Mazmuny

2 BAP. SOWGAT ETMEK

548 madda. Düşünje

Sowgat etmek şertnamasy boýunça peşgeş beriji peşgeş berilýäniň razyçylygy bilen emlägi onuň eýeçiligine mugt berýär.

549 madda. Sowgat etmek şertnamasyny baglaşmak. Sowgady wada bermek

1. Sowgat etmek şertnamasy emlägiň berlen pursatyndan başlap, baglaşylan hasaplanylýar.
2. Eger sowgat etmek predmeti özi baradaky hukuk diňe kanunda bellenilen forma berjaý edilen mahalynda ýüze çykýan emläkden bolsa, onda sowgat etmek şertnamasy üçin bu formany berjaý etmek hökmandyr.
3. Sowgady wada bermek şeýle halatda, şol wada notarial tertipde tassyklanylan mahalynda sowgat etmek borçnamasyny döredýär.

550 madda. Sowgat etmäge ýol bermezlik

Eger emlägi sowgat etmek sowgat berijiniň ekläp-saklamagyndaky şahslary ykdysady taýdan agyr ýagdaýa salýan bolsa, onda şol şahsyň emlägi bagyşlamaga haky ýokdur.

551 madda. Sowgat edilen emlägiň kemçiligi

Eger sowgat beriji sowgat edilen emlägiň kemçiligini bet niýet bilen ýaşyrsa, onda ol şunuň bilen baglanyşyklylykda ýeten zeleli bagyşlanylýana tölemäge borçludyr.

552 madda. Haýyr-sahawat

1. Taraplar sowgat etmek şertnamasynyň hakyky bolmagynyň ol ýa-da beýleki şertiň ýerine ýetirilmegine ýa-da belli bir maksada ýetilmegine bagly bolmagyny belläp bilerler. Bu maksat umumy  peýda (haýyr-sahawat) üçin hyzmat edip biler.
2. Sowgat berijiden başga-da, öz bähbidi üçin şert goýlan her bir şahs şertiň ýerine ýetirilmegini talap edip biler.
3. Eger zat sowgat berilýän şahs şerti ýerine ýetirmese, onda sowgat beriji şertnamadan ýüz dönderip biler.

553 madda. Sowgat berilýäniň ýagşylygy bilmezligi zerarly sowgat etmegi ýatyrmak

1. Eger sowgat ediji barada ýa-da onuň ýakyn kowum-garyndaşlary barada özüne sowgat berilýän ýokary gadyr bilmezlik gylygyny görkezse, onda sowgat etmek ýatyrylyp bilner.
2. Eger sowgat etmek kanuny esasda ýatyrylan bolsa, onda sowgat beriji sowgat edilen emlägi yzyna talap edip alyp biler.
3. Sowgat etmegi ýatyrmaga hukuk berýän ýagdaý sowgat berijä mälim bolan wagtyndan soň bir ýylyň dowamynda sowgat etmek ýatyrylyp bilner.

554 madda. Sowgat edilen zady yzyna talap edip almak

1. Eger sowgat edilenden soň peşgeş beriji agyr ýagdaýa düşse hem-de ol özüni we öz ekläp-saklamagyndaky şahslary ekläp bilmese, onda  ol sowgat berlen zady, eger bu zat hakykat ýüzünde bar bolsa, ony alan şahsdan yzyna talap edip almaga haklydyr.
2. Eger sowgat beriji özüniň niýeti ýa-da göddek seresapsyzlygy sebäpli horlanýan bolsa, onda zadyň yzyna talap edilip alynmagyna ýol berilmeýär.

Глава 2. Дарение

Статья 548. Понятие

По договору дарения даритель безвозмездно передает имущество в собственность одаряемого с согласия последнего.

Статья 549. Заключение договора дарения. Обещание подарка

1. Договор дарения считается заключенным с момента передачи имущества.
2. Если предметом дарения является имущество, на которое право собственности возникает только при соблюдении установленной законом формы, для договора дарения обязательно соблюдение этой формы.
3. Обещание подарка порождает обязательство дарения в случае, если обещание удостоверено в нотариальном порядке.

Статья 550. Недопустимость дарения

Лицо не вправе дарить имущество, если дарение имущества ставит в тяжелое экономическое положение лиц, находящихся на иждивении дарителя.

Статья 551. Недостаток подаренного имущества

Если даритель со злым умыслом скроет недостаток подаренного имущества, он обязан возместить одаряемому причиненный в связи с этим вред.

Статья 552. Пожертвование

1. Стороны могут установить, что действительность договора дарения зависит от исполнения того или иного условия или достижения определенной цели. Эта цель может служить и общей пользе (пожертвование).
2. Исполнения условия может требовать, помимо дарителя, каждое лицо, в интересах которого было поставлено условие.
3. Если одаряемое лицо не исполнит условия, даритель может отказаться от договора.

Статья 553. Отмена дарения вследствие неблагодарности одаряемого

1. Дарение может быть отменено, если одаряемый проявит большую неблагодарность в отношении дарителя или его близких родственников.
2. Если дарение правомерно отменено, подаренное имущество может быть истребовано дарителем.
3. Дарение может быть отменено в течение одного года после того, как дарителю стало известным обстоятельство, дающее право отменить дарение.

Статья 554. Истребование подаренной вещи

1. Если после дарения даритель окажется в тяжелом положении и он не может содержать себя и находящихся на его иждивении лиц, он вправе потребовать подаренную вещь у получившего дар, если эта вещь реально существует.
2. Истребование вещи не допускается, если даритель бедствует вследствие своего умысла или грубой неосторожности.