Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 39-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 130-VI Kanuny esasynda girizilen

 üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektleriniň, döwlet häkimiýet edaralarynyň we ylmy önümi sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) döwlet ylmy-tehniki syýasaty – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi, ol döwletiň ylmy işe bolan gatnaşygyny aňladýar, onuň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de durmuşa geçirilmegini, şeýle hem ylym we tehnika, innowasiýalar we ylmy netijeleri durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär;

2) ylym – adamzat işiniň çygry, onuň wezipesi tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we jemgyýeti netijeli dolandyrmak maksady bilen tebigatyň we jemgyýetiň kanunlaryny öwrenmek bolup durýar;

3) tehnika – önümçilik proseslerini amala aşyrmak we jemgyýetiň önümçilik däl isleglerine hyzmat etmek üçin döredilýän adamzat işiniň serişdeleriniň jemi;

4) ylmy-tehniki ösüş – ylmyň we tehnikanyň bitewi, özara şertlendirilen, öňe gidýän ösüşi;

5) ylmy iş – ylmy netijäni almak maksady bilen geçirilýän ylmy barlag;

6) ylmy barlag işi – tebigat, jemgyýet we adam hakynda täze bilimleri almaga we olary ulanmagyň täze usullaryny agtarmak we wajyplaşdyrmak üçin bu bilimleri peýdalanmaga gönükdirilen iş. Onuň esasy görnüşleri düýpli we amaly ylmy barlaglar bolup durýar;

7) ylmy-tehniki iş – tehnologik, inženerçilik, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we beýleki meseleleri çözmek üçin täze bilimleri almaga we ulanmaga, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewi ulgam hökmünde işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen iş. Onuň esasy görnüşleri ylmy barlag, tejribe-konstruktorçylyk, taslama-konstruktorçylyk, tehnologik, agtaryş we taslama-agtaryş işleri bolup durýarlar. Ylmy-tehniki işe, şeýle hem ylmy barlaglarynyň we işläp taýýarlanmalarynyň gös-göni geçirilmegini ylmy usulyýet, patent-ygtyýarlylandyrmak, programmalaýyn, guramaçylyk-usulyýet we tehniki taýdan üpjün etmek, olaryň netijelerini ýaýratmak we ulanmak işleri, şeýle hem ylmy-tehniki seljerme degişlidir;

8) synag işläp taýýarlamalary – ylmy barlaglary geçirmegiň netijesinde ýa-da praktiki tejribäniň esasynda alnan bilimlere esaslanan we olary uýgunlaşdyrmaga, barlamaga, iş ýüzünde peýdalanmak üçin mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen iş. Onuň esasy görnüşleri ylmy önümiň tejribe nusgalyklaryny ýa-da tapgyrlaryny taýýarlamak, şeýle hem ylmy netijeleriň  iş ýüzünde peýdalanylmak tapgyryna çenli ýetirilmegi bilen baglanyşykly beýleki işler bolup durýarlar;

9) ylmy barlag – tebigatyň we jemgyýetiň ösüşiniň kanunalaýyklyklary hakynda täze obýektiw uniwersal kesgitlenen bilimleriň yzygiderli alynmagyny üpjün edýän täze bilimleri işläp çykarmak prosesi;

10) düýpli ylmy barlaglar – adamyň, jemgyýetiň we daşky tebigy gurşawyň gurluşynyň, hereketiniň we ösüşiniň esasy kanunalaýyklyklary hakynda täze bilimleri almaga gönükdirilen nazaryýet we (ýa-da) synag häsiýetli barlaglar;

11) amaly ylmy barlaglar – täze bilimleri esasan praktiki maksatlara ýetmek we anyk wezipeleri çözmek üçin ulanmaga gönükdirilen barlaglar;

12) ylym bilen meşgullanmak – täze bilimleri almaga we ulanmaga gönükdirilen ylmy barlag işini we (ýa-da) ylmy-tehniki işi we (ýa-da) synag işläp taýýarlamalary ýerine ýetirmek;

13) ylmy netije – ylmy iş netijesinde alnan we islendik maglumat göterijisinde ylmy hasabat, ylmy makala, ylmy nutuk, monografiýa, geçirilen ylmy iş hakynda ylmy habar görnüşinde bellenen täze bilimler ýa-da çözgütler;

14) ylmy-amaly netije – täze konstruktiw ýa-da tehnologik çözgüt, synagy we işläp taýýarlamasy tamamlanan, önümçilige ornaşdyrylan ýa-da ornaşdyrylyp bilinjek synag nusgasy görnüşindäki ylmy netije. Ylmy-amaly netije hasabat, natura nusgasy, eskiz taslamasy, ylmy önüme konstruktorçylyk ýa-da tehnologik resminama görnüşinde berlip bilner;

15) ylmy önüm – ylmy netije, şol sanda durmuşa geçirmek üçin niýetlenen intellektual işiň netijesi;

16) ylmy maksatnama (taslama) – göz öňünde tutulýan ylmy işiň mazmunyny, onuň maksatlarynyň we wezipeleriniň, wajyplygynyň, täzeçilliginiň, ylmy-amaly ähmiýetliliginiň we maksada laýyklygynyň esaslandyrmalaryny özünde jemleýän resminama;

17) ylmy infrastruktura – ylmy barlaghana we inženerçilik enjam, tejribe-senagat önümçiligi, täsin obýektler, şeýle hem ylmy guramanyň hasabynda durýan beýleki gozgalýan we gozgalmaýan emläk;

18) ylmy-tehniki maglumat – ylym we tehnika babatda milli we daşary ýurduň gazananlary hakynda maglumatlary özünde saklaýan ylmy işiň barşynda alynýan maglumat;

19) ylmy işgär – ýokary bilimli,  zerur hünär taýýarlygy bolan we kärine görä ylmy iş bilen  meşgullanýan fiziki şahs;

20) alym – ylmy işi amala aşyrýan we ylmy netijeleri bilimleriň belli bir pudagynda ylmy bileleşik tarapyndan ykrar edilen, alymlyk derejesi we (ýa-da) alymlyk ady bolan ylmy işgär;

21) ylmy gurama – eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, esasan ylmy işi we ylmy işgärleri taýýarlamagy we olaryň hünärini ýokarlandyrmagy amala aşyrýan hökmünde Türkmenistanyň kanunçylygyna we özleriniň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda hereket edýän ýuridik şahs;

22) ylmy işe gatnaşyjylar –ylmy maksatnamalaryň (taslamalaryň) buýrujylary ýa-da maýa goýujylary hökmünde çykyş edýän, ylmy işiň maglumat, patent-ygtyýarnama, metrologik, programma, guramaçylyk-usulyýet, tehniki üpjünçiligini amala aşyrýan fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar;

23) döwlet buýurmasy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça işlenip taýýarlanylýan we amala aşyrylýan umumy döwlet ähmiýetli ylmy maksatnama (taslama);

24) innowasiýa işi – täzeçilikleriň (täzelikleriň) döredilmegini we durmuşa geçirilmegini we olaryň esasynda täze önüm (harytlar, hyzmatlar), önümçiligiň (tehnologiýalaryň) täze usuly, şeýle hem önümçiligiň çygryna, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna we jemgyýeti dolandyrmak çygryna oňyn täsir edýän guramaçylyk, önümçilik-tehniki, durmuş-ykdysady we başga häsiýetli iş ýüzünde durmuşa geçirilen çözgütler (çäreler) görnüşinde praktiki netijäniň (täzelikleriň) alynmagyny üpjün edýän iş.

