Mazmuny

6 BÖLÜM. HÖKMANY PAÝ

1130 madda. Düşünje

Miras galdyryjynyň çagalaryna, onuň ene-atasyna we ärine (aýalyna) wesýetnamanyň mazmunyna garamazdan kanun boýunça miras edinmekde (hökmany paý) olara degişli paýyň ýarysyny düzmeli bolan hökmany paý degişlidir.

1131 madda. Hökmany paýyň talap hukugynyň döreýiş pursaty

Hökmany paýa bolan talap hukugy miras ýüze çykan pursatyndan döreýär. Şeýle talaba bolan hukuk miras boýunça geçýär.

1132 madda. Hökmany paýyň möçberiniň kesgitlenmegi

Hökmany paýyň doly möçberi wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ýa umumy ähmiýetli maksatlaryň hereketini ýerine ýetirmek üçin göz öňünde tutulan emlägi goşmak bilen ähli mirasdan bellenilýär.

1133 madda. Mirasdarlaryň her biriniň hökmany paýynyň kesgitlenmegi

Mirasdarlaryň her biriniň hökmany paýy kesgitlenende, eger wesýetnama bolmadyk bolsa, mirasy almaly bolan ähli mirasdarlar hasaba alynmalydyr.

1134 madda. Alnan emlägi hökmany paýa goşmak

Hökmany paýy almaga hukugy bolan şahs hökmany paýa miras galdyryjy diri mahalynda şondan ähli alan zadyny - alnany paýa goşmaga degişlidigini görkezip, şony hasaplamaga borçludyr.

1135 madda. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişden ýüz döndermegiň netijeleri

Hökmany paýy almaga hukugy bolan şahs we şol bir wagtyň özünde wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi (legata) almaly hasaplanýan, eger wesýetnamalaýyň ýüz dönderişi ret etse, hökmany paýy talap edip biler. Eger ol wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi ret etmese, onda wesýetnamalaýyň ýüz dönderiş gymmatynyň çäklerinde hökmany paýy edinmäge hukugy ýitirýär.

1136 madda. Wesýetnamada göz öňünde tutulmadyk emläkden hökmany paýyň bölünip berilmegi

Eger wesýetnema bilen ähli emläk göz öňünde tutulmasa, hökmany paý, birinji nobatda, wesýetnama tarapyndan göz öňünde tutulmadyk emläkden bölünip berilýär, eger ol ýeterlik bolmasa, wesýetnamada göz öňünde tutulan emlägiň hasabyna üsti ýetirilýär.

1137 madda. Hökmany paýyň sowgat berlen zadyň hasabyna artdyrylmagy

Eger miras galsyryjy üçünji şahsa zat berse, onda hökmany paýa hukugy bolan şahs, eger sowgat berlen zat mirasa girse, onuň hökmany paýyna näçe summa artýan bolsa, paýyň üstüne şonça summada doldurmagy talap edip biler.
Eger sowgat berlenden soň miras ýüze çykýan pursatyna çenli on ýyl geçen bolsa, sowgat hasaba alynmaýar.

1138 madda. Paýyň üstüni doldurmagy talap etmek hukugy

Eger kanun boýunça miras edilende hökmany paý almaga hukugy bolan adama alynmaly paýyň ýarsyndan az bolan emläk wesýet edilende, ol kanun boýunça miraslyk edinilende almaly boljak paýdan wesýetnama boýunça alan paýynyň ýarysyndan az paýy talap edip biler.

1139 madda. Hökmany paýyň alynmagyndan ýüz döndermek

1. Hökmany paýy almaga hukugy bolan mirasdar şony almakdan ýüz dönderip biler, emma munuň özi beýleki şärik mirasdalarlaryň, hökmany paýynyň artmagyna getirmeýär. Onuň paýy miras boýunça mirasdarlara geçýär.
2. Hökmany paýy kabul etmek ýa-da ondan ýüz dönderiş mirasy kabul etmek ýa-da ondan ýüz dönderiş üçin bellenilen wagtyň dowamynda geçirilmelidir.

