Ekologiýa seljermesi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ekologiýa seljermesi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 108-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.06.2016 ý. № 419-V, 05.01.2018 ý. № 685-V, 09.06.2018 ý. № 54-VI we 02.03.2019 ý. № 131-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun ekologiýa seljermesi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär we meýilleşdirilýän hojalyk hem-de beýleki işiň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ekologiýa seljermesi – meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiňdaşky gurşawa we ilatyň saglygyna edip biläýjek ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen geçirilýän, meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna edip biläýjek täsirine hem-de bu işleriň ölçeg möçberleriniň daşky gurşawyň hil kadalaryna we ekologiýa talaplara laýyklygyna deslapdan baha berme;

2) daşky gurşaw – ýeri, topragy, ýerasty baýlyklary, suwlary, tokaýlary, ösümlik we haýwanat dünýäsini, tebigy ekologik ulgamlary, atmosfera howasyny, klimaty hem-de Ýeriň ozon gatlagyny goşanyňda, tebigy obýektleriň özara hereketindäki jemi;

3) daşky gurşawa ýetirilýän täsir – netijeleri daşky gurşawyň üýtgemelerine getirýän birwagtlaýyn, döwürleýin ýa-da hemişelik hereket edýän ýagdaý;

4) ekologiýa seljermesine ýüz tutujy – meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň taslama resminamalaryny ekologiýa seljermesine hödürleýän ýuridik ýa-da fiziki şahs;

5) ekologiýa seljermesiniň netijenamasy – meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak hakyndaky kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýändigi ýa-da laýyk gelmeýändigi barada netijeleri we ekologiýa seljermesiniň obýektini amala aşyrmagyň ýol bererlikligini kesgitlemegi goşanyňda, ekologiýa seljermesini geçirmegiň netijeleri barada maglumaty özünde jemleýän resminama;

6) daşky gurşawda bolup geçýän özgerişler – tebigy obýektlere we toplumlara täsir edilmeginiň netijesinde olaryň ýagdaýynda bolup geçýän düzedip boljak we düzedip bolmajak özgertmeler;

7) daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha berme – meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işi amala aşyrmagyň mümkindigi ýa-da mümkin däldigi barada degişli çözgüdi kabul etmek maksady bilen onuň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýetirýän täsiriniň göni, gytaklaýyn we beýleki netijelerini ýüze çykarmak, seljermek we hasaba almak boýunça işiň görnüşi;

71) daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek barada hasabat – daşky gurşawa ýetirilýän täsire geçirilen baha bermegiň netijeleri we daşky gurşawyň çaklanylýan üýtgemeleriniň öňüni almak we (ýa-da) azaltmak boýunça zerur çäreler barada maglumatlary özünde jemleýän, hojalyk we beýleki işleri meýilleşdirmek boýunça taslama resminamasynyň düzüm bölegi;

8) meýilleşdirilýän hojalyk webeýleki – daşky gurşawa we ilatyň saglygyna täsir edip biljek täze gurluşyk, önümçiligiň durkuny täzelemek, giňeltmek, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, kämilleşdirmek, iş ugruny üýtgetmek, ony ýatyrmak we beýleki iş;

9) ekologiýa seljermesiniň obýektleri –ekologiýa seljermesine degişli meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň taslama resminamalary.

 

2-nji madda. Ekologiýa seljermesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň ekologiýa seljermesi hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňüne tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Ekologiýa seljermesiniň ýörelgeleri

 

Ekologiýa seljermesi şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) islendik meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işleriň mümkin bolan ekologiýa howplulygy hakyndaky prezumpsiýasyna;

2) ekologiýa seljermesiniň obýektiniň amala aşyrylmagy baradaky çözgütleriň kabul edilmeginden öň döwlet ekologiýa seljermesini geçirmegiň hökmanylygyna;

3) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiňdaşky gurşawa ýetirýän täsirine baha bermegi geçirmegiň zerurlygyna;

4) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýetirýän täsirine we onuň netijesine baha bermegiň toplumlaýynlygyna;

41) ekologiýa seljermesi geçirilen mahalynda ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň hasaba alynmagynyň hökmanylygyna;

5) ekologiýa seljermesiniň netijenamasynyň hakykatlygyna;

6) aýanlyga we jemgyýetçilik pikiriniň nazara alynmagyna.