 

2-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de ylmy iş babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilse, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

II BAP. DÖWLET YLMY-TEHNIKI SYÝASATY DÖRETMEK

 

3-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksatlary

 

Döwlet ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksatlary şu aşakdakylardyr:

1) türkmen halkynyň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen jemgyýetiň ösüşiniň ýokary intellektual we medeni derejelerini gazanmak;

2) innowasiýa ykdysadyýetini döretmek we ösdürmek;

3) önümçiligiň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmak;

4) Türkmenistanda ylmy we tehnikany hemme çäreler arkaly ösdürmek üçin döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň ugurlaryny, görnüşlerini we usullaryny kesgitlemek;

5) ylmy-tehniki ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglaryň öňe gidýän ösüşini üpjün etmek üçin zerur ykdysady, guramaçylyk we hukuk şertlerini döretmek;

6) bazary azyk önümleri bilen doldurmagyň wezipelerini çözmekde, ýokary tehnologik galyndysyz industriýany guramakda, sarp ediş närselerini öndürmekde we ilat üçin hyzmatlar çygryny giňeltmekde, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda, şeýle hem ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda, serişde tygşytlamakda, ylmy talap edýän önümçilikleri ösdürmekde we şu esasda çykarylýan önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmak üçin olaryň gurluşyny kämilleşdirmekde ylmy netijeleri amatly peýdalanmak üçin täsirli durmuş-ykdysady we hukuk mehanizmini döretmek;

7) ykdysady, durmuş we hukuk kepilliklerini, ylmy, ylmy-pedagogik, oýlap tapyjylyk we rasionalizatorçylyk işi üpjün etmek, ylmy işgärleri hemmetaraplaýyn maddy taýdan goldamak we durmuş taýdan goramak;

8) halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek.

 

4-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki syýasatyň esasy ýörelgeleri

 

Türkmenistanyň döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardyr:

1) geçirilýän ylmy barlaglaryň ýeterlik maliýe we maddy-tehniki ýagdaýyny üpjün edýän ylmy işi döwlet tarapyndan goldamak;

11) döwlet ylmy-tehniki syýasatyny jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitleri üçin ýöretmek;

12) ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegine döwlet tarapyndan ýardam etmek;

2) ylmy işi döwletde esasan serişde, energiýa we zähmeti tygşytlaýan, düýpli ylmy talap edýän önümçilikleri we tehnologiýalary ösdürmeklige gözükdirmek;

3) ylmy işiň netijelerini önümçilige we durmuş çygryna ornaşdyrmak;

4) ylmy iş babatda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek;

5) döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmegiň we durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça döwlet häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny aýdyňlaşdyrmak;

6) döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmäge we durmuşa geçirmäge ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň gatnaşmagyny giňeltmek;

7) döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmäge we durmuşa geçirmäge ylmy jemgyýetçiligiň giňden gatnaşmagy;

8) ylmy we innowasiýa işiniň bilim çygryndaky iş bilen utgaşmagy;

9) zehinli çagalary we talantly ýaşlary ýüze çykarmak we olaryň ylmy-tehniki başarnyklaryny ösdürmekde döwlet goldawy;

10) ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligini, intellektual eýeçiligiň goragyny üpjün etmek;

11) ylmy zähmetiň we tehniki döredijiligiň abraýyny ýokarlandyrmak;

12) ylym we tehnika çygrynda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini goldamak, bäsleşigi, bäsdeşligi we telekeçiligi höweslendirmek, tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ylmy işiň ähli subýektleriniň deňhukuklylygy;

13) ylmy işi maliýeleşdirmek üçin ylmy ösdürmek gaznalaryny döretmek;

14) beýleki döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini göz öňünde tutýan döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň açyklygy, ylmy we tehnikany ösdürmäge, iň täze tehnologiýalary we önümiň täze görnüşlerini özleşdirmäge gönükdirilýän daşary ýurt maýasyny çekmek üçin şertleri döretmek;

15) ylmy we innowasiýa işini ösdürmekde telekeçiligiň subýektleri üçin şertleri döretmek;

16) ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek;

17) ylmy maksatnamalaryň (taslamalaryň) seljermesiniň obýektiwligi we garaşsyzlygy.

 

5-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki syýasatda ileri tutulmalar

 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty ylmy işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegiň esasynda döredilýär.

Ylmy işiň ileri tutulýan ugurlary Türkmenistanyň durmuş- ykdysady we ylmy-tehniki ösüşiniň çaklamalaryny işläp taýýarlamalaryň netijeleri boýunça kesgitlenilýär.

Ylmy işiň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky karar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýär we ylmy hem-de tehnikany ösdürmäge bölünip berilýän Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdelerini paýlamak üçin esas bolup durýar.

 

6-njy madda. Ylmy maksatnamalar (taslamalar)

 

1. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty ylmy maksatnamalary (taslamalary) durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrylýar, olaryň esasy görnüşleri şu aşakdakylardyr:

1) döwlet ylmy-tehniki maksatnamalar;

2) halkara ylmy-tehniki maksatnamalar we taslamalar.

2. Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary döwletiň maliýe, maddy we işgärler mümkinçiligini ylmy we tehnikany ösdürmegiň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlara jemlemek maksady bilen işlenip taýýarlanylýar.

3. Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryň sanawy boýunça teklipler gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan taýýarlanylýar.

4. Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalar täze tehnikanyň, tehnologiýalaryň we materiallaryň innowasiýa obýektleri görnüşinde tabşyrylan ahyrky netijä eýe bolan taslamalaryň düzüminde durmuşa geçirilýär.

5. Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşmak bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.

Bäsleşiklere ylmy guramalar, ylmy toparlar, aýratyn ylmy işgärler, şol sanda ylmy işi özbaşdak amala aşyrýan işgärler gatnaşmaga haklydyr.

