Neşirýat işi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Neşirýat işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 142-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 25.11. 2017 г. № 667-V Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun çap önümini neşir edijileriň, taýýarlaýjylaryň, ýaýradyjylaryň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) neşirýat işi – çap önümini taýýarlamak, taýýar etmek, çykarmak we ýaýratmak bilen meşgullanýan, ýuridik we fiziki şahslaryň guramaçylyk-döredijilik we önümçilik-hojalyk işini gurşap alýan ykdysadyýetiň pudagy;

2) çap önümi – hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan döwürleýin çap önümlerinden başga tiražyna we olary taýýarlamagyň usulyna garamazdan, sarp edijiler üçin niýetlenen neşir;

3) neşir – neşirýat taýdan bezemäge, poligrafiýa we tehniki taýdan ýerine ýetirmäge degişli Türkmenistanyň döwlet standartlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda şol bir çaphana toplumyndan çap edilen we çap etmek, şekilini almak ýa-da başga usul bilen taýýarlanylan redaksion-neşirýat taýýarlygyny geçen we ýaýratmak üçin niýetlenen maglumaty özünde saklaýan, şol bir poligrafiýa önümçiliginiň önüminiň nusgalyklarynyň jemi (kitaplar, broşýuralar, albomlar, plakatlar, bukletler, otkrytkalar we beýleki önümler);

4) neşir ediji – neşirýat işini amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik (neşirýat) şahs.

Neşirýat işi girdejileriniň esasy çeşmesi bolup durmaýan fiziki ýa-da ýuridik (neşirýat guramasy) şahs hem neşir edijä deňleşdirilip bilner.

5) neşirýat – işiniň esasy görnüşi neşirýat işi bolup durýan ýöriteleşdirilen kärhana;

6) neşirýat guramasy – tertipnamalarynda işiň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda neşirýat işi göz öňünde tutulan kärhana, edara ýa-da gurama;

7) neşirýat bilen bagly iş – çap önümini redaksion-neşirýat taýdan taýýarlamak we goýberilişe çykarmak boýunça iş;

8) çap önümini redaksion-neşirýat taýdan taýýarlamak – awtorlyk materialyny redaksion taýdan işläp taýýarlamak, ony tehniki we çeperçilik taýdan redaktirlemek, bezemek we neşiriň asyl nusga-maketini döretmek;

9) çap önümini goýberilişe çykarmak – çap önüminiň tiražyny dolanyşyga çykarmak;

10) neşirýatyň redaksiýasy – goýberilişe niýetlenen çap önümini redaktirleýän we beýleki taýýarlyk işlerini amala aşyrýan gurluş düzüm birligi ýa-da neşirýatyň (ýa-da neşirýat guramasynyň) işgäri (işgärleri);

11) redaktirlemek – ylmy, edebiýat, tehniki nukdaýnazardan awtoryň (düzüjiniň) razylygy bilen awtora (düzüjä) edilen buýurmanyň esasynda ýa-da awtoryň özüniň (düzüjiniň) hödürnamasy boýunça neşir edijä gelip gowşan awtorlyk materialynyň neşir ediji tarapyndan kämilleşdirilmegi hem-de gysgaltmalary, üýtgetmeleri, goşmaçalary we düzedişleri girizmek bilen ony neşir etmäge taýýarlamak;

12) çap önümini taýýarlaýjy – poligrafiýa işini amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik (poligrafiýa kärhanasy) şahs;

13) poligrafiýa işi – çap önümini taýýarlamak boýunça iş;

14) çap önümini taýýarlamak – poligrafiýa ýa-da beýleki tehniki serişdeler bilen çap önüminiň (neşiriň) asyl nusgasyny belli bir tiraž bilen gaýtadan işläp çykarmagyň önümçilik-tehnologik prosesi;

15) tiraž – neşiriň taýýarlanan nusgalyklarynyň mukdary;

16) çap önümini ýaýradyjy – neşir ediji bilen şertnama baglaşmak arkaly ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslarda çap önümini ýaýratmak bilen meşgullanýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

17) çap önümini ýaýratmak – söwda ulgamynyň üsti bilen, şeýle hem beýleki usullar bilen çap önümini ony aýrybaşgalamagyň dürli görnüşlerini (satmak, ýazylmak, paýlamak) ulanmak arkaly sarp edijä çenli ýetirmek;

18) kitap söwdasy kärhanasy – söwda ulgamynyň çap önümini ýerlemegi amala aşyrýan ýöriteleşdirilen kärhanasy;

19) çap önümini sarp ediji – fiziki şahslar we eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslar;

20) çap önümini buýrujy – öz üstüne maliýe borçnamalaryny alyp, çap önümini buýurýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

21) çap önümini saklamak – Türkmenistanyň çäginde çykan neşirleriň mugt hökmany nusgalyklarynyň gazna saklaýjysy tarapyndan abat saklanylmagy;

22) gazna saklaýjy – Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy;

23) UOK (uniwersal onluk klassifikasiýa) – ylmy, edebiýat we sungat eserlerini, döwürleýin metbugaty, resminamalaryň dürli görnüşlerini we kartotekalary guramagy ulgamlaşdyrmak üçin maglumatyň klassifikasiýa ulgamy;

24) CIP (neşirdäki kataloglaşdyrmak) – baş sahypanyň arka tarapynda ýerleşen, neşiriň standart bibliografik beýany;

25) ISBN – kitabyň ýa-da broşýuranyň halkara standart belgisi, ol islendik kitaby ýa-da belli bir neşir edijiniň broşýurasyny halkara derejesinde anyklaýar;

26) ISMN – çap edilen notalaryň halkara standart belgisi;

27) ISSN tapgyrlaýyn neşirleriň halkara standart belgisi.

