Mazmuny

3 BÖLÜM. WESÝETNAMA BOÝUNÇA MIRAS

1103 madda. Düşünje

Fiziki şahs ölüm ätiýajy üçin özüniň emlägini ýa-da onuň bir bölegini öz toparyndaky mirasdarlaryň birine ýa-da birnäçesine, şeýle hem keseki şahslara galdyryp bliler.

1104 madda. Wesýet ediji bolup biljek şahs

Kämillik ýaşyňa ýeten kämillik ukyby bolan şahs, ýagny wesýetnama düzülen pursatynda öz hereketleri hakynda paýhasly seretmegi we öz erkini aýdyň beýan etmegi başarýan şahs wesýet ediji bolup  biler.

1105 madda. Wesýet edijiniň hususy özi tarapyndan wesýetnamanyň düzülmegi

Wesýetnamany wesýet edijiniň hususy özi düzmelidir. Wekiliň üsti bilen wesýetnama düzmäge ýol berilmeýär.

1106 madda. Bilelikdäki wesýetnama

Wesýetnama miras galdyryjynyň biriniň buýrugyndan ybarat bolmalydyr. Wesýetnamany iki ýa-da şondan hem köp şahs bolup bilelikde wesýetnama düzmäge ýol berilmeýär.
Diňe är-aýal bilelikde miras edinmek hakynda bilelikdäki wesýetnamany düzüp biler, ol heniz är- aýalyň ikisem dirikä, är-aýalyň biriniň talaby boýunça ýatyrylyp bilner.

1107 madda. Wesýetnama ediji tarapyndan paýyň bellenilmegi

1. Wesýet ediji mirasa wesýetnama bilen bellenen mirasdaryň wesýetnamada paýyny belläp ýa-da mirasdaryň haýsysyna haýsy emlägiň geçjekdigini anyk görkezip biler. Eger wesýetnamada şeýle görkezmek ýok bolsa, miras mirasdaryň arasynda deň bölünýär.
2. Eger wesýetnama bilen birnäçe mirasdar bellenen bolsa, ýöne onda diňe bir mirasdaryň paýy kesgitlenen bolsa, beýleki mirasdarlar galan emlägi des-deň alýarlar.

1108 madda. Wesýetnama boýunça mirasdarlaryň arasynda mirasyň paýlanmagy

Eger wesýetnama bilen birnäçe mirasdar bellenip we şol mirasdarlaryň birine bellenen paý ähli mirasy özüne jemleýän bolsa,  wesýetnama boýunça ähli mirasdarlar deň paý almalydyrlar.

1109 madda. Wesýetnamadan daşary galan emlägiň miras edinilmegi

Eger wesýetnama boýunça bellenilen mirasdarlaryň paýy tutuşlygyna ähli mirasy ýapmaýan bolsa, wesýetnamadan daşary galan emläge kanun boýunça miraslyk amala aşyrylýar, munuň özi, eger wesýetnamada başgaça göz öňünde tutulmasa, emlägiň galan bölegi kanun boýunça wesýet edilen beýleki mirasdarlar hem dahyllydyr.

1110 madda. Wesýetnama boýunça  mirasdarlaryň arasynda paýlaryň deň möçberde arytdyrylmagy

Eger diňe wesýetnama, boýunça  bellenen mirasdarlar bar bolsa, eger her bir mirasdara wesýetnama boýunça öz paýy bellenen bolsa, emma ählisiniň paýy bilelikde alanyňda emlägi dolulygyna ýapmaýan bolsa, olaryň, paýy deň möçberde artdyrylýar.

1111 madda. Paý bellenende üçünji şahsyň gatnaşmagyna ýolbermezlik 

Wesýet ediji mirasdan näçe paýy we haýsy möçberde kimiň almalydygyny kesgitlemegi başga bir şahsa tabşyryp bilmez.

1112 madda. Mirasdarlary anyk bellemegiň mümkin däldigi

Eger wesýet ediji mirasdaryň şahsyýetini, ýagny birnäçe şahsa degişli bolup biljek sypatlar esasynda bellese hem-de şolaryň haýsy birini wesýet ediji göz öňünde tutandygyny kesgitlemek mümkin bolmasa, şolaryň hemmesi deň paýa hukukly mirasdarlar hasaplanylýar.

1113 madda. Wesýetnama boýunça miras edinmek hukugyndan mahrum etmek

1. Wesýet ediji mirasdarlaryň birini, birnäçesini ýa-da ählisini wesýetnama boýunça mirasdan mahrum edip biler we şony esaslandyrmaga borçly däldir.
2. Wesýetnamada gös - göni görkezmek arkaly mirasdan mahrum edilen adam, emlägiň wesýetnama girmedik bölegine, şeýle hem wesýetnama boýunça mirasdarlar mirasy kabul etmekden ýüz öwren halatynda, kanun boýunça mirasdar bolup bilmez.

