Mazmuny

4 BÖLÜM. WESÝETNAMANYŇ FORMASY

1116 madda. Notarial forma

1. Wesýetnama ýazmaça görnüşde (formada) düzülmelidir. Şunda ýazmaça wesýetnama notarial formada ýa-da şonsuz ýol berilýär.
2. Notarial forma wesýetnamanyň wesýet ediji tarapyndan ýazylyp we gol çekilip hem notarius tarapyndan tassyklanmagyny, notarius ýok ýerinde arçynlaryň tassyklamagyny talap edýär.

1117 madda.  Notarius tarapyndan wesýetnamanyň ýazgysy

1. Iki sany şaýadyň gatnaşmagynda wesýet edijiniň dilinden wesýetnamany ýazyp almagyna notariusa ýol berilýär.
2. Notarius tarapyndan wesýet edijiniň, dilinden ýazylyp alnan wesýetnamany  notariusyň we şaýadyň gatnaşmagynda wesýet ediji okap hem gol çekmelidir.

1118 madda. Notariusa barabar deňleşdirilen şahslar

Wesýetnama tassyklananda notariusa şular barabar edilýär:
a) keselhananyň, gospitalyň, özge kesel-bejeriş edarasynyň, sanatoriniň baş wraçy, naçalnigi, olaryň medisina bölümi baradaky orunbasarlary, inwalidler we garrylar öýüniň direktory ýa-da baş wraçy, eger wesýet ediji şol edarada bejerdýän ýa-da ýaşaýan bolsa;
b) gözleg, geografik we şoňa meňzeş ekspedisiýalaryň naçalnikleri, eger wesýet ediji şeýle ekspedisiýada bolsa;
w) eger wesýet ediji korablda ýa-da howa gämisinde bolsa, korablyň ýa-da howa gämisiniň kapitany;
g) eger harby bölümiň ýerleşýän punktunda notarius ýok bolsa hem-de eger wesýet ediji harby bölümde harby gullukçy ýa-da gullukçy, graždan şahsy ýa-da onuň maşgala agzasy bolsa, harby bölümiň, birikmäniň we uçilişäniň komandiri (naçalnigi);
d) eger wesýet ediji azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde bolsa, azatlykdan mahrum ediliş ýeriniň naçalnigi.

1119 madda. Wesýetnamanyň başga şahs tarapyndan gol çekilmegi

Eger wesýet ediji haýsydyr bir sebäbe görä özi gol çekip bilmejek bolsa, onuň haýyşy boýunça wesýet edijiniň özüniň we notariusyň gatnaşmagynda başga bir şahs gol çekip biler. Şunda wesýet edijiniň gol çekip bilmändiginiň sebäbi görkezilmelidir.

1120 madda. Ker-lal we kör şahsyň wesýetnamasy

1. Eger wesýet ediji ker-lal ýa-da ol ker-lal we sowatsyz bolsa, ol iki sany şaýadyň gatnaşmagynda notariusda wesýetnama buýrugyny etmelidir we şol şaýatlaryň biri işiň özenini oňa düşündirmegi başarýan şahs bolmalydyr hem-de öz goly bilen wesýetnamanyň mazmunynyň wesýet edijiniň erkine laýyk gelýändigini tassyklamalydyr.
2. Wesýet ediji kör ýa-da sowatsyz bolsa, ol üç sany şaýadyň, gatnaşmagynda notariusda wesýetnama buýrugyny etmelidir, bu barada degişli ýazgy edilip oňa okap berilmelidir.
3. Ýazýan we okap berýän şaýatlar hökmünde bolup biler, ýöne ýazýan okap beriji bolmaly däldir.
4. Ýazgyda ýazgyny kim geçiren bolsa we ony wesýet edijä kim okap beren bolsa görkezilmelidir. Ýazgy şaýatlar tarapyndan gol çekilen we notarius tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.

1121 madda. Wesýetnamanyň şaýatlary

Kemala gelmedik, kämillik ukyby bolmadyk şahslar, wesýetnama boýunça mirasdarlar we olaryň ata-babalaryna barýan hatar boýunça we şolardan tä soňky nesle çenli gelýän hatar boýunça garyňdaşlary, uýalary, doganlary, äri-aýaly we wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy (legatoriý) wesýetnamanyň şaýatlary bolup bilmezler.