 

2-nji madda. Neşirýat işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Neşirýat işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan we neşirýat işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasy bilen şu Kanunda göz öňünde tutulandakylardan başga kadalar bellenilse, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanda neşirýat işiniň esasy maksatlary we ýörelgeleri

 

1. Şu aşakdakylar neşirýat işiniň esasy maksatlarydyr:

1) şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň çap önümine bolan isleglerini kanagatlandyrmak;

2) çap önüminiň tiražyny we möçberlerini artdyrmak, şeýle hem kitap önüminiň tematikasyny giňeltmek arkaly türkmen halkynyň medeni ösüşine ýardam etmek;

3) Türkmenistanyň raýatlarynyň medeni derejesini ýokarlandyrmak, dünýä edebiýatynyň, sungatynyň, ylmynyň we beýleki meşhur neşirleriniň ajaýyp eserlerini terjimede neşir etmek arkaly daşary ýurt çap önümine elýeterliligiň üsti bilen olary umumadamzat gymmatlyklaryna çekmek;

4) milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan awtorlar hökmünde raýatlara öz-özüňi aňlatmak üçin mümkinçilikler döretmek.

2. Şu aşakdakylar neşirýat işiniň esasy ýörelgeleridir:

1) ynsanperwerlik we umumadamzat gymmatlyklaryna ugrukmak, milli gymmatlyklary tassyklamak we ýaýbaňlandyrmak;

2) çap önümini neşir edijileriň, taýýarlaýjylaryň we ýaýradyjylaryň özbaşdaklygy;

3) okamagy ýaýbaňlandyrmak we okamagy goldamak;

4) çap önüminiň bäsdeşlige ukyplylygy;

5) intellektual eýeçiligiň goragy;

6) maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek.

 

4-nji madda. Neşirýat işi babatda döwlet syýasaty

 

1. Neşirýat işi babatda döwlet syýasaty aşakdakylara gönükdirilendir:

1) raýatlaryň kanunda gadagan edilmedik usulda maglumaty erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga bolan konstitusion hukugyny durmuşa geçirmäge;

2) neşirýat işini düzgünleşdirmäge we ösdürmäge;

3) milli kitap neşirini ösdürmäge we goldamaga, çap önümini ýerlemek bazarlaryny giňeltmäge;

4) neşirýat işiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny, hukuk we ylmy esaslaryny pugtalandyrmaga;

5) neşir edijileriň we awtorlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini we olaryň öz borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

6) neşirýat işi babatda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, neşirýat işi babatda telekeçiligi ösdürmek üçin bäsdeşli bazar şertlerini döretmäge;

7) neşirýat işi babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etmäge.

Neşirýat işi babatda döwlet syýasaty görkezilen ugurlara laýyklykda salgyt, gümrük, walýuta, şeýle hem düzgünleşdirmegiň beýleki görnüşleri arkaly amala aşyrylýar.

2. Neşirýat işi babatda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:

1) türkmen halkynyň nusgawy taryhy-medeni mirasy we Türkmenistanyň milli medeni baýlygy hasap edilýän eserleri neşir etmek;

2) bazaryň we kitaphana gaznalarynyň üstüni döwlet dilindäki neşirler bilen ýetirmek, döwlet häkimiýet edaralaryny, bilim, medeniýet, ylmy edaralaryny, şeýle hem hojalyk guramalaryny döwlet dilindäki zerur edebiýat bilen üpjün etmek;

3) türkmen halkynyň milli ruhy we taryhy-medeni gymmatlyklaryny görkezýän kitaplary we beýleki çap önümini, şol gymmatlyklary dünýä möçberinde wagyz etmek we Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, dünýäde has giňden ulanylýan dillere terjime etmek, neşir etmek we olaryň ýaýradylmagyna höwes döretmek;

4) Türkmenistanyň raýatlaryny umumadamzat gymmatlyklaryna utgaşdyrýan dünýä nusgawy edebiýatyna degişli bolan eserleri we beýleki daşary ýurt çap önümlerini döwlet diline terjime edilen görnüşinde neşir etmek;

5) neşirýatlaryň, çaphanalaryň we çap önümini ýaýratmak ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak;

6) neşirýat işiniň subýektleriniň maddy-enjamlaýyn we ylmy binýadyny ösdürmäge gönükdirilen çäreleri maliýeleşdirmek üçin neşirýat işini goldamak gaznalaryny döretmek;

7) beýleki ýurtlaryň neşirýatlary bilen aragatnaşyklary ýola goýmak, halkara konwensiýalaryna goşulmak we neşirýat işi babatda halkara ylalaşyklaryny baglaşmak.

Neşirýat işi babatda döwlet goldawy çap önümini çykarmaga döwlet buýurmasynyň esasynda amala aşyrylýar, ony döretmegiň we amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

5-nji madda. Neşirýat işiniň erkinligi

 

1. Neşirýat işiniň subýektleri tematikany, ýöriteleşmegi, önümçilik kooperasiýasyny kesgitlemekde, çap önümleriniň awtorlaryny saýlamakda, tiražlary, çap önümine bolan bahalary we söwda indirimlerini (nyrhynyň peseldilmegi) kesgitlemekde, özaralarynda, öndürijiler we kagyzy getirijiler bilen, şeýle hem neşirýat işiniň düzüm bölekleriniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini amala aşyrýan beýleki guramalar bilen aragatnaşyklaryň görnüşlerini ýola goýmakda döredijilik we (ýa-da) önümçilik özbaşdaklygyna eýedirler.

2. Döwlet edaralarynyň ýa-da jemgyýetçilik birleşikleriniň wezipeli adamlary tarapyndan, eger-de olar bu materiallaryň awtorlary däl bolsalar, deslapky ylalaşylan materiallardan ýazgynyň aýry-aýry bölekleriniň alynmagynyň ýa-da düzedilmeginiň neşir edijilerden talap edilmegine ýol berilmeýär.

