Kazyýet-bilermenlik işi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Kazyýet-bilermenlik işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 138-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 525-V Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmak boýunça jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Kazyýet bilermenler seljermesini bellemegiň we geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Arbitraž iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksleri tarapyndan kesgitlenýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) ýörite ylmy bilimler – mazmunyny kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň usulyýetlerinde durmuşa geçirilen ylmy bilimler düzýän ýörite bilimleriň çygry;

2) bilermeniň netijenamasy – Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirilen kazyýet-bilermenlik barlagynyň barşyny we netijelerini beýan edýän resminama;

3) kazyýet-bilermenlik işi – kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň we kazyýet bilermenleriniň kazyýet bilermenler seljermesini guramak we geçirmek boýunça işi;

4) kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama – ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde fiziki şahsa kazyýet-bilermenlik işi bilen meşgul bolmaga berlen rugsat;

5) kazyýet-bilermenlik barlagynyň usulyýeti – kazyýet bilermenler seljermesiniň kesgitli kysymdaş närsesine, görnüşine degişli ýagdaýlary anyklamak üçin kazyýet bilermenler seljermesiniň obýektleri öwrenilende ulanylýan usullaryň ulgamy;

6) kazyýet-bilermenlik barlagynyň usuly – kazyýet bilermenler seljermesiniň närsesine degişli ýagdaýlary anyklamak üçin kazyýet bilermenler seljermesiniň obýektleri öwrenilende ulanylýan pikir yzygiderliligi we gurallaýyn amallarynyň (usullaryň, tärleriň) ulgamy;

7) kazyýet bilermenler seljermesi – işiň çözülmegi üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlary anyklamak maksady bilen jenaýat, raýat, arbitraž işiniň ýa-da administratiw hukuk bozulma barada işiň materiallarynyň ýörite ylmy bilimleriň esasynda geçirilýän barlagy;

8) kazyýet bilermenler seljermesiniň närsesi – kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek arkaly anyklanýan jenaýat, raýat, arbitraž işiniň ýa-da administratiw hukuk bozulma barada işiň çözülmegi üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar;

9) kazyýet bilermenler seljermesiniň obýektleri – bilermen seljerme barlagy üçin niýetlenen maddy subutnamalar, resminamalar, adamyň synasy we psihiki ýagdaýy, jesetler, haýwanlar we beýleki nusgalar, şeýle hem kazyýet bilermenler seljermesiniň närsesine degişli bolan we kazyýet bilermenler seljermesi geçirilýän işiň materiallarynda saklanýan maglumatlar;

10) kazyýet bilermenler seljermesi edaralary – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrýan döwlet edaralary;

11) kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy – kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň kazyýet-bilermenlik işiniň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýän wezipeli adam;

12) kazyýet bilermeni – jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara, kazyýet ýa-da administratiw hukuk bozulmalary barada işe seretmäge ygtyýarly edara, prokuror, notarius tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek tabşyrylan, şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelýän adam;

13) kazyýet bilermeniniň hünäri – kazyýet bilermenler seljermesiniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kesgitli görnüşini geçirmek çygrynda kazyýet bilermeniniň ylmy ygtyýarlylygy;

14) nusgalar – kazyýet-bilermenlik barlagyny geçirmek we bilermeniň netijenamasyny bermek üçin zerur bolan diri adamlaryň, jesediň, haýwanyň, maddalaryň, närseleriň häsiýetlerini alamatlandyrýan maddy obýektler.

 

2-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Kazyýet-bilermenlik işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Arbitraž iş ýörediş, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işiniň mazmuny

 

Kazyýet-bilermenlik işiniň mazmunyna şular girýär:

1) jenaýat, raýat, arbitraž işleri we administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek;

2) kazyýet bilermenler seljermesi çygrynda ylmy barlaglar;

3) kazyýet bilermenler seljermesini ylmy-usulyýet we maglumat taýdan üpjün etmek;

4) kazyýet bilermenlerini seçip almak, olaryň hünär taýýarlygy we hünär derejesini ýokarlandyrmak.

 

4-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işiniň esasy wezipesi

 

Jenaýat, raýat, arbitraž işleri we administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça önümçiligi ýörite ylmy bilimleri ulanmagyň netijeleri bilen üpjün etmek kazyýet-bilermenlik işiniň esasy wezipesi bolup durýar.

 

5-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işiniň ýörelgeleri

 

Kazyýet-bilermenlik işi şu ýörelgelere esaslanýar:

1) kanunylyk;

2) adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, ýuridik şahsyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmek;

3) kazyýet bilermeniniň garaşsyzlygy;

4) kazyýet-bilermenlik barlaglary geçirilende ylmy-tehniki serişdeleriniň we usullarynyň peýdalanylmagynyň ýol bererliligi;

5) kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň hemmetaraplaýynlygy, dolulygy we dogrulygy;

6) kazyýet bilermeniniň hünär etikasyny berjaý etmek.

 

6-njy madda. Kazyýet-bilermenlik işi amala aşyrylanda kanunylyk

 

Kazyýet-bilermenlik işi bu işiň hukuk esaslaryny düzýän şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň takyk ýerine ýetirilmegi şertlerinde amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işi amala aşyrylanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, ýuridik şahsyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmek

 

1. Kazyýet-bilermenlik işi adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, ýuridik şahsyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmek bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Şahsyň hukuklaryny we azatlyklaryny wagtlaýyn çäklendirmegi talap edýän kazyýet-bilermenlik barlaglary diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde geçirilýär.

3. Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýa-da kazyýet bilermeniniň hereketleri (hereketsizligi) adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň ýa-da ýuridik şahsyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň çäklendirilmegine getirdi diýip hasaplaýan şahs şol hereketlere (hereketsizlige) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat etmäge haklydyr.

 

8-nji madda. Kazyýet bilermeniniň garaşsyzlygy

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende kazyýet bilermeni iş ýörediş taýdan özbaşdakdyr, kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adama), kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysyna we beýleki şahslara garaşsyzdyr.

2. Kazyýet bilermeni geçiren barlaglarynyň netijelerine esaslanmak bilen netijenama berýär. Şunda ýol bererliligi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan kesgitlenýän barlagyň serişdelerini we usullaryny saýlap almakda ol özbaşdakdyr.

3. Kazyýet bilermenine bikanun täsir edilmegine we onuň kanuny işine päsgel berilmegine ýol berilmeýär we olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

9-njy madda. Kazyýet-bilermenlik barlaglaryny geçirmegiň serişdelerini we usullaryny peýdalanmagyň ýol bererliligi

 

Kazyýet-bilermenlik barlaglary geçirilende ylmy-tehniki serişdeleriň we usullaryň peýdalanylmagyna ýol berilýär, eger olar:

1) Türkmenistanyň kanunlarynda gös-göni göz öňünde tutulan bolsalar ýa-da olaryň kadalaryna we ýörelgelerine garşy gelmeýän bolsa;

2) ylmy taýdan esasly bolsa;

3) iş boýunça önümçiligiň netijeliligini üpjün edýän bolsa;

4) howpsuz bolsa.

