Mazmuny

1 BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1027 madda. Düşünje

Kanuna garşy bilkastlaýyn ýa-da seresapsyz hereketleri bilen başga şahsa zyýan ýetiren şahs şol zyýanyň öwezini doldurmaga borçludyr.

1028 madda. Zyýan ýetirýän maglumatlaryň ýaýradylmagynyň netijeleri

1. Başga birine emläk zyýanyny ýetiren maglumatlary bilkastlaýyn ýa-da gödek seresapsyzlyk zerarly ýaýradan ýa-da mälim eden şahs eger şol maglumatlar göz-görtele ýalan bolsa, zyýanyň öwezini doldurmaga borçludyr.
2. Maglumatlaryň ýalandygyny bilmän olara habar beren şahs, eger onuň özi ýa-da onuň habarynyň adresaty şeýle habary almaga doly ygtyýarly gyzyklanýan bolsa, ol zyýanyň öwezini doldurmaga borçly däldir.

1029 madda. Kemala gelmedigiň ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik

1. On ýaşyna ýetmedik şahs başga şahslara ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmeýär.
2. On ýaşyny dolduran kemala gelmedik şahs, eger zyýan ýetiren wagtynda öz hereketiniň (eden işinin,) ähmiýetine akyl ýetirip bilmeýän bolsa, ol özüniň başga şahsa ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmeýär.
3. Kemala ýetmedigiň ata-enesi ýa-da oňa gözegçilik etmäge jogapkär şahslar kemala ýetmedigiň bikanun hereketleri bilen başga şahsa ýetiren zyýanynyň öwezini doldurmaga borçludyr. Gözegçilik etmäge jogapkär şahslar zyýanyň, öňüni alyp bilmedik halatlarynda jogapkärçilik aradan aýrylýar.

1030 madda. Ruhy taýdan keselli (dälilik keselli) şahs tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmak

1. Eger ruhy taýdan keselli (dälilik keselli) ýa-da akyly kem şahs öz bikanun hereketleri bilen başga bir şahsa zyýan ýetirse, oňa ýetiren zyýanynyň öwezini doldurmak borjy ýüklenilmeýär.
2. Eger zyýan ýetirijä gözegçilik etmek borjy şahsa ýüklenilen bolsa, şol zyýanyň öňüni almak mümkin bolmadyk ýagdaýdan başga halatlarda, ol ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmaga borçludyr.

1031 madda. Ruhy taýdan wagtlaýyn ýarawsyzlygy ýagdaýynda ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmak

Wagtlaýyn huşsuzlyk ýagdaýyndaky ýa-da ruhy taýdan ýarawsyzlygy ýagdaýyndaky şahs ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmeýär. Eger şahs özüni alkogolly içgileri, narkotiki ýa-da şoňa meňzeş serişdeleri ulanmak bilen şeýle ýagdaýa özi getiren bolsa, ol jogapkärçilikden boşadylmaýar, muňa şeýle ýagdaýa düşmeginde öz günäsiniň ýok halatlary girmeýär.

1032 madda. Gulluk borçlary berjaý edilýän wagtynda ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmak

Işgäri özüniň zähmet (gulluk) borçlaryny berjaý edýän wagtynda kanuna ters gelýän hereketi bilen üçünji şahsa zyýan ýetirse, oňa jogap berýän şahs zyýanyň öwezini doldurmaga borçludyr. Eger işgär günäli hereket etmedik bolsa, onda jogapkärçilik çekilmeýär.

1033 madda. Ýetirilen zyýan üçin raýdaş jogapkärçilik

1. Eger ýetirilen zyýana birnäçe şahs gatnaşan bolsa, onda olar raýdaş bergidarlar hökmünde jogapkärçilik çekýärler.
2. Ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiligi ony diňe gös-göni ýetiren şahs däl, eýsem ony oňa yran ýa-da oňa ýardam eden, şeýle hem başga birine ýetirilen zyýandan düşünmek bilen peýdalanan şahs hem çekýär.

