Mazmuny

11 BÖLÜM. MIRASY BÖLMEK

1211 madda. Düşünje

Mirasy bölmek mirasy kabul edýän mirasdarlaryň ylalaşmagy boýunça, kanun ýa-da wesýetnama boýunça şolaryň  her biriniň paýyna laýyklykda geçirilýär.

1212 madda. Mirasy bölmegiň miras galdyryjy tarapyndan tertibiniň kesgitlenmegi

 Miras galdyryjy mirasy bölmegiň tertibini wesýetnama bilen kesgitläp biler, hususan-da, mirasy bölmegi üçünji şahsa ynanylan biler. Üçünji şahsyň karary, eger ol açyk adalatsyz bolsa, mirasdarlar hökmany däldir. Şeýle ýagdaýda bölmek suduň çözgüdi boýunça geçirilýär.

1213 madda. Mirasdan paýyň naturalaýyň bölünip berilmegi

Her bir mirasdar öz paýynyň gozgalýan şeýle hem gozgalmaýan emläkden natura görnüşinde bölünip berilmegii, eger şeýle bölüp bermek mümkin bolsa ýa-da kanun bilen gadagan edilmedik  bolsa, talap edip biler.

1214 madda. Sowgadyň miras paýyn goşulyp hasaplanmagy

Miras bölnende her bir mirasdaryň paýyna miras ýüze çykmazdan öňki bäş ýylyň dowamynda miras galdyryjydan sowgan hökmünde onuň alan emläginiň gymmaty goşulyp hasaplanylýar.

1215 madda. Şärikli mirasdarlaryň  ylalaşmagy boýunça mirasyz satylmagy

Şärikleri mirasdarlaryň ylalaşmagy boýunça ähli mirasyň satylmagyna we pullaryň mirasdarlaryň arasynda şolaryň paýyna laýyk paýlanmaga ýol berilýär.

1216 madda. Şärikli mirasdaryň birine mirasyň geçmegi

Şärikli mirasdarlaryň ylalaşmagy bilen bütin mirasyň şärikli mirasdaryň birine geçmegi mümkindir, ol hem öz gezeginde beýleki mirasdaşlaryna degişli öwezini tölemäge borçludyr.

1217 madda. Mirasy bölmegiň togtadylmagy

Mirasdaşlar mirasy bölmegiň belli bir wagtda togtadylmagy bilen ylalaşyp bilerler.

1218 madda. Bölünmeýän emläge paý eýeçiligi

Eger mirasy kabul edýän ähli mirasdarlaryň ylalaşmagy bilen başgaça bellenmedik bolsa, emläk bölünende hojalyk maksadynyň ýitirilmegine ýa-da gowşamagyna getirse ol bölünmäge degişli däldir we degişlilikde olaryň paýyna görä mirasdarlaryň umumy eýeçiligi bolup durýar.

1219 madda. Oba hojalyk maksatly ýerleri mirasdarlaryň arasynda bölmek

1. Eger daýhan hojalygy ýerleşýän oba hojalyk maksatly ýeriň eýesi ony wesýetnama boýunça ony ençeme mirasdara goýýan bolsa ýa-da wesýetnama goýulmadyk bolsa we kanun boýunça mirasdar bar bolsa daýhan hojalygy ýerleşen oba hojalyk maksatly ýer mirasdarlaryň arasynda, eger bölünmegi netijesinde mirasdarlaryň her birine bölünip berlen ýer uçastogy hojalygyň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýän bolsa bölünip bilner.
2. Eger hojalygy mirasdarlaryň özi ýöretmekçi bolsa, ony bölmek şeýle ýagdaýda ýol berilýär. Eger mirasdarlaryň hiç biri hojalygy ýöretmek islemese, olaryň ylalaşmagy bilen hojalyk ýerleşen ýer satylyp bilner we mirasdarlar öz paýyny pul görnüşinde alyp bilerler.

1220 madda. Oba hojalyk maksatly ýeriň bölünmegine ýol bermezlik

Eger oba hojalyk maksatly ýeri bölmek mümkin bolmasa, ýer miras galdyryjy bilen birlikde daýhan hojalygynda ýaşaýan mirasdara berilmelidir; eger şeýle mirasdar ýok bolsa, hojalygy ýöretmäge ukyply we islegi bolana berilmelidir.