Bäsleşikler taslamalaryň ylmy, ynsanperwer we ekologiýa gymmatyndan, şeýle hem ykdysady maksadalaýyklygyndan we netijeliliginden ugur alnyp, kararlaryň giň aýanlykda we demokratik ýagdaýda kabul edilmegi arkaly geçirilýär. Saýlanan taslamalar soňy bilen ylmy-tehniki bilermenler seljermesinden geçirilýär.

6. Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

7. Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

8. Türkmenistanyň halkara ylmy-tehniki maksatnamalara we taslamalara gatnaşmagynyň tertibi Türkmenistanyň döwletara (hökümetara) şertnamalary we ylalaşyklary bilen bellenilýär.

 

7-nji madda. Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almak

 

1. Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almak ylmy-tehniki maglumatyň milli serişdesini we Türkmenistanyň ylmy-tehniki mümkinçiliginiň ösüşiniň monitoringini döretmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Ylmy işiň subýektleri ylmy iş hakyndaky ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba alnyşyna bermäge borçludyrlar.

3. Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalaryň (taslamalaryň), meýilnamalaryň we hasabatlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyna berilmegi baradaky gözegçilik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we garamagynda ylmy edarasy bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

III BAP. YLMY IŞIŇ SUBÝEKTLERI WE OLARYŇ

HUKUK ÝAGDAÝY

 

8-nji madda. Ylmy işiň subýektleri

 

Ylmy işiň subýektleri şu aşakdakylardyr:

1) fiziki şahslar – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklaryň çäklerinde ylmy işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar;

2) özleriniň esaslandyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan ylmy işi amala aşyrýan ýuridik şahslar.

 

9-njy madda. Ylmy işi amala aşyrýan fiziki şahslar

 

1. Ylmy işi amala aşyrýan fiziki şahslara (mundan beýläk – ylmy işgärler):

1) ylmy guramalar, ýokary okuw mekdepleri, beýleki guramalar bilen zähmet gatnaşyklarynda durup, olaryň ylmy işine gatnaşýan işgärler;

2) aspiranturada, adýunkturada, doktoranturada okaýan we (ýa-da) dalaşgär bolup durýan şahslar;

3) özbaşdak ylmy işi amala aşyrýan şahslar degişlidir.

2. Ylmy işgärleriň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, olaryň hünärine baha bermegiň çelgileri, şeýle hem ylmy işgärleriň erkin ylmy döredijiliginiň we durmuş goragynyň kepilliklerini üpjün etmek, ylmy işiň abraýyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň borçlary “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.

 

10-njy madda. Ylmy işi amala aşyrýan ýuridik şahslar

 

1. Ylmy işi amala aşyrýan ýuridik şahslara hukuk ýagdaýy, maksatlary, wezipeleri we ygtyýarlyklary, olaryň kysymlary we görnüşleri, olaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýän ylmy guramalar degişlidir.

2. Ylmy iş guramalaryň esasy işiniň daşyndan  hem amala aşyrylyp bilner. Şu ýagdaýda tertipnamalaýyn (esaslandyryjy) resminamalaryň düzgünlerine laýyklykda guramalaryň gurluş we gurluş däl ylmy düzüm birlikleri döredilýär. Şeýle guramalaryň ylmy işi şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

 

11-nji madda. Ylmy işiň subýektlerine döwlet kepillikleri

 

1. Ylmy işiň subýektlerine şu aşakdakylar kepillendirilýär:

1) döredijilik erkinligi, ylmy barlaglary we synag işläp taýýarlamalaryny geçirmegiň ugurlaryny we usullaryny saýlamak hukugy;

2) ynsapsyz bäsdeşlikden goramak;

3) ylmy işde esaslandyrylan töwekgelçilige bolan hukuk;

4) döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syry babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ylmy-tehniki maglumata erkin elýeterlilik;

5) ylmy guramalaryň ylmy işgärlerini we hünärmenlerini taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak;

6) döwlet buýurmalary boýunça ýerine ýetirilýän ylmy maksatnamalary (taslamalary) maliýeleşdirmek;

7) döwletara (hökümetara) ylalaşyklaryň we şertnamalaryň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilýän ylmy maksatnamalary (taslamalary) maliýeleşdirmek.

2. Ylmy işiň subýektlerine döwlet kepillikleri şu aşakdakylara degişli Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek bilen üpjün edilýär:

1) ylmy işgärleri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak;

2) alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak;

3) ylmy işgärleriň hünär synaglary;

4) ylmy işgäriň zähmetine, şeýle hem Türkmenistanyň döwletara (hökümetara) şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde daşary ýurtly alymlaryň we hünärmenleriň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň we işleriniň tölegi we höweslendirmesi;

5) ylmy işgäriň pensiýa üpjünçiligi we durmuş goragy.

 

12-nji madda. Subýektler bilen ylmy işe gatnaşyjylaryň arasyndaky gatnaşyklar

 

Ylmy işiň subýektleri bilen ylmy işe gatnaşyjylaryň arasyndaky gatnaşyklar şertnamalaýyn esasda guralýar.

Ylmy işiň subýektleri we ylmy işe gatnaşyjylar şertnama baglaşanlarynda şertnamanyň taraplaryny saýlamak, Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän borçnamalary we özara gatnaşyklaryň şertlerini kesgitlemek hukugyna eýedirler.

 

13-nji madda. Ylmy işiň subýektleri üçin ylmy işgärleri taýýarlamak

 

Ylmy işgärleri taýýarlamak döwlet ylmy-tehniki syýasatyň düzüm bölegidir we jemgyýetiň ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiligini artdyrmaga, döredijiligi ösdürmäge we ylmy hem-de tehniki medeniýeti ýaýratmaga gönükdirilendir.

Şu maksatlar bilen döwlet:

1) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, ýokary hünär bilim edaralarynda we ýurduň beýleki esasy ylmy guramalarynda, şeýle hem daşary ýurt bilim we ylmy guramalarynda ylmy işgärleriň taýýarlygyny üpjün edýär;

2) akademiki we pudaklaýyn ylmy guramalaryň, ýokary hünär bilim edaralarynyň binýadynda ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň, okuw-önümçilik toplumlarynyň ulgamyny döredip, zehinli çagalary we talantly ýaşlary saýlamaklygy we seçip almaklygy guraýar;

3) talantly ýaşlaryň ylmy barlaglaryny, olaryň ylmyň we bilimiň dünýä merkezlerinde okadylmagyny, maslahatlara we sergilere gatnaşmagyny, şol sanda halkara maslahatlaryna we sergilerine gatnaşmagyny maliýeleşdirmek üçin ýöriteleşdirilen gaznalary döredýär;

4) döwletiň we daşary ýurduň esasy okuw hem-de ylmy guramalarynda ýaş alymlaryň hünär tälimini almagyna ýardam edýär;

5) ylmy işgärleriň hünär synagy ulgamyny döredýär, şeýle hem döwletara derejesinde ýokary bilim, alymlyk derejeleri we alymlyk atlary hakynda resminamalaryň özara ykrar edilmegine ýardam edýär.