1034 madda. Transport serişdeleriniň ulanylmagy netijesinde ýeten zyýanyň öwezini doldurmak

1. Ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak üçin transport serişdeleriniň eýesi, eger onuň transport serişdeleriniň ulanylmagy şahslaryň wepat bolmagyna, maýyp bolmagyna ýa-da saglygynyň bozulmagyna ýa-da zatlaryň zaýalanmagyna getiren bolsa, şonuň netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezini horluk görene dolduryp bermäge borçludyr.
2. Zyýan ýeňip geçip bolmaýan güýç sebäpli ýeten bolsa, şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan zyýanyň öwezini doldurmak borjy ýüze çykmaýar, muňa zyýanyň howa transporty ulanylan wagtynda ýüze çykan halaty girmeýär.
3. Eger bir şahs transport serişdesini onuň eýesinden rugsat alman peýdalansa, ol ýeten zyýanyň öwezini onuň eýesine derek doldurmaga borçludyr. Şonda eger transport serişdesiniň ulanylmagy onuň eýesiniň günäsi sebäpli mümkin bolan bolsa, onda ýeten zyýanyň öwezini onuň eýesi doldurmaga borçludyr. Eger ulanyjy transport serişdesini dolandyrmak üçin onuň eýesi tarapyndan bellenilen bolsa ýa-da şol transport serişdesi oňa onuň eýesi tarapyndan berlen bolsa, ýokardaky birinji sözlemde beýan edilen düzgün ulanylmaýar.

1035 madda. Gurluşyk etmeden gelip çykýan howpdan ýeten zyýan üçin jogapkärçilik

1. Ol ýa-da beýleki gurluşyk etmeden onda öndürilen, şol ýerde ýerde ýerleşdirilen ýa-da şol ýere berilýän energiýadan ýa-da ýangyn howply ýa-da partlama howply, awuly ýa-da zäherleýji maddalardan aýratyn howp gelip çykýan bolsa, eger şol howpuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy şahslaryň wepat bolmagyna, maýyp bolmagyna ýa-da saglygynyň bozulmagyna ýa-da ýükleriň zaýalanmagyna getiren bolsa, şol binanyň eýesi zyýan çeken şahslara ýeten zyýayyň öwezini dolduryp bermäge borçludyr. Eger ýokary derejedäki howp şol maddalardan gelip çykýan bolsa, onda bu jogapkärçilik ýangyn howply ýa-da partlama howply, awuly we zäherleýji şol maddalaryň eýeleri babatda hem ulanylýar.
2. Eger ol ýa-da beýleki gurluşykdan ýa-da maddadan ýokary derejedäki howp şu maddanyň 1 punktunda görkezileninden tapawutlanýan esaslarda gelip çykýan bolsa, gurluşygyň, ýa-da zadyň eýesi howpuň amala aşyrylmagy netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezini şonuň ýaly ýagdaýda doldurmaga borçludyr.
3. Eger zyýan eýesiniň mülkiniň içinde ýerleşýän gurluşykdan ýa-da onuň ýer uçastogynyň territoriýasynyň içinden dörän bolsa, onda şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan zyýanyň öwezini doldurmak borjy ýüze çykmaýar.
4. Eger zyýan öňüni alyp bolmaýan güýç zerarly ýüze çykan bolsa şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan zyýanyň öwezini doldurmak borjy aradan aýrylýar, muňa elektrik beriji liniýalardaky awariýalar ýa-da nebit, gaz, suw we nebit önümlerini geçirijileriň hatardan çykmagy zerarly zyýan ýetirilen halatlary girmeýär.
5. Radioaktiw maddalaryň ulanylmagy netijesinde ýeten zyýanyň öwezi şol maddalary ulanan şahs tarapyndan doldurylmalydyr.

1036 madda. Ýangyn söndürilen wagtynda ýeten zyýanyň öwezinii doldurmak

Ýangyn söndürilen wagtynda, onuň goňşy kwartiralara we gurluşyklara ýaýramagynyň öňüni alnanda başga birine ýeten zyýanyň öwezi ýangynyň döremegine günäkär bolan şahs tarapyndan doldurylýar.

1037 madda. Zyýanyň öwezini doldurmak borjunyň aradan aýrylmagyna ýol bermezlik

1. Ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmagyň şu Kodeksiň 1034 we 1035 maddalary tarapyndan göz öňünde tutulan borçnama, eger ol fiziki şahsa degişli bolsa, öňden aradan aýrylyp ýa-da çäklendirilip bilinmez. Zatlara ýetirilen zyýan babatda hem şol düzgün ulanylýar, muňa jogapkärçilikden boşadylmagy we jogapkärçiligiň çäklendirilmegi ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmaga borçly şahsyň we ýuridiki şahşyň arasynda ylalaşylan halatlary girmeýär.
2. Şu maddanyň 1 punktundaky düzgünlere garşy gelýän ylalaşyklar hakyky däldir.