1122 madda. Wesýetnama syry

Notarius, wesýetnamany tassyklaýan beýleki şahs, şaýat, şeýle hem wesýet edijä derek wesýetnama gol çekenler, miras ýüze çykýança wesýetnamanyň mazmunyna, onuň düzümine, üýtgeýşine ýa-da ýatyrylşyna dahylly maglumatlary jar etmäge hakly däldir.

1123 madda. Öýde edilýän wesýetnama

Wesýet ediji öz eli bilen wesýetnama ýazyp we oňa gol çekip biler.

1124 madda. Wesýetmamanyň notariusda saklanmagy

1. Wesýet ediji öz eli bilen ýazan we gol çeken wesýetnamasyny agzy ýapylan bukjada notariusa  (ýa-da beýleki degişli wezipeli şahsa)  üç şaýadyň gatnaşmagynda gowşuryp biler, bu barada bukjanyň ýüzünde onuň goly bilen tassyklanylýar.
2. Wesýetnamanyň şeýle görnüşi notariusda (ýa-da beýleki degişli wezipeli şahsda) onuň resmi deponirlenmegi üpjün edilmelidir.

1125 madda. Tehniki serişdeleri ulanmak bilen wesýetnamanyň düzülmegi

Wesýetnamanyň teksti umumy kabul edilen tehniki serişdänin kömegi bilen beýan edilip bilner, emma goly wesýet edijiniň özi goýmalydyr. Şeýle ýagdaýda wesýetnama iki şaýadyň gatnaşmagynda wesýet ediji tarapyndan düzülip we gol çekilmelidir, şol iki şaýat wesýetnamanyň tehniki serişdeler ulanylyp, şolaryň gatnaşmagynda düzülendigini tassyklaýar. Şaýatlar tarapyndan wesýetnamanyň tassyklanmagy wesýet ediji tarapyndan oňa gol çekilenden soň şobada geçirilmelidir, bu wesýet edijiniň we şaýatlaryň, atlaryny, familiýalaryny we ýaşaýan ýerlerini görkezmek bilen, iki şaýadyň gatnaşmagynda wesýetnamada degişli ýazgyny ýazmak ýoly bilen amala aşyrylýar.

1126 madda. Ýapyk wesýetnama

1. Wesýet edijiniň islegine görä, şaýatlar wesýetnamanyň mazmuny bilen tanyşman (ýapyk wesýetnama) ony tassyklamalydyr. Şeýle ýagdaýda şaýatlar wesýetnama düzülende gatnaşmalydyr.
2. Ýapyk wesýetnama tassyklananda şaýatlar özleriniň gatnaşmagynda wesýet edijinin özi tarapyndan wesýetnamanyň düzülendigini, emma onuň mazmunynyň özlerine nämälimdigini görkezmelidir.

1127 madda. Wesýetnamanyň düzülen senesi

Wesýetnamada onuň düzülen wagty görkezilmelidir.
Eger wasýetnama düzülen, wesýetnamanyň üýtgedilen ýa-da onuň ýatyrylan wagty, şeýle hem birnäçe wesýetnama bolan ýagdaýynda wesýet edijiniň kämillik ukyby babatda şübhelenme aradan aýrylmasa, diňe şonda wagtyň görkezilmändigi wesýetnamanyň hakyky däldigine getirýär.

1128 madda. Wesýetnamanyň mazmuny bilen gyzyklanýan taraplaryň tanyşmagy

Wesýet ediji ölenden soň notarius gün belläp hem gyzyklanýan taraplary wesýetnamanyň mazmuny bilen tanyşdyrýar, bu barada degişli protokol düzülmelidir. Eger wesýetnamanyň goýlan bukjasynyň agzy ýapyk bolsa, onuň möhüriniň bütewiligi bellenilmelidir.

Раздел 4. Форма завещания

Статья 1116. Нотариальная форма

1. Завещание должно быть составлено в письменной форме. При этом допускается письменное завещание в нотариальной форме или без таковой.
2. Нотариальная форма требует, чтобы завещание было составлено и подписано завещателем и удостоверено нотариусом, а там, где нет нотариуса, - арчыном.

Статья 1117. Запись завещания нотариусом

1. Допустимо, чтобы завещание со слов завещателя записал нотариус в присутствии двух свидетелей. При записи завещания могут  быть применены общепринятые технические средства.
2. Завещание, записанное нотариусом со слов завещателя, должен прочесть завещатель и подписать в присутствии нотариуса и свидетеля.

