Mazmuny

8 BÖLÜM. WESÝETNAMANYŇ ÜÝTGEDILMEGI ÝA-DA
ÝATYRYLMAGY

1157 madda. Wesýetnamany üýtgetmegiň mümkinçilikleri

Wesýet ediji wesýetnamany hemişe üýtgedip ýa-da ýatyryp biler:
a) ozalky wesýetnamanyň ýa-da onuň täze wesýetnama ters gelýän bölegini gös-göni ýatyrýan täze wesýetnamanyň düzülmegi bilen;
b) notarial organa arza hödürlemek bilen;
w) westiýetnamanyň nusgalyklarynyň ählisiniň wesýet ediji tarapyndan ýa-da notariusyň buýrugy bilen ýok edilmegi netijesinde.

1158 madda. Ýatyrylan wesýetnamanyň dikeldilmegine ýol bermezlik

Wesýet edilmegi netijesinde düzülen wesýetnama ýatyrylanda, soň, düzülen wesýetnama arza bermek ýoly bilen ýatrylan halatynda hem dikeldilip bilinmez.

1159 madda. Birnäçe wesýetnama

Eger wesýet ediji birnäçe wesýetnama düzen bolsa, şolar bir-biriniň, üstüni doldursa-da bir-birini dolulygyna çalşyrmaýar, ähli wesýetnamalar güýjüni saklaýar. Öňki wesýetnamanyň tabşyryklary soňraky wesýetnama bilen üýtgedilmänsoň ol öz güýjüni saklaýar.

1160 maddd. Notarial wesýetnamanyň ileri tutulmagy

1. Eger bir şahs birnäçe wesýetnama düzüp, şolaryň diňe biri notarial formada düzülen bolsa, notarial formada düzülen wesýetnama artykmaçlyk berilýär.
2. Notarial wesýetnama başga formadaky wesýetnama bilen çalşyrylyp bilinmez.

1161 madda. Wesýetnamanyň güýjüni ýitiren diýip hasaplamagyň esaslary

Wesýetnama şu aşakdaky ýagdaýda güýjüni ýitirýär, eger:
a) öz peýdasyna wesýetnama  düzülen şahs wesýet edijiden öň ölen halatynda:
b) wesýet edilen emläk wesýet edijniň diri wagtynda ýitirilse ýa-da ol tarapyndan eýeçilikden aýrylsa;
w) ýeke-täk mirasdar miras almakdan ýüz dönderse.

1162 madda. Wesýetnamanyň hakyky däldigi

1. Umuman geleşikleriň hakyky däldigine gerirýän ýagdaýlar bar bolanda wesýetnama hakyky däl hasaplanýar.
2. Kanuna ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerine garşy gelýän wesýet-namalaýyn buýruklar, şeýle hem düşnüksiz ýa-da bir-birine garşy gelýan şertler hakyky däldir.
3. Eger wesýetnama kanuny tarapyndan bellenen kadalaryň bozulmagy bilen şeýle hem şahs öz herekeginiň ähmiýetini bilmedik we ony gönükdirip bilmedik ýagdaýynda düzülen bolsa, sud tarapyndan ol hakyky däl hasaplanyp bilner.

1163 madda. Käbir wesýetnamalaýyn buýruklaryň hakyky däldigi

1. Mirasda zady bolmadyk mirasy edinmäge çagyrýan wesýetnamanyň esasyndaky buýruk hakyky däldir.
2. Eger miras emläginde pul summasy bolmadyk halatynda, şony kimedir birine wesýet edilende wesýetnamanyň şonuň ýaly buýrugy hakyky däldir.
3. Mirasdaryň belli bir döwür üçin ýa-da miras galdyryjynyň ölen gününden däl-de, eýsem gijräk mirasy aljakdygy hakyndaky, şeýle hem mirasdar ölenden soň mirasyň geçmeli şahsyny görkezmek hakyndaky wesýetnamanyň buýrugy hakyky däldir.

1164 madda. Wesýetnamalaýyn buýrugy ýerine ýetirmek mümkin däldigi netijesinde onuň hakyky däldigi

Mirasdaryň saglyk ýagdaýy boýunça ýa-da beýleki obýektiw sebäplere gorä, ýerine ýetirip bolmajak wesýetnamanyň, buýrugy mirasdaryň talap arzasy boýunça hakyky däl diýlip hasaplanyp bilner.

1165 madda. Wesýetnamalaýyn buýruklaryň biriniň hakyky däldiginiň netijeleri

Eger wesýetnamalaýyn buýruklaryň birnäçesinden biri hakyky däl ýa-da güýjüni ýitiren bolsa we miras galdyryjy başga buýruklary galdyrmadyk bolsa, wesýetnamanyň beýleki buýruklary güýjünde galýar.