1221 madda. Paýyň öweziniň dolunmagy

Ýer uçastogyny alyp bilmejek mirasdar beýlýeki emläkden degişli paýy alýar, emma beýleki emläk ýeterlikli bolmasa, bellenen  tertipde degişli öwezini alýar.

1222 madda. Miras bölünende göwredäki mirasdaryň paýy

1. Eger mirasdar enesiniň göwresinde düwlen, ýöne heniz dogulmadyk bolsa, bölmek diňe şeýle mirasdar doglandan soň mümkindir.
2. Eger düwen, emma heniz dogulmadyk çaga diri dogulsa, beýleki mirasdarlar mirasy diňe şoňa degişli paýy bölüp bermek bilen bölmäge haklydyr. Täze doglan çaganyň bähbitlerini goramak maksady bilen bölmäge gatnaşmak üçin onuň wekilleri çagyrylyp bilner.

1223 madda. Bergi borçnamalarynyň mirasdarlaryň birine ýüklenmegi

Mirasdarlaryň ylalaşmagy boýunça bergi borçnamalarynyň ählisini doly tölemegi mirasdarlaryň biriniň üstüne ýüklemäge ýol berlip, oňa derek mirasdara berilýän paý degişlilikde artdyrylyp  berlip bilner.

1224 madda. Paýy almagy üpjün etmek borçnamasy

Her bir mirasdaş beýleki şärikli mirasdarlaryň degişli paýyny almagyny üpjün etmäge borçludyr. Mirasdaş bölmek netijesinde talap etmek hukugyny edinse, beýleki şärikli mirasdarlar bölmek pursatynda degişlilikde öz paýlaryna görä bergidaryň töleg ukyplylygyna ýardam etmelidirler, eger şeýle borçnamany ýerine ýetirmegiň möhleti başlanmadyk bolsa, borçnamanyň ýerine ýetirýän pursatynda ýardam etmelidirler.

1225 madda. Paýyň proporsionallykda azaldylmagy

Eger wesýetnama bilen kesgitlenen paýlaryň jemi ähli mirasdan artyk bolsa, her bir mirasdaryň paýy proporsionallykda gysgaldylýar.

1226 madda. Emläk bölünende jedellere seretmek

 Miras bölünende şärikli mirasdarlaryň arasynda ylalaşyk ýok mahalynda jedel sud tarapyndan seredilýär, emläk bölünende ol bölünmäge degişli emlägiň häsiýetini, mirasdaşyň her biriniň işini we başga anyk ýagdaýlary göz öňüne almalydyr.

1227 madda. Paýa ygtyýar etmek hukugy

1. Her bir mirasdaş mirasdaky öz paýyna ygtyýar edip biler. Şärikli mirasdarlaryň biriniň öz paýyna ygtyýar edýän şertnamasy notarius tarapyndan tassyklanmalydyr.
2. Mirasdaş öz paýynyň aýratyn predmetlerine ygtyýar edip bilmez.
3. Mirasdaş öz paýyna ygtyýar edende beýleki şärikli mirasdar satyn almakda artyk hukuga eýedirler. Satyn almakda artyk hukuk iki aýyň içinde amala aşyrylmalydyr. Bu hukuk miras boýunça geçýär.

1228 madda. Satyn almakda artyk hukugyň bes edilmegi

Şärikli mirasdara paýy berlenden soň satyn almakda artyk hukuk bes edilýär.

1229 madda. Paý aýrylanda kreditorlary kanagatlandyrmak

Paý aýrylyp edinijä geçen halatynda, edinilen paýyň degişli möçberinde kreditoryň talabyny ödemek borjy oňa geçýär.

1230 madda. Paýy deňlemek

Mirasy edinmäge degişli mirasdarlar öz paýlaryny deňlemek üçin  öz aralarynda miras bölünýänçä miras galdyryjy heniz dirikä ondan ene-atanyň emläginiň bölegi görnüşinde alan ähli zadyny emläge goşmaga borçludyrlar, bu eger miras galdyryjy tarapyndan başgaça bellenmedik ýagdaýynda bolýar.

1231 madda. Nesliň çykyp gitmeginiň netijeleri

Eger miras ýüze çykýança ýa-da ol ýüze çykandan soň paýy deňlemäge borçly bolan mirasdar hökmünde nesil çykyp gitse, paýy deňlemek borjy  şonuň paýyny  almaly bolan mirasdaryň üstüne ýüklenilýär.

