Mazmuny

12 BÖLÜM. MIRASDARLARYŇ KREDITORLARY KANAGATLANDYRMAGY

1241 madda. Mirasdarlaryň keriditorlaryň öňündäki jogapkärligi

1. Mirasdarlar miras galdyryjynyň kreditorlarynyň bähbitlerini dolulygyna kanagatlandyrmaga borçludylar, emma munuň özi her biriniň alnan aktiwdäki paýyna proporsionallykda bolmalydyr.
2. Eger miras galdyryjy mirasdarlara geçen birgiler babatda raýdaş  bergidar  bolan bolsa, mirasdarlar raýdaş jogapkärlik çekýärler.
3. Miras galdyryjynyň bergileri üçin hökmany borjy  alan mirasdarlar jogapkär bolup durýar.

1242 madda. Subut etmek güzaby

Mirasdar miras galdyryjynyň bergileriniň mirasdan artykdygyny subut etmelidir, muňa notarius tarapyndai ýazgy edilen miras girmeýär.

1243 madda. Bergini tölemegi mirasdara ýüklemek

Wesýet ediji bergini dolulygyna ýa-da onuň bölegini tölemegi bir ýa-da birnäçe mirasdara ýükläp biler.

1244 madda. Mirasyň ýüze çykandygyny kreditorlara habar bermek borjy

Eger öleniň bergileri hakynda özlerine mälim bolsa, mirasyň ýüze çykandygy hakynda mirasdarlar miras galdyryjynyň kreditorlaryna habar bermäge borçludyrlar.

1245 madda. Kreditorlaryň talap bildirmek möhleti

1. Miras galdyryjynyň kreditorlary mirasyň ýüze çykandygy hakynda özlerine mälim bolan gününden başlap alty aýyň dowamynda, talap möhletiniň başlanandygyna garamazdan mirasy kabul eden mirasdarlara talap bildirmelidir.
2. Eger mirasdarlaryň kreditorlary mirasyň ýüze çykandygy hakynda bilmeseler, olar talap möhleti başlanan pursatdan başlap bir ýylyň dowamynda mirasdarlara talap bildirmelidir.
3. Şol kadalaryň berjaý edilmezligi kreditorlaryň talaba bolan hukugynyň ýitirilmegine getirýär.

1246 madda. Talap arzasynyň mütdetine umumy möhletleriň ulanylmagy

1. Kreditorlaryň talap bildirmek möhleti miras galdyryjynyň soňky gezek kesellän wagtynda oňa seretmek we bejermek, aýlyk iş hakyny bermek, ony jaýlamak, mirasyny goramak we dolandyrmak, şeýle hem üçünji şahsyň talaplary emläge bolan eýeçilik hukugyny ykrar etmek we oňa degişli emlägi talap etmek hakyndaky talaplar bilen baglanyşykly çykdajylar hakyndaky talaplara degişli däldir.
2. Şu maddanyň 1 punktunda görkezilen talaplar babatda talap arzasynyň mütdetiniň umumy möhletleri ulanylýar.

1247 madda. Ýerine ýetirmek möhletini gaýra goýmak

Eger kreditor tarapyndan talap ýerine ýetirmek möhleti başlanmazdan öň bildirilse, mirasdar ýerine ýetirmegi möhlet başlanýança gaýra goýmaga haklydyr. Möhletiň başlanmagy bilen kreditor talap arzasynyň mütdetiniň umumy möhletiniň dowamynda talap etmäge haklydyr.

1248 madda. Miras galdyryjynyň kreditorlarynyň artykmaçlygy

Talaplar kanagatlandyrylanda miras galdyryjynyň kreditorlary mirasdaryň kreditorlarynyň öňünde artykmaçlyga eýedir.

1249 madda. Kreditorlaryň öňünde gaznanyň jogapkärligi

Mirasdary bolmadyk emläk gazna geçende, gazna mirasdar ýaly miras galdyryjynyň bergileri babatda jogapkärdir.

1250 madda. Kreditor tarapyndan mirasy almagyň netijeleri

Eger miras galdyryjy öz emlägini kreditora wesýet etse, munuň özi kreditoryň talap hukugyna goşmagy aňladyp bilmez.

1251 madda. Kreditorlary kanagatlandyrmagyň tertibi

Mirasdarlar bir gezekleýin tölegler ýoly bilen kreditorlaryň talaplaryny ödemelidirler, munuň özi eger olaryň arasynda başgaça bellenmedik ýagdaýynda şeýle bolýar.

Раздел 12. Удовлетворение кредиторов наследниками

Статья 1241. Ответственность наследников перед кредиторами

1. Наследники обязаны полностью удовлетворить интересы кредиторов наследодателя, однако пропорционально доле каждого из них в полученном активе.
2. Если наследодатель по перешедшим к наследникам долгам был солидарным должником, наследники солидарно несут ответственность.
3. Ответственными за долги наследодателя являются и получившие обязательную долю наследники.

Статья 1242. Бремя доказывания

Наследник должен доказать, что долги наследодателя превышают наследство, кроме случая, когда наследство было описано нотариусом.

Статья 1243. Возложение уплаты долга на наследника

Завещатель может возложить выплату долга целиком или его части на одного или нескольких наследников.

Статья 1244. Обязанность сообщения кредиторам об открытии наследства

Наследники обязаны сообщить кредиторам наследодателя об открытии наследства, если им известно о долгах умершего.

Статья 1245. Срок предъявления требований кредиторов

1. Кредиторы наследодателя в течение шести месяцев со дня, как им стало известно об открытии наследства, должны предъявить требования к наследникам, принявшим наследство, независимо от наступления срока требования.
2. Если кредиторы наследников не знали об открытии наследства, они должны предъявить требование наследникам в течение одного года с момента наступления срока требования.
3. Несоблюдение этих правил влечет утрату кредиторами права требования.

Статья 1246. Применение общих сроков исковой давности

1. Срок предъявления кредиторами требований не распространяется на требования о расходах, связанных с уходом и лечением во время последней болезни наследодателя, выдачей заработной платы, похоронами, охраной и управлением наследством, а также требованиями третьих лиц о признании права собственности на имущество и истребовании принадлежащего им имущества.
2. В отношении требований, указанных в пункте 1 настоящей статьи, применяются общие сроки исковой давности.

Статья 1247. Отложение срока исполнения

Если требование было предъявлено кредитором до наступления срока исполнения, наследник вправе отложить исполнение до наступления срока. С наступлением срока кредитор вправе требовать исполнения в течение общего срока исковой давности.

Статья 1248. Преимущество кредиторов наследодателя

При удовлетворении требований кредиторы наследодателя имеют преимущество перед кредиторами наследника.

Статья 1249. Ответственность казны перед кредиторами

При переходе к казне имущества, не имеющего наследника, она ответственна по долгам наследодателя так же, как наследник.

Статья 1250. Последствия получения наследства кредитором

Если наследодатель завещал свое имущество кредитору, то это не может считаться зачетом права требования кредитора.

Статья 1251. Порядок удовлетворения кредиторов

Наследники должны удовлетворять требования кредиторов путем разовых платежей, если соглашением между ними не установлено иное.