Mazmuny

9 BÖLÜM. WESÝETNAMANYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGI

1169 madda. Wesýetnamanyň ýerine ýetiriliş subýektleri

Wesýetnamada ýerine ýetirmeli görkezilmedik halatynda, ol wesýetnama boýunça mirasdarlaryň üstüne ýüklenýär. Mirasdarlar özara ylalaşmak boýunça wesýetnamany ýerine ýetirmegi şolaryň, birine ýa-da başga bir şahsa ynanyp biler.

1170 madda. Wesýetnamany ýerine ýetirijini bellemek

Wesýetnamalaýyn buýruklary anyk ýerine ýetirmek maksady bilen wesýet ediji wesýetnama boýunça mirasdarlaryň hataryndan wesýetnamany ýerine ýetirijileriň birini ýa-da birnäçesini, şonuň ýaly mirasdar bolmadyk başga bir şahsy wesýetnama bilen belläp biler. Soňraky ýagdaýda wesýetnamany ýerine ýetirijiniň razylygy zerur bolup, şol razylygy wesýetnamanyň özüne ýa-da wesýetnama goşulýan arzada ýazgy arkaly beýan etmelidir.

1171 madda. Wesýetnamany ýerine ýetirmekden ýüz döndermek

Wesýetnamany ýerine ýetiriji özüne wesýet ediji tarapyndan ýüklenen borçlardan islendik wagt ýüz döndermäge haklydyr, bu barada wesýetnama boýunça mirasdarlary deslapdan duýdurmalydyr.

1172 madda. Wesýetnamany ýerine ýetirijini üçünji şahsyň bellemegi

Wesýet ediji wesýetnamany ýerine ýetirijini bellemegi üçünji şahsa tabşyryp biler, ol bolsa miras ýüze çykandan soň şobada wesýetnamany ýerine ýetirijini belläp hem bu barada mirasdarlara habar bermelidir. Ol şol tabşyrygy ýerine ýetirmekden ýüz dönderip biler, bu barada şeýle hem mirasdarlara şobada habar bermelidir.

1173 madda. Wesýetnamany dolulygyna ýa-da bölekleýin ýerine ýetirmek

Wesýetnamany ýerine ýetirijä wesýetnamany dolulygyna ýa-da onuň buýruklarynyň käbirlerini ýerine ýetirmek tabşyrylyp bilner.

1174 madda. Mirasy goramak we dolandyrmak

Miras ýüze çykan pursatyndan başlap, wesýetnamany ýerine ýetiriji mirasy goramaga we dolandyrmaga girişmelidir; ol wesýetnamany ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ähli hereketleri ýerine ýetirmäge doly ygtyýarlydyr. Şol ygtyýarlaryň çäginde mirasdarlar mirasy dolandyrmak hukugyny ýitirýärler.

1175 madda. Mirasy birnäçe ýerine ýetirijiler tarapyndan goramak we dolandyrmak

Eger wesýetnamany ýerine ýetiriji birnäçe bolsa, özbaşdak hereketlerde diňe mirasy goramak maksatlarynda ýol berilýär, başga ýagdaýlarda olaryň arasynda razylyk zerurdyr.

1176 madda. Wesýetnamany ýerine ýetirmek boýunça çykdajylary tölemek

1. Besýetnamany ýerine ýetiriji öz borçlaryny muzdsuz ýerine ýetirýär, eger wesýetnamada hak göz öňünde tutulan bolsa, hak hem alyp biler.
2. Wesýetnamany ýerine ýetiriji emlägi goramak we dolandyrmak boýunça edilen zerur çykdajylary emläkden tölemäge hukuga eýedir.
3. Mirasdar bolup durmaýan wesýetnamany ýerine ýetiriji beýleki çykdajylary mirasdan geçiirmäge hakly däldir, muňa Kodeksiň 1244 maddasynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

1177 madda. Ýerine ýetirijiniň hasabaty

Wesýetnama ýerine ýetirilenden soň, mirasdarlaryň talaby boýunça wesýetnamany ýerine ýetiriji öz işi hakynda olara hasabat bermelidir. Wesýetnamany ýerine ýetiriji ähli mirasdarlar tarapyndan miraslyk kabul edilýänçä öz wezipelerini ýerine ýetirýär.

