Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 159-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 236-V 12.01.2016 ý. № 330-V, 18.06.2016 ý. № 415-V, 20.03.2017 ý. № 529-V we 09.06.2018 ý. № 41-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek maksady bilen üpjün edijileri (potratçylary) saýlamak boýunça bäsleşikler geçirilende ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we päk ýürekli bäsdeşligiň ösdürilmegine gönükdirilendir.

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bäsleşik (tender)- döwlet zerurlyklary üçin harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň üpjün edijisini (potratçyny) şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde bäsleşik esasynda saýlap almagyň usuly;

2) bäsleşigiň guramaçysy - ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, şeýle hem ýokary guramasy bolmadyk ýuridik şahslar.

Üpjün etmeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şol sanda býujet guramalarynyň býujetden daşary serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilende (himikatlar, reaktiwler, reagentler, derman serişdeleri, şol sanda weterinariýa derman serişdeleri, lukmançylyk, barlaghana enjamlary bilen üpjün etmeler, gurluşyk we durkunyň täzelenmegi, düýpli abatlamak boýunça işler, taslama işleri muňa degişli däldir) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bäsleşigiň guramaçysy bolup durýar;

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bäsleşigiň başga guramaçylary bellenilip bilner;

3) buýrujy - döwlet tarapyndan özleriniň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, harytlary, işleri ýa-da hyzmatlary satyn alýan döwlet kärhanalary, guramalary, edaralary;

4) potensial üpjün ediji (potratçy) - Türkmenistanda harytlar bilen üpjün etmekligi amala aşyrmaga, işleri ýerine ýetirmäge we hyzmatlary etmäge hukugy bolan, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs - hususy telekeçi ýa-da ýuridik şahs;

5) oferent - ofertany düzýän şu aşakdakylary bäsleşigiň guramaçysyna beren potensial üpjün ediji (potratçy):

a) bäsleşik we hünär dereje resminamalary bilen bilelikde bäsleşik ýüztutmasyny (mundan beýläk – bäsleşik ýüztutmasy);

b) nyrhlaryň kotirowkasyny (mundan beýläk - kotirowka);

6) üpjün ediji (potratçy) - bäsleşigiň ýeňijisi bolup durýan we harytlar bilen üpjün etmegiň şertnamasyna we (ýa-da) işleri ýerine ýetirmegiň we (ýa-da) hyzmatlary etmegiň şertnamasyna gol çeken oferent;

7) üpjün etmek - dolulygyna ýa-da bölekleýin döwlet serişdeleriniň hasabyna, şu Kanunda bellenilen şertlerde üpjün edijiler (potratçylar) tarapyndan döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün edilmegi, işleriň ýerine ýetirilmeginiňpotraty, hyzmatlaryň edilmegi;

8) harytlar - zatlar, şol sanda ýarym taýýarönümler ýa-da gaty, suwuklyk ýa-da gaz halyndaky çig mal, elektrik we ýylylyk energiýasy, intellektual eýeçiligiň obýektleri, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geleşikleri amala aşyryp bolýan zat hukuklary;

9) işler - gurluşyk bilen baglanyşykly dürli iş, şeýle hem netijeleriniň maddy aňlatmasy bolan we şeýledigi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän başga iş;

10) hyzmatlar - netijeleriniň maddy aňlatmasy bolmadyk, buýrujynyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen iş, olar şu iş amala aşyrylanda durmuşa geçirilýär we sarp edilýär, harytlardan we işlerden başga üpjün etmegiň islendik zady.

 

2-nji madda. Döwlet zerurlyklary üçin harytlarbilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Şu Kanunyň düzgünleri şu aşakdaky üpjün edilmeleriň amala aşyrylmagyna degişli däldir:

1) döwlet syryny düzýän;

2) adatdan daşary ýagdaýlaryň duýdurylmagy we ýok edilmegi bilen bagly;

3) ykdysadyýetiň degişli pudaklary boýunça bellenilen çäklendirme pul möçberlerinden az möçberlerde;

4) «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýän;

5) maslahat beriş hyzmatlary, şu Kanunyň 17-nji maddasynyň bäşinji böleginiň 2-nji bendinde göz öňünde tutulan düzgün muňa degişli däldir$

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleri esasynda özara hasaplaşyklaryň kliring ulgamy boýunça tebigy gazyň iberilendigi üçin amala aşyrylýan üpjün etmegiň şertnamalary boýunça;

7) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleri ýa-da onuň bilen ylalaşylmagy esasynda amala aşyrylýan alyş-çalyş şertnamalary hem-de gaýry şertnamalar boýunça;

8) potratçy tarapyndan işleri ýerine ýetirmek (hyzmatlary etmek) üçin kömekçi potratçylar çekilýän  halatlarda;

9) ýiti önümçilik zerurlygy bilen baglanyşykly, aýratyn halatlarda - Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak boýunça.

10) içerki bazar üçin bahalary hem-de nyrhlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän harytlar, işler, hyzmatlar bilen;

11) býujet guramalary üçin –döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň, alyjylar jemgyýetleriniň, şeýle hemesaslyk maýasynda döwletiň paýy 50 göterim we şondan köp bolan ýuridik şahslaryň öz öndürýän önümleri (işleri, hyzmatlary) bilen;

12) hojalyk hasaplaşygyndaky ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň we olaryň garamagyndaky kärhanalaryň, edaralaryň öz zerurlyklary üçin harytlary satyn almagy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden we onuň garamagyndaky söwda kärhanalaryndan sargytlar esasynda.

21. Şu Kanunyň hereketi onuň güýje giren gününden köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yglan edilen bäsleşikleriň geçirilmegine degişli edilýär.

3. Bäsleşigiň guramaçysynyň şu Kanunyň ulanylmagyndan saklanmak üçin üpjün etmäniň pul möçberini kemeltmek maksady bilen harytlary, işleri ýa-da hyzmatlary böleklere bölmeklige hukugy ýokdur.

Dördünji bölegi Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 529-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary

 

Şu aşakdakylar şu Kanunyň maksatlary bolup durýar:

1) döwlet serişdeleriniň netijeli ulanylyşynyň üpjün edilmegi;

2) potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) arasyndaky bäsdeşligiň ösdürilmegi;

3) döwlet tarapyndan goldamagyň çäresi hökmünde Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň, Türkmenistanyň maýyplaryň jemgyýetçilik guramalarynyň üpjün edilmelere gatnaşmaklarynyň giňeldilmegi;

4) bäsleşik işleriniň amala aşyrylmagynyň açyklygynyň, aýdyňlygynyň we netijeliliginiň üpjün edilmegi, olaryň halkara standartlaryna we bu çygyrda işi dolandyrmagyň umumy kabul edilen däplerine laýyklygynyň üpjün edilmegi;

5) harytlarbilen üpjün etmegiň we (ýa-da) işleri ýerine ýetirmegiň potratynyň we (ýa-da) hyzmatlary etmegiň şertnamalary (mundan beýläk – üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasy) boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin üpjün edijileriň (potratçylaryň) jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy.

