Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibi

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny       we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibini tassyklamak barada

 

“Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda çykaran 12792-nji karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň hem-de höweslendirmeleriň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmegiň Tertibiniň otuz dokuzynjy bölegine laýyklykda,

 

B U Ý U R Ý A R Y N:

 

1. Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

  2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2013-nji ýylyň 1-nji iýulynda 697 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanda bellige alnan jemgyýetçilik birleşikleri hem-de dini toparlar we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2013-nji ýylyň 14-nji iýunynda çykaran 28 ÖB belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary M.Taganowyň üstüne ýüklemeli.

 

 

 

 Ministr                                 B. Muhamedow

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda

çykaran 37-iş  belgili buýrugy   

bilen tassyklanyldy

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri

we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we

berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi

 boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň

Tertibi

 

1. Türkmenistanda döwet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda çykaran 12792-nji karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň hem-de höweslendirmeleriň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmegiň Tertibine laýyklykda Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň, maliýe edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we gaznalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini guramalarynyň, fiziki şahslarynyň (mundan beýläk - Daşary ýurtly hemaýatçylar) muzdsuz esasda berýän enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri Türkmenistanda döwlet tarapyndan hasaba almagyň kadalaryny we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň (mundan beýläk - Ministrlik) şol kömegiň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň kadalaryny  düzgünleşdirýär.

  2. Ministrlik Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşiklerine we dini guramalara (mundan beýläk - Daşary ýurt kömegini alyjylar) berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömekleriniň taslamalaryny, maksatnamalaryny hem-de höweslendirmelerini (mundan beýläk - Daşary ýurt kömegi) döwlet tarapyndan  hasaba alýar.

3.  Daşary ýurt kömegini döwlet tarapyndan hasaba almagy utgaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek işi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda çykaran 12792-nji karary bilen tassyklanylan, Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almak işini utgaşdyrmak we gözegçilik etmek boýunça Döwlet topary (mundan beyläk - Döwlet topary) tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Daşary ýurt kömegini alyjylar Daşary ýurt kömegini döwlet tarapyndan hasaba aldyrmak üçin Ministrlige Daşary ýurt kömegini alyjynyň ýerleşýän ýerindäki degişli welaýat adalat bölüminiň üsti bilen, Aşgabat şäherinde bolsa, gönüden-göni Ministrlige şu resminamalary berýär:

  1. arza (şu Tertibe 1-nji goşundy);
  2. şertnamany baglaşmak üçin esas (hökümet ylalaşygy we beýleki resminamalar);
  3. Daşary ýurt kömegini alyjynyň Daşary ýurt kömegini resmilleşdirilmegi we durmuşa geçirilmegi baradaky ýygnagynyň Teswirnamasy (şu Tertibe 2-nji goşundy);
  4. Daşary ýurt kömegini alyjynyň enjamlaýyn tabşyrygy (şu Tertibe 3-nji goşundy);
  5. daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamasynyň, maksatnamasynyň ýa-da höweslendirmäniň esasy görkezijileri (şu Tertibe 4-nji goşundy);
  6. daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamasy we maksatnamasy hem-de höweslendirmeleri hakynda şertnama (ylalaşyk) (şu Tertibe 5-nji goşundy);
  7. taslama, maksatnama, höweslendirmä gatnaşýan taraplar hakyndaky maglumat (şu Tertibe 6-njy goşundy);
  8. arza berlen pursatda taslamany, maksatnamany, höweslendirmäni ýerine ýetirmek bilen bagly geçirilen çäreler barada maglumat (şu Tertibe 7-nji goşundy);
  9. taslamanyň, maksatnamanyň, höweslendirmäniň utgaşdyryjysynyň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç haty (şu Tertibe 8-nji goşundy) ýa-da beýleki resminama.

Resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde berilýär. Beýleki dillerde berilýän resminamalaryň ýanyna bu resminamalaryň döwlet diline resmi terjimesi goşulýar.

5. Daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşlerini döwlet tarapyndan hasaba almazdan ozal hasaba alynmagy üçin berlen resminamalaryň seljermesi geçirilýär we daşary ýurt kömegini bermek boýunça baglaşylan şertnamasyna ýa-da ylalaşygyna, Türkmenistanyň kanunçylygyna we Daşary ýurt kömegini alyjylaryň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyk gelýänligi barlanylýar.

6. Ministrlige hödürlenilen resminamalaryň seljermesi, dahylly döwlet edaralarynyň gatnaşmagy bilen, resminamalaryň doly toplumynyň alnan gününden başlap, 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda geçirilýär, şunda zerur bolan goşmaça maglumatlar degişli döwlet edaralaryndan sorap alnyp bilner.

7.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen gelen Daşary ýurtly hemaýatçylaryň Türkmenistanda Daşary ýurt kömegini alyjylara berilmegi meýilleşdirilýän Daşary ýurt kömegi boýunça ýüz tutmalara Ministrlik tarapyndan seredilip, jemlenen resminamalary Döwlet toparynyň mejlisinde garalmaga taýýarlanýar.

8. Hödürlenen resminamalar şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen sanawa laýyk gelmedik ýagdaýynda, resminamalaryň Ministrlige gelip gowşan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda Daşary ýurt kömegini alyja bu barada habarnama iberilýär.

9. Ministrlik Döwlet toparynyň mejlisinde Daşary ýurt kömegini almak barada Daşary ýurt kömegini alyjynyň arzasyna garamagyň netijesi boýunça bu kömegi almaga ygtyýar bermek baradaky Döwlet toparynyň oňyn çözgüdi esasynda Daşary ýurt kömegini döwlet tarapyndan hasaba alýar we Ministrligiň möhri bilen güwä geçilen bellenen nusgadaky jemgyýetcilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän Daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmelerini Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky aýratyn belgili Netijenama (mundan beýläk – Netijenama, şu Tertibe 9-njy goşundy) berilýär. Netijenama doldurylan wagty, onuň adynda degişli Daşary ýurt kömegini alyjy, Daşary ýurt kömeginiň görnüşi we degişli taslamasy görkezilýär. Netijenama bu taslamalary, maksatnamalary we höweslendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuşa geçirmäge ygtyýar berýän esasy resminama bolup durýar.

10. Netijenama Daşary ýurt kömegini alyja, utgaşdyryja ýa-da bu kömegi alyjy tarapyndan ygtyýarly edilen, pasport ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminama barada maglumatlar görkezilip, bellenen tertipde resmileşdirilen ynanç haty bolan adama gowşurylýar.

11. Döwlet tarapyndan hasaba alnan Daşary ýurt kömegi boýunça degişli maglumatlar Ministrligiň halkara-hukuk gatnaşyklary müdirliginiň jemgyýetçilik birleşiklerini we dini guramalary döwlet belligine al bölümi tarapyndan Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnan daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň hem-de höweslendirmeleriniň sanawyna (mundan beýläk – Sanaw, şu Tertibe 10-njy goşundy) girizilýär. Daşary ýurt kömegi boýunça maglumatlar üýtgän mahaly, Daşary ýurt kömegini alyjy bu maglumatlary Sanawa girizmek üçin Ministrlige iberýär.

12. Daşary ýurt kömegini alyjy Daşary ýurt kömegini diňe bellenen maksatlara ulanmaga borçludyr.

13. Daşary ýurt kömeginiň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleriň ýüze çykan halatynda ýa-da beýleki zerur ýagdaýlarda Ministrligiň bu meseleleri anyklamak üçin hünärmenleriň netijesini we degişli edaralardan maglumatlary almaga we soňra Döwlet toparynyň mejlisine hödürlemäge hukugy bardyr.

14. Daşary ýurt kömegini alyjylaryň Daşary ýurtly hemaýatçylaryň teklip eden Daşary ýurt kömegini almakdan ýüz öwren, şeyle hem Döwlet topary Daşary ýurt kömegini kabul etmekden ýüz döndermek barada çözgüdi kabul eden halatynda, Ministrlik tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen degişli Daşary ýurtly hemaýatçylara bu barada esaslandyrylan habar iberilmäge degişlidir.

