Mazmuny

1 BAP. MÖHLETLERI HASAPLAMAK

140 madda. Möhletleri hasaplamak kadalary

Kanunlarda, sud çözgütlerinde we geleşiklerde görkezilen möhletler barasynda şu bölümde göz öňünde tutulan kadalar ulanylýar.

141 madda. Möhletiň geçip başlamagy

1. Eger möhletiň geçip başlamagy haýsy-da bolsa bir waka bilen ýa-da günüň dowamynda geljek wagt pursaty bilen kesgitlenilýän bolsa, onda wakanyň ýa-da pursatyň gabat gelýän güni möhlete goşulmaýar.
2. Eger möhletiň geçip başlamagy haýsy-da bolsa bir günüň başlanmagy bilen kestitlenýän bolsa, onda bu gün möhlete goşulýar. Bu kada ýaş hasaplanylan mahalynda doglan güne hem degişlidir.

142. madda. Möhletiň tamamlanmagy

1. Günler bilen hasaplanylýan möhlet şol möhletiň iň soňky gününiň tamamlanmagy bilen gutarýar.
2. Hepdeler, aýlar bilen ýa-da birnäçe aýy - ýyly, ýarym ýyly kwartaly öz içine alýan wagt bilen hasaplanylýan möhlet şu Kodeksiň 141 maddasynyň 1 punktunda görkezilen halatda iň soňky hepdäniň ýa-da iň soňky aýyň özüniň ady boýunça ýa-da özüniň sany boýunça wakanyň ýa wagt pursatynyň gabat gelýän gününe laýyk gelýän günüň tamamlanmagy bilen  gutarýar, şu Kodeksiň 141 maddasynyň 2 punktunda görkezilen halatda bolsa iň soňky hepdäniň ýa-da iň soňky aýyň özüniň ady ýa-da özüniň sany boýunça möhletiň başlanan gününe laýyk gelýän günüň öň ýanyndaky günüň tamamlanmagy bilen gutarýar. 
3. Eger möhlet aýlar bilen hasaplanylýan bolsa we iň soňky aýda möhletiň başlanan güni ýaly gün ýok bolsa, onda möhlet şol aýyň iň soňky gününiň tamamlanmagy bilen gutarýar.

143 madda. Ýarym ýyl, kwartal, ýarym aý

1. Ýarym ýyl diýlende alty aý möhlete, kwartal diýlende üç aý möhlete, ýarym aý diýlende on bäş gün möhlete düşünilýär.
2. Eger möhlet doly bir aýdan ýa-da birnäçe aýdan hem-de ýarym aýdan ybarat bolsa, onda bu on bäş gün möhletiň soňuna degişli hasap edilýär.

144 madda. Möhleti uzaltmak

Möhlet gaýra goýlan mahalynda, täze möhlet ozalky möhletiň gutaran pursatyndan başlanyp hasaplanylýar.

145 madda. Aýlyk möhleti we ýyllyk möhleti hasaplamak

1. Eger möhlet üznüksiz geçmegini talap etmeýän aýlar ýa-da ýyllar bilen hasaplanylýan bolsa, onda aý otuz gün, ýyl bolsa üç ýüz altmyş bäş gün diýlip hasap edilýär.
2. Aýyň başy diýlende aýyň birinji gününe düşünilýär, aýyň ortasy diýlende aýyň on bäşinji gününe düşünilýär, aýyň ahyry diýlende aýyň iň soňky gününe düşünilýär.

146 madda. Dynç alyş we baýramçylyk günleri

Eger erk-islegi bildirmek ýa-da borçnamany ýerine ýetirmek belli bir günde ýa-da haýsy-da bolsa bir möhletiň dowamynda amala aşyrylmaly bolsa, şol gün ýa-da bu möhletiň iň soňki güni ýa-ha dynç alyş günlerine, ýa bolmasa erk-islegiň bildirilýän ýa-da borçnamanyň ýerine ýetirilýän ýerindäki gün döwlet baýramçylygy diýlip ýa-da başga bir iş güni däl diýlip ykrar edilen güne gabat gelýän bolsa, onda bu güne derek şol günüň yz ýanyndaky iş güni möhletiň gutarýan güni diýlip hasap edilýär.

ГЛАВА 1. ИСЧИСЛЕНИЕ СРОКОВ

Статья 140. Применение правил исчисления сроков

К срокам, указанным в законах, судебных решениях и сделках, применяются предусмотренные настоящим разделом правила.

Статья 141. Начало течения срока

1. Если начало течения срока определяется каким-либо событием или моментом времени, который наступит в течение дня, то день, на который приходится событие или момент, не включается в срок.
2. Если начало течения срока определяется началом какого-либо дня, то этот день включается в срок. Это правило распространяется и на день рождения при исчислении возраста.

Статья 142. Окончание срока

1. Срок, исчисляемый днями, истекает с окончанием последнего дня срока.
2. Срок, исчисляемый неделями, месяцами или временем, охватывающим несколько месяцев, - годом, полугодием, кварталом, истекает в случае, указанном в пункте 1 статьи 141 настоящего Кодекса, с окончанием того дня последней недели или последнего месяца, который по своему названию или по своему числу соответствует дню, на который приходится событие либо момент времени, а в случае, указанном в пункте 2 статьи 141 настоящего Кодекса, - с окончанием того дня последней недели или последнего месяца, предшествующего дню, который по своему названию или своему числу соответствует начальному дню срока.
3. Если срок исчисляется месяцами и в последнем месяце нет того числа, с которого начался срок, то срок истекает с окончанием последнего дня этого месяца.

Статья 143. Полугодие, квартал, полмесяца

1. Под полугодием понимается срок в шесть месяцев, под кварталом - срок в три месяца, под полумесяцем - срок в пятнадцать дней.
2. Если срок состоит из одного или нескольких полных месяцев и половины месяца, то эти пятнадцать дней засчитываются в конце срока.

Статья 144. Продление срока

В случае отсрочки новый срок исчисляется с момента истечения предыдущего срока.

Статья 145. Исчисление месячного и годового сроков

1. Если срок исчисляется месяцами или годами таким образом, что не требуется его непрерывное течение, то месяц считается в тридцать дней, а год - в триста шестьдесят пять дней.
2. Под началом месяца понимается первое число месяца, под серединой месяца - пятнадцатое число месяца, под концом месяца - последнее число месяца.

Статья 146. Выходные и праздничные дни

Если волеизъявление или исполнение обязательства должно быть произведено в определенный день или в течение какого-либо срока, а этот день или последний день этого срока приходятся либо на выходные дни, либо на день, который в месте волеизъявления или исполнения обязательства признан государственным праздничным или иным нерабочим днем, то вместо этого дня днем истечения срока считается следующий за ним рабочий день.