Neşir etmäge taýýarlanan golýazmalaryň we materiallaryň senzurasyna ýol berilmeýär.

 

6-njy madda. Neşirýat işiniň erkinliginiň hyýanatçylykly peýdalanylmagyna ýol bermezlik

 

Döwlet ýa-da kanun bilen beýleki goralýan syry, konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmäge çagyryşy, urşy, zorlugy we pornografiýany, teniniň reňki boýunça, milli, dini aýratynlygy ýa-da barlyşyksyzlygy wagyz etmek, adamyň namysyny we mertebesini kemsitmek, töhmet atmak, jenaýat taýdan beýleki temmi berilýän etmişleri amala aşyrmaga çagyryşlary düzýän maglumatlary özünde saklaýan neşirleriň taýýarlanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

Neşirýat işinde şu aşakdakylara ýol berilmeýär:

1) ýaramaz hilli mahabata degişli edilen maglumaty özünde saklaýan çap önümini, şeýle hem  Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny (Döwlet Tugrasy, Döwlet Baýdagy, Döwlet Senasy) dürli hilli gelşiksiz görnüşde suratlandyrýan mahabaty öndürmäge ýa-da ýaýratmaga;

2) raýatlara, kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da döwlete zyýan ýetirip biljek maglumatlary, habarlary halka ýetirmeklige, şeýle hem şunuň ýaly harytlaryň, hyzmatlaryň mahabatyna;

3) dini, milli we milletara aýratynlygy hem-de teniniň reňki boýunça döreýän agzalalygy öjükdirmäge ýardam edýän, dini ekstremizmiň, separatizmiň we fundamentalizmiň taglymlaryny özünde saklaýan çap önümini taýýarlamaga we ýaýratmaga;

4) eýesiniň (şärikli eýeleriniň) rugsady bolmazdan, şeýle hem intellektual eýeçilik babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny bozmak bilen çap önümini ýerlemäge.

 

II BAP. NEŞIRÝAT IŞINIŇ SUBÝEKTLERI WE OBÝEKTI

 

7-nji madda. Neşirýat işiniň subýektleri

 

1. Neşirýat işiniň subýektleri awtorlar, çap önümini neşir edijiler, taýýarlaýjylar, buýrujylar we ýaýradyjylar bolup durýarlar.

2. Neşirýat işiniň subýektleri işiň beýleki görnüşleriniň subýektleri bilen eýeçilik gatnaşygynda we önümçilik gatnaşyklarynda çykyş edýärler, olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan şertnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

 

8-nji madda. Neşir edijiniň statusy

 

1. Neşir ediji şu aşakdaky hukuklara eýedir:

1) döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlardan çap önümini taýýarlamak we çykarmak üçin buýurmalary kabul etmek, olara öz işiniň ugry boýunça redaksion-neşirýat we beýleki hyzmatlary etmek;

2) çap önümini çykarmagyň tematik meýilnamalaryny özbaşdak döretmek we tassyklamak;

3) öz redaksiýasyna we beýleki gurluş düzüm birliklerine tematik meýilnamanyň we şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän görkezijileri bellemek;

4) awtoryň emläk we emläkleýin däl şahsy hukuklaryny, şol sanda beýleki ýurtlarda onuň eserlerini peýdalanmak hukuklaryny edinmek;

5) neşirýat şertnamasynda bellenilen möhletiň dowamynda awtorlyk hukugy bilen goralan eserleri neşir etmek we gaýtadan neşir etmek;

6) tertipnamalaýyn işi üpjün etmek üçin öz çykarýan çap önümini peýdalanmak, çap önümini özbaşdak ýaýratmak ýa-da çap önümini ýaýradyjylaryň hyzmatlaryndan peýdalanmak;

7) girdeji almak maksady bilen çap önümini satyn almak-satmak boýunça amallary amala aşyrmak;

8) daşary ýurtlarda Türkmenistanly awtorlaryň we Türkmenistanda daşary ýurtly awtorlaryň eserlerini peýdalanmak hakynda daşary ýurtly ýuridik şahslar we daşary ýurt raýatlary bilen şertnamalar baglaşylanda dellalçylyk hyzmatlaryny etmek;

9) döwlet, jemgyýetçilik, halkara baýraklaryny almak üçin neşir edilen ylmy, edebiýat we sungat eserlerini hödürlemek hakynda teklipler girizmek;

10) neşir edijileriň halkara guramalarynyň işine gatnaşmak, öz çap önümini milli we halkara bäsleşiklerine, sergilerine we ýarmarkalaryna çykarmak;

11) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmak.

2. Neşir ediji şu aşakdakylara borçludyr:

1) çap önümine bolan sarp edijilik islegini kanagatlandyrmaga çalyşmaga;

2) çap önümini kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda bezemäge;

3) umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň ykrar edilmegine, ylmyň we medeniýetiň ösdürilmegine, türkmen jemgyýetiniň ruhy islegleriniň kanagatlandyrylmagyna ýardam etmäge;

4) awtorlyk hukuklaryny, kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny, neşirýat işini kadalaşdyrýan Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge;

5) taýýarlaýjy tarapyndan neşirleriň hökmany nusgalarynyň öz wagtynda iberilmegine gözegçilik etmäge;

6) bellenilen tertipde döwlet statistik hasabatlylygyny ýöretmäge, çap bolup goýberilişe çykan neşirler hakynda maglumaty bermäge;

7) eger neşirýat şertnamasynda başga kada göz öňünde tutulmadyk bolsa, öz çap önüminiň çykyşy we ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy üçin jogapkärçilik çekmäge;

8) döwürleýin çap neşiriniň edarasynyň esaslandyryjysy hökmünde çykyş edilende «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryny berjaý etmäge;

9) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary berjaý etmäge.

