Mazmuny

10 BÖLÜM. MIRASY KABUL ETMEK WE ONY KABUL
ETMEKDEN ÝÜZ DÖNDERMEK

1180 madda. Mirasy kabul etmek

1. Mirasdarlar, goý ol kanun boýunça ýa-da wesýetnama boýunça mirasdar bolsun, mirasy kabul edýär.
2. Mirasyň ýüze çykarylan ýeri boýunça natorial kontorasyna mirasdar tarapyndan mirasy kabul etmek hakynda arza berlende miras kabul edilen hasaplanýar ýa-da iş ýüzünde emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişen ýagdaýynda, munuň özi onuň mirasy kabul edendigine gürrüňsiz şaýatlyk edýar.
3. Eger mirasdar mirasyň bir bölegine eýeçilik etmäge hakykatdan girişen bolsa, şol emläk nähili beýan edilse hem we haýsy ýerde bolsa hem, ol dolulygyna kabul edilen hasaplanýar.
4. Eger mirasdarlaryň biri mirasdan paýy almakdan beýleki mirasdaryň peýdasyna ýüz dönderse, şeýle hereket mirasyň kabul edilmegi hasaplanýar.

1181 madda. Mirasyň kämillik ukyby bolmadyk şahs tarapyndan kabul edilmegi

Mirasy kämillik ukyby bolan şahs kabul edip biler. Kämillik ukyby bolmadyk we  kämillik ukyby çäklendirilen şahslar mirasy diňe öz kanuny wekilleriniň üsti bilen alýarlar.

1182 madda. Mirasy wekiliň üstünden kabul etmek

Mirasdar mirasy huhusy özi ýa-da wekiliň üsti bilen kabul edip biler.

1183 madda. Mirasy kabul etmegiň möhleti

Mirasyň ýüze çykan gününden alty aýyň dowamynda miras kabul edilmelidir.

1184 madda. Mirasy kabul etmegiň ýörite möhleti

Eger mirasy almak hukugy beýleki mirasdarlar mirasy kabul etmedik ýagdaýynda ýüze çyksa, mirasy kabul etmek üçin bellenen möhletden galan döwrüň içinde miras kabul edilmelidir, emma eger şol wagt üç aýdan az bolsa, ol üç aýa çenli uzaldylýar.

1185 madda. Mirasy kabul etmek möhletini uzaltmak

1. Mirasy kabul etmek üçin bellenen möhlet, eger sud ony esasly sebäbe görä gijikdirilen hasaplasa, şol möhlet sud tarapyndan uzaldylyp bilner. Miras möhleti dolanda, eger mirasy kabul edýän beýleki mirasdarlaryň hemmesi razy bolsalar, suda ýüz tutman hem kabul edilip bilner.
2. Şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan ýagdaýda mirasy kabul etmegi gijikdiren mirasdara beýleki mirasdarlar tarapyndan alnan ýa-da döwletiň eýeçiligine geçen emläkden näme galan bolsa, natura görnüşinde onuň paýy berilýär; şeýle hem emlägiň oňa degişli galan böleginiň gymmatynyň summasy geçirilýär.

1186 madda. Mirasy ygtyýar etmäge ýol bermezlik

Beýleki mirasdarlaryň, gelmegine garaşmadyk we emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişen mirasdar miras ýüze çykan gününden başlap alty aý dolýança ýa-da mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama alýança mirasa ygtyýar etmäge hakly däldir, muňa miras galdyryja seretmek, onuň kesel wagty keselini bejermek we jaýlamak, miras galdyryjynyň eklenjinde bolan şahslary saklamak, aýlyk iş hakyny tölemek, emlägi goramak we dolandyrmak boýunça çykdajylar girmeýär.

1187 madda. Hak isleýişi gozgalýança alnan girdejilere bolan hukuk

Eger wesýetnamanyň bardygyny bilmedik kanun boýunça mirasdar mirasa eýelik etmäge girişse, emma wesýetnama boýunça mirasdar wesýetnamanyň hakyky däldigini bilmidik bolsa, ýa-da eger kanun boýunça we wesýetnama boýunça mirasdarlar kanun boýunça has golaý beýleki mirasdarlaryň bardygyny bilmedik bolsa ýa-da başga wesýetnamanyň bardygyny bilmedik ýagdaýynda talap arzasy gozgalýança mirasdan alnan girdeji şolaryň özüne galýar; şeýle hem olar özleriniň mirasa goýan ähli kapitalyny (maýany) talap etmäge haklydyr.