 

10-njy madda. Kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň hemmetaraplaýynlygy, dolulygy we dogrulygy

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende obýektleriň hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlanylmagy üçin kazyýet bilermeni özüniň ýörite ylmy bilimlerine esaslanýan ähli çäreleri görmäge borçludyr.

2. Kazyýet bilermeniniň netijenamasy ählumumy kabul edilen ylmy we tejribe maglumatlary esasynda çykarylan netijeleriň esaslylygyny we hakykylygyny barlamaga mümkinçilik berýän düzgünlere esaslandyrylan bolmalydyr.

 

11-nji madda. Kazyýet bilermeniniň hünär etikasyny berjaý etmek

 

Kazyýet-bilermenlik barlaglary geçirilende kazyýet bilermeniniň hünär etikasynyň kadalary berjaý edilmelidir.

 

II BAP. KAZYÝET-BILERMENLIK IŞINIŇ SUBÝEKTLERI

 

12-nji madda. Kazyýet bilermenine bildirilýän hünär we hünär derejesiniň talaplary

 

1. Kazyýet bilermeniniň ýörite ylmy bilimleri bolmalydyr.

2. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek şulara tabşyrylyp bilner:

1) kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň işgärlerine;

2) kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama esasynda kazyýet-bilermenlik işi bilen meşgul bolýan fiziki şahslara;

3) şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda bir gezeklik tertibinde gaýry şahslara.

3. Bir gezeklik tertibinde kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek şu halatlarda tabşyrylyp bilner:

1) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tassyklanan kazyýet bilermenler seljermesiniň görnüşleriniň sanawynda göz öňünde tutulmadyk kazyýet bilermenler seljermesiniň bellenilmegi;

2) kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň işgäri we kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolmadyk fiziki şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet bilermeni hökmünde çekilmegi barada jenaýat, raýat we arbitraž iş ýöredişine gatnaşyjynyň, administratiw hukuk bozulma barada işlere seretmäge ygtyýarly edaranyň, administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçilige gatnaşyjynyň delillendirilen haýyşnamasynyň kanagatlandyrylmagy;

3) kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň işgäri bolan, şeýle hem kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama esasynda kazyýet-bilermenlik işi bilen meşgul bolýan degişli hünärli kazyýet bilermenleriniň hemmesine ynanmazlyk bildirilmeginiň kanagatlandyrylmagy ýa-da kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň tutuşlygyna kazyýet bilermenler seljermesini geçirmekden delilli çetleşdirilmegi;

4) şu Kanunyň 48-nji maddasyna laýyklykda daşary ýurt döwletiniň kazyýet bilermeniniň çekilmegi.

4. Şu maddanyň ikinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen adamlaryň ýokary bilimi bolmalydyr.

5. Şu maddanyň ikinji böleginiň 1–2-nji bentlerinde görkezilen adamlar kazyýet bilermenler seljermesiniň kesgitli görnüşini geçirmäge bolan hukugyny kazyýet bilermeniniň hünär derejesiniň şahadatnamasy bilen tassyklanan kazyýet bilermeniniň hünär derejesini alan, kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň hünär synag toparynda hünär synagyndan geçirilen we Türkmenistanyň kazyýet bilermenleriniň döwlet sanawyna girizilen bolmalydyrlar.

6. Kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynda kazyýet bilermeni wezipesini şu maddanyň birinji, dördünji we başinji böleklerinde bellenilen talaplara laýyk gelýän Türkmenistanyň raýaty eýeläp biler.

7. Kazyýet bilermenler seljermesi edarasyna ilkinji gezek işe girýän adamlar hünär derejesi synagyny tabşyrmak bilen tamamlanýan ýörite hünär taýýarlygyny geçýärler. Ýörite hünär taýýarlygynyň tertibi kazyýet bilermenler seljermesi edaralary tarapyndan bellenýär.

8. Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen ýa-da öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bolan adamlar kazyýet bilermeni bolup bilmezler.

9. Degişli ýuridik faktyň bolan gününden soň üç ýylyň dowamynda şu adam kazyýet bilermeni bolup bilmez:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylanda ýa-da aýrylanda;

2) bilkastlaýyn jenaýaty edenligi üçin bozulan hukuklaryň dikeldilmegine degişli bolmadyk esaslar boýunça jenaýat jogapkärçiliginden boşadylanda;

3) kanunlaryň bozulanlygy üçin hukuk goraýjy edaralarda, kazyýetlerde, kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynda döwlet gullugyndan işden boşadylanda;

4) kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasy ýatyrylanda;

5) şu Kanunyň 16-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasynyň hereketi bes edilende.

 

13-nji madda. Kazyýet bilermenine hünär derejesini dakmak

 

1. Kazyýet bilermenine hünär derejesini dakmak kazyýet bilermeniniň hünär derejesi synagyny tabşyrmagy arkaly onuň kazyýet bilermenler seljermesiniň kesgitli görnüşini geçirmäge bolan hukugyna kazyýet bilermeniniň hünär derejesiniň şahadatnamasyny bermek bilen amala aşyrylýar.

2. Hünär derejesi synaglaryny kabul etmek we kazyýet bilermenler seljermesiniň kesgitli görnüşini geçirmäge bolan hukuga kazyýet bilermeniniň hünär derejesiniň şahadatnamasyny bermek kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň hünär derejesi toparlary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Hünär derejesi toparlarynyň işiniň düzgünleri we düzümi, şeýle hem kazyýet bilermeniniň hünär derejesini dakmak üçin hünär derejesi synaglaryny kabul etmegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

 

14-nji madda. Kazyýet bilermeniniň hünär synagy

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň işgärleri bolan kazyýet bilermenleriniň, şeýle hem kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama esasynda kazyýet-bilermenlik işi bilen meşgul bolýan fiziki şahslaryň hünär taýýarlygynyň derejelerini kesgitlemek maksady bilen olar her bäş ýyldan bir gezek kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň hünär synag toparlary tarapyndan geçirilýän hünär synagyndan geçýärler.

Kazyýet bilermeniniň hünär taýýarlygynyň degişli derejesine esasly şübhe dörände onuň hünär synagy möhletinden öň geçirilýär.

2. Hünär synagy toparlarynyň işiniň düzgünleri we düzümi, şeýle hem kazyýet bilermeniniň hünär synagyny, şol sanda hünär synagyny möhletinden öň geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

 

15-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama bermegiň, ony bermekden ýüz döndermegiň tertibi we şertleri

 

1. Fiziki şahslara kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama möhleti çäklendirilmezden berilýär we ol Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýär.

Kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama bermek ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama bermegiň, ony bermekden ýüz döndermegiň tertibi we şertleri ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.

3. Kazyýet-bilermenlik işini ygtyýarlylandyrmak boýunça toparlaryň işiniň düzgünleri we düzümi ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär.

 

16-njy madda. Kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, bes etmek, dikeltmek we ony ýatyrmak

 

1. Kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamanyň hereketini togtatmagyň, dikeltmegiň, bes etmegiň we ony ýatyrmagyň tertibi, esaslary we şertleri ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.

2. Ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan umumy esaslardan başga-da fiziki şahsyň kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasynyň hereketi şu döwürde togtadylýar:

1) onuň döwlet gullugynda bolmagy;

2) onuň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, Adalatçynyň ýa-da onuň orunbasarynyň, halk maslahatynyň ýa-da Geňeşiň agzasynyň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi;

3) kazyýet bilermenler seljermesi edarasynda kazyýet bilermeni wezipesinde işlemegi;

4) çagyryş boýunça harby gullugy geçmegi.

3. Ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan umumy esaslardan başga-da fiziki şahsyň kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasynyň hereketini bes etmek kazyýet bilermenler seljermesi edaralary tarapyndan şu halatlarda amala aşyrylýar:

1) kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi boýunça adamyň kämillik ukyby çäklendirilen ýa-da kämillik ukyby ýok, nam-nyşansyz giden ýa-da fiziki şahsyň ölen diýlip ykrar edilmegi;

2) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi ýa-da onuň Türkmenistanyň çäginden daşary hemişelik ýaşamak üçin gitmegi;

3) bilkastlaýyn jenaýaty edenligi üçin bozulan hukuklaryň dikeldilmegine degişli bolmadyk esaslar boýunça jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy;

4) kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi.

4. Ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan umumy esaslardan başga-da fiziki şahsyň kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasyny ýatyrmak şu halatlarda kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň hak isleýiş arzasy boýunça kazyýet tertibinde amala aşyrylýar:

1) kazyýet-bilermenlik işi amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň birnäçe gezek bozulmagy;

2) hünär synagynyň netijeleri boýunça tassyklanan hünär taýýarlygynyň ýeterlik bolmadyk derejesiniň netijesinde kazyýet bilermeniniň borçlaryny ýerine ýetirmegiň mümkin bolmazlygy;

3) hünär synagyny geçmekden boýun gaçyrylmagy.

Kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy ygtyýarnamanyň hereketiniň bes edilmegine eltýär.

5. Şu maddanyň dördünji böleginde görkezilenlerden başga halatlarda kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamanyň hereketi kazyýet-bilermenlik işini ygtyýarlylandyrmak boýunça topar tarapyndan berlen materiallaryň esasynda kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň çözgüdi bilen togtatdylýar, dikeldilýär we bes edilýär.

Kabul edilen çözgüt hakynda üç gije-gündiziň dowamynda kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasynyň hereketi togtadylan, dikeldilen we bes edilen fiziki şahs habarly edilýär we bäş gije-gündiziň dowamynda degişli maglumatlar Türkmenistanyň kazyýet bilermenleriniň döwlet sanawyna girizilýär.

 

17-nji madda. Türkmenistanyň kazyýet bilermenleriniň döwlet sanawy

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň işgärleri bolan kazyýet bilermenleri, şeýle hem kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan fiziki şahslar baradaky maglumatlar döredilmeginiň we peýdalanylmagynyň maksatlary we düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýän Türkmenistanyň kazyýet bilermenleriniň döwlet sanawyna girizilýär.

2. Şu Kanunyň 12-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara, kazyýet ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edara kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegi özi barada maglumatlar Türkmenistanyň kazyýet bilermenleriniň döwlet sanawyna girizilen kazyýet bilermenine tabşyrýar.

 

18-nji madda. Kazyýet bilermeniniň hukuklary

 

1. Kazyýet bilermeni şulara hukuklydyr:

1) işiň kazyýet bilermenler seljermesiniň närsesine degişli materiallar bilen tanyşmaga;

2) netijenama bermek üçin zerur bolan goşmaça materiallaryň berilmegi hakynda haýyşnama bildirmäge;

3) jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň, kazyýetiň ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaranyň rugsat bermegi bilen iş ýörediş hereketleri we kazyýet mejlisi geçirilende gatnaşmaga we olara gatnaşyjylara kazyýet bilermenler seljermesiniň närsesine degişli soraglary bermäge;

4) öz gatnaşan iş ýörediş hereketleriniň teswirnamasy, şeýle hem kazyýet mejlisiniň teswirnamasynyň degişli bölegi bilen tanyşmaga we öz hereketleriniň we görkezmeleriniň doly we dogry berkidilmegi babatda olara girizilmäge degişli bellikleri etmäge;

5) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) bilen ylalaşyp, kazyýet-bilermenlik barlagynyň barşynda ýüze çykarylan, iş boýunça ähmiýeti bolan, kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada kararda, kesgitnamada goýlan soraglaryň çäginden çykýan ýagdaýlar boýunça öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde netijenama bermäge;

6) ene dilinde ýa-da özüniň bilýän dilinde netijenama düzmäge we görkezme bermäge; terjimeçiniň kömeginden mugt peýdalanmaga, oňa ynanmazlyk bildirmäge;

7) kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende özüniň hukuklaryny kemsidýän jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň, kazyýetiň ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaranyň we iş boýunça önümçilige gatnaşýan gaýry adamlaryň hereketlerine şikaýat etmäge;

8) eger kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek özüniň wezipe borçlaryna girmeýän bolsa, kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende eden çykdajylarynyň öwez puluny we ýerine ýetiren işi üçin hakyny almaga.

Kazyýet bilermeniniň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary hem bardyr.

2. Kazyýet bilermeniniň şulara haky ýokdur:

1) jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň, kazyýetiň ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaranyň habarsyz bolmagynda kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek bilen bagly meseleler boýunça iş ýöredişe gatnaşýanlar bilen gepleşikleri geçirmäge;

2) barlaglar üçin materiallary özbaşdak toplamaga;

3) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edaranyň (wezipeli adamyň) ýörite rugsady bolmazdan obýektleriň doly ýa-da bölekleýin ýok edilmegine ýa-da olaryň daşky görnüşiniň ýa-da esasy häsiýetleriniň üýtgedilmegine getirip biljek barlaglary geçirmäge;

4) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edaradan (wezipeli adamdan) başga kimdir birine kazyýet bilermenler seljermesiniň netijeleri barada habar bermäge.

 

19-njy madda. Kazyýet bilermeniniň borçlary

 

Kazyýet bilermeni şulara borçludyr:

1) jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň, kazyýetiň, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaranyň çagyrmagy boýunça gelmäge;

2) berlen obýektleriň barlagyny hemmetaraplaýyn, doly we dogry geçirmäge, özüniň öňünde goýlan soraglar boýunça esaslandyrylan ýazmaça netijenama bermäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda netijenama bermekden ýüz döndermäge, netijenama bermegiň mümkin däldigi barada delillendirilen ýazmaça habarnama düzmäge we ony kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adama) ugratmaga;

4) geçiren barlaglar we berlen netijenama bilen bagly soraglar boýunça görkezme bermäge;

5) barlaga berlen obýektleriň goralyp saklanmagyny üpjün etmäge;

6) işiň ýagdaýlary barada maglumatlary we kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek bilen bagly özüne mälim bolan gaýry maglumatlary, şol sanda döwlet, täjirçilik we kanun arkaly goralýan gaýry syrlary düzýän maglumatlary aýan etmezlige;

7) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adama) kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende edilen çykdajylar barada hasabat bermäge.