3. Neşir edijä çap önümini taýýarlamagyň we çykarmagyň barşynda döredilen intellektual eýeçilige bolan hukuk degişlidir, ol neşir edijiniň adyny, şeýle hem çykan ýylyny görkezmek bilen neşir edijiniň nyşany (töweregiň içindäki latyn «C» harpy) bilen bellenilýär.

Neşir ediji haçanda neşirýat işi intellektual eýeçiligiň obýektini özünde saklaýan neşiriň asyl nusgasyny gaýtadan öndürmegi niýet eden mahalynda, awtoryň ýa-da intellektual eýeçilik obýektine bolan hukuga eýelik edijiniň rugsadyny almaga borçludyr.

4. Mahabat häsiýetli önümi çykarmaga ýöriteleşdirilen neşir edijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmeýär.

5. Neşir ediji çap önümini taýýarlaýjynyň we (ýa-da) ýaýradyjynyň hukuklaryny hem amala aşyryp biler.

 

9-njy madda. Çap önümini taýýarlaýjynyň statusy

 

1. Çap önümini taýýarlaýjy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda borçlaryny ýerine ýetirýär we öz hukuklaryny amala aşyrýar.

2. Çap önümini taýýarlaýjy onuň önümçiligini neşir edijilerden gelip gowuşýan buýurmalaryň esasynda amala aşyryp biler.

Çap önümini taýýarlaýjy diňe Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy tarapyndan berlen, UOK indeksi, ISBN, ISMN ýa-da ISSN belgileri bolan buýrujydan çap önümini taýýarlamak üçin buýurma kabul edýär.

Buýurmalary ýerine ýetirmegiň şertleri we möhletleri taraplaryň arasyndaky şertnama bilen bellenilýär.

3. Çap önümini taýýarlaýjy neşiriň asyl nusgasynyň takyk gaýtadan öndürilmegi, buýurma tiražynyň neşiriniň her bir nusgalygyny ýerine ýetirmegiň hili boýunça talaplaryň, döwlet we döwletara standartlarynyň, tehniki şertleriň we poligrafiýa babatda beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň berjaý edilmegi üçin buýrujynyň öňünde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

4. Çap önümini taýýarlaýjy neşiriň taýýarlanan tiražyny ýa-da onuň bir bölegini, neşiriň asyl nusgadaky nusgalygyny, maket we surat görnüşini ýa-da çap görnüşlerini buýrujynyň rugsady bolmazdan başga adama berip bilmez, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga neşiriň goşmaça ýa-da täze neşirini çap edip bilmez.

5. Çap önümini taýýarlaýjy öz işlerini çap etmek we köpeltmek hukugyna eýedir.

6. Çap önümini taýýarlaýjy özünde neşir edijiler üçin şu Kanunda göz öňünde tutulan ähli hukuklar we borçlar bolan mahalynda neşirýat işini amala aşyrmak hukugyna eýedir.

 

10-njy madda. Çap önümini ýaýradyjynyň statusy

 

1. Çap önümini ýaýradyjy aşakdaky hukuklara eýedir:

1) çap önüminiň bölek we lomaý satuw söwdasyny amala aşyrmak;

2) öz önümçilik meýilnamalaryny özbaşdak döretmek, öz işiniň möçberlerini kesgitlemek, tematik ugur boýunça çap önümini seçip almak;

3) fiziki we ýuridik şahslardan çap önümini ýaýratmak üçin buýurmany kabul etmek, çap önümini neşir edijiler we taýýarlaýjylar bilen buýurmany ylalaşmak;

4) getirmek ýa-da äkitmek maksady bilen daşary ýurtly çap önümini neşir edijiler, taýýarlaýjylar we ýaýradyjylar bilen önümçilik gatnaşyklaryny ýola goýmak.

2. Çap önümini ýaýradyjy şu aşakdakylara borçludyr:

1) öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga;

2) çap önümini Türkmenistanyň çäklerinden daşyna çykarmak we Türkmenistana getirmek hakynda döwlet statistik hasabatlylygyny bellenilen tertipde bermäge.

 

11-nji madda. Çap önümini buýrujy

 

1. Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary islendik çap önüminiň buýrujylary bolup bilerler.

2. Awtorlar (şärikli awtorlar), düzüjiler we terjimeçiler aşakdaky materiallary redaksion-neşirýat taýdan taýýarlamak we onuň çap edilip çykarylmagy üçin neşir edijä berip bilerler:

1) belletristika, jemgyýetçilik-syýasy, mahabat, maglumat, okuw, ylmy, amaly we tehniki häsiýetli eserleri;

2) çykyşlary, umumy okuwlaryň ýygyndylaryny, sözleri, nutuklary, wagyzlary;

3) sözli we sözsüz saz eserlerini;

4) drama, sazly-drama eserlerini;

5) amaly sungatyň eserlerini;

6) fotosuratlary, şekilleri, kartalary we atlaslary, meýilnamalary, eskizleri;

7) terjimeleri, annotasiýalary, synlary, gysgaça mazmunlary, eserleriň beýleki işläp taýýarlamalaryny we terjime edilýän eserleriň goragyna, uýgunlaşmagyna ýa-da beýleki gaýtadan işläp taýýarlamaga zyýan ýetirmezden, asyl nusganyň mazmunyna zyýan ýetirmeýän folklor işläp taýýarlamalary;

8) eserleriň ýygyndylaryny, folklor işläp taýýarlamalarynyň ýygyndylaryny, ensiklopediýalar we antologiýalary, adaty maglumatlaryň ýygyndylaryny, beýleki düzümli eserleri, şunda olara düzüm bölekleri bolup girýän eserlere bolan awtorlyk hukugy bozmazdan seçip almak, utgaşdyrmak ýa-da mazmunyny tertipleşdirmek boýunça döredijilik işiniň netijesi bolmalydyr;

9) beýleki eserleri (öz serişdelerine, hemaýatçylaryň, haýyr-sahawat we beýleki gaznalaryň serişdelerine neşir edilen eserler).

