Mazmuny

3 BAP. ESASSYZ BAÝLAŞMAK

1016 madda. Yzyna gaýtarmak borjy

Şahs borçnamanyň başga şahs tarapyndan ýerine ýetirilmegi netijesinde ýa-da başga hili şol başga şahsyň hasabyna haýsydyr bir emlägi kanuny taýdan esassyz edinse, şol şahsa alnany gaýtarmaga borçludyr. Bu borçnama aşakdaky halatda hem bolýar, eger:
a) hukuk esasy ahyr soňunda aýrylsa ýa-da eger geleşigiň mazmunyna laýyk ýerine ýetirmäge gönükdirilen netije gazanylmasa;
b) talap babatda garşylyk bildirilse, onuň netijesinde talaby kanagatlandyrmak uzak möhlet içinde mumkin bolmasa.

1017 madda. Yzyna gaýtarmak talabynyň mümkin däldigi

Borçnamany ýerine ýetirmek maksady bilen berlen emläk yzyna gaýtarylmak üçin talap edilip bilinmez, eger:
a) borçnamany ýerine ýetiren şahs özüniň ýerine ýetirmäge borçly däldigini bilse;
b) ýerine ýetirmek ahlak borçdan ýa-da edepliligi berjaý etmek üçin amala aşyrylan bolsa;
w) hak isleýişi bildirmek wagty geçen bolsa.

1018 madda. Netijäniň gazanylmazlygy

Eger netijäniň gazanylmagy başdan mümkin bolmadyk bolsa we borçnamany ýerine ýetirýän şahs bu hakda bilen bolsa, ýa-da netijäniň gazanylmagyna ynsapsyzlyk bilen ýol bermedik bolsa, şeýle netijäni gazanmaga ýerine ýetirmäge gönükdirilen netijäniň gazanylmandygy sebäpli yzyna gaýtarmak hakyndaky talaba ýol berilmeýär.

1019 madda. Esassyz baýlaşmagy naturada yzyna gaýtarmak

1. Edinijiniň esassyz baýlaşmagyny düzýän emläk jebir çekene naturada gaýtarylmalydyr.
2. Ediniji islendik, şol sanda islendik tötänden, esassyz edinilen emlägiň onuň baýlaşmagyň esassyzlygy hakynda bilen ýa-da bilmeli bolandan soň bolup geçen kem gelme ýa-da ýaramazlaşma üçin jebir çekeniň öňünde jogap berýär. Şu pursata çenli ol diňe niýeti ýa-da gödek seresapsyzlygy üçin jogap berýär.

1020 madda. Esassyz baýlaşmagyň gymmatyny tölemek

1. Esassyz alnan emlägi naturada yzyna gaýtarmak mümkin bolmadyk halatynda, eger ediniji baýlaşmagyň esassyzdygy hakynda bilenden soň şobada onuň gymmatyny tölemese, ediniji ony edinen pursatynda bu emlägiň hakyky gymmatyny, şeýle hem emlägiň gymmatynyň soňraky üýtgemegi bilen dörän ýitgileri jebir çekene tölemelidir.
2. Kesekiniň emlägini ýa-da kesekiniň hyzmatlaryny edinmek niýeti bolmazdan ondan esassyz wagtlaýyň peýdalanan şahs şeýle peýdalanmagyň netijesinde tygşytlanyny peýdalanmak gutaran wagtynda bar bolan baha boýunça we onuň bolup geçen ýerinde jebir görene tölemelidir.

1021 madda. Hukugy başga şahsa esassyz bermegiň netijeleri

Talapnamany başga şahsa geçirmek ýa-da başga hili özüne degişli hukugy emläk däl ýa-da hakyky bolmadyk borçnamanyň esasynda başga şahsa geçirmek arkaly beren şahs öňki düzgüniň dikeldilmegini, şol sanda berlen hukugy tassyklaýan dokumentleriň özüne gaýtarylyp berilmegini talap etmäge haklydyr.

1022 madda. Alynmadyk girdejileri jebir görene tölemek

1. Emlägi esassyz alan şahs baýlaşmagyň esassyzlygy hakynda bilen ýa-da bilmeli wagtyndan başlap, bu emläkden alan ýa-da almaly ähli girdejilerini jebir görene gaýtaryp bermäge ýa-da tölemäge borçludyr.
2. Esassyz pul baýlaşmagynyň summasyna haçanda pul serişdelerini almagyň esassyzdygy hakynda edinijiniň bilen ýa-da bilmeli wagtyndan başlap kesekiniň serişdelerinden peýdalanandygy üçin prosentler goşulmaga degişlidir.

1023 madda. Gaýtarylyp berilmäge degişli emläge harajatlary tölemek

Esassyz alnan emläk yzyna gaýtarylanda ýa-da onuň gymmaty tölenende alyjy ýerine ýetirijiden alan peýdalaryny hasaplamak bilen onuň gaýtarmaga borçly girdejilerini edinen wagtyndan başlap emlägiň saklanandygy we abatlygy üçin çekilen zerur harajatlary tölemegi ýerine ýetirijiden talap etmäge haklydyr. Yzyna gaýtarylmaga degişli emlägi alyjy bilkastlaýyn saklan halatynda harajatlaryň öwezini dolmaga bolan hukuk ýitirilýär.

