Mazmuny

7 BÖLÜM. WESÝETNAMALAÝYN ÝÜZ  DÖNDERIŞ

1142 madda. Düşünje

Wesýet ediji mirasdaryň üstüne haýsydyr bir borçnamanyň (wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş - legaty) bir ýa-da birnäçe şahsyň peýdasy üçin mirasyň hasabyna ýerine ýetirilmegini ýükläp biler.

1143 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş predmeti

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş predmeti hökmünde aljak miras emlägine gelýän eýeçilikdäki wesýetnamalaýyn ýüz dönderişiň (legatoriniň) berilmegi, hukukdan ýa-da başga zatly hukuk mirasa girmeýän emlägiň edinilmegi we oňa berilmegi, belli bir işiň edilmegi, hyzmatlaryň edilmegi we başgalar berlip bilner.

1144 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş esasynda ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmak

Ýaşaýyş jaýy, kwartira ýa-da başga jaý geçýän mirasdaryň üstüne miras ýüze çykýança azyndan bir ýyl miras galdyryjy bilen bilelikde ýaşan, adama jaýdan ýa-da onuň belli bir böleginden ömürlik peýdalanmak hukugyny bermegi ýükläp biler. Soňra ýaşaýyş ýasaýyna eýeçilik hukugy geçende ömürlik peýdalanmak güýjünde galýar.

1145 madda. Ýaşaýyş jaýyndan ömürlik peýdalanmak hukugynyň mizemezligi

1. Ýaşaýyş jaýyny ömürlik peýdalanmak hukugy mizemezdir we ol wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş alanyň mirasdarlaryňa geçýär.
2. Eger wesýetnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýaşaýyş jaýyndan ömürlik peýdalanmak hukugy şol jaýda wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş alanyň maşgala agzalarynyň ýaşamagy üçin esas  bolup durmaýar.

1146 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmegiň çäkleri

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen mirasdar wesýet edilen mirasyň hakyky gymmatynyň çäklerinde ondan miras galdyryjynyň bergilerinden tölemegi oňa tabşyrylan bölegi aýymak bilen ýerine ýetirmelidir.

1147 maada. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişiň beýleki mirasdarlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi

Eger wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmek tabşyrylan mirasdar miras ýüze çykýança ölse ýa-da mirasdan ýüz dönderse, wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmek borjy, eger wesýetnamada başgaça görkezilmedik bolsa, onuň paýyny alan beýleki mirasdarlara geçýär.

1148 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmegiň bes edilmegi

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen mirasdar ölen halatynda, eger ýerine ýetirmek şonsuz mümkin bolmasa, wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmek borjy bes edilýär.

1149 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi mirasdaky paýyna proporsionallykda ýerine ýetirmek

Eger wesýetnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, wesýet-namalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmek mirasdarlaryň birnäçesine ýüklenende, şolaryň her biri ony mirasdaky paýa proporsionallykda ýerine ýetirýär.

1150 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmegiň möhleti

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy miras ýüze çykan gününden başlap, hasaplanýan talap arzasynyň üç ýyllyk möhletiniň çäklerinde wesýetnamalaýyn ýüz dönderişiň ýerine ýetirilmegini talap etmäge haklydyr.

1151 madda. Hökmany paý alnanda wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmek we hökmany paýy almak hukugy üstüne ýüklenende wesýetnama boýunça mirasdar diňe wesýet edilen emlägiň, hökmany paýdan artyk böleginiň çäklerinde şol wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirýär.

1152 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjynyň jogapkärçiligi

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy miras galdyryjynyň bergileri üçin jogapkärçilik çekmeýär.

1153 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş ýüz dönderilmegi

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi kabul etmekden ýüz döndermäge haklydyr.

1154 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmekden boşatmak

Eger wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy ony kabul etmekden ýüz dönderse, wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen mirasdar şony ýerine ýetirmek borjundan boşadylýar.

1155 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişiň mirasdarlara geçmegi

Eger wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy miras ýüze çykandan soň ölse, emma wesýetnamalaýyn ýüz dönderişiň, alynmagyna razylyk bermäge ýetişmese, şol ýüz dönderişi almaga hukuk şoňa derek wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi aljak mirasdarlara geçýär.

1156 madda. Umumy peýdaly maksatlar üçin wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş

1. Wesýet ediji emläk häsiýetli, şeýle hem emläk däl häsiýetli umumy peýdaly maksatlaryň haýsydyr bir hereketini ýerine ýetirmegi mirasdara tabşyryp biler.
2. Eger tabşyrylan hereket emläge dahylly bolsa, wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi düzgünleşdiriji normalar ulanylýar.
3. Umumy peýdaly maksatlaryň haýsydyr bir hereketini ýerine ýetirmegi wesýetnama arkaly tabşyrylan mirasdar ölen halatynda, şol borçnamanyň ýerine ýetirilmegi beýleki mirasdarlara geçýär.
4. Mirasdardan oňa tabşyrylan hereketi ýerine ýetirmegi sud boýunça wesýetnamany ýerine ýetiriji, emma şol ýok ýerinde islendik mirasdar, şeýle hem gyzyklanýan jemgyýetçilik we dini guramasy, fond, döwlet organlary ýa-da ýerli özüňi  dolandyryş organlary talap edip biler.