15. Daşary ýurt kömegini alyjylar daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamasy, maksatnamasy we höweslendirmesi tamamlanandan soňky jemleýji hasabaty (şu Tertibe 11-nji goşundy) Ministrlige bermäge borçludyr.

16. Dahylly edaralar tarapyndan Ministrlige berilýän ýa-da Ministrlikden alynýan aýan edilmesiz häsiýetli resminamalar hem-de maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatdan başga ýagdaýlarda, Daşary ýurt kömegini alyjynyň razylygy bolmasa, aýan edilmäge, çap edilmäge  ýa-da üçünji şahslara berilmäge degişli däldir.

  17. Ministrlik Daşary ýurt kömeginiň döwlet tarapyndan hasaba alynmagynyň ýagdaýy barada çärýekde bir gezek Döwlet toparyna we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hasabat berýär.

18. Daşary ýurt kömeginiň durmuşa geçirilýän döwründe olaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçilik Daşary ýurt kömegini alyjylar tarapyndan Ministrlige berilýän hasabatlaryň esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda barlag işlerini geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

19. Döwlet tarapyndan hasaba alnan Daşary ýurt kömeginiň Daşary ýurt kömegini alyjylar tarapyndan durmuşa geçirilişi boýunça barlag işleri Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylan Iş meýilnamasyna laýyklykda Ministrligiň degişli bölüminiň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýar. Zerur halatlarda agzalan barlag işleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, dahylly döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda hem amala aşyrylyp bilner.

20. Iş meýilnamasy boýunça barlag işleri amala aşyrylan wagty Ministrligiň hünärmenleriniň Daşary ýurt kömegini alyjylar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini barlamaga hukuklary bardyr.

21. Iş meýilnamasy boýunça barlag işleri Daşary ýurt kömegini alyjynyň hakyky ýerleşýän ýerinde amala aşyrylýar. Daşary ýurt kömegini alyja barlagyň geçirilmeli senesinden 5 (bäş) iş gününden gijä galynman barlagyň geçiriljekdigi hakynda habar edilýär.

22. Barlag işleri, haçan-da Daşary ýurt kömegini alyjy tarapyndan Daşary ýurt kömegini döwlet tarapyndan hasaba almagyň ýa-da onuň durmuşa geçirilişi bilen bagly talaplaryň gödek bozulandygyny görkezýän esaslar bar bolan halatynda Iş meýilnamasyndan daşary we deslapky habarnama bolmazdan hem amala aşyrylyp bilner.

23. Barlag işlerini amala aşyrýan Ministrligiň hünärmenleriniň şulara hukuklary bardyr:

1) Daşary ýurt kömegini alyjynyň esaslandyryş resminamalaryny, guramaçylyk-buýruk beriji resmi kagyzlary, şertnamalaryny we beýleki içki resmi kagyzlaryny barlamaga;

2) buhgalter, statistiki we maliýe hasabatlaryny barlamaga;

3) barlag işlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan beýleki maglumatlary we resminamalary sorap almaga.

24. Ministrligiň barlag işlerini amala aşyrýan hünärmenleriniň barlag üçin zerur bolan resminamalardan we maglumatlardan peýdalanmagyna mümkinçilik döredilmedik ýagdaýynda agzalan hünärmenler tarapyndan delilnama düzülýär.

Delilnama Ministrligiň hünärmenleri we Daşary ýurt kömegini alyjynyň ýolbaşçylary (ýa-da başga jogapkär wezipeli işgärler) tarapyndan gol çekilýär. Daşary ýurt kömegini alyjynyň ýolbaşçylary (ýa-da başga jogapkär wezipeli işgärler) delilnama gol çekmekden ýüz öwüren halatynda, onuň sebäbini ýazmaça düşündirmelidirler. Daşary ýurt kömegini alyjynyň ýolbaşçylary (ýa-da başga jogapkär wezipeli işgärler) ýazmaça düşündirişi bermekden ýüz dönderen ýagdaýynda bu barada Ministrligiň hünärmenleri tarapyndan delilnamada bellik edilýär. Barlag işlerini geçirmek baradaky habarnamany Daşary ýurt kömegini alyjynyň ýolbaşçylary (ýa-da başga jogapkär wezipeli işgärler) tarapyndan kabul edilmezligi barlagy ýatyrmaga esas bolup bilmeýär.

