze çykarylan hökmany talaplaryň bozulmalarynyň aradan aýrylmagy hakynda ygtyýarly edara tarapyndan berlen talapnamanyň demir ýol ulagynyň kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilmeli möhletiniň geçmegi;

2) ygtyýarly edara raýatlardan, şol sanda hususy telekeçilerden, ýuridik şahslardan ýüz tutmalaryň we arzalaryň, döwlet häkimiýet edaralaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden demir ýol ulagynyň infrastrukturasynyň ulanylmagynyň düzgünleriniň, ýükleri daşamagyň we täzeden ýüklemegiň, ýolagçylary gatnatmagyň we goşlary daşamagyň düzgünleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly heläkçilik ýagdaýlarynyň we ulag hadysalarynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlary hakynda maglumatlaryň gelip gowuşmagy, eger-de şeýle düzgün bozulmalar adamlaryň janyna, saglygyna, daşky gurşawa, döwletiň howpsuzlygyna, fiziki we ýuridik şahslaryň emlägine zyýan (zelel) ýetmegine howp döredýän bolsa ýa-da şeýle zeleliň (zyýanyň) ýetmegine sebäp bolan bolsa;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygyna laýyklykda ygtyýarly edaranyň ýolbaşçysynyň (ýolbaşçysynyň orunbasarynyň) meýilnamadan daşary barlagyň geçirilmegi hakynda çykaran buýrugynyň (görkezmesiniň) bolmagy;

4) kanunlaryň ýerine ýetirilmegi üçin gözegçiligiň çäklerinde bu edaralara gelip gowşan ýüz tutmalar we materiallar boýunça meýilnamadan daşary barlagyň geçirilmegi hakynda prokuratura edaralarynyň talaplarynyň esasynda.

Meýilnamadan daşary barlagyň geçirilmegi hakynda demir ýol ulagynyň kärhanalaryna öňünden duýdurylmagyna ýol berilmeýär.

6. Demir ýol ulagynyň kärhanalary tarapyndan hökmany talaplaryň ýerine ýetirilmegi üçin barlaglar ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlary tarapyndan meýilnamalaýyn (barlag) tabşyrygyň esasynda ygtyýarly edaranyň ýolbaşçysynyň (ýolbaşçysynyň orunbasarynyň) buýrugyna (görkezmesine) laýyklykda geçirilýär.

7. Şu maddanyň altynjy bölegine laýyklykda barlaglary amala aşyrýan ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlarynyň şulara hukugy bardyr:

1) döwlet häkimiýet edaralaryndan, demir ýol ulagynyň kärhanalaryndan barlagyň geçirilmeginiň barşynda zerur bolan resminamalary we maglumatlary delillendirilen ýüz tutmalaryň esasynda soramaga hem-de ýazmaça görnüşde almaga;

2) gulluk şahsyýetnamasynyň we barlagyň bellenilendigi hakynda ygtyýarly edaranyň ýolbaşçysynyň (ýolbaşçysynyň orunbasarynyň) buýrugynyň (görkezmesiniň) nusgasynyň görkezilmegi boýunça demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň öz işleri amala aşyrylýan mahalynda peýdalanylýan demir ýol ulagynyň infrastrukturasynyň obýektlerine, demir ýol otlusynyň düzümine hem-de daşamak işi bilen baglanyşykly beýleki ulaglara we tehniki serişdelere päsgelçiliksiz baryp görmäge, olaryň barlagyny, zerur bolan gözlegleri, synag etmegi, ölçemegi, derňemegi, seljermegi we gözegçilik boýunça beýleki çäreleri  geçirmäge;

3) demir ýol ulagynyň kärhanalaryna hökmany talaplaryň ýüze çykarylan bozulmalarynyň aradan aýrylmagy hakynda, adamlaryň janyna, saglygyna, daşky gurşawa, döwletiň howpsuzlygyna, fiziki we ýuridik şahslaryň emlägine zyýanyň (zeleliň) ýetmeginiň öňüniň alynmagynyň, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň geçirilmegi hakynda talapnamalary bermäge;

4) administratiw hukuk bozulmalary hakynda teswirnamalary düzmäge, administratiw hukuk bozulmalary hakynda işlere garamaga we şeýle bozulmalaryň öňüniň alynmagy boýunça çäreleri görmäge;

5) hökmany talaplaryň bozulmalary bilen baglanyşykly jenaýatyň alamatlary boýunça jenaýat işiniň gozgalmagy hakynda meseleleriň çözülmegi üçin materiallary ygtyýarly döwlet edaralaryna ibermäge;

6) hökmany talaplaryň bozulmagynyň netijesinde ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde talap arzalaryny bermäge.