 

II bap. DÖWLET ZERURLYKLARY ÜÇIN HARYTLAR BILEN ÜPJÜN EDILMEGI, IŞLERIŇ ÝERINE ÝETIRILMEGI,HYZMATLARYŇ EDILMEGI ÜÇIN BÄSLEŞIKLERIŇ guralmagy babatda döwlettarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik

 

4-nji madda. Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün edilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi üçin bäsleşikleriň guralmagy babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar

 

Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek üçin bäsleşikleriň guralmagy babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde degişli döwlet edaralary amala aşyrýarlar.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün edilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi üçin bäsleşikleriň guralmagy babatynda:

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) şol möçberlerden başlap bäsleşik işleriniň guralmagy we geçirilmegi hökmany bolup durýan, ykdysadyýetiň pudaklary boýunça üpjün etmeleriň çäklendirme pul möçberlerini belleýär;

3) bäsleşigiň guramaçysy (ykdysadyýetiň pudagy) boýunça döwlet zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibini tassyklaýar;

4) bäsleşigiň guramaçysynyň hödürlemegi boýunça şu Kanunyň 18-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda üpjün edijini (potratçyny) saýlap almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijeleri hakynda teswirnamany ylalaşýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

6-njy madda 01.07.2015 ý. başlap Türkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 223-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

III bap. Bäsleşik işlerine gatnaşyjylar

 

7-nji madda. Bäsleşik işlerine gatnaşyjylar

 

1. Şu aşakdakylar bäsleşik işlerine gatnaşyjylar bolup durýar:

1) bäsleşik topary;

2) bäsleşigiň guramaçysy;

3) potensial üpjün ediji (potratçy);

4) oferent;

5) üpjün ediji (potratçy).

2. Bäsleşik işlerine gatnaşyjylar täjirçilik ýa-da Kanun tarapyndan goralýan beýleki syr bolup durýan maglumatlary özünde jemleýän, berilýän we ulanylýan maglumatlaryň gizlinliginiň ýörelgelerini berjaý etmäge borçludyrlar.

 

8-nji madda. Bäsleşigiň guramaçysy

 

Bäsleşigiň guramaçysy:

1) harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edilmegi üçin buýrujynyň ýüz tutmasy esasynda bäsleşigiň guralmagyny we geçirilmegini amala aşyrýar.

Buýrujy tarapyndan harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün etmegiň ýüz tutmasynyň berilmegi bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar;

2) şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde bellenilen halatlarda potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) deslapky hünär dereje saýlamasynyň geçirilmegini üpjün edýär;

3) şu aşakdakylary belleýär:

a) bäsleşigiň görnüşini;

b) bäsleşik boýunça üpjün etmegiň şertlerini;

ç) üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň möçberini;

d) ýörite (bäsleşik) ýygymyň möçberini. Türkmenistanyň maýyplaryň jemgyýetçilik guramalary üçin ýörite (bäsleşik) ýygymyň ýeňillikli möçberi bellenilip bilner;

4) bäsleşik resminamalaryny işläp taýýarlaýar, şeýle hem potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) bäsleşik resminamalary bilen tanyşdyrylmagyny geçirýär we zerur düşündirişleri berýär;

5) bäsleşigi geçirmegiň saýlanylyp alnan görnüşine laýyklykda üpjün etmeler üçin bäsleşikler hakynda habar bermeleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegini üpjün edýär ýa-da bäsleşige gatnaşmak üçin potensial üpjün edijilere (potratçylara) ýazmaça görnüşinde çakylyk ugradýar (ýa-da kotirowkany talap edýär);

6) hödürlenen bäsleşik ýüz tutmalaryna (kotirowkalara) baha kesilmeginiň geçirilmegini üpjün edýär;

7) bäsleşik ýüztutmasy (kotirowkasy) ykdysady taýdan has köp amatly bolan oferent bilen üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyny baglaşmak hakynda çözgüt kabul edýär;

71) bäsleşigiň guramaçysy (ykdysadyýetiň pudagy) boýunça döwlet zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibini işläp düzýär we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;

8) şu Kanunyň 18-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda üpjün edijini (potratçyny) saýlap almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijeleri hakynda teswirnamany ylalaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;

9) potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) ýa-da oferentleriň şikaýatlaryna seredýär we olar boýunça çözgütleri kabul edýär;

10) şu Kanunyň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda bäsleşigi bolup geçmedik diýip ykrar edýär ýa-da bäsleşigi ýatyrýar;

11) şu aşakdakylary üpjün edýär:

a) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça çäreleri;

b) bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň), şeýle hem bäsleşik işlerine we üpjün etmeleriň amala aşyrylmagyna degişli beýleki resminamalaryň toplanylmagyny we bäş ýyldan az bolmadyk döwürde saklanylmagyny;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bäsleşik işlerini geçirmek bilen baglanyşykly beýleki zerur hereketleri amala aşyrýar.

 

9-njy madda. Bäsleşik topary

 

1. Bäsleşigiň guramaçysy bäsleşigiň geçirilmegi üçin bäş adamdan az bolmadyk düzümde bäsleşik toparyny döredýär.

2. Bäsleşik topary şu aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:

1) bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) berilmeli möhletleri barada çözgüt kabul edýär, zerur halatlarda – bu möhletleriň uzaldylmagy hakynda;

2) bäsleşik ýüz tutmalaryny (kotirowkalary) kabul edýär, olaryň bellige alynmagyny amala aşyrýar;

3) şu Kanunyň 14-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda bäsleşige gatnaşmaga rugsat bermezlik hakynda çözgüt kabul edýär;

4) bellige alyş kitabyny ýöredýär, onda bäsleşik ýüz tutmasynyň (kotirowkanyň), deslapky hünär dereje saýlamadan geçmek üçinýüz tutmasynyň bellige alnandygy (bellige almakdan ýüz öwrülendigi) görkezilýär;

41) şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde bellenilen halatlarda potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) deslapky hünär dereje saýlamasyny geçirýär;

5) bäsleşik resminamalarynda görkezilen möhletde, bellige alnan ýüz tutmalarynyň nobatlylygynyň tertibinde oferentleriň bäsleşik we hünär dereje resminamalary bolan bukjalaryň açylmagyny geçirýär, bu barada teswirnama düzýär;

6) bäsleşik resminamalarynda göz öňünde tutulan tertipleri we ölçegleri ulanmak bilen şu Kanuna laýyklykda bäsleşik ýüz tutmalaryna baha berilmegini geçirýär;

7) bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijini saýlamak boýunça çözgüt kabul edýär ýa-da degişli başga çözgüdi kabul edýär, şeýle hem teswirnamanyň düzülmegi arkaly bäsleşigiň netijelerini tassyklaýar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bäsleşik işlerini geçirmek bilen baglanyşykly beýleki zerur hereketleri amala aşyrýar.

3. Bäsleşik topary şu Kanunda we  üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň şertlerinde olara bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilmegi boýunça potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň), oferentleriň bäsleşik işlerine gatnaşýan döwründäki, şeýle hem üpjün edijileriň (potratçylaryň) üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyny ýerine ýetirýän döwründäki işiniň seljermesini geçirmäge haklydyr.

Seljerme geçirilende ýokarda görkezilen talaplary ýaramaz hilli ýerine ýetirýän potensial üpjün edijiler (potratçylar), oferentler we üpjün edijiler (potratçylar) ýüze çykarylan halatynda, bäsleşik topary olary bellenilen tertipde kesgitlenilen möhlete bäsleşik işlerine gatnaşmakdan mahrum etmäge, şeýle hem olar hakda maglumaty bäsleşigiň beýleki guramaçylaryna we degişli döwlet edaralaryna  ibermäge haklydyr.

