Mazmuny

2 BÖLÜM. KANUN BOÝUNÇA MIRAS EDINMEK

1096 madda. Kanun boýunça mirasdarlar

1. Kanun boýunça miras edilende deň paýly hukuga şular mirasdar bolup durýar:
birinji nobatda – çagalar (şol sanda ogullyga alnanlar), äri – aýaly we öleniň ene – atasy (ogullyga alyjylar), şeýle hem ölenden soň onuň doglan çagasy;
ikinji nobatda – öleniň doganlary we uýalary, onuň atasy we enesi, babasy we mamasy.
2. Ogullyga alnan we onuň nesli  ata-enesi we ata-babalaryna barýan hatar boýunça beýleki gandüşer garyndaşlary, şeýle hem gandüşer uýalary we doganlary ölenden soň miras almaýarlar.
Ogullyga alnanyň ene-atasy we onuň ata-babalaryna barýan hatar boýunça gaňdüşer garyndaşlary, şeýle hem onuň gandüşer uýalary we doganlary ogullyga alnan we onuň nesli ölenden soň miras almaýarlar.
3. Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger miraslyk ýüze çykan döwründe, miras galdyryjylaryň mirasdarlary bolmaly şolaryň ene-atalary diri bolmasa, başga görkezilenler kanun boýunça mirasdarlar hasaplanylýar hem-de kanun boýunça miraslyk edinilende olaryň ölen ene-atalaryna degişli bolup biljek paýa deň derejede miras alýarlar.
Agtyklar, çowluklar we ýuwluklar, eger olaryň ene-atalary mirasy almakdan ýüz öwren bolsalar, mirasdar bolup bilmezler.

1097 madda. Kanun boýunça miras edinmekde nobatlylyk

Öňki nobatda mirasdarlaryň hatda biriniň bolmagy soňky nobatyň miras edinmegini aradan aýyrýar.

1098 madda. Miras edinilende zähmet çekmäge ukypsyz şahslaryň hukuklary

Miras galdyryjnyň eklenjinde bolan we özbaşdak özlerini ekläp bilmeýän zähmete ukypsyz şahslar, eger olar wesýetnamada agzalmadyk bolsa, mirasdan saklamak üçin alimentleri talap etmäge haklydyr. Saklamak görnüşinde tölenmäge degişli summanyň möçberi miraslyk aktiwiniň möçberini hasaba almak bilen azaldylyp bilner.

1099 madda. Miras edinilende aýrylyşan är-aýalyň ýagdaýy

Nikasyny bozan är-aýal bir-biriniň yzyňdan mirasdar bolup bilmez.

1100 madda. Nika bozulanda miras hukugyndan mahrum edilmek

Eger miras galdyryjy bilen nika miras ýüze çykmazdan üç ýyl öň hakykatda bes edilen bolsa we är-aýal aýratyň ýaşan bolsalar, suduň çözgüdi bilen äri miras edinmek hukugyndan kanun boýunça mahrum edilip bilner.

1101 madda. Nika hakyky däl diýlip ykrar edilmegi netijesinde miras edinmek hukugynyň ýitirilmegi

Eger nikany hakyky däl diýip hasap etmäge esaslar bolan bolsa we miras galdyryjy tarapyndan talap arzasy berlen bolsa, är-aýalyň haýsy hem bolsa biriniň ölüp, beýleki diri galany miras edinmek hukugyny ýitirýär.

1102 madda. Mirasdarlary bolmadyk emlägiň gazna geçmegi

1. Eger ne kanun boýunça, ne wesýetnama boýunça mirasdarlar bolmasa ýa-da olaryň hiç biri mirasy almadyk bolmasa ýa ähli mirasdarlar miras edinmek hukugyndan mahrum bolsalar, mirasdarlary bolmadyk emläk gazna geçýär; Eger miras galdyryjy garrylar, inwalidler, kesel bejeriş edaralarynyň, terbiýeçilik edaralarynyň we sosial üpjünçilik edaralarynyň saklamagynda bolan bolsa, şolaryň eýeçiligine geçýär.
2. Mirasdarlary bolmadyk emläk jemgyýetiň aksiýalary görnüşinde ýa-da kooporatiwde üleş, paý görnüşinde bolsa, eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk halatda, şolara geçýär.

Раздел 2. Наследование по закону

Статья 1096. Наследники по закону

1. При наследовании по закону наследниками с правом равной доли являются:
в первую очередь - дети (в том числе усыновленные), супруг и родители (усыновители) умершего, а также ребенок умершего, родившейся после его смерти;
во вторую очередь - братья и сестры умершего, его дед и бабка как со стороны отца, так и со стороны матери.
2. Усыновленный и его потомство не наследуют после смерти родителей и других кровных родственников по восходящей линии, а также после смерти кровных сестер и братьев.
Родители усыновленного и другие его кровные родственники по восходящей линии, а также его кровные сестры и братья не наследуют после смерти усыновленного или его потомства.
3. Внуки, правнуки и дети последних считаются наследниками по закону, если ко времени открытия наследства нет в живых их родителей, которые должны были быть наследниками наследодателя, и наследуют поровну в той доле, которая при наследовании по закону причиталась бы их умершему родителю.
Внуки, правнуки и дети последних не могут быть наследниками, если их родители отказались от принятия наследства

Статья 1097. Очередность при наследовании по закону

Наличие хотя бы одного из наследников предыдущей очереди исключает наследование последующей очереди.

Статья 1098. Права нетрудоспособных лиц при наследовании

Нетрудоспособные лица, которые находились на иждивении наследодателя и не могут самостоятельно содержать себя, если они не упомянуты в завещании, вправе требовать содержание (алименты) из наследства. Размер суммы, подлежащей выплате в виде содержания, может быть уменьшен с учетом объема наследственного актива.

Статья 1099. Положение разведенных супругов при наследовании

Расторгнувшие брак супруги не могут быть наследниками друг после друга.

Статья 1100. Лишение права наследования при расторжении брака

Решением суда супруг может быть лишен права наследования по закону, если будет подтверждено, что брак с наследодателем не менее чем за три года до открытия наследства был прекращен фактически и супруги проживали раздельно.

Статья 1101. Утрата права наследования вследствие признания брака недействительным

Переживший супруг теряет право наследования, если существовали основания для признания брака недействительным и наследодателем был внесен иск.

Статья 1102. Переход к казне имущества, не имеющего наследников

1. Если нет наследников ни по закону, ни по завещанию или ни один из наследников не принял наследства, либо все наследники лишены права наследования, не имеющее наследников имущество переходит к казне; если наследодатель находился на содержании учреждений для престарелых, инвалидов, лечебных, воспитательных учреждений и учреждений социального обеспечения, - в их собственность.

2. Не имеющее наследников имущество в виде акций общества или доли, пая в кооперативе переходит к ним, если законом не предусмотрено иное.