1038 madda. Mallaryň ýetiren zyýanynyň öwezini doldurmak

Eger mal adamyň bedenine (synasyna) degip, onuň ömrüne ýa-da saglygyna zeper ýetirse ýa-da zatlaryny zaýalasa, malyň eýesi zyýan çekene ýetirilen zeleliň öwezini dolduryp bermäge borçludyr. Eger zyýan professional, telekeçilik işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenilen ýa-da eýesiniň eklenmek üçin serişde alýan öý maly tarapyndan ýetirilen bolsa, şonuň bilen birlikde malyň eýesi malyna gözegçilik etmekde graždanlyk dolanyşygyna depişli aladalary eden bolsa ýa-da eger zyýan şonyň ýaly alada edilende-de barybir ýetjek bolsa, onda onuň öwezini dolmak borjy ýüze çykmaýar.

1039 madda. Gurluşygyň opurylmagynyň ýeten zyýanyň öwezini doldurmak

1. Gurluşygyň ýa-da başga desganyň eýesi gurluşygyň ýa-da başga desganyň tutuşlygyna ýa-da onuň bir böleginiň çökmegi netijesinde ýeten zyýanyň öwezini doldurmaga borçludyr, muňa gurluşygyň ýa-da başga desganyň hakykatda bolmalysy ýaly gurulmandygyndan ýa-da kemçilikli gurlandygyndan zyýanyň ýüze çykmadyk halatlary girmeýär.
2. Eger zelel jaýdan taşlanan ýa-da gaçan ýa-da guýlan zatlardan ýeten bolsa, degişli ýaşaýyş jaýy bilen meşgullanýan şahs jogapkärçilik çekýär, muňa zyýanyň kesgitläp bolmaýan güýjüniň netijesinde ýa-da zyýan çekeniň günäsi bilen ýüze çykan halatlary girmeýär.

1040 madda. Dowlet gullukçysy tarapyndan ýetirilen zyýan üçin döwletiň jogapkärçiligi

1. Eger döwlet gullukçysy öz gulluk borjuny üçünji şahs babatda bilkastlaýyn ýa-da geleňsizlikden bozsa, şol gullukçynyň işleýän dowleti ýa-da organy ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmaga borçludyr. Niýet bilen ýa-da gödek seresapsyzlykdan eden bolsa, döwlet bilen bilelikde gullukçy deň jogapkärçilik çekýär.
2. Eger heläkçilik çeken bilkastlaýyn ýa-da gödek seresapsyzlykdan hukuk serişdeleri bilen zyýanyň öňüni almaga synanyşmadyk bolsa zyýanyň öwezini doldurmak borjy ýüze çykmaýar.
3. Bikanun sud edilmegi, jenaýat jogapkärçiligine bikanun çekilmegi, öňüni alyş çäresi hökmünde tussaglykda saklamak ýa-da başga ýere gitmeli däldigi barada gol çekdirmek çäreleriniň bikanun ulanylmagy, administratiw temmi hökmünde tussag etmek ýa-da düzediş işlerinde işletmek çäreleriniň bikanun ulanylmagy sebäpli, doznaniýe, deslapky derňew organlarynyň, prokuraturalaryň we sudlaryň wezipeli şahslarynyň günäsiniň bardygyna garamazdan, reabilitirlenilen graždana ýetirilen zyýanyň öwezi döwlet tarapyndan doldurylýar. Niýet ýa-da gödek seresapsyzlyk bolanda döwlet bilen bilelikde şol şahslar deň jogapkärçilik çekýärler.

1041 madda. Jebir gören ölen halatynda zyýanyň öwezini doldurmak

1. Jebir gören ölen halatynda oňa zyýan ýetiriji öleniň ekläp gelen şahslaryny eklemegi borç edinmek arkaly ýetiren zyýanynyň öwezini doldurmaga borçludyr. Bu borç horluk göreniň eklemäge borçly bolmaly bolan döwrüniň bütin dowamynda öz güýjüni saklaýar.
2. Eklemek borjy, eger şeýle etmäge möhüm esaslar bar bolsa ylalaşmak arkaly bir gezek öwezini doldurmak bilen hem çalşyrylyp bilner.

1042 madda. Medisina edarasy tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmak

Medisina edarasynda keseli bejerilende (hirurgiýa operasiýasynyň, diagnozyň nädogry goýulmagynyň we başgalaryň netijesinde) şahsyň saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezi umumy esaslarda doldurylýar. Zyýan ýetiren, eger zyýanyň ýetirilmeginde öz günäsiniň ýokdugyny subut edip bilse, jogapkärçilikden boşadylýar.