1140 madda. Hökmany paýy almak hukugyndan mahrum etmek

1. Hökmany paýa bolan hukukdan mahrum etmek, umuman mirasa bolan hukukdan mahrum etmäge getirýär.
2. Hökmany paýy almaga bolan hukukdan mahrum etmek miras galdyryjynyň heniz diri mahalynda suda ýüzlenmegi arkaly geçirilip bilner.
3. Hökmany paýy almak hukugyndan mahrum etmek hakynda sud tarapyndan çykarylan çözgüt miras ýüze çykan pursatyndan hereket edýär. Şonuň ýaly netije miras galdyryjy heniz diri mahalynda suda ýüz tutanda gelip çykýar, emma çözgüt ol aradan çykandan soň kabul edilýär.

1141 madda. Hökmany paýyň wesýetnama boýunça mirasdarlara geçmegi

Hökmany paýy almak hukugyndan mahrum edilen mirasdaryň paýy wesýetnama boýunça mirasdarlara geçýär.

Раздел 6. Обязательная доля

Статья 1130. Понятие

Детям наследодателя, его родителям и супругу (супруге), независимо от содержания завещания, принадлежит обязательная доля, которая должна составлять половину доли, причитавшейся им при наследовании по закону (обязательная доля).

Статья 1131. Момент возникновения права требования обязательной доли

Право требования обязательной доли возникает с момента открытия наследства. Право такого требования переходит по наследству.

Статья 1132. Определение объема обязательной доли

Полный объем обязательной доли определяется из всего наследства, включая имущество, которое предусмотрено для выполнения завещательного отказа или какого-либо действия в общеполезных целях.

Статья 1133. Определение обязательной доли каждого из наследников

При определении обязательной доли каждого из наследников должны учитываться все наследники по закону, которые были бы призваны для получения наследства, если бы не было завещания. Наследники по завещанию во внимание не принимаются.

Статья 1134. Зачет полученного имущества в обязательную долю

Лицо, имеющее право на получение обязательной доли, обязано засчитать в обязательную долю все то, что получило от наследодателя при его жизни, - с указанием на то, что принятое подлежит зачету в обязательную долю.

Статья 1135. Последствия отказа от завещательного отказа

Лицо, имеющее право получения обязательной доли и в то же время являющееся получателем завещательного отказа (легата), может потребовать обязательную долю, если откажется от завещательного отказа. Если оно не откажется от завещательного отказа, то теряет право на обязательную долю в пределах стоимости завещательного отказа.

Статья 1136. Выделение обязательной доли из имущества, не предусмотренного завещанием

Если завещанием предусмотрено не все наследственное имущество, обязательная доля выделяется в первую очередь из непредусмотренного завещанием имущества, а если этого недостаточно, - восполняется за счет предусмотренного завещанием имущества.

Статья 1137. Увеличение обязательной доли за счет подаренной вещи

Если наследодатель  подарил вещь третьему лицу, то лицо, имеющее право на обязательную долю, может потребовать восполнения обязательной доли на сумму, на которую возрастет его обязательная доля, если подаренная вещь войдет в наследство. Подарок не принимается в счет, если ко времени открытия наследства после передачи подарка прошло десять лет.

Статья 1138. Право требовать восполнения доли

Если лицу, имеющему право на получение обязательной доли, завещано имущество, которое меньше половины доли, которую он получил бы при наследовании по закону, он может потребовать ту долю, на которую полученная им по завещанию доля меньше половины доли, которую он получил бы при наследовании по закону.

Статья 1139. Отказ от принятия обязательной доли

1. Наследник, имеющий право на получение обязательной доли, может отказаться от ее принятия, но это не влечет увеличения обязательной доли других сонаследников. Его доля переходит к наследникам по завещанию.
2. Принятие обязательной доли или отказ от нее должны быть произведены в течение времени, установленного для принятия наследства или отказа от него.

Статья 1140. Лишение права получения обязательной доли

1. Лишение права обязательной доли возможно при наличии обстоятельств, которые влекут лишение права на наследование вообще.
2. Лишение права получения обязательной доли может быть произведено наследодателем еще при его жизни путем обращения в суд.
3. Решение, вынесенное судом о лишении права получения обязательной доли, действует с момента открытия наследства. Такой же результат наступает, когда наследодатель еще при своей жизни обратился в суд, но решение было принято после его смерти.

Статья 1141. Переход обязательной доли к наследникам по завещанию

Доля наследника, лишенного права получения обязательной доли, переходит к наследникам по завещанию.