 

10-njy madda. Potensial üpjün ediji (potratçy)

 

1. Potensial üpjün ediji (potratçy) bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan yglan edilen bäsleşigi geçirmegiň görnüşine laýyklykda bäsleşik toparyna bäsleşik ýüz tutmasyny (kotirowkany) berýär.

2. Potensial üpjün edijiniň (potratçynyň) bäsleşik toparyndan bäsleşik işleriniň geçirilmeginiň we üpjün etmeleriň şertleri we tertibi hakynda doly maglumaty almaga hukugy bardyr.

 

11-nji madda. Oferent

 

1. Bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilen oferentiň özüniň beren bäsleşik ýüz tutmasynyň (kotirowkasynyň) şertlerinde üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyny baglaşmaga hukugy bardyr.

2. Üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyna gol çekilenden soň oferent üpjün edijiniň (potratçynyň) statusyna eýe bolýar.

3. Başga deň şertler bolan mahalynda bäsleşigiň ýeňijisiniň saýlanylmagynyň ölçegleriniň jemi boýunça Türkmenistanyň maýyplaryň jemgyýetçilik guramalaryna artykmaçlyk berilýär.

4. Oferent statusy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýitirilýär:

1) oferentiň islegi boýunça islendik taýýarlyk tapgyrynda;

2) deslapky hünär dereje saýlamasyndan geçmezliginiň netijesinde;

3) şu Kanunyň ýa-da bäsleşigiň şertleriniň bozulmagy netijesinde.

 

IV bap. Bäsleşik işlerine gatnaşyjylara bildirilýän talaplar

 

12-nji madda. Potensial üpjün edijilere (potratçylara) bildirilýän hünär dereje talaplary

 

1. Potensial üpjün edijiler (potratçylar):

1) raýat kämillik ukybyna, hukuk ukybyna eýe bolmalydyrlar, şol sanda ygtyýarnamalary, sertifikatlary ýa-da başga rugsatnamalary bolmalydyr (potratçynyň işleriň, hyzmatlaryň bir böleginiň ýerine ýetirilmegine (edilmegine) çekmek isleýän şeýle ygtyýarnamalary, sertifikatlary ýa-da başga rugsatnamalary bolan bilelikde ýerine ýetirijiler ýa-da kömekçi potratçylar bilen ylalaşyklary) eger-de harytlar bilen üpjün etmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň, hyzmatlary etmegiň maksatlarynda olaryň zerurlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen bolsa;

2) olaryň hünär we tehniki taýdan ygtyýarlylygy, tejribesi we abraýy, maliýe serişdeleri, enjamlary we başga maddy mümkinçilikleri bolmalydyr, şeýle hem üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasy boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin işgärler düzüminde zerur hünär derejesi we tejribesi bolan hünärmenleri bolmalydyr;

3) tölege ukyply bolmalydyrlar, olaryň salgytlar we beýleki hökmany tölegler boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetine durnukly bergisi (üç aýdan köp) bolmaly däldir;

4) gurpsuzlyk (batmaklyk) alamatlary, hasabatlylygyň soňky senesiniň ýagdaýy boýunça batmaklyk prosesinde bolmaly däldir; ýatyrmak ýa-da üýtgedip gurmak prosesinde bolmaly däldir we olaryň telekeçilik işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda togtadylan bolmaly däldir;

5-nji bendi 01.07.2015 ý. başlap rkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 223-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

6) özleri babatda bähbitleriniň çaknyşygy bar bolan şahslar bolmaly däldir.

Aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan potensial üpjün edijiler üçin şeýle hem goşmaça talaplar (çäklendirmeler) bellenilip bilner.

2. Bäsleşigiň guramaçysy potensial üpjün edijilerden (potratçylardan), olaryň şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hünär dereje talaplaryna laýyk gelýändiklerini resminamalaýyn subutnamalaryň berilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Şu maddanyň birinji böleginde bellenilen hünär dereje talaplary:

1) bäsleşik ýüztutmalaryny çekmek boýunça hünär dereje bäsleşik resminamalarynda (deslapky hünär dereje saýlama işi geçirilýän halatynda – deslapky hünär dereje saýlama resminamalarynda) beýan edilýär;

2) potensial üpjün edijiniň (potratçynyň) kömekçi potratçylar ýa-da bilelikde ýerine ýetirijiler hökmünde çekmäge hyýal edýän ähli şahslara degişli edilýär.

Şu Kanunyň 17-nji maddasynyň üçünji böleginiň 3-nji bendinde bellenilen halatda şu maddada bellenilen talaplar bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan ulanylman bilner.

4. Bäsleşige gatnaşmak üçin hünär derejäni subut etmek oferente degişli bolup durýar.

 

13-nji madda. Bäsleşigiň guramaçysynyň bäsleşik işlerine gatnaşmak üçin potensial üpjün dijileriň (potratçylaryň) toparyny kesgitlemek boýunça hukuklary

 

1. Eger Türkmenistanyň içerki bazarynda:

1) harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň kesgitlenilen görnüşleriniň üpjün edilmeginiň amala aşyrylmagy üçin potensial üpjün edijiler (potratçylar) ýeterlik bolsa, bäsleşigiň guramaçysy bäsleşik işlerine Türkmenistanyň potensial üpjün edijileriniň (potratçylarynyň) gatnaşmaklary bilen çäklenmeklige ýa-da Türkmenistanyň döwlet kärhanalaryna (guramalaryna) we (ýa-da) maýyplaryň jemgyýetçilik guramalaryna artykmaçlyk bellemeklige haklydyr;

2) harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň kesgitlenilen görnüşleriniň üpjün edilmeginiň amala aşyrylmagy üçin potensial üpjün edijiler (potratçylar) ýeterlik bolmasa, bäsleşigiň guramaçysy bäsleşik işlerine daşary ýurt maýa goýumlary bolan ýuridik şahslaryň, daşary ýurt ýuridik şahslarynyň we (ýa-da) olaryň Türkmenistandaky şahamçalarynyň gatnaşmaklary bilen çäklenmeklige haklydyr.

2. Türkmenistanda öndürilýän (ýerine ýetirilýän, edilýän) harytlar, işler, hyzmatlar üpjün etmäniň närsesi bolup durýan halatynda bäsleşigiň guramaçysy potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) sanawyny Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň subýektleri bilen çäklendirmeklige haklydyr we (ýa-da) diňe ýerli zähmet gorlarynyň we (ýa-da) çig malyň hem-de materiallaryň peýdalanylmagynyň şertlerini bellemäge haklydyr.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde bellenilen çäklendirmeleriň ulanylmagy barada bäsleşigiň guramaçysy bäsleşik işleri başlanmazyndan öň şu Kanunda bellenilen tertipde potensial üpjün edijilere (potratçylara) habar berýär.

Şeýle çäklendirmäniň ulanylmagy barada habar üpjün edijileriň (potratçylaryň) saýlanylmagynyň we üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň baglaşylmagynyň barşynda ýatyrylmaga degişli däldir.

4. Fiziki ýa-da ýuridik şahslar bolup durýandyklaryna, şeýle hem ýuridik şahslaryň guramaçylyk-hukuk görnüşine, eýeçiliginiň görnüşine we (ýa-da) şekiline garamazdan, üpjün edijileriň (potratçylaryň) bäsleşige gatnaşmagynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär.