25. Barlag işleriniň dowamynda Daşary ýurt kömegini alyjynyň Daşary ýurt kömegini bellenen maksatlara ulanýandygy barlanýar. Bellenen maksatlara ulanmak düzgünleriniň bozulan ýagdaýynda Ministrlik Döwlet toparynyň öňünde Daşary ýurt kömeginiň durmuşa geçirilişini togtatmak baradaky meseläni goýup biler. Daşary ýurt kömegini niýetlenen maksat üçin ulanmadyk Daşary ýurt kömegini alyjylar ýol beren kemçiligi 1 (bir) aý möhletde düzetmäge borçludyr.

Daşary ýurt kömeginiň durmuşa geçirilişini togtatmaga esas bolan kemçilikler düzedilen ýagdaýynda Daşary ýurt kömegini alyjynyň şol kömegi durmuşa geçirmegini togtatmak baradaky çözgüdi ýatyrmak barada Ministrlige ýüz tutmaga hukugy bardyr. Düzgün bozulmalar bellenen möhletde Daşary ýurt kömegini alyjy tarapyndan düzedilmedik halatynda, Ministrlik bu barada Döwlet toparyna we degişli Daşary ýurtly hemaýatçylara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen habar berýär.

26. Geçirilen barlag işleriniň netijeleri boýunça Ministrligiň hünärmenleri tarapyndan Ministrligiň ýolbaşçysyna ýazmaça görnüşde beýan edilýär.

27. Eger Daşary ýurt kömegini alyjynyň hakyky ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheriniň çäginiň daşynda bolsa, barlag işlerini geçirmek degişli welaýat adalat bölümleriniň üstüne ýüklenilip bilner. Barlag işleriniň netijesi boýunça degişli welaýat adalat bölüminiň başlygy tarapyndan Ministrlige ýazmaça görnüşde hasabat berilýär.

28. Eger Daşary ýurt kömegini alyjy bilen Daşary ýurtly hemaýatçylaryň özara ylalaşygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Daşary ýurt kömegi boýunça alynýan muzdsuz haryt, enjam, nagt we nagt däl görnüşdäki pul serişdeleri diňe Daşary ýurt kömegini alyjylaryň maksatlary üçin peýdalanylmalydyr we olar üçünji şahslara berlip, satylyp ýa-da kärendesine berlip bilinmez.

29. Daşary ýurt kömegi, şeýle hem onuň durmuşa geçirilmegi üçin alnan harytlar, emläkler, pul we beýleki serişdeler saýlawlara, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, saýlawly wezipäni eýeleýän wezipeli adamy yzyna çagyrmak, ýygnanyşyklary, köçе ýörişlerini, mitingleri, demonstrasiýalary, garşylyklary, iş taşlaýyşlary guramak we geçirmek, wagyz maglumatlaryny taýýarlamak, ýaýratmak we syýasy partiyalaryň maksatlary, şeyle hem ilatyň arasynda okuw maslahatlary, syýasy we köpçülikleýin-wagyz işleriniň beýleki görnüşlerini geçirmek üçin peýdalanyp bilinmez.