1114 madda. Miras edinmäge hukugyň saklanylmagy

Wesýetnamada görkezilmedik kanun boýunça mirasdarlar mirasyň wesýetnama galtaşmadyk bölegine hukuga eýedirler; olar şeýle hem, eger miraslygyň ýüze çykan pursatyna wesýetnama boýunça mirasdarlaryň hiç biri diri bolmadyk ýa-da mirasy kabul etmekden olaryň hemmesiniň ýüz öwren halatynda, wesýetnamada göz öňünde tutulan emlägi alarlar.

1115 madda.  Kanun boýunça miras edinilmegine ýol bermezlik

Eger wesýetnama bilen ähli miras emlägi wesýetnama boýunça mirasdarlaryň arasynda  paýlanan bolsa, emma mirasyň ýüze çykan wagtyna  mirasdarlaryň biri diri bolmasa, kanun boýunça miras edinmek ýüze çykmaýar we onuň emläk paýyny wesýetnama boýunça beýleki mirasdarlar des-deň alarlar.

Раздел 3. Наследование по завещанию

Статья 1103. Понятие

Физическое лицо может на случай смерти оставить свое имущество или его часть одному или нескольким лицам как из круга наследников, так и посторонним.

Статья 1104. Лицо, которое может быть завещателем

Завещателем может быть совершеннолетнее дееспособное лицо, которое могло в момент составления завещания разумно судить о своих действиях и ясно выразить свою волю.

Статья 1105. Составление завещания лично завещателем

Завещание должен составить лично завещатель. Составление завещания через представителя не допускается.

Статья 1106. Совместное завещание

Завещание должно содержать распоряжение одного наследодателя. Совместное составление завещания двумя или более лицами не допускается. Только супруги могут составить совместное завещание о взаимном наследовании, которое может быть отменено по требованию одного из супругов, но еще при жизни обоих супругов.

Статья 1107. Определение доли завещателем

1. Завещатель может определить в завещании доли назначенных завещанием наследников из наследства, или указать, конкретно какому из наследников отойдет какое имущество. Если в завещании нет такого указания, наследство делится между наследниками поровну.
2. Если завещанием назначено несколько наследников, но в нем определена доля только одного наследника, остальные наследники получают оставшееся имущество в равных долях.

Статья 1108. Распределение наследства между наследниками по завещанию

Если завещанием назначено несколько наследников и определенная одному из наследников доля включает в себя все наследство, все наследники по завещанию должны получить равные доли.

Статья 1109. Наследование имущества, оставшегося вне завещания

Если доли назначенных по завещанию наследников целиком не покрывают всего наследства, на оставшееся вне завещания имущество осуществляется наследование по закону, которое касается и тех наследников по закону, которым была завещана часть имущества, если завещанием не предусмотрено иное.

Статья 1110. Соразмерное увеличение долей между наследниками по завещанию

Если имеются только назначенные по завещанию наследники, их доли соразмерно увеличиваются, если каждому наследнику по завещанию определена своя доля, но доли всех, взятые вместе, не исчерпывают наследства полностью.

Статья 1111. Недопустимость участия третьего лица при определении доли

Завещатель не может поручить другому лицу определение того, кто должен получить долю из наследства и в каком размере.

Статья 1112. Невозможность точного установления наследников

Если завещатель определил личность наследника такими признаками, которые могут подойти к нескольким лицам, и невозможно определить, кого из них имел в виду завещатель, все они считаются наследниками с правом на равные доли.

Статья 1113. Лишение права наследования по завещанию

1. Завещатель может лишить наследства по завещанию одного, нескольких или всех наследников по закону и не обязан мотивировать это.
2. Лицо, лишенное наследства прямым указанием в завещании, не может стать и наследником по закону на ту часть имущества, которая не вошла в завещание, а также и тогда, когда наследники по завещанию отказались от принятия наследства.

Статья 1114. Сохранение права на наследование

Наследники по закону, не указанные в завещании, сохраняют право наследования на ту часть наследства, которой не коснулось завещание; они также получат и имущество, предусмотренное завещанием, если к моменту открытия наследства нет в живых ни одного из наследников по завещанию или все они отказались от принятия наследства.

Статья 1115. Недопустимость наследования по закону

Если завещанием все наследственное имущество было распределено между наследниками по завещанию, но ко времени открытия наследства одного из наследников нет в живых, наследование по закону не возникает и его долю имущества поровну получат другие наследники по завещанию.