Mazmuny

13 BÖLÜM. MIRASY GORAMAK

1252 madda. Düşünje

Ýerinde ýok mirasdarlaryň, wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjylaryň bähbitlerini we köpçülikleýin bähbitleri goramak üçin mirasyň ýüze çykan ýerindäki notarius gyzyklanýan taraplaryň inisiatiwasyna görä, wesýetnamany ýerine ýtirijiniň ýa-da özüniň inisiatiwasyna görä mirasy goramaga zerur çäreleri görýär, bu ähli mirasdarlar tarapyndan miras kabul edilýänçä ýa-da mirasy kabul etmek üçin bellenen möhlet dolýança dowam etdirilýär.

1253 madda. Mirasy goramak babatda notarial organyň borjy

Eger mirasyň açylan ýerinde miras ýa-da onuň bölegi bolmasa, notarial organ emlägiň ýerleşen ýerindäki notarial organa emlägi goramak babatda çäreleri görmegi tabşyrýar.

1254 madda. Emlägiň ýazgysy

Emlägi goramak maksady bilen notarial organ mirasyň, ýazgysyny (opis) geçirýär we ony goramak üçin mirasdara ýa-da başga şahsa berýär, şunda mirasyň ýüze çykan ýerinde bolmadyk mirasdarlary gözlemäge çäreleri görýär.

1255 madda. Emlägi dolandyryjyny bellemek

Eger emläk dolandyrmaga mätäçlik çekýän bolsa, şeýle hem mirasdaryň kriditorlary tarapyndan talap arzasy bildirilen bolsa, notarial organ emlägi dolandyryjyny belleýär. Eger mirasdarlardan hatda biri emlägi kabul eden bolsa ýa-da wesýetnamany ýerine ýetiriji bellenen halatynda, dolandyryjy bellenmeýär.

Раздел 13. Охрана наследства

Статья 1252. Понятие

Для охраны интересов отсутствующих на месте наследников, получателей завещательного отказа и публичных интересов нотариус по месту открытия наследства по инициативе заинтересованных лиц, исполнителя завещания или по своей инициативе принимает необходимые меры к охране наследства, что продолжается до принятия наследства всеми наследниками или истечения срока, установленного для принятия наследства.

Статья 1253. Обязанность нотариального органа по охране наследства

Если наследство или его часть не находятся в месте открытия наследства, нотариальный орган поручает нотариальному органу по месту нахождения имущества принять меры по охране этого имущества.

Статья 1254. Опись имущества

С целью охраны имущества нотариальный орган описывает наследство и передает на сохранение наследнику или другому лицу, принимая при этом меры к розыску наследников, которые не находятся в месте открытия наследства.

Статья 1255. Назначение управляющего имуществом

Если имущество нуждается в управлении, а также, когда кредиторами наследника предъявлен иск, нотариальный орган назначает управляющего имуществом. Управляющий не назначается, если хотя бы один из наследников принял имущество или назначен исполнитель завещания.