Mazmuny

2 BAP. PES HILLI ÖNÜMDEN ÝETEN ZYÝAN ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

1044 madda. Pes hilli önümi öndüreniň jogapkärçiligi

1. Pes hilli önümi öndüren horluk gören bilen şertnamalaýyn gatnaşykda durýandygyna garamazdan, şol önümden ýeten zyýan üçin şu aşakdaky ýagdaýlardan başga halatlarda, jogapkärçilik çekýär, ýagny:
a) ol şol önümi ýerleşdirmek üçin çykarmadyk bolsa;
b) işleriň ýagdaýyndan ugur alyp, zyýan ýetiren kemçilik önümde onuň goýberilen (çykarylan) wagtynda bolmandyr diýip çak etmäge mümkinçilik berse;
w) önümi satuw ýa-da beýleki hojalyk maksatlary üçin öz professional işiniň çäklerinde taýýarlanylmadyk bolsa;
g) önümiň kemçiligi bolup, ýöne ol çykarylanda onuň ýerleşdirilmegi üçin şol wagt hereket eden norma laýyk gelen bolsa, ýa-da;
d) önümiň ýerleşdirmek üçin çykarylan wagtyndaky ylmyň we tehnikanyň derejesini hasaba almak bilen kemçiligi ýüze çykarmak mümkin däl wagtynda.
2. Eger kemçilik önümiň konstruksiýasyndaň dörän bolsa, şonuň sostaw bölegi-de şol bolup durýan bolsa ýa-da şol bölek bu önümi taýýarlaýjynyň görkezmesi boýunça taýýarlanylan bolsa, önümiň bir bölegini taýýarlandan jogapkärçilik aýrylýar.
3. Eger zyýanyň döremegine zyýan çekeniň ýa-da onuň üçin jogapkär şahsyň nädogry hereketi sebäp bolan bolsa, taýýarlaýjynyň ýeten zyýanyň öwezini doldurmak boýunça borjy azalýar ýa-da bütinleý aradan aýrylýar.
4. Eger zyýan önümiň kemçiligi we üçünji şahsyň hereketi sebäpli bir wagtyň özünde dörän bolsa, taýýarlaýjynyň jogapkärçiligi azalýar.

1045 maada. Pes hilli önum hakynda düşünje

1. Önüm, ähli ahwalaty hasaba almak bilen, eger şol önümden garaşylýan ygtybarlylygy üpjüp edip bilmeýän bolsa, pes hilli hasap edilýär.
2. Önüm, soňra diňe iň gowy hilli önümiň dolanyşygy girizilendigi üçin pes hilli diýlip ykrar edilmeýär.

1046 madda. Önüm hakynda düşünje

1. Şu Kodekse laýyklykda islendik gozgap bolýan zat, eger ol beýleki gozgap bolýan ýa-da gozgalmaýan zadyň bir bölegi bolup durýan bolsa, şeýle hem elektrik energiýasy önüm diýlip ykrar edilýär. Heniz bejerilmedik (işlenilmedik), ekerançylyk netijesinde alnan oba hojalyk önümleri, maldarçylyk, bal aryçylyk we balykçylyk (natural görnüşdäki oba hojalyk önümleri), önüm hasap edilmeýär. Şu tertip awlanan aw önümleri babatda hem ulanylýar.
2. Şu Kodekse laýyklykda gutarnykly önüm, önümiň esasy elementini ýa-da bir bölegini taýýarlan şahs taýýarlaýjy diýlip ykrar edilýär. Kim öz adyndan, haryt nyşanyny ýa-da başga tapawutlandyryjy nyşan bilen taýýarlaýjy hökmünde çykyş edýän bolsa, şolaryň hemmesi taýýarlaýjylar diýlip hasaplanylýar.
3. Şu Kodeksiň göz öňünde tutulan şertlerini berjaý etmek bilen, öz işleriniň çygrynda önümi satmak üçin çykarýan, karzyna, lizinge ýa-da hojalyk maksatlarynyň başga formasynda berýän şahs hem taýýarlaýjy diýlip hasaplanylýar.
4. Eger taýýarlaýjynyň şahsyýetini anyklamak mümkin bolmasa, bu hakda talap edileninden soň bir aýyň dowamynda taýýarlaýjynyň şahsyýeti ýa-da oňa önümi getiren şahs hakynda maglumatlary beren halatyndan başga wagtda islendik üpjün ediji taýýarlaýjy diýlip ykrar edilýär. Taýýarlaýjynyň adynyň belli bolmagyna garamazdan, ilkibaşdaky ýerleşdirijini (satyjyny) anyklap bolmaýan ýagdaýda bu düzgün import harydyna-da degişli edilýär.

1047 madda. Subut etmek güzaby

Pes hilli azyk önüminden ýeten zyýan üçin jogapkärçiligi subut etmek güzaby zyýan çekeniň üstüne ýüklenilýär.

1048 madda. Raýdaşlyk jogapkärçiligi

Eger bir ýa-da şol bir zyýan üçini öwezini doldurmak borjy önüm öndürijileriň birnäçesiniň üstüne ýüklenilýän bolsa, onda olar raýdaş bergidarlar hökmünde jogapkärçilik çekýärler.