 

4-nji madda. Ekologiýa seljermesiniň maksatlary we wezipeleri

 

Ekologiýa seljermesiniň maksatlary we wezipeleri şulardan ybarat:

1) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň amala aşyrylmagynyň mümkin bolan ýaramaz netijeleriniň, olaryň daşky gurşawyň ýagdaýyna  hem-de ilatyň saglygyna oňaýsyz täsiriniň öňüni almak we azaltmak;

2) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiňamala aşyrylmagy hakyndaky çözgüdiň kabul edilmeginiň öň ýanyndaky döwürlerde, şeýle hem onuň amala aşyrylmagynyň barşynda ekologiýanyň talaplaryna laýyklygyna baha bermek;

3) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň taslama resminamalarynda göz öňünde tutulýan, daşky gurşawy we ilatyň saglygyny goramak boýunça çäreleriň ýeterlikligini we esaslandyrylandygyny kesgitlemek;

4) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiňdaşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýetirýän täsirine hemmetaraplaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan seljerişi we baha bermäni guramak;

5) ekologiýa seljermesiniň anyk obýekti boýunça ekologiýa seljermesiniň netijenamasyny taýýarlamak.

 

5-nji madda. Ekologiýa seljermesiniň görnüşleri

 

Türkmenistanda döwlet ekologiýa seljermesi, jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi, şeýle hem ekologiýa auditi görnüşinde geçirilýän garaşsyz ekologiýa seljermesi amala aşyrylýar.

 

II BAP. DÖWLET EKOLOGIÝA SELJERMESI

BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY

 

6-njy madda. Döwlet ekologiýa seljermesi babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar

 

Döwlet ekologiýa seljermesi babatda döwlet dolandyrylyşy döwlet ekologiýa seljermesi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bolup durýan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ekologiýa seljermesi babatda ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) döwlet ekologiýa seljermesi babatda döwlet edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün edýär;

2) ekologiýa seljermesi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) ygtyýarlandyrylan edaranyň döwlet ekologiýa seljermesiniň netijeleriniň esasynda degişli esaslandyrylan ýüzlenmesi bar bolan ýagdaýynda, daşky gurşawa we ilatyň saglygyna düýpli ýaramaz täsir edýän aýratyn ýagdaýda obýektleriň işini bes etmek, göçürmek ýa-da işiniň ugruny üýtgetmek baradaky çözgütleri kabul edýär;

4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

8-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary

 

1. Ygtyýarlandyrylan edara:

1) şu Kanunyň we ekologiýa seljermesi babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň döwlet ekologiýa seljermesini guraýar we geçirýär;

2) ekologiýa seljermesi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

3) ekologiýa seljermesiniň meseleleri boýunça usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ekologiýa seljermesi babatdaky kadalaşdyryjy resminamalary kabul edýär we tassyklamaga berýär;

5) ekologiýa seljermesiniň netijeleriniň esasynda daşky gurşawa we ilatyň saglygyna düýpli ýaramaz täsir edýän aýratyn ýagdaýda  obýektleriň işini bes etmek, göçürmek ýa-da işiniň ugruny üýtgetmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine resminamalary berýär;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

2. Ygtyýarlandyrylan edaranyň aşakdakylara hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek üçin döwlet edaralarynyň, ylmy edaralaryň hünärmenlerini, şeýle hem beýleki ýuridik we fiziki şahslary çekmäge, hem-de olaryň işini utgaşdyrmagyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde guramaga;

2) şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda ekologiýa seljermesiniň obýektleriniň taslama resminamalaryny ekologiýa seljermesine ýüz tutujylardan talap etmäge;

3) döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasynda görkezilen talaplaryň we teklipleriň ýerine ýetirilişini barlamagy amala aşyrmaga;

4) döwlet ekologiýa seljermesinden oňyn netijenama almadyk ekologiýa seljermesiniň obýektleri babatda, maliýeleşdirmegi wagtlaýyn togtatmak barada karz edaralaryna hödürnamalary ýollamaga;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde halkara ekologiýa seljermelerine gatnaşmaga we olary geçirmäge;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

 

9-njy madda. Ekologiýa seljermesi babatda ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz- özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) ekologiýa seljermesini geçirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;

2) ekologiýa seljermesine degişli bolan meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işler boýunça jemgyýetçilik diňleýişlerini geçirmäge ýardam edýär;

3) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

III BAP. DÖWLET EKOLOGIÝA SELJERMESI

 

10-njy madda. Döwlet ekologiýa seljermesi barada umumy düzgünler

 

1. Döwlet ekologiýa seljermesi – ekologiýa seljermesiniň obýektleriniň daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ilatyň ekologiýa taýdan howpsuzlygy babatdaky talaplara laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilen, olaryň ylmy, durmuş-ekologiýa taýdan barlanylmagyna, seljerişiniň geçirilmegine we baha berilmegine esaslanan, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýan bilermenlik işiniň görnüşidir.

2. Döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmazdan, meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň obýektleriniň durmuşa geçirilmegine ýol berilmeýär.

 

11-nji madda. Döwlet ekologiýa seljermesine degişli meýilleşdirilýän hojalyk webeýleki işiň obýektleri

 

1. Türkmenistanyň çäginde amala aşyrylýan, meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň obýektlerini durmuşa geçirmäge başlamazdan öňmeýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň obýektleriniň döwlet ekologiýa seljermesiniň geçirilmegi hökmany talap bolup durýar.

2. Meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň obýektlerini durmuşa geçirmek boýunça şu aşakdaky taslamadan öňki we taslama resminamalary hökmany döwlet ekologiýa seljermesine degişlidir:

1) şäherleri we ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegi meýilleşdirmek boýunça taslamadan öňki resminamalar;

11) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň ähli görnüşleri üçin ýer böleklerini saýlamak boýunça resminamalar;

2) taslama resminamasynyň düzümindäki “Daşky gurşawy goramak” tomy;

3) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň ekologiýa töwekgelçiliklerine baha bermegi öz içine almaly, hojalyk we beýleki işiň ekologiýa taýdan howply görnüşleriniň taslama resminamasynyň düzümine girýän, daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek barada hasabat;

4) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň taslamadan öňki resminamasynyň we tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmasynyň çäklerinde daşky gurşawyň hereket edýän esaslyk ýagdaýyna ekologiýa taýdan baha bermek hakynda hasabat;

5) ekologiýa pasportlary;

6) kärhanalaryň we edaralaryň daşky gurşawy goramak boýunça çäreleriniň meýilnamalary;

7) atmosfera hapalaýjy maddalary zyňmagyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny işläp taýýarlamagy goşanyňda, atmosfera howasyny goramak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalary;

8) suw gurşawyna hapalaýjy maddalary zyňmagyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny işläp taýýarlamagy goşanyňda, suw desgalaryny goramak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalary;

9) hojalyk işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryş-tehniki we gözükdiriş-usuly resminamalaryň taslamalary;

10) ulanylmagy daşky gurşawa we ilatyň saglygyna täsir edip biljek täze tehnikalaryň, tilsimatlaryň tehniki resminamalarynyň taslamalary, şeýle hem daşky gurşawa ýaýrap biljek täze maddalaryň tehniki resminamalarynyň taslamalary;

101) I–V howplulyk klasly galyndylary ýerleşdirmek we (ýa-da) zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan obýektleriň taslama resminamalary, şol sanda bu obýektleri gurmagyň, durkuny täzelemegiň taslama resminamalary;

11) ýer bölekleriniň çäklerine aýratyn goralýan tebigy ýerleriň hukuk derejesiniň berlendigini esaslandyrýan bu çäkleriň toplumlaýyn ekologiýa barlagynyň materiallary;

12) Türkmenistandaky we onuň sebitlerindäki ekologiýa ýagdaýa baha bermek hakynda hasabat;

13) halkara ähmiýetli obýektleriň taslamadan öňki we taslama resminamalary;

14) Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän beýleki obýektleriň taslamadan öňki we taslama resminamalary.

 

12-nji madda. Döwlet ekologiýa seljermesine berilýän taslamadan öňki we taslama resminamalary

 

1. Ekologiýa seljermesine ýüz tutujy döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek üçin saglygy goraýyş, suw hojalygy, jemagat hojalygy, standartlaşdyrmak, güwälendirmek, dag-magdan gözegçilik barlagy we senagathowpsuzlygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen, şeýle hem ýerasty baýlyklaryň rejeli ulanylyşyna we goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan edara bilen zerur ylalaşylmagy baradaky resminamalary goşanyňda, şu Kanunyň 11-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda ekologiýa seljermesiniň obýektiniňtaslamadan öňki we taslama resminamalaryny doly möçberde bermäge borçludyr.

