Mazmuny

1 BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

1070 madda. Düşünje

1. Ölen şahsyň (miras berijiniň) emläginiň beýleki şahslara (mirasdarlara) geçmegi kanun boýunça ýa-da wesýetnama, ýa-da esaslaryň ikisi boýunça amala aşyrylýar.
2 Kanun boýunça miras-öleniň emläginiň kanunda görkezilen adama geçmegi, eger miras beriji wesýetnama goýmasa, ýa wesýetnama dolulygyna ýa-da bölekleýin hakyky däl diýlip ykrar edilende ulanylýar.

1071 madda. Mirasdarlar

Miras galdyrylan mirasdarlar şu aşakdaky ýagdaýlara görä bolup bilýär:
a) kanun boýunça - miras berijiniň ölen pursatyna çenli diri bolan adamlar, şeýle hem miras beriji ölenden soň janly dogan çagalary;
b) wesýetnama boýunça - miras berijiniň ölen pursatyna çenli şeýle hem ol ölenden soň diri bolan şahslar, şeýle hem özüniňki we özüninki däl çagalary, şeýle hem ýuridiki şahslar.

1072 madda. Ýuridiki şahslar mirasdarlar hökmünde

Wesýetnama boýunça mirasdarlyga mirasdarlyk ýüze çykýan pursatyna çenli ýuridiki şahslar çagyrylýar.

1073 madda. Nikasyz dogrulan çagalar kakasynyň mirasdary hökmünde

Nikasyz dogrulan çaga, eger onuň kakalygy kanunda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenen bolsa, kakasynyň mirasdary hasaplanýar. Eger şeýle çaga kakasyndan öň ölse, onuň çagalary özleriniň kakasyna degişli mirasyň paýyny talap edip bilerler.

1074 madda. Mynasyp däl mirasdar

Miras berijä onuň soňky erkini amal etmäge bilkastlaýyn päsgel beren we şonuň bilen ol ýa-da oňa ýakyn şahslaryň mirasdar bolmagyna ýa-da mirasda şolaryň paýynyň artmagyna ýardam eden ýa-da bilkastlaýyn jenaýat eden ýa wesýet edijiniň wesýetnamasynda beýan eden soňky erkininiň garşysyna başga ahlaksyz etmiş eden şahs, eger şeýle ýagdaýlar sud tarapyndan tassyklanan bolsa (mynasyp däl mirasdar) ne kanun boýunça, ne wesýetnama boýunça mirasdar bolup bilmez.

1075 madda. Mirasdar bolup bilmeýän ene-atalar

Ene-atalyk hukuklaryndan mahrum edilen we miras ýüze çykan gününe çenli şol hukuklary dikeldilmedik ene-atalar kanun boýunça çagalaryň mirasdarlary bolup bilmezler. Miras berijini saklamak boýunça üstlerine ýüklenen borçlardan zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan şahslar hem, eger şol ýagdaý sud tapapyndan tassyklanan bolsa kanun boýunça mirasdarlar bolup bilmezler.

1076 madda. Miras almaklygyň sud tarapyndan mahrum edilmegi

Mynasyp däl mirasdary miras almak hukugyndan mahrum etmek üçin esas bolan ýagdaý, mynasyp däl mirasdaryň miras edinmek hukugyndan mahrum edilmegi belli bir emläk netijelere getirip biljek ýagdaý onuň talap arzasy boýunça sud tarapyndan kesgitlenmelidir.

1077 madda. Mynasyp däl mirasdaryň bagyşlanmagy.

Miras almak hukugynyň ýitirilmegine getirýan hereketleri amala aşyrmakda belli bolan şahs, eger miras galdyryjy, şoňa garamazdan, ony bagyşlasa we öz kararyny wesýetnamada anyk formada beýan etse, şol şahs mirasa goýberilýär. Bagyşlamagy yzyna almaga ýol berilmeýär.

1078 madda. Mynasyp däl mirasdar hasaplanan şahsyň borçlary

Eger şahs miraslygy alandan soň sud tarapyndan mynasyp däl mirasdar hasaplansa, ol miraslyk boýunça ähli alnan miweleri we girdejiler bilen birlelikde ähli alnany yzyna gaýtaryp bermelidir.

1079 madda. Mynasyp däl mirasdar hasaplamak hakynda (talap arzasyny bildirmegiň möhleti

Şahsy mynasyp däl mirasdar hasaplamak hakynda gyzyklanýan şahs tarapyndan ol şahsyň mirasa eýelik edip başlan pursatyndan başlap,bäş ýylyň dowamynda talap arzasy berilmelidir.