1166 madda. Wesýetnama hakyky däl ýagdaýynda mirasyň alynmagy

Wesýetnama hakyky däl diýlip hasaplanan ýagdaýynda, şol wesýetnama bilen miras edinmek hukugyndan mahrum edilen mirasdar umumy esaslarda mirasy almaga haklydyr.

1167 madda. Wesýetnamanyň hakykydygyna jedelleşmek

Wesýetnamanyň hakykydygyna mirasdarlar tarapyndan kanun boýunça we başga gyzyklanýan taraplar tarapyndan geleşigiň hakyky däldigine getirýän ýagdaýlar babatda jedelleşilip bilner.
 
1168 madda. Hak isleýşini bildirmegiň möhleti

1.Wesýetnamanyň güýjüni ýitiren diýip hasaplamak hakyndaky talap arzasy miras ýüze çykan gününden iki ýylyň dowamynda bildirilip bilner.
2. Hak isleýişiniň şol wagt mütdeti wesýet ediji kesekiniň emlägini özüniňki hökmünde mirasdara ýalňyş wesýet edende emläk eýesiniň talap arzasyna degişli bolmaýar.

Раздел 8. Изменение или отмена завещания

Статья 1157. Возможности изменения завещания

Завещатель всегда может изменить или отменить завещание:
а) составлением нового завещания, прямо отменяющего предыдущее завещание или его часть, которая противоречит новому завещанию;
б) внесением заявления в нотариальный орган;
в) уничтожением всех экземпляров завещания завещателем или по его распоряжению - нотариусом.

Статья 1158. Недопустимость восстановления отмененного завещания

Завещание, отмененное составленным впоследствии завещанием, не может быть восстановлено и в том случае, если завещание, составленное позднее, будет отменено путем внесения заявления.

Статья 1159. Несколько завещаний

Если завещатель составил несколько завещаний, но они дополняют и полностью не заменяют друг друга, все завещания сохраняют силу. Предыдущее завещание сохраняет силу постольку, поскольку его предписания не изменены последующим завещанием.

Статья 1160. Приоритет нотариального завещания

1. Если одно лицо составило несколько завещаний, из которых только одно составлено в нотариальной форме, преимущество отдается завещанию, составленному в нотариальной форме.
2. Нотариальное завещание не может быть отменено завещанием иной формы.

Статья 1161. Основания признания завещания утратившим силу

Завещание  теряет силу, если:
а) лицо, в пользу которого составлено завещание, умрет раньше завещателя;
б) завещанное имущество утрачено при жизни завещателя или отчуждено им;
в) единственный наследник откажется от принятия наследства.

Статья 1162. Недействительность завещания

1. Завещание признается недействительным при наличии обстоятельств, которые влекут недействительность сделок вообще.
2. Завещательные распоряжения, противоречащие закону или общественным интересам, а также условия, которые неясны или противоречат друг другу, - недействительны.
3. Завещание может быть признано судом недействительным, если оно составлено с нарушением установленных законом правил, а также в таком состоянии, когда лицо не могло осознавать значения своего действия и направлять его.

Статья 1163. Недействительность отдельных завещательных распоряжений

1. Распоряжение завещания, на основании которого происходит призвание к наследованию вещи, которой нет в наследстве, - недействительно.
2. Если кому-либо завещана денежная сумма, которой нет в наследственном имуществе, такое распоряжение завещания недействительно.
3. Недействительно распоряжение завещания о том, что наследник получит наследство на определенный период или не со дня смерти наследодателя, а позднее, и также об указании на лицо, к которому должно перейти наследство после смерти наследника.

Статья 1164. Недействительность завещательного распоряжения  вследствие невозможности его исполнения

Распоряжение завещания, которое не может быть выполнено наследником по состоянию здоровья или по другим объективным причинам, может быть признано недействительным по иску наследника.

Статья 1165. Последствия недействительности одного из завещательных распоряжений

Если из нескольких завещательных распоряжений недействительно или утратило силу одно и наследодатель не оставлял других распоряжений, остальные распоряжения завещания остаются в силе.

Статья 1166. Получение наследства в случае недействительности завещания

В случае признания завещания недействительным наследник, который лишен этим завещанием права наследования, вправе получить наследство на общих основаниях.

Статья 1167. Оспаривание действительности завещания

Действительность завещания может быть оспорена наследниками по закону и иными заинтересованными лицами по обстоятельствам, влекущим недействительность сделки.

Статья 1168. Срок предъявления иска

1. Иск о признании завещания утратившим силу может быть предъявлен в течение двух лет со дня открытия наследства.
2. Этот срок исковой давности не распространяется на иск собственника, когда завещатель неправильно завещал наследнику чужое имущество как свое.