2. Ekologiýa seljermesine ýüz tutujy zerur bolan ýagdaýynda ýgtyýarlandyrylan edaranyň talap etmegi boýunça goşmaça materiallary bermäge borçludyr.

3. Döwlet ekologiýa seljermesine berlen taslama resminamasyna garamak, ekologiýa seljermesine ýüz tutujy tarapyndan ekologiýa seljermesiniň geçirilmegi üçin tölegiň öňünden tölenilen şertinde geçirilýär.

 

13-nji madda. Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek

 

1. Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermegiň taslama resminamasy daşky gurşawa düýpli täsir edip biljek hojalyk we beýleki işi meýilleşdirmegiň başlangyç döwründe işlenip taýýarlanylýar.

2. Meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işi taslamalaşdyrmaga başlamazdan ozal daşky gurşawa ýetirýän täsirine baha bermek boýunça taslama resminamasynyň işlenip taýýarlanylmagy hökmany bolup durýan meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň ekologiýa taýdan howply görnüşleriniň sanawy şu Kanun  we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

3. Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermegiň geçiriliş amalyna, şeýle hem daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek boýunça taslama resminamasyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

14-nji madda. Döwlet ekologiýa seljermesiniň bilermenler topary

 

1. Ygtyýarlandyrylan edara zerur bolan halatynda döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek üçin bilermenler toparyny döredip biler.

2. Döwlet ekologiýa seljermesini geçirmegiň tertibi barada düzgünnama we döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek üçin bilermenler toparynyň düzümi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

15-nji madda. Döwlet ekologiýa seljermesiniň bilermeni

 

1. Döwlet ekologiýa seljermesiniň bilermeni, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan ekologiýa seljermesini geçirmek üçin bellenilen şahs bolup durýar.

2. Ekologiýa seljermesiniň obýektine ýüz tutujynyň wekili we (ýa-da) bu meýilleşdirilýän hojalyk ýa-da beýleki işi durmuşa geçirmek bilen meşgul boljak ýuridik we fiziki şahs, şeýle hem bu obýektiň ekologiýa seljermesine ýüz tutujy ýa-da işläp taýýarlaýjy bilen zähmet ýa-da başga şertnamalaýyn gatnaşyklarda durýan ýuridik we fiziki şahslar döwlet ekologiýa seljermesiniň bilermeni bolup bilmeýärler.

3. Döwlet ekologiýa seljermesiniň bilermeni şu Kanuna we ekologiýa seljermesi babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döwlet ekologiýa seljermesiniň geçirilmegine gatnaşýar hem-de Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde öz işiniň netijeleri üçin jogapkärçilik çekýär.

4. Döwlet ekologiýa seljermesiniň bilermeniniň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji böleginiň talaplaryna laýyklykda ekologiýa seljermesiniň obýektlerine hemmetaraplaýyn we hakyky baha bermek üçin zerur resminamalaryň, goşmaça habar bermeleriň we maglumatlaryň ekologiýa seljermesine berilmegini ekologiýa seljermesine ýüz tutujydan talap etmäge;

2) döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasyna hökmany tertipde goşulýan, seljerme obýekti boýunça aýratyn pikiri anyk aýtmaga;

3) ekologiýa seljermesiniň işiniň guralyşyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermäge.

5. Döwlet ekologiýa seljermesiniň bilermeni şu aşakdakylara borçludyr:

1) döwlet ekologiýa seljermesine berilýän resminamalaryň ählitaraplaýyn we hakyky seljerişini amala aşyrmaga;

2) ekologiýa seljermesi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

3) döwlet ekologiýa seljermesini amala aşyrmagyň ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertibini we möhletlerini berjaý etmäge;

4) döwlet ekologiýa seljermesiniň esaslandyrylan netijenamasyny taýýarlamaga;

5) ekologiýa seljermesiniň obýektleriniň mundan beýläk garamaga kabul edilmedik ýa-da taslama resminamasynyň doly işlenip gutarylmagy üçin gaýtarylyp berlen mahalynda, döwlet ekologiýa seljermesiniň degişli netijenamalaryna hakyky baha bermäge we deliller arkaly esaslandyrmaga;

6) resminamalaryň tükelligini we alnan maglumatlar babatda ýaşyrynlyk düzgüniniň berjaý edilmegini üpjün etmäge.

