Daýhan hojalygy hakynda  

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Daýhan hojalygy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 75-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 388-V Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun daýhan hojalygyny döretmegiň esasy ýörelgelerini we onuň işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

 

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Daýhan hojalygy

 

1. Daýhan hojalygyoba hojalyk önümçiliginibilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgalanyň agzalary tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasydyr.

2. Är-aýallar, 18 ýaşy dolan çagalar, şol sanda perzentlige alnan çagalar, ata-eneler we beýleki ýakyn garyndaşlar daýhan hojalygynyň agzalary bolup bilerler.

3. Daýhan hojalygynda zähmet şertnamasy boýunça işleýän adamlar onuň agzalary bolup bilmezler.

 

2-nji madda.Türkmenistanyň daýhan hojalygyhakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň daýhan hojalygyhakyndakanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Daýhan hojalygynyň eýeçiligi

 

1. Daýhan hojalygynyň eýeçiliginde hojalyk jaýlary we gaýry jaýlar, baglar, önümberýän hem-de iş mallary (guşlar), oba hojalyk tehnikalarywe gurallary, ulag serişdeleri hem-de oba hojalyk önümçiligini özbaşdak alyp barmak, öz öndüren önümini saklamak, ýerlemek, gaýtadan işlemek üçin zerur bolan beýleki emläkler bolup biler.

2. Alnan girdejiler daýhan hojalygynyň eýeçiligi bolup durýar we olardan öz islegine görä peýdalanýar.

3. Daýhan hojalygynyň emlägini ätiýaçlandyrmak meýletindir.

 

4-nji madda. Daýhan hojalygyny ýöretmek

 

1. Daýhan hojalygy özbaşdak önümçilik birligi bolup durýar.

2. Daýhan hojalygy öz işiniň ugurlaryny hem-de hojalygy ýöretmek bilen baglanyşykly beýleki meseleleri özbaşdak çözýär.

Kärende şertlerinde önüm öndürýän daýhan hojalygynyň önümçiliginiň ugry we möçberleri kärendä beriji tarap bilen şertnama esasynda kesgitlenilýär.

Daýhan hojalygy döwlet tabşyrygy esasynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirende döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden peýdalanýar.

Daýhan hojalygy, şol sanda kärendeçi ‒ daýhan hojalygy tarapyndan şertnamalaýyn borçnamalaryndan artyk öndürilen önüm öz ygtyýarynda galýar we olar tarapyndan erkin bahalar bilen özbaşdak ýerlenilýär.

3. Daýhan hojalygynyň Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň fiziki we ýuridik şahslary bilen özara gatnaşyklary şertnamalar hem-de Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda amala aşyrylýar.

4. Daýhan hojalygyna onuň ýolbaşçysy ýa-da onuň ynanç haty boýunça hojalygyň beýleki bir agzasy wekilçilik edýär.

 

II bap. DAÝHAN HOJALYGYNY DÖRETMEK

 

5-nji madda. Daýhan hojalygyny döretmegiň tertibi

 

Daýhan hojalygy ony esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň)karary boýunça döredilýär.

 

6-njy madda. Daýhan hojalygynyňesaslandyryjy şertnamasy

 

1. Daýhan hojalygyny döretmegiň we onuň işiniň esasy hökmünde esaslandyryjy şertnamasy hasaplanylýar, şeýle şertnama daýhan hojalygyny esaslandyryjylar tarapyndan baglaşylýar.

Eger daýhan hojalygy bir esaslandyryjy tarapyndan döredilse, esaslandyryjy şertnamabaglaşylmaýar.

Esaslandyryjy şertnamadaýhan hojalygynyň esaslandyryjy resminamasy hasaplanylýar.

2. Esaslandyryjy şertnamada şular bolmalydyr:

1) esaslandyryjylaryň daýhan hojalygyny döretmek hakyndaky karary, daýhan hojalygynyň ady we ýerleşýän ýeri;

2) esaslandyryjy - fiziki şahslaryň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamalary görkezmek bilen, olaryň sanawy;

3) esaslandyryjylaryň, şeýle hem daýhan hojalygyny döretmegiň we bellige almagyň barşynda döredilýän daýhan hojalygyna wekilçilik edýän adamlaryň ygtyýarlyklary;

4) esaslyk maýasynyň möçberi;

5) esaslyk maýasyna her bir esaslandyryjynyň geçiren pul goýumynyň ýa-da harytýa-da emläk hukuklary görnüşinde geçiren goýumynyň pul bahasynyň düzümi, möçberi we möhletleri hakyndaky maglumatlar;

6) esaslyk maýasyna goşmaça goýumlary geçirmek hakynda karary kabul etmegiň tertibi, şeýle hem goýumlary öz wagtynda geçirmezligiň netijeleri;

7) daýhan hojalygynyňTertipnamasyny tassyklamak hakynda karar;

8) girdejileri paýlamagyň we çykdajylary tölemegiň tertibi;

9) esaslandyryjylaryň daýhan hojalygynyň düzüminden çykmagynyň tertibi.

