Innowasiýa işi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Innowasiýa işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 106-njу madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 130-VI Kanuny esasynda girizilen

 üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

1. Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) innowasiýa işi – nowasiýalaryň (täze düzgünleriň) döredilmeginiň we olaryň esasynda amaly netijäniň – innowasiýalaryň (täze girizilen kadalaryň) alynmagyny üpjün edýän iş;

2) nowasiýa (täze düzgün) – şu aşakdaky alamatlara eýelik edýän, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň obýekti bolup durýan intellektual işiň netijesi (täze bilim, tehniki çözgüt, tejribe ýa-da synag nusgasy we başgalar):

– täzelikler, ýagny hiliniň, häsiýetleriniň täzeligi we bar bolan meňzeşliklerden beýleki alamatlary boýunça tapawutlanýan;

– sarp edijilik peýdalylygy we howpsuzlygy nukdaý nazaryndan iş ýüzünde ulanylyjylyk;

– bäsdeşlige ukyplylyk we ykdysady netijelilik.

3) innowasiýa (täze girizilen kada) – raýat dolanyşygyna girizilen innowasiýa önümi. Innowasiýalaryň dört görnüşini tapawutlandyrýarlar: önüm, proses, marketing we guramaçylyk;

4) innowasiýa önümi – haýsydyr bir täze ýa-da has kämilleşdirilen önümiň (harydyň ýa-da hyzmatyň)önüm innowasiýasy, önümçiligiň (tehnologiýanyň) ýa-da önüm getirmegiň täze usulynyň proses innowasiýasy, marketingiň täze usulynyň marketing innowasiýasy, işewür tejribede iş orunlarynyň guramaçylygynda ýa-da daşarky gatnaşyklarda täze guramaçylyk usulynyň, raýat dolanyşygyna girizilip, amaly taýdan durmuşa geçirilmegine eýe bolan innowasiýa işiniň netijesi.

Täze ýa-da kämilleşdirilen önüm haçan-da şeýle önüm bazarda peýda bolanyndan soň raýat dolanyşygyna girizilen hasap edilýär. Täze önümçilik prosesleri (tehnologiýalary), marketingiň usullary ýa-da guramaçylyk usullary olaryň innowasiýa işiniň subýektiniň işinde hakykatda peýdalanyp başlanandan soň raýat dolanyşygyna girizilen (ornaşdyrylan) hasaplanylýar;

5) innowasiýa kuwwaty– innowasiýa işini amala aşyrmak üçin çekilýän intellektual, maddy, maliýe, guramaçylyk we beýleki serişdeleriň jemi;

6) innowasiýa infrastrukturasy –innowasiýa işini amala aşyrmak üçin öz ygtyýarlyklarynyň çäginde önümçilik-tehnologik, işgärler, konsalting, maglumat, maliýe we beýleki hyzmatlary hödürleýän innowasiýa işiniň subýektleriniň jemi;

7) innowasiýa maksatnamasy – innowasiýalary döretmek, özleşdirmek we ýaýratmak boýunça wezipeleriň netijeli çözülmegini üpjün edýän, maliýeleşdirmegi amala aşyrmagyň möhletleri, serişdeleri, ýerine ýetirijiler, möçberleri we çeşmeleri boýunça ylalaşylan innowasiýa taslamalarynyň toplumy;

8) innowasiýa taslamasy – möhletleri we ýerine ýetirijileri boýunça baglanyşykly işleriň toplumyny, maliýeleşdirmegiň çeşmelerine, önümçiligi guramagyň usullaryna, işlenip taýýarlanylýan, içerki we (ýa-da) daşarky bazarlara berilýän bäsdeşlige ukyply innowasiýa önüminiň tehniki häsiýetnamalaryna we sarp edijilik häsiýetlerine bolan talaplary kesgitleýän taslama;

9) innowasiýa prosesi – innowasiýa işini guramak we amala aşyrmak bilen baglanyşykly yzygiderli hereketleriň (işleriň) jemi.

Innowasiýa prosesi umumy görnüşde innowasiýa önümini döretmegiň aşakdaky tapgyrlaryny öz içine alýar:

ylmy barlaglar we taslama işläp taýýarlamalar;

– önümçilige ornaşdyrmak (tehnologik taýdan özleşdirmek);

– önümçilik (ulanmak);

– durmuşa geçirilmegine, ulanylmagyna, hyzmat edilmegine ýardam etmek;

– peýdalanylandan soň gaýtadan ulanmak.

10) milli innowasiýa ulgamy – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda innowasiýa işini býujet, salgyt, gümrük, ylmy-tehniki taýdan düzgünleşdirmek şertlerini belleýän guramaçylyk-hukuk, durmuş-ykdysady we institusional gatnaşyklaryň ulgamy;

11) döwlet innowasiýa syýasaty – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi, ol innowasiýa işini düzgünleşdirmäge gönükdirilen, döwlet tarapyndan amala aşyrylýan hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň toplumydyr;

12) innowasiýa kärhanasy – wagtyň garalýan döwründe innowasiýa önümini döretmek we öndürmek bilen baglanyşykly işi amala aşyrýan hojalygy ýörediji subýekt;

13) innowasiýa telekeçiligi – innowasiýa önümini döretmek, öndürmek we ýerlemek bilen baglanyşykly telekeçilik;

14) innowasiýalar bazary – innowasiýany döretmek üçin zerur we hödürlenilýän intellektual işiň netijelerine, ykdysadyýetiň degişli pudaklarynda ulanmak üçin innowasiýa önümine, hödürlenilýän innowasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin maýa goýumlaryna bolan islegiň we teklipleriň döreýän çygry. Innowasiýa bazarynyň düzüm bölegi bolup Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň innowasiýa taýdan ösüşiniň ileri tutulýän ugurlaryna jogap berýän daşary ýurt döwletleriniň innowasiýa tehnologiýalary we beýleki innowasiýalar hyzmat edýärler;

15) innowasiýa işiniň töwekgelçiligi – innowasiýa işiniň maksatlaryna, şol sanda innowasiýa taslamanyň maksatlaryna ýetmezlik ähtimallygy;

16) tehnologiýalaryň transferi – täze düzgünleri almak (işläp taýýarlamak) çygryndan olaryň iş ýüzünde ulanylmagy çygryna berilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumy.

2. Şu Kanunda ulanylýan beýleki düşünjeler olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilişi ýaly manylarda ulanylýar.

 

2-nji madda. Innowasiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Innowasiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we innowasiýa işi çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirýän şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

 

1. Şu Kanunyň hereket ediş çygry aşakdakylary goşup, ony amala aşyrmagyň barşynda ýüze çykýan innowasiýa işiniň subýektleriniň arasyndaky hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklary bolup durýarlar:

1) innowasiýalary döretmegiň we ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar;

2) ylmy işiň netijeleriniň önümçilikde özleşdirilmegine bermek bilen baglanyşykly gatnaşyklar;

3) innowasiýa işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar;

4) innowasiýa çygrynda daşary ykdysady işleriň amala aşyrylyşyndaky gatnaşyklar.

2. Şu Kanun innowasiýa işiniň maksatlaryna, obýektlerine we görnüşlerine garamazadan innowasiýa işiniň ähli subýektleri babatda hereket edýär.

 

II BAP. INNOWASIÝA IŞINIŇ GÖRNÜŞLERI,

OBÝEKTLERI WE SUBÝEKTLERI

 

4-nji madda. Innowasiýa işiniň görnüşleri

 

1. Innowasiýa işine işiň şu aşakdaky görnüşleri degişlidir:

1) innowasiýa önümini işläp taýýarlamak, öndürmek we ýaýratmak;

2) jemgyýet tarapyndan dolandyrmak çygryna ýaşaýşyň durmuş taýdan şertlerini we hilini gowulandyrmaga, bilimi, saglygy goraýşy ösdürmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge we tebigaty goramaga ýardam edýän täze taglymlary we ylmy bilimleri ornaşdyrmak;

3) oýlap tapyjylyk we rasionalizatorçylyk işi;

4) innowasiýa önümini döretmek we özleşdirmek bilen baglanyşykly taslama, agtaryş, tejribe-konstruktorçylyk we tehnologik işlerini ýerine ýetirmek;

5) inžiniring işi – önümçiligi innowasiýa taýdan tehnologik gaýtadan enjamlaşdyrmagy amala aşyrmak, innowasiýa prosesiniň serwis taýdan utgaşdyrylmagyny we hyzmatyny guramak bilen baglanyşykly işleriň we hyzmatlaryň toplumy;

6) patent barlagy, baha kesmek işi we seljermek, intellektual eýeçiligi täjirleşdirmek we tehnologiýalaryň transferi bilen baglanyşykly beýleki işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek;

7) innowasiýa işiniň üpjünçiligi üçin maglumat we maslahat beriş hyzmaty;

8) daşary ýurt döwletlerinden alynýan häzirki zaman tehnologiýalaryna we enjamlaryna bolan talaplary kesgitlemek, olaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň innowasiýa taýdan ösüşiniň ugurlaryna laýyklygyny anyklamak we olary ýerli şertlere baglanyşdyrmak;

9) innowasiýa işini üpjün etmek üçin işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak;

10) innowasiýa önümini ýerlemek bazarlaryny guramak bilen baglanyşykly marketing barlaglaryny geçirmek we çäreleri amala aşyrmak;

11) innowasiýa önümlerinisertifikatlaşdyrmagy we standartlaşdyrmagy amala aşyrmak;

12) täze düzgünleri döretmäge, täze girizilen kadalary öndürmäge we ýaýratmaga gönükdirilen maýa goýum we lizing işini amala aşyrmak.

2. Innowasiýa işine ykdysady işiň görnüşleriniň klassifikasiýa ulgamyna, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara standartlaryna laýyklykda kesgitlenilýän işleriniň we hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri hem degişli bolup biler.

 

5-nji madda. Innowasiýa işiniň obýektleri

 

Şu aşakdakylar innowasiýa işiniň obýektleridir:

1) täze bilimler we intellektual önümler;

2) täze sarp edijilik häsiýetlerine ýa-da täze tehniki häsiýetnamalara eýelik edýän täze tehnologiýalar, şeýle hem maddy gozgalýan emläkler we gozgalmaýan emläkler, tehniki önümler, önümçilik enjamlary;

3) önümçiligiň we (ýa-da) durmuş çygrynyň gurluşyny we hilini düýpgöter gowulandyrýan önümçilik we beýleki häsiýetli guramaçylyk-tehniki çözgütler;

4) täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna esaslanan gazyp alyş tehniki serişdeleri we çig mal resurslaryny gaýtadan işleýiş usullary;

5) täze sarp edijilik häsiýetine eýe bolan harytlyk önümi;

6) innowasiýa işiniň netijesinde alynýan maddy we maddy däl maliýe aktiwleri, kärhanalaryň gymmatly kagyzlary;

7) innowasiýa maksatnamalary we innowasiýa taslamalary.

 

6-njy madda. Innowasiýa işiniň subýektleri

 

Şu aşakdakylar innowasiýa işiniň subýektleridir:

1) innowasiýa işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar;

2) döwlet häkimiýet edaralary hem-de döwlet innowasiýa syýasatynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine hem-de innowasiýa işiniň düzgünleşdirilmegine gatnaşýan, olar tarapyndan ygtyýarly edilen guramalar;

3) innowasiýa işiniň barşynda ýerlenilýän we ulanylýan intellektual eýeçiligiň obýektleriniň eýeleri;

4) innowasiýa işine maýa goýumlaryny amala aşyrýan maýa goýujylar;

5) innowasiýa işini amala aşyrýan we üpjün edýän innowasiýa infrastrukturasynyň ýöriteleşdirilen guramalary.