3. Buýrujy neşiriň dilini, möçberini, tiražyny kesgitleýär, ony peýdalanmak ýa-da ýaýratmak hakyndaky meseläni özbaşdak çözýär.

4. Neşir ediji çap önümini taýýarlaýjynyň we ýaýradyjynyň öňünde buýrujy bolmak hukugyna eýedir.

5. Çap önümi üçin buýurmany ýerine ýetirmegiň şertleri, taraplaryň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda awtoryň (şärikli awtorlaryň), olaryň mirasdarlarynyň ýa-da awtorlaryň ýa-da olaryň mirasdarlarynyň buýurmanyň obýektine bolan öz awtorlyk emläk hukuklaryny beren olaryň mirasdarlary ýa-da beýleki buýrujynyň çap önümini neşir edijiniň, taýýarlaýjynyň we ýaýradyjynyň arasynda baglaşylan şertnama bilen kesgitlenilýär.

 

12-nji madda. Çap önümini neşir edijiniň, awtoryň, taýýarlaýjynyň we ýaýradyjynyň arasynda özara gatnaşyklaryň aýratyn şertleri

 

Çap önümini neşir ediji, awtor, taýýarlaýjy we ýaýradyjy, eger munuň özi neşirýat işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmese, özara gatnaşyklarynyň aýratyn şertlerini ylalaşmaga haklydyrlar.

 

13-nji madda. Çap önümini sarp edijiniň hukuklary

 

Çap önümini sarp ediji şu aşakdaky hukuklara eýedir:

1) poligrafiýa ýa-da beýleki tehnologik kemçiligi ýüze çykarylan çap önümini çalyşmaga;

2) degişlilikde gol çekilip resmileşdirilen borçnamalary ýerine ýetirmegiň kepilligine.

 

14-nji madda. Neşirýat işiniň obýekti

 

Neşirýat işiniň obýekti çap önümidir, ony neşirleriň görnüşlerine görä aşakdaky alamatlary boýunça bölýärler:

1) maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça – resmi, ylmy, ylmy-populýar, ylmy-önümçilik, ylmy-usulyýet, önümçilik-amaly kadalaşdyrmalar, höwesjeňler üçin önümçilik-amaly, okuw, ylmy-usulyýet, jemgyýetçilik-syýasy, maglumatnama, maglumat, ruhy-aň bilim, mahabat, edebi-çeper neşirler, boş wagty we dynç alşy guramak üçin neşirler;

2) maglumaty analitik-sintetik taýdan gaýtadan işlemek boýunça – maglumat, bibliografik, referatiw, syn we gysga beýanly neşirler (daýjestler);

3) maglumat beriş nyşanlary boýunça – ýazgy, nota, kartografik, şekillendiriş neşirleri;

4) maddy konstruksiýa boýunça – kitap, list, toplumlaýyn, kartoçka neşirleri, bukletler, plakatlar, poçta kartoçkalary, oýnawaç- kitaplar;

5) göwrümi boýunça – kitaplar, broşýuralar, otkrytkalar;

6) esasy ýazgynyň düzümi boýunça – monografiýalar, ýygyndylar;

7) döwürleýinligi boýunça – döwürleýin däl, tapgyrlaýyn, döwürleýin, dowam edýän neşirler;

8) gurluşy boýunça – neşirleriň bölümleri, bir jiltli, köp jiltli neşirler, eserleriň ýygyndylary, saýlanan eserler.

Çap önümine degişli edilen neşirleriň beýleki görnüşleri hem neşirýat işiniň obýekti bolup biler.

 

III BAP. NEŞIRÝAT IŞINI GURAMAK

 

15-nji madda. Neşirýatlary, poligrafiýa we kitap söwdasy kärhanalaryny esaslandyryjylar we olaryň statusy

 

1. Neşirýatlaryň, poligrafiýa we kitap söwdasy kärhanalarynyň esaslandyryjylary (şärikli esaslandyryjylary) bolup döwlet häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, Türkmenistanyň beýleki ýuridik şahslary we raýatlary çykyş edip bilerler.

Daşary ýurtly ýuridik şahslar Türkmenistan tarapyndan baglaşylan halkara şertnamalarynda bellenilen halatlarda neşirýatlaryň, poligrafiýa we kitap söwdasy kärhanalarynyň esaslandyryjylary (şärikli esaslandyryjylary) bolup bilerler.

Şu aşakdakylar esaslandyryjy (şärikli esaslandyryjy) bolup bilmezler:

1) on sekiz ýaşyna ýetmedik ýa-da kazyýetiň hökümi boýunça azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýat;

2) işi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde gadagan edilen jemgyýetçilik birleşigi, kärhana, edara, gurama;

3) daşary ýurt raýaty ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan, raýatlygy bolmadyk adam.

Şärikli esaslandyryjylar esaslandyryjy hökmünde bilelikde çykyş edýärler.

2. Esaslandyryjy bilen onuň esaslandyran neşirýatynyň, poligrafiýa ýa-da kitap söwdasy kärhanasynyň arasyndaky özara gatnaşyklar tertipnama, esaslandyryjy şertnama we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

3. Esaslandyryjy esaslandyrylýan obýektiň hususyýetçisidir, onuň tematikasyny we (ýa-da) ýöriteleşmesini kesgitleýär, esaslyk maýasyny döredýär, tertipnamasyny tassyklaýar, şeýle hem beýleki hukuklaryny amala aşyrýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda hem-de esaslandyryjy şertnamada bellenilen borçlary ýerine ýetirýär.