1232 madda. Deňlemele aýratyn goýumyň hasaby

 Maşgala hojalygynda öz zähmeti, miras galdyryjynyň professional we  kommersiýa işine gatnaşmak bilen, öz tarapyndan ep-esli çykdajy edip ýa-da başga usul bilen miras galdyryjynyň  emlägini saklamaga we artdyrmaga aýratyn goşant goşan nesil (ata-babalardan soňky nesiller boýunça garyndaş) miras galdyryjynyň emlägi bölnende şonuň bilen bilelikde kanun boýunça mirasdarlar hasaplanýan we miras talap edýän garyndaşlar bilen deňlemegi talap etmäge haklydyr.

1233 madda. Deňlemegi  talap etmäge ýol bermezlik

Eger garyndaş hyzmatlary üçin hak alan bolsa ýa-da hak öňünden bellenen bolsa, ýa-da garyndaş bitirilen hyzmatlar esasynda beýleki hukuk esaslary boýunça haýsydyr talap bildirmekçi bolsa, şeýli ýagdaýda deňlemek talabyna orun bolup bilmez.

1234 madda. Adalatly paýlamagy talap etmek

1. Deňlemek bitirilen hyzmatlara we mirasyň möçberine degişlilikde adalatly bolmalydyr.
2. Emläk bölnende deňlemegiň summasy mirasyň umumy summasyndan hasaplanyp aýrylýar we deňlemegi talap etmäge hukugy bolan şärikli mirasdaryň paýyna goşulýar.

1235 madda. Mirasdaryň bolýan ýerini bellemek borjy

 Eger mirasdarlaryň arasynda bolýan ýeri näbelli şahslar bar bolsa, beýleki mirasdarlar şolaryň bolýan ýerini kesgitlemäge paýhasly çäreleri görmäge boçrludyrlar.

1236 madda. Mirasdaryň gelmedik halatynyň netijeleri

1. Eger miras edinmäge degişli mirasdar ýerinde bolmasa, emma onuň bolýan ýeri kesgitlenende, üç aýyň dowamynda mirasdan ýüz öwürmäge, beýleki mirasdarlar mirasy bölmek hakynda özleriniň meýlini oňa habar bermäge borçludyrlar.
2. Eger şeýle mirasdar habar berlenden soň üç aýyň içinde emlägi bölmek hakyndaky ylalaşyga gatnaşmak islegi hakynda  beýleki mirasdarlara habar bermese, beýleki mirasdarlar özara ylalaşmak boýunça emlägi bölmäge we ýerinde bolmaýan mirasdaryň paýyny bölüp  aýyrmaga haklydyr.
3. Eger  miras ýüze çykandan soň alty aýyň dowamynda ýok bolan mirasdaryň bolýan ýeri belli bolmasa we mirasy kabul etmekden ýüz dönderýändigi hakynda ondan maglumatlar  ýok bolsa, beýleki mirasdarlar emlägi şu maddanyň 2 punktunda bellenen tertipde  bölmäge haklydyr.

1237 madda. Artykmaç hukuklylyk

Emläge umumy eýeçilikde miras galdyryjy bilen bilelikde hukugy bolan mirasdarlar umumy eýeçilige girýän emläge artykmaç hukukdan peýdalanýarlar.

1238 madda. Ýaşaýyş jaýyny almaga artykmaç hukuklylyk

Miras ýüze çykýança miras galdyryjy bilen azyndan bir ýyl bilelikde ýaşan mirasdar emläk bölnende mirasdan ýaşaýyş jaýyny, kwartirany ýa-da bolmasa ýaşalýan jaýy, şeýle hem öý goş esbaplaryny almaga artykmaç hukukdan peýdalanýar.

1239 madda. Mirasdarlaryň emläk bähbitleriniň hasaby

Artykmaç  hukuk  amala  aşyrylanda  mirasy  bölmekde  gatnaşýan beýleki mirasdarlaryň artykmaç hukuklary göz öňünde tutulmalydyr. Eger emläk özlerine degişli paýy almak üçin ýeterlikli bolmasa, onda artykmaç hukugy amala aşyrýan mirasdarlar olara degişli pul ýa-da emläk kompensasiýasyny bermelidirler.

1240 madda. Kompensasiýanyň (öwzezini dolmagyň) yza süýşürilmegi

Artykmaç hukugy amala aşyrýan mirasdarlaryň talabyna görä, kowpensasiýanyň möçberini nazara alyp, ony on ýyldan köp bolmadyk möhlete çenli yza süýşürmäge suduň haky bardyr.