 

7-nji madda. Innowasiýa işini amala aşyrmakda innowasiýa işiniň subýektleriniň delilleri

 

Innowasiýany döretmek, öndürmek we ýerlemek çygrynda innowasiýa işiniň subýektleri üçin esasy deliller aşakdakylardyr:

1) bäsdeşlik, isleg we ýerlemek bazarlary çygrynda: özüne bolan islegi azalýan harytlary çalyşmak; harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek; daşky gurşawa amatly bolan önümi işläp taýýarlamak; bazaryň paýyny saklamak ýa-da artdyrmak; täze bazarlara aralaşmak; sarp edijileriň talaplaryna bolan täsiriň wagtyny gysgaltmak;

2) önümçilik we eltmek babatda:harytlaryň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak; önümçiligiň ýa-da hyzmat etmegiň çeýeligini ýokarlandyrmak; önümçiligiň ýa-da hyzmat etmegiň kuwwatyny ýokarlandyrmak; müşderileriň dürli talaplaryna seslenmek mümkinçiligini artdyrmak; zähmet birliginiň gymmatyny aşaklatmak; materiallaryň we energiýanyň sarp edilişini azaltmak; taslama işi üçin harajatlary aşaklatmak; önümçilik wagtyny gysgaltmak; halkara tehniki standartlara laýyklylygy gazanmak; hyzmatlar edilende amal harajatlaryny aşaklatmak; harytlaryň hereketiniň we (ýa-da) olary getirmegiň hem-de hyzmat etmegiň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmak;

3) iş orunlaryny guramak babatda: kommunikasiýalary we işiň dürli görnüşleriniň arkalaşygyny kämilleşdirmek; zähmet şertlerini gowulandyrmak.

 

8-nji madda. Innowasiýa işiniň subýektleriniň hukuklary

 

1. Innowasiýa işiniň subýektleri innowasiýa işiniň ugurlaryny, görnüşlerini we obýektlerini özbaşdak saýlaýarlar we innowasiýa işini amala aşyrmak üçin gerek bolan şärikli ýerine ýetirijileri şertnamalaýyn (kontrakt) esasda öz isleglerine görä çekýärler.

2. Innowasiýa işiniň subýektleri innowasiýa maksatnamalarynywe innowasiýa taslamalaryny buýrujylaryň we (ýa-da) ýerine ýetirijileriň, maýa goýujylaryň hem-de zerur maddy-tehniki serişdeleri getirijileriň, şeýle hem innowasiýa prosesine hyzmat edýän dellallaryň we innowasiýalary sarp edijileriň wezipelerini ýerine ýetirip bilerler.

3. Innowasiýa işiniň subýektleri innowasiýa işiniň netijelerine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda amallary amala aşyrmak hukugyna eýedirler.

4. Innowasiýa işiniň subýektlerine döwlet maýa goýum serişdelerini ýerleşdirmek maksatlary bilen guralýan bäsleşiklere gatnaşmak hukugy berilýär.

5. Innowasiýa işiniň subýektleri innowasiýa maksatnamalaryny we innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirenlerinde  döwlet goldawyny almak, şeýle hem döwlet hajatlary üçin ylmy talap edýän önümleri, tehnikany we tehnologiýalary satyn almak we innowasiýalary döretmek üçin döwlet buýurmalaryny ýerleşdirmek hukugyna eýedirler.

6. Innowasiýa işiniň subýektleri innowasiýa işiniň beýleki subýektleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan innowasiýalary özleşdirip bilerler. Bu maksatlar üçin olar ylmy-tehniki maglumaty satyn alyp, patentlenen oýlap tapyşlar üçin serişde geçirmeleri we ygtyýarnama tölegleri töläp, “nou-hau”-wy satyn alyp, beýleki subýektleriň innowasiýa işiniň netijeleri ornaşdyrylan enjama, maksatnama üpjünçiligine ýa-da ýarym fabrikatlara maýa goýup bilerler.

 

9-njy madda. Innowasiýa işiniň subýektleriniň hukuklarynyň kepillikleri

 

Döwlet häkimiýet edaralary şu Kanuna laýyklykda innowasiýa işiniň subýektlerine şulary kepillendirýärler:

1) maýa goýum serişdelerini çekmek we innowasiýa maksatnamalaryny we innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly esaslandyrylan töwekgelçilige bolan hukuklaryň ykrar edilmegini;

2) döwlet innowasiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, durmuşa geçirilmäge degişli bolan patentli innowasiýa önümi hakynda maglumata bolan elýeterliligiň erkinligini, döwlet, gulluk, täjirçilik syry babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;

3) döwlet buýurmalary boýunça ýerine ýetirilýän innowasiýa maksatnamalarynyň we innowasiýa taslamalarynyň maliýeleşdirilmegini;

4) ylmy-tehnologik maglumatlara elýeterliligi, ony edinmäge bolan hukugyny we olara ylym we tehnika babatda halkara maglumat gaznalaryna we ulgamlara elýeterliligi;

5) innowasiýa işini amala aşyrýan işgärleriň taýýarlanylmagyna, gaýtadan taýýarlanylmagyna we hünäriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi;

6) innowasiýa işiniň çygrynda halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän innowasiýa maksatnamalarynyň we innowasiýa taslamalarynyň maliýeleşdirilmegine ýardam etmegi.

 

III BAP. DÖWLET INNOWASIÝA SYÝASATY

 

10-njy madda. Döwlet innowasiýa syýasatynyň maksady we esasy wezipeleri

 

1. Döwlet innowasiýa syýasatynyň maksady Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmagy, döwletiň ylmy-tehniki kuwwatynyň ösüşini we ulanylyşyny, häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa, howpsuz, energiýa we serişdetygşytlaýjy tehnologiýalary, önümçilikleri ornaşdyrmagy we bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşleriniň ýerlenilmegini üpjün etmek üçin innowasiýa işini döwlet tarapyndan goldamagyň we höweslendirmegiň çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek bolup durýar.

2. Şu aşakdakylar döwlet innowasiýa syýasatynyň esasy wezipeleridir:

1) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasiýa taýdan ösüşine gönükdirilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk taýdan düzgünleşdirilmegini üpjün etmek;

2) milli innowasiýa ulgamyny döretmek we toplumlaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini hasaba almak bilen onuň dünýä innowasiýa ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmek;

3) Türkmenistanda innowasiýa infrastrukturasynyň döredilmegine we ösdürilmegine ýardam etmek;

4) ýurduň we dünýä ylmynyň gazananlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň tehnologik taýdan ösüşini çaklamak;

5) Türkmensitanda innowasiýalar bazarynyň döredilmegine we ösdürilmegine ýardam etmek;

6) innowasiýa işini amala aşyrmak üçin zerur bolan intellektual, maglumat, maddy-tehniki we maliýe serişdelerine innowasiýa işiniň subýektleriniň elýeterliligi üçin amatly şertleri döretmek;

7) innowasiýa işiniň ösmegi üçin ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we maliýe-karz çygrynyň özara baglanyşygyny üpjün etmek;

8) innowasiýa işiniň çygrynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek;

9) ykdysadyýetiň telekeçilik böleginiň innowasiýa işine ýardam etmek;

10) innowasiýa işiniň çygrynda işgärleriň taýýarlanylmagyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guramak;

11) innowasiýa işini amala aşyrmakda fiziki we ýuridik  şahslary höweslendirmek;

12) innowasiýa işini amala aşyrmak prosesinde döredilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň awtoryny (şärikli awtorlaryny) höweslendirmek;

13) innowasiýa telekeçiliginiň çygrynda jemgyýetçilik birleşikleriniň (oýlap tapyjylar we rasionalizatorlar jemgyýetleriniň we beýleki jemgyýetçilik birleşmeleriniň) işini goldamak;

14) innowasiýa işiniň çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek.

 

11-nji madda. Döwlet innowasiýa syýasatynyň esasy ýörelgeleri

 

Şu aşakdakylar döwlet innowasiýa syýasatynyň esasy ýörelgeleridir:

1) innowasiýa işiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň gazananlaryna gönükdirilmegi;

2) innowasiýa işiniň ähli subýektleriniň deňhukuklylygyny üpjün etmek;

3) bazar mehanizmlerini peýdalanmak bilen innowasiýa işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini üpjün etmek;

4) innowasiýa işi amala aşyrylanda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek;

5) innowasiýa işi babatda çeýe býujet, karz, salgyt, gümrük syýasatyny geçirmek;

6) innowasiýa işiniň we intellektual eýeçiligiň subýektleriniň hukuklarynyň we bähbitleriniň döwlet tarapyndan goragy;

7) innowasiýa işiniň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň milli, ykdysady, ekologiýa we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek;

8) innowasiýa çygrynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek.

 

12-nji madda. Döwlet innowasiýa syýasatyny kemala getirmegiň tapgyrlary

 

1. Şu aşakdakylar döwlet innowasiýa syýasatyny kemala getirmegiň esasy tapgyrlarydyr:

1) innowasiýa çaklamalary;

2) innowasiýa strategiýalary;

3) döwlet innowasiýa maksatnamalary;

4) innowasiýa taslamalary.

2. Orta möhletli we uzak möhletli geljek üçin ylmy-tehniki gazanylanlary önümçilik taýdan özleşdirmegiň esasy ugurlaryny öňünden görmek hökmünde innowasiýa çaklamalary şu aşakdakylaryň esasynda döredilýär:

1) geljekki döwür üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň;

2) ylmy we tehnikany ösdürmegiň çaklamalarynyň;

3) milli innowasiýa ulgamynyň ýagdaýyna we potensialynyň ösüşiniň geljegine baha bermek.

Innowasiýa çaklamalary ylmyň we tehnikanyň ösüş çaklamalary we milli innowasiýa ulgamynyň potensialynyň geljekki ösüşine we ýagdaýyna baha bermek görnüşinde, innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ylym we tehnika babatdaky işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanmaga hödürlenilýän Türkmenistanyň döwlet innowasiýa syýasatynyň Konsepsiýasynda görkezilýär.

3. Innowasiýa strategiýalaryny döretmegiň tapgyrynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň innowasiýa ösüşiniň, orta möhletli we uzak möhletli geljek üçin innowasiýalary döretmegiň we ýaýratmagyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär, şeýle hem innowasiýa işini ösdürmäge we goldamaga gönükdirilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň toplumy işlenip taýýarlanylýar.

Innowasiýa strategiýalary orta möhletli we uzak möhletli geljek üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň degişli maksatnamalarynyň düzüm bölegi bolup durýarlar.

4. Innowasiýa syýasatyny döretmegiň indiki tapgyrlarynda döwlet innowasiýa maksatnamalary we innowasiýa taslamalary işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

5. Şu maddanyň 1–4-nji bölekleriniň düzgünlerini hasaba almak bilen, ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary sebitleriň innowasiýa ösüşiniň strategiýasy boýunça teklipleri taýýarlaýarlar, sebitiň innowasiýa maksatnamalaryny (taslamalaryny) işläp taýýarlaýarlar we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleri kesgitleýärler.

 

13-nji madda. Döwlet innowasiýa maksatnamalary we innowasiýa taslamalary

 

1. Döwlet innowasiýa maksatnamalary innowasiýa ösüşini amala aşyrmak üçin döwletiň maliýe, maddy we işgärler güýjüni jemlemek maksady bilen işlenip taýýarlanylýar.