1043 madda. Şikaýat müddetiniň möhleti

Delikt netijesinde ýetirilen zyýanyň öweziniň doldurylmagy hakyndaky talap boýunça şikaýat etmegiň müddetiniň möhleti zyýan hakynda ýa-da zyýanyň öwezini doldurmaga borçly şahs hakyndaky habar zyýan çekene mälim bolan pursatyndan başlap, üç ýyla barabardyr.

Глава 1. Общие положения

Статья 1027. Понятие

Лицо, причинившее другому лицу вред противоправными умышленными или неосторожными действиями, обязано возместить ему этот вред.

Статья 1028. Последствия распространения сведений, наносящих вред

1. Лицо, которое умышленно или по грубой неосторожности распространяет или оглашает сведения, наносящие другому лицу имущественный вред, обязано к возмещению, если эти сведения явно неверны.
2. Лицо, сообщившее сведения, не зная об их ложности, не обязано возмещать вред, если оно само или адресат его сообщения были правомерно заинтересованы в получении такого сообщения.

Статья 1029. Ответственность несовершеннолетнего за нанесенный вред

1. Лицо, не достигшее десятилетнего возраста, не несет ответственности за вред, причиненный им другим лицам.
2. Несовершеннолетний, достигший десятилетнего возраста, не отвечает за вред, причиненный им другому лицу, если во время причинения вреда он не мог осознать значение своего деяния.
3. Родители или лица, ответственные за надзор за несовершеннолетними, обязаны возместить вред, причиненный другим лицам неправомерными действиями несовершеннолетнего. Ответственность исключается в случаях, когда ответственные за надзор лица не могли предотвратить вреда.

Статья 1030. Возмещение вреда, причиненного душевнобольным

1. Если слабоумный или душевнобольной неправомерными действиями причиняет вред другому лицу, на него не возлагается обязательство возмещения вреда.
2. Если на лицо возложены обязанности наблюдения за причинителем вреда, оно обязано возместить вред, кроме случаев, когда предотвращение этого вреда было невозможным.

Статья 1031. Возмещение вреда, причиненного в состоянии временного душевного расстройства

Лицо, временно находящееся в бессознательном состоянии или состоянии душевного расстройства, не несет ответственность за причиненный вред. Если лицо само довело себя до такого состояния применением алкогольных напитков, наркотических или подобных средств, оно не освобождается от ответственности, кроме случаев, когда оказалось в таком состоянии не по своей вине.

Статья 1032. Возмещение вреда, причиненного при исполнении служебных обязанностей

Лицо обязано возместить вред, причиненный его работником третьему лицу противоправным действием при исполнении своих трудовых (служебных) обязанностей. Ответственность не наступает, если работник не действовал виновно.

Статья 1033. Солидарная ответственность за причинение вреда

1. Если в причинении вреда участвовало несколько лиц, они несут ответственность как солидарные должники.
2. За вред несет ответственность не только тот, кто непосредственно причинил его, но и тот, который склонил его или способствовал ему, а также и тот, кто сознательно воспользовался вредом, причиненным другому.

Статья 1034. Возмещение вреда, наступившего в результате эксплуатации транспортных средств

1. Владелец транспортного средства, предназначенного для перевозки пассажиров и доставки грузов, если эксплуатация его транспортных средств повлекла за собой гибель, увечье или расстройство здоровья людей либо повреждение вещи, обязан возместить пострадавшему возникший вследствие этого вред.
2. Обязанность возмещения вреда, предусмотренная пунктом 1 настоящей статьи, не наступает, когда вред вызван непреодолимой силой, кроме случаев, когда вред возник при эксплуатации воздушного транспорта.
3. Если лицо использует транспортное средство без разрешения владельца, оно обязано возместить вред вместо владельца. При этом владелец обязан возместить причиненный вред, если использование транспортного средства стало возможным по его вине. Правило первого предложения не применяется, если пользователь был назначен владельцем для управления транспортным средством или если это транспортное средство было передано ему владельцем.

Статья 1035. Ответственность за вред, причиненный опасностью, исходящей из строения