Статья 1118. Лица, приравненные к нотариусу

При удостоверении завещания к нотариусу приравниваются:
а) главный врач, начальник, их заместители по медицинской части и дежурный врач больницы, госпиталя, иного лечебного учреждения, санатория, директор или главный врач дома инвалидов и престарелых, если завещатель лечится или проживает в этом учреждении;
б) начальник поисковых, географических и других подобных экспедиций, если завещатель находится в такой экспедиции;
в) капитан корабля или воздушного судна, если завещатель находится на корабле или воздушном судне;
г) командир (начальник) воинской части, соединения, учреждения и училища, если в пункте дислокации воинской части нет нотариуса и если завещатель является военнослужащим или служащим в воинской части, гражданским лицом либо членом его семьи;
д) начальник места лишения свободы, если завещатель находится в местах лишения свободы.

Статья 1119. Подписание завещания другим лицом

Если завещатель по какой-либо причине сам не может подписать завещание, по его просьбе подписаться может другое лицо в присутствии самого завещателя и нотариуса. При этом должны быть указаны причины, по которым завещатель не смог подписать завещание.

Статья 1120. Завещание глухонемого и слепого лица

1. Если завещатель глухонемой или он глухонемой и неграмотен, завещательное распоряжение он должен сделать у нотариуса в присутствии двух свидетелей и одного такого лица, которое может разъяснить ему суть дела и подтвердить своей подписью, что содержание завещания соответствует воле завещателя.
2. Завещатель, который слеп или неграмотен, завещательное распоряжение должен сделать у нотариуса в присутствии трех свидетелей, о чем должна быть сделана и прочитана ему соответствующая запись.
3. Записывающими и прочитывающими могут быть свидетели, но записывающий не должен быть прочитывающим.
4. В записи должно быть указано, кто сделал запись и кто прочитал ее завещателю. Запись должна быть подписана свидетелями и удостоверена нотариусом.

Статья 1121. Свидетели завещания

Свидетелями завещания не могут быть несовершеннолетние лица, признанные недееспособными, наследники по завещанию и их родственники по восходящей и нисходящей линии, сестры, братья, супруг (супруга) и получатель завещательного отказа (легаторий).

Статья 1122. Тайна завещания

Нотариус, другое лицо, удостоверившее завещание, свидетель, а также лица, подписавшие завещание вместо завещателя, не вправе до открытия наследства разглашать сведения, касающиеся содержания завещания, его составления, изменения или отмены.

Статья 1123. Домашнее завещание

Завещатель может собственноручно написать завещание и подписать его.

Статья 1124. Хранение завещания у нотариуса

1. Завещатель может собственноручно написанное и подписанное заявление в запечатанном конверте передать нотариусу (или другому соответствующему должностному лицу) в присутствии трех свидетелей, что удостоверяется его подписью на конверте.
2. Хранение такого вида завещания должно быть обеспечено его официальным  депонированием у нотариуса (или другого соответствующего должностного лица).

Статья 1125. Составление завещания с использованием технических средств

Текст завещания может быть изложен при помощи общепринятого технического средства, но подпись должна быть исполнена завещателем. В таком случае завещание должно быть составлено и подписано завещателем в присутствии двух свидетелей, которые подтвердят, что завещание было составлено в их присутствии с использованием технического средства. Удостоверение завещания свидетелями должно быть произведено незамедлительно после его подписания завещателем, путем соответствующей надписи на завещании в присутствии завещателя и двух свидетелей, с указанием имен, фамилий и места жительства свидетелей.

Статья 1126. Закрытое завещание

1. По желанию завещателя свидетели должны удостоверить завещание, не ознакомливаясь с его содержанием (закрытое завещание). В таком случае свидетели должны присутствовать при составлении завещания.
2. При удостоверении закрытого завещания свидетели должны указать, что завещание составлено лично завещателем в их присутствии, но его содержание им неизвестно.

Статья 1127. Дата составления завещания

В завещании должна быть указана дата его составления. Отсутствие даты влечет недействительность завещания только тогда, когда не будут рассеяны сомнения по поводу дееспособности завещателя во время составления, изменения или отмены завещания, а также при наличии нескольких завещаний.

Статья 1128. Ознакомление заинтересованных лиц с содержанием завещания

После смерти завещателя нотариус назначает день и ознакомливает с содержанием завещания заинтересованных лиц, о чем должен быть составлен соответствующий протокол. Если конверт, в котором находится завещание, был запечатан, должна быть отмечена целостность печати.