6. Bilermeniň döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek bilen bagly işine, döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, şeýle hem ýuridik şahslaryň goşulmagyna ýol berilmeýär.

 

16-njy madda. Döwlet ekologiýa seljermesiniň geçirilmegine umumy talaplar

 

1. Döwlet ekologiýa seljermesi ekologiýa seljermesiniň obýektlerine bilermenler barlagynyň, seljerişiň webaha bermegiň amala aşyrylmagyny, döwlet ekologiýa seljermesiniň esaslandyrylan netijenamasynyň taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.

2. Döwlet ekologiýa seljermesini geçirmegiň tertibi şu aşakdaky tapgyrlardan ybarat:

1) taýýarlyk tapgyry Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek baradaky arzanyň bellige alynmagyny, ekologiýa seljermesiniň obýektleriniň seljermäge berlen

taslama resminamalarynyň barlygynyň we dolulygynyň deslapky barlagyny, şeýle hem zerur bolan mahalynda bilermenler toparlaryny döretmegi öz içine alýar;

2) esasy tapgyr taslama resminamasynyň seljerme ýoly bilen işlenip taýýarlanylmagyny, meýilleşdirilýän ýa-da amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň ekologiýa taýdan howplulygynyň derejesine baha bermegi göz öňünde tutýar;

3) jemleýji tapgyr ekologiýa seljermesiniň bahalarynyň we netijeleriniň umumylaşdyrylmagyny, döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasyny taýýarlamagy öz içine alýar.

3. Ekologiýa seljermesiniň obýektiniň döwlet ekologiýa seljermesinden geçirilmegi baradaky ýüz tutmany kabul etmezlige ygtyýarlandyrylan edara şu aşakdaky ýagdaýlarda haklydyr:

1) ekologiýa seljermesine ýüz tutujy tarapyndan şu Kanunyň 12-nji maddasynda görkezilen resminamalaryň berilmedik;

2) eger ekologiýa seljermesiniň obýektiniň berlen taslama resminamasy döwlet ekologiýa seljermesi tarapyndan bellenilen talaplara jogap bermeýän bolsa ýa-da olarsyz hakykata laýyk çözgüdiň kabul edilmegine mümkinçilik bermeýän ýalňyş maglumatlary öz içine alýan bolsa.

4. Döwlet ekologiýa seljermesini geçirmegiň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

17-nji madda. Döwlet ekologiýa seljermesini geçirmegiň möhletleri

 

1. Döwlet ekologiýa seljermesini geçirmegiň möhletleri ekologiýa seljermesiniň obýektleriniň häsiýetine we görnüşlerine baglylykda bellenilýär we şu aşakdaky möhletlerden geçmeli däldir:

1) ekologiýa seljermesiniň çylşyrymly we ekologiýa taýdan howply obýektleri üçin – üç aýdan;

2) ekologiýa seljermesiniň ähli beýleki obýektleri üçin – bir aýdan.

2. Döwlet ekologiýa seljermesini geçirmegiň başlanmaly möhleti şu Kanunyň 12-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňüne tutulan talaplara laýyklykda onuň tölegi edilenden soň 10 senenama günden gijä galman bellenilýär.

 

18-nji madda. Döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasy

 

1. Ygtyýarlandyrylan edaranyň tekliplerini hasaba almak bilen geçirilen döwlet ekologiýa seljermesiniň netijeleri boýunça ekologiýa seljermesiniň obýektlerini amala aşyrmak boýunça çözgüdiň kabul edilmeginiň ýol bererliklidigi we mümkindigi barada netijeleri öz içine alýan netijenama düzülýär.

2. Döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasyna ygtyýarlandyrylan bilermenler tarapyndan gol çekilýär we olaryň razylygy bolmazdan üýtgedilip bilinmez.

3. Döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan resmi taýdan tassyklanylandan soňra, ekologiýa seljermesiniň obýektine öwrülen, meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işi durmuşa geçirmek bilen meşgul boljak, degişli ekologiýa seljermesine ýüz tutujy we (ýa-da) ýuridik ýa-da fiziki şahs tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmany bolup durýar.

4. Döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy bu meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işi durmuşa geçirmek bilen meşgul boljak, ekologiýa seljermesine ýüz tutujy we (ýa-da) ýuridik ýa-da fiziki şahs tarapyndan çözgüdiň kabul edilmegi üçin esas bolup  durýar.

41. Döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy şu ýagdaýlarda ýuridik güýjüni ýitirýär:

1) döwlet ekologiýa seljermesiniň obýekti döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasyny alan taslama resminamasyndan çykmalar bilen durmuşa geçirilende we (ýa-da) görkezilen taslama resminamasyna üýtgetmeler girizilende;

2) döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasynyň hereket ediş möhleti tamamlananda;

3) döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy alnandan soň, taslama we beýleki resminamalara üýtgetme girizilende.

5. Döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmazdan ekologiýa seljerme geçirilmegine degişli bolan taslamanyň durmuşa geçirilmegi gadagan edilýär we maliýeleşdirmäge degişli däldir.

6. Döwlet ekologiýa seljermesi tarapyndan ýaramaz netijenama çykarylan halatynda ekologiýa seljermesine ýüz tutujy netijenamadaky bellikleri hasaba almak bilen ekologiýa seljermesiniň obýektiniň taslama resminamasynyň doly işlenip gutarylmagyny üpjün etmäge hem-de ony gaýtadan döwlet ekologiýa seljermesine bermäge ýa-da meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işden ýüz döndermäge borçludyr.

 

19-njy madda. Döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasyna şikaýat etmek

 

1. Ekologiýa seljermesine ýüz tutujy döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasy bilen ylalaşmaýan ýagdaýynda, ony alan gününden başlap iki hepdäniň dowamynda ygtyýarlandyrylan edara esaslandyrylan närazylygyny bermäge haklydyr.

2. Ygtyýarlandyrylan edara ekologiýa seljermesine ýüz tutujynyň esaslandyrylan närazylygyna ony alan gününden başlap bir aý möhletde garamaga we garamagyň netijeleri barada resmi jogap bermäge borçludyr.

3. Ekologiýa seljermesine ýüz tutujynyň ygtyýarlandyrylan edaranyň garalýan mesele boýunça çözgüdi bilen ylalaşmadyk halatynda döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasy kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

20-nji madda. Döwlet ekologiýa seljermesiniň gaýtadan geçirilmegi

 

Döwlet ekologiýa seljermesiniň gaýtadan geçirilmegi aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

1) ozal geçirilen döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasynda bellenilen talaplara we tekliplere laýyklykda ekologiýa seljermesiniň obýektiniň taslama resminamasy doly işlenip gutarylanda;

2) tebigatdan peýdalanmagyň şertleri üýtgände;

3) döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasy alnandan soň kabul edilen taslama çözgütlerinden çykmalar ýagdaýynda ekologiýa seljermesiniň obýektiniň durmuşa geçirilen we (ýa-da) görkezilen taslama resminamasyna üýtgetmeler girizilen ýagdaýynda;

4) döwlet ekologiýa seljermesiniň öň beren netijenamasynyň hereket ediş möhleti tamamlananda;

5) kazyýetiň çözgüdiniň esasynda.

 

21-nji madda. Döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasynyň hereket edýän möhleti

 

Ekologiýa seljermesiniň obýekti boýunça döwlet ekologiýa seljermesiniň beren oňyn netijenamasy meýilleşdirilýän hojalyk ýa-da beýleki işiň taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagyndan öň onuň berlen gününden başlap üç ýylyň dowamynda, emma hereket edýän kärhanalaryň we önümçilikleriň ekologiýa seljermesiniň obýektine, eger bu döwürde olaryň durkunyň täzelenmegini, kämilleşdirilmegini ýa-da tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny amala aşyrmak meýilleşdirilmeýän bolsa – bäş ýyla çenli ýuridik güýjüne eýedir.

Eger-de döwlet ekologiýa seljermesi geçirilenden soň üç ýylyň geçmegi boýunça ekologiýa seljermesiniň obýektiniň durmuşa geçirilmegi başlanmadyk bolsa, onda bu obýekt boýunça döwlet ekologiýa seljermesi gaýtadan geçirilýär.