30. Şu Tertipde göz öňünde tutulmadyk kadalar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny        we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 1-nji goşundy

 

 

 

           Türkmenistanyň Adalat   

           ministrligine

                                                                                           

 

«___»   ________  20 __ ý.                                                             ___

 

Arza

__________________________________________________________________

(jemgyýetçilik birleşiginiň ýa-da dini guramanyň ady)

__________________________________şertnamanyň (ylalaşygyň) çygrynda

               (baglaşylan senesi we belgisi)                                            

 __________________________________________ tarapyndan maliýeleşdirilýän

                     (daşary ýurtly hemaýatçynyň ady)

__________________________________________________________________

(taslamanyň, maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň ady, şeýle hem bahasy)

 

taslamany (maksatnamany ýa-da höweslendirmäni) hasaba almagyňyzy Sizden

 

haýyş edýär.

 

Goşundy:

  1. __________________________

(resminamanyň ady we sahypa sany)

  1. __________________________

(resminamanyň ady we sahypa sany)

  1. __________________________

      (resminamanyň ady we sahypa sany)

 

 

 

Jemgyýetçilik birleşiginiň (dini guramanyň)

ýolbaşçysy                                                   _______    ______________________

                                                                         (goly)          (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny         we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 2-nji goşundy

____________________________________ daşary ýurt kömegini

             (jemgyýetçilik birleşiginiň ýa-da dini guramanyň ady)

resmilleşdirilmegi we durmuşa geçirilmegi baradaky ýygnagynyň

Teswirnamasy № ___

____________________________________

(jemgyýetçilik birleşiginiň ýa-da dini guramanyň ýolbaşçy edarasynyň ady)

 

___________                                                                                «___»  ______ 20 __ ý.

      (ýeri)

Gatnaşdylar:

(ýolbaşçy edaranyň agzalary)

1. _________________________

      (familiýasy, ady, atasynyň ady)

2. _________________________

      (familiýasy, ady, atasynyň ady)

3. _________________________

  (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Gün tertibi:

1.  _________________________________ taslamany (maksatnamany ýa-da     

                        (adyny görkezmeli)  

höweslendirmäni) tassyklamak hakynda.

2.Taslama (maksatnama ýa-da höweslendirme) boýunça şertnamany (ylalaşygy) baglaşmak hakynda.

3. Taslamanyň (maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň) utgaşdyryjysyny tassyklamak hakynda.

4. Taslamanyň (maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň) möhleti tamamlanandan soň jemleýji hasabatlylygyň tertibi hakynda.

 

Birinji mesele boýunça diňlenildi: ____________, ol _________________

______________________________________________ teklip etdi.

Sese goýuldy: “razy” – __ adam, “garşy”- __ adam, “saklanan”-  __  adam.

 

Karar edildi: ________________________________________________

Ikinji mesele boýunça diňlenildi: ____________, ol _________________

______________________________________________ teklip etdi.

Sese goýuldy: “razy” – __ adam, “garşy”- __ adam, “saklanan”-  __  adam.

 

Karar edildi: ________________________________________________

Üçünji mesele boýunça diňlenildi: ____________, ol _________________

______________________________________________ teklip etdi.

Sese goýuldy: “razy” – __ adam, “garşy”- __ adam, “saklanan”-  __  adam.

Karar edildi: ________________________________________________

 

Dördünji mesele boýunça diňlenildi: ____________, ol _________________

______________________________________________ teklip etdi.

Sese goýuldy: “razy” – __ adam, “garşy”- __ adam, “saklanan”-  __  adam.

 

Karar edildi: ________________________________________________

 

 

 

Jemgyýetçilik birleşiginiň (dini guramanyň)

ýolbaşçysy                                                ________       ______________________

                                                                                 (goly)              (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                          M.Ý.

 

Ýolbaşçy edaranyň gatnaşan agzalary:  1) _______       ______________________

                                                                                  (goly)             (familiýasy, ady, atasynyň ady)        

                                                                    2) _______       ______________________

                                                                                  (goly)             (familiýasy, ady, atasynyň ady)        

                                                               3) _______      _______________________

                                                                                  (goly)             (familiýasy, ady, atasynyň ady)    

 

 

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny        we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 4-nji goşundy

«Tassyklaýaryn»

 _________              _________________

                                              (jemgyýetçilik birleşiginiň ýa-da         (familiýasy,ady)           

               dini guramanyň ýolbaşçysynyň goly)    

M.Ý.  