1080 madda. Miraslyk hukugyndan mahrum edilen şahsyň miras paýy

1. Miraslyk hukugyndan mahrum edilen şahsyň miras paýy mirasa dahylly beýleki mirasdarlara geçýär hem-de şolaryň arasynda deň paýlanylýar.
2. Şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan kada, eger miras almak hukugyndan mahrum edilen şahs tarapyndan mirasdar bellenen bolsa, ulanylmaýar.

1081 madda. Miraslygyň ýüze çykmagy

Şahsyň ölmegi ýa-da onun ölendigi sud tarapyndan habar berilmegi netijesinde miraslyk ýüze çykýar.

1082 madda. Miraslygyň ýüze çykan wagty

Miras galdyryjynyň ölen güni ýa-da şahsy ölen diýip habar bermek hakynda suduň çözgüdiniň güýje giren güni miraslygyň ýüze çykan wagty hasaplanýar.

1083 madda. Bir günde ölen şahslaryň miraslygy

Miras almaga hukugy bolan şahslar biri biriniň yzyndan bir günde ölen halatynda, muňa garamazdan, olaryň her birinden soň miraslyk ýüze çykýar.

1084 madda. Şahsyň ölendigi habar berlenden soň miraslygyň ýüze çykmagy

Şu Kodeksiň 1141 maddasynda göz-öňünde tutulan netije, eger sud şol bir meňzeş ýagdaýlarda ýitmegi netijesinde bir topar şahslary ölen diýip habar beren halatynda ýüze çykýar; şunda olary ölen diýip habar bermek hakynda suduň çözgüdiniň güýje giren wagtynyň ähmiýeti ýok.

1085 madda. Miraslygyň ýüze çykan ýeri

1. Miraslygyň ýüze çykan ýeri diýlip, miras galdyryjynyň ýaşaýan ýeri, eger şol belli bolmasa, onda miraslygyň ýerleşýän ýeri hasaplanylýar;
2. Eger miraslyk dürli ýerlerde ýerleşýän bolsa, miraslygyň ýüze çykan ýeri diýip gozgalmaýan emlägiň ýa-da onuň gymmatly boleginiň ýerleşýän ýeri hasaplanýar, eger gozgalmaýan emläk ýok bolsa, gozgazlýan emlägiň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleyşýän ýeri hasaplanýar.

1086 madda. Daşary ýurtda ýaşaýan şahslaryň miraslygynyň ýüze çykan ýeri

Türkmenistanyň daşary ýurtda wagtlaýyn ýaşaýan we şol ýerde ölen Türkmenistanyň graždanynyň miraslygynyň ýüze çykan ýeri onuň daşary ýurda gitmezinden öň ýaşaýan ýeri hasaplanýar, emma şol näbelli bolsa, miraslygyň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleşýän ýeri miraslygyň ýüze çykan ýeri bolup durýar.

1087 madda. Daşary ýurtda hemişelik ýaşaýan şahslaryň miraslygynyň ýüze çykan ýeri

Daşary ýurtda hemişelik ýaşaýan graždan ölenden soň, onuň şol ýaşan ýurdy miraslygyň ýüze çykan ýeri hasaplanýar.

1088 madda. Daşary ýurtda miraslygyň ýüze çykmagy

Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenistanyň graždany daşary döwletde şol döwletiň kanunçylygyna laýyklykda miraslyk alýar.

1089 madda. Miraslyk emläk

1. Miraslyk (miraslyk emlägi) miras galdyrýjynyň emläk hukuklarynyň (miraslyk aktiwi), şeýle hem onuň borçlarynyň (miraslyk passiwi) jemini, ýagny miras galdyryjyda ölen pursatyna çenli bolan şolary özüne goşýar.
2. Umumy eýeçiligiň ölene degişli paýy mirasa girýär, eger emlägi naturada bölmek mümkin bolmasa, onda şol emlägiň gymmaty girýär.

1090 madda. Geljekki emläk

Miras galdyryjy wesýetnama düzlen wagty heniz onda bolmadyk emlägi, miraslygyň ýüze çykan pursatyna çenli onuň eýeçiliginde boljak şeýle emlägi wesýetnamada göz öňünde tutup biler.

1091 madda. Şahsy häsiýetli hukuklaryň we borçnamalaryň miras boýunça berilmegine ýol bermezlik

Şahsy häsiýeti bolan we diňe miras galdyryja degişli bolup biljek emläk hukuklary we borçnamalary, şeýle hem kreditoryň we bergidaryň diri mahalynda hereket edýän we şolaryň ölmegi bilen bes edilýän, kanun tarapyndan ýa-da şertnama tarapyndan göz öňünde tutulan hukuklar we borçnnamalar miraslygyň düzümine girmeýär.