2. Döwlet innowasiýa maksatnamalaryny döretmek innowasiýa işiniň subýektleriniň teklipleriniň esasynda döwlet innowasiýa syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Döwlet innowasiýa maksatnamalary işlenilip taýýarlanylanda olary maliýeleşdirmegiň möçberleri we çeşmeleri kesgitlenilýär, olaryň durmuşa geçirilmegine we goldanylmagyna jogapkär ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary bellenilýär.

Döwlet innowasiýa maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Döwlet innowasiýa maksatnamalary täze ýa-da kämilleşdirilen harydy, täze ýa-da kämilleşdirilen tehnologiýalary, täze hyzmatlary, önümçilik, administratiw, täjirçilik we başga häsiýetli täze guramaçylyk-tehniki çözgütleri raýat dolanyşygyna girizmek görnüşinde tabşyrylan ahyrky netijesi bolan innowasiýa taslamalarynyň düzüminde durmuşa geçirilýär.

Döwlet innowasiýa maksatnamalary döredilende hökmany döwlet ylmy-tehniki seljermesi we olara goşulýan innowasiýa taslamalarynyň bäsleşikli seçilip alynmasy amala aşyrylýar.

4. Döwlet häkimiýet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet innowasiýa maksatnamalaryny we innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hem-de  innowasiýa işini döwlet tarapyndan goldamagyň kesgitlenen çäkleri boýunça teklipleri taýýarlaýarlar.

 

14-nji madda. Innowasiýa taslamalarynyň döwlet ylmy-tehnikiseljermesi

 

1. Innowasiýa taslamalarynyň döwlet ylmy-tehniki seljermesi bu taslamalary seljermek we baha bermek bilen, olary ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň maksadalaýyklygy we olary döwlet innowasiýa maksatnamalarynyň düzümine goşmak hakynda netijenamalary taýýarlaýar.

2. Innowasiýa taslamalarynyň döwlet ylmy-tehniki seljermesi maýa goýum taslamasynda işläp taýýarlamak üçin teklip edilýän önümiň (harydyň, hyzmatlaryň), önümi öndürmegiň (tehnologiýanyň) ýa-da eltmegiň usulynyň, marketingiň täze usulynyň ýa-da işewür tejribede ýa-da daşarky aragatnaşyklarda iş orunlaryny guramagyň täze guramaçylyk usulynyň hem innowasiýa önümine hem-de innowasiýanyň görnüşine bolan gatnaşygyny takyklaýar(önüm, proses, marketing, guramaçylyk).

3. Innowasiýa taslamalarynyň döwlet ylmy-tehniki seljermesini geçirmek üçin döredilýän bilermenler geňeşleriniň (toparlarynyň) düzümi ylym we tehnika babatdaky işleriň düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen bilelikde innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan döredilýär we tassyklanylýar.

4. Innowasiýa taslamalarynyň döwlet ylmy-tehniki seljermesini geçirmek üçin ylmy guramalar, ýokary hünär bilim edaralary, alymlaryň jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem aýry-aýry alymlar we hünärmenler, şol sanda daşary ýurt raýatlary şertnamalaýyn esasda çekilip bilner.

5. Innowasiýa taslamalarynyň döwlet ylmy-tehniki seljermesini guramagyň we geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

15-nji madda. Innowasiýa işiniň töwekgelçiligi we oňa baha bermek

 

1. Innowasiýa taslamalary işlenilip taýýarlanylanda täze düzgünleri ulanmagyň bazar we tehnologik geljegiň kesgitlenmezligi bilen baglanyşykly innowasiýa işiniň töwekgelçiliginiň bolmak mümkinçiligi nazara alynýar.

2. Innowasiýa işiniň töwekgelçiligine baha bermek ony azaltmak boýunça çäreleri görmek, şeýle hem innowasiýa taslamasyny maliýeleşdirmegiň maksadalaýyklygy hakynda esasly karar kabul etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

3. Innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasy, ylym we tehnika babatdaky işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde innowasiýa işiniň töwekgelçiligine baha bermegiň usulyýetini işläp taýýarlaýarlar.

Innowasiýa işiniň töwekgelçiligine baha berlende elden giderilen peýda nazara alynmaýar.

 4. Innowasiýa işiniň subýektleri degişli innowasiýa taslamasy işlenip taýýarlanylanda innowasiýa işiniň töwekgelçiligine baha bermegi amala aşyrýan bilermenleri özbaşdak kesgitleýärler.

 5. Innowasiýa işiniň töwekgelçiligini azaltmak maksady bilen aşakdaky çäreler ulanylyp bilner:

1) innowasiýa işiniň töwekgelçiligini innowasiýa işiniň subýektleriniň we innowasiýa işine beýleki gatnaşyjylaryň arasynda paýlamak;

2) innowasiýa işiniň töwekgelçiligini azaltmak maksady bilen amala aşyrylýan diwersifikasiýa (şol bir wagtda özara baglanyşykly bolmadyk, dürli innowasiýa taslamalarynyň arasynda maliýe serişdelerini paýlamak);

3) innowasiýa taslamalary ýerine ýetirilende ätiýaçlandyryşy ulanmak.

 

16-njy madda. Innowasiýa-tehnologik gözegçilik

 

1. Kärhananyň (guramanyň) tehnologik ösüş derejesine we onuň innowasiýa işini amala aşyrmakda bar bolan  mümkinçiliklerine baha bermek, şeýle hem onuň amala aşyrylmagynyň saklanmagyna täsir edip biljek töwekgelçilik ýagdaýlary hasaba almak we seljermek üçin innowasiýa-tehnologiýa gözegçiligi geçirilip bilner.

2. Kärhananyň (guramanyň) innowasiýa işiniň amala aşyrylmagynyň saklanmagyna täsir edýän töwekgelçilik faktorlarynyň esasy toparlaryna şular degişlidir:

1) baha faktorlary (innowasiýa taslamasynyň bahasynyň ýokarylygy; innowasiýa işiniň subýektiniň içerki maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi; daşarky çeşmelerden maliýeleşdirmegiň ýoklugy ýa-da ýeterlik bolmazlygy);

2) bilimler bilen baglanyşykly faktorlar (ýeterlik bolmadyk innowasiýa kuwwaty; hünärli işgärleriň ýoklugy ýa-da ýeterlik bolmazlygy; täze tehnologiýalar hakynda maglumatyň ýoklugy ýa-da ýeterlik bolmazlygy; önümleri (hyzmatlary) ýerlemek bazarlary hakyndaky maglumatyň ýoklugy ýa-da ýeterlik bolmazlygy; işleri bilelikde ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlary tapmagyň kynçylyklary);

3) bazar faktorlary (innowasiýa harytlaryna ýa-da hyzmatlaryna kesgitlenilmedik isleg; bazarda eýýäm onda kök alan kärhanalaryň agalyk etmegi);

4) institusional faktorlar (innowasiýa infrastrukturasynyň ýoklugy ýa-da gowşaklygy; eýeçilik hukugynyň goragynyň ýeterlik bolmazlygy; kanunçylygyň, kadalaryň, standartlaryň, salgyt salmak ulgamynyň kämil däldigi).

Innowasiýa işiniň amala aşyrylmagynyň saklanmagyna täsir edýän töwekgelçilik faktorlarynyň görkezilen toparlary boýunça, olaryň kärhananyň (guramanyň) innowasiýa taýdan ösüşine täsiriniň ýok edilmegine gönükdirilen çäreler kesgitlenilýär.

3. Innowasiýa-tehnologik gözegçilik innowasiýa infrastrukturasynyň ýöriteleşdirilen guramalary ýa-da beýleki guramalar tarapyndan innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda resmi taýdan ykrar edilen ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenen beýleki guramalaryň gyzyklanýan kärhanalar (guramalar) bilen baglaşan şertnamalary esasynda geçirilýär.

4. Innowasiýa-tehnologik gözegçiligini geçirmegiň netijeleri boýunça kärhananyň (guramanyň) tehnologik ösüş derejesi we kärhananyň (guramanyň) hereket etmegini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we onuň harytlarynyň (işleriniň, hyzmatlarynyň) bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler hakynda teklipleri öz içine alýan innowasiýa işini amala aşyrmagyň bar bolan mümkinçilikleri hakynda netijenama berilýär.

5. Innowasiýa-tehnologik gözegçiligini geçirmegiň tertibi innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

17-nji madda. Innowasiýa işiniň çygrynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk

 

Innowasiýa işiniň çygrynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk:

1) taraplaryň ikisiniň hem bähbitlerini hasaba almaga esaslanan, döwlet bilen eýeçiligiň görnüşi döwlete dahylsyz bolan hojalygy ýörediji subýektleriň deňhukukly arkalaşykly hereketiniň esasynda;

2) döwlet innowasiýa syýasatynyň çäreleriniň durmuşa geçirilmegine eýeçiligiň görnüşine garamazdan hojalygy ýörediji subýektleriň erkin we açyk elýeterliliginiň esasynda;

3) innowasiýa işi amala aşyrylanda döwlet ylmy guramalary we  döwlet ýokary hünär bilim edaralary bilen bilelikde ylmy barlaglaryň we işläp taýýarlamalaryň geçirilmegine eýeçiligiň görnüşi döwlete dahylsyz bolan hojalygy ýörediji subýektleriň gatnaşmagynyň esasynda;

4) Döwlet innowasiýa maksatnamalaryna girýän, innowasiýa taslamalarynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine eýeçiligiň görnüşi döwlete dahylsyz bolan hojalygy ýörediji subýektleriň gatnaşmagynyň esasynda;

5) innowasiýa taslamalary bilelikde durmuşa geçirilende döwlet bilen eýeçiligiň görnüşi döwlete dahylsyz bolan hojalygy ýörediji subýektleriň arasynda innowasiýa işiniň töwekgelçilikleriniň, girdejileriň we jogapkärçiligiň bölünmeginiň esasynda;  

6)  Býujet we döwletiň beýleki serişdeleriniň hasabyna döredilen ýa-da alnan innowasiýa işini amala aşyrmak üçin gerek bolan intellektual işiniň netijelerine bolan emläk hukuklaryny eýeçiligiň görnüşi döwlete dahylsyz bolan hojalygy ýörediji subýektlere bermegiň mümkinçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

IV BAP. INNOWASIÝA IŞINI DÖWLET TARAPYNDAN

GOLDAMAK

 

18-nji madda. Innowasiýa işini döwlet tarapyndan goldamagyň maksady we esasy ýörelgeleri

 

1. Innowasiýa işini döwlet tarapyndan goldamagyň maksady innowasiýalar bazaryny emele getirmek we onuň işlemegi, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyny amala aşyrmak üçin, içerki we dünýä bazarlarynda ýurduň harytlarynyň, işleriniň we hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmek bolup durýar.

2. Innowasiýa işini döwlet tarapyndan goldamak aşakdaky esasy ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýa işiniň döwlet goldawynyň netijeliligini üpjün etmek;

2) innowasiýa işini goldamak üçin býujet we döwletiň beýleki serişdelerini peýdalanmagyň salgylaýynlygy  we maksatlaýyn häsiýeti;

3) döwlet goldawy alnanda olaryň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan innowasiýa işiniň subýektleriniň deňhukuklylygy;

4) innowasiýa prosesiniň ähli tapgyrlarynda, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri üçin döwlet goldawynyň elýeterliligi;

5) innowasiýa işine döwlet goldawyny bermegiň aç-açanlygy;

6) innowasiýa işini höweslendirmek üçin bazar gurallarynyň we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk gurallarynyň ileri tutulyp peýdalanylmagy.

3. Innowasiýa işini döwlet tarapyndan goldamak zerur hukuk, ykdysady we guramaçylyk şertlerini, şeýle hem innowasiýa işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar üçin höweslendirmeleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan kabul edilýän çäreleriň jemi hökmünde kesgitlenilýär.