1049 madda. Saglyga zeper ýetirilmeginden çekilen zyýanyň öwezini doldurmak

Şu Kodeksiň 1044 maddasyna görä, zyýanyň öwezini doldurmak borjy ölüm, saglygyň bozulmagy ýa-da bedene şikes ýetmegi netijesinde ýeten zyýana hem degişdi edilýär.

1050 madda. Şikaýat müddetiniň möhleti

1. Şu Kodeksiň 1044 maddasyna görä, talap boýunça şikaýat müddetiniň möhleti zyýanyň öweziniň töledilmegine hakly şahsyň ýetirilen zyýan, kemçilik ýa-da zyýanyň öwezini tölemäge borçly şahs barada bilen pursatyndan başlap üç ýyly ybarat edýär.
2. Şu Kodeksiň 1044 maddasyna görä, talap öndürijiniň zyýan ýetiren önümini ýerleşdirmek üçin goýberip başlan pursatyndan on ýylyň geçmegi bilen üzülişilýär.

1051 madda. Jogapkärçiligiň aradan aýrylmagyna ýol bermezlik

Pes hilli önüm öndürilendigi üçin öndürijiniň jogapkärçiligi deslapdan aýrylyp ýa-da çäklendirilip bilinmez. Şuňa garşy gelýän ylalaşyk hakyky däldir.

Глава 2. Ответственность за вред, вызванный
некачественным продуктом

Статья 1044. Ответственность изготовителя некачественного продукта

1. Изготовитель некачественного продукта, независимо от того, находился ли он в договорных отношениях с пострадавшим, несет ответственность за вред, вызванный этим продуктом, кроме случаев, когда:
а) он не выпускал этого продукта для реализации;
б) исходя из обстоятельств дела можно предполагать, что недостатка, повлекшего вред, продукт во время его выпуска для реализации не имел;
в) продукт  изготовлен ни для продажи или в иных хозяйственных целях, ни в пределах своей профессиональной деятельности;
г) продукт имеет недостаток, однако при выпуске его для реализации он соответствовал действующим в то время нормам, или
д) выявление недостатка было невозможным с учетом уровня науки и техники ко времени выпуска продукта для реализации.
2. Ответственность изготовителя части продукта также исключается, если недостаток вызван конструкцией продукта, составной частью которого он является, или эта часть изготовлена по указанию изготовителя этого продукта.
3. Обязанность изготовителя по возмещению вреда уменьшается или вообще исключается, если наступление вреда повлекло виновное действие пострадавшего или ответственного за него лица.
4. Ответственность
изготовителя уменьшается, если вред вызван одновременно недостатком продукции и действием третьего лица.

Статья 1045. Понятие некачественного продукта

1. Продукт считается некачественным, если он не обеспечивает той надежности, которая с учетом всех обстоятельств ожидалась от этого продукта.
2. Продукт не признается некачественным только вследствие того, что впоследствии в оборот был введен продукт лучшего качества.

Статья 1046. Понятие продукта

1. Согласно настоящему Кодексу продуктом признается любая движимая вещь и тогда, если она является частью другой движимой или недвижимой вещи, а также электроэнергия. К продуктам не причисляются еще необработанные, полученные в результате земледелия сельскохозяйственные продукты, продукты животноводства, пчеловодства и рыбоводства (натуральные сельскохозяйственные продукты). Тот же порядок применяется в отношении продуктов, добытых охотой.
2. Согласно настоящему Кодексу изготовителем признается лицо, которое изготовило окончательный продукт, основной элемент или часть продукта. Изготовителями считаются все те, кто от своего имени, с товарным знаком или иным отличительным знаком выступают в качестве изготовителя.
3. Изготовителем считается также лицо, которое выносит продукт для продажи, сдачи внаем, лизинга или в иной форме хозяйственных целей в сфере своей деятельности с соблюдением условий, предусмотренных настоящим Кодексом.
4. Если невозможно установить личность изготовителя, то изготовителем признается любой поставщик, кроме случаев, когда он в течение одного месяца после требования об этом представит данные о личности изготовителя или лица, которое ему поставило этот продукт. Это правило применяется и к импортному товару, когда невозможно установить первоначального сбытчика, несмотря на то, что имя изготовителя
известно.

Статья 1047. Бремя доказывания

Бремя доказывания ответственности за вред, причиненный некачественной продукцией,  возлагается на потерпевшего.

Статья 1048. Солидарная ответственность

Если обязанность возмещения за один и тот же вред возлагается на нескольких производителей, они несут ответственность как солидарные должники.

Статья 1049. Возмещение вреда, причиненного повреждением здоровья

Согласно статье 1044 настоящего Кодекса обязанность возмещения вреда распространяется на вред, возникший вследствие смерти, расстройства здоровья или телесного повреждения.

Статья 1050. Срок исковой давности

1. Согласно статье 1044 настоящего Кодекса срок исковой давности по требованию составляет три года с момента, когда лицо, имеющее право на возмещение, узнало о вреде, недостатке или лице, обязанном возместить вред.
2. Согласно статье 1044 настоящего Кодекса требование погашается по истечении десяти лет с момента, когда производитель выпустил для реализации продукт, вызвавший вред.

Статья 1051. Недопустимость исключения ответственности

Ответственность производителя за некачественный продукт не может быть заранее исключена или ограничена. Противоречащее этому соглашение недействительно.