1188 madda. Mirasdan käbir zatlary aýyrmagyň netijeleri

Eger mirasa girýän zatlar jedel gozgalýança satylsa, satyň almak-satmak hakyky diýlip hasaplanar we güýjünde galar, zatlary satmak arkaly alnan summa welin, hakyky mirasdara berilýär.

1189 madda. Miras transmissiýasy

Eger mirasdar miras açylandan soň, emma miras kabul edilýänçä ölen bolsa, mirasdan paýyny almak hukugy onuň mirasdarlaryna (miras transmissiýasy) geçýar. Ölen mirasdaryň mirasdarlary mirasy kabul etmegiň möhletiniň soňuna çenli galan wagtyň içinde mirasy kabul etmelidir. Eger şol möhlet üç aýdan az bolsa, ol üç aýa çenli uzaldylmalydyr.

1190 madda. Miras transmissiýasy boýunça mirasy kabul etmezligiň netijeleri

1. Miras transmissiýasy boýunça mirasy kabul etmezlik gös-göni ölen mirasdara degişli bolan mirasy almak mümkinçiliginden mirasdary mahrum etmeýär.
2. Miras transmissiýasy boýunça alynmaly emläkden ýüz dönderilende, emläk ölen mirasdarlar bilen bilelikde mirasy almaga degişli bolan adamlara geçýär.

 1191 madda. Mirasyň ýazgy geçirmesi

Mirasdar mirasyň ýazgy geçirmesini talap etmäge haklydyr, onuň üçin iki aý möhlet bellenilýär, ol mirasy kabul etmek üçin umumy möhlete girýär.

1192 madda. Mirasa eýeçiligiň döremegi

Kabul edilen miras mirasyň ýüze çykýan gününden mirasdaryň eýeçiligi hasaplanýar.

1193 madda. Mirasy kabul etmekden ýüz döndermegiň möhleti

Mirasdar miras edinmäge özüniň degişlidigini bilen ýa-da bilmeli wagtyndan başlap, mirasy kabul etmekden üç aýyň dowamynda ýüz dönderip biler. Esasly sebäbi bolan mahalynda, şol möhlet sud tarapyndan iki aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Mirasy kabul etmekden ýüz döndermek notarial organda resmileşdirilmelidir.

1194 madda. Mirasy bölekleýin kabul etmäge ýol bermezlik

1. Haýsydyr bir şert bilen ýa-da haýsydyr bir möhlete mirasy bölekleýin kabul etmäge ýa-da ondan ýüz döndermäge ýol berilmeýär.
2. Eger mirasdar mirasyň bir böleginden ýüz öwürse ýa-da haýsydyr bir şerti öňe sürse, ol mirasdan ýüz öwren hasaplanýar.

1195 madda. Oba hojalyk maksatly ýeri kabul etmekden mirasdaryň ýüz döndermegi

Oba hojalygy bilen meşgullanmaýan mirasdar ýeri, enjamlary, oba hojalyk maksatly zähmet gürallaryny we mallary kabul etmekden ýüz öwrüp biler, emma munuň özi umuman mirasy kabul etmekden ýüz öwürmek hasaplanmaýar.

1196 madda. Mirasdan birnäçe paýyň kabul edilmegi

Eger dürli esaslar boýunça mirasdara birnäçe miras paýy degişli bolsa, ol bir paýy alyp we islendik beýleki birinden ýüz öwrüp ýa-da ähli paýlardan ýüz öwrüp biler.

1197 madda. Mirasyň bir böleginden ýüz döndermek

Mirasdar mirasyň beýleki bölegine garamazdan, mirasyň artdyryş hukugy boýunça oňa degişli böleginden ýüz öwürmäge haklydyr.

1198 madda. Beýleki şahslaryň peýdasyna ýüz döndermek

Mirasdar kanun boýunça ýa-da wesýetnama boýunça mirasdarlaryň hataryndan bolan beýleki şahslaryň peýdasyna mirasy almakdan ýüz dönderip biler. Mynasyp däl diýip hasaplanan ýa-da wesýetnamanyň göni görkezmegi bilen miras edinmek hukugyndan mahrum edilen şahsyň peýdasyna mirasdan ýüz döndermek ýol berilmesizdir. Şeýle ýüz döndermek beýleki mirasdarlar tarapyndan sudda arz edilip bilner.