 

14-nji madda. Bäsleşige gatnaşmakdan ýüz öwrülmegi

 

1. Şu ýagdaýlarda oferentleriň bäsleşige gatnaşmagyndan ýüz öwürmegi barada karar kabul edilýär:

1) eger olar:

a) bäsleşik ýüz tutmasyny (kotirowkasyny) bellenen möhletden giç beren bolsalar, deslapky hünär dereje saýlamadan geçmedik bolsalar ýa-da olaryň bäsleşik ýüz tutmasy (kotirowkasy) bäsleşigiň resminamalaryna bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsa;

b) hünär dereje resminamalarynda ygtybarsyz, doly däl, nätakyk ýa-da göz-görtele ýalan maglumatlar bilkastlaýyn berlip, olaryň netijesinde bäsleşik barada habar çap edilen pursatyndan öň gelýän üç ýylyň dowamynda iň bolmanda bir bäsleşik ýüz tutmasy ýa-da üpjün etmegiň şertnamasy ýatyrylan bolsa;

ç) bäsleşik topary tarapyndan bellenilen arifmetik ýalňyşlary ykrar etmeseler we (ýa-da) düzetmeseler;

d) şu Kanunda potensial üpjün edijilere (potratçylara) bildirilýän hünär dereje talaplaryna laýyk gelmeseler;

e) başga oferentiň gatnaşyjylary (affilirlenen şahslary) bolup durýan bolsalar;

ä) üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyny baglaşmakdan ýüz öwren bolsalar;

f) bäsleşik barada habar çap edilen pursatyndan öň gelýän üç ýylyň dowamynda iň bolmanda üpjün etmegiň bir şertnamasyny ýaramaz ýerine ýetiren bolsalar ýa-da ýatyran bolsalar, munuň ýeňip bolmaýan güýjüň hereketi netijesinde bolup geçen halatlary muňa degişli däldir;

2) bäsleşigiň guramaçysynyň wezipeli adamlaryndan alnan ýaşyryn maglumatlaryň peýdalanylmagynyň ýa-da harytlar, işler we hyzmatlar bazarynda manipulirlemegiň ýagdaýlary bellenilen mahalynda bäsleşik ýüz tutmasy ýatyrylanda.

2. Oferent ol kemçilikleri bäsleşik topary tarapyndan bellenilen möhletiň dowamynda düzeden şertinde, hünär dereje maglumatlary babatda nätakyk ýa-da doly däl maglumatlaryň berlendigi esasynda bäsleşigiň guramaçysynyň oferentiň bäsleşige gatnaşmagyndan ýüz öwürmäge haky ýokdur.

 

15-nji madda. Bähbitleriň çaknyşmagy

 

1. Döwlet gullukçylarynyň potensial üpjün edijiler (potratçylar)  hökmünde bäsleşik işlerine gatnaşmagy gadagan edilýär.

2. Şu aşakdaky fiziki şahs bäsleşigiň guramaçysyna wekilçilik edip ýa-da bäsleşik işleri bilen baglanyşykly başga borçlary ýerine ýetirip bilmez:

1) fiziki şahs, ýuridik şahsyň wekili ýa-da wezipeli adamy üpjün ediji (potratçy) bilen ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlykda durýan bolsa.

«Ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlykda» diýlen düşünje Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda kesgitlenilen manyda ulanylýar;

2) bäsleşik hakynda habar çap edilen pursatyndan öňki üç ýylyň dowamynda bäsleşik işlerine gatnaşýan haýsy-da bolsa bir üpjün edijiniň (potratçynyň) gullukçysy ýa-da wezipeli adamy bolan bolsa.

 

16-njy madda. Potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) hünär derejesine deslapdan baha berilmegi

 

1. Potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) hünär derejesine deslapdan baha berilmegi we saýlanylyp alynmagy – deslapky hünär dereje işleri şu aşakdaky ýagdaýlarda bäsleşigiň geçirilmeginiň bellenilen senesine çenli geçirilýär:

1) bäsleşik çäklendirmeli gatnaşmak arkaly geçirilýän mahalynda;

2) başga halatlarda bäsleşigiň guramaçysynyň esaslandyrylan çözgüdi boýunça.

2. Potensial üpjün edijilere (potratçylara) şu maddanyň üçünji we bäşinji böleklerine laýyklykda deslapky hünär dereje işleriniň geçirilýändigi we olaryň netijeleri hakynda habar berilýär.

3. Deslapky hünär dereje işleriniň geçirilişi hakynda habarda şular bolmalydyr:

1) bäsleşigiň guramaçysynyň atlandyrylyşy, hukuk salgysy we habarlaşmak üçin adamlary hakynda maglumatlar;

2) üpjün edilmäge degişli harytlaryň häsiýeti we sany, ýerine ýetirilmäge degişli işleriň häsiýeti, mukdary we ýeri, ýa-da hyzmatlaryň häsiýeti we olaryň edilmeli ýeri hakynda maglumatlar;

3) harytlaryň üpjün edilmeli ýa-da işleriň tamamlanylmaly möhleti ýa-da hyzmatlaryň edilmeginiň tertibi hakynda maglumatlar;

4) deslapky hünär dereje saýlama üçin sargydyň berilmeli ýeri we ahyrky möhleti hem-de onuň ýanyna goşulýan deslapky hünär dereje resminamalar hakynda maglumatlar;

5) potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) gelip çykan ýurduna garamazdan, bäsleşik işlerine gatnaşyp bilýändikleri hakynda soňra üýtgedilmäge degişli bolmadyk arza ýa-da şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji ýa-da ikinji böleklerine laýyklykda gatnaşmagynyň çäklendirilmegi hakynda arza;

6) potensial üpjün edijilere (potratçylara) bildirilýän deslapky hünär dereje talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan  resminamalaryň sanawy – bäsleşigiň guramaçysynyň talaby boýunça;

7)deslapky hünär dereje resminamalaryň alnyş usuly we ýeri hakynda maglumatlar;

8) şu Kanunyň 12-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen, potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) hünär dereje maglumatlaryna baha berliş ölçegleriniň we düzgünleriniň beýan edilmegi;

9) kömekçi potratçylaryň ýa-da bilelikde ýerine ýetirijileriň ýerine ýetirmekleri üçin berlip bilinjek işleriň we hyzmatlaryň görnüşleri, şeýle hem olaryň aňryçäk möçberleri;

10) deslapky hünär dereje işlerinde ulanylmagyna rugsat berilýän daşary ýurt dili hakynda maglumatlar;

11) şu Kanuna laýyklykda potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) hünär derejesine baha bermek üçin bäsleşigiň guramaçysyna zerur bolan başga maglumatlar.

4. Diňe deslapky hünär dereje saýlamasyny geçen potensial üpjün edijilere (potratçylara) bäsleşigiň soňraky işlerine gatnaşmaklaryna rugsat berilýär.

5. Bäsleşigiň guramaçysy deslapky hünär dereje işleriniň netijeleri hakynda çözgüt kabul edilen gününden başlap azyndan üç iş gününiň dowamynda bellenilen tertipde her bir potensial üpjün edijä (potratça) olaryň deslapky hünär dereje saýlamany geçmeginiň netijeleri hakynda habar berýär.

 

V BAP. BÄSLEŞIK DÜZGÜNLERI

 

17-nji madda. Bäsleşigiň geçirilmeginiň tertibi we görnüşleri

 

1. Döwlet zerurlyklary üçin harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň üpjün edijisini (potratçysyny) saýlamak boýunça bäsleşik bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan şu Kanuna we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan bäsleşigiň guramaçysy (ykdysadyýetiň pudagy) boýunça döwlet zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar. Görkezilen tertipde innowasiýa we ýokary tehnologiýaly harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün etmegi amala aşyrmak boýunça üpjün edijä (potratça) bildirilýän talaplar göz öňünde tutulmalydyr.