 

14-nji madda. Ylmy işiň subýektleriniň maglumat üpjünçiligi

 

1. Döwlet ylym we tehnika babatda ylmy-tehniki maglumaty ýygnaýan, döwlet tarapyndan hasaba alýan, analitik işläp taýýarlaýan, saklaýan we sarp edijilere çenli ýetirýän döwlet maglumat gaznalarynyň we ulgamlarynyň döredilmegini üpjün edýär; ylmy barlaglaryň netijeleriniň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda neşir edilmegine, şeýle hem ol ýerde neşir edilýän ylmy žurnallaryň, kitaplaryň, beýleki ylmy häsiýetli neşir önümleriniň edinilmegine ýardam edýär.

Döwlet ylmy işiň subýektlerine görkezilen maglumata bolan elýeterliligi, ony edinmäge bolan hukugy kepillendirýär we ylym we tehnika babatda halkara maglumat gaznalaryna we ulgamlaryna olaryň elýeterliligini üpjün edýär.

2. Ylmy işiň subýektleri döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryna degişli habarlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary alyşmak hukugyna eýedirler.

3. Maglumatlar banklary we ylmy-tehniki habaryň maglumatlar binýady bar bolan döwlet ylmy guramalary ýatyrylan mahalynda maglumatlaryň görkezilen banklarynyň we maglumat binýatlarynyň abat saklanylmagy we olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukuk oruntutarlaryna berilmegi üpjün edilýär.

4. Ylmy-tehniki maglumaty döretmek, toplamak, agtarmak, almak, saklamak, işläp taýýarlamak, paýlamak we peýdalanmak bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk esaslary ylmy-tehniki maglumat babatda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

15-nji madda. Ylym we tehnika çygrynda telekeçilik

 

1. Türkmenistanyň ylym we tehnika çygrynda telekeçilik şu Kanunyň, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we olara laýyklykda çykarylýan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň esasynda amala aşyrylýar.

2. Döwlet ylmy işde telekeçiligiň dürli görnüşleriniň netijeli işlemegi we ösdürilmegi üçin deňhukukly we ykdysady mümkinçilikleri kepillendirýär.

3. Ylmy işgärler, inženerler, oýlap tapyjylar we beýleki hünärmenler – ylmy önümi işläp taýýarlaýjylar “Kärhanalar hakynda” we “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda öz kärhanalaryny we guramalaryny döretmek arkaly telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.

4. Ylmy iş çygrynda telekeçi öz ylmy işiniň buýrujylaryny ýa-da sarp edijilerini saýlamakda erkindir.

5. Ylmy işde telekeçiligi goldamak maksady bilen kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda salgyt ýeňillikleri berlip bilner, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki maliýe we serişde kömegi edilip bilner.

 

IV BAP. YLMYŇ WE TEHNIKANYŇ ÖSÜŞINI DÜZGÜNLEŞDIRMEGIŇ MESELELERI BOÝUNÇA DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

16-njy madda. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmek we durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň we ylym we tehnika babatda halkara şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

2) ylmy-tehniki syýasatyň döredilmegini we durmuşa geçirilmegini amala aşyrýan döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edaralarynyň işiniň kadaly düzgünleşdirilmegini, ýolbaşçylygy we gözegçiligi amala aşyrýar;

3) ylmy iş babatda hukuk, ykdysady we guramaçylyk häsiýetli çäreleri amala aşyrýar;

4) ylym we tehnika babatda Türkmenistanyň Döwlet býujetini işläp taýýarlaýar we ýerine ýetirilmegini guraýar;

5) döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary tassyklaýar we olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

6) ylmy barlaglaryň we synag işläp taýýarlamalaryň ýerine ýetirilmegi boýunça döwlet buýurmasyny döredýär;

7) Türkmenistanyň Prezidentine ygtyýarly döwlet dolandyryş edaralaryny, şeýle hem döwlet ylmy-tehniki syýasatyň döredilmegini we durmuşa geçirilmegini amala aşyrýan umumydöwlet ähmiýetli beýleki gurluşlary döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak boýunça teklipleri berýär;

8) eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki ylmy guramalaryň döredilmegine ýardam edýär;

9) raýatlaryň saglygynyň we daşky tebigy gurşawyň howpsuzlygyna howp döredip biljek ylmy barlaglaryň geçirilmeginiň tertibini belleýär;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, aýry-aýry ylmy netijeleri peýdalanmak hukugyna bolan çäklendirmeleri girizip, olara gizlinlik düzgünini ýaýradyp onuň berjaý edilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;

11) ylmy iş bilen meşgullanýan işgärler babatda döwlet durmuş syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

12) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy üpjün edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

17-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary

 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) ylym we tehnika babatdaky işiň düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasy – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy;

2) garamagynda ylmy guramalar bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary;

3) ylmy we ylmy-pedagogik işgärleriň hünär synagy babatda ygtyýarly döwlet edarasy – Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti;

4) edara tabynlygyndaky çäkde döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmek we durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly böleginde ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary.

 

18-nji madda. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy:

1) döwlet ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Türkmenistanda ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny döredýär;

3) ýurduň durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň maksatlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen ylmy işi guramak we geçirmek babatda döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

4) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna durmuşa geçirilýän döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary, düýpli we amaly ylmy barlaglaryň işlenip taýýarlanylmagyny guraýar;

5) Türkmenistanda geçirilýän düýpli we amaly ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegini utgaşdyrýar;

6) edara tabynlygyna garamazdan ylmy işiň subýektlerine ylmy-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;

7) ylmy işiň subýektleriniň akkreditasiýasynyň kadalaryny işläp taýýarlaýar, şeýle hem olaryň akkreditasiýasyny geçirýär;

8) garamagynda ylmy guramalar bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

9) ylmy işgärleri taýýarlamak ulgamyny guraýar;

10) Türkmenistanda ylmy barlaglary guramak we geçirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

11) döwlet ylmy-tehniki seljermäni guramagyň we geçirmegiň tertibini işläp taýýarlaýar;

12) möhüm ylmy-tehniki we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we taslamalaryň bilermenler seljermesiniň  geçirilmegine gatnaşýar;

13) Türkmenistanda ylmy işi maliýeleşdirmegiň binýatlaýyn kadalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar;

14) ylmy iş hakynda maksatnamalaryň (taslamalaryň), meýilnamalaryň we hasabatlaryň hasabyny ýöredýär;

15) ylmy işiň netijeleriniň ykdysadyýetiň pudaklarynda peýdalanylyşyna ýardam edýär;

16) Türkmenistanda ylmyň häzirki zaman infrastrukturasynyň döredilmegini guraýar we utgaşdyrýar;