1199 madda. Mirasdan ýüz dönderilende paýyň artmagy

Eger mirasdar mirasy kabul etmekden ýüz dönderip, emma ol kimiň peýdasyna ýüz dönderendigini aýtmasa, onuň paýy kanun boýunça mirasdarlaryň degişli miras paýyna goşulýar, emma ähli miras wesýetnama bilen paýlanan bolsa, onda şol paý wesýetnama boýunça mirasdarlaryň paýyna goşulýar we eger wesýetnama bilen başgaça göz önünde tutulmadyk bolsa, şolaryň arasynda özleriniň paýlaryna laýyk proporsionallykda paýlanylýar.

1200 madda. Mirasdan ýeke-täk mirasdaryň ýüz döndermegi

Eger mirasdan ýüz dönderen mirasdarlaryň şol nobatynyň arasynda ýeke-täk mirasdar bolsa, miras indiki nobatdaky mirasdarlara geçýär.

1201 madda. Birnäçe mirasdaryň peýdasyna ýüz döndermek

Eger mirasdar birnäçe şahsyň peýdasyna mirasy kabul etmekden ýüz dönderse, ol şolaryň her biriniň paýyny görkezip biler. Şeýle görkezme ýok mahalynda onuň paýy mirasy kabul etmekden ýüz döndereniň peýdasyna mirasdarlaryň arasynda deň bölünýär.

1202 madda. Mirasdan  agtyklaryň peýdasyna ýüz döndermek

Mirasyň agtygyň peýdasyna ýüz döndermäge, eger mirasyň ýüze çykan gününe çenli miras galdyryjynyň mirasdary bolmaly onuň ene-atasy diri bolmasa ýa-da agtyk wesýetnama boýunça mirasdar bolsa, ýol berilýär.

1203 madda. Mirasy kabul etmekden gaznanyň ýüz dönderilmegine ýol bermezlik

Gazna özüne geçen mirasy kabul etmekden ýüz döndermäge hakly däldir.

1204 madda. Notarial organa arza berlenden soň ýüz dönderilmegine ýol bermezlik

Mirasyň ýüze çykan ýerindäki notarial organa mirasdar mirasy kabul etmek hakyndaky ýa-da miras hakynda şahadatnamany almak hakyndaky arzany hödürländen soň mirasdan ýüz döndermäge ýol berilmeýär.

1205 madda. Mirasdan ýüz döndermegiň yzyna gaýtarylmazlygy

1. Mirasy kabul etmekden ýüz döndermek hakynda mirasdaryň arzasy yzyna gaýtarylmaýar.
2. Eger mirasdar kämillik ukyby bolmadyk ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen şahs bolsa, mirasdan ýüz döndermeklige suduň rugsady bilen ýol berilýär.

1206 madda. Mirasa hakyky eýeçilikden ýüz döndermek

Mirasa eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga hakyky girişen mirasdar mirasy kabul etmek üçin bellenen wagtyň içinde mirasy kabul etmekden ýüz dönderip biler, bu barada ol notarial kontora arza bilen ýüzlenmelidir.

1207 madda. Ýüz döndermek hukugynyň miras boýunça geçmegi

1. Mirasdan ýüz döndermek hukugy miras boýunça geçýär.
2. Eger mirasdar mirasy kabul etmekden ýüz döndermek üçin bellenen möhlet dolýança ölse, onda mirasdar ölenden soňky galan wagt dolýança şol möhlet gutarmaýar.
3. Ölen mirasdaryň  birnäçe  mirasdarynyň her biri diňe öz miras paýyndan ýüz dönderip biler.

1208 madda. Wekiliň üsti bilen mirasy kabul etmekden ýüz döndermek

Eger tabşyrykda (ynanç hatynda) ýüz döndermäge ygtyýarlyk ýörite göz öňünde tutulan bolsa, onda wekiliň üsti bilen mirasdan ýüz döndermek mümkindir.

1209 madda. Ýüz döndermegi jedelleşmegiň möhleti

Mirasy kabul etmek ýa-da mirasdan ýüz döndermek iki aýyň dowamynda jedelleşip bilner, munuň üçin gyzyklanýan tarap degişli esas bar diýip hasaplanda bolýar.