Daýhan hojalygynyň esaslandyryjy şertnamasyna şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryna garşy gelmeýän daýhan hojalygyny döretmek hakynda we onuň işine dahylly beýleki şertler hem goşulyp bilner.

3. Daýhan hojalygynyňesaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň bäş essesine deň bolmalydyr.

4. Şertnama ähli esaslandyryjylarýa-da olaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär.

Esaslandyryjylaryň wekilleriniň daýhan hojalygyny döretmäge we esaslandyryjy şertnamasyna gol çekmäge hukuk berýän degişli ygtyýarlyklary bolmalydyr.

5. Esaslandyryjy şertnamanyň şertleri şol şertnama golçekenesaslandyryjylar, şeýle hem daýhan hojalygy esaslandyrylandan we bellige alnandan soň oňa girýän täze gatnaşyjylar üçin hem hökmanydyr.

 

7-nji madda. Daýhan hojalygynyň Tertipnamasy

 

1. Daýhan hojalygynyň Tertipnamasy ýuridik şahs hökmünde onuň hukukýagdaýyny kesgitleýän esaslandyryjy resminamadyr.

2. Tertipnamada şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) daýhan hojalygynyň ady, hukuk belgisi;

2) esaslandyryjy-fiziki şahslaryň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamalary görkezmek bilen, olaryň sanawy;

3) daýhan hojalygynyň  işiniň maksatlary we görnüşleri;

4) esaslyk maýasynyňmöçberi, daýhan hojalygynyň  emläginde esaslandyryjylaryň paýy hakyndaky maglumatlar;

5) daýhan hojalygyna gatnaşyjylaryň paýlarynyň birinden beýlekä geçiş tertibi;

6) girdejileri paýlamagyň we çykdajylary tölemegiň tertibi;

7) işi üýtgedip guramagyň we bes etmegiň şertleri.

TertipnamadaTürkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem görkezilip bilner.

3. Tertipnama esaslandyryjylaryň umumy ýygnagynda biragyzdan tassyklanylmalydyr we ähli esaslandyryjylar ýa-da olaryň ygtyýarly wekilleritarapyndan gol çekilmelidir. Daýhan hojalygybir esaslandyryjy tarapyndan döredilende Tertipnama onuň özi tarapyndan tassyklanylýar we gol çekilýär.

4. Tertipnamanyň nusgalyklary, şeýle hem oňa girizilen üýtgetmeler hakyndaky ähli resminamalar döwlet belligini amala aşyran edarada saklanylýar.

 

8-nj madda. Daýhan hojalygyny bellige almak

 

1. Daýhan hojalygyny belligealmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Daýhan hojalygy özüniň döwlet belligine alnandygy hakyndaky şahadatnamany alan pursadyndan başlap döredildi diýlip hasap edilýär, şondan soň ol ýuridik şahsyňderejesine eýe bolýar.

 

9-njy madda. Daýhan hojalygyna ýer böleklerini, mallary (guşlary),jaýlary, önümçilikdesgalarynybermegiň tertibi

 

1. Daýhan hojalygyny esaslandyryjyýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna, daýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna:

1) ýer böleginiň, mallaryň (guşlaryň), jaýlaryň, önümçilik desgalarynyň berilmegi hakyndaky arzany;

2) hojalygy netijeli alyp barmak boýunça ykdysady esaslandyrmany berýär.

2. Arza onuň berlen gününden başlap bir aýyň dowamynda seredilmäge degişlidir.

3. Daýhan hojalygyny guramak üçin ýer böleklerini, mallary (guşlary) bermekden ýüz dönderilendigi barada kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

10-njy madda. Daýhan hojalygyna ýer böleklerini we mallary(guşlary) bermek

 

1.Daýhan hojalygyna ýer böleklerini bermek "Ýer hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Daýhan hojalygyna oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýer bölekleri:

1) peýdalanmak üçin - ýörite ýer gaznasyndan;

2) kärendesine - daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden  berlip bilner.

Şunda daýhan hojalygyna berilýän ýer bölegi azyndan 10 ýyl möhlete berilmelidir.

3. Ýer böleginialmaga isleg bildirýän daýhan hojalygy:

1) peýdalanmaga - ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasyna;

2) kärendesine - daýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna ýüz tutýar.

4. Daýhan hojalygynyň alan ýerlerini ikilenji peýdalanmaga we kärendä bermek gadagandyr.

5. Mallary (guşlary) almaga isleg bildirýän daýhan hojalygydaýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna ýüz tutýar.

 

III bap. DAÝHAN HOJALYGYNYŇ HUKUKLARY

WE BORÇLARY

 

11-nji madda. Daýhan hojalygynyň hukuklary

 

1. Daýhan hojalygynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) hojalygy özbaşdak ýöretmäge;

2) bellenilen tertipde önümçilige niýetlenen binalary we desgalary gurmaga, ýer böleklerinde melioratiw işlerini geçirmäge;

3) sebitiň önümçilik-ykdysady mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga we ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga.

2. Ýerden peýdalanyjynyň razylygy bolmazdan daýhan hojalygynyň ýerlerinde aw awlamak, balyk tutmak, tebigatyň önümlerini (kömelekleri, ir-iýmişleri we beýlekileri) ýygnamak işine ýol berilmeýär.

 

12-nji madda. Daýhan hojalygynyň borçlary

 

Daýhan hojalygy şu aşakdakylara borçludyr:

1) ýeri agrotehniki kadalara laýyklykda ulanmaga, onuňgurplulygyny artdyrmaga, öz hojalyk işiniň netijesinde şol çäkde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlige;

2) topragy suw hem-de ýel eroziýasyndan goramak, ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakwe goramak boýunça çäreleriň toplumyny amala aşyrmaga;

3) beýleki ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň bähbitlerine zyýan ýetirmezlige;

4) ýeri diňe niýetlenilen maksadyna görä peýdalanmaga;

5) maldarçylykda weterinariýa, zootehniýa, sanitariýa kadalaryny berjaý etmäge;

6) kärende şertnamasynda kesgitlenilen borçnamalary ýerine ýetirmäge.

 

13-nji madda. Daýhan hojalygyny ýöretmäge bolan hukugy başga birine geçirmek

 

1. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy hojalygy ýöretmekden ýüz döndermäge we hojalygyň agzalarynyň ylalaşmagy boýunça olaryň birini hukuk oruntutary edip bellemäge haklydyr.

2. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy aradan çykan halatynda hojalygy ýöretmek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hojalygyň agzalarynyň birine geçýär.

3. Daýhan hojalygyny ýöretmek hukugy oruntutara berlen wagtyndan ýer bölegini peýdalanmaga ýa-da kärendä bermek baradaky resminamalardan beýleki ähli resminamalar oruntutaryň adyna täzeden resmileşdirilýär.

 

14-nji madda. Daýhan hojalygynyň eýeçiligini miras almak

 

1. Daýhan hojalygynyň eýeçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde miras alynýar.

2. Daýhan hojalygynyňişini dowam etdirýän mirasdar miras hakynda şahadatnama berlendigi üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.

 

15-nji madda. Daýhan hojalygyny hukuk taýdan goramak

 

1. Daýhan hojalygynyň emlägi, onuň hojalyk işi döwlet tarapyndan goralýar.

2. Döwlet edaralarynyň ýa-da olaryňwezipeli adamlarynyň daýhan hojalygynyň işine gatyşmagyna ýol berilmeýär, daýhan hojalygy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulýan halatlary muňa girmeýär.

3. Döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyňdaýhan hojalygynyň işine esassyz gatyşan halatynda, olaryň gatyşmaklarynyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolunmaga degişlidir.

4. Daýhan hojalygynyňemlägi diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde elinden alnyp bilner.

5. Daýhan hojalygy öz borçnamalary boýunça emlägi bilen jogap berýär.Döwlet daýhan hojalygynyň borçnamalary babatda jogapkärçilik çekmeýär, daýhan hojalygy hem döwletiň borçnamalary babatda jogapkärçilik çekmeýär.

6. Döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer bölegini almak barada aýratyn zerurlyk ýüze çykan halatynda, daýhan hojalygyna deň derejedäki ýer bölegibellenilen tertipde berilmelidir, şeýle hem  ýitirilen peýdanyň öwezini ýer bölegini alýan tarap dolmaga borçludyr.

 

IV bap. DAÝHAN HOJALYGYNYŇ IŞINIŇ ESASLARY

 

16-njy madda. Daýhan hojalygynda zähmet gatnaşyklary

 

1. Daýhan hojalygy zähmet şertnamasy boýunça beýleki adamlarywagtlaýynişleri ýerine ýetirmäge çekip biler.

2. Zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärlere zähmet haky tölenilýär. Eger bu barada aýratyn ylalaşyk bolmasa, zähmet haky daýhan hojalygynyň işiniň netijelerine bagly däldir, ýöne ol Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen iň pes aýlyk zähmet hakyndanazbolmaly däldir.

3. Daýhan hojalygynyň agzalarynyň we zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärleriň zähmetini hasaba almak daýhan hojalygy tarapyndan özbaşdak ýöredilýär.

4. Daýhan hojalygy bilen zähmet şertnamasyny baglaşan wagtlaýyn işgärleriň arasyndaky zähmet jedelleri kazyýet tertibinde çözülýär.

 

17-nji madda. Daýhan hojalygynda durmuş taýdan goraglylyk

 

1. Daýhan hojalygynyň agzalary, şeýle hem zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş taýdan goralmagadegişlidir.

2. Daýhan hojalygy öz girdejilerinden döwlet pensiýaätiýaçlandyrmasyna Türkmenistanyň kanunçylygyndabellenilen tertipde pensiýa gatançlaryny geçirýär.

3. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy onuň agzalaryna, zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärlere ýetirilen zyýan üçin, olaryň öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly maýyp bolandygy ýa-da saglygyna başga şikes ýetendigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

18-njimadda. Daýhan hojalyklaryny ösdürmek üçin döwlet goldawy

 

1. Döwlet daýhan hojalyklaryny ösdürmäge goldaw berýär, şol sanda olara uzak möhletli ýeňillikli karzlary almaga mümkinçilikdöredýär.

2. Daýhan hojalygyna suwarymly ekerançylyk, beýleki önümçilik, durmuş we beýleki hajatlary üçin suwdan peýdalanmak çägi berilýär.

 

19-njy madda. Daýhan hojalygyna salgyt salmak

 

Daýhan hojalygyna salgyt salmak "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda geçirilýär.

 

20-nji madda. Daýhan hojalyklarynyň birleşmegä hukuklary

 

Daýhan hojalyklary meýletin başlangyçlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipdejemgyýetlere, birleşmelere birleşipbilerler.

 

21-nji madda. Daýhan hojalyklarynyň işine gözegçilik etmek

 

Döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daýhan hojalyklarynyň işinegözegçilik edýärler.

 

22-nji madda. Daýhan hojalygynyň işiniň hasaby we hasabatlylygy

 

Daýhan hojalygy öz işiniň netijelerini hasaba almagy we hasabatlylygyny bellenilen tertipde ýöredýär. Daýhan hojalygyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilmedik hasabatlylygy talap etmek gadagandyr.

 

23-nji madda. Daýhan hojalygynyň işiniň bes edilmegi

 

1. Daýhan hojalygynyň işi islendik wagtdadaýhan hojalygynyesaslandyryjy (esasladyryjylar) tarapyndanbes edilip bilner.

2. Daýhan hojalygynyň işi şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1)berlen ýer böleginden iki ýylyň dowamynda peýdalanylmasa ýa-da niýetlenilen maksadyna görä peýdalanylmasa;

2) kärendä berlip, bir ýylyň dowamynda kärendeçiniň günäsi bilen peýdalanylmasa;

3) ýer bölegi rejesiz peýdalanylyp, munuň özi topragyň zaýalanmagyna, şorlaşmagyna we hasyllylygyň peselmegine, ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna alyp barsa;

4) mallary (guşlary) saklamagyň we weterinariýanyň kadalary bozulsa;

5)batyp galmak netijesinde;

6) bellige alnanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen baglanşyklylykda daýhan hojalygynyň bellige alnyşynyň hakyky däldigi ykrar edilende;

7) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilen işi amala aşyrsa;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

3.Daýhan hojalygynyň işibes edilen halatyndakärendä berlen ýer bölekleri daýhan birleşiklerine we beýleki oba hojalyk kärhanalaryna,peýdalanmaga berlen ýer bolsa ýörüte ýer gaznasyna gaýtarylýar.

4. Daýhan hojalygynyň işi, onuň ýuridikşahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylan pursadyndan başlap, bes edilen hasap edilýär.

5. Eger daýhan hojalygy köpugurly bolsa, şu maddanyň 2-nji böleginiň 1–4-nji bentlerinde görkezilen halatlarda, onuň işini tutuşbes etmäge esas bolup bilmez, bu ýagdaýda diňe ýerden, maldan(guşdan) peýdalanmak hukugy bes edilip bilner.

 

 

24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1)1994-nji ýylyň 28-nji martynda kabul edilen "Daýhan hojalygyhakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 1–2, 2-nji madda);

2) 2007-nji ýylyň 30-njy martynda rejelenen görnüşde kabul edilen "Daýhan hojalygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007ý., № 1, 37-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

      Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň9-njy noýabry.

№ 445-IV.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 09.11.2013
Resminamanyň belgisi № 445-IV