 

20-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň hukuklary

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy şulara hukuklydyr:

1) şu halatlarda degişli delilleri görkezmek bilen ýerine ýetirmezden kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada karary, kesgitnamany we barlaga berlen obýektleri kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adama) gaýtarmaga, eger:

a) kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek üçin berlen materiallar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa;

b) zerur ýörite ylmy bilimler bolan kazyýet bilermeni bu kazyýet bilermenler seljermesi edarasynda ýok bolsa;

ç) kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada kararda, kesgitnamada görkezilen kazyýet bilermeniniň öňünde goýlan soraglar onuň ygtyýarlygynyň çäginden çykýan bolsa;

d) bu kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň maddy-tehniki üpjünçiligi zerur kazyýet-bilermenlik barlaglaryny geçirmäge mümkinçilik bermeýän bolsa;

2) eger netijenama bermek üçin bu kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň işgäri bolmadyk adamlaryň ýörite ylmy bilimleri zerur bolsa, kazyýet bilermenler seljermesini bellän edaradan (wezipeli adamdan) şeýle adamlaryň kazyýet bilermenler toparynyň düzümine goşulmagyny haýyş etmäge;

3) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edaradan (wezipeli adamdan) daşary ýurt döwletiniň kazyýet bilermeniniň çekilmegini haýyş etmäge;

4) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adama) kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň möhletiniň uzaldylmagy barada delillendirilen haýyşnama bildirmäge.

Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary hem bardyr.

2. Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň şulara haky ýokdur:

1) kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek üçin zerur obýektleri özbaşdak talap etmäge;

2) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) bilen ylalaşmazdan kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilmegine bu kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň işgäri bolmadyk adamlary çekmäge;

3) kazyýet bilermenine anyk kazyýet bilermenler seljermesi boýunça netijeleriň mazmunyny öňünden çözýän görkezmeleri bermäge.

 

21-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň borçlary

 

Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy şulara borçludyr:

1) kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada karary, kesgitnamany we barlagyň obýektlerini alandan Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny hasaba almak bilen şu kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň anyk kazyýet bilermenine ýa-da kazyýet bilermenler toparyna önümçiligi tabşyrmaga;

2) kazyýet bilermeniniň garaşsyzlygy ýörelgesini bozmazdan kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň möhletiniň berjaý edilişine, geçirilýän barlaglaryň hemmetaraplaýynlygyna, dolulygyna we dogrulygyna, kazyýet bilermenler seljermesiniň obýektleriniň goralyp saklanmagyna gözegçiligi üpjün etmäge;

3) kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegi guramak bilen bagly özüne mälim bolan maglumatlary aýan etmezlige;

4) barlaglary geçirmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge.

 

III BAP. KAZYÝET BILERMENLER SELJERMESINI GEÇIRMEK

 

22-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň esaslary

 

1. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň, kazyýetiň, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaranyň, prokuroryň, notariusyň kazyýet bilermenler seljermesini bellemek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çykarylan karary, kesgitnamasy kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň esasy bolýar.

2. Kazyýet-bilermenlik barlaglaryny geçirmek we kazyýet bilermeniniň netijenamasyny bermek üçin zerur bolan barlag obýektlerini we işiň materiallaryny kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adama) berýär.

3. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesini bellemegiň aýratynlyklary şu Kanunyň IV baby bilen kesgitlenýär.

 

23-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesini guramakda we geçirmekde çäklendirmeler

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda kazyýet bilermenler seljermesi edarasyna kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek tabşyrylyp bilinmez, kazyýet bilermenler seljermesiniň başlanan önümçiligi bolsa haýal etmezden bes edilýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda kazyýet bilermeni kazyýet bilermenler seljermesini geçirmäge gatnaşmakda ynanmazlyk bildirilmäge degişlidir, eger ol oňa tabşyrylan bolsa, kazyýet bilermeni kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegi haýal etmezden bes etmäge borçludyr.

 

24-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň möhletleri

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň möhleti kazyýet bilermenler seljermesi edarasy, kazyýet-bilermenlik işi bilen kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrmaga ygtyýarnama esasynda meşgul bolýan ýa-da kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň işgäri bolmadyk kazyýet bilermeni hökmünde çekilen fiziki şahs tarapyndan kazyýet bilermenler seljermesini bellemek hakynda kararyň, kesgitnamanyň we onuň obýektleriniň önümçilige kabul edilen gününden hasaplanýar.

2. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň möhleti otuz gije-gündizden köp bolmaly däldir.

Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň möhletini uzaltmak kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň işgäri bolmadyk kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) delillendirilen haýyşnamasy boýunça kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) tarapyndan amala aşyrylýar.

Meýletinlik esasynda kazyýet bilermenler seljermesine sezewar edilýän adamlaryň we kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek üçin lukmançylyk edarasyna mejbury ýerleşdirilen adamlaryň bolmagynyň möhletini uzaltmagyň tertibi şu Kanunyň 36-njy maddasynyň ikinji we üçünji bölekleri bilen bellenýär.

3. Kazyýet bilermenler seljermesiniň çylşyrymlylyk derejesini kesgitlemegiň umumy talaplary, kazyýet bilermenler seljermesiniň çylşyrymlylyk derejesine baglylykda olary geçirmegiň möhletlerini hasaplamagyň tertibi, şeýle hem kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň möhletini uzaltmagyň tertibi kazyýet bilermenler seljermesi edarasy tarapyndan bellenýär.

4. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň barşynda barlamazdan netijenama bermek mümkin bolmadyk goşmaça materiallaryň berilmeginiň zerurlygy ýüze çykan halatynda kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň işgäri bolmadyk kazyýet bilermeni tarapyndan kazyýet bilermenler seljermesini bellän edaranyň (wezipeli adamyň) salgysyna delillendirilen haýyşnama iberilýär.

Görkezilen halatda kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek togtatmak üçin esas bolan ýagdaýlar aradan aýrylýança, ýöne on gije-gündizden köp bolmadyk möhlete kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň işgäri bolmadyk kazyýet bilermeni tarapyndan togtadylýar.

Eger kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegi togtatmak üçin esas bolan ýagdaýlar görkezilen möhletiň dowamynda aradan aýrylmasa, kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada karar, kesgitnama we onuň geçirilmegi üçin berlen materiallar ýerine ýetirilmezden kazyýet bilermenler seljermesini bellän edaranyň (wezipeli adamyň) salgysyna iberilýär.

5. Kazyýet bilermeniniň netijenamasy ýa-da netijenama bermegiň mümkin däldigi barada habarnama düzülenden soň üç gije-gündiziň dowamynda kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adama) iberilýär.

 

25-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende iş ýöredişe gatnaşyjylaryň bolmagy

 

1. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara, kazyýet, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edara kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende bolmaga, kazyýet bilermeniniň geçirýän hereketleri barada ondan düşündirişleri almaga haklydyr. Görkezilen adamlaryň kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende bolmagy kazyýet bilermeniniň netijenamasynda beýan edilýär.

2. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň, kazyýetiň, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaranyň rugsat bermegi bilen kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende öz hukuklaryny we bähbitlerini goraýan ýa-da olara wekilçilik edýän iş ýöredişe gatnaşyjylar bolup bilerler. Şu halatda jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň, kazyýetiň, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaranyň wekiliniň kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende gatnaşmagy hökmanydyr.

Kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende oňa gatnaşyjylaryň janyna we saglygyna howp döredilmegine ýol berilmeýär.

3. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara, kazyýet, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edara tarapyndan degişli haýyşnama kanagatlandyrylanda ony bildiren şahsa kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilýän ýeri we wagty barada habar berilýär. Habar berlen şahsyň gelmezligi kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilmegine päsgel bermeýär.

4. Kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende bolan iş ýöredişe gatnaşyjylaryň barlaglaryň barşyna goşulmaga haky ýokdur, ýöne olar kazyýet bilermenler seljermesiniň närsesine degişli düşündirişleri berip bilerler.

5. Eger kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende bolan iş ýöredişe gatnaşyjy kazyýet bilermeniniň işine päsgel beren halatynda kazyýet bilermeni barlagyny togtatmaga we jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaradan, kazyýetden, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaradan görkezilen iş ýöredişe gatnaşyjynyň kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende bolmagyna rugsat berilmeginiň ýatyrylmagyny haýyş etmäge haklydyr.

6. Kazyýet bilermeni tarapyndan netijenama düzülende, şeýle hem eger kazyýet bilermenler seljermesi kazyýet bilermenleriniň topary tarapyndan geçirilýän bolsa, kazyýet bilermenleriniň maslahatlaşýan we netijelerini beýan edýän wagtynda iş ýöredişe gatnaşyjylaryň bolmagyna ýol berilmeýär.

7. Iş ýöredişe gatnaşyjylaryň diri adamlar babatdaky kazyýet bilermenler seljermesinde bolmagynyň aýratynlyklary şu Kanunyň 40-njy maddasy bilen kesgitlenýär.

 

26-njy madda. Kazyýet bilermenler seljermesiniň obýektleri bilen işlemegiň tertibi

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesiniň obýektleriniň göwrümi we häsiýeti mümkinçilik berýän bolsa, olar kazyýet bilermenine gaplanan we möhürlenen görnüşde berilýär. Galan halatlarda kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) kazyýet bilermenini barlag obýektiniň ýerleşýän ýerine eltmegi, olara päsgelçiliksiz barmagy we oňa barlag geçirmek üçin zerur şertleri üpjün etmelidir.

2. Barlaglar geçirilende kazyýet bilermenler seljermesini bellän edaranyň (wezipeli adamyň) rugsat bermegi bilen maddy subutnamalara we resminamalara diňe barlaglary geçirmek we netijenama bermek üçin zerur bolan derejede şikes ýetirilip ýa-da peýdalanylyp bilner. Görkezilen rugsat kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada kararda, kesgitnamada ýa-da kazyýet bilermeniniň haýyşnamasyny kanagatlandyrmak ýa-da ony kanagatlandyrmakdan bölekleýin ýüz döndermek hakynda delillendirilen kararda, kesgitnamada bolmalydyr.

3. Kazyýet bilermenler seljermesiniň obýektleri bilen işlemegiň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

27-nji madda. Toparlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek

 

1. Toparlaýyn kazyýet bilermenler seljermesi çylşyrymly kazyýet-bilermenlik barlaglaryny geçirmek zerur bolan halatynda bellenýär we bir hünärli ikiden az bolmadyk kazyýet bilermenleri tarapyndan geçirilýär.

2. Adamyň akyly düzüwlik meselesi boýunça kazyýet-psihiatriýa bilermenler seljermesini geçirmek üçin üçden az bolmadyk kazyýet bilermenleri bellenýär.

3. Toparlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini bellän edaranyň (wezipeli adamyň) karary, kesgitnamasy kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy üçin hökmanydyr. Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada karara, kesgitnama laýyklykda berlen materiallar boýunça toparlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek we onuň geçirilmegini guramak barada çözgüdi özbaşdak kabul etmäge haklydyr.

4. Toparyň düzümine girýän kazyýet bilermenleriniň işini utgaşdyrmak üçin kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da toparlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) alyp baryjy kazyýet bilermenini belleýär.

Alyp baryjy kazyýet bilermeni kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň umumy meýilnamasyny işläp taýýarlaýar, kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň umumy möhletiniň çäklerinde aýry-aýry barlaglary geçirmegiň möhletlerini kesgitleýär we olaryň berjaý edilişine gözegçilik edýär, toparlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) bilen aragatnaşygy amala aşyrýar, kazyýet bilermenleriniň maslahatyna ýolbaşçylyk edýär.

5. Toparlaýyn kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende kazyýet bilermenleriniň her biri barlaglary doly möçberde garaşsyz we özbaşdak geçirýär.

6. Kazyýet bilermenler toparynyň agzalary alnan netijeleri bilelikde seljerýärler we umumy pikire gelmek bilen netijenama ýa-da netijenama bermegiň mümkin däldigi barada habarnama gol çekýärler. Kazyýet bilermenleriniň arasynda ylalaşmazlyk bolan halatynda olaryň her biri  ýa-da kazyýet bilermenleriniň bölegi aýratyn netijenama berýär ýa-da toparyň beýleki agzalarynyň netijelerinden pikiri tapawutlanýan kazyýet bilermeni ony netijenamada aýratyn beýan edýär.

 

28-nji madda. Toplumlaýyn kazyýet bilermenler seljermesi

 

1. Iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlary anyklamak üçin bilimleriň dürli pudaklary esasynda barlaglar zerur bolanda toplumlaýyn kazyýet bilermenler seljermesi bellenýär we ol dürli hünärli kazyýet bilermenleri tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde geçirilýär.

2. Toplumlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegi guramak onuň geçirilmegi tabşyrylan kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň üstüne ýüklenilýär. Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada karara, kesgitnama laýyklykda berlen materiallar boýunça toplumlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek we onuň geçirilmegini guramak barada çözgüdi özbaşdak kabul etmäge haklydyr.

3. Toplumlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek şu Kanunyň 27-nji maddasynyň dördünji böleginiň talaplarynyň hasaba alynmagy bilen amala aşyrylýar.

Toplumlaýyn kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende kazyýet bilermenleriniň her biri öz ýörite ylmy bilimleriniň çäklerinde barlaglary geçirýär.

Toplumlaýyn kazyýet bilermenler seljermesiniň netijenamasynda her bir kazyýet bilermeniniň nähili barlaglary, haýsy göwrümde geçirenligi we onuň nähili netijelere gelenligi görkezilmelidir. Her bir kazyýet bilermeni netijenama özi tarapyndan geçirilen barlaglaryň beýan edilýän böleginde gol çekýär.

4. Her bir kazyýet bilermeni tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleri esasynda olar anyklanmagy üçin kazyýet bilermenler seljermesi bellenen ýagdaý barada umumy netije (netijeler) düzülýär. Umumy netijäni (netijeleri) diňe alnan netijelere baha bermäge ygtyýarly kazyýet bilermenleri düzýärler we gol çekýärler. Eger toparyň ýa-da onuň bir böleginiň gutarnykly netijesi üçin kazyýet bilermenleriniň biri (kazyýet bilermenleriniň aýry-aýrylary) tarapyndan anyklanylan faktlar esas bolan bolsa, onda bu barada netijenamada görkezilmelidir.

