Mazmuny

1-nji BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

1052-nji madda. Intellektual eýeçilik hukugynyň obýektleri

1. Intellektual eýeçilik hukugynyň obýektlerine intellektual işiň netijeleri we özlerine hukuk goragy berilýän, olara deňleşdirilen indiwiduallaşdyryş serişdeleri degişlidir.
2.
Şular intellektual işiň netijelerine degişlidir:
1) ylmy, edebiýat we sungat eserleri;
2) kompýuterler üçin programmalar;
3) maglumat binýatlary;
4)
ýerine ýetirijilik;
5) fonogrammalar, wideogrammalar;
6) radio ýa-da telewizion gepleşikleriň ýaýlymda ýa-da kabel boýunça göýberilmegi (ýaýlymda ýa-da kabelde alyp eşitdirişiň guralmagy);
7) oýlap tapyjylyk;
8) peýdaly nusgalar;
9) senagat nusgalary;
10) seleksiýanyň gazananlary;
11) integral mikroshemalaryň topologiýasy;
12) önümçilik syrlary (nou-hau);
13)
intellektual işiň Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlardaky başga netijeleri.
3. Ýuridik şahsyň indiwiduallaşdyryş serişdelerine, önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň ýa-da hyzmatlaryň indiwiduallaşdyryş serişdelerine şular degişlidir:
1) firma atlary;
2) haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary;
3) harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady;
4) täjirçilik belgileri;
5)
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda indiwiduallaşdyrmagyň beýleki serişdeleri.

1053-nji madda. Intellektual hukuklar

Intellektual işiň netijelerine we olara deňleşdirilen indiwiduallaşdyryş serişdelerine bolan hukuklar intellektual hukuklar diýlip ykrar edilýär. Intellektual hukuklara emläk hukugy bolup durýan aýratyn hukuk, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda bolsa, emläge degişli däl şahsy hukuklar we başga hukuklar hem (eýermäge hukuk, elýeterlilige hukuk we başgalar) degişlidir.

1054-nji madda. Intellektual hukuklar we eýeçilik hukugy

1. Intellektual hukuklar maddy göterijä (bir zada) eýeçilik hukugyna bagly däldir, onda degişlilikde intellektual işiň netijesi ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesi beýan edilendir.
2. Eýeçilik hukugynyň bir zada geçmegi şol zatda ýüze çykýan intellektual işiň netijesine ýa-da indiwiduallaşdyryş serişdesine bolan intellektual hukuklaryň geçmegine ýa-da berilmegine getirmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

1055-nji madda. Intellektual işiň netijesiniň awtory

1. Döredijilik zähmeti bilen şeýle netijäni döreden şahs intellektual işiň netijesiniň awtory diýlip ykrar edilýär.
Şeýle netijäniň döredilmegine şahsy döredijilik goşandyny goşmadyk, şol sanda onuň awtoryna tehniki, maslahat, guramaçylyk, maddy ýardam ýa-da kömek beren ýa şeýle netijä, ýa-da ony peýdalanmaga bolan hukuklaryň resmileşdirilmegine diňe ýardam eden, şeýle hem degişli işleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyran şahslar intellektual işiň netijesiniň awtory diýlip ykrar edilmeýärler.
2.
Intellektual işiň netijesiniň awtoryna ‒ awtorlyk hukugy, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda bolsa, ada bolan hukuk we başga şahsy emläk däl hukuklar degişlidir.
Awtoryň awtorlyk hukugy, ada bolan hukugy we başga şahsy emläk däl hukuklary aýrybaşgalanmaýar we başga birine berilmeýär. Ol hukuklardan boýun gaçyrylmagy ujypsyzdyr.
Awtorlyk we awtoryň ady möhletsiz goralýar. Awtor ýogalandan soň onuň awtorlygyny we adyny goramagy islendik gyzyklanýan adam amala aşyryp biler, awtoryň ýogalandan soň awtorlygyny, awtoryň adyny we eseriniň eldegrilmesizligini goramak ýüklenilýäniň, onuň wesýetini ýerine ýetirijiniň bellenilen halatlary muňa degişli däldir.
3.
Döredijilikli zähmet bilen döredilen, intellektual işiň netijesine bolan aýratyn hukuk ilki bilen onuň awtorynda ýüze çykýar. Bu hukuk awtor tarapyndan şertnama boýunça başga adama berlip bilner, şeýle hem kanunda bellenilen başga esaslar boýunça başga adamlara geçip biler.