«___»________20___ý.

Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz

kömeginiň taslamasynyň, maksatnamasynyň

ýa-da höweslendirmäniň esasy görkezijileri

 

Taslamanyň, maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň ady:  

 

_____________________________

Taslamanyň, maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň taraplary:  

Daşary ýurt hemaýatçy:

 

Daşary ýurt kömegini alyjy:

 

 

 

_____________________________

_____________________________

Esas:

_____________________________

Taslamanyň, maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň maksady:  

 

_____________________________

Taslamanyň, maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň býujeti:  

 

_____________________________

Maliýeleşdirmegiň çeşmesi:

_____________________________

Taslamanyň, maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň ýerine ýetiriliş möhleti:  

 

_____________________________

Taslamanyň utgaşdyryjysy                ___________            ____________________

                                                                             (goly)                 (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny        we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 5-nji goşundy

 

Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň

 taslamasy we maksatnamasy hem-de höweslendirmeleri hakynda

 ŞERTNAMA (YLALAŞYK)

 

20 __ ý. ______ aýynyň «___»                                                           №_________

 

  1. Şertnamanyň (Ylalaşygyň) taraplary
  2. Şertnamanyň (Ylalaşygyň) meselesi (berilýän daşary ýurt kömeginiň görnüşi we başgalar)
  3. Şertnamanyň (Ylalaşygyň) maksady
  4. Şertnamanyň (Ylalaşygyň) möçberi
  5. Taraplaryň hukuklary we borçlary
  6. Hasabatlylyk we gözegçilik
  7. Ýerine ýetirilmeli möhleti
  8. Üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi
  9. Jemleýji düzgünler

(taraplaryň goly, möhüri we maglumatlary)

______________               ________________

Daşary ýurtly hemaýatçy               Daşary ýurt kömegini alyjy

 

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda taraplar özleriniň hukuklaryny we borçlaryny şertnama (ylalaşyk) esasynda bellemekde erkindirler, ýöne şertnamanyň mazmunynda ýokardaky şertleriň göz öňünde tutulmagy zerurdyr.

 

Bellik: Şu şertnamanyň (ylalaşygyň) goşundylaryna (sanaw, býujet we başgalar) şertnamanyň (ylalaşygyň) taraplary gol çekýärler we möhürleri bilen berkidýärler; şertnamanyň (ylalaşygyň) mazmunynda gös-göni daşary ýurt pulunyň görnüşi we umumy bahasy görkezilmelidir.

 

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny        we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 6-njy goşundy

 

 

Taslama, maksatnama, höweslendirmä

gatnaşýan taraplar hakyndaky maglumat

 

1. Daşary ýurt kömegini alyjy

ady, guramaçylyk-hukuk görnüşi

döwlet belligine alnan ýeri we senesi

hukuk salgysy we bank maglumatlary

işiniň maksady

taslamanyň (maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň) utgaşdyryjysynyň ady, atasynyň ady, familiýasy, işleýän ýeri, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy

2. Daşary ýurtly hemaýatçy:

   ýuridik şahs üçin:

ady

hasaba alnan döwleti, ýeri we senesi

hukuk salgysy we bank maglumatlary

işiniň maksady

 

fiziki şahs üçin:

familiýasy, ady, atasynyň ady

jynsy

doglan güni, aýy, ýyly

raýatlygy

ýaşaýan döwleti we salgysy

pasport maglumatlary

bank maglumatlary

 

Ministrlik Daşary ýurt kömegini alyjydan taslamanyň (maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň) taraplarynyň işi bilen baglanyşykly zerur bolan ýagdaýynda  başga maglumatlary talap edip biler.

 

Taslamanyň utgaşdyryjysy         _________       ___________________________

                                                                 (goly)                   (familiýasy, ady, atasynyň ady)

     M.Ý.

                        “___”______20___ý.