5. Kazyýet bilermenleriniň arasynda ylalaşmazlyk bolan halatynda barlaglaryň netijeleri şu Kanunyň 27-nji maddasynyň altynjy bölegi bilen bellenilen tertipde resmileşdirilýär.

6. Dürli kazyýet bilermenler seljermesi edaralaryna tabşyrylan toplumlaýyn kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegi guramagyň aýratynlyklary görkezilen kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bellenýär.

 

29-njy madda. Goşmaça we gaýtadan kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek

 

1. Kazyýet bilermeniniň netijenamasy ýeterlik düşnükli ýa-da doly bolmadyk, şeýle hem öňki barlaglar bilen baglanyşykda goşmaça soraglaryň çözülmeginiň zerurlygynyň ýüze çykan halatynda goşmaça kazyýet bilermenler seljermesi bellenýär.

Goşmaça kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilmegi şol ýa-da beýleki kazyýet bilermenine tabşyrylyp bilner.

Goşmaça kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek tabşyrylanda kazyýet bilermenine öňki kazyýet bilermenler seljermesiniň netijenamasy berilmelidir.

2. Kazyýet bilermeniniň öňki netijenamasy ýeterlik esaslandyrylmadyk ýa-da onuň netijeleri şübhe döredýän ýa-da kazyýet bilermenler seljermesini bellemek we geçirmek barada iş ýörediş kadalary düýpli bozulan halatlarynda şol bir obýektleri barlamak we şol bir soraglary çözmek üçin gaýtadan kazyýet bilermenler seljermesi bellenýär.

Gaýtadan kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada kararda, kesgitnamada öňki kazyýet bilermenler seljermesiniň netijeleri bilen ylalaşylmazlygynyň delilleri getirilmelidir.

Gaýtadan kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek başga kazyýet bilermenine ýa-da kazyýet bilermenleriniň toparyna tabşyrylýar. Öňki kazyýet bilermenler seljermesini geçiren kazyýet bilermenleri gaýtadan kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende bolup we topara düşündirişleri berip bilerler, ýöne bilermen barlagynda we netijenama düzülende olar gatnaşmaýarlar.

Gaýtadan kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek tabşyrylanda kazyýet bilermenine (kazyýet bilermenler toparyna) öňki kazyýet bilermenler seljermeleriniň netijenamalary berilmelidir.

3. Eger hasap boýunça ikinji ýa-da soňky kazyýet bilermenler seljermesi birnäçe esaslar boýunça bellenýän bolsa, olaryň biriniň goşmaça kazyýet bilermenler seljermesine, beýlekileriniň bolsa gaýtadan kazyýet bilermenler seljermesine degişli bolan halatlarynda şeýle kazyýet bilermenler seljermesi gaýtadan kazyýet bilermenler seljermesiniň düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.

 

30-njy madda. Kazyýet bilermeniniň netijenamasy

 

1. Barlaglarynyň netijesi boýunça kazyýet bilermeni (kazyýet bilermenleri) öz adyndan ýazmaça netijenama düzýär we ony öz goly we şahsy möhri bilen tassyklaýar. Kazyýet bilermenler seljermesi kazyýet bilermenler seljermesi edarasy tarapyndan geçirilen halatynda kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) goly görkezilen edaranyň möhri bilen tassyklanýar.

2. Kazyýet bilermeniniň netijenamasynda şular görkezilmelidir:

1) onuň resmileşdirilen senesi, kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilen möhletleri we ýeri;

2) kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň esaslary;

3) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) barada maglumatlar;

4) kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek tabşyrylan kazyýet bilermenler seljermesi edarasy ýa-da kazyýet bilermeni (kazyýet bilermenleri) barada maglumatlar (familiýasy, ady, atasynyň ady, bilimi, kazyýet-bilermenlik hünäri, hünäri boýunça iş döwri, alymlyk derejesi we alymlyk ady, eýeleýän wezipesi);

5) kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) görnetin ýalan netijenama bermegi üçin jenaýat jogapkärçiligi barada duýdurylandygy barada onuň goly bilen tassyklanan bellik;

6) kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) çözmegine goýlan soraglar;

7) kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende bolan iş ýöredişe gatnaşyjylar we olaryň düşündirişleri barada maglumatlar;

8) barlagyň obýektleri;

9) peýdalanylan usulyýetleri görkezmek bilen barlaglaryň mazmuny we netijeleri;

10) geçirilen barlaglaryň netijelerine berlen bahalar, kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) öňünde goýlan soraglar boýunça netijeleriň esaslandyrylmagy we beýan edilmegi.

3. Eger şu Kanunyň 31-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlar kazyýet-bilermenlik barlagynyň barşynda ýüze çykarylan bolsa, netijenama kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) öňünde goýlan soraglaryň hemmesine ýa-da olaryň birnäçesine jogap bermegiň mümkin däldigi barada esaslandyrmany özünde saklamalydyr.

4. Toparlaýyn, toplumlaýyn, goşmaça we gaýtadan kazyýet bilermenler seljermelerini geçirmegiň netijelerini resmileşdirmegiň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet bilermenler seljermesi edaralary tarapyndan kesgitlenýär.

5. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan tertipde tassyklanan kazyýet bilermeniniň netijenamasyny esaslandyrýan materiallar (fotosuratlar, çyzgylar we beýleki materiallar) netijenama çatylýar we onuň düzüm bölegi bolup durýar. Netijenama barlaglar geçirilenden soň galan obýektler, şol sanda nusgalar hem çatylmalydyr.

 

31-nji madda. Kazyýet bilermeniniň netijenamasyny bermegiň mümkin däldigi barada habarnama

 

1. Eger kazyýet bilermeni (kazyýet bilermenleri) barlag geçirmezden öň öz öňünde goýlan soraglar onuň ýörite ylmy bilimleriniň çäklerinden çykýanlygyna ýa-da oňa berlen materiallar netijenama bermek üçin ýaramsyzlygyna ýa-da ýeterlik däldigine we olaryň üstüni ýetirip bolmajakdygyna göz ýetirse ýa-da ylmyň we kazyýet bilermenler tejribesiniň ýagdaýy goýlan soraglara jogap bermäge mümkinçilik bermeýän bolsa, ol netijenama bermegiň mümkin däldigi barada delillendirilen habarnama düzýär we ony öz goly we şahsy möhri bilen tassyklaýar. Kazyýet bilermenler seljermesi kazyýet bilermenler seljermesi edarasy tarapyndan geçirilen halatynda kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) goly görkezilen edaranyň möhri bilen tassyklanýar.

2. Netijenama bermegiň mümkin däldigi barada delillendirilen habarnamada şular görkezilmelidir:

1) onuň resmileşdirilen senesi, kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilen möhletleri we ýeri;

2) kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň esaslary;

3) kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) barada maglumatlar;

4) kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek tabşyrylan kazyýet bilermenler seljermesi edarasy ýa-da kazyýet bilermeni (kazyýet bilermenleri) barada maglumatlar (familiýasy, ady, atasynyň ady, bilimi, kazyýet-bilermenlik hünäri, hünäri boýunça iş döwri, alymlyk derejesi we alymlyk ady, eýeleýän wezipesi);

5) kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) görnetin ýalan netijenama bermegi üçin jenaýat jogapkärçiligi barada duýdurylandygy barada onuň goly bilen tassyklanan bellik;

6) kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) çözmegine goýlan soraglar;

7) barlagyň obýektleri;

8) kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) öňünde goýlan soraglara jogap bermegiň mümkin däldiginiň esaslandyrylmagy.