1210 madda. Mirasy kabul etmegiň hukuk netijeleriniň başlanýan wagty

Mirasy kabul etmekden ýa-da kabul etmekden ýüz döndermegiň hukuk netijeleri mirasyň ýüze çykan pursatyndan başlanýar.

Раздел 10. Принятие наследства и отказ от его принятия

Статья 1180. Принятие наследства

1. Наследство принимает наследник, будь он наследником по закону или по завещанию.
2. Наследство считается принятым наследником, когда он внесет в нотариальную контору по месту открытия наследства заявление о принятии наследства или фактически приступит к владению или управлению имуществом, что бесспорно свидетельствует о принятии им наследства.
3. Если наследник фактически приступил к владению частью наследства, считается, что он принял наследство полностью, в чем бы оно ни выражалось и где бы оно ни находилось.
4. Если один из наследников откажется от принятия доли из наследства в пользу другого наследника, такое действие считается принятием наследства. 

Статья 1181. Принятие наследства недееспособным лицом

Принять наследство может дееспособное лицо. Недееспособные и ограниченно дееспособные лица принимают наследство через своих законных представителей.

Статья 1182. Принятие наследства через представителя

Наследник может принять наследство лично или через представителя.

Статья 1183. Срок принятия наследства

Наследство должно быть принято в течение шести месяцев со дня открытия наследства.

Статья 1184. Специальный срок принятия наследства

Если право получения наследства возникает в том случае, когда остальные наследники не принимают наследства, наследство должно быть принято в течение оставшегося времени из срока, установленного для принятия наследства, а если это время меньше трех месяцев, - оно продлевается до трех месяцев.

Статья 1185. Продление срока принятия наследства

1. Срок, установленный для принятия наследства, может быть продлен судом, если он признает уважительной причину просрочки. По истечении  срока наследство может быть принято и без обращения к суду, если на это согласны все остальные наследники, принимающие наследство.
2. В случае, предусмотренном пунктом 1 настоящей статьи, наследнику, просрочившему принятие наследства, его доля из имущества, полученного другими наследниками или перешедшего в собственность государства, выдается натурой из того, что осталось; ему передается также сумма стоимости остальной части полагающегося ему имущества.

Статья 1186. Недопустимость распоряжения наследством

Наследник, не дождавшийся явки других наследников и приступивший к владению или управлению наследством, не вправе распоряжаться наследством до истечения шести месяцев со дня открытия наследства или до получения свидетельства о праве на наследство, кроме расходов по уходу за наследодателем, по лечению во время его болезни и погребению, содержанию находившихся на иждивении наследодателя лиц, выплате заработной платы, охране и управлению наследством.

Статья 1187. Право на доходы, полученные до возбуждения иска

Если наследник по закону, не знавший о существовании завещания, приступил к владению наследством, а наследник по завещанию не знал о недействительности завещания или если наследники по закону и по завещанию не знали о других более близких наследниках по закону или о существовании другого завещания, им остается доход, полученный от наследства до возбуждения иска; они вправе также потребовать весь капитал, вложенный ими в наследство.

Статья 1188. Последствия отчуждения отдельных вещей из наследства

Если вещи, входящие в наследство, будут проданы до возбуждения спора, купля-продажа будет сочтена действительной и останется в силе, а вырученная от продажи вещей сумма передается действительному наследнику.

Статья 1189. Наследственная трансмиссия

Если наследник умер после открытия наследства, но до принятия наследства, право получения доли из наследства переходит к его наследникам (наследственная трансмиссия). Наследники умершего наследника должны принять наследство в течение времени, оставшегося до конца срока принятия наследства. Если этот срок меньше трех месяцев, он должен быть продлен до трех месяцев.

Статья 1190. Последствия непринятия наследства по наследственной трансмиссии

1. Непринятие наследства по наследственной трансмиссии не лишает наследника возможности получить наследство, которое непосредственно полагалось умершему наследнику.
2. При отказе от получения имущества по наследственной трансмиссии имущество переходит к лицам, призванным к получению наследства вместе с умершими наследниками.

Статья 1191. Опись наследства

Наследник вправе потребовать описи наследства, для чего устанавливается двухмесячный срок, который входит в общий срок для принятия наследства.

Статья 1192. Возникновение собственности на наследство

Принятое наследство считается собственностью наследника со дня открытия наследства. 