 

19-njy madda. Innowasiýa işini döwlet tarapyndan goldamagyň  ugurlary

 

1. Innowasiýa işiniň döwlet tarapyndan goldawy şu aşakdaky ugurlarda amala aşyrylýar:

1) innowasiýa işini maliýeleşdirmek;

2) innowasiýa işini salgyt taýdan düzgünleşdirmek we beýleki ýeňillikler;

3) innowasiýa işini maglumat taýdan üpjün etmek;

4) ykdysadyýetiň telekeçilik böleginiň innowasiýa işine ýardam etmek;

5) innowasiýa işini amala aşyrmagyň barşynda döredilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň awtoryny (şärikli awtorlaryny) höweslendirmek;

6) innowasiýa işi çygrynda işgärleriň taýýarlanylmagyna, gaýtadan taýýarlanylmagyna we hünäriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek.

2. Döwlet tarapyndan innowasiýa işiniň goldanylmagyny üpjün etmegiň şertleri şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

20-nji madda. Innowasiýa işini maliýeleşdirmek

 

1. Şu aşakdakylar innowasiýa işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleridir:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

2) innowasiýa işiniň subýektleriniň öz serişdeleri;

3) banklaryň, şol sanda daşary ýurt banklarynyň karzlary;

4) hususy maýa goýujylaryň, şol sanda hem daşary ýurtly maýa goýujylaryň serişdeleri;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda  gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň serişdeleri.

2. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdelerinden şu aşakdakylar maliýeleşdirilýär:

1) döwlet innowasiýa maksatnamalary;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwlet edaralarynyň buýurmalary boýunça amala aşyrylýan innowasiýa önümini satyn almalar (şu maksatlar üçin niýetlenen serişdelerden);

3) kiçi hem-de orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak we innowasiýa işini döwlet tarapyndan goldamak boýunça çäreleriň çäklerinde amala aşyrylýan innowasiýa telekeçiligini goldamak.

3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagynda innowasiýa işini maliýe taýdan goldamak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda innowasiýa gaznalary döredilip bilner.

Innowasiýa gaznalary gaýtarmak ýa-da muzdsuz esasda innowasiýa taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin serişdeleri berip biler, şeýle hem olaryň tertipnamalarynda bellenilen tertipde innowasiýa işiniň subýektleriniň borçnamalary boýunça zamun bolujylaryň wezipelerini ýerine ýetirip bilerler.

4. Innowasiýa telekeçiliginiň ösüşini goldamak, innowasiýa taslamalarynyň başlangyç maliýeleşdirilmegini amala aşyrmak, innowasiýa kärhanalaryny döretmegi we ösdürmegi goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wençur (ýokary töwekgelçilikli) gaznalary döredilip bilner.

Wençur gaznalary innowasiýa işini amala aşyrýan guramalaryň we kärhanalaryň, töwekgelçilikli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin döredilýän kärhanalaryň paýdarlyk maýasyna maýa goýumlara ýöriteleşýän karz edaralarynyň we beýleki maliýe institutlarynyň paýly gatnaşygynyň hasabyna täjirçilik guramalary görnüşinde döredilýär. Wençur gaznalaryny döretmäge we olaryň işine bellenilen tertipde gyzyklanýan döwlet edaralary, şeýle-de hususy maýa goýujylar, şol sanda daşary ýurtly maýa goýujylar hem gatnaşyp bilerler. Wençur gaznalaryny döretmegiň we işini düzgünleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

5. Telekeçilik subýektleriniň innowasiýa işini maliýeleşdirmek, olaryň öz serişdeleriniň, şol sanda özleri tarapyndan çekilen serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

6. Innowasiýa işini maýa goýujylaryň hasabyna maliýeleşdirmek karzlar, maliýe lizingi we paýnamalara, obligasiýalara, weksellere we innowasiýa işiniň subýektleri tarapyndan meňzedilýän beýleki gymmatly kagyzlara maýa goýumlary görnüşinde amala aşyrylýar.

Mundan başga-da innowasiýa işini maliýeleşdirmek bilelikdäki innowasiýa işi hakynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň çäklerinde maýa goýujylaryň pul, emläk we beýleki goýumlarynyň hasabyna we maýa goýumlaryny çekmegiň Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki usullarynyň hasabyna hem amala aşyrylyp bilner.

 

21-nji madda. Innowasiýa işine ýeňillikler we salgyt salmak

 

1. Innowasiýa işini amala aşyrmakda ylmy-tehniki parklaryň dahyllylary (rezidentleri) üçin kesgitlenen ýer bölegini (jaýlary) kärendä bermek we serwis hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilen ýeňillikler berilýär.

2. Döwlet innowasiýa işine  salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

22-nji madda. Innowasiýa işiniň maglumat üpjünçiligi

 

1. Ylmy-tehniki maglumatyň ýaýradylmagyny we işiň bu çygrynyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet ylmy-tehniki maglumatyň ýygnalmagyny, döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny, analitik işlenip taýýarlanylmagyny, saklanylmagyny we innowasiýa işiniň subýektlerine ýetirilmegini amala aşyrýan ylym we tehnika babatda döwlet maglumat gaznalarynyň we ulgamlarynyň döredilmegini üpjün edýär.

2. Ylym we tehnika babatda döwlet maglumat gaznalary we ulgamlary hasaba alnan patentler, intellektual eýeçiligiň beýleki obýektleri hakyndaky maglumaty, şeýle hem innowasiýa işiniň subýektleriniň ylmy-tehniki maglumata bolan islegleri hakyndaky maglumaty goşup, bar bolan ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar hakyndaky maglumatlar binýadyny döredýärler we goldaýarlar.

3. Innowasiýa işi üçin ylmy-tehniki maglumaty döretmek, toplamak, agtarmak, almak, saklamak, işläp taýýarlamak, paýlamak we peýdalanmak bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk esaslary ylmy-tehniki maglumat babatda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

23-nji madda. Ykdysadyýetiň telekeçilik böleginiň innowasiýa işine ýardam bermek

 

1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri şu Kanuna we kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda innowasiýa işini amala aşyranlarynda döwlet tarapyndan goldawdan peýdalanýarlar.

2. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri üçin innowasiýa taslamasynyň durmuşa geçirilýän döwründe ylmy-tehnologiýa parklaryň innowasiýa infrastrukturasynyň obýektlerinde ýeňillikli kärende töleginiň şertlerinde önümçilik we edara üçin meýdanlarynyň bölünip berilmegi göz öňünde tutulýar.

3. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri üçin innowasiýa taslamasynyň durmuşa geçirilýän döwründe ylmy-tehnologiýa parklaryň innowasiýa infrastrukturasynyň obýektlerinde ýeňillikli esasda hyzmatlaryň berilmegi göz öňünde tutulýar.

 

24-nji madda. Innowasiýa işini amala aşyrmagyň barşynda döredilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň awtoryny (şärikli awtorlaryny) höweslendirmek

 

Döwlet innowasiýa işini amala aşyrmagyň barşynda döredilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň awtoryny (şärikli awtorlaryny) höweslendirmek maksady bilen şu aşakdakylary belleýär:

1) ýuridik şahs, ýuridik şahsy döretmezden hususy telekeçi täze önümi öndürende we ýerläninde, täze tehnologiýanyň esasynda önümi öndürende we ýerläninde, şeýle hem täze hyzmatlar edilende, eger bu önüm, tehnologiýa, hyzmatlar bazaryň kesgitlenen bölegi üçin täze bolsalar, şertnamanyň esasynda innowasiýa işini amala aşyrmagyň barşynda döredilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň awtoryna (şärikli awtorlaryna) hak-heşdek tölemäge borçludyrlar;

2) ýuridik şahs, ýuridik şahsy döretmezden hususy telekeçi kämilleşdirilen önümi öndürende we ýerläninde, kämilleşdirilen tehnologiýanyň esasynda önüm öndürende we ýerläninde, şeýle hem önümçilik, administratiw, täjirçilik ýa-da beýleki häsiýetli täze guramaçylyk-tehniki çözgütler peýdalanylanda kämilleşdirilen önümiň ykdysady ähmiýetine, önümçilik, administratiw, täjirçilik ýa-da başga häsiýetli guramaçylyk-tehniki çözgütleriň peýdalanylyşyna baglylykda şertnamanyň esasynda innowasiýa işini amala aşyrmagyň barşynda döredilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň awtoryna (şärikli awtorlaryna) hak-heşdek tölemäge borçludyrlar;

3) innowasiýa işini amala aşyrmagyň barşynda döredilen intellektual eýeçiligiň obýektlerine aýratyn hukuklara eýelik edijiler bolup durýan ýuridik şahs, ýuridik şahsy döretmezden hususy telekeçi salgytlar, ýygymlar (paçlar), beýleki hökmany tölegler tölenenden soň şertnamanyň esasynda intellektual eýeçiligiň görkezilen obýektleriniň awtorlaryna (şärikli awtorlaryna) hak-heşdekleri töleýärler;

4) ýuridik şahs innowasiýany peýdalananda ondan peýda (girdeji) almak göz öňünde tutulman, eýsem beýleki sosial taýdan ähmiýetli netije gazanylan mahalynda, şertnamanyň esasynda bu innowasiýany döreden intellektual eýeçiligiň obýektiniň awtoryna (şärikli awtorlaryna) birwagtlaýyn hak-heşdegi tölemäge borçludyr, onuň iň az möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

25-nji madda. Innowasiýa işi çygrynda işgärleriň taýýarlanylmagyna, gaýtadan taýýarlanylmagyna we hünäriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek

 

1. Döwlet innowasiýa işi çygrynda işgärleri taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň ulgamyny ösdürmek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

2. Innowasiýa işi çygrynda işgärleri taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň ulgamyny döwlet tarapyndan goldamagyň çäreleri hökmünde aşakdakylar amala aşyrylýar:

1) innowasiýa işini üpjün etmek bilen baglanyşykly inženerleriň, tehnologlaryň, menejerleriň we beýleki hünärmenleriň hünär taýýarlygyna we kwalifikasiýasyna bolan döwlet talaplarynyň ulgamyny işläp taýýarlamak;

2) ylmy talap edýän ýokary tehnologiýaly önümi öndürmek babatda hünärmenleri taýýarlamaga bolan döwlet buýurmalaryny döretmek;

3) innowasiýa tehnologiýalary babatda hünärmenleriň hünär synagynyň, hünärini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak ulgamyna bolan talaplary işläp taýýarlamak;

4) innowasiýa telekeçiligiçygrynda hünärmenleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagyna we iş bilen üpjün edilmegine ýardam edýän hünär öwrediji ýöriteleşdirilen merkezleriň işini goldamak;

5) ylmy taýdan bilimleri we tehniki taýdan gazanylanlary wagyz etmek, ýaşlaryň tehniki taýdan döredijiligini we onuň hünär gözükdirmesini goldamak.

3. Döwlet Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň innowasiýa taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, daşary ýurtly ökde hünärmenleriň çekilmegine, şeýle hem ýurduň hünärmenleriniň daşary ýurduň esasy ylym-bilim merkezlerinde okadylmagyna we hünär tälimini almagyna ýardam edýär.

4. Döwlet inžener-tehniki bilimi babatda döwletara standartlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we innowasiýa işi üçin işgärleriň taýýarlanylmagyna ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagyna ýardam edýär.