2. Üpjün edijileri (potratçylary) saýlamak bäsleşik topary tarapyndan bäsleşigiň netijeleri boýunça amala aşyrylýar.

3. Bäsleşikler şu görnüşlerde geçirilýär:

1) çäklendirmesiz gatnaşmak arkaly geçirilýän bäsleşik (açyk bäsleşik);

2) çäklendirmeli gatnaşmak arkaly geçirilýän bäsleşik (ýapyk bäsleşik);

3) kotirowkalary talap etmek.

4-nji bendi Türkmenistanyň 12.01.2016 ý. № 330-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

4. Bäsleşik deslapky hünär derejeli we deslapky hünär derejesiz, ilkinji ýa-da gaýtadan geçirilýän bolup biler.

5. Bäsleşigiň guramaçysy bäsleşik işlerini geçirmek üçin şulara borçludyr:

1) bäsleşik we hünär dereje resminamalaryny işläp düzmäge we tassyklamaga, şeýle hem işleri maliýeleşdirmegiň tertibini kesgitlemäge;

2. döwlet ähmiýetli obýektler babatynda bäsleşik geçirilen mahalynda  Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak boýunça garaşsyz maýa goýum maslahatçylaryny ýa-da bilermenlerini bäsleşik işine çekmäge;

Maýa goýum maslahatçysynyň we bilermeniň netijenamasy ygtybarly diýlip ykrar edilýär we bäsleşigiň guramaçysy üçin bäsleşik işleriniň we üpjün etmeleriň maksatlary üçin maslahat beriji häsiýete eýedir.

6. Bäsleşikleriň geçirilmegi bilen baglanyşykly resminamalaryň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň döwlet dilinde amala aşyrylýar. Bäsleşigiň guramaçysy şeýle-de daşary ýurt dilini peýdalanmak hakynda çözgüt kabul edip biler.

 

18-nji madda. Çäklendirmesiz gatnaşmak arkaly geçirilýän bäsleşik. Çäklendirmeli gatnaşmak arkaly geçirilýän bäsleşik

 

1. Çäklendirmesiz gatnaşmak arkaly bäsleşik geçirilen mahalynda  bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýan potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) sany çäklendirilmeýär we olaryňşu Kanuna laýyklykda bäsleşik ýüz tutmalaryny çäklendirmesiz bermäge haky bardyr.

2. Çäklendirmeli gatnaşmak arkaly bäsleşik şu ýagdaýlarda geçirilýär, eger:

1) köp sanly bäsleşik ýüz tutmalaryna garamak we baha bermek üçin talap edilýän çykdajylar üpjün edilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň ýa-da edilýän hyzmatlaryň bahasy bilen ölçelip bilinmeýän bolsa;

2) harytlar, işler ýa-da hyzmatlar öz tehniki çylşyrymlylygynyň derejesine ýa-da ýöriteleşdirilen häsiýetine görä diňe potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) çäklendirilen toparynda bar bolsa;

3) döwlet ähmiýetli obýektler  babatynda geçirilýän bolsa.

3. Bäsleşigiň guramaçysy çäklendirmeli gatnaşmak arkaly bäsleşik geçirilen mahalynda sany ikiden az bolmadyk şu Kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda saýlanyp alnan potensial üpjün edijilerden (potratçylardan) bäsleşik ýüz tutmalaryny işe gatnaşdyrýar.

 

19-njy madda. Kotirowkalaryň talap edilmegi

 

1. Kotirowkalaryň talap edilmegi ýöriteleşdirilmä laýyklykda (bellenilen tehniki ölçegleri ýa-da hil standartlary bilen) harytlaryň, işleriň,hyzmatlaryň anyk görnüşleriniň üpjün edilmeleri amala aşyrylan halatynda ulanylýar hem-de bäsdligiň üpjün edilmeginiň we ykdysady taýdan has amatly teklipleriň netijeli saýlanylmagynyň maksady bilen azyndan üç potensial üpjün edijilerden (potratçylardan) talap edilýär.

2. Her bir potensial üpjün edijä (potratça) ony üýtgetmek hukugy berilmezden diňe bir kotirowkanyň berilmeginerugsat berilýär.

 

20-nji madda Türkmenistanyň 12.01.2016 ý. № 330-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

21-nji madda. Bäsleşik resminamalary

 

1. Bäsleşigiň guramaçysy potensial üpjün edijilerden (potratçylardan) bäsleşik boýunça zerur resminamalaryň berilmegi hakynda talapnamany alan gününden soň üç iş gününden gijä galman olara bäsleşik işleriniň esasy düzgünlerini belleýän bäsleşik resminamalaryny iberýär.

Çäklendirmeli gatnaşmak arkaly bäsleşik geçirilen mahalynda ýöriteleşdirmäni özünde jemleýän bäsleşik resminamalary bäsleşige gatnaşmaga çakylyk bilen bir wagtda iberilýär.

Deslapky hünär dereje işleri geçirilen halatynda bäsleşik resminamalary ähli saýlanyp alnan potensial üpjün edijilere (potratçylara) iberilýär.

2. Bäsleşik resminamalary şulary öz içine alýar:

1) bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) taýýarlanylmagy boýunça gözükdirijini;

2) potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) şu Kanunyň 12-nji maddasynda bellenilen bildirilýän hünär dereje talaplaryna laýyk gelmeginiň ölçeglerini we baha berliş usullaryny;

3) oferentleriň öz hünär dereje maglumatlarynyň tassyklanylmagy üçin bermeli resminamalaýyn subutnamalarynyň talaplaryny;

4) tehniki ýöriteleşdirmeleri, meýilnamalary, çyzgylary we eskizleri hem goşmak bilen, üpjün edilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň ýa-da edilýän hyzmatlaryň beýanyny we zerur tehniki, hil we san taýdan häsiýetnamalaryny;

5) üpjün etmäniň (potratyň) şertnamasyna goşulyp bilinjek mümkin bolan goşmaça hyzmatlaryň sanawyny;

6) işleriň ýerine ýetirilmeli ýa-da hyzmatlaryň edilmeli ýerini;

7) üpjün etmäniň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň talap edilýän möhletlerini;

8) bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan bäsleşik ýüz tutmalaryna baha bermekde peýdalanylýan ähli ölçegleriň beýanyny, nyrh muňa degişli däldir;

9) bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan üpjün etmäniň (potratyň) şertnamasyna goşulmagy zerur diýlip hasaplanylýan düzgünleri;

10) ykdysadyýetiň degişli pudagy boýunça üpjün etmeleriňçäklendirme pul möçberinden pes bolmadyk möçberde bäsleşik ýüz tutmalary berlip bilinjek harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň böleginiň ýa-da bölekleriniň (tapgyrlarynyň) beýanyny;

11) bäsleşik ýüz tutmasynyň bahasynyň hasaplanylmagynyň we beýan edilmeginiň usulyny, muňa nyrhda üpjün edilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň ýa-da edilýän hyzmatlaryň öz bahasyndan başga elementleri hem özünde jemlemelimi diýen görkezmäni hem goşmak bilen;