1178 madda. Besýetnamany ýerine ýetirijini aýyrmak

Ýerine ýetiriji tarapyndan öz borçlaryny ýerine ýetirende gyzyklanýan tarap wesýetnamany ýerine ýetirijini aýyrmak talaby bilen suda ýüzlenip biler.

1179 madda. Wesýetnamany ýerine ýetirijiniň jogapkärçiligi

Eger wesýetnamany ýerine ýetiriji wesýetnama bilen öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmekden bilkastlaýyň ýa-da gödek seresapsyzlygy boýunça yza çekilse we şonuň bilen mirasdarlara zyýan ýetirse, onda ol ýetirilen şol zyýan üçin jogapkärçilik çekmelidir.

Раздел 9. Исполнение завещания

Статья 1169. Субъекты исполнения завещания

В случае отсутствия указания в завещании его исполнение возлагается на наследников по завещанию. Наследники могут по взаимному соглашению доверить исполнение завещания одному из них или другому лицу.

Статья 1170. Назначение исполнителя завещания

В целях точного исполнения завещательных распоряжений завещатель может назначить завещанием одного или нескольких исполнителей завещания как из числа наследников по завещанию, так и другое лицо, не являющееся наследником. В последнем случае необходимо согласие исполнителя завещания, которое он должен выразить надписью на самом завещании или в приложенном к завещанию заявлении.

Статья 1171. Отказ от исполнения завещания

Исполнитель завещания вправе в любое время отказаться от возложенной на него завещателем обязанности, о чем предварительно должен предупредить наследников по завещанию.

Статья 1172. Назначение исполнителя завещания третьим лицом

Завещатель может поручить назначение исполнителя завещания третьему лицу, которое после открытия наследства должно незамедлительно назначить исполнителя завещания и сообщить об этом наследникам. Оно может отказаться от выполнения этого поручения, о чем также незамедлительно должно сообщить наследникам.

Статья 1173. Исполнение завещания полностью или частично

Исполнителю завещания может быть поручено исполнение завещания полностью или отдельных его распоряжений.

Статья 1174. Охрана и управление наследством

Исполнитель завещания обязан с момента открытия наследства приступить к охране и управлению наследством; он правомочен выполнять все действия, необходимые для исполнения завещания. В пределах этих правомочий наследники теряют право управления наследством.

Статья 1175. Охрана и управление наследством несколькими исполнителями

Если исполнителей завещания несколько, единоличные действия допускаются только в целях охраны наследства, в иных случаях необходимо согласие между ними.

Статья 1176. Возмещение расходов по исполнению завещания

1. Исполнитель завещания выполняет свои обязанности безвозмездно, хотя может получать вознаграждение, если таковое предусмотрено завещанием.
2. Исполнитель завещания имеет право возмещения из наследства необходимых расходов, произведенных по хранению и управлению имуществом.
3. Исполнитель завещания, не являющийся наследником, не вправе производить другие расходы из наследства, кроме случаев, предусмотренных статьей 1244 настоящего Кодекса.

Статья 1177. Отчет исполнителя

После исполнения завещания исполнитель завещания обязан по требованию наследников представить им отчет о своей деятельности. Исполнитель завещания выполняет свои функции до принятия наследства всеми наследниками.

Статья 1178. Отстранение исполнителя завещания

При исполнении исполнителем своих обязанностей заинтересованное лицо может обратиться в суд с требованием отстранения исполнителя завещания.

Статья 1179. Ответственность исполнителя завещания

Если исполнитель завещания умышленно или по грубой неосторожности отступит от исполнения возложенных на него завещанием обязанностей и этим причинит вред наследникам, он должен нести ответственность за этот вред.