Mazmuny

1  BAP. EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ MAZMUNY

191 madda. Düşünje. Eýeçilik hukugynyň mazmuny

1. Zat eýesi kanunda ýa-da şertnamada bellenilen çäklendirmeleriň çäginde emläge (zada), eger şeýdilende goňşularyň ýa-da beýleki üçünji şahslaryň hukuklary bozulmaýan bolsa, ýa-da bu hereket hukugy hyýanatly peýdalanmagy aňlatmaýan bolsa, onda erkin eýelik edip we peýdalanyp biler, beýleki şahslaryň bu emläge eýelik etmegine, ygtyýar etmegine ýol bermän biler.
2. Eýeçiligiň peýdalanylmagy diňe beýlekilere zyýan ýetirýän bolsa, özem şunda zat eýesiniň bähbitleriniň artykmaçlygy takyk kesgitlenilmedik we onuň hereketleriniň zerurlygy delillendirilmedik bolsa, onda eýeçiligiň şonuň ýaly peýdalanylmagy hukugy   hyýanatçylykly peýdalanmak diýlip  hasap edilýär.
3. Peýdalanmak hukugy şahsyň öz zadyny  peýdalanmazlyk mümkinçiligini hem öz içine alýar. Eger bu zatlaryň ulanylmazlygy ýa-da olara göz-gulak bolunmazlygy jemgyýetçilik bähbitlerine täsirini ýetirýän bolsa, onda peýdalanmak ýa-da olara göz-gulak bolmak we olary saklamak borjy kanun tarapyndan bellenilip bilner. Şeýle halatda şu borçlary özüň ýerine ýetirmek ýa-da bu zady degişli hakyna başga şahslaryň peýdalanmagyna bermek borjy zat eýesiniň üstüne ýüklenilip bilner.

192 мadda. Zadyň önjeýli aýrylmaz bölegine eýeçilik hukugy

Zada eýeçilik hukugy bu zadyň önjeýli aýrylmaz böleklerine hem degişlidir.

193 madda. Zady bikanun eýelik edilmeginden talap edip almak we päsgelçilikleri düzetmegi talap etmek

1. Zat eýesi bu zada eýelik edýäniň eýelik etmek hukugynyň bar halatlaryndan beýleki halatlarda zady gaýtaryp bermegi eýelik edýänden talap edip biler.
2. Eger eýeçilik hukugy zady elden almakdan ýa-da zatdan mahrum etmekden başga hili ýol bilen bozulýan bolsa, onda zat eýesi şol bozuşy düzetmegi düzgüni bozujydan talap edip biler. Eger hyýanat etmek ýene-de dowam edýän bolsa, onda zat eýesi suda hak isleýiş arzasyny bermek arkaly şonuň ýaly hereketiň bes edilmegini talap edip biler.

194 madda. Umumy eýeçilik

1. Umumy eýeçilik kanuna görä ýa-da geleşik esasynda ýüze çykýar. Zat eýeleriniň her biri umumy eýeçilikde bolýan emläk barada üçünji şahslara talap bildirip biler. Zat eýeleriniň her biri zady diňe ähli zat eýeleriniň peýdasy üçin talap edip almaga haklydyr.
2. Umumy eýeçilikde bolýan zat girew goýlup bilner ýa-da zat eýeleriniň biriniň peýdasy we bähbidi üçin hukuk taýdan başga hili berlip bilner.
3. Umumy eýeçilikde bolýan zada göz-gulak bolmak we ony saklamak baradaky çykdajylar, eger kanunda ýa-da şertnamada başga hili bellenilmedik bolsa, zat eýeleriniň üstüne deň derejede ýüklenilýär.
4. Zat eýeleriniň her biriniň umumy eýeçilikdäki zadyň bir bölegini satyn almakda artykmaç hukugy bardyr.

ГЛАВА 1. СОДЕРЖАНИЕ ПРАВА СОБСТВЕННОСТИ

Статья 191. Понятие. Содержание права собственности

1. Собственник может в пределах ограничений, установленных законом или договором, свободно владеть и пользоваться имуществом (вещью), не допускать владения этим имуществом другими лицами, распоряжаться им, если этим не нарушаются права соседей или иных третьих лиц, либо если это действие не представляет собой злоупотребление правом.
2. Злоупотреблением правом считается такое пользование собственностью, которым только причиняется вред другим, и при этом четко не определено преимущество интересов собственника и необходимость его действий не оправдана.
3. Право пользования включает в себя также и возможность лица не пользоваться своей вещью. Законом может быть установлена обязанность пользования или ухода и содержания, если неприменение этих вещей или отсутствие ухода за ними посягает на общественные интересы. В этом случае на собственника может быть возложена обязанность исполнить эти обязанности самому или передать эту вещь в пользование других лиц за соответствующее вознаграждение.

Статья 192. Право собственности на существенную составную часть вещи

Право собственности на вещь распространяется также на существенные составные части этой вещи.

Статья 193. Истребование вещи из незаконного владения и требование устранения препятствий

1. Собственник может потребовать от владельца возвратить вещь, кроме тех случаев, когда владелец имел право владения этой вещью.
2. Если право собственности нарушается иным образом, кроме изъятия или лишения вещи, собственник может потребовать от нарушителя устранения нарушения. Если посягательство продолжается вновь, собственник может потребовать прекращения такого действия путем предъявления иска в суд.

Статья 194. Общая собственность

1. Общая собственность возникает в силу закона или на основании сделки. Каждый из собственников может предъявлять требования к третьим лицам по поводу находящегося в общей собственности имущества. Каждый собственник вправе истребовать вещь только в пользу всех сособственников.
2. Находящаяся в общей собственности вещь может быть заложена или в правовом отношении иным образом обременена в пользу и в интересах одного из сособственников.
3. Расходы по уходу и содержанию находящейся в общей собственности вещи возлагаются на сособственников поровну, если законом или договором не установлено иное.
4. Каждый сособственник  имеет право преимущественной покупки доли, находящейся в общей собственности.