12) bäsleşik ýüz tutmalary erkin konwertirlenýän pulda berlen mahalynda – bu pulda beýan edilen bäsleşik ýüz tutmalarynyň  nyrhlarynyň deňeşdirilmeginiň usulyny‒ zerurlyk bolanda;

13) üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň we ýörite (bäsleşik) ýygymynyňmöçberini;

14) şulara bildirilýän talaplaryny:

a) üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiňüpjün edilmeginiň görnüşine, hereket ediş möhletine we beýleki esasy şertlerine;

b) ýörite (bäsleşik) ýygymynyň tölenilmeginiň esasy şertlerine;

15) bäsleşik ýüz tutmalarynyň berilmeginiň takyk ýerini we möhletlerini;

16) potensial üpjün ediji (potratçy) tarapyndan soralýan bäsleşik resminamalary boýunça düşündiriş berilmeginiň düzgünleriniň beýanyny;

17) dowamynda bäsleşik ýüz tutmalarynyň güýji bolýan möhletini;

18) bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bolan bukjalaryň açylmaly ýeriniň, senesiniň we wagtynyň takyk beýanyny;

19) bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bolan bukjalar açylanda ulanylýan düzgünlerini;

20) Türkmenistanyň döwlet dili bilen bir hatarda bäsleşikleriň ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) taýýarlanylmaly (taýýarlanylyp bilinjek) daşary ýurt dilini;

21) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-5-nji bentlerinde görkezilen şahslar bilen gönüden göni gatnaşyk saklamaga ygtyýarlyk berlen bäsleşigiň guramaçysynyň bir ýa-da birnäçe gatnaşykdaky adamlarynyň familiýasyny, adyny, wezipesini we salgysyny, şeýle hem aragatnaşyk saklamagyň usullaryny;

22) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-5-nji bentlerinde görkezilen adamlaryň, bäsleşigiň geçirilmeginiň we üpjün etmeleriň amala aşyrylmagynyň barşynda bäsleşik toparynyň we (ýa-da) bäsleşigiň guramaçysynyňhereketlerine ýa-da çözgütlerine şikaýat etmekhukugy hakynda habarnamany;

23) üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň görnüşini, düýpli şertlerini we oňa gol çekilmeginiň möhletlerini;

24) üpjün etmeleriň anyk toparlary üçin zerur bolan başga goşmaça maglumatlary.

3. Bäsleşik ýüz tutmalarynyň berilmeginiň ahyrky möhletine çenli bäsleşik resminamalarynyň üýtgedilmegine we oňa goşmaça girizilmegine rugsat berilmeýär.

4. Potensial üpjün ediji (potratçy) bäsleşigiň guramaçysyndan  bäsleşik resminamalarynyň düşindirilmegini talap edip biler. Bäsleşigiň guramaçysy talapnamany alan gününden başlap üç iş gününden gijä galman şeýle talapnama ýazmaça görnüşde jogap bermelidir, şonuň bilen bir wagtda talap edijiniň adyny görkezmezden, düşündirişiň göçürme nusgalary bu bäsleşik resminamalary berlen beýleki potensial üpjün edijilere (potratçylara) iberilmelidir.

Eger bäsleşigiň guramaçysy bäsleşik resminamalary babatda haýsy-da bolsa bir meseleleriň düşündirilmegi üçin potensial üpjün edijiler (potratçylar) ýa-da oferentler bilen duşuşyk geçirýän bolsa, onda talap edijileriň ady görkezilmezden, duşuşygyň netijeleri boýunça duşuşygyň barşynda gelip gowşan talapnamalaryň, şeýle hem olaryň jogaplarynyň düýp manysynyň görkezilmegi bilen teswirnama düzülýär. Teswirnamalaryň göçürme nusgalary şol bada bäsleşik resminamalaryny alan ähli potensial üpjün edijilere (potratçylara) iberilýär.

 

22-nji madda. Bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) berilýän möhletleri we görnüşi

 

1. Bäsleşigiň guramaçysy bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) berilmeginiň takyk senesini we ahyrky möhletiniň wagtyny belleýär, olşu aşakdakylar ýaly bolmalydyr:

1) çäklendirmesiz gatnaşmak arkaly bäsleşik işleri amala aşyrylan mahalynda – bäsleşigiň geçirilmegi hakynda habar çap edilen gününden başlap azyndan otuz iş güni;

2) çäklendirmeli gatnaşmak arkaly bäsleşik işleri amala aşyrylan mahalynda – bäsleşige gatnaşmak üçin çakylygyň iberilen gününden başlap azyndan ýigrimi iş güni.

2. Bäsleşik ýüz tutmasy (kotirowka) potensial üpjün ediji (potratçy) tarapyndan goly goýlup möhür bilen berkidilenýazmaça görnüşinde we möhürlenen bukjada (bukjalarda) berilýär.

3. Olaryň berilmeginiň ahyrky möhleti geçenden soň alnan bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bolan bukjalar açylmaýar hem-de olary beren oferentlere gaýtarylyp berilýär.

 

23-nji madda. Bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) hereketiniň, üýtgedilmeginiň we yzyna alynmagynyň möhleti

 

1. Bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bäsleşik resminamalarynda görkezilen möhletiň dowamynda güýjünde galýarlar. Şeýle möhletiň hasaplanylmagy bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bolan bukjalar açylan gününden başlanýar.

2. Oferentiň bäsleşik ýüz tutmasyny (kotirowkany) bermegiň ahyrky möhletiniň geçmegine çenli öz bäsleşik ýüz tutmasyny (kotirowkasyny) üýtgetmäge ýa-da yzyna almaga hukugy bardyr.

 

24-nji madda. Bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bolan bukjalaryň açylmagy

 

1. Bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bolan bukjalar bäsleşik resminamalarynda görkezilen möhletde we anyk ýerde açylýar. Bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bolan bukjalaryň açylmaly möhleti bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) berilmeginiň ahyrky möhleti bilen gabat gelmelidir.

2. Bäsleşik ýüz tutmasy (kotirowkasy) bolan bukjasy açylan her bir oferentiň ady we salgysy, şeýle hem bäsleşik ýüz tutmasynyň (kotirowkanyň) bahasy, üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň görnüşleri, pul möçberi, oferent tarapyndan teklip edilen üpjün etmeleriň beýleki düýpli şertleri bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) bolan bukjalaryň açylmagynyň teswirnamasynda beýan edilýär.

 

25-nji madda. Ofertanyň akseptiniň umumy şertleri

 

1. Hünär dereje (deslapky hünär dereje) we bäsleşik resminamalarynyň saýlanylmagy, deňeşdirme seljermesi we bahalandyrylmagy geçirilen mahalynda şu Kanunda bellenilen bäsleşik işlerinde göz öňünde tutulan düzgünler we ölçegler peýdalanylýar.

2. Bahalaryň üýtgemegini hem goşmak bilen, bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) düýp manysynyň ýaramazlaşýan tarapa üýtgedilmegine rugsat berilmeýär. Şunda bäsleşigiň guramaçysynyň  teklip edilen bahalaryň peseldilmegi we (ýa-da) bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) aýry-aýry düzgünleriniň takyklanylmagy boýunça oferent bilen gepleşikleri geçirmäge haky bardyr.

