Mazmuny

14 BÖLÜM. MIRAS HAKYNDA ŞAHADATNAMA

1256 madda. Düşünje

1. Mirasdar hasaplanan şahslar mirasyň ýüze çykan ýerinde notarial organdan miras hakyndaky şahadatnamany talap edip biler.
2. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda miras hakynda şahadatnamanyň alynmagy hökmanydyr.

1257 madda. Miras hakynda şahadatnamany bermek möhleti

Mirasdarlara miras hakyndaky şahadatnama miras ýüze çykan gününden başlap alty aý dolandan soň islendik wagt berilýär. Eger şahadatnamany soraýan şahslardan başga beýleki mirasdarlaryň ýokdugy hakynda notarial organda maglumatlar bolan halatlarda, miras hakyndaky şahadatnama alty aýdan öň berilýär.

1258 madda. Şahadatnama girizmäge bolan razylyk

Kanun tarapyndan bellenen möhletde mirasy almadyk mirasdarlar mirasy kabul eden beýleki marasdarlaryň ählisiniň razylygy bilen miras hakyndaky şahadatnama girizilip bilner. Razylyk miras hakyndaky şahadatnama berilýänçä ýazmaça beýan edilmelidir.

1259 madda. Mirasdaryň mirasdarlaryna miras hakyndaky şahadatnamanyň berilmegi

Eger mirasy almaga degişli mirasdar miras ýüze çykansoň ony bellenen möhletde almaga ýetişmän ölse, onuň mirasdarlary ilkibaşda miras galdyryjy ölenden soň galan emläge miraslyk hakyndaky şahadatnamany alyp biler.

1260 madda. Şärikli mirasdarlara miras hakynda şahalatnamanyň berilmegi

Miras hakyndaky şahadatnama ähli mirasa, şeýle hem onuň bölegine berlip bilner. Şahadatnama ähli mirasdarlara bilelikde, şeýle hem olaryň islegine görä her birine berlip bilner. Mirasdarlaryň birine mirasyň bir bölegi üçin şahadatnamanyň berilimegi mirasyň galan beýleki bölegi üçin mirasdarlaryň beýlekilerini şahadatnama almak hukugyndan mahrum etmeýär.

Раздел 14 . Свидетельство о наследовании

Статья 1256. Понятие

1. Лица, признанные наследниками, могут по месту открытия наследства потребовать у нотариального органа свидетельства о наследовании.
2. В предусмотренных законом случаях получение свидетельства о наследовании обязательно.

Статья 1257. Срок выдачи свидетельства о наследовании

Свидетельство о наследовании выдается наследникам по истечении шести месяцев со дня открытия наследства в любое время. Свидетельство о наследовании выдается ранее шести месяцев в случаях, если нотариальный орган располагает сведениями о том, что кроме лиц, испрашивающих свидетельство, других наследников не имеется.

Статья 1258. Согласие на внесение в свидетельство

Наследники, не принявшие наследство в установленный законом срок, могут быть внесены в свидетельство о наследовании с согласия всех тех наследников, которые приняли наследство. Согласие должно быть выражено письменно до выдачи свидетельства о наследовании.

Статья 1259. Выдача свидетельства о наследовании наследникам наследника

Если наследник, призванный для принятия наследства, умрет после открытия наследства, не успев принять его в установленный срок, его наследники могут получить свидетельство о наследовании на имущество, оставшееся после смерти первоначального наследодателя.

Статья 1260. Выдача сонаследникам свидетельства о наследовании

Свидетельство о наследовании может быть выдано как на все наследство, так и на его часть. Свидетельство выдается как всем наследникам вместе, так и каждому в отдельности по их желанию. Выдача свидетельства о наследовании одному из наследников на одну часть наследства не лишает других наследников права получить свидетельство на остальную часть наследства.