1092 madda. Miras galdyryjynyň emläkleýin däl hukuklarynyň goralmagy

Miras galdyryjynyň miraslyga girmeýän emläkleýin däl hukuklary kanunda göz öňünde tutulan tertipde mirasdarlar tarapyndan amala aşyrylyp we goralyp bilner.

1093 madda. Wesýetnamada göz öňünde tutulan emlägi artdyrmagyň  netijeleri

Eger wesýet ediji wesýetnama düzülenden soň wesýetnamada göz öňünde tutulan gozgalmaýan emlägi şonuň ýaly emlägi edinmek bilen artdyran bolsa, wesýet edilen gozgalmaýan emläge ugurdaş bolsa hem, eger wesýetnama düzülenden soň edinilen emläk hakynda täze buýruk ýok bolsa, ol miraslyga girmez.

1094 madda. Şärikli mirasdarlar (mirasdaşlar)

Eger mirasdarlar birnäçe bolsa, mirasdarlaryň arasynda miras bölünmezden öň, ol bütewi görnüşinde ähli mirasdarlara degişlidir. Şol emläkden miras galdyryja seretmek we onuň keselini bejermek, jaýlamak, mirasy goramak we dolandyrmak, aýlyk iş hakyny bermek, wesýetnamany ýerine ýetirmek boýunça zerur çykdajylar geçirip bilner. Şol talaplar beýleki ähli talaplaryň öňünde, şol sanda üpjünçilikli ipotekanyň ýa-da başga girewiň  öňünde, mirasyň gymmatyndan artykmajy bilen kanagatlandyrylmalydyr.

1095 madda. Mirasdan zatlary talap edip almak hukugy

1. Eger wesýet ediji mirasdara zady nädogry goýan bolsa, onuň eýesi zady umumy tertipde talap edip almaga haklydyr.
2. Eger öleniň emläginde başga bir şahsyň zady gizlenip galan bolsa, emlägiň şol bölegini ýüze çykarmak hem-de ony degişli şahsa bermek hökmanydyr.

Раздел 1. Общие положения

Статья 1070. Понятие

1. Переход имущества умершего лица (наследодателя) к другим лицам (наследникам) осуществляется по закону или завещанию или по обоим основаниям.
2. Наследование по закону - переход имущества умершего к указанным в законе лицам - применяется, если наследодатель не оставил завещания, либо если завещание полностью или частично признано недействительным.

Статья 1071. Наследники

Наследниками могут быть при наследовании по:
а) закону - лица, которые находились в живых к моменту смерти наследодателя, а также дети наследодателя, родившиеся живыми после его смерти;
б) завещанию - лица, которые находились в живых к моменту смерти наследодателя, а также те, которые были зачаты при его жизни и родились после его смерти, несмотря на то, являются они его детьми или нет, а также юридические лица.

Статья 1072. Юридические лица как наследники

При наследовании по завещанию к наследованию призываются юридические лица, образованные к моменту открытия наследства.

Статья 1073. Внебрачные дети как наследники отца

Внебрачный ребенок считается наследником отца, если отцовство установлено в предусмотренном законом порядке. Если такой ребенок скончается раньше отца, его дети могут потребовать долю из наследства, которая полагалась их отцу.

Статья 1074. Недостойный наследник

Не может быть наследником ни по закону, ни по завещанию лицо, которое умышленно препятствовало наследодателю в осуществлении его последней воли и этим способствовало тому, чтобы он или близкие ему лица были призваны к наследованию или была увеличена их доля в наследстве, либо совершило умышленное преступление либо иной аморальный поступок против последней воли завещателя, выраженной в его завещании, если эти обстоятельства будут подтверждены судом (недостойный наследник).

Статья 1075. Родители, не могущие быть наследниками

Не могут быть наследниками детей по закону родители, лишенные родительских прав и ко дню открытия наследства не восстановленные в этих правах. Не могут быть наследниками по закону также лица, злостно уклонявшиеся от возложенных на них обязанностей по содержанию наследодателя, если это обстоятельство подтверждено судом.

Статья 1076. Лишение судом права наследования

Обстоятельство, представляющее собой основание для лишения недостойного наследника права наследования, должно быть установлено судом по иску лица, для которого лишение недостойного наследника права наследования влечет определенные имущественные последствия.

Статья 1077. Прощение недостойного наследника

Лицо, уличенное в совершении действий, влекущих утрату права наследования, несмотря на это, допускается к наследованию, если наследодатель простит его и это свое решение в ясной форме выразит в завещании. Отзыв прощения не допускается.

