Mazmuny

5-nji BÖLÜM. INTELLEKTUAL HUKUKLARYŇ
GORALMAGY

1066-njy madda. Intellektual hukuklaryň goralmagy bilen baglanyşykly jedeller

Bozulan ýa-da jedelli intellektual hukuklaryň goralmagy bilen baglanyşykly jedellere kazyýet tarapyndan seredilýär we çözülýär.

1067-nji madda. Intellektual hukuklaryň goralmagy

1. Intellektual hukuklar bozulan hukugyň düýp manysyny we şol hukugyň bozulmagynyň netijelerini hasaba almak bilen,  Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan usullar bilen goralýar.
2. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan intellektual hukuklary goramagyň usullary hukuk eýeleriniň, hukuklary köpçülikleýin esasda dolandyrmak boýunça guramalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda başga şahslaryň talaby boýunça ulanylyp bilner. 

1068-nji madda. Aýratyn hukuklaryň goralmagy

1. Intellektual işiň netijelerine we indiwiduallaşdyryş serişdelerine bolan aýratyn hukuklaryň goralmagy, hususanda, şu aşakdakylar hakynda talap bildirmek arkaly amala aşyrylýar:
1) hukugynyň ykrar edilmegi hakynda – şonuň bilen hukuk eýesiniň bähbitlerini bozup, hukugy inkär edýän ýa-da başgaça ykrar etmeýän şahs babatda;
2) hukugy bozýan ýa-da onuň bozulmagyna howp döredýän hereketleriň öňüni almak hakynda – şeýle hereketleri amala aşyrýan ýa-da oňa zerur taýýarlyk görýän şahs babatda;
3) ýitgileriň öwezini dolmak hakynda - intellektual işiň netijesini ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesini hukuk eýesi bilen ylalaşyk baglaşmazdan (şertnamasyz peýdalanmak) bikanun ulanýan, ýa-da onuň aýratyn hukugyny başgaça bozan we oňa zyýan ýetiren şahs babatda; 
4) esasan aýratyn hukuklaryň bozulmagyny amala aşyrmak üçin peýdalanylýan ýa-da niýetlenilen maddy göterijileri, enjamlary we materiallary elinden almak hakynda – ony taýýarlaýjy, import ediji, saklaýjy, daşaýjy, satyjy, gaýry ýaýradyjy, ynsapsyz satyn alyjy babatda;
5) hakyky hukuk eýesini görkezmek bilen, kazyýetiň goýberilen düzgün bozma barada çözgüdiniň çap edilmegi hakynda - aýratyn hukuk babatda.
2.
Intellektual işiň netijesine ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesine bolan aýratyn hukugyň bozulandygy barada güman edilýän maddy göterijiler, enjamlar we materiallar babatda aýratyn hukuklaryň bozulandygy hakyndaky işler boýunça talap bildirilmeginiň üpjün edilmegi tertibinde Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen üpjün ediş çäreleri kabul edilip bilner, şol sanda maddy göterijilere, enjamlara we materiallara tussag etmek çäresi ulanylyp bilner.
3. Intellektual işiň netijesi ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesi ýüze çykýan maddy göterijiler ýasalan, ýaýradylan ýa-da başgaça peýdalanylan, şeýle hem import edilen, daşalan ýa-da saklanylan halatynda, olar şeýle netijä ýa-da şeýle serişdä bolan aýratyn hukugyň bozulmagyna getiren halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda başga netijeler göz öňünde tutulmadyk bolsa, şeýle maddy göterijiler kontrafakt hasap edilýärler we kazyýetiň çözgüdi esasynda dolanyşykdan alynmaga we hiç bir öwezi dolunmazdan ýok edilmäge degişlidir.
4. Intellektual işiň netijesine ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesine bolan aýratyn hukugyň bozulmagy bellenilen tertipde ynsapsyz bäsleşik diýlip ykrar edilen halatlarynda bozulan aýratyn hukugyň goralmagy şu Kodeksde göz öňünde tutulan usullar bilen, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň başga kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylyp bilner.

1069-njy madda. Intellektual eýeçilik babatdaky gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

Intellektual eýeçiligiň çygryndaky gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.".

РАЗДЕЛ 5. ЗАЩИТА ИНТЕЛЛЕКТУАЛЬНЫХ ПРАВ

Статья 1066. Споры, связанные с защитой интеллектуальных прав

Споры, связанные с защитой нарушенных или оспоренных интеллектуальных прав, рассматриваются и разрешаются судом.

Статья 1067. Защита интеллектуальных прав

1. Интеллектуальные права защищаются способами, предусмотренными законодательством Туркменистана, с учётом существа нарушенного права и последствий нарушения этого права.
2. Способы защиты интеллектуальных прав, предусмотренные настоящим Кодексом, могут применяться по требованию правообладателей, организаций по управлению правами на коллективной основе, а также иных лиц в случаях, установленных законодательством Туркменистана.

Статья 1068. Защита исключительных прав

1. Защита исключительных прав на результаты интеллектуальной деятельности и средства индивидуализации осуществляется, в частности, путем предъявления требования:
1) о признании права - к лицу, которое отрицает или иным образом не признает право, нарушая тем самым интересы правообладателя;
2) о пресечении действий, нарушающих право или создающих угрозу его нарушения, - к лицу, совершающему такие действия или осуществляющему необходимые приготовления к ним;
3) о возмещении убытков - к лицу, неправомерно использовавшему результат интеллектуальной деятельности или средство индивидуализации без заключения соглашения с правообладателем (бездоговорное использование) либо иным образом нарушившему его исключительное право и причинившему ему ущерб;
4) об изъятии материального носителя, оборудования и материалов, главным образом используемых или предназначенных для совершения нарушения исключительных прав - к его изготовителю, импортеру, хранителю, перевозчику, продавцу, иному распространителю, недобросовестному приобретателю;
5) о публикации решения суда о допущенном нарушении с указанием действительного правообладателя - к нарушителю исключительного права.
2. В порядке обеспечения иска по делам о нарушении исключительных прав к материальным носителям, оборудованию и материалам, в отношении которых выдвинуто предположение о нарушении исключительного права на результат интеллектуальной деятельности или средство индивидуализации, могут быть приняты обеспечительные меры, установленные процессуальным законодательством Туркменистана, в том числе наложен арест на материальные носители, оборудование и материалы.
3. В случае, когда изготовление, распространение или иное использование, а также импорт, перевозка или хранение материальных носителей, в которых выражены результат интеллектуальной деятельности или средство индивидуализации, приводят к нарушению исключительного права на такой результат или такое средство, такие материальные носители считаются контрафактными и по решению суда подлежат изъятию из оборота и уничтожению без какой бы то ни было компенсации, если иные последствия не предусмотрены законодательством Туркменистана.
4. В случаях, когда нарушение исключительного права на результат интеллектуальной деятельности или на средство индивидуализации признано в установленном порядке недобросовестной конкуренцией, защита нарушенного исключительного права может осуществляться как способами,  предусмотренными настоящим Кодексом, так и в соответствии с иным законодательством Туркменистана.

Статья 1069. Государственное регулирование отношений в области интеллектуальной собственности

Регулирование отношений в сфере интеллектуальной собственности осуществляется уполномоченным государственным органом по интеллектуальной собственности.