Раздел 11. Раздел наследства

Статья 1211. Понятие

Раздел наследства производится по соглашению наследников, принимающих наследство, согласно доле, причитающейся каждому из них по закону или завещанию.

Статья 1212. Определение наследодателем порядка раздела наследства

Наследодатель может определить завещанием порядок раздела наследства, в частности, доверить раздел наследства третьему лицу. Решение третьего лица необязательно для наследников, если оно явно несправедливо. В таком случае раздел производится по решению суда.

Статья 1213. Выделение доли из наследства натурой

Каждый наследник может потребовать выделения своей доли натурой как из движимого, так и недвижимого имущества, если такое выделение возможно или не запрещено законом.

Статья 1214. Зачет подарка в долю наследника

При разделе наследства в долю каждого наследника засчитывается стоимость имущества, полученного им в качестве дара от наследодателя в течение пяти лет до открытия наследства.

Статья 1215. Продажа наследства по соглашению сонаследников

По соглашению сонаследников допускаются продажа всего наследства и распределение денег между наследниками соответственно их долям.

Статья 1216. Переход  наследства к одному сонаследнику

По соглашению сонаследников возможен переход всего наследства к одному сонаследнику, который, в свою очередь, обязан выплатить другим сонаследникам соответствующую компенсацию.

Статья 1217. Приостановление раздела наследства

Сонаследники могут согласиться о том, чтобы раздел наследства был на определенное время приостановлен.

Статья 1218. Долевая собственность на неделимое имущество

Если соглашением всех наследников, принимающих наследство, не установлено иное, имущество, деление которого повлечет утрату или ослабление его хозяйственного назначения, не подлежит разделу и становится общей собственностью наследников соответственно их долям.

Статья 1219. Раздел между наследниками земли сельскохозяйственного назначения

1. Если собственник земли сельскохозяйственного назначения, на которой находится крестьянское  хозяйство, оставил его по завещанию нескольким наследникам или завещание не было оставлено и имеется несколько наследников по закону, земля сельскохозяйственного назначения с размещенным на ней крестьянским хозяйством может быть разделена между наследниками, если отошедший в результате раздела к каждому из наследников земельный участок обеспечивает существование жизнеспособного хозяйства.
2. Раздел допускается только в том случае, если наследники сами собираются вести хозяйство. Если ни один из наследников не пожелает вести хозяйство, по их соглашению земля с размещенным на ней хозяйством может быть продана, и наследники получат свою долю в виде денег.

Статья 1220. Недопустимость раздела земли сельскохозяйственного назначения

Если раздел земли сельскохозяйственного назначения невозможен, земля должна быть предоставлена наследнику, который проживает в крестьянском хозяйстве и вместе с наследодателем вел хозяйство; если такого наследника нет, - тому, который способен и имеет желание вести хозяйство.

Статья 1221. Компенсация доли

Наследник, который не может получить земельный участок, получит соответствующую долю из другого имущества, а если другого имущества недостаточно - соответствующую компенсацию в установленном порядке.

Статья 1222. Доля зачатого наследника при разделе наследства

1. Если наследник зачат, но еще не родился, раздел возможен только после рождения такого наследника.
2. Если зачатый, но еще не родившейся наследник родится живым, остальные наследники вправе разделить наследство только с выделением причитающейся ему доли. В целях защиты интересов новорожденного для участия в разделе должны быть приглашены его представители.

Статья 1223. Возложение долговых обязательств на одного из наследников

По соглашению сонаследников допускается возложение полного возмещения всех долговых обязательств на одного из наследников с предоставлением ему взамен этого соответственно увеличенной доли из наследства.

Статья 1224. Обязательство обеспечения получения доли

Каждый сонаследник обязан обеспечивать получение другими сонаследниками соответствующих долей. Когда сонаследник в результате раздела приобретает право требования, другие сонаследники должны содействовать платежеспособности должника в момент раздела соответственно своим долям, а если срок исполнения такого обязательства не наступил, - в момент исполнения обязательства.

Статья 1225. Пропорциональное уменьшение доли

Если окажется, что совокупность определенных завещанием долей превышает все наследство, доля каждого наследника сокращается пропорционально.