8. Demir ýol ulagyndaky iş amala aşyrylan mahalynda döwlet ýangyn gözegçiligi, döwlet ekologiýa gözegçiligi, döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi, senagat howpsuzlygy babatda döwlet gözegçiligi, döwlet metrologik gözegçiligi, döwlet gurluşyk gözegçiligi, zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

31-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlarda demir ýol ulagynyň işiniň guralmagy

 

1. Demir ýol ulagynyň kärhanalary demir ýol ulagynyň işiniň bozulmalaryna getirýän ulag hadysalarynyň, tebigy betbagtçylyklaryň (syrgynlaryň, suw joşgunlarynyň, ýangynyň we beýlekileriň) netijeleriniň ýok edilmegi boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmelidir.

Demir ýol ulagynyň kärhanalary gaýragoýulmasyz çäreleriň üpjün edilmegi üçin öz hususy serişdeleriniň hasabyna adatdan daşary ýagdaýlaryň ýok edilmegi boýunça ýöriteleşdirilen düzüm birliklerini saklamalydyr, gyzyklanýan döwlet häkimiýet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan sanawy kesgitlenilýän maddy gorlaryny we tehniki serişdelerini edinmelidir ýa-da gaýry ýöriteleşdirilen guramalar bilen degişli şertnamalary baglaşmalydyr.

2. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda daşamak işine gatnaşyjylaryň hereketiniň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär. Şunda ýük iberiji, ýük alyjy ulag hadysasynyň bolan ýerine öz wekillerini gyssagly ugratmaga borçludyr.

3. Adatdan daşary ýagdaýlardan ilatyň we çäkleriň goralmagyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edýän döwlet häkimiýet edaralary adamlaryň janyna we saglygyna, hereketiň howpsuzlygyna hem-de ýükleriň we goşlaryň bitewiligine howp döredýän şeýle ýagdaýlaryň netijeleriniň ýok edilmeginde demir ýol ulagynyň kärhanalaryna kömek berýärler.

4. Ygtyýarly edara, demir ýol ulagynyň kärhanalary adatdan daşary ýagdaýlaryň netijeleriniň ýok edilmeginiň we öňünden duýdurylmagynyň ýeke-täk döwlet  ulgamyna girýärler.

 

VI BAP. DEMIR ÝOL ULAGYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ

ZÄHMET GATNAŞYKLARY WE DÜZGÜN-NYZAMY

 

32-nji madda. Demir ýol ulagynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary we kepillikleri

 

1. Demir ýol ulagynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, Demir ýol ulagynyň işgärleriniň düzgün-nyzamy hakynda Düzgünnama, zähmet şertnamasy we köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk) bilen düzgünleşdirilýär.

2. Iş wagtynyň düzgüniniň we dynç alyş wagtynyň aýratynlyklary, işi otlularyň hereketi bilen gös-göni baglanyşykly bolan demir ýol ulagynyň işgärleriniň aýry-aýry toparlarynyň zähmet şertleri, kärdeşler arkalaşygynyň pikirini hasaba almak bilen bellenilýär.

3. Otlularyň hereketi we manýowr işleri bilen gös-göni baglanyşykly işe kabul edilýän şahslar hem-de şeýle işleri ýerine ýetirýän we (ýa-da) zyýanly we  howply önümçilik ýagdaýlarynyň täsirine duçar bolýan işgärler iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna hökmany deslapky (işe kabul edilen mahalynda) we döwürleýin (zähmet işiniň dowamynda) lukmançylyk gözegçiligini geçýärler.

Otlularyň hereketi we manýowr işleri bilen gös-göni baglanyşykly önümçilik işlerini amala aşyrýan demir ýol ulagynyň işgärleri, sanawy ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýän hünärler boýunça, hökmany gatnawyň öňünden ýa-da çalşygyň öňünden ‒lukmançylyk gözegçiligini, şeýle hem iş berijiniň talaby boýunça alkogolyň, neşe serişdesiniň ýa-da psihotrop maddalaryň ulanylmagynyň ýagdaýlarynyň  lukmançylyk anyklamasyny geçýärler.

Işgärleriň hünär derejesini barlamak, işewür sypatlaryny kesgitlemek, olaryň kärine, hünärine, eýeleýän wezipesine laýyk gelşini ýüze çykarmak maksady bilen demir ýol ulagynyň kärhanalarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgärleriň hünär synagy geçirilmelidir.

4. Demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň işgärleri zähmet şertnamasynda we köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde degişli kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna demir ýol ulagynda mugt gidip-gelmek hukugyndan peýdalanýarlar.

5. Daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde bolunýan döwürde gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda demir ýol ulagynyň işgärlerine berilýän kepillikler we öwezini dolmalar Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen bellenilýär.