 

IV BAP. JEMGYÝETÇILIK EKOLOGIÝA SELJERMESI WE GARAŞSYZ EKOLOGIÝA SELJERMESI

 

22-nji madda. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek

 

1. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi – bu, seljermäni geçirmäge degişli rugsatnamasy bar bolan we olaryň işiniň esasy ugry, olaryň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda daşky gurşawy goramak bolup durýan Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleriniň başlangyjy boýunça guralýan we geçirilýän seljermäniň görnüşidir.

2. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi, ekologiýa seljermesiniň obýektleri baradaky maglumatlar döwlet, täjirçilik ýa-da beýleki Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralýan syry düzýän obýektlerden başga, şu Kanunyň 11-nji maddasynda görkezilen obýektler babatda geçirilip bilner.

3. Ekologiýa seljermesiniň şol bir obýektleriniň döwlet ekologiýa seljermesiniň geçirilmegine garamazdan jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi geçirlip bilner.

4. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň netijenamasy maslahat beriji häsiýete eýedir.

 

23-nji madda. Fiziki şahslaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ekologiýa seljermesi babatdaky hukuklary

 

Fiziki şahslar we jemgyýetçilik birleşikleri ekologiýa seljermesini geçiren mahalynda aşakdaky hukuga eýedirler:

1) durmuşa geçirilmegi şol çäklerde ýaşaýan ilatyň ekologiýa bähbitlerine täsir edýän meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek barada teklibi öňe sürmäge;

2) ygtyýarlandyrylan edaradan, şeýle hem beýleki döwlet edaralaryndan jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek üçin zerur bolan maglumaty soramaga;

3) ygtyýarlandyrylan edara, şeýle hem beýleki döwlet edaralara geçirilen jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň netijeleriniň esasynda meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň ekologiýa ugurlary boýunça esaslandyrylan teklipleri ibermäge;

4) jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň başlanmagy we  geçirilmeginiň netijeleri barada ilaty habarly etmäge;

5) jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän başga hereketleri amala aşyrmaga.

 

24-nji madda. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmegiň şertleri

 

1. Onuň çäklerinde jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň obýektiniň durmuşa geçirilmegi bellenilýän ygtyýarlandyrylan edara, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, ony geçirmek barada berilýän jemgyýetçilik birleşikleriniň arzasynyň döwlet tarapyndan bellige alnan şertinde jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi amala aşyrylýar.

2. Ekologiýa seljermesiniň bir obýektiniň jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek barada iki we şondan hem köp jemgyýetçilik birleşikleriniň arzalary bar bolan mahalynda jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparyny döretmäge ýol berilýär.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmagy boýunça jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek barada arzanyň berlen gününden soň on günlük möhletde ony bellige almaga ýa-da ony bellige almakdan ýüz döndermäge borçludyrlar. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek baradaky arza, bellenilen möhletde ony bellige almakdan ýüz dönderilmedik bolsa,bellige alnan hasap edilýär.

4. Jemgyýetçilik birleşiginiň jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek baradaky arzasynda jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek boýunça bilermenler toparynyň ady, hukuk salgysy, düzümi baradaky, ekologiýa seljermesiniň obýekti, jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmegiň möhletleri hakyndaky maglumatlar görkezilen bolmalydyr.

 

25-nji madda. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň arzasyny döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz döndürilmegi

 

Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek baradaky arzany döwlet tarapyndan bellige almakdan şu aşakdaky ýagdaýlarda ýüz dönderilip bilner, eger-de:

1) ekologiýa seljermesiniň bu obýekti babatda jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi öň geçirilen bolsa;

2) ekologiýa seljermesiniň obýekti baradaky maglumatlar döwlet, täjirçilik ýa-da beýleki Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralýan syry düzýän ekologiýa seljermesiniň obýekti babatda jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek barada arza berlen bolsa;

3) şu Kanunyň 24-nji maddasynda göz öňünde tutulan, jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini geçirmek baradaky arzanyň mazmunyna bildirilýän talaplar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda.

 

26-njy madda. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň netijenamasy

 

1. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň netijenamasy ygtyýarlandyrylan edara, zerur bolan mahalynda bolsa beýleki  döwlet edaralaryna hem iberilýär.

2. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň netijeleri ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan seredilenden we tassyklanylandan soň döwlet ekologiýa seljermesiniň degişli netijenamasyna girizilip bilner.