Статья 1226. Рассмотрение споров при разделе имущества

При отсутствии соглашения между сонаследниками при разделе наследства спор рассматривается судом, который при разделе имущества должен принять во внимание характер подлежащего разделу имущества, деятельность каждого из сонаследников и иные конкретные обстоятельства.

Статья 1227. Право распоряжаться долей

1. Каждый сонаследник может распоряжаться своей долей в наследстве. Договор, по которому один из сонаследников распоряжается своей долей, должен быть удостоверен нотариусом.
2. Сонаследник не может распоряжаться отдельными предметами из своей доли.
3. При распоряжении сонаследником своей долей другие сонаследники имеют право преимущественной покупки. Право преимущественной покупки должно быть осуществлено в течение двух месяцев. Это право переходит по наследству.

Статья 1228. Прекращение права преимущественной покупки

Право преимущественной покупки прекращается после передачи доли сонаследнику

Статья 1229. Удовлетворение кредитов при отчуждении доли

В случае отчуждения доли к приобретателю переходит обязанность удовлетворения требования кредитора соответственно размеру приобретенной доли.

Статья 1230. Уравнение доли

Наследники, призванные к наследованию, обязаны для уравнения своих долей до раздела наследства между собой причислить к наследству все то, что они получили от наследодателя при его жизни в виде выдела имущества родителей, если наследодателем не установлено иное.

Статья 1231. Последствия выбытия потомка

Если до открытия наследства или после его открытия выбыл потомок, который как наследник был бы обязан уравнять долю, обязанность уравнения доли возлагается на наследника, который должен получить его долю.

Статья 1232. Учет особого вклада при уравнении

Потомок (родственник по нисходящей линии), который своим трудом в семейном хозяйстве, участием в профессиональной и коммерческой деятельности наследодателя, значительным расходованием со своей стороны либо другим образом внес особый вклад в сохранение и приумножение имущества наследодателя, при разделе имущества наследодателя вправе  потребовать уравнения с родственниками, которые вместе с ним считаются наследниками по закону и требуют наследства.

Статья 1233. Недопустимость требовать уравнения

Требование уравнения не может иметь места в случае, если родственник за услуги получал вознаграждение или вознаграждение было заранее определено, или родственник на основании оказанных услуг может предъявить какое-либо требование по другим правовым основаниям.

Статья 1234. Требование справедливого распределения

1. Уравнение должно происходить справедливо соответственно оказанным услугам и объему наследства.
2. Сумма уравнения при разделе имущества вычитается из общей суммы наследства и добавляется к доле сонаследника, имеющего право требования уравнения.

Статья 1235. Обязанность установления местонахождения наследника

Если среди наследников есть лица, местонахождение которых неизвестно, остальные наследники обязаны принять разумные меры к установлению их местонахождения и призвания к наследованию.

Статья 1236. Последствия неявки наследника

1. Если призванный к наследованию наследник, который не находится на месте, но его местонахождение установлено, в течение трех месяцев не откажется от наследства, остальные наследники обязаны известить его о своем намерении разделить наследство.
2. Если такой наследник в течение трех месяцев после извещения не сообщит остальным наследникам о желании участвовать в соглашении о разделе имущества, остальные наследники вправе по взаимному соглашению разделить имущество и выделить долю не находящегося на месте наследника.
3. Если в течение шести месяцев после открытия наследства местонахождение отсутствующего наследника не будет установлено и от него нет сведений об отказе от принятия наследства, остальные наследники вправе разделить имущество в порядке, установленном пунктом 2 настоящей статьи.

Статья 1237. Преимущественное право

Наследники, имеющие совместно с наследодателем право общей собственности на имущество, пользуются преимущественным правом наследования имущества, входящего в общую собственность.

Статья 1238. Преимущественное право получения жилого дома

При разделе имущества наследник, который не менее одного года до открытия наследства проживал вместе с наследодателем, имеет преимущественное право на получение из наследства жилого дома, квартиры или иного жилого помещения, а также предметов домашнего обихода.

Статья 1239. Учет имущественных интересов наследников

При осуществлении преимущественного права должны быть предусмотрены имущественные права других наследников, участвующих в разделе наследства. Если имущества будет недостаточно для получения полагающейся им доли, наследники, осуществляющие преимущественное право, должны выдать им соответствующую денежную или имущественную компенсацию.

Статья 1240. Рассрочка компенсации

По требованию наследников, осуществляющих преимущественное право, суд вправе рассрочить компенсацию с учетом ее объема, но не более чем на десять лет.