                                                                                                                 (senesi)

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny        we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 7-nji goşundy

 

 

Arza berlen pursatda taslamany, maksatnamany,

höweslendirmäni ýerine ýetirmek bilen bagly

geçirilen çäreler barada maglumat

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligine ________________________________

                                                    (taslamanyň, maksatnamanyň ýa-da höweslendirmäniň ady) taslamany (maksatnamany ýa-da höweslendirmäni) hasaba almak üçin arza berlen pursatynda şu aşakdaky çäreler geçirildi:

1. ___________________________________________________________
              ___________________________________________________________

2. ___________________________________________________________
              ___________________________________________________________

3. ___________________________________________________________
              ___________________________________________________________

4. ___________________________________________________________
              ___________________________________________________________

 

 

Taslamanyň utgaşdyryjysy         _________       ___________________________

                                                         (goly)                  (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

M.Ý.

                                                                                    “___”______20___ý.

                                                                                                                (senesi)

                    

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny        we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 8-nji goşundy

 

Ynanç haty №___

__________________________________________________________________

                                           (senesini ýazmaça görkezmeli)

Ynanç haty berildi _______________________________________________

                                               (raýatyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, pasport ýa-da onuň

_____________________________________________________________________________

ornuny tutýan başga resminama barada maglumatlaryny we wezipelerini görkezmeli)

ýagny, oňa ___________________adyndan _______________________________________

               (Daşary ýurt kömegini alyjy) (haýsy sorag boýunça wekilçilik edýändigini görkezmeli)

baglanyşykly hemme meseleler boýunça ähli döwlet we jemgyýetçilik edaralarynda çykyş etmek tabşyrylýar.

Wekilçiligi ýerine ýetirmek üçin şu hukuklar berilýär: resminamalary almak, arzalary bermek, ähli kazyýet, araçy we dolandyryş edaralarynda talapça,  jogapça we üçünji tarapa kanun tarapyndan berilýän ähli hukuklardan peýdalanyp, iş alyp barmak, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ähli geleşikleri baglaşmak, ynamdara degişli bolan ähli emlägi almak, tabşyrygy ýerine ýetirmek  bilen  baglanyşykly beýleki ähli kanuny hereketleri amala aşyrmak we gol çekmek.

Şu ynanç haty boýunça ygtyýarlyklar beýleki adamlara berlip bilinmez.

Ynanç haty ____________________________ möhlet bilen berilýär.

                                  ( möhleti görkezmeli)

 

 

Jemgyýetçilik birleşiginiň (dini guramanyň)

ýolbaşçysy                                                 _________    ______________________    

                                                                            (goly)            (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                          M.Ý.

Baş hasapçy                                               _________    ______________________

                                                                      (goly)            (familiýasy, ady,atasynyň ady)

                                                           

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny        we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 9-njy goşundy

 

______________________________________

(jemgyýetçilik birleşiginiň ýa-da dini guramanyň ady)

üçin berilýän daşary ýurt _______________kömeginiň

                              (kömeginiň görnüşi)

____________________________ Türkmenistanyň Adalat

(taslamasyny, maksatnamasyny ýa-da höweslendirmesini)

ministrliginde döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakynda

N E T I J E N A M A

 

Taslamanyň ady  ___________________________________________

Taslamanyň taraplary:

   Daşary ýurtly hemaýatçy  ___________________________________

   Daşary ýurt kömegini alyjy  ________________________________

Esas ______________________________________________________

Taslamanyň maksady _______________________________________

Taslamanyň möçberi _______________________________________

Maliýeleşdirmegiň çeşmeleri _________________________________

Taslamanyň ýerine ýetiriliş möhleti:

Işe başlamagy – “___”___20__ý.  Işiň gutarylmagy – “___”___20__ý.

Taslama  – ___ belgi bilen 20__  ýylyň _______ aýynyň “___”

hasaba alyndy               

       

   

   MINISTR                                   __________           __________________                                   

                                                                       (goly)                     (familiýasy, ady)

                                       M.Ý.