3. Eger bäsleşik ýüz tutmasy (kotirowka) bilen girizilen oferta düýp manysy boýunça bäsleşik we hünär dereje resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän bolsa hem-de ykdysady taýdanhas amatly bolsa, şol sanda saýlamagyň ölçegleriniň (hünär derejesiniň, bahasynyň, işiň we tölegleriňtertibiniň, hiliniň we beýlekileriň) jemi boýunça bäsleşige gatnaşýan beýleki ofertalardan artykmaçlyga eýe bolsa, bäsleşik ýüz tutmasy (kotirowka) ýeňiji (ykdysady taýdanhas amatly we üpjün etmegiň şertlerine laýyk gelýän) diýlip ykrar edilýär.

4. Bäsleşik ýüz tutmasynyň (kotirowkanyň) ýeňiji diýlip ykrar edilmegi barada – ofertanyň aksepti barada habar geçirilen saýlanyş hakynda çözgüt kabul edilen gününden başlap üç iş gününiň dowamynda ony beren oferente ýollanylýar. Beýleki oferentlere şol möhletde öz ofertalarynyň ret edilendigi barada habar berilýär.

5. Döwlet ähmiýetli obýektler üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek üçin bäsleşik geçirilen mahalynda üpjün ediji (potratçy) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylan bäsleşigiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň hem-de maýa goýum maslahatçysynyň ýa-da bilermeniň oňyn netijenamasy esasynda  kesgitlenilýär.

 

26-njy madda. Bäsleşigiň bolup geçmedik diýlip ykrar edilmegi. Bäsleşigiň ýatyrylmagy

 

1. Şu ýagdaýlarda bäsleşik bolup geçmedik diýlip ykrar edilýär, eger:

1) ýeke bäsleşik ýüz tutmasy (kotirowka) hem berilmese;

2) ähli bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) ret edilen bolsa;

3) bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) iň pes bahasy üpjün etmegiň amala aşyrylmagyna bölünip berlen pul möçberinden artyk bolsa;

4) bäsleşik işleriniň şertleri bozulan bolsa, şol sanda oferentler we (ýa-da) olaryň ofertalary hakynda maglumatlar ýaýradylan bolsa.

2. Eger üpjün etmeleriň amala aşyrylmagy döwlet zerurlyklary üçin zerur bolmagyny bes etse, şol sanda ýeňip bolmaýan güýjüň hereketiniň netijesinde bolsa, bäsleşik ýatyrylmaga degişlidir.

3. Bäsleşik topary islendik bäsleşik ýüz tutmasyny (kotirowkany) esaslandyryp ret etmäge haklydyr.

4. Bäsleşigiň guramaçysy bäsleşigiň bolup geçmedik diýlip ykrar edilmegi hakynda ýa-da bäsleşigiň ýatyrylmagy hakynda çözgüt kabul eden gününden başlap üç iş gününiň dowamynda ähli oferentlere onuň üçin esas bolup hyzmat eden sebäpleri görkezmek bilen habar iberýär. Şunda bäsleşigiň guramaçysy görkezilen sebäpleriň esaslandyrylandygyny subut etmäge borçly däldir.

5. Bäsleşigiň guramaçysy ähli ýüz tutmalar (kotirowkalar) ret edilen halatynda oferentleriň öňünde emläk ýa-da başga jogapkärçiligi çekmeýär.

6. Şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda bäsleşik bolup geçmedik diýlip ykrar edilen halatynda bäsleşigiň guramaçysy gaýtadan bäsleşik geçirip biler.

 

27-nji madda. Bäsleşigiň netijeleri hakynda teswirnama

 

1. Bäsleşigiň netijeleri hakynda teswirnamada şular görkezilýär:

1) üpjün etmegiň närsesiniň beýany;

2) bäsleşik ýüz tutmalaryny (kotirowkalary) beren oferentleriň ady we salgylary;

3) üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasy baglaşylan mahalynda oferentlere bildirilýän talaplar;

4) her bir bäsleşik ýüz tutmasynyň (kotirowkanyň) bahasy we beýleki esasy şertleri;

5) berlen bäsleşik ýüz tutmalarynyň (kotirowkalaryň) saýlanylmagy üçin baha beriş ölçegleriniň we esaslaryň beýany;

6) hemme bäsleşik ýüz tutmalary (kotirowkalar) ret edilen halatynda – olaryň ret edilmegi üçin esaslar;

7) bäsleşik işleri netijesinde üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasy baglaşylmadyk halatynda – degişli esaslaryň beýan edilmegi bilen ol barada beýannama;

8) şu Kanunyň 13-nji maddasyna laýyklykda potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) topary çäklendirilen halatynda – şeýle çäklendirme üçin esaslar;

9) bäsleşik işleri oňa çäklendirmeli gatnaşmak arkaly geçirilende, kotirowkalar talap edilende– şeýle saýlama üçin esaslar;

10) deslapky hünär dereje düzgünleriniň ulanylmagy üçin esaslar;

11) deslapky hünär dereje ýa-da bäsleşik resminamalarynyň düşündirişleri hakynda talaplaryň hem-de olara jogaplaryň umumy beýany;

12) berlen şikaýatlar we olaryň çözlüş usullary hakynda maglumatlar;

13) maýa goýum maslahatçylarynyň we bilermenleriniň çekilmegi hakynda maglumatlar;

14) ýeňiji diýlip yglan edilen oferentiň atlandyrylyşy(ady);

15) bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan şu Kanuna laýyklykda bellenilen başga zerur maglumatlar.

2. Bäsleşigiň netijeleri hakynda bäsleşik toparynyň agzalary tarapyndan gol çekilen, şu Kanunyň 25-nji maddasynyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan halatynda bolsa, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylan teswirnamabäsleşigiň ýeňijisi bilen üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň baglaşylmagy üçin esas bolup durýar.

 

271-nji madda. Üpjün etmeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilen mahalynda bäsleşikleri geçirmegiň aýratynlyklary

 

Üpjün etmeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän mahalynda, bäsleşigiň guramaçysy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk şu maddada – bäsleşigiň guramaçysy) bolup durýan halatynda:

1) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji bölegindegöz öňünde tutulan gatnaşyjylardan başga, bäsleşik işleriniň gatnaşyjysy, şeýle-de buýrujy bolup durýar;

2) buýrujy:

a) bäsleşigiň guramaçysyna geljekde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan üpjün edilmeler boýunça bäsleşigiň geçirilmeginebäsleşik ýüztutmasyny berýär hem-de onuň esaslylygy üçin jogapkärçilik çekýär;

b) bäsleşik boýunça üpjün edilmeleriň şertlerini we üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň möçberini belleýär;

ç) şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde bellenilen halatlarda potensial üpjün edijileriň (potratçylaryň) deslapky hünär dereje saýlamasyny geçirýär;

3) bäsleşigiň guramaçysyna şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 3-nji bendiniň «b» we «ç» kiçi bentleriniň, 7-nji bendiniň hem-de 22-nji maddasynyň birinji böleginiň hereketi degişli däldir;

4) bäsleşigiň guramaçysy şu Kanunyň 8-nji maddasynda bellenilen wezipelerden başga, şeýle-de şu aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:

a) bäsleşik ýüztutmasy (kotirowkasy) ykdysady taýdan has köp amatly bolan oferent bilen üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyny baglaşmak hakynda bäsleşik topary tarapyndan kabul edilen çözgüde we bäsleşigiň netijesi hakynda tassyklanan teswirnamanyňesasynda üpjün etmegiň amala aşyrylmagy boýunça netijenamany taýýarlaýar, oňa bäsleşigiň guramaçysy we buýrujy tarapyndan gol çekilýär;

b) bellige alyş kitabyny ýöredýär, onda bäsleşik ýüz tutmasynyň (kotirowkanyň) bellige alnandygy (bellige almakdan ýüz öwrülendigi) görkezilýär;

ç) bäsleşik ýüztutmalarynyň (kotirowkalarynyň) berilmeginiň takyk senesini we ahyrky möhletiniň wagtyny belleýär, ol çäklendirmesiz gatnaşmak arkaly bäsleşik işleri, şeýle-de çäklendirmeli gatnaşmak arkaly bäsleşik işleri amala aşyrylýan mahalynda hem bäsleşigiň geçirilmegi hakynda habar çap edilen ýa-da bäsleşige gatnaşmak üçin çakylygyň iberilen günündenbaşlap degişlilikde – azyndan on bäş iş güni bolmalydyr.