4. Esaslandyryjy şol bir wagtda çap önümini neşir ediji, taýýarlaýjy we ýaýradyjy bolup biler.

 

16-njy madda. Neşirýat işi babatda eýeçiligiň görnüşleri we guramaçylyk-hukuk görnüşleri

 

Neşirýatlar (neşirýat guramalary), poligrafiýa we kitap söwdasy kärhanalary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan eýeçiligiň dürli görnüşleriniň esasynda döredilýär.

Neşirýat işinde eýeçiligiň dürli görnüşleriniň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan islendik guramaçylyk-hukuk görnüşleri ulanylýar.

 

17-nji madda. Neşirýat işiniň subýektlerini döwlet tarapyndan hasaba almak

 

Çap önümini neşir ediji, taýýarlaýjy we ýaýradyjy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan hasaba alynýar.

 

18-nji madda. Neşirýat we poligrafiýa işini ygtyýarlylandyrmak

 

Neşirýat we poligrafiýa işi «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.

 

19-njy madda. Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawy

 

1. Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawy, çap önümini neşir edijiler we taýýarlaýjylar hakynda maglumatlary saklaýan, degişli ygtyýarnamalary bermek hakynda çözgüdi bolan ýeke-täk maglumat binýadydyr.

2. Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawyny neşirýat we poligrafiýa işi üçin ygtyýarnamalary bermek hakynda kararlaryň esasynda «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy alyp barýar.

3. Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawyna goşulmaga degişli maglumatlar üýtgän mahalynda çap önümini neşir ediji we taýýarlaýjy ýa-da olaryň ygtyýarly wekili maglumatlaryň üýtgän gününden bir aý möhletde degişli üýtgetmeleri tassyklaýan resminamalary bermek bilen bu hakda neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasyna ýazmaça habar berýärler.

4. Eger şu maddanyň 3-nji böleginde görkezilen şahslar Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawyna goşulmaga degişli nätakyk ýa-da hakyky däl maglumatlary berseler ýa-da bu maglumatlaryň üýtgemegini tassyklaýan galp, ýasama ýa-da hakyky däl resminamalary berseler, neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy ýazmaça habary alan gününden üç iş gününiň dowamynda berlen resminamalary gaýtarýar, olar berilmedik diýlip hasap edilýär.

5. Çap önümini neşir edijiler we taýýarlaýjylar degişli ygtyýarnamanyň hereketi bes edilen mahalynda Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawyndan çykarylmaga degişlidir.

6. Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawyna goşulan çap önümini neşir edijiler we taýýarlaýjylar hakyndaky maglumat neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň Internet ulgamyndaky resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

 

20-nji madda. Neşirýat işiniň subýektleriniň işini bes etmek

 

Neşirýat işiniň subýektleriniň işini bes etmek aşakdaky esaslar boýunça mümkindir:

1) esaslandyryjynyň çözgüdi boýunça;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çap önümini neşir edijiniň, taýýarlaýjynyň, ýaýradyjynyň ýatyrylmagy ýa-da üýtgedilip guralmagy bilen baglanyşykly;

3) şu Kanunyň 6-njy maddasynyň bozulmagyny ýa-da Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň Döwlet sanawyna girizmek üçin beren maglumatlarynyň hakykata laýyk gelmezligini bellän kazyýetiň çözgüdi boýunça.

21-nji madda. Neşirýat işini maliýeleşdirmek

 

Neşirýat işiniň subýektleri aşakdakylaryň hasabyna maliýeleşdirilip bilner:

1) esaslandyryjynyň serişdeleriniň;

2) hemaýatçylaryň serişdeleriniň;

3) fiziki we ýuridik şahslaryň haýyr-sahawatlarynyň;

4) döwlet we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bölünip berlen grantlaryň;

5) neşirýat işiniň subýektleriniň telekeçilik işinden alan girdejileriniň;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň.

 

22-nji madda. Neşirýat şertnamasy

 

1. Neşirýat şertnamasy awtorlyk hukugyna eýelik ediji ýa-da çap önümini buýrujy bilen neşir edijiniň arasynda baglaşylan ylalaşykdyr, onuň esasynda neşir edijä hak-heşdegiň ýerine eseri çap etmäge we ýaýratmaga bolan hukuk berilýär. Neşirýat şertnamasy ýazmaça görnüşde resmileşdirilýär.

2. Neşirýat şertnamasy şu aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

1) berlen hukuklaryň aýratyn ýa-da aýratyn bolmadyk häsiýetini;

2) neşiriň tiražyny;

3) hukugyň berilýän möhletini;

4) berlen hukuklary, täzeden işläp çykarmak tehnologiýasyny;

5) neşir edijiniň awtorlyk hukugyna eýelik edijä tölemeli hak-heşdegini, onuň möçberini, tölegiň möhletini we tertibini;

6) golýazmanyň we beýleki materiallaryň neşir edijä tabşyrylmaly möhletini;

7) eseri çykarmagyň möhletini;

8) awtorlyk hukugyna eýelik edijä awtorlyk nusgalyklary hökmünde neşir ediji tarapyndan mugtuna berilýän nusgalyklaryň sanyny;

9) eseri çap etmek üçin ulanylýan maliýe serişdelerini we bu serişdelerden neşir edilýän kitaplaryň nusgalyklarynyň sanyny;

10) neşiriň tiražyny paýlamagyň we ýerlemegiň görnüşlerini we tertibini;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki şertleri.

 

23-nji madda. Neşiriň hökmany nusgalyklary

 

Metbugatyň döwlet arhiwini döretmek, metbugatyň hasaba alnyşyny we statistikasyny, Türkmenistanyň çäginde ähli çykarylan neşirleriň bibliografik beýanyny guramak maksady bilen çap önümini köpeldip ýaýradyjy poligrafiýa kärhanasy neşir edijiniň tabşyrmagy boýunça ýa-da tiražy taýýarlamak boýunça onuň hasabyna her bir neşiriň hökmany nusgalyklaryny muzdsuz tertipde Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasyna, şeýle hem sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän edaralara we guramalara iberýär.