17) ylym we tehnika babatda baýraklaryň sanawy, döwlet ylmy talyp haklary, hormatly atlar we olary bermegiň tertibi boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

18) ylym we tehnika çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar, garamagynda ylmy guramalary bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň halkara aragatnaşyklarynyň ösdürilmegini utgaşdyrýar we oňa ýardam edýär;

19) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmek we durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

19-njy madda. Garamagynda ylmy guramalar bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary

 

Garamagynda ylmy guramalar bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:

1) döwlet ylmy-tehniki syýasatyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

2) ykdysadyýetiň degişli pudagynda ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk, taslama-konstruktorçylyk, tehnologik, agtaryş we taslama-agtaryş işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny döredýär;

3) Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän pudaklaýyn ylmy-tehniki taslamalaryň we maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny guraýar we degişli pudakda olaryň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýar;

4) ykdysadyýetiň degişli pudagynda ylmy barlaglaryň geçirilmegini utgaşdyrýar we amala aşyrýar;

5) edara tabynlygyndaky ylmy guramalaryň güýçleri bilen ylmy maksatnamalaryň (taslamalaryň) ýerine ýetirilmegini guraýar;

6) ykdysadyýetiň degişli pudagynda ylmy maksatnamalar (taslamalar) boýunça hasabatlara garaýar we tassyklaýar;

7) ykdysadyýetiň degişli pudagynyň geljekki ösüşiniň we netijeli işlemeginiň wezipelerini çözmäge gönükdirilen ylmy barlaglary ýerine ýetirmek üçin ylmy guramalary döredýär;

8) edara tabynlygyndaky ylmy guramalaryň işiniň guramaçylyk, işgärler, maliýe, maddy-tehniki we durmuş meseleleriniň çözülmegini üpjün edýär;

9) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

20-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti:

1) döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ylmyň, bilimiň, tehnikanyň, tehnologiýanyň we medeniýetiň ähli ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri kemala getirmekde döwlet syýasatyny geçirýär;

2) alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak boýunça ylmy we ylmy-pedagogik işgärleriň hünär synagynyň geçirilmegini guraýar we onuň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär;

3) alymlyk derejesini bermäge hödürlenilýän işleriň ylmy we praktiki gymmatyny, hilini hem-de ylmy derejesini kesgitleýär we olary ykdysadyýetiň pudaklarynda peýdalanmak üçin maslahat berýär;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirmek üçin işgär mümkinçiligini döretmek bilen baglanyşykly beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

21-nji madda. Edara tabynlygyndaky çäkde döwlet ylmy-tehniki syýasatyň döredilmegini we durmuşa geçirilmegini üpjün etmek böleginde ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary:

1) öz ygtyýarynyň çäklerinde döwlet ylmy-tehniki syýasatyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

2) edara tabynlygyndaky çäkde ylmyň we tehnikanyň ösdürilmegine ýardam edýär;

3) sebitleýin ylmy maksatnamalary (taslamalary) döredýär we maliýeleşdirýär;

4) sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerini çözmäge gönükdirilen ylmy maksatnamalaryň (taslamalaryň) ýerine ýetirilmegine ylmy guramalary çekýär;

5) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

V BAP. DÖWLET YLMY-TEHNIKI BILERMENLER

SELJERMESI

 

22-nji madda. Ylmy-tehniki bilermenler seljermesi

 

1. Ylmy-tehniki bilermenler seljermesi – bilermenler seljermeleriniň geçirilmegini guramak, bilermenler seljermeleriniň obýektlerini seljermek we olara baha bermek, bu obýektler babatda jemgyýetçilik ähmiýetli kabul edilen kararlary esaslandyrmak üçin gerek bolan bilermen netijenamalaryny taýýarlamak we resmileşdirmek bilen baglanyşykly şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryna  laýyklykda amala aşyrylýan iş.

2. Ylmy-tehniki bilermenler seljermesi ylmy işiň görnüşleriniň biri bolup durýar. Ylmy-tehniki bilermenler seljermesini geçirmegiň barşynda alnan bilermen netijenamasy we beýleki netijeler ylmy-tehniki işiň netijelerine degişlidir.

3. Ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň obýektleri hakykylygy degişli tertipde tassyklanan maglumat, şeýle maglumaty özünde saklaýan fiziki närseler we beýleki maddy göterijiler, şeýle hem ylmy-tehniki seljermesini geçirmek üçin bilermen guramasyna ýa-da bilermene berlen ylmy-tehniki seljermesiniň  wezipelerini çözmek üçin gerek bolan beýleki deslapky maglumatlar bolup durýarlar.

4. Ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň netijesinde alnan bilermen netijenamasy hem, eger kanunçylykda we bilermenler seljermesini geçirmek üçin şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň buýrujysynyň eýeçiligi bolup durýar.

 

23-nji madda. Ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň hukuk ýagdaýy

 

Ylmy-tehniki bilermenler seljermesi döwlet, jemgyýetçilik we ýörite bilermenler seljermesi hukuk ýagdaýynda bolup biler.

Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini  geçirmegiň şertleri we tertibi şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

Jemgyýetçilik we ýörite bilermenler seljermesini geçirmegiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünler bilen kesgitlenilýär.

 

24-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň wezipeleri we ýörelgeleri

 

1. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň  esasy wezipeleri şulardyr:

1) bilermenler seljermesiniň obýektleriniň ylmy, tehniki we tehnologik bilimleriň häzirki zaman derejesine, ylmy-tehniki ösüşiň meýillerine we ileri tutulýan ugurlaryna, döwlet ylmy-tehniki syýasatyň ýörelgelerine, milli, ekologik, tehnologik, jemgyýetçilik howpsuzlygynyň we ykdysady maksadalaýyklygynyň talaplaryna laýyk gelşine baha bermek;

2) ýaramaz netijeleriň öňüni almak, kabul edilýän kararlarda ýaramaz netijeleriň töwekgelçilik derejesini peseltmek;

3) bar bolan ylmy-tehniki mümkinçiligi peýdalanmagyň netijeliligini seljermek, ylmy barlag, tejribe-konstruktorçylyk, tejribe-tehnologik, taslama, agtaryş, geologiýa-gözleg we beýleki ylmy işleriň we işläp taýýarlamalaryň netijeliligine baha bermek;

4) bilermenler seljermesiniň obýektleri bolup durýan ylmy maksatnamalary (taslamalary) durmuşa geçirmegiň ylmy-tehniki, durmuş-ykdysady we ekologiýa netijelerini çaklamak;

5) bilermenler seljermesiniň obýektleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynyň hem-de halkara şertnamalarynyň talaplaryna we kadalaryna laýyk gelmegini üpjün etmek.

2. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardyr:

1) bilermenler seljermesiniň işine gatnaşyjylaryň öz hünär işini amala aşyranlarynda olaryň garaşsyzlygy we hukuk goraglylygy;

2) bilermenler seljermesiniň obýektleriniň barlaglaryna ylmy taýdan, ýeterlik derejede, hemmetaraplaýyn we adalatly çemeleşme, bilermenler seljermesiniň netijeleriniň esaslandyrmasyny üpjün etmek;

3) bilermenler seljermesini geçirýän adamlaryň we guramalaryň ukyplylygy we ýokary hünär derejesi;

4) bilermen işini guramagyň yzygiderliligi we onuň kadaly-usulyýet üpjünçiligi;

5) ylmyň we tehnikanyň dünýä derejesinde ösmegine, ekologik, tehniki we jemgyýetçilik howpsuzlygynyň kadalaryna, halkara we milli standartlarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmeginiň hökmanylygyna ugur almak;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet, gulluk we täjirçilik syryny saklamak şertinde bilermenler seljermesiniň netijeleriniň aýanlygy.

 

25-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň obýektleri

 

1. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň obýektleri şu aşakdakylardyr:

1) dürli derejeli we maksatly döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary, innowasiýa we maýa goýum taslamalary, şeýle hem bu maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmegiň netijeleri;

2) ylym we tehnika çygrynda işi düzgünleşdirmek boýunça kadalaşdyryjy we instruktiw-usulyýet resminamalarynyň we administratiw namalarynyň taslamalary;

3) döwletiň gatnaşmagynda ýa-da gözegçiliginde bina edilýän önümçilik-tehnologik toplumlary, tehniki we (ýa-da) adam-maşyn ulgamlaryny döretmek, durkuny täzelemek, ýatyrmak, duruzmak, konserwasiýa etmek hakynda taslamalaryň we çözgütleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmalary;

4) döwlet hajatlary üçin ylmy önümi satyn almak we getirmek hakynda şertnamalary baglaşmak bilen baglanyşykly bäsleşik ýüztutmalary we resminamasy; Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ylmy işleri geçirmek üçin şertnamalary ýerine ýetirmegiň netijeleri;

5) adatdan daşary ýagdaýlary we tehnogen betbagtçylyklary duýdurmak we olaryň netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly çözgütleriň ylmy-tehniki esaslandyrmalary;

6) ylmy hyzmatdaşlyk babatda döwletara ylalaşyklarynyň taslamalary;

7) döwlet hajatlary üçin import tehnikasyny, tehnologiýalary we materiallary satyn almak hem-de getirmek bilen baglanyşykly şertnamalar we daşary ykdysady işiň obýektleri;

8) oýlap tapyşlar, peýdaly modeller, senagat nusgalary, elektron-hasaplaýjy maşynlar we maglumatlar binýatlary hem-de integral mikroshemalaryň topologiýalary üçin maksatnamalar üçin intellektual eýeçilik hukuklaryny resmileşdirmek bilen baglanyşykly ýüztutmalar;

9) alymlyk derejesini almak üçin bellenilen tertipde berlen dissertasiýa işleri;

10) ylym we tehnika babatda döwlet we halkara baýraklaryny almak üçin hödürlenilýän işler.

2. Buýrujynyň başlangyjy boýunça döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesine beýleki obýektler sezewar edilip bilner.

 

26-njy madda. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň subýektleri

 

1. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň subýektleri bilermenler seljermesiniň buýrujylary we ýerine ýetirijileri, şeýle hem bilermen işiniň beýleki gatnaşyjylary bolup durýarlar.

2. Döwlet häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik we halkara guramalary, şeýle hem bilermenler seljermesiniň geçirilmegine gyzyklanýan ýuridik we fiziki şahslar döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň buýrujylary bolup bilerler.

3. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň ýerine ýetirijileri

ylmy-tehniki seljermäni geçirmekde esasy ugry ýa-da ýöriteleşdirilen käri, ýeterlik hünär tejribesi we iş tejribesi bolan bilermen guramalary we fiziki şahslar (bilermenler) bolup durýarlar.

4. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň geçirilmeginiň guralmagyny üpjün etmäge jogapkär bilermen guramalarynyň işi güwälendirilmäge degişlidir.

Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň geçirilmegine gatnaşýan fiziki şahslaryň (bilermenleriň) işi hünär synagynyň geçirilmegine degişlidir.

5. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň ýerine ýetirijisiniň mümkinçilikleriniň bilermenler seljermesiniň şertlerini we onuň netijeleriniň hilini üpjün etmäge bolan kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelmegini tassyklamak olaryň hökmany döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň geçirilmegini guramaga ygtyýarly edilen edaralaryň we guramalaryň ýanynda olaryň akkreditasiýa edilmeginiň barşynda amala aşyrylýar.

6. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň ýerine ýetirijileriniň güwälendirilmegi, hünär synagy we akkreditasiýasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

27-nji madda. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň netijenamasy

 

1. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň netijenamasy bilermenler seljermesiniň obýekti boýunça esasy netijeleri özünde saklaýan, ýerine ýetiriji (bilermen) tarapyndan taýýarlanylan resminama bolup durýar.

2. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň närse we obýekt boýunça geçiren seljermesiniň netijenamasy oňyn ýa-da ýaramaz bolup biler, bu hakda netijenamanyň karar ediji böleginde degişli kesgitleme bolmalydyr.

3. Bilermenler seljermesiniň netijenamasyna kabul edilen netijenama bilen ylalaşmadyk bilermenleriň aýratyn esaslandyrylan pikirleri goşulyp bilner.

4. Bilermenler seljermesiniň ýerine ýetirijisi tarapyndan taýýarlanan döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň netijenamasy onuň ýazmaça razylygy bolmazdan üýtgedilip bilinmez.

5. Bilermenler seljermesiniň ýerine ýetirijisi tarapyndan taýýarlanan bilermenler seljermesiniň netijenamasy döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň buýrujysynyň doly ygtyýarly wekiline berilýär.

6. Bilermenler seljermesiniň buýrujysy bilermen netijenamasynyň esaslylygyna baha bermän, döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň geçirilmegi üçin tabşyrygyň we şertnamanyň talaplarynyň berjaý edilişini barlaýar we bu talaplar ýerine ýetirilende bilermen netijenamasyny tassyklaýar.

Bilermenler netijenamasynyň mazmuny bilen ylalaşmazlyk sebäpleri boýunça bilermen netijenamasyny tassyklamakdan ýüz döndermek ýolberilmesizdir we kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

 

VI BAP. YLMY IŞIŇ NETIJELERINE BAHA BERMEK WE ÖNÜMÇILIGE ORNAŞDYRMAK

 

28-nji madda. Ylmy işiň netijelerine baha bermek

 

1. Ylmy işiň netijelerine baha bermek harçlanan maliýe, maddy, intellektual we beýleki serişdeleriň möçberini obýektiw deňeşdirip ölçemek, ýerine ýetirilen düýpli we amaly ylmy barlaglaryň ylmy we praktiki (ykdysady, durmuş, ekologiýa, goranmak) peýdalylygyny kesgitlemek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Ylmy işe baha bermegiň netijeleri ylmy ugurlaryň perspektiwalylygy kesgitlenende, ylmy işleriň maliýeleşdirilmegini dowam etdirmek ýa-da bes etmek, zähmete hak tölemek we iş haky gaznalarynyň möçberleriniň differensiýasiýasy, şeýle hem ylmy işgärleriň hünär synagy hakynda kararlar kabul edilende ulanylyp  bilner.

3. Ylmy işiň netijelerine täzelikçiligiň çelgileri, ylym we tejribe üçin ähmiýetliligi, obýektiwligi, subut edijiligi we takyklygy boýunça baha berilýär. Ylmy işiň netijelerine baha bermek ylmy işi amala aşyrýan ylmy guramalaryň alymlar geňeşleri we garamagynda ylmy guramalar bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň ylmy-tehniki geňeşleri tarapyndan geçirilýär we daşarky syn berilmäge degişlidir.

 

29-njy madda. Ylmy işiň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak

 

1. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirmek bilen önümi, tehnikany we tehnologiýany täzelemegiň hakyky talaplarynyň döreýän önümçiligiň ylmy işiň netijelerini ornaşdyrmagyň möhüm çygry bolup durýandygyndan ugur alýar.

2. Döwlet içerki we daşarky bazaryň talaplaryna laýyklykda önümçiligiň tehniki derejesini, hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça, tehnikanyň täze görnüşlerini we serişde tygşytlaýjy ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary döretmek we özleşdirmek, oýlap tapyşlary peýdalanmak boýunça önümçilik kärhanalarynyň işjeň işine ýardam edýär.

3. Ylmy işiň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen kärhanalar we guramalar ylmy we innowasiýa işini goldamak gaznalaryny döretmegi göz öňünde tutup bilerler.

4. Ylmy-amaly netijeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki iş guralan mahalynda ylmy guramasy öz esaslyk maýasy hökmünde öz intellektual eýeçiligini girizýär.

 

30-njy madda. Ylmy önümi döretmek, bermek we peýdalanmak üçin şertnamalar

 

1. Ylmy guramanyň, buýrujynyň we ylmy önümi beýleki sarp edijileriň, şol sanda ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy hukuk görnüşi ylmy önümi döretmek, bermek we peýdalanmak, ylmy, ylmy-tehniki, inženerçilik-maslahat beriş we beýleki hyzmatlary etmek üçin şertnamalardyr, şeýle hem beýleki şertnamalardyr, şol sanda bilelikdäki ylmy iş we girdejileri paýlamak hakyndaky şertnamalardyr.

2. Görkezilen şertnamalaryň esasynda döwlet hajatlary üçin ylmy barlaglar we synag işläp taýýarlamalary ýerine ýetirilýär. Şu ýagdaýlarda şertnamalar döwlet edarasy - buýrujy bilen ylmy gurama – ýerine ýetirijiniň arasynda baglaşylýar.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döwlet ylmy guramalar üçin ylmy barlaglary we synag işläp taýýarlamalaryny ýerine ýetirmäge bolan hökmany döwlet buýurmasyny bellemäge haklydyr.

4. Ylmy önümi önümçilige ornaşdyrmagyň netijesinde alnan ylmy (ylmy-amaly) netijelere peýdany goşup, olara eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýar etmegiň şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy, şeýle hem taraplaryň – ylmy işiň subýektleriniň we ylmy önümi sarp edijileriň oňa ters gelmeýän şertnamalary bilen kesgitlenilýär.

 

31-nji madda. Ylmy işiň netijeleri üçin aýratyn hukuklar

 

Ylmy işiň netijeleri üçin aýratyn hukuklar we olaryň hukuk goragy Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VII BAP. YLMY-TEHNIKI ÇYGRYNY

MALIÝELEŞDIRMEK

 

32-nji madda. Ylmy işi maliýeleşdirmegiň ýörelgeleri

 

Ylmy barlaglaryň netijeli ykdysady mehanizmini döretmek maliýeleşdirmegiň şu aşakdaky ýörelgelerine esaslanýar:

1) maliýeleşdirmek çeşmeleriniň köpsanlylygy, olaryň maksatly ugry;

2) döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryň we halkara ylmy-tehniki maksatnamalaryň we taslamalaryň kepillendirilen döwlet maliýeleşdirilmegi;

3) ylmyň we tehnikanyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlarynda maliýe serişdeleriň gelip gowşuşyna garamazdan olaryň jemlenmegi.

 

33-nji madda. Ylmy işi maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

 

1. Ylmy işiň maliýe üpjünçiligi ylmy işi amala aşyrýan guramalary maliýeleşdirmek, şeýle hem döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary we halkara ylmy-tehniki maksatnamalary we taslamalary maksatlaýyn maliýeleşdirmek arkaly amala aşyrylýar.

2. Şu aşakdakylar ylmy işi maliýeleşdirmegiň çeşmeleridir:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

2) býujetden daşary serişdeler;

3) ylmy guramalaryň hojalyk hasaplaşykly ylmy işiniň hasabyna alýan serişdeleri;

4) şertnamalýyn tema boýunça buýrujylaryň serişdeleri;

5) banklaryň, şol sanda daşary ýurt banklarynyň karzlary;

6) ylmy ösdürmek gaznalarynyň serişdeleri we karzlary;

7) ylmy guramalaryň neşirýat, maslahat we leksiýa bermek işinden hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki işlerden alýan  serişdeleri;

8) haýyr-sahawat goýumlarynyň serişdeleri;

9) daşary ýurt maýa goýumlary;

10) halkara gaznalarynyň serişdeleri;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

3. Ylmy işi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdelerinden maliýeleşdirmek Türkmenistanyň degişli kanunçylygyna laýyklykda, ýurdy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň uzak möhletli maksatnamalarynyň esasynda kesgitlenýär.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ilkinji nobatda düýpli we amaly ylmy barlaglar, döwlet ylmy-tehniki maksatnamalar we halkara ylmy-tehniki maksatnamalar we taslamalar, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet ylmy guramalarynyň döredilmegi we olaryň işi maliýeleşdirilýär.

4. Ylmy iş ýurduň we daşary ýurduň ýuridik we fiziki şahslary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary tarapyndan yzyna gaýtarylman berilýän pul we beýleki serişdeler – grantlar görnüşinde maliýeleşdirilip bilner.