3. Netijenama bermegiň mümkin däldigi barada habarnamanyň gurluşy we mazmuny kazyýet bilermenler seljermesi edaralary tarapyndan kesgitlenýär.

4. Eger kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada kararda, kesgitnamada görkezilen soraglaryň biri boýunça kazyýet bilermeni netijenama berýän bolsa, beýlekileri boýunça bolsa netijenama bermegiň mümkin däldigi barada habarnama düzmek üçin esas bar bolsa, ol ýeke-täk resminama – kazyýet bilermeniniň netijenamasyny düzýär.

 

IV BAP. DIRI ADAMLARA KAZYÝET BILERMENLER SELJERMESINI GEÇIRMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

 

32-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesi özleri babatda geçirilip bilinjek adamlar

 

Kazyýet bilermenler seljermesi özleri babatda geçirilip bilinjek adamlaryň topary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.

 

33-nji madda. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilýän ýeri

 

1. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesi lukmançylyk edarasynda ýa-da kazyýet-bilermenlik barlaglaryny geçirmek we bu adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek üçin zerur şertler bar bolan başga ýerde geçirilip bilner.

2. Kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende adamy ýatymlaýyn barlamagyň zerurlygy ýüze çykan halatynda ol şu Kanunyň 35-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde lukmançylyk edarasyna ýerleşdirilip bilner.

3. Kazyýet bilermenler seljermesi bellenen adam babatda ony kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilýän ýerine we kazyýet-bilermenlik barlaglary geçirilenden soň ulagda eltmek-getirmek kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) tarapyndan üpjün edilýär.

 

34-nji madda. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende meýletinlik we mejbur etmek

 

1. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesi meýletin we mejbury tertipde geçirilip bilner.

2. Eger kazyýet bilermenler seljermesi meýletinlik tertibinde geçirilýän bolsa, onda adamyň kazyýet-bilermenlik barlaglaryna sezewar edilmäge bolan ýazmaça razylygy kazyýet bilermenler seljermesi edarasyna berilmelidir.

3. Eger özi babatda kazyýet bilermenler seljermesi bellenen adam kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa, bu adam babatda kazyýet bilermenler seljermesini geçirmäge bolan ýazmaça razylyk ol adamyň kanuny wekili ýa-da hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan berilýär.

4. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesiniň mejbury tertipde geçirilmegine diňe Türkmenistanyň kanunlarynda gös-göni göz öňünde tutulan halatlarda ýol berilýär.

 

35-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek üçin adamy lukmançylyk edarasyna ýerleşdirmegiň esaslary we tertibi

 

1. Eger adam babatda kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek ýatymlaýyn şertlerde kazyýet-bilermenlik barlaglaryny geçirmegi göz öňünde tutýan bolsa, ol kazyýet bilermenler seljermesini bellemek barada karar, kesgitnama esasynda degişli lukmançylyk edarasyna ýerleşdirilýär.

2. Tussaglykda saklanmaýan adamy kazyýet-lukmançylyk we kazyýet-psihiatriýa bilermenler seljermesini geçirmek üçin lukmançylyk edarasyna mejbury ýerleşdirmäge diňe kazyýetiň çözgüdi boýunça ýa-da prokuroryň sanksiýasy bilen ýol berilýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) ýigrimi dört sagadyň dowamynda kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek üçin lukmançylyk edarasyna mejbury ýerleşdirilen adamyň bolýan ýeri barada onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzalarynyň haýsydyr birine, beýleki garyndaşlaryna ýa-da ýakyn adamlaryna, şeýle adamlar ýok bolanda bolsa – görkezilen adamyň ýaşaýan ýeri boýunça içeri işler edarasyna habar bermäge borçludyr.

 

36-njy madda. Kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende adamyň lukmançylyk edarasynda bolmagynyň möhletleri

 

1. Adam kazyýet-lukmançylyk we kazyýet-psihiatriýa bilermenler seljermesini geçirmek üçin otuz gije-gündize çenli zerur bolan möhlete lukmançylyk edarasyna ýerleşdirilip bilner, muňa Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan aýratyn ýagdaýlar girmeýär.

2. Meýletinlik tertibinde kazyýet bilermenler seljermesine sezewar edilýän adam üçin görkezilen möhletiň uzaldylmagy ol adamyň razylygy bilen kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň işgäri bolmadyk kazyýet bilermeniniň (kazyýet bilermenleriniň) delillendirilen haýyşnamasy boýunça kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek üçin lukmançylyk edarasyna mejbury ýerleşdirilen adamyň onda bolmagynyň möhletiniň uzaldylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

4. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek üçin lukmançylyk edarasyna mejbury ýerleşdirilen adamyň onda bolmagynyň möhletiniň, şeýle hem bu möhletiň uzaldylmagynyň tertibiniň bozulmagy görkezilen adam, onuň adwokaty, kanuny wekili ýa-da işe gatnaşmaga goýberilen gaýry wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

 

37-nji madda. Özleri babatda kazyýet bilermenler seljermesi geçirilýän adamlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň kepillikleri

 

1. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende şular gadagandyr:

1) iş boýunça maglumatlary almak maksady bilen olaryň kanun tarapyndan kepillendirilen hukuklaryndan mahrum edilmegi ýa-da olaryň çäklendirilmegi (şol sanda zorlugy, haýbat atmagy, aldamagy we başga bikanun hereketleri ulanmak bilen);

2) görkezilen adamlaryň lukmançylyk tehnologiýalaryň, melhemçilik we derman serişdeleriniň kliniki barlaglarynyň subýekti hökmünde peýdalanylmagy;

3) barlagyň hirurgiýa taýdan gatyşylmagyny göz öňünde tutýan usullaryň ulanylmagy.

2. Peýdalanylýan kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň usullary, mümkin bolan agyryly duýgular we goşmaça gerekmejek ýagdaýlar barada kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) tarapyndan özi babatda kazyýet bilermenler seljermesi geçirilýän adam üçin düşnükli görnüşde oňa maglumat berilmelidir. Özi babatda kazyýet bilermenler seljermesi geçirilýän adamyň degişli haýyşnama bildiren kanuny wekiline hem görkezilen maglumat berilýär.

3. Özi babatda kazyýet bilermenler seljermesi geçirilýän adama lukmançylyk kömegi diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde berlip bilner.

4. Lukmançylyk edarasyna ýerleşdirilen adama şikaýat we haýyşnama bermäge mümkinçilik berilýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde berlen şikaýatlar we haýyşnamalar ýigrimi dört sagadyň dowamynda salgysy boýunça ugradylýar we gözden geçirilmäge degişli däldir.