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 3-nji goşundy

 

                  «Ylalaşyldy»                                                                                                                         «Tassyklaýaryn»

__________                _______________________                                                                 _________     ___________________                                                                            (Daşary ýurt kömegini alyjynyň     (familiýasy, ady)                                                             (Daşary ýurt kömegini alyjynyň       (familiýasy, ady) derňew toparynyň başlygynyň goly)                                                                                  ýolbaşçysynyň goly)

«___»  __________ 20___ý.                                                                                                                    «___»  __________ 20___ý.                                                                                                                                                                                                                                                                                                                M.Ý                                     

 

______________________________________ enjamlaýyn tabşyrygy

                                                                          (daşary ýurt kömegini alyjynyň)

20___ ýylyň ______ aýynyň «___» baglaşylan ________ şertnama

 

 

Işleriň tapgyrlaýyn

ady

Ýerine ýetirijiniň ady

Ýerine ýetiriş möhleti

Hasabat resminamasy

Hasabat resminamasynyň berilmeli möhleti

Işleriň tapgyr boýunça bahasy

Jogapkär adam

başy

soňy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Taslamanyň utgaşdyryjysy               ___________________         _________________________________      

                                                                                     (goly)                                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

 

 

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 10-njy goşundy

 

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnan daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe,

ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň

hem-de höweslendirmeleriniň sanawy

 

 

 

T/b

Taslamanyň ady

Taslamanyň taraplary

Esas

Taslamanyň maksady

Taslamanyň maliýeleşdiriş çeşmesi we umumy bahasy

Taslamanyň ýerine ýetiriliş möhleti

Hasaba alnan senesi we  belgisi

Bellikler

Daşary ýurtly hemaýatçy

Daşary ýurt kömegini alyjy

1

 

 

 

 

 

 

 

 

 

2

 

 

 

 

 

 

 

 

 

3

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanda döwlet belligine alnan jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we berilýän daşary ýurt kömeginiň ähli görnüşleriniň durmuşa geçirilişi boýunça barlag işlerini amala aşyrmagyň Tertibine 11-nji goşundy

                  «Ylalaşyldy»                                                                                                                         «Tassyklaýaryn»

__________                _______________________                                                                 _________     ___________________                                                                            (Daşary ýurt kömegini alyjynyň     (familiýasy, ady)                                                             (Daşary ýurt kömegini alyjynyň       (familiýasy, ady) derňew toparynyň başlygynyň goly)                                                                                  ýolbaşçysynyň goly)

«___»  __________ 20___ý.                                                                                                 (M.Ý)          «___»  __________ 20___ý.                                                                                                                                                                                                                                                                                                             

Daşary ýurt enjamlaýyn maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamasy, maksatnamasy we höweslendirmesi tamamlanandan soňky jemleýji hasabaty

1. Taslamanyň taraplary we hyzmatdaşlary          ___________________

2. Taslamanyň ady we hasaba alyş belgisi            ___________________

3. Taslamanyň umumy möçberi                            ___________________

4. Taslamanyň ýerine ýetirilmeli möhleti              ___________________

 

 №

Taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy, ýyllar boýunça paýlamak bilen

Taslama boýunça tehnikanyň, enjamlaryň we serişdeleriň ady

      Möçberi                 

Hasabat berilýän pursatda taslamanyň ýerine ýetirilişi

Maddy bölegi

Maliýe bölegi

Harytlaryň sanaw boýunça iberilişi

Iberilmegiň wagty we esasy (ýörite belgisi, hasap faktura we başga)

Iberilen serişdeleriň ulanylyşy

Höweslen-dirmäniň geçirilen möçberi

Geçirilen wagty, resmi-namanyň belgisi

Nämä ulanylan

1.

 

2.

 

3.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Taslamanyň utgaşdyryjysy               ___________________           ___________________________________   

        Bellik:                                                                                               (goly)                                         (familiýasy, ady, atasynyň ady)                                                                                                                                                                  

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministriligi

tarapyndan 2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda

1254 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy

 

 

 

 

 

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 16.09.2019
Resminamanyň belgisi 37-iş