Grantlar ylmy işgärlere, ylmy guramalara, ýokary hünär bilim edaralaryna, wagtlaýyn döredijilik toparlaryna berilýär.

Grantlary alyjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şeýle hem bu grantlaryň berilýän şertlerinde olara ygtyýar edýärler.

 

34-nji madda. Ylmy ösdürmek gaznalary

 

1. Işi ylmy işi maliýeleşdirmäge we ylmy işgärlere kömek bermäge gönükdirilen ylmy ösdürmegiň gaznalaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ylmy we innowasiýa işini goldamak döwlet gaznalary (mundan beýläk – döwlet gaznalary);

2) kärhanalaryň we guramalaryň ylmy we innowasiýa işini goldamak gaznalary;

3) döwletara guramalarynyň ylmy ösdürmek gaznalary;

4) ylmy ösdürmegiň jemgyýetçilik gaznalary.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen gaznalaryň hukuk ýagdaýy şu Kanunda göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilen Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

35-nji madda. Döwlet gaznalary

 

Döwlet gaznalary ylmy işi maliýe taýdan üpjün etmek arkaly ony goldamak maksady bilen döredilýär.

Döwlet gaznalaryny esaslandyryjylaryň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti amala aşyrýar. Döwlet gaznalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

 

36-njy madda. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini ykdysady we maddy-tehniki taýdan üpjün etmek

 

1. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini geçirmek, eger döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini geçirmek üçin şertnama baglaşylanda başga zat ylalaşylmadyk bolsa, buýrujynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini geçirmek üçin serişdeler ylmy işleri geçirmek üçin harajatlaryň düzümine goşulýar.

3. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini geçirmek üçin şertnama laýyklykda buýrujynyň borçlaryna bilermenler seljermesiniň geçirilmegini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek, jaýlar, enjamlar, ulaglar, aragatnaşyk serişdelerini we başgalary bermek degişli edilip bilner.

 

37-nji madda. Ylym we tehnika babatda salgyt mehanizmi

 

1. Eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ylmy iş çygrynda işleýän kärhanalar, edaralar we guramalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet býujetine salynýan salgytlary we tölegleri töleýär.

2. Ylmy işe höweslendirmek maksady bilen döwlet Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen salgytlar boýunça ýeňillikleri göz öňünde tutýar.

3. Ylmy işe höweslendirmek maksady bilen döwlet Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen tölegler boýunça ýeňillikleri göz öňünde tutýar.

 

VIII BAP. YLYM WE TEHNIKA BABATDA

HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

38-nji madda. Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň esasy düzgünleri

 

1. Döwlet halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy goldaýar, zerur hukuk we ykdysady şertleri döredýär hem-de Türkmenistanyň ylmy işiniň subýektleriniň we gatnaşyjylarynyň daşary ýurt döwletleriniň ylmy işiniň subýektleri we gatnaşyjylary bilen, şeýle hem eger bu gatnaşyklar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna ters gelmese, halkara ylmy bileleşikler bilen erkin we deňhukukly gatnaşyklaryň  amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

2. Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) bilelikdäki ylmy barlaglary, tehniki we tehnologik işläp taýýarlamalary, halkara ylmy-tehniki maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmak;

2) umumy utgaşdyryjy ylalaşyklar boýunça barlaglary we işläp taýýarlamalary geçirmek;

3) ylalaşygyň taraplarynyň biri daşary ýurt döwletiniň ýuridik ýa-da fiziki şahsy ýa-da halkara guramasy bolup durýan ylalaşykda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek;

4) halkara ylmy guramalaryny, wagtlaýyn ylmy toparlary döretmek;

5) ylmy işiň subýektleriniň arasynda şertnamalaryň esasynda ylmy önüm üçin eýeçiligi peýdalanmak;

6) ylmy-tehniki maglumaty özara alyşmak, birleşen döwletara maglumat gaznalaryny, maglumatlar banklaryny peýdalanmak;

7) halkara maslahatlaryny, kongreslerini, simpoziumlaryny geçirmek;

8) ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri, talyplary özara alyşmak, şeýle hem ylmy işgärleri bilelikde taýýarlamak.

3. Türkmenistanyň ylmy işiniň subýektleri halkara ylmy-tehniki maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşyp, daşary ýurt guramalary we firmalary bilen ylalaşyklar baglaşyp, halkara ylmy jemgyýetleriniň, assosiasiýalaryň we bileleşikleriň işine olaryň agzalarynyň hukuklarynda gatnaşyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda halkara simpoziumlaryna, maslahatlaryna we beýleki çärelerine gatnaşmak üçin daşary ýurtlara gidip bilerler.

 

39-njy madda. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini guramak we geçirmek babatda halkara gatnaşyklary

 

1. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini guramaк we geçirmeк babatda halkara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek halkara bilermen işinde emele gelen talaplary hasaba almak bilen Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň esasynda amala aşyrylýar.

2. Buýrujylar döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini geçirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda bilermen işiniň ugry boýunça degişli hünäri bolan halkara bilermen guramalarynyň wekillerini we daşary ýurt bilermenlerini çagyrmaga haklydyr.

3. Bilermen guramalary we Türkmenistanyň bilermenleri halkara bilermen guramalarynyň düzümine girip, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda halkara guramalarynyň, daşary ýurt döwletleriniň, olaryň ýuridik we fiziki şahslarynyň tabşyryklary boýunça ylmy-tehniki bilermenler seljermesini geçirip bilerler.

 

40-njy madda. Türkmenistanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary hakynda daşary ýurt döwletleriniň resminamalaryny ykrar etmek we deň derejeliligini bellemek

 

1. Türkmenistanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary hakynda daşary ýurt döwletleriniň resminamalaryny ykrar etmek we olaryň deň derejeliligini bellemek Türkmenistanyň kanunçylygynyň we halkara şertnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

2. Şu Kanunda Türkmenistanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary hakynda daşary ýurt döwletleriniň resminamalarynyň deň derejeliligini bellemek görkezilen resminamalara eýelik edijilere Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda berlen alymlyk derejeleri we alymlyk atlary hakynda döwlet nusgasyndaky resminamalarynyň eýeleriniňki ýaly şol bir akademiki we (ýa-da) professional hukuklaryň berilmegini aňladýar.

3. Türkmenistanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary hakynda daşary ýurt döwletleriniň resminamalaryny ykrar etmegiň we olaryň deň derejeliligini bellemegiň netijesinde arza berijilere Türkmenistanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary hakynda daşary ýurt döwletleriniň resminamalaryny ykrar etmek hakynda we olaryň deň derejeliligini bellemek hakynda şahadatnama berilýär.

 

IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

41-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

42-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” 1992-nji ýylyň 19-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1992 ý., № 2, 13-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

       Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 1-nji marty.

№ 39-V.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 01.03.2014
Resminamanyň belgisi № 39-V