Раздел 7. Завещательный отказ

Статья 1142. Понятие

Завещатель может возложить на наследника исполнение за счет наследства в пользу одного или нескольких лиц какого-либо обязательства (завещательный отказ-легат)

Статья 1143. Предмет завещательного отказа

Предметом завещательного отказа может быть передача получателю завещательного отказа (легаторию) входящих в наследственное имущество вещей в собственность, пользование или с иным вещным правом, приобретение и передача ему имущества, которое не входит в наследство, исполнение определенной работы, оказание услуг и прочее.

Статья 1144. Пользование жилым помещением на основании завещательного отказа

Завещатель вправе возложить на наследника, к которому переходят жилой дом, квартира или иное жилое помещение, обязанность передать лицу, проживавшему совместно с наследодателем не менее одного года до открытия наследства, права пожизненного пользования помещением или его определенной частью. При последующем переходе права собственности на жилое помещение пожизненное пользование сохраняет силу.

Статья 1145. Неотчуждаемость права пожизненного пользования жилым помещением

1. Право пожизненного пользования жилым помещением неотчуждаемо и не переходит к наследникам получателя завещательного отказа.
2. Право пожизненного пользования жилым помещением не представляет собой основания для проживания в этом помещении членов семьи получателя завещательного отказа, если завещанием не предусмотрено иное.

Статья 1146. Пределы исполнения завещательного отказа

Наследник, на которого возложено исполнение завещательного отказа, должен исполнить его в пределах действительной стоимости завещанного наследства за вычетом той части долгов наследодателя, погашение которых ему выпало.

Статья 1147. Исполнение завещательного отказа другими наследниками

Если наследник, которому поручено исполнение завещательного отказа, умер до открытия наследства или он отказался от наследства, обязанность исполнения завещательного отказа переходит к другим наследникам, получившим его долю, если из завещания не вытекает иное.

Статья 1148. Прекращение исполнения завещательного отказа

В случае смерти наследника, на которого возлагается исполнение завещательного отказа, обязательство исполнения завещательного отказа прекращается, если без его участия исполнение невозможно.

Статья 1149. Исполнение завещательного отказа пропорционально доле в наследстве

Когда исполнение завещательного отказа возложено на нескольких наследников, каждый из них исполняет его пропорционально своей доле в наследстве, если завещанием не предусмотрено иное.

Статья 1150. Срок исполнения завещательного отказа

Получатель завещательного отказа вправе потребовать исполнения завещательного отказа в пределах трехлетнего срока исковой давности, исчисляемого со дня открытия наследства.

Статья 1151. Завещательный отказ при получении обязательной доли

Когда наследник по завещанию, на которого возложено исполнение завещательного отказа, имеет и право получения обязательной доли, он исполняет завещательный отказ только в пределах той части завещанного имущества, которую он получил сверх обязательной доли.

Статья 1152. Ответственность получателя завещательного отказа

Получатель завещательного отказа не несет ответственность за долги наследодателя.

Статья 1153. Отказ от завещательного отказа

Получатель завещательного отказа вправе отказаться от принятия завещательного отказа. В этом случае соответствующая доля наследства остается наследнику, на которого будет возложен завещательный отказ.

Статья 1154. Освобождение от исполнения завещательного отказа

Если получатель завещательного отказа откажется от его принятия, наследник, на которого возложено исполнение завещательного отказа, освобождается от обязанности его исполнения.

Статья 1155. Переход завещательного отказа к наследникам

Если получатель завещательного отказа умер после открытия наследства, но не успел дать согласие на принятие завещательного отказа, право получения этого отказа переходит к его наследникам, которые вместо него примут завещательный отказ.

Статья 1156. Завещательный отказ в общеполезных целях

1. Завещатель может поручить наследнику исполнение какого-либо действия в общеполезных целях, что может иметь как имущественный, так и неимущественный характер.
2. Если порученное действие касается имущества, применяются нормы, регулирующие завещательный отказ.
3. В случае смерти наследника, которому завещанием поручалось совершение какого-либо действия в общеполезных целях, исполнение этого обязательства переходит к другим наследникам, принявшим наследство.
4. Требовать у наследника исполнения порученного ему действия может по суду исполнитель завещания, а если нет такового, то любой наследник, а также заинтересованная общественная и религиозная организация, фонд, государственные органы или органы местного самоуправления.