1024 madda. Hukuk esasynyň mälim bolan ýoklugyndaky ýokarlandyrylan jogapkärçilik

1. Eger alyjy alan pursatynda edinmek üçin kanuny esasyň ýokdugy hakynda bilýän bolsa ýa-da bu hakda bilse, onda esassyz baýlaşmagy yzyna gaýtarmak borjy edinilen pursatynda ýa-da şeýle esasyň ýokdugy hakynda alyjy bilen pursatynda, ýagny eger yzyna gaýtarmak hakyndaky talap şol pursatda sud önümçiligine kabul edilip alnandaky ýaly ýüze çykýar.
2. Eger alyjy ýerine ýetirmegi kabul etmek bilen kanun arkaly bellenilen gadagan edilmegi ýa-da oňat häsiýetleri bozsa, onda ol alan pursatyndan gaýtarmaga borçludyr.

1025 madda. Doly ygtyýarly bolmadyk şahsyň ygtyýar etmegi

1. Eger doly ygtyýarly bolmadyk şahs predmete ygtyýar etse we şeýle ygtyýar etmek doly ygtyýarly şahs üçin güýje eýe bolsa, onda doly ygtyýarly bolmadyk şahs şeýle ygtyýar etmegiň netijesinde ähli alnany doly ygtyýarly adama gaýtarmaga borçludyr. Eger ygtyýar etmegiň netijesi muzdsuz häsiýete eýe bolsa, onda bu borç şeýle ygtyýar etmegiň esasynda gös-göni hukuk peýdasyny alan şahsa ýüklenilýär.
2. Eger doly ygtyýarly bolmadyk şahsa doly ygtyýarly şahs babatda hakyky ýerine ýetirmek geçirilse, onda doly ygtyýarly bolmadyk şahs ýerine ýetirmek netijesinde alnany doly ygtyýarly şahsa gaýtarmaga borçludyr.

1026 madda. Kanunyň ýa-da oňat häsiýetleriň bozulmagynda ýerine ýetirmek

Eger ýerine ýetirmegiň maksady ýerine ýetirmegi kabul etmek netijesinde bu şahsyň kanuny ýa-da oňat häsiýetleri bozandygyny belli etse, ýerine ýetirmegi kabul eden şahs alnany gaýtarmaga degişlidir. Eger ýerine ýetirmegi amala aşyran şahsyň özi şu zeýilli bozulmada günäkär bolsa, yzyna gaýtarmak hakyndaky talaba ýol berilmeýär, muňa ýerine ýetirmek borçnamanyň, kabul edilmeginde bolan halatlary girmeýär; şoňa meňzeş borçnamany ýerine ýetirmek maksady bilen berleni yzyna gaýtarmak talabyna ýol berilmeýär.

Глава 3. Неосновательное обогащение

Статья 1016. Обязанность возврата

Лицо, которое без законного основания вследствие исполнения обязательства другим лицом или иным образом за счет последнего приобрело какое-либо имущество, обязано возвратить этому лицу полученное. Это обязательство имеет место и в том случае, если:
а) правовое основание отпало впоследствии либо если не достигнут результат, на который направлено исполнение в соответствии с содержанием сделки;
б) в отношении требования предъявлено возражение, вследствие которого удовлетворение требования было невозможным в течение длительного срока.

Статья 1017. Невозможность требования возврата

Имущество, предоставленное с целью исполнения обязательства, не может быть истребовано к возврату, если:
а) лицо, исполнившее обязательство, знало, что оно не обязано исполнять;
б) исполнение было осуществлено из морального долга или для соблюдения приличий;
в) истек срок исковой давности.

Статья 1018. Не достижение результата

Требование о возврате вследствие недостижения результата, на достижение которого было направлено исполнение, не допускается, если получение такого результата с самого начала представлялось невозможным и лицо, исполняющее обязательство, знало об этом или недобросовестно воспрепятствовало достижению результата.

Статья 1019. Возвращение неосновательного обогащения в натуре

1. Имущество, составляющее неосновательное обогащение приобретателя, должно быть возвращено потерпевшему в натуре.
2. Приобретатель отвечает перед потерпевшим за всякие, в том числе и за всякие случайные, недостачу или ухудшение неосновательно приобретенного имущества, происшедшие после того, как он узнал или должен был узнать о неосновательности обогащения. До этого момента он отвечает лишь за умысел или грубую неосторожность.

Статья 1020. Возмещение стоимости неосновательного обогащения

1. В случае невозможности возвратить в натуре неосновательно полученное имущество приобретатель должен возместить потерпевшему действительную стоимость этого имущества на момент его приобретения, а также убытки, вызванные последующим изменением стоимости имущества, если приобретатель не возместил его стоимость немедленно после того, как узнал о неосновательности обогащения.
2. Лицо, неосновательно временно пользовавшееся чужим имуществом без намерения его приобрести либо чужими услугами, должно возместить потерпевшему то, что оно сберегло вследствие такого пользования, по цене, существовавшей во время, когда закончилось пользование, и в том месте, где оно происходило.

Статья 1021. Последствия неосновательной передачи права другому лицу

Лицо, передавшее путем уступки требования или иным образом принадