Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda  

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we

işiniň kepillikleri hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 73-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 01.12.2018 ý. № 103-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun kärdeşler arkalaşyklaryny döretmegiň we olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklaryny we işleriniň kepilliklerini kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda.Türkmenistandakärdeşler arkalaşyklary

 

Türkmenistandakärdeşler arkalaşyklary (mundan beýläk – kärdeşler arkalaşygy) – agzalarynyň zähmet we onuň bilen baglanyşykda beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna webähbitlerine wekilçilik etmekhem-deolary goramak, zähmeti gorap saklamak we onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünärbähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramalarydyr.

 

2-nji madda. Kärdeşler arklaşygynyň işiniň hukuk esaslary

 

1. Kärdeşler arklaşygynyň işiniň hukuk esasynyTürkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär. Kärdeşler arklaşygynyň işi onuň tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Eger-deTürkmenistanyň halkara şertnamasyndaşu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Raýatlaryň kärdeşler arkalaşygyna birleşmäge bolan hukugy

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň meýletin başlangyçlarda kärdeşler arkalaşygyny döretmäge, bellenilen tertipde oňa agzalyga erkin girmäge ýa-da girmekden saklanmaga, kärdeşler arkalaşygynyň işine gatnaşmaga we onda agzalykdan päsgelçiliksiz çykmaga hukuklary bardyr. Kärdeşler arkalaşygy agzalarynyň deňhukuklylygy esasynda döredilýär. Kärdeşler arkalaşygynyň hünär ýörelgesi boýunça döredilmeginiň san taýdan çäklendirilmegine ýol berilmeýär.

2. Raýatlaryň kärdeşler arkalaşygynda agza bolmagy ýa-da bolmazlygy olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine getirmeýär. Kärdeşler arkalaşygyna degişlidigi ýa-da degişli däldigi üçin raýatlara haýsydyr bir ýeňillikleriň we artykmaçlyklaryň berilmegi ýa-da bermekden ýüz dönderilmegi gadagan edilýär.

3. Kärdeşler arkalaşygyny döretmäge päsgelçilik bermek, şonuň ýaly-da onuň kanuny işine garşy hereket etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

4-nji madda. Kärdeşlerarkalaşygynyň nyşanlary

 

Kärdeşler arkalaşygynyň baýdagy, emblemasy, wympeli we beýleki nyşanlary bolup biler. Kärdeşler arkalaşygynyň nyşanlary onuň gurultaýynda (konferensiýasynda) tassyklanýar we olaryň ýazgysy kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasynda görkezilýär.

 

5-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy adalgalar

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdakyesasy adalgalar ulanylýar:

kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy– kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama esasynda hereket edýän, guramaçylyk-hukuk hem-de eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan adatça bir kärhanada, edarada, guramada we hakyna tutma zähmeti ulanýanzähmet gatnaşyklarynyň beýleki subýektinde işleýän, şeýle hem bilim edarasynda okaýan kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyňmeýletin birleşigi;

pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň guramalary – eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan pudaklarda we gaýry hojalyk birliklerinde döredilen we hereket edýän kärdeşler arkalaşygy;

kärdeşler arkalaşygynyň çäk birleşmeleri – welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň biriniň çäginde döredilen we hereket edýän kärdeşler arkalaşygynyň meýletin birleşmeleri;

kärdeşler arkalaşygynyň edarasy – kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasyna ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama laýyklykda döredilen edara;

kärdeşler arkalaşygynyň wekili – kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy, hukuk we tehniki gözegçiligi hakynda düzgünnamalar, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň edarasynyň karary bilen wekilçilik etmäge ygtyýarly edilen kärdeşler arkalaşygynyň ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da başga adam;

kärdeşler arkalaşygynyň agzasy – kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynda hasapda durýan adam (işgär, wagtlaýyn işlemeýän, pensioner we beýlekiler).

 

6-njy madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi raýatlaryň başlangyjy boýunça Türkmenistanda döredilen kärdeşler arkalaşygyna, onuň birleşmelerine, ilkinji we beýleki guramalaryna degişlidir.

2. Kärdeşler arkalaşygynyň şu Kanun bilen berkidilen hukuklary we onuň işiniň kepillikleri kärdeşler arkalaşygynyň birleşmelerine, onuň ilkinji we beýleki guramalaryna, şeýle hem kärdeşler arkalaşygynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döredilen edaralaryna degişlidir.

 

7-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi

 

1. Kärdeşler arkalaşygy özüniň guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça syýasy maksat tutmaýan jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. Kärdeşler arkalaşygynyň hemmesi deň hukuklardan peýdalanýarlar.

2. Kärdeşler arkalaşygy– kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalaryndan, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygy guramalaryndan we kärdeşler arkalaşygynyň çäk birleşmelerinden ybaratdyr.

 

8-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň esasy ýörelgeleri

 

1. Kärdeşler arkalaşygynyň işi meýletinlik, saýlawlylyk, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we hasabatlylyk ýörelgelerine esaslanýar.

Kärdeşler arkalaşygy gurluşyny, işiniň maksatlaryny, görnüşlerini we usullaryny kesgitlemekde erkindir.

2. Kärdeşler arkalaşygynyň işi köpçülige aýan, onuň dörediliş we maksatnamalaýyn resminamalary hakynda maglumatlarelýeterli bolmalydyr.

 

9-njy madda. Kärdeşler arkalaşygynyň garaşsyzlygy

 

Kärdeşler arkalaşygy öz işinde döwlet häkimiýet edaralaryndan, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, iş berijilerden, olaryň birleşiklerinden, syýasy partiýalardan we beýleki jemgyýetçilik birleşiklerinden garaşsyzdyr. Döwlet edaralarynyň kärdeşler arkalaşygy bilen aragatnaşygy şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

10-njy madda. Döwlet we kärdeşler arkalaşygy

 

1. Döwlet kärdeşler arkalaşygynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär we onuň hereket etmegi üçin hukuk taýdan deň mümkinçilikleri döredýär, kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamalaýyn işini goldaýar.

2. Döwlet edaralary kärdeşler arkalaşygyny döredijiler bolup bilmezler.

3. Döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň kärdeşler arkalaşygynyň işine gatyşmaklaryna, kärdeşler arkalaşygynyň hem döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň işlerine gatyşmagyna ýol berilmeýär.

4. Kärdeşler arkalaşygynyň bähbitlerine täsir edýän meseleler döwlet edaralary tarapyndan kärdeşler arkalaşygynyň gatnaşmagynda ýa-da onuň bilen ylalaşylyp çözülýär.

 

11-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň birleşmeleri

 

Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistan boýunça ýolbaşçy edaralary bolan milli merkezlere, arkalaşyklara, geňeşlere we beýleki birleşmelere birleşip bilerler.

 

12-nji madda.Kärdeşler arkalaşygyny döwlet belligine almak

 

1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi kärdeşler arkalaşygyny döwlet belligine almagy amala aşyrýar we bu barada degişli şahadatnama berilýär.

Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alynmagy we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilmegi bilen ýuridik şahslaryň hukugyna eýe bolýar.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi şu maddanyň dördünji bölegine laýyklykda döwlet belligine alynmak üçin resminamalaryň berlen gününden bir aýyň dowamynda kärdeşler arkalaşygyny döwlet belligine almak ýa-da döwlet belligine almakdan ýüz döndermek barada çözgüt kabul edýär we bu barada oňa üç iş gününiň dowamynda ýazmaça habar berýär.

3. Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasyna laýyklykda döredilen we ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilen birleşmeleri, guramalary we düzüm birlikleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde ýuridik şahslaryň hukugyna eýe bolýarlar.

4. Kärdeşler arkalaşygyny döwlet belligine almak üçin onuň dörediji gurultaýynyň (konferensiýasynyň) geçirilen gününden bir aýdan gijä goýulman Türkmenistanyň Adalat ministrligine aşakdaky resminamalar berilýär:

1) her biriniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny görkezmek bilen kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçy edarasynyň ähli agzasy tarapyndan gol çekilen arza;

2) kärdeşler arkalaşygynyň tassyklanan tertipnamasy (iki nusgada);

3) kärdeşler arkalaşygyny döretmek, onuň tertipnamasyny tassyklamak we ýolbaşçy hem-de gözegçilik-derňew edaralaryny emele getirmek hakynda maglumatlary özünde jemleýän kärdeşler arkalaşygynyň dörediji gurultaýynyň (konferensiýasynyň) teswirnamasy;

4) kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçy edarasynyň agzalary hakynda maglumatlar;

5) döwlet belligine almak üçin ýygymyň tölenilendigi hakynda resminama;

6) kärdeşler arkalaşygynyň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýeri barada resminama.

5. Kärdeşler arkalaşygyna şu aşakdaky esaslar boýunça döwlet belligine almakdan boýun gaçyrylyp bilner:

1) tertipnamanyň düzgünleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelmezligi;

2) adynyň ýa-da nyşanynyň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmezligi;

3)  şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen resminamalaryň doly möçberde berilmezligi ýa-da olary resmileşdirmegiňtertibiniň bozulmagy;

4) döwlet belligine alynmagy üçin berlen resminamalara görnetin ýalan maglumatlaryň girizilmegi;

5) döwlet belligine alynmagy üçin degişli resminamalaryň şu Kanundagöz öňünde tutulan möhletiň bozulyp berilmegi.

Kärdeşler arkalaşygyny döwlet belligine almakdan boýun gaçyrylandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

13-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynda agzalyk

 

1. Kärdeşler arkalaşygynda agzalyk meýletindir we her bir raýatyň erk-islegini özbaşdak aňlatmagyna esaslanýar hem-de agzalyga berkidilmek tertibinde amala aşyrylýar.

2. Resmi resminamalarda, şeýle hem raýatlaryň şahsy maglumatlarynda raýatlaryň kärdeşler arkalaşygynda agzalygy hakynda maglumatyň görkezilmeginiň talap edilmegine ýol berilmeýär.

Türkmenistanyň çäginden daşynda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary kärdeşler arkalaşygynyň agzalygynda durup bilerler.

3. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryň we işgärleriniň kärdeşler arkalaşygyna girmeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

 

14-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama

 

1. Tertipnamasyny, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnamany we gurluşyny kärdeşler arkalaşygy özbaşdak işläp taýýarlaýar we tassyklaýar, şeýle hem işiniň ugurlaryny kesgitleýär, gurultaýlary, konferensiýalary, ýygnaklary geçirýär, kärdeşler arkalaşygynyň edaralaryny döredýär.

2. Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasynda şular görkezilmelidir:

1) ady, maksatlary we wezipeleri;

2) raýatlarybirleşdirýän hünär toparlary we derejeleri;

3) kärdeşler arkalaşygyny döretmegiň, oňa agzalyga kabul etmegiň we agzalykdan çykmagyň şertleri we tertibi, kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň hukuklary we borçlary;

4) kärdeşler arkalaşygynyň guramaçylyk düzümi, onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralary;

5) kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçy edaralaryny döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary, olaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri;

6) kärdeşler arkalaşygynyň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýeri;

7) nyşanlarynyň ýazgylary;

8) ýolbaşçy edaranyň mejlislerini geçirmegiň we olar tarapyndan çözgütleri kabul etmegiň tertibi;

9) kärdeşler arkalaşygynyň pul serişdelerini we başga emlägini emele getirmegiň çeşmeleri, emlägi dolandyrmak boýunça kärdeşler arkalaşygynyň we onuň düzüm birlikleriniň hukuklary;

10) kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasyny tassyklamagyň, oňa goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmegiň tertibi;

11) giriş we agzalyk gatançlaryny tölemegiň tertibi;

12) kärdeşler arkalaşygynyýatyrmagyň, üýtgedip guramagyň, onuň işinibes etmegiň, şeýle hem kärdeşler arkalaşygy ýatyrylandan soň galýan emlägi paýlamagyň tertibi.

3. Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasyna onuň işine degişli we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän başga düzgünler hem girizilip bilner.

4. Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy kärdeşler arkalaşygyny döwlet belligine almak üçin esasdyr.

5. Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy, şeýle hem oňa girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar kärdeşler arkalaşygynyň döwlet belligine alnyşy ýaly tertipde we möhletlerde döwlet belligine alynýar hem-de döwlet belligine alnan pursadyndan ýuridik güýje eýe bolýar.

 

II BAP. KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

15-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň hukuklary

 

1. Kärdeşler arkalaşygynyň şulara hukuklary bardyr:

1) eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we hakyna tutma zähmeti ulanýan zähmet gatnaşyklarynyň beýleki subýektleri, şonuň ýaly-da bilim edaralary bilen gatnaşyklarda agzalaryna wekilçilik etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga;

2) agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga, kazyýetde we beýleki döwlet edaralarynda agzalaryna zerur hukuk kömeginiň berilmegine ýardam etmäge;

3) tehniki we hukuk gözegçiligi hem-de beýleki gulluklary döretmäge;

4) iş berijiler we olaryň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligiň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga;

5) hususy zähmet jedellerine seretmäge, köpçülikleýin zähmet jedelleriniň çözülmegine gatnaşmaga, ylalaşyklary, köpçülikleýin ylalaşyklary we şertnamalary baglaşmaga;

6) agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini kemsidýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýatyrylmagy barada olary kabul eden döwlet häkimiýet edaralaryna ýüz tutmaga;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýaşaýyş jaý, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy, ilaty durmuş taýdan goramak we ilaty iş bilen üpjünetmek hakynda Türkmeistanyň kanunçylygynyň hem-de şu Kanunyň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga we ýüze çykarylan hukuk bozulmalaryň aradan aýrylmagyny talap etmäge;

8) iş bilen üpjün etmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmaga, kärhanalaryň üýtgedilip gurulmagy ýa-da ýatyrylmagy netijesinde işden boşadylýan kärdeşler arkalaşygynyň agzalaryny durmuş taýdan goramak boýunça çäreleri teklip etmäge;  

9) köpçülikleýin gepleşikleri alyp barmaga;

10) bilim we ylmy-barlag edaralaryny döretmäge, kärdeşler arkalaşygynyň işgärlerini we işjeňlerini taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünärini ýokarlandyrmagy, kärdeşler arkalaşygynyň işgärlerini we agzalaryny okatmagy amala aşyrmaga;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde önümçilik we hojalyk işlerini alyp barmaga;

12) iş berijilerden, olaryň birleşiklerinden, döwlet häkimiýet edaralaryndan, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan durmuş-zähmet meseleleri boýunça maglumatlary almaga;

13) ygtyýarly wekilleriniň üsti bilen kärhanalara, guramalara we edaralara baryp görmäge hem-de iş ýerlerini barlamaga;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki çäreleri guramaga we geçirmäge;

15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmäge, neşirýat işini amala aşyrmaga, işini metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmäge;

16) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan tertipde we çäklerde döwlet edaralarynyň kararlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmaga;

17) kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçy we gaýry edaralaryny, şeýle hem kärdeşler arkalaşygynyň çäk birleşmelerini, ilkinji we beýleki guramalaryny döretmäge;

18) kazyýetde we beýleki döwlet edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda we jemgyýetçilik birleşiklerinde öz hukuklaryna, agzalarynyň, zähmetkeşler köpçüliginiň tabşyryklaryna laýyklykda olaryň durmuş-ykdysady hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik etmäge hem-de goramaga;

19) önümçilikde (işde) bolup geçýän betbagtçylykly hadysalary derňemäge we oňa gatnaşmaga;

20) adamyň mynasyp ýaşaýşyny, onuň erkin we sazlaşykly ösüşini üpjün edýän şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet durmuş maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmaga;

21) hünär keselleri bilen baglanyşykly zähmeti goramagyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, zähmeti goramak meseleleri boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmaga;

22) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jemgyýetçilik we döwlet durmuşyna degişli meseleler boýunça başlangyçlar bilen çykyş etmäge, döwlet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna degişli teklipleri girizmäge;

23) milli we daşary ýurt pullarynda Türkmenistanyň banklarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaplaşyk we beýleki hasaplary açmaga, bu hasaplar boýunça amallary amala aşyrmaga, işlerinde öz atlary görkezilen möhürleri, möhürçeleri we beýleki rekwizitleri peýdalanmaga;

24) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň kärdeşler arkalaşyklary we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge, halkara gatnaşyklarynysaklamaga we halkara şertnamalaryny baglaşmaga;

25) tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda kärdeşler arkalaşygyna beýleki hukuklar hem göz öňünde tutulyp bilner.

3. Kärdeşler arkalaşygynyň ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagynyň tertibi şu Kanun we kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy bilen kesgitlenýär.

 

16-njy madda. Kärdeşler arkalaşygynyň borçlary

 

1. Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistanyň kanunçylygyny, kärdeşler arkalaşygynyň işine degişli halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, şeýle hem onuň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän tertipnama we beýleki resminamalar bilen göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmäge borçludyr.

2. Kärdeşler arkalaşygy işi barada Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde döwlet bellige alyş edaralaryna habar berýär, olaryň soramagy boýunça kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçy edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň kararlaryny we işi barada degişli maglumatlary berýär.

3. Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde buhgalter hasabatyny, statistika hasabatlylygyny ýöredýär.

4. Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistanyň salgyt hakynda kanunçylygyny berjaý edýär.

5. Kärdeşler arkalaşygy tertipnamanyň düzgünlerini, köpçülikleýin ylalaşyk we şertnama boýunça borçlaryny ýerine ýetirmändigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär.

 

17-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň iş berijiler, olaryň birleşikleri bilen gatnaşygy

 

Kärdeşler arkalaşygynyň iş berijiler, olaryň birleşikleri bilen gatnaşyklary zähmet gatnaşyklarynyň talaplary, olaryň wekilleriniň durmuş hemşeriligi weözara gatnaşyklary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy hem-deköpçülikleýin ylalaşyklar we şertnamalar esasynda guralýar.

 

18-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ygtyýarlyklary şu Kanun, kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama, zähmetkeşler köpçüliginiň çözgütleri, köpçülikleýin ylalaşyklar we şertnamalar, kärdeşler arkalaşygynyň iş berijiler ýa-da kärhananyň, guramanyň, edaranyň eýeleri bilen baglaşylýan ylalaşyklarbilen kesgitlenilýär.

2. Kärdeşler arkalaşygynyňilkinji guramalary:  

1) zähmet öndürijiligini hem-de işiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak, iş ýerleri bilen üpjün etmek, zähmetiň guralyşyny kämilleşdirmek, zähmeti goramak, işgärler üçin howpsuz we sagdyn şertleri döretmek boýunça dürli maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýarlar;

2) iş berijiler bilen her ýylky köpçülikleýin ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen zähmet çygrynda durmuş hemşeriligi barada pudaklaýyn (pudagara) baglaşylýan köpçülikleýin ylalaşyklaryň taýýarlanmagyna we işgärleriň adyndan baglaşylmagyna gatnaşýarlar;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna,kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasyna we kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

III BAP.KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ

DÖWLET TARAPYNDAN GOLDANYLMAGY

WE ONUŇ IŞINIŇ KEPILLIKLERI

 

19-njy madda. Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagy

 

Kärdeşler arkalaşygy öz tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýan işlerinde döwlet goldawynyň şu görnüşlerinden peýdalanýar:

1) döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerine kepillendirilen elýeterliligiň deň şertleriniň üpjün edilmegi;

2) döwlet eýeçiliginde durýan jaýlaryň bellenilen tertipde berilmegi we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi;

3) jemgyýetçilik we beýleki çärelere gatnaşmagyň deň şertleriniň üpjün edilmegi;

4) kärdeşler arkalaşygynyň aýratyn jemgyýetçilik ähmiýetli maksatnamalarynyň maksatlaýyn maliýeleşdirilmegi.

 

20-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň kepillikleri

 

1. Döwlet kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin oňa berlen hukuklaryň we şertleriň berjaý edilmegini kepillendirýär.

2. Kärdeşler arkalaşygynyň hukuklaryny göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirýän, şeýle hem onuň kanunda we tertipnamada göz öňünde tutulan işlerine päsgelçilik berýän islendik hereket gadagan edilýär.

3. Kärhananyň ýa-da onuň bölümleriniň ýatyrylmagy, olaryň guramaçylyk-hukuk ýa-da eýeçiliginiň görnüşiniň üýtgedilmegi, önümçiligiň (işiň) doly ýa-da kem-käsleýin togtadylmagy barada degişli kärdeşler arkalaşygyna wagtynda habar berilýär.

4. Kärhananyň doly ýapylmagy we işgär tarapyndan kanuna garşy gelýän hereketiň edilmegi bilen bagly bolmadyk halatlarynda kärdeşler arkalaşygynyň saýlawly edaralarynyň düzümine saýlanan işgärleriň iş berijiniň başlangyjy boýunça işden çykarylmagyna ýol berilmeýär.

Saýlanan wezipesinde ygtyýarlyk möhleti tamamlanan kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylaryna saýlanmazyndan öň eýelän wezipesi, şeýle mümkinçiligiň bolmadyk halatynda bolsa, şol kärhanada ýa-da olaryň razylygy bilen onuň başga bölüminde deň derejeli wezipe kepillendirilýär.

5. Kärdeşler arkalaşygynyň saýlawly edaralarynyň agzalary wekil hökmünde kärdeşler arkalaşygy tarapyndan çagyrylýan gurultaýlara, konferensiýalara, kärdeşler arkalaşygynyň okuwlaryna, şeýle hem kärdeşler arkalaşygynyň saýlawly edaralarynyň işine gatnaşýan wagtynda jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin önümçilik işinden boşadylýarlar. Olary önümçilik işinden boşatmagyň şertleri we olaryň zähmetine hak tölemegiň tertibi köpçülikleýin ylalaşyklarda we şertnamalarda göz öňünde tutulýar.

 

IV BAP. KÄRDEŞLERARKALAŞYGYNYŇ

EMLÄGI WE ONY DOLANDYRMAK

 

21-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň emlägi

 

1. Kärdeşler arkalaşygynyň eýeçiliginde onuň tertipnamalaýyn işini maddy taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan jaýlar, gurluşlar, desgalar, ýaşaýyş jaý gaznasy, ulaglar, enjamlar, gurallar, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatlyemläk, pul serişdeleri,gymmatly kagyzlar we beýleki emläkler, şeýle hem intellektual işiniň netijeleri bolup biler.

2. Kärdeşler arkalaşygy eýeçilik hukugynda özlerine degişli bolan emläge we pul serişdelerine eýelik edýär,olardan peýdalanýar we olaraygtyýar edýär.

3. Kärdeşler arkalaşygy döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş we beýleki edaralaryň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, olar hem kärdeşler arkalaşygynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýärler.

4. Kärdeşler arkalaşygynyň emlägi diňe şu Kanunda we tertipnamada göz öňünde tutulan maksatlary amala aşyrmak we wezipeleri ýerine ýetirmek üçin peýdalanylyp bilner.

Kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň kärdeşler arkalaşygyna degişli emlägiň bölegine eýeçilik hukugy ýokdur.

5. Kärdeşler arkalaşygynyň serişdeleriniň we başga emläkleriniň emele gelmeginiň çeşmeleri şulardyr:

1) giriş we agzalyk gatançlary;

2) meýletin gatançlar, bagyş etmeler;

3) raýat-hukuk geleşiklerinden gelen geçirmeler;

4) maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekden gelýän girdejiler;

5) kärdeşler arkalaşygynyň peýda almak maksady bolmadyk kömekçi häsiýetlitelekeçilik işinden, neşirýat we aň-bilim işlerinden gelýän girdejiler;

6) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden gelýän girdejiler.

6. Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamasyna laýyklykda kärhanalarydöredip, şeýle hem telekeçilik işlerini alyp barmak üçin niýetlenilen emlägi satyn alyp biler.

7. Kärdeşler arkalaşygynyň öz serişdelerini haýyr-sahawat maksatlary üçin ulanmaga hukugy bardyr.

 

V BAP.JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

22-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň işine gözegçilik

 

Kärdeşler arkalaşygynyň, onuň birleşmeleriniň, guramalarynyň we düzüm birlikleriniň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna, kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan maksatlara we wezipelere laýyk gelýändigine gözegçilik Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň ýatyrylmagy we işiniň bes edilmegi

 

Kärdeşler arkalaşygynyň ýatyrylmagy, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynalaýyklykda amala aşyrylýar.

 

24-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Kärdeşler arkalaşygyöz işinde halkara hyzmatdaşlygynyamala aşyrmaga we degişli şertnamalary baglaşmaga hukuklydyr.

2. Kärdeşler arkalaşygyöz işleri bilen baglanyşykly halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär.

 

25-nji madda. Kärdeşler arkalaşygynyň hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

1. Şu Kanuny bozandygy üçin wezipeli adamlar, iş berijiler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Kärdeşler arkalaşygynyň guramalary şu Kanuny bozýan, köpçülikleýin ylalaşyklarda we şertnamalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmeýän wezipeli adamlaryň düzgün-nyzam tertibinde jogapkärçilige çekilmegini talap etmäge haklydyrlar.

 

26-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 9-njy noýabry.

№ 443-IV.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 09.11.2013
Resminamanyň belgisi № 443-IV