 

V BAP. INNOWASIÝA IŞINI DÜZGÜNLEŞDIRMEK BABATDA DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

26-njy madda. Innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň döwlet innowasiýa syýasatynyň konsepsiýasyny kabul edýär;

2) Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

3) orta möhletli we uzak möhletli döwürler üçin Türkmenistanyň innowasiýa ulgamyny döretmegiň we ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar;

4) döwlet innowasiýa maksatnamalaryny tassyklaýar;

5) innowasiýa taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin döwlet buýurmasyny döredýär;

6) döwlet innowasiýa syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň işine kadaly düzgünleşdirmäni, ýolbaşçylygy we gözegçiligi amala aşyrýar;

7) innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasyny kesgitleýär;

8) innowasiýa infrastrukturasynyň subýektlerini döretmegiň we ösdürmegiň meselelerini düzgünleşdirýär;

9) döwlet innowasiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan innowasiýa işiniň subýektlerini goldamagy amala aşyrýar;

10) innowasiýa işi çygrynda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;

11) innowasiýa işi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

27-nji madda. Döwlet innowasiýa syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary

 

Döwlet innowasiýa syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralaryna şular degişlidir:

1) innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasy;

2) ylym we tehnika babatda işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasy;

3) statistika, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, metrologiýa we senagat howpsuzlygy babatda döwlet edaralary;

4) ygtyýarlyklarynyň bir böleginde döwlet innowasiýa syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek ugry bolan pudaklaýyn döwlet edaralary;

5) ygtyýarlyklarynyň bir böleginde edara tabynlygyndaky çäkde döwlet innowasiýa syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek ugry bolan ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary.  

 

28-nji madda. Innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary

 

Innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasy:

1) döwlet innowasiýa syýasatyny işläp taýýarlaýar we amala aşyrýar;

2) ylym we tehnika babatdaky işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýan  ygytyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen bilelikde Türkmenistanyň döwlet innowasiýa syýasatynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlaýar;

3) Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen innowasiýa işiniň çygrynda dolandyrmagy we düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;

4) Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

5) innowasiýa işini hukuk, ykdysady we guramaçylyk taýdan düzgünleşdirmek mehanizmlerini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

6) orta möhletli we uzak möhletli döwürler üçin Türkmenistanyň milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;

7) döwlet innowasiýa maksatnamalaryny döredýär;

8) döwlet innowasiýa maksatnamalaryny we innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň gözegçiligini we olaryň ýerine ýetirilişiniň netijeliligine baha bermegi amala aşyrýar;

9) innowasiýa işini ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

10) ykdysady işiň görnüşleri boýunça innowasiýa taýdan ösüş derejesine we administratiw-çäk birlikleriň innowasiýa taýdan ösüş derejesine baha bermegi amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;

11)  pudaklaýyn döwlet edaralary bilen bilelikde kärhanalaryň  (guramalaryň) ylmy-usulyýet üpjünçiligini we innowasiýa-tehnologik gözegçiliginiň geçirilmegini amala aşyrýar;

12) ýaşyryn maglumaty, şol sanda döwlet syryna degişli maglumaty gorap saklamagyň we peýdalanmagyň şertleriniň berjaý edilmek meselelerini goşup, intellektual eýeçiligiň obýektlerine we olary peýdalanmaga bolan hukuklary goramak bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirýär;

13) innowasiýa infrastrukturasynyň ýöriteleşdirilen guramalaryny döretmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklipler girizýär;

14) innowasiýa infrastrukturasynyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň akkreditasiýasyny amala aşyrýar;

15) innowasiýa işi babatda şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

29-njy madda. Ylym we tehnika babatdaky işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary

 

Ylym we tehnika babatdaky işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde Türkmenistanyň döwlet innowasiýa syýasatynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlaýar;

2) Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň döredilmegine gatnaşýar;

3) döwlet innowasiýa maksatnamalarynyň we innowasiýa taslamalarynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

4) ylym we tehnika babatda döwlet innowasiýa maksatnamalary bilen göz öňünde tutulýan düýpli we amaly barlaglaryň ýerine ýetirilmegini utgaşdyrýar;

5) innowasiýa işini hukuk, ykdysady we guramaçylyk taýdan düzgünleşdirmegiň mehanizmlerini kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

6) olaryň edara tabynlygyna garamazdan innowasiýa işiniň subýektleriniň ylmy-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;

7) innowasiýa-tehnologik gözegçiligini geçirmegiň ylmy-usulyýet üpjünçiligini amala aşyrýar;

8) işgärleri innowasiýa işi üçin Turkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurt döwletlerinde hem taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň ulgamyny guraýar;

9) ylmy guramalaryň ulgamynda innowasiýa işini ösdürýär;

10) innowasiýa işläp taýýarlamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, gowulandyrylan häsiýetleri bolan, milli bäsdeşlige ukyply önümleriň (harytlaryň) öndürilmegine ýardam edýär;

11) innowasiýa infrastrukturasynyň döredilmegine we ösdürilmegine ýardam edýär;

12) innowasiýa işi çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär;

13) innowasiýa işi çygrynda şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

30-njy madda. Statistika, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, metrologiýa we senagat howpsuzlygy babatda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Innowasiýa işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly statistika, standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, metrologiýa we senagat howpsuzlygy babatda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem ol edaralar hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalarda kesgitlenilýär.

 

31-nji madda. Döwlet innowasiýa syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek babatda döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) döwlet innowasiýa syýasatyny amala aşyrýarlar;

2) ykdysadyýetiň degişli pudagynda innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlaryny düzýärler;

3) ykdysadyýetiň degişli pudagynda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk düzgünleşdirmesini amala aşyrýarlar;

4) döwlet innowasiýa maksatnamalarynyň we innowasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;

5) innowasiýa işini hukuk, ykdysady we guramaçylyk taýdan düzgünleşdirmegiň mehanizmlerini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýarlar;

6) pudaklaýyn innowasiýa infrastrukturasynyň döredilmegini üpjün edýärler;

7) pudaklaýyn innowasiýa işiniň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan innowasiýa işiniň we innowasiýa infrastrukturasynyň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamagyň çäreleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;

8) innowasiýa önümini getirmek üçin döwlet buýurmalaryny döredýärler we bäsleşik esasynda olaryň ýerleşdirilmegini amala aşyrýarlar, innowasiýa taslamalaryny ýerine ýetirmek we tehnologiýalaryň transferi bilen baglanyşykly şertnamalary hasaba alýarlar;  

9) ykdysadyýetiň degişli pudagynda inowasiýa işini amala aşyrmagyň barşynda döredilen innowasiýa önüminiň kabul edilmegini we hasaba alynmagyny üpjün edýärler;

10) ykdysadyýetiň degişli pudagynda innowasiýa işiniň guramaçylyk, işgärler, maliýe, maddy-tehniki we durmuş meseleleriniň çözülmegini üpjün edýärler;

11) ykdysadyýetiň degişli pudagynyň innowasiýa taýdan ösüş derejesine baha bermegi geçirmegiň tertibini kesgitleýärler;

12) ykdysadyýetiň degişli pudagynyň kärhanalarynda (guramalarynda) innowasiýa-tehnologik gözegçiligiň geçirilmegini amala aşyrýarlar;

13) innowasiýa çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýarlar;

14) innowasiýa işi çygrynda şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

32-nji madda. Edara tabynlygyndaky çäkde döwlet innowasiýa syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) döwlet innowasiýa syýasatynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) edara tabynlygyndaky çäkde innowasiýa işiniň ösüşine ýardam edýärler;

3) sebitde innowasiýa işini ösdürmäge gönükdirilen sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we durmuşa geçirýärler;

4) sebitde innowasiýa infrastrukturasynyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň döredilmegine gatnaşýarlar;

5) sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilen innowasiýa taslamalarny ýerine ýetirmäge ylmy, önümçilik we beýleki guramalary çekýärler;

6) innowasiýa işi çygrynda şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

VI BAP.

 INNOWASIÝA INFRASTRUKTURASY

 

33-nji madda. Innowasiýa infrastrukturasynyň hyzmatlary

 

1. Innowasiýa işiniň subýektlerine innowasiýa infrastrukturasynyň subýektleri tarapyndan berilýän hyzmatlary aşakdaky görnüşde görkezmek bolar:

1) önümçilik-tehnologik hyzmatlar;

2) işgärler hyzmatlary;

3) konsalting hyzmatlary;

4) maglumat hyzmatlary;

5) maliýe hyzmatlary;

6) innowasiýa önümlerini satmak hyzmatlary;

7) beýleki hyzmatlar.

2. Önümçilik-tehnologik hyzmatlara şular degişlidir:

1) innowasiýa taslamalaryny işläp taýýarlamakda we öňe sürmekde kömek bermek (innowasiýa taslamasynyň esaslandyrylmasy, ylmy- barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmek, tejribe nusgalyklaryny döretmek);

2) önümçilik kuwwatlyklaryny, enjamlary bermek;

3) önümçilik jaýlaryny bermek;

4) önümçilik däl (edara) jaýlaryny bermek, şol sanda gorag, kommunikasiýalar (aragatnaşyk ulgamy, internet) we başgalar bilen üpjün etmek.

3. Işgärler hyzmatlaryna şular degişlidir:

1) zerur barlaglary ýerine ýetirmek üçin hünärmenleri seçip almak, bermek;

2) enjamlary sazlamak üçin hünärmenleri seçip almak, bermek;

3) menejment, marketing, ykdysadyýet we maliýe, ýerlemek ýaly ugurlary we başga ugurlar boýunça hünärmenleri seçip almak, hödürlemek;

4) kärhananyň  (guramanyň) işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak.

4. Konsalting hyzmatlaryna şular degişlidir:

1) tehnologik konsalting (önümçilik prosesiniň barşynda ýüze çykýan meseleleri çözmek);

2) hukuk konsaltingi (kärhananyň hukuk goragy, intellektual eýeçiligiň, sertifikasiýanyň meseleleri);

3) dolandyrmak babatda konsalting;

4) maýa goýumlary babatda konsalting;

5) ykdysadyýet we maliýe babatda konsalting;

6) marketing babatda konsalting;

7) daşary ykdysady iş çygrynda konsalting.

5. Maglumat hyzmatlaryna şular degişlidir:

1) täze işläp taýýarlamalar hakyndaky maglumatlaryň olary giňden ulanyjylara ýetirilmegi;

2) täze işläp taýýarlamalary peýdalanmak boýunça maslahatlary guramak;

3) patent maglumatyna bolan elýeterlilik;

4) bazarlar hakynda maglumat bermek;

5) maglumat binýatlaryna, statistik maglumata elýeterlilik;

6) maglumatlar binýatlaryny döretmek we goldamak.

6. Maliýe hyzmatlaryna şular degişlidir:

1) innowasiýalary öndürmäge we durmuşa geçirmäge hem-de täze düzgünleri döretmäge maýa goýmak;

2) innowasiýa işini karzlaşdyrmak;

3) maliýeleşdirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki görnüşleri.

7. Innowasiýa önümini satmak hyzmatlary şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) satmakda dellalçylyk;

2) sergileri, tanyşdyrmalary guramak;

3) maslahatlara, seminarlara we başgalara gatnaşmagy guramak.

8. Beýleki hyzmatlara şular girýär:

1) patentlemek, hukuk resminamasyny taýýarlamak;

2) iş dolandyryjylygy;

3) buhgalteriýany ýöretmek;

4) täjirçilik meýilnamalaryny taýýarlamak;

5) kätipçilik hyzmatlary, guramaçylyk hyzmatlary (getirijiler bilen aragatnaşyk we başgalar).