4. Iki ýa-da şondan köp şahsyň (şärikli awtorlyk) bilelikdäki döredijilikli zähmeti bilen döredilen intellektual işiň netijesine bolan hukuklar awtorlara bilelikde degişlidir.

РАЗДЕЛ 1. ОБЩИЕ ПОЛОЖЕНИЯ

Статья 1052. Объекты права интеллектуальной собственности

1. К объектам права интеллектуальной собственности относятся результаты интеллектуальной деятельности и приравненные к ним средства индивидуализации, которым предоставляется правовая охрана.
2. К результатам интеллектуальной деятельности относятся:
1) произведения науки, литературы и искусства;
2) программы для компьютеров;
3) базы данных;
4) исполнения;
5) фонограммы, видеограммы;
6) сообщение в эфир или по кабелю радио- или телепередач (вещание организаций эфирного или кабельного вещания);
7) изобретения;
8) полезные модели;
9) промышленные образцы;
10) селекционные достижения;
11) топологии интегральных микросхем;
12) секреты производства (ноу-хау);
13) другие результаты интеллектуальной деятельности в случаях, предусмотренных законодательством и международными договорами Туркменистана.
3. К средствам индивидуализации юридического лица, индивидуализации продукции, выполняемых работ или услуг  относятся:
1) фирменные наименования;
2) товарные знаки и знаки обслуживания;
3) наименования мест происхождения товаров;
4) коммерческие обозначения;
5) другие средства индивидуализации в случаях, предусмотренных законодательством Туркменистана.

Статья 1053. Интеллектуальные права

Интеллектуальными правами признаются права на результаты интеллектуальной деятельности и приравненные к ним средства индивидуализации. Интеллектуальные права включают исключительное право, являющееся имущественным правом, а в случаях, предусмотренных законодательством Туркменистана, также личные неимущественные права и иные права (право следования, право доступа и другие).

Статья 1054. Интеллектуальные права и право собственности

1. Интеллектуальные права не зависят от права собственности на материальный носитель (вещь), в котором выражены соответствующие результат интеллектуальной деятельности или средство индивидуализации.
2. Переход права собственности на вещь не влечёт переход или предоставление интеллектуальных прав на результат интеллектуальной деятельности или на средство индивидуализации, выраженные в этой вещи, за исключением случаев, предусмотренных законодательством Туркменистана.

Статья 1055. Автор результата интеллектуальной деятельности

1. Автором результата интеллектуальной деятельности признаётся лицо, творческим трудом которого создан такой результат.
Не признаются авторами результата интеллектуальной деятельности лица, не внёсшие личный творческий вклад в создание такого результата, в том числе оказавшие его автору только техническое, консультационное, организационное,  материальное содействие или помощь либо только способствовавшие оформлению прав на такой результат или его использованию, а также лица, осуществлявшие контроль за выполнением соответствующих работ.
2. Автору результата интеллектуальной деятельности принадлежит право авторства, а в случаях, предусмотренных настоящим Кодексом, - право на имя и иные личные неимущественные права.
Право авторства, право на имя и иные личные неимущественные права автора неотчуждаемы и непередаваемы. Отказ от этих прав ничтожен.
Авторство и имя автора охраняются бессрочно. После смерти автора защиту его авторства и имени может осуществлять любое заинтересованное лицо, на которое он возлагает охрану авторства, имени автора и неприкосновенности произведения после смерти, за исключением случаев назначения автором исполнителя завещания.
3. Исключительное право на результат интеллектуальной деятельности, созданный творческим трудом, первоначально возникает у его автора. Это право может быть передано автором другому лицу по договору, а также перейти к другим лицам по иным основаниям, установленным законом.

4. Права на результат интеллектуальной деятельности, созданный совместным творческим трудом двух и более лиц (соавторство), принадлежат авторам совместно.