Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we

güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 26.08.2017 ý. №604-V Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda.Türkmenistanyň Býujet kodeksini, şu Kanunda bellenilen düzgünleriň hasaba alynmagy bilen, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3-nji madda.Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerine esaslanýan býujet işiniň amala aşyrylmagyna tapgyrlaýyn geçilmegi bellemeli.

4-nji madda.Türkmenistanyň 2016-2018-nji ýyllar üçin Döwlet býujetleriniň işlenip düzülmegini, olaryň seredilmegini, tassyklanylmagyny we ýerine ýetirilmegini “Býujet sistemasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrmaly.

5-nji madda. 2016-2018-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetleriniň düzümindeTürkmenistanyň synag ministrlikleriniňişlenip düzülmegi, seredilmegi, tassyklanylmagy we ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda amala aşyrylmaly býujetleri göz öňünde tutulmaly.

6-njy madda. Türkmenistanyň 2019-2021-nji ýyllar (meýilnama döwri) üçin Döwlet býujetiniň işlenip düzülmegini, seredilmegini, tassyklanylmagynywe ýerine ýetirilmegini Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda amala aşyrmaly.

7-nji madda. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1996-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky “Býujet sistemasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996ý., №1-2, 2-nji madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň XVII bölümini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009ý., № 2, 33-nji madda).

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň resmi taýdan çap edilen gününden başlap bir ýylyň dowamynda:

1) Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünleriniň amala aşyrylmagy boýunça çäreleri kesgitlemeli;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyk getirmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

       Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 1-nji marty.

№ 37-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 01.03.2014
Resminamanyň belgisi № 37-V