 

34-nji madda. Innowasiýa infrastrukturasynyň subýektleri

 

1. Innowasiýa işini goldamak we hyzmat etmek maksatlary üçin döredilýän innowasiýa infrastrukturasynyň subýektlerine innowasiýa infrastrukturasynyň aşakdaky ýöriteleşdirilen guramalary degişlidir:

1) ylmy-tehnologiýa merkezi;

2) tehnologiýa merkezi;

3) täjirçilik inkubatory;

4) innowasiýa merkezi;

5) köpçülikleýin peýdalanylýan innowasiýa merkezi;

6) tehnologiýalaryň transfer merkezi;

7) innowasiýa gaznasy;

8) wençur guramasy;

9) şu Kanunyň düzgünlerine laýyk gelýän beýleki ýuridik şahslar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ylmy-tehnologiýa merkezi, tehnologiýa merkezi, täjirçilik inkubatory, innowasiýa merkezi, köpçülikleýin peýdalanylýan innowasiýa merkezi, tehnologiýalaryň transfermerkezi, şu Kanunyň 35–40-njy maddalarynda kesgitlenilişi ýaly, innowasiýa infrastrukturasynyň subýektleri hökmünde olaryň niýetlenilen işinde we innowasiýa işiniň amala aşyrylyşynda tapawutlandyryjy aýratynlyklar bolan ýagdaýynda, olar ylmy-tehologiýa parkynyň statusyna eýe bolup bilerler.

Ylmy tehnologiýa parkynyň hukuk düzgüni, maksatlary, wezipeleri we ýerine ýetirýän işleri; ony döretmek, bellige almak we ýatyrmak; işiň dolandyrylyşy; emläk gatnaşyklary we maliýeleşdirmek çeşmeleri; döwlet tarapyndan goldamagyň ugurlary hem-de onuň işini hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň beýleki kadalary – “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.

3. Şu Kanunyň 33-nji maddasynda sanalyp geçilen görnüşlere  laýyklykda hyzmatlary amala aşyrýan innowasiýa infrastrukturasynyň subýektlerine ylmy guramalar we bilim edaralary, ylmy-tehniki maglumat guramalary, öwrediji merkezler, orta we kiçi innowasiýa telekeçiligini goldamak gaznalary we işi şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýän beýleki guramalar degişli bolup biler.

 

35-nji madda. Ylmy-tehnologiýa merkezi

 

Ylmy-tehnologiýa merkeziniň hukuk ýagdaýy, maksatlary, wezipeleri we işiniň ugurlary şu Kanun, “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

36-njy madda. Tehnologiýa merkezi

 

1. Tehnologiýa merkezi – enjamlaşdyrylan maglumat we synag binýady hem-de ökde, ýokary hünärli işgärleriň jemlenen mahalynda ylmy-tehniki çygyrda telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegini amala aşyrýan innowasiýa infrastrukturasynyň subýekti.

Tehnologiýa merkezi ylmy guramalary, taslama-konstruktorçylyk býurolaryny, bilim edaralaryny, önümçilik kärhanalaryny ýa-da olaryň düzüm birliklerini birleşdirmek görnüşinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň çäkleýin birleşmesiniň   görnüşi bolup durýar.

2. Tehnologiýa merkezi işiň şu aşakdaky görnüşlerini amala aşyrýar:

1) edara jaýlarynyň we önümçilik binýatlarynyň berilmegini, innowasiýa taslamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan barlaghana enjamyna, kommunikasiýalara we beýleki obýektlere elýeterliligi goşup, täze tehnologik prosesleri, harytlary (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyrmak we standartlaşdyrmak we harytlary (işleri, hyzmatlary) tapgyrlaýyn öndürmäge başlamak maksady bilen, tejribe-konstruktorçylyk işläp taýýarlamalaryny, synaglaryny geçirmek tapgyryny goşup, şertnamanyň esasynda maddy-tehniki binýady bermek;

2) innowasiýa taslamasyny durmuşa geçirmek üçin şertnamanyň şertlerinde fiziki we ýuridik şahslara hukuk, guramaçylyk, maglumat hyzmatlaryny bermek;

3) işgärlere innowasiýa menejmentiniň esaslaryny okatmak;

4) tehnologiýa merkeziniň çäginde ýerleşen kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maglumat hyzmatlaryny berýän guramalary çekmek üçin şertleri döretmek;

5) telekeçiligiň subýektlerine ýurduň we daşary ýurduň ylmy we tehnologik maglumatlaryny bermek.

3. Tehnologiýa merkezi innowasiýa işiniň subýektlerine ýardam etmek üçin, gozgalmaýan emlägiň obýektlerini goşup, maddy-tehniki binýada ygtyýar etmelidir.

 

37-nji madda. Täjirçilik inkubatory

 

1. Täjirçilik inkubatory – täze kärhanalary, iş orunlaryny döretmek we innowasiýa prosesini guramaga toplumlaýyn çemeleşmek esasynda sebiti ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen döredilýän innowasiýa infrastrukturasynyň subýekti.

2. Täjirçilik inkubatorlary işiň aşakdaky görnüşlerini amala aşyrýarlar:

1) innowasiýa işini amala aşyrmak üçin kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine ýardam etmek;

2) innowasiýa taslamasyny maliýeleşdirmek üçin innowasiýa taslamasynyň we resminamalarynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň taýýarlanylmagyna ýardam etmegi goşup, şertnamanyň şertlerinde innowasiýa taslamasyny taýýarlamak üçin zerur  bolan işleri we hyzmatlary bermek;

3) innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam etmek;

4) şertnamanyň şertlerinde innowasiýalary döretmek üçin zerur bolan maddy-tehniki binýady bermek;

5) şertnamanyň şertlerinde intellektual eýeçiligiň obýektlerine  gorag resminamalaryny almaga bolan ýüz tutmalary resmileşdirmek üçin gerek bolan işleri we hyzmatlary bermek.

3. Täjirçilik inkubatorlary innowasiýa işiniň subýektlerine işleri we hyzmatlary bermek üçin degişli hünäre eýelik edýän işgärlere, şeýle hem innowasiýalary döretmek üçin gerek bolan edara we önümçilik jaýlaryna ygtyýar etmelidirler.

 

38-nji madda. Innowasiýa merkezi

 

Innowasiýa merkezi – innowasiýa infrastrukturasynyň şu aşakdakylary amala aşyrýan subýektidir:

1) telekeçilik düzümler bilen bilelikdäki barlaglary;

2) innowasiýanyň esaslary babatda hünärmenleriň okadylmagyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny;

3) innowasiýa telekeçiliginiň kärhanalarynyň döredilmegine ýardam etmegi.

Innowasiýa merkezleri sebit innowasiýa syýasatyny üpjün etmek üçin ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary tarapyndan döredilýär we milli innowasiýa ulgamynyň infrastrukturasynyň sebit böleginiň wezipelerini ýerine ýetirýärler.

 

39-njy madda. Köpçülikleýin peýdalanylýan innowasiýa merkezi

 

Köpçülikleýin peýdalanylýan innowasiýa merkezi –  ykdysadyýetiň telekeçilik böleginiň kiçi we orta kärhanalaryna, şol merkeziň öz önümçiliginde onuň enjamlaryndan peýdalanmak arkaly täze tehnologiýalary döretmäge we degişli hereket edýän tehnologiýalary kämilleşdirilmäge mümkinçilik berýän hyzmatlar merkezi.

 

40-njy madda. Tehnologiýalaryň transfer merkezi

 

1. Tehnologiýalaryň transfermerkezi – innowasiýa işläp taýýarlamalaryna eýelik edýän guramanyň gurluş düzüm birligi ýa-da, esasy wezipesi ylmy guramalarda we ýokary okuw mekdeplerinde döredilýän ylmy işläp taýýarlamalary täjirleşdirmekden ybarat bolan özbaşdak ýuridik şahs.

2. Tehnologiýalaryň transfermerkezleriniň işi aşakdakylara gönükdirilendir:

1) döwlet ylmy guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we senagat kärhanalarynyň hünärmenleriniň bilelikdäki işläp taýýarlamalara, maýa goýum önümini öndürmäge we ýaýratmaga gatnaşmagyna;

2) täze düzgünleri, şeýle hem olaryň esasynda döredilen önümleri, tehnologiýalary, hyzmatlary, guramaçylyk-tehniki çözgütleri raýat dolanyşygyna girizmek mümkinçiliklerini ýüze çykarmak boýunça bazaryň ýagdaýynyň barlaglaryny geçirmäge;

3) döwlet edaralaryndan grantlary, öň alnan netijeleri peýdalanmakdan ygtyýarnama töleglerini, senagat kärhanalarynyň,  gaznalaryň we beýleki maliýe edaralarynyň hem-de hususy adamlaryň maýa goýumlaryny almagyň hasabyna barlaglary we işläp taýýarlamalary geçirmek üçin täzelenýän maliýe esasyny üpjün etmäge;

4) tehnologik we senagat taglymlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň ylmy seljermesini geçirmäge;

5) täze düzgünleriň hukuk goragyny üpjün etmek maksady bilen hyzmatlary bermäge;

6) inženerçilik-maslahat beriş we taslama hyzmatlaryny (inžiniring hyzmatlaryny)etmäge;

7) innowasiýa taslamalarynyň täjirçilik meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça hyzmatlary etmäge;

8) maýa goýumlarynyň çekilmegine, maýa goýujylaryň we (ýa-da) işewür hyzmatdaşlaryň peýda bolmagyna ýardam etmäge;

9) innowasiýa taslamalaryny dolandyrmak boýunça hyzmatlary etmäge;

10) kärhanalaryň (guramalaryň) işgärlerini okatmaga;

11) döwlet ylmy guramalarynda we ýokary okuw mekdeplerinde toplanylan bilimleri we tejribäni ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde peýdalanmaga;

12) innowasiýa işiniň subýektleriniň sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmäge, mahabat-maglumat önümini taýýarlamaga gatnaşmagyny guramak arkaly täze düzgünleriň we (ýa-da) täze düzgünleriň esasynda döredilen harytlaryň, tehnologiýalaryň, hyzmatlaryň, guramaçylyk-tehniki çözgütleriň maglumat taýdan öňe ilerledilmegi boýunça hyzmatlary etmäge;

13) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirmäge.

3. Tehnologiýalaryň transfermerkezlerini döretmegiň tertibi, işini guramagyň görnüşleri, meseleleri we wezipeleri olar hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

 

41-nji madda. Innowasiýa gaznasy

 

1. Innowasiýa gaznalary innowasiýa işiniň subýektleriniň başlangyjy boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan eýeçiligiň islendik görnüşindäki maliýe guramasy hökmünde döredilýär.

2. Innowasiýa gaznalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda innowasiýa maksatnamalaryny we innowasiýa taslamalaryny, şeýle hem innowasiýa işini maliýe taýdan goldamagyň beýleki görnüşlerini maýa goýum taýdan karzlaşdyrmak maksady bilen daşary ýurt maýa goýujylaryň serişdelerini goşup, döwlet we hususy çeşmelerden maliýe serişdeleriniň toplanylmagyny we netijeli dolandyrylmagyny üpjün edýärler.

Innowasiýa gaznasynyň serişdeleri maýa goýumlara dalaşgärleriň arasynda bäsleşik esasynda paýlanylýar.

3. Türkmenistanda umumy innowasiýa işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi esasynda Milli innowasiýa gaznasy döredilip bilner, onuň işi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

42-nji madda. Wençur guramasy

 

1.Täze tehniki we tehnologik düzgünleri, amalyýetde heniz synag edilmedik ylmyň gazananlarynyň netijelerini iş ýüzünde peýdalanmak maksady bilen wençur guramalary döredilip bilner.