5. Meýletinlik tertibinde özi babatda kazyýet bilermenler seljermesi geçirilýän adamyň başlangyjy boýunça ol islendik döwründe bes edilip bilner.

 

38-nji madda. Tussaglykda saklanmaýan adamlar babatda ýatymlaýyn psihiatriýa edaralarynda kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň şertleri

 

1. Tussaglykda saklanmaýan adamlar babatda kazyýet-psihiatriýa bilermenler seljermesi ýatymlaýyn psihiatriýa edaralarynda geçirilýär.

2. Tussaglykda saklanmaýan adamlaryň kazyýet-psihiatriýa bilermenler seljermesiniň ýatymlaýyn psihiatriýa edaralarda geçirilýän döwründe olara Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş we Raýat iş ýörediş kodeksleriniň kadalarynyň hereketi degişli edilýär.

3. Görkezilen adamlar ýatymlaýyn psihiatriýa edaralarynyň näsaglarynyň saglygy goraýyş hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen hukuklaryndan peýdalanýarlar.

 

39-njy madda. Tussaglykda saklanýan adamlar babatda ýatymlaýyn psihiatriýa edaralarynda kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegiň şertleri

 

1. Tussaglykda saklanýan adamlar babatda kazyýet-psihiatriýa bilermenler seljermesi görkezilen adamlary ýerleşdirmek üçin ýörite niýetlenilen ýatymlaýyn psihiatriýa edaralarynda geçirilýär.

2. Tussaglykda saklanýan adamlaryň kazyýet-psihiatriýa bilermenler seljermesiniň ýatymlaýyn psihiatriýa edaralarynda geçirilýän döwründe olara Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň kadalarynyň hereketi degişli edilýär.

3. Görkezilen adamlar üçin göz öňünde tutulan aýratynlyklar bilen olar ýatymlaýyn psihiatriýa edaralarynyň näsaglarynyň saglygy goraýyş hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen hukuklaryndan peýdalanýarlar.

 

40-njy madda. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende iş ýöredişe gatnaşyjylaryň bolmagy

 

1. Diri adamlara kazyýet bilermenler seljermesi geçirilende iş ýöredişe gatnaşyjylaryň bolmagy Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş we Raýat iş ýörediş kodeksleri, şeýle hem şu Kanunyň 25-nji maddasy bilen kesgitlenýär, muňa şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

2. Kazyýet-psihiatriýa we kazyýet psihologik-psihiatriýa bilermenler seljermeleriniň geçirilmegi ýaşyrynlyk şertlerinde amala aşyrylýar.

3. Adamy ýalaňaçlamak bilen utgaşdyrylýan kazyýet-bilermenlik barlaglary geçirilende diňe şol jynsdan bolan adamlar bolup bilerler. Bu çäklendirme görkezilen barlaglar geçirilende gatnaşýan lukmanlara we beýleki lukmançylyk işgärlerine degişli edilmeýär.

 

V BAP. KAZYÝET-BILERMENLIK IŞINI YLMY-USULYÝET, MAGLUMAT TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK, KAZYÝET BILERMENLERINIŇ HÜNÄR TAÝÝARLYGY WE HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRMAK

 

41-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işini ylmy-usulyýet taýdan üpjün etmek. Kazyýet bilermenleriniň hünär taýýarlygy we hünär derejesini ýokarlandyrmak

 

1. Kazyýet-bilermenlik işini ylmy-usulyýet taýdan üpjün etmek, şeýle hem kazyýet bilermenleriniň hünär taýýarlygy we hünär derejesini ýokarlandyrmak kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň üstüne ýüklenýär.

2. Kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň usulyýetini işläp düzmek, tejribede synag etmek we ornaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet bilermenler seljermesi edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

42-nji madda. Türkmenistanyň kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň usulyýetleriniň döwlet sanawy

 

Şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelýän kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň usulyýetleri barada maglumatlar döredilmeginiň we peýdalanylmagynyň maksatlary we düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýän Türkmenistanyň kazyýet-bilermenlik barlaglarynyň usulyýetleriniň döwlet sanawyna girizilýär.

 

43-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işini maglumat taýdan üpjün etmek

 

Kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysy jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaradan, kazyýetden, administratiw hukuk bozulma barada iş önümçiliginde bolan edaradan iş boýunça önümçilik tamamlanandan soň maddy subutnamalar bolan närseleri tejribede, ylmy we okuw-usulyýet işinde peýdalanmak üçin almak barada haýyş etmäge haklydyr.

 

VI BAP. KAZYÝET BILERMENLER SELJERMESI EDARALARYNDA KAZYÝET-BILERMENLIK IŞINI MALIÝE WE MADDY-TEHNIKI TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK

 

44-nji madda. Kazyýet-bilermenlik işini maliýeleşdirmek

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesi edaralarynyň kazyýet-bilermenlik işini, şol sanda jenaýat, raýat, arbitraž işleri we administratiw hukuk bozulma barada işler boýunça kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegi maliýeleşdirmek döwlet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Kazyýet bilermenler seljermesiniň geçirilmegi bilen bagly çykdajylary tölemek Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Arbitraž iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

45-nji madda. Kazyýet bilermenler seljermesini geçirmegi maddy-tehniki taýdan üpjün etmegiň standartlary we talaplary

 

Kazyýet bilermeni öz işini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan standartlara we talaplara laýyk gelýän ýörite enjamlaşdyrylan jaýlarda amala aşyryp biler.

 

VII BAP. KAZYÝET-BILERMENLIK IŞI ÇYGRYNDA

HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

46-njy madda. Kazyýet-bilermenlik işi çygrynda halkara hyzmatdaşlygy

 

Kazyýet bilermenler seljermesi edaralary ylmy barlaglary bilelikde geçirmek, ylmy we usulyýet maglumatlaryny alyşmak, kazyýet bilermenleriniň hünär taýýarlygy we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň kazyýet-bilermenlik işini amala aşyrýan edaralary we gulluklary bilen halkara aragatnaşygyny guramaga haklydyrlar.

 

47-nji madda. Daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasynyň tabşyrmagy boýunça kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek

 

Türkmenistanyň halkara şertnamasy bolan daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasynyň tabşyrmagy boýunça kazyýet bilermenler seljermesi geçirilip bilner. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu halatlarda Türkmenistanyň kanunçylygy ulanylýar.

 

48-nji madda. Daşary ýurt döwletiniň kazyýet bilermenlerini çekmek bilen kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek

 

1. Kazyýet bilermenler seljermesini bellän edara (wezipeli adam) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz başlangyjy ýa-da kazyýet bilermenler seljermesi edarasynyň ýolbaşçysynyň haýyşnamasy boýunça daşary ýurt döwletiniň kazyýet bilermenler seljermesi çygrynda hünärmenleriniň çekilmegi barada haýyş etmäge haklydyr.

2. Daşary ýurt döwletleriniň kazyýet bilermenleriniň gatnaşmagynda kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Arbitraž iş ýörediş kodekslerinde, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde, şeýle hem şu Kanunda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

49-njy madda. Kazyýet-bilermenlik işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Kazyýet-bilermenlik işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

50-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                                 Gurbanguly

     Prezidenti                                                                 Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 137-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 08.11.2014
Resminamanyň belgisi № 137-V.