 

261-nji madda. Garaşsyz ekologiýa seljermesi

 

Daşky gurşawyň ýagdaýyna zyýanly täsirini ýetirýän hereket edýän kärhanalar we önümçilikler babatda ekologiýa auditi görnüşinde geçirilýän garaşsyz ekologiýa seljermesi, ekologiýa seljermesine ýüz tutujynyň çözgüdi boýunça ekologiýa auditorlary ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalary tarapyndan amala aşyrylýar we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde we şertlerde ýerine ýetirilýär.

 

V BAP. EKOLOGIÝA SELJERMESINE ÝÜZ TUTUJYNYŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

27-nji madda. Ekologiýa seljermesine ýüz tutujynyň hukuklary

 

1. Ekologiýa seljermesine ýüz tutujynyň aşakdakylara hukugy bardyr:

1) döwlet ekologiýa seljermesini geçirmegiň meseleleri boýunça maglumatlary, şol sanda kadalaşdyryjy-tehniki we gözükdiriji-usuly maglumatlary ygtyýarlandyrylan edaradan almaga;

2) ekologiýa seljermesiniň obýektleri hakda düşündirişleri, bellikleri, teklipleri ýazmaça görnüşinde bermäge ýa-da dilden aýtmaga;

3) döwlet ekologiýa seljermesiniň netijeleri bilen tanyşmaga;

4) zerur bolan ýagdaýynda goşmaça döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek barada haýyş etmäge.

2. Ekologiýa seljermesine ýüz tutujy şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda başga hukuklara hem eýe bolup biler.

 

28-nji madda. Ekologiýa seljermesine ýüz tutujynyň borçlary

 

Ekologiýa seljermesine ýüz tutujy aşakdakylara borçludyr:

1) şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda, şol sanda döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasyny alan resminamalara üýtgetmeler girizilen ýagdaýynda döwlet ekologiýa seljermesine ekologiýa seljermesiniň obýektiniň taslama resminamalaryny bermäge;

2) döwlet ekologiýa seljermesiniň geçirilmegi üçin tölegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberde öz wagtynda geçirmäge;

3) ekologiýa seljermesiniň obýektleri babatda beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar bilen ylalaşylandygy baradaky zerur bolan materiallary, maglumatlary, hasaplamalary, goşmaça işläp taýýarlamalary, resminamalary ygtyýarlandyrylan edara bermäge.

 

VI BAP. EKOLOGIÝA SELJERMESINI MALIÝELEŞDIRMEK

 

29-njy madda. Döwlet ekologiýa seljermesini maliýeleşdirmek

 

1. Döwlet ekologiýa seljermesi, şol sanda ol gaýtadan geçirilende Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde ekologiýa seljermesine ýüz tutujynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça geçirilýän döwlet ekologiýa seljermesini maliýeleşdirmek, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen kesgitlenilýän maliýe serişdeleriniň we başga çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

3. Döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek üçin tölegiň möçberi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär we bellenilen tertipde degişli edaralar bilen ylalaşylýar.

 

30-njy madda. Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini maliýeleşdirmek

 

Jemgyýetçilik ekologiýa seljermesini maliýeleşdirmek jemgyýetçilik birleşikleriniň hususy serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik başga serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

31-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär adamlar, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

32-nji madda. Jedelleri çözmek

 

Ekologiýa seljermesi babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde çözülýär.

 

33-nji madda. Ekologiýa seljermesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy sebäpliýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

Ekologiýa seljermesine ýüz tutujylar  meýilleşdirilýän hojalyk ýa-da beýleki işi durmuşa geçirmek bilen meşgul boljak ýuridik ýa-da fiziki şahslar hem-de olar tarapyndan ekologiýa seljermesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyňýerine ýetirilmezligi  netijesinde başga şahslar tarapyndan zyýan ýetirilen ýuridik we fiziki şahslar, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde, ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagynytalap edip bilýärler.

 

34-nji madda. Ekologiýa seljermesi babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

Ekologiýa seljermesi babatda halkara hyzmatdaşlygy daşky gurşawy goramak we ilatyň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde arkalaşykly hereket etmek barada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen halkara şertnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

 

35-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 1995-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky “Döwlet ekologik ekspertizasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 2, 15-nji madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                            Gurbanguly

     Prezidenti                                                             Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ 108-V.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 16.08.2014
Resminamanyň belgisi № 108-V.