2.Wençur guramasynyň işiniň esasy ugurlary aşakdakylardyr:

1) wençur taslamalaryny maliýeleşdirmek;

2) innowasiýa işini amala aşyrmak üçin zerur bolan enjamlary lizing şertnamasy boýunça innowasiýa işiniň subýektlerine bermek;

3) intellektual eýeçiligiň obýektleri, ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk we tejribe-tehnologik işleriň netijeleri üçin emläk hukuklaryny edinmek, geljekde bu hukuklary wençur taslamalaryny ýerine ýetirijiler bolup durýan innowasiýa işiniň subýektlerine muzdly ýa-da muzdsuz esasda geçirmek;

4) wençur taslamalaryny ýerine ýetirijiler bolup durýan innowasiýa işiniň subýektlerine dolandyryjylyk, maslahat beriş we beýleki hyzmatlary etmek.

3. Wençur guramalaryny döretmegiň tertibi, olaryň işini guramagyň görnüşleri, meseleleri we wezipeleri olar barada Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.

 

VII BAP. INNOWASIÝA IŞI ÇYGRYNDAŞERTNAMALAÝYN GATNAŞYKLARYDÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

43-nji madda. Innowasiýa işi çygrynda şertnamalaýyn gatnaşyklar

 

1. Innowasiýa işiniň subýektleriniň arasynda gatnaşyklaryň esasy görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan şertnamalardyr (kontraktlardyr).

2. Şu aşakdakylar şertnamalaryň (kontraktlaryň) mazmunydyr:

1) innowasiýa önümini, şol sanda döwlet buýurmalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan innowasiýa önümini işläp taýýarlamak we bermek;

2) innowasiýa önümini işläp taýýarlamak, öndürilmegini özleşdirmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly bilelikdäki işi (hyzmatdaşlygy) üpjün etmek boýunça hyzmatlary we tabşyryklary ýerine ýetirmek;

3) innowasiýa önümini öndürmek bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň transferi we öz intellektual eýeçilik hukuklaryny bermek.

3. Şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly innowasiýa işi amala aşyrylanda ýüze çykýan jedellere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde garalýar.

4. Innowasiýa önümini bermek üçin döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly şertnamalar, tehnologiýalaryň transferi we öz intellektual eýeçilik hukuklaryny bermek bilen baglanyşykly şertnamalar we maglumatlar binýatlaryny, býujet we döwletiň beýleki serişdeleriniň hasabyna alnan ýa-da döredilen beýleki maglumat önümini bermek boýunça hyzmatlar bilen baglanyşykly geleşikler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan hökmany hasaba alynmaga degişlidir.

 

44-nji madda. Innowasiýa önümini işläp taýýarlamak we bermek boýunça şertnamalar

 

1. Innowasiýa önümini işläp taýýarlamak we bermek üçin şertnamanyň mazmuny innowasiýa önümini işläp taýýarlamak we bermek bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek bolup durýar.

2. Innowasiýa önümini işläp taýýarlamak üçin şertnamany baglaşmagyň hökmany şertleri ony işläp taýýarlamak üçin talaplary ýa-da tehniki şertleri kesgitlemek, intellektual eýeçilige bolan hukuklary berkitmegiň şertlerini, şeýle hem ylmy işiň netijeleri hakyndaky maglumatlaryň goragyny üpjün etmek boýunça çäreleri kesgitlemek bolup durýar.

 

45-nji madda. Innowasiýa önümini bilelikde işläp taýýarlamak hakynda ylalaşyklar

 

1. Innowasiýa önümini bilelikde işläp taýýarlamak hakynda ylalaşyklar innowasiýa taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly bilelikdäki innowasiýa işi babatda guramalaryň (ýuridik şahslaryň) we telekeçileriň (fiziki şahslaryň) kooperasiýasynyň şertnamalaýyn görnüşidir.

2. Innowasiýa önüminiň bilelikde gaýtadan işlenilmeginiň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny we düşünişmezlikleri düzgünleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Bilelikdäki iş hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde aşakdakylar kesgitlenilýär:

1) intellektual eýeçiligiň obýektlerini we önümiň hususylaşdyrmak serişdelerini goşup, gatnaşyjylaryň goýumlary, bilelikdäki emlägi döretmegiň we peýdalanmagyň şertleri;

2) bilelikdäki işi dolandyrýan edarany we ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik ediji edarany (auditi) utgaşdyrmak ýa-da döretmek tertibi;

3) bu ylalaşygy durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly üçünji şahslar bilen geleşikleri baglaşmagyň tertibi;

4) bilelikdäki işe gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary;

5) telekeçilik işini amala aşyrmak we bäsdeşligi çäklendirmek üçin şertler;

6) bilelikdäki işi amala aşyrmagyň çäginde buhgalterlik hasaba alşyny ýöretmegiň şertleri, gatnaşyjylaryň peýdasyny (girdejilerini) paýlamagyň we ýitgilerini ýapmagyň tertibi,şeýle-de salgytlary we beýleki hökmany tölegleri tölemegiň tertibi;

7) bilelikdäki işiň çäklerinde maglumaty bermegiň, peýdalanmagyň we goramagyň tertibi (ýaşyrynlyk);

8) bilelikdäki işi amala aşyrmagyň çäklerinde gatnaşyjylaryň işgärini peýdalanmagyň tertibi;

9) bilelikdäki işe gatnaşyjylaryň arasyndaky düşünişmezlikleri we jedelleri düzgünleşdirmegiň tertibi;

10) bilelikdäki işe gatnaşyjylaryň düzüminiň üýtgemegi we gatnaşyjynyň bu ylalaşygyň (hyzmatdaşlygyň) gatnaşyjylarynyň düzüminden çykmagynyň tertibi;

11) ylalaşygyň hereket ediş möhleti we bilelikdäki işi üpjün etmek üçin ylalaşygyň çäklerinde kabul edilýän beýleki şertler.

4. Eger bilelikdäki işi amala aşyrmak üçin hyzmatdaşlyk edilýän şahsdan görkezilen iş üçin ýörite rugsatlar (ygtyýarnamalar) talap edilse, muny hyzmatdaşlygyň agzasy bolup, rugsady (ygtyýarnamasy) bolan bilelikdäki işe gatnaşyjylar amala aşyrýarlar.

5. Innowasiýa önüminiň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, bilelikdäki işe gatnaşyjylar milli tehniki dessurlara, milli we halkara standartlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylýan standartlary we tehniki şertleri ulanyp bilerler.

6. Innowasiýa önümini işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki iş hakyndaky ylalaşyklar bellenilen tertipde telekeçilik işini düzgünleşdirýän edaralarda, salgyt edaralarynda we döwlet tarapyndan ygtyýarly edilen beýleki edaralarda ýa-da guramalarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ylalaşylmakdan ýa-da hasaba alynmakdan geçýärler.

7. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň çäklerinde innowasiýa taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwlet edarasy bilelikdäki işläp taýýarlamalar hakynda ylalaşygy degişli döwlet edarasynyň adyndan baglaşmak hukugyny döwlet guramasyna – hyzmatdaşlygyň baştutanyna berip biler.

8. Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, döwlet guramasy (hyzmatdaşlygyň baştutany) döwletiň adyndan intellektual eýeçiligiň  obýektlerini goşup, intellektual işiň alynýan netijelerine hukuklary kabul ederlikli şertlerde edinmek üçin beýleki tarapa opsiony berip biler. Şunda ähli halatlarda intellektual eýeçiligiň bu obýektini peýdalanmak üçin ýönekeý (aýratyn bolmadyk) ygtyýarnama bolan hukuk döwletde saklanyp galýar.

9. Döwlete dahylsyz guramalar bilen innowasiýa önümini bilelikde işläp taýýarlamak hakyndaky ylalaşyga girýän döwlet ylmy guramasy, şeýle ylalaşyklar boýunça alnan serişdeleri awtorlara (oýlap tapyjylara) hak-heşdekleri tölemek üçin, bu guramadegişli bolup durýan barlaglara hem-de şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki maksatlara harçlap biler.

 

46-njy madda. Tehnologiýalaryň transferi hakynda şertnama

 

1. Tehnologiýalaryň transferihakynda şertnama telekeçilik işiniň belli bir çygrynda peýdalanmak çägini görkezip ýa-da görkezmän ulanarlykly (ygtyýarnamaly tarapyndan öndürilen harytlary satmak, başga hojalyk işini amala aşyrmak, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek) aýratyn hukuklar toplumynyň, işewür abraýyň, ygtyýarnamalynyň belli bir möçberdäki bilimini we tejribesini (peýdalanmagyň az we (ýa-da) köp möçberini bellemek bilen) peýdalanmagy göz öňünde tutýar.

2. Tehnologiýalaryň transferihakynda şertnama boýunça bir tarap (ygtyýarnama beriji) beýleki tarapa (ygtyýarnamala) hak-heşdek hökmünde belli bir möhlete ýa-da möhleti görkezmezden ygtyýarnamalynyň telekeçilik işinde peýdalanmaga ygtyýarnama berijä degişli bolan aýratyn hukuklaryň toplumyny, şol sanda intellektual eýeçiligiň oýlap tapyşa berlen patentler, peýdaly modeller, senagat nusgalyklary we seleksiýanyň üstünlikleri ýaly netijelerine bolan hukuklary, şeýle hem aýratyn hukuklaryň şertnamada göz öňünde tutulan obýektlerine – EHM üçin programmalaryny we goralýan ylmy-tehniki maglumata (“nou-hau”) maglumatlar binýadyny, haryt nyşanyny, hyzmat ediş nyşanyny we başga obýektleri bermäge borçludyr.

3. Tehnologiýalaryň transferihakynda şertnama täjirçilik konsessiýasy (françaýzingi) hakynda şertnama görnüşinde, ygtyýarnamaly ylalaşyk ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga şertnama görnüşinde  baglaşylyp bilner.

Şertnamanyň ýazmaça görnüşinde resmileşdirilmegi onuň hökmany şertidir.

4. Tehnologiýalaryň transferihakyndaky şertnama ýuridik şahsyň  ýa-da ýuridik şahsy döretmezden hukuk eýesi hökmünde şertnama  boýunça çykyş edýän telekeçiniň hasaba alynmagyny amala aşyran ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alynýar.

Türkmenistanyň patent kanunçylygyna laýyklykda goralýan, intellektual eýeçiligiňk obýektleriniň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýan şertnama, patentler we haryt nyşanlary babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynda hem hasaba alynmaga degişlidir. Bu talap berjaý edilmedik mahalynda şertnama  ähmiýetsiz diýlip hasap edilýär.

5. Tehnologiýalaryň transferihakyndaky şertnama bilen peýdalanyja berlen aýratyn hukuklar toplumynyň ýa-da onuň peýdalanyjy bilen ylalaşylan ýa-da tehnologiýalaryň transferihakynda şertnamada kesgitlenilen kömekçi ygtyýarnamanyň şertlerinde bu toplumyň bir bölegini peýdalanmaga beýleki şahslara rugsat bermek hukugy göz öňünde tutulyp bilner.

Täjirçilik kömekçi konsessiýa şertnamasy onuň esas edilip baglaşylan tehnologiýalaryň transferihakynda şertnama garanda has uzak möhlete baglaşylyp bilinmez.

6. Eger tehnologiýalaryň transferihakyndaky şertnamada başga zat göz öňünde tutulmasa, ikinji ygtyýarnamalylaryň hereketleri bilen ygtyýarnamala ýetirilen zyýan üçin peýdalanyjy subsidiar jogapkärçilik çekýär.