Статья 1078. Обязанности лица, признанного недостойным наследником

Если лицо признано судом недостойным наследником после получения наследства, оно обязано возвратить все полученное по наследству вместе с плодами и доходами.

Статья 1079. Срок предъявления иска о признании недостойным наследником

Иск о признании лица недостойным наследником должен быть предъявлен заинтересованным лицом в течение пяти лет с момента, когда это лицо вступило во владение наследством.

Статья 1080. Наследственная доля лица, лишенного права наследования

1. Доля лица, лишенного права наследования, переходит к остальным наследникам, призванным к наследованию, и распределяется между ними поровну.
2. Правило, предусмотренное пунктом 1 настоящей статьи, не применяется, если лицом, лишенным права наследования, был назначен наследник.

Статья 1081. Открытие наследства

Наследство открывается вследствие смерти гражданина или объявления его судом умершим.

Статья 1082. Время открытия наследства

Временем открытия наследства считается день смерти наследодателя или день вступления в силу решения суда об объявлении лица  умершим.

Статья 1083. Наследство лиц, умерших в один день

В случае смерти в один день лиц, имеющих право наследования друг за другом, наследство открывается после каждого из них независимо.

Статья 1084. Открытие наследства после объявления лица умершим

Предусмотренное в статье 1141 настоящего Кодекса последствие наступает и в случае, если суд объявил нескольких лиц умершими вследствие пропажи при одних и тех же обстоятельствах; при этом не имеет значения время вступления в силу решения об их объявлении умершими.

Статья 1085. Место открытия наследства

1. Местом открытия наследства считается место жительства наследодателя, а если оно неизвестно, - место нахождение наследства.
2. Если наследство находится в разных местах, местом открытия наследства считается место нахождения недвижимого имущества или его ценной части, а если недвижимого имущества нет, - место нахождения движимого имущества или его основной части.

Статья 1086. Место открытия наследства лиц, проживающих за границей

Местом открытия наследства после смерти гражданина Туркменистана, временно проживающего за границей и умершего там, является место его жительства до отъезда за границу, а если оно неизвестно - местонахождение наследства или его основной части.

Статья 1087. Место открытия наследства лиц, постоянно проживающих за границей

Местом открытия наследства после смерти гражданина, постоянно проживающего за границей, считается страна, где он проживал.

Статья 1088. Открытие наследства за границей

Гражданин Туркменистана, проживающий в Туркменистане, получает наследство в иностранном государстве в соответствии с законодательством этого государства.

Статья 1089. Наследственное имущество

1. Наследство (наследственное имущество) включает в себя совокупность как имущественных прав (наследственный актив) наследодателя, так и его обязанностей (наследственный пассив), которые наследодатель имел  к моменту смерти.
2. В наследство входит доля в общей собственности, причитавшаяся умершему, а если деление имущества в натуре невозможно, то стоимость этого имущества.

Статья 1090. Будущее имущество

Наследодатель может предусмотреть в завещании имущество, которого у него во время составления завещания еще не было, если к моменту открытия наследства такое имущество будет его собственностью.

Статья 1091. Недопустимость передачи по наследству прав и обязанностей личного характера

В состав наследства не входят имущественные права и обязанности, которые носят личный характер и могут принадлежать только наследодателю, а также предусмотренные законом или договором права и обязанности, действующие лишь при жизни кредитора и должника и прекращающиеся их смертью.

Статья 1092. Защита неимущественных прав наследодателя

Неимущественные права наследодателя, не входящие в наследство, могут быть осуществлены и защищены наследниками в предусмотренном законом порядке.

Статья 1093. Последствия увеличения предусмотренного завещанием имущества

Если завещатель после составления завещания увеличил предусмотренное завещанием недвижимое имущество путем приобретения такого имущества, которое хотя и сопутствует завещанному недвижимому имуществу, оно не войдет в наследство, если нет нового распоряжения об имуществе, приобретенном после составления завещания.

Статья 1094. Сонаследники

Если наследников несколько, наследство до его раздела между наследниками принадлежит всем наследникам в виде единого имущества. Из этого имущества могут быть произведены необходимые расходы по уходу за наследодателем и лечению заболевания последнего, похоронам, охране и управлению наследством, выдаче заработной платы, исполнению завещания. Эти требования должны быть удовлетворены из стоимости наследства преимущественно перед всеми другими требованиями, в том числе обеспеченными ипотекой или иным залогом.

Статья 1095. Право истребования вещи из наследства

1. Если завещатель неправильно оставил наследнику вещь, ее собственник вправе истребовать вещь в общем порядке.
2. Если в имуществе умершего скрыто находится имущество другого лица, обязательно выявление этой части имущества и передача соответствующему лицу.