Статья 1193. Срок отказа от принятия наследства

Наследник может отказаться от принятия наследства в течение трех месяцев со дня, когда он узнал или должен был узнать о том, что он призван к наследованию. При наличии уважительной причины этот срок может быть продлен судом, но не более чем на два месяца. Отказ от принятия наследства должен быть оформлен в нотариальном органе.

Статья 1194. Недопустимость частичного принятия наследства

1. Не допускается принятие наследства или отказ от него частично под каким-либо условием или на какой-либо срок.
2. Если наследник откажется от части наследства или оговорит какое-либо условие, считается, что он отказался от наследства.

Статья 1195. Отказ наследника от принятия земли сельскохозяйственного назначения

Наследник, не занимающийся сельским хозяйством, может отказаться от принятия земли, оборудования, орудий труда сельскохозяйственного назначения и скота, однако это не считается отказом от принятия наследства вообще.

Статья 1196. Принятие нескольких долей из наследства

Если по разным основаниям наследнику полагается несколько долей из наследства, он может принять одну долю и отказаться от другой либо отказаться от всех долей.

Статья 1197. Отказ от части  наследства

Наследник вправе отказаться от части наследства, которая принадлежит ему по праву приращения, несмотря на остальную часть наследства.

Статья 1198. Отказ в пользу других лиц

Наследник может отказаться от принятия наследства в пользу других лиц из числа наследников по закону или по завещанию. Недопустим отказ от наследства в пользу лица, признанного недостойным наследником или лишенного права наследования прямым указанием завещания. Такой отказ может быть обжалован в суде остальными наследниками.

Статья 1199. Приращение доли при отказе от наследства

Если наследник отказался от принятия наследства, но не заявил, в чью пользу он отказался, его доля добавляется к доле призванных к наследованию по закону наследников, а если все наследство распределено завещанием, - к доле наследников по завещанию и распределяется между ними пропорционально их долям, если завещанием не предусмотрено иное.

Статья 1200. Отказ единственного наследника от наследства

Если наследник, отказавшийся от наследства, является единственным наследником среди наследников данной очереди, наследство переходит к наследникам следующей очереди.

Статья 1201. Отказ в пользу нескольких наследников

Если наследник отказывается от принятия наследства в пользу нескольких лиц, он может указать долю каждого из них. При отсутствии такого указания его доля делится поровну между наследниками, в пользу которых был заявлен отказ от принятия наследства.

Статья 1202. Отказ от наследства в пользу внуков

Отказ от наследства в пользу внука (внучки) допускается, если ко дню открытия наследства не будет в живых его родителя, который должен был бы быть наследником наследодателя, или если внук является наследником по завещанию.

Статья 1203. Недопустимость отказа казны от принятия наследства

Казна не вправе отказаться от принятия перешедшего к ней наследства.

Статья 1204. Недопустимость отказа после внесения заявления в нотариальный орган

Не допускается отказ от наследства после того, как наследник внес в нотариальный орган по месту открытия наследства заявление о принятии наследства или о получении свидетельства о наследовании.

Статья 1205. Необратимость отказа от наследства

1. Заявление наследника об отказе от принятия наследства необратимо.
2. Если наследником является недееспособное или ограниченно дееспособное лицо, отказ от наследства допускается с разрешения суда.

Статья 1206. Отказ при фактическом владении наследством

Наследник, фактически приступивший к владению или управлению наследством, в течение времени, установленного для принятия наследства, может отказаться от принятия наследства, о чем должен обратиться с заявлением в нотариальный орган.

Статья 1207. Переход права на отказ по наследству

1. Право на отказ от наследства переходит по наследству.
2. Если наследник умер до истечения срока, установленного для отказа от принятия наследства, то этот срок не заканчивается до истечения времени, оставшегося после смерти наследника.
3. Каждый из нескольких наследников умершего наследника может отказаться только от своей наследственной доли.

Статья 1208. Отказ от принятия наследства через представителя

Отказ от наследства через представителя возможен, если в поручении (доверенности) специально предусмотрено полномочие на отказ.

Статья 1209. Срок оспаривания отказа

Принятие или отказ от принятия наследства могут быть оспорены в течение двух месяцев со дня, когда заинтересованное лицо узнало о том, что для этого имеется соответствующее основание.

Статья 1210. Время наступления правовых последствий принятия  наследства

Правовые последствия принятия или отказа от принятия наследства наступают с момента открытия наследства.