7. Eger kömekçi ygtyýarnamanyň aýratynlyklaryndan  başga zat gelip çykmasa, onda kömekçi ygtyýarnamanyň şertnamasy üçin tehnologiýalaryň transferihakyndaky şertnamanyň şu bapda göz öňünde tutulan şertleri ulanylýar.

8. Tehnologiýalaryň transferihakyndaky şertnama boýunça hak-heşdek bellenilen bir gezeklik ýa-da döwürleýin tölegler, gelip gowuşan girdejilerden serişde geçirmeler, ygtyýarnamaly tarapyndan alyp satmak üçin berilýän harytlaryň lomaý bahasyna goşulan bahalar görnüşinde ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan başga görnüşde hukuga eýelik edijä (ygtyýarnamala) peýdalanyjy (ygtyýarnamaly) tarapyndan tölenilip bilner.

9. Döwlet, býujet we döwletiň beýleki serişdeleriniň hasabyna döredilen we alnan tehnologiýalar üçin hukuklary olary täjirleşdirmek maksady bilen işläp taýýarlaýjylara we üçünji şahslara şu Kanunda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde berip bilerler. Döwlet, döwlet hajatlary üçin, şeýle hem milli howpsuzlygyň bähbitlerini üpjün etmek üçin tehnologiýalary peýdalanmak hukuklaryny fiziki we ýuridik şahslardan edinip biler.

10. Telekeçilik işiniň subýektleri hökmünde Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan fiziki we ýuridik şahslar ýazmaça görnüşde baglaşylan tehnologiýalaryň transferi hakynda şertnamanyň esasynda tehnologiýalara bolan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurtly fiziki we ýuridik şahslara berip bilerler.

11. Tehnologiýany daşary döwletden getirmek hakynda şertnamanyň baglaşylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmelidir we ylmy-tehniki derejäniň ýokarlanmagyna we milli ykdysadyýetiň ösüşiniň üpjün edilmegine ýardam etmelidir.

Şunda aşakdakylara ýol berilmeýär:

1) haçan-da şol ýa-da has amatly şertlerde şunuň ýaly ýa-da şuňa meňzeş tehnologiýa Türkmenistanyň çäginde edinilip bilinse, tehnologiýany daşary döwletden getirmäge;

2) tehnologiýany alyjyny baglaşylan şertnamada görkezilen tehnologiýanyň özüne kybapdaş bolmadyk gymmatlyklaryna töleg geçirmegi borçly etmäge.

12. Tehnologiýany daşary döwletden getirmek hakyndaky şertnamada berýän tarapyň aşakdaky borçlary göz öňünde tutulýar:

1) daşary döwletden getirilen tehnologiýany ulanmagyň netijesinde öndürilen önümiň hilini kepillendirmek, ony öndürmegiň özüne düşýän gymmatyny aşaklatmak, energetiki serişdeleri we materiallary tygşytlamak;

2) şertnamanyň hereket edýän döwründe geçirilýän tehnologiýa bilen baglanyşykly gowulandyrmalary kabul edýän tarapyň ygtyýaryna bermek;

3) adamlaryň ömrüne we saglygyna, şeýle hem daşky gurşawa tehnologiýanyň ýaramaz täsiriniň howpy hakynda habar bermek.

 

VIII BAP. INNOWASIÝA IŞINIŇ SUBÝEKTLERINIŇ

HUKUKLARYNY GORAMAK

 

47-nji madda. Intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukuklary amala aşyrmak

 

1. Innowasiýa önümini döretmek bilen baglanyşykly intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukuklaryň eýesi diýlip innowasiýa önümini işläp taýýarlamak we getirmek üçin şertnamada bellenilen tertipdeşahs ýa-da onuň hukuk oruntutary ykrar edilýär.

2. Raýat hukuk-şertnamasynyň esasynda, şol sanda ylmy-tehniki önümi döretmek üçin potratçylyk şertnamasynyň esasynda buýrujy bilen innowasiýa önümini döreden ýerine ýetirijiniň arasyndaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň raýat kanunçylygynyň düzgünleri bilen düzgünleşdirilýär.

 

48-nji madda. Döwletiň innowasiýa önümine we intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukuklary

 

1. Býujet we döwletiň beýleki serişdeleriniň hasabyna döredilýän we edinilýän, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki usullar arkaly alnan innowasiýa önümine we intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukuklar döwlete degişlidir.

2. Döwlet innowasiýa önümini döretmek bilen baglanyşykly resminamalaşdyrylan maglumaty, eger-de bu maglumat döwlet syryna degişli edilen mahalynda fiziki we ýuridik şahslardan töläp almak hukugyna eýedir.

3. Döwlet syryna degişli edilen habarlary özünde saklaýan maglumatyň eýesi bu maglumata diňe döwlet häkimiýetiniň degişli edaralarynyň rugsady bilen ygtyýar etmäge haklydyr.

4. Döwlet häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda olaryň ygtyýarynda durýan, döwlete degişli intellektual eýeçilik obýektleri döwlet emläginiň düzüminde hasaba alynmaga we goralmaga degişlidir.

5. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, innowasiýa önümini işläp taýýarlaýjylara we üçünji şahslara degişli intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukuklaryny bermegi amala aşyryp biler.

 

49-njy madda. Intellektual eýeçiligiň tehnologiýalarynyň we obýektleriniň standartlaşdyrylmagy, sertifikatlaşdyrylmagy, hasaba alnyşy we olary goramak

 

1. Standartlaşdyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň obýektleri bolýan innowasiýa önümlerini (işleri, hyzmatlary) standartlaşdyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

2. Intellektual eýeçiligiň tehnologiýalary, binýatlary we olar hakdaky maglumatlar banklary, obýektleri, tehnologik “nou-hau” we tehnologiýalar hakynda täjirçilik ýa-da döwlet syry bolan malumat, şeýle hem olary goramagyň serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hasaba alynmaga degişlidir.

3. Çäklendirilen elýeterliligiň derejesine degişli edilen tehnologiýalardan başga, döwlete degişli tehnologiýalar umumy elýeter we açyk bolup durýarlar.

4. Tehnologiýanyň eýesi gyzyklanýan adamlara tehnologiýa hakyndaky maglumata bolan göwnejaý elýeterliligi üpjün etmäge borçludyr. Tehnologiýa hakyndaky maglumata bolan elýeterlilige çäklendirmeler diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda mümkindir.

Çäklendirilen elýeterlilikli ýokary tehnologiýalary döreden we peýdalanýan guramalar tehnologiýalaryň goragyny üpjün edýän ýörite gulluklary döredýärler.

Tehnologiýanyň eýesiniň tehnologiýa hakyndaky maglumata bolan elýeterlilikden ýüz döndermegi kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

5. Ikitaraplaýyn ulanylýan tehnologiýanyň, şeýle hem ýaraglar we harby tehnika döredilende ulanylýan tehnologiýanyň we ylmy-tehniki maglumatyň berlişine eksport gözegçiliginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

6. Guramalaryň arasynda tehnologiýalary getirmegiň, satyn almak-satmagyň talaplarynyň hukuklaryny bermek şertnamasy boýunça, olary alyşmagyň başga görnüşleri boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi arbitraž kazyýeti tarapyndan garalýar.

Tehnologiýalar hakyndaky maglumata elýeterlilikden esassyz ýüz dönderilen adamlar, şeýle hem tehnologiýalar hakynda nädogry maglumaty alan adamlar özlerine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmak hukugyna eýedirler.

 

50-nji madda. Innowasiýalary goramagyň usullary

 

Innowasiýalary goramagyň hukuk usullarynyň işlenilip taýýarlanylmagynda esasy wezipe döwlete degişlidir. Innowasiýalary goramagyň usullary intellektual eýeçilige bolan hukuklary goramakdan ýokary ykdysady we durmuş bähbitleriniň alynmagyna ýardam edýärler.

Innowasiýalary goramagyň usullaryna hakyky we hakyky däl usullar degişlidir.

Innowasiýalary goramagyň hakyky usullaryna şular degişlidir:

1) patentler;

2) dizaýny bellige almak;

3) söwda markalary;

4) awtorlyk hukuklar;

5) ýaşyrynlyk hakynda ylalaşyklar we täjirçilik syry.

Innowasiýalary goramagyň hakyky däl usullaryna şular degişlidir:

1) hukuk ylalaşyklary bilen berkidilmedik gizlinlik;

2) önümiň tehniki çylşyrymlylygy;

3) täze önümiň özleşdirilýän wagty boýunça bäsdeşleriň öňünde artykmaçlyk.

 

IX BAP. INNOWASIÝA IŞI BABATDA HALKARA

HYZMATDAŞLYGY

 

51-nji madda. Innowasiýa çygrynda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy düzgünleri

 

1. Innowasiýa işiniň subýektleri halkara ylmy we ylmy-tehniki guramalara we birleşiklere girmäge, halkara innowasiýa maksatnamalaryna (taslamalaryna), daşary ýurt döwletleriniň innowasiýa maksatnamalaryna (taslamalaryna) gatnaşmaga, innowasiýa işini amala aşyrmak üçin daşary ýurtly ýuridik şahslar bilen şertnamalar (kontraktlar) we beýleki ylalaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygynda, halkara şertnamalarynda we ylalaşyklarynda bellenilen tertipde baglaşmaga haklydyrlar.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamalary we ylalaşyklary patentleriň we ygtyýarnamalaryň edinilmegini we satylmagyny, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegini goşup, tehnologiýalary peýdalanmak hukuklaryny bermegiň beýleki görnüşleriniň ulanylmagyny, şeýle hem innowasiýa işiniň marketing we dolandyryş babatynda hyzmatlaryň edilmegini, ylmy-tehniki kömegiň berilmegini, taslamalaryň “gutarnykly” durmuşa geçirilmegini we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga hereketleri göz öňünde tutup biler.

3. Daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary, döwlet we halkara birleşikleri hem-de guramalary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde amala aşyrylýan innowasiýa işi Türkmenistanyň kanunçylygy we halkara şertnamalary we ylalaşyklary bilen düzgünleşdirilýär.

 

52-nji madda. Innowasiýa işi çygrynda halkara hyzmatdaşlygynyň görnüşleri

 

Innowasiýa işi çygrynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) oýlap tapyşlar we innowasiýa maksatnamalarynda  (taslamalarynda) işlenip taýýarlanylýan we amala aşyrylmagy tamamlanan ylmy işler hakynda maglumaty özara alyşmak;

2) döwletara innowasiýa maksatnamalaryny (taslamalaryny) işläp taýýarlamak, olary durmuşa geçirmek üçin amatly hukuk, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek;

3) durmuşa geçirilýän, şol sanda kiçi we orta innowasiýa kärhanalaryň gatnaşmagynda innowasiýa maksatnamalaryny (taslamalaryny) maliýeleşdirmek üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda innowasiýa gaznalaryny döretmek;

4) innowasiýa işi çygrynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üpjün edýän bilelikdäki guramalary, wagtlaýyn kollektiwleri döretmek;

5) innowasiýa işi üçin işgärleri bilelikde taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryňhünärini ýokarlandyrmak;

6) bilelikdäki ylmy barlaglary, tehniki we tehnologiýa işläp taýýarlamalary geçirmek;

7) halkara maslahatlaryny, kongresleri, simpoziumlary we başga çäreleri geçirmek;

8) innowasiýa işiniň çygrynda işleýän ylmy, dolandyryjy we beýleki işgärleri özara alyş-çalyş etmek.

 

X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

53-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

54-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

      Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ 106-V.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 16.08.2014
Resminamanyň belgisi № 106-V