1. Если из того или иного строения исходит особая опасность от производимой в нем, помещенной там или подаваемой туда энергии либо огнеопасных или взрывоопасных, ядовитых или отравляющих веществ, владелец этого строения обязан, если практическое осуществление этой опасности повлекло за собой гибель, увечье или расстройства здоровья людей либо повреждение груза, возместить пострадавшим возникший вследствие этого вред. Та же ответственность применяется в отношении владельцев огнеопасных или взрывоопасных, ядовитых и отравляющих веществ, когда из этих веществ исходит повышенная опасность.
2. Если из того или иного строения или вещи исходит повышенная опасность по другим основаниям, отличающимся от указанных в пункте 1 настоящей статьи, владелец строения или вещи обязан аналогично возместить вред, возникший вследствие осуществления опасности.
3. Обязанность возмещения вреда, предусмотренная пунктом 1 настоящей статьи, не наступает, если вред возник внутри находящегося во владении собственника строения или внутри территории его земельного участка.
4. Обязанность возмещения вреда, предусмотренная пунктом 1 настоящей статьи, исключается, если вред  вызван непреодолимой силой, кроме случаев, когда вред вызван аварией электропередающих линий, либо повреждением нефте-, газо-, водо- и нефтепродуктоводов.
5. Вред, возникший в результате применения радиоактивных веществ, должен быть возмещен лицом, применяющим эти вещества.

Статья 1036. Возмещение вреда, возникшего при тушении пожара

Вред, причиненный другим лицам при тушении пожара, предотвращении его распространения на соседние квартиры и строения, возмещается лицом, виновным в возникновении пожара.

Статья 1037. Недопустимость исключения обязанности возмещения вреда

1. Предусмотренное статьями 1034 и 1035 настоящего Кодекса обязательство возмещения вреда не может быть заранее исключено или ограничено, если оно касается физического лица. То же правило применяется в отношении вреда, причиненного вещам, кроме случаев, когда освобождение от ответственности или ограничение ответственности было согласовано между лицом, обязанным возместить вред, и юридическим лицом.
2. Недействительны соглашения, противоречащие правилам пункта 1 настоящей статьи.

Статья 1038. Возмещение вреда, причиненного животным

Если животное причинит вред жизни человека, его телесной неприкосновенности или здоровью либо повредит вещь, то владелец животного обязан возместить потерпевшему причиненный вред. Обязанность возмещения не наступает, если вред был причинен домашним животным, которое предназначается для осуществления профессиональной, предпринимательской деятельности или для получения средств на содержание владельца, и при этом владелец животного проявлял надлежащую в гражданском обороте заботливость при надзоре за животным либо если ущерб все равно возник бы и при проявлении подобной заботливости.

Статья 1039. Возмещение вреда, причиненного обвалом строения

1. Владелец строения или иного сооружения обязан возместить вред, возникший вследствие обвала строения или иного сооружения целиком или его отдельной части, кроме случаев, когда вред не был вызван ненадлежащим содержанием или недостатком строения или иного сооружения.
2. Если вред причинен выброшенным или выпавшим либо вылитым из здания, ответственность несет лицо, занимающее соответствующее жилое помещение, кроме случаев, когда вред наступил вследствие непреодолимой силы или по вине пострадавшего.

Статья 1040. Ответственность государства за вред, причиненный государственным служащим

1. Если государственный служащий умышленно или по небрежности нарушает свои служебные обязанности в отношении третьих лиц, государство или орган, в котором работает этот служащий, обязаны возместить наступивший вред. При умысле или грубой неосторожности служащий вместе с государством солидарно несет ответственность.
2. Обязательство возмещения вреда не возникает, если пострадавший умышленно или по грубой неосторожности не попытался правовыми средствами предотвратить вред.
3. Вред, причиненный реабилитированному гражданину вследствие незаконного осуждения, незаконного привлечения к уголовной ответственности, незаконного применения в качестве меры пресечения содержания под стражей или подписки о невыезде, применения в качестве административного взыскания ареста или исправительных работ, возмещается государством независимо от вины должностных лиц органов дознания, предварительного следствия, прокуратуры и судов. При умысле или грубой неосторожности эти лица вместе с государством солидарно несут ответственность.

Статья 1041. Возмещение вреда в случае смерти потерпевшего

1. В случае смерти потерпевшего причинитель вреда должен путем назначения содержания возместить вред лицам, содержание которых возлагалось на умершего. Эта обязанность в силе в течение всего времени, когда пострадавший был бы обязан предоставлять содержание.
2. Обязанность содержания  по соглашению может быть заменена разовым возмещением, если для этого имеются важные основания.

Статья 1042. Возмещение вреда, причиненного медицинским учреждением

Вред, причиненный здоровью лица при лечении в медицинском учреждении (в результате хирургической операции, неверного диагноза и др.), возмещается на общих основаниях. Причинитель вреда освобождается от ответственности, если докажет, что вред наступил не по его вине.

Статья 1043. Срок исковой давности

Срок исковой давности по требованию о возмещении вреда, причиненного вследствие деликта, равен трем годам с момента, когда пострадавшему стало известно о вреде или лице, обязанном возместить вред.