 

24-nji madda. Çap önümini goýberilişe çykarmak

 

Çap önüminiň ýaýradylmagyna diňe neşir ediji ýa-da onuň ynanç haty boýunça hereket edýän adam tarapyndan çap önüminiň goýberilmegine rugsat berleninden soň ýol berilýär.

 

25-nji madda. Çap önümini ýaýratmagyň tertibi

 

1. Çap önümini ýaýratmak esaslandyryjy, neşir ediji, taýýarlaýjy, awtor tarapyndan olaryň arasyndaky ylalaşyk boýunça ýa-da şertnamalaýyn ýa-da beýleki kanuny esaslarda söwda kärhanalary, beýleki ýuridik şahslar we raýatlar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

2. Eger bu önüm üçin hem bellenilen, hem erkin bahalar boýunça töleg alynsa, onda ol çap önümi täjirçilik ýoly bilen ýaýradylan hasap edilýär. Täjirçilik däl ýol bilen ýaýratmak üçin niýetlenen çap önüminiň «Mugt» ýa-da «Satuwa degişli däl» diýen belligi bolmalydyr we ol täjirçilik ýoly bilen ýaýradylmaga degişli bolup bilmez.

3. Döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, kärhanalar, edaralar we guramalar, wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan çap önüminiň kanuny taýdan ýaýradylmagyna päsgelçilikleriň döredilmegine ýol berilmeýär.

 

26-njy madda. Çap önüminiň çykyş maglumatlary

 

Çykarylýan çap önüminiň her bir nusgalygynda şu aşakdaky maglumatlar bolmalydyr:

1) neşir edijiniň ady we salgysy;

2) materialyň ýygnamaga berlen senesi (güni, aýy, ýyly);

3) materialyň çap etmäge gol çekilen senesi (güni, aýy, ýyly);

4) materialyň 60x90 kagyz listiniň ölçegine getirilen şertli çap listlerindäki göwrümi;

5) materialyň hasap-çap listlerindäki göwrümi;

6) kagyzyň ölçegi we listiň paýy;

7) tiražy;

8) poligrafiýa kärhanasynyň buýurmasynyň belgisi;

9) poligrafiýa kärhanasynyň ady we salgysy;

10) bahasy ýa-da «Erkin baha», «Mugt» ýa-da «Satuwa degişli däl» belligi.

Çap önüminiň hökmany çykyş maglumatlary bolmazdan ony goýberilişe çykarmaga ýol berilmeýär.

 

IV BAP. NEŞIRÝAT IŞI BABATDA DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

27-nji madda. Neşirýat işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) neşirýat işi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) çap önümini neşir edijilere, taýýarlaýjylara we ýaýradyjylara döwlet goldawyny bermegiň şertlerini we tertibini kesgitleýär;

3) Türkmenistanda neşirýat işini ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

4) şu Kanun we neşirýat işi babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

 

28-nji madda. Neşirýat işi babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän ygtyýarly edaralar

 

Neşirýat işi babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän ygtyýarly edaralar:

1) neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy;

2) Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy bolup durýar.

 

29-njy madda. Neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy

 

Neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy:

1) neşirýat işi babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny geçirýär;

2) Türkmenistanda neşirýat işini ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar, durmuşa geçirýär we olaryň ýerine ýetirilmegini utgaşdyrýar;

3) neşirýat işi babatda kanunçylygy kämilleşdirmek we halkara şertnamalaryny baglaşmak boýunça teklipleri taýýarlaýar;

4) neşirýat işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

5) neşirleriň hökmany nusgalaryny ibermegiň bellenilen tertibiniň ýerine ýetirilişine, şeýle hem çap enjamyny edinmegiň meseleleri boýunça kararyň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

6) Türkmenistanda neşirýat we poligrafiýa işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny amala aşyrýar;

7) Türkmenistanda çap önümini neşir edijileriň we taýýarlaýjylaryň döwlet sanawyny ýöredýär;

8) neşirýat işi babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

9) neşirýat işi babatda şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

30-njy madda. Neşirýat işi babatda Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasynyň ygtyýarlylygy

 

1. Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy neşirýat işi babatda döwlet bibliografiýa ulgamynyň işlemegini üpjün edýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy Türkmenistanyň kanunçylygyna we neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanýan öz tertipnamasyna laýyklykda hereket edýär.

3. Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy:

1) döwlet bibliografiýasynyň we Türkmenistanyň çäginde  goýberilişe çykarylan çap önümini hasaba alýan merkezidir;

2) döwlet bibliografik maglumatyň maglumat ulgamynyň merkezidir;

3) neşirleriň mugt hökmany nusgalyklarynyň döwlet gazna saklaýjysydyr.

4. Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy aşakdaky esasy wezipeleri ýerine ýetirýär:

1) çap önüminiň bibliografik taýdan işlenip taýýarlanylmagyny amala aşyrýar, şol sanda her bir neşire (neşirleriň toparyna) döwlet bibliografik hasaba alynmagyň belgisini berýär;

2) Türkmenistanyň çäginde goýberilişe çykarylan çap önüminiň hasaba alnyşyny ýöredýär, neşirýat işiniň san görkezijileriniň ulgamyny döredýär;

3) döwlet bibliografiýa ulgamynyň işlemegini we ösmegini guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjün edýär;

4) neşirýat işi babatda döwlet bibliografik maglumatyň maglumat ulgamyny döredýär we ýöredýär, beýleki maglumat-bibliografik serişdeleri döredýär;

5) döwlet bibliografik maglumaty ýaýratmagy amala aşyrýar;

6) döwlet bibliografik görkezijileri düzýär we goýberilişe çykarýar;

7) neşirleriň hökmany nusgalyklarynyň döwlet gaznasyny emele getirýär we hemişe üstüni ýetirýär;

8) Türkmenistanyň çäginde çykarylan neşirlere UOK indeksini we halkara standart belgilerini (ISBN, ISMN we ISSN) berýär;

9) neşirýat işi babatda, şol sanda neşirýat işinde tehniki kadalaşdyrmak we standartlaşdyrmak babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

10) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde neşirýat işiniň meseleleri boýunça maglumat hyzmatlaryny, maslahat beriş we usulyýet üpjünçiligini amala aşyrýar;

11) döwlet bibliografik maglumatyň döwletara alyş-çalşygynyň guralmagyna we amala aşyrylmagyna gatnaşýar.

5. Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasyny maliýeleşdirmegiň çeşmesi onuň öz serişdeleri bolup durýar.

6. Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasynyň emlägi onuň esaslandyryjysynyň – neşirýat işi babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň eýeçiligi bolup durýar.

7. Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda UOK indeksi ulgamlaşdyrylanda we neşirlere berlende, neşirinde (CIP) kataloglaşdyrmak amala aşyrylanda, halkara standart belgileri (ISBN, ISMN we ISSN) berlende, neşir önümlerini arhiwleşdirmek we onuň işiniň çygryna degişli beýleki hyzmatlar üçin töleg alýar.

8. Girdeji getirýän işden alnan serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet kitap palatasy tarapyndan onuň işlemegini we maddy-enjamlaýyn binýadynyň ösdürilmegini üpjün etmek üçin ulanylýar.

 

V BAP. NEŞIR EDIJILERIŇ RAÝATLAR WE

GURAMALAR BILEN GATNAŞYKLARY

 

31-nji madda. Neşir etmekden ýüz döndermek

 

Hiç kim neşir edijiniň çap etmekden ýüz dönderen golýazmasyny we beýleki materiallaryny çap etmäge ony borçly edip bilmez, kazyýet tarapyndan şertnamalaýyn borçnamalarynyň bozulmak fakty anyklanan halatlary muňa degişli däldir.

 

32-nji madda. Awtorlyk neşirleri

 

Fiziki we ýuridik şahslar öz golýazmalaryny, eger olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara ters gelmese, öz serişdeleriniň hasabyna neşir etmäge we olary ýaýratmaga haklydyrlar.

 

33-nji madda. Ýeňillikli neşirler

 

Çagalar, okuw, kadalaşdyryjy-maglumat, maglumat-ensiklopedik çap önümi, şeýle hem körler we maýyplar üçin çap önümi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikli şertlerde neşir edilip bilner.

 

34-nji madda. Çap önüminde mahabat

 

Çap önüminde mahabaty çap etmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

Çagalar edebiýaty, okuw kitaplary, döwlet ähmiýetli zerur neşirler, ensiklopediýalar çap önüminde mugtuna ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän ýeňillikli şertlerde mahabatlandyrylyp bilner.

 

VI BAP. NEŞIRÝAT IŞI HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ

KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

 

35-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin neşirýat işiniň subýektleriniň jogapkärçiligi

 

Neşirýat işiniň subýektleri tarapyndan şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

 

36-njy madda. Neşirýat işiniň erkinliginiň kemsidilmegi üçin jogapkärçilik

 

Neşirýat işiniň erkinliginiň kemsidilmegi, ýagny çap önümini neşir edijileriň, taýýarlaýjylaryň we ýaýradyjylaryň kanuny işine päsgel berilmegi, şol sanda senzurany amala aşyrmak arkaly päsgel berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

37-nji madda. Neşirýat hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Neşir edijiniň nyşany bilen (töweregiň içindäki latyn «C» harpy) goralan çap önüminiň bikanun gaýtadan işlenip çykarylmagy ýa-da neşir edijiniň intellektual eýeçiligine bolan hukuklarynyň beýleki bozulmalary alynmadyk girdejileri goşup, neşir edijiniň çeken ähli ýitgileriniň neşirýat hukuklaryny bozan adam tarapyndan öweziniň dolunmagyna eltýär.

Esere bolan hukuklaryň şu Kanunda bellenilen tertipde bu hukuklary edinmezden çap önümini çykarmak arkaly bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

VII BAP. NEŞIRÝAT IŞI BABATDA HALKARA

HYZMATDAŞLYGY

 

38-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Neşirýat işi babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Neşirýat işi babatda halkara hyzmatdaşlygy aşakdakylara gönükdirilendir:

1) beýleki döwletler bilen medeni we ylmy alyş-çalşy güýçlendirmäge, halkara kitap sergilerine we ýarmarkalaryna işjeň gatnaşmaga;

2) innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak we bu maksatlar bilen daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly neşirýat-poligrafiýa işiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga;

3) Türkmenistanyň çap önümini daşary ýurtlarda, daşary ýurt önümini Türkmenistanda ýaýratmak ulgamyny döretmäge;

4) daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlarymyzyň medeni, ylmy we bilim isleglerini kanagatlandyrmaga.

 

39-njy madda. Daşary ykdysady işe gatnaşmak

 

Neşirýat işiniň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady işe gatnaşyp bilerler.

 

40-njy madda. Daşary ýurtly maýa goýujylar bilen hyzmatdaşlyk

 

Neşirýat işiniň subýektleri daşary ýurtly maýa goýujylar bilen bilelikde Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda neşirýat-poligrafiýa we kitap söwdasy kärhanalaryny gurap bilerler.

 

41-nji madda. Çap önümini äkitmek we getirmek

 

Çap önümini Türkmenistanyň çäklerinden daşyna äkitmek, şeýle hem beýleki döwletlerden Türkmenistana getirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna, daşary ýurt döwletiniň çäginde hereket edýän kanunlara we Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

42-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                              Gurbanguly

     Prezidenti                                                                Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 141-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 08.11.2014
Resminamanyň belgisi № 141-V.