Çäklendirmeli gatnaşmak arkaly bäsleşik aýratyn halatlarda buýrujynyň esaslandyrylan ýüztutmasy esasynda has gysga möhletlerde geçirilip bilner;

5) bäsleşik toparyna şu Kanunyň 9-njy maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji bendiniň hereketi degişli däldir;

6) bäsleşik topary şu Kanunyň 9-njy maddasynda bellenilen wezipelerden başga, şeýle-de bäsleşik ýüztutmasy (kotirowkasy) ykdysady taýdan has köp amatly bolan oferent bilen üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyny baglaşmak hakynda hem çözgüt kabul edýär.

 

VI BAP.ÜPJÜN ETMEGIŇ (POTRATYŇ) ŞERTNAMASY

 

28-nji madda. Üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasy

 

1. Bäsleşigiň guramaçysy (buýrujy) bilen bäsleşigiň ýeňijisiniň arasynda üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

2. Bäsleşigiň ýeňijisi üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyny baglaşmakdan ýüz öwren ýa-da ol tarapyndan üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmegi üpjün edilmedik halatynda ofertasy we hünär derejesi üpjün etmäniň şertlerini has kanagatlandyrýan bäsleşigiň beýleki gatnaşyjylarynyň hataryndan bolan oferent bäsleşigiň ýeňijisi diýlip ykrar edilip bilner ýa-da bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan bäsleşik gaýtadan geçirilip bilner.

3. Bäsleşigiň özi bilen şertnama baglaşylan ýeňijisiniň adynyň, salgysynyň we şertnamanyň bahasynyň görkezilmegi bilen üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň baglaşylandygy hakynda habar ol baglaşylandan soň üç iş gününiň dowamynda bäsleşige gatnaşan oferentlere maglumat üçin iberilýär.

4. Gol çekilen üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasyna üpjün edijiniň (potratçynyň) saýlanylmagy üçin esas bolup durýan ofertanyň mazmunyny üýtgedip biljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegine rugsat berilmeýär.

5. Üpjün etmegiň (potratyň) şertnamalaryndan gelip çykýan gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

29-njy madda. Üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi

 

1. Bäsleşigiň ýeňijisi şu aşakdaky ýagdaýlarda üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça üpjün etmäni bermelidir:

1) şertnamanyň närsesi maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy bolup durýan bolsa;

2) üpjün etmegiň öňünden tölenilmegi göz öňünde tutulýan bolsa.

2. Üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bank kepilligini, güwä geçilmegini, milli pulda ujundan pul geçirilmeginiözünde jemläp biler.

Üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň anyk görnüşi bäsleşik resminamalarynda kesgitlenilýär.

3. Üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň pul möçberi üpjün edilmegi göz öňünde tutulýan harytlaryň, işleriň ýerine ýetirilmeginiň ýa-da hyzmatlaryň edilmeginiň möçberiniň on göteriminden artyk bolmaly däldir.

4. Üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginiň hereketiniň möhleti üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň närsesiniň doly ýerine ýetirilmegine çenli güýjünde bolmalydyr, ondan soňra üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi üpjün edijä (potratça) yzyna gaýtarylmaga degişlidir.

 

VII BAP. TARAPLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGI. JEDELLERIŇ ÇÖZÜLÜŞI

 

30-njy madda. Taraplaryň jogapkärçiligi

 

1. Wezipeli adamlar ýa-da bäsleşik işlerine gatnaşyjylaryň wekilleri tarapyndan täjirçilik ýa-da kanun tarapyndan goralýan başga syry düzýän maglumatlar ýaýradylan halatynda ýetirilen zyýan hukuklary bozulan şahsa günäkär tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öwezi dolunmaga degişlidir.

Bäsleşik işleriniň şu Kanunyň beýleki düzgünleriniň bozulmagynda günäkär gatnaşyjylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Bäsleşigiň guramaçysy (buýrujy) we üpjün ediji (potratçy) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün etmegiň (potratyň) şertnamasynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

31-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

1. Bäsleşik işleri amala aşyrylan mahalynda ýüze çykýan jedeller bäsleşik işlerine gatnaşyjylaryň şikaýatlaryna garamagyň tertibine laýyklykda ýa-da kazyýet tertibinde çözülýär.

2. Bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan bäsleşik toparynyň çözgüdine şikaýat edilmegi bilen baglanyşykly kabul edilen çözgüt bäsleşigiň netijeleri hakynda teswirnama goşulýar.

3. Bäsleşigiň guramaçysy tarapyndan bäsleşik we hünär dereje resminamalarynda bellenilýän talaplar we şertler şikaýat etmäniň närsesi bolup bilmez.

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

32-nji madda. Bäsleşige gatnaşmak bilen baglanyşykly çykdajylaryň maliýeleşdirilmegi

 

1. Bäsleşik ýüz tutmasynyň (kotirowkanyň) taýýarlanylmagy we berilmegi bilen baglanyşykly çykdajylary oferent çekýär.

2. Bäsleşigiň guramaçysy bäsleşigiň netijesine garamazdan oferentleriň bäsleşige gatnaşmagy bilen baglanyşykly borçnamalary çekmeýär we olaryň çykaran çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyny amala aşyrmaýar.

3. Bäsleşigiň guramaçysynyň bäsleşigiň guralmagy hem-de geçirilmegi boýunça çykdajylarynyň öwezi ýörite (bäsleşik) ýygymyň serişdeleriniň hasabyna dolunýar.

Bäsleşigiň guramaçysynyň bäsleşik resminamalaryny berendigi hem-de ony düşündirendigi üçin goşmaça töleg almaga haky ýokdur.

4. Ýörite (bäsleşik) ýygymyň möçberi bäsleşigiň netijesine garamazdan yzyna talap edilmäge degişli däldir, bäsleşigiň ýatyrylan halatlary muňa degişli däldir.

5. Bäsleşigiň guramaçysy we potratçy tarapyndan amala aşyrylan bäsleşik işleri we üpjün etmeler bilen baglanyşykly çykdajylary tassyklaýan resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişlilikde bäsleşigiň guramaçysynda we üpjün edijide (potratçyda) saklanylýar.

 

33-nji madda. Habar bermegiň görnüşi

 

Bäsleşik işleri we üpjün etmeler amala aşyrylan mahalynda diňe ýazmaça görnüşde ýerine ýetirilen habarnamalar, şeýle hem habarlar, beýannamalar, teswirnamalar we netijenamalar hakyky diýlip ykrar edilýär.

 

34-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                              Gurbanguly

    Prezidenti                                                                Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 20-nji dekabry.

№ 158-V.

 

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 20.12.2014
Resminamanyň belgisi № 158 - V