6. Zähmetde şikes ýetenligi ýa-da hünär keseli sebäpli başga işe geçirilen ýa-da zähmetde şikes ýetmegi, hünär keseli ýa-da işgäriň günäsiz bolmagynda ýüze çykan saglygyna gaýry zeper ýetmegi bilen baglanyşykly maýyplyk boýunça pensiýa çykan demir ýol ulagynyň işgärleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda we köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) demir ýol ulagynyň işgärleri üçin bellenilen we iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna berilýän ýeňilliklere bolan hukugy saklanyp galýar.

 

33-nji madda. Demir ýol ulagynda zähmet düzgün-nyzamy

 

Demir ýol ulagynyň işgärleriniň zähmet düzgün-nyzamy Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Demir ýol ulagynyň işgärleriniň düzgün-nyzamy hakynda Düzgünnama bilen düzgünleşdirilýär.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

34-nji madda. Demir ýol ulagynda hasaba alyş-hasabat wagty

 

Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk hasaba alyş-hasabat wagty – ýerli wagt ulanylýar.

 

35-nji madda. Demir ýol ulagynda peýdalanylýan dil

 

1. Demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň işinde Türkmenistanyň döwlet dili ulanylýar.

2. Demir ýol beketlerinde, demir ýol menzillerinde, otlularda we ýolagçylara, ýük iberijilere hem-de ýük alyjylara hyzmat edilýän beýleki ýerlerde maglumatlaryň berilmegi Türkmenistanyň döwlet dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerinde hem amala aşyrylyp bilner. Demir ýol beketlerinde we demir ýol menzillerinde ýolagçylara berilýän maglumatlarda ýolagçy otlularynyň ugraýan wagty we gelýän wagty, ýolagçylary gatnatmagyň we goşlary daşamagyň bahasy, demir ýoluň ýol resminama pulhanalarynyň we ýolagçylara hyzmat etmegi amala aşyrýan beýleki düzüm birlikleriniň iş wagty hakynda habarlar, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlar hakynda habarlar bolmalydyr.

 

36-njy madda. Demir ýol ulagynyň işgärleriniň egin-eşik lybasy

 

1. Otlularyň hereketiniň we ýolagçylara hyzmat edilmeginiň guralmagyna gönüden-göni gatnaşýan demir ýol ulagynyň işgärlerine gulluk borçlary ýerine ýetirilýän mahalynda geýmegi üçin egin-eşik lybasy göz öňünde tutulýar.

Tapawutlandyryş belgileri we olaryň egin-eşik lybasynda dakylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Egin-eşik lybasynyň satyn alynmagy degişli iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

37-nji madda. Türkmenistanyň demir ýol ulagy babatda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy

 

1. Türkmenistan demir ýol ulagy babatda halkara hyzmatdaşlygyna halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda gatnaşýar.

2. Türkmenistanyň demir ýol ulagy babatda bähbitleriniň wekilçiligi ygtyýarly edara we Türkmenistanyň kanunçylygynda berlen ygtyýarlyklaryna laýyklykda beýleki döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

38-nji madda. Demir ýol ulagynda ätiýaçlandyryş

 

1. Otlynyň gidip barýan döwründe demir ýol ulagynyň hyzmatyndan peýdalanýan ýolagçylar, gatnaw häsiýetli işde bolýan, otlularda gözegçilik-barlag wezipelerini ýerine ýetirýän demir ýolulagynyň işgärleri, şeýle hem harbylaşdyrylan goragyň düzüm birlikleriniň işgärleri özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwürlerinde hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişlidir.

2. Demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň gatnaw (daşama) mahalynda ýolagçylara, ýüklere we goşlara ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy boýunça, şeýle hem üçünji taraplara zeleliň öweziniň dolunmagy boýunça özleriniň jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga hukugy bardyr.

 

39-njy madda. Demir ýol ulagynda mobilizasiýa taýýarlygy we raýat goranyşy

 

1. Demir ýol ulagynda mobilizasiýa taýýarlygy we raýat goranyşy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

2. Demir ýol ulagynda mobilizasiýa taýýarlygynyň we raýat goranyşynyň ýolbaşçylygy ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Mobilizasiýa taýýarlygy we raýat goranyşy boýunça çäreler demir ýol ulagynyň kärhanalary tarapyndan öňünden amala aşyrylýar.

Bu kärhanalaryň ýolbaşçylary görkezilen çäreleriň talaba laýyk amala aşyrylmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.  

 

40-njy madda. Jedelleriň çözülişi

 

Demir ýol ulagy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

41-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

42-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1998-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul edilen «Demir ýol transporty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 3, 50-nji madda);

2002-nji ýylyň 30-njy dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 4, 82-nji madda);

2007-nji ýylyň 14-nji dekabrynda  kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň III bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 80-nji madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň XXVIII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý.,  № 2, 33-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                             Gurbanguly

     Prezidenti                                                              Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 28-nji fewraly.

№ 186-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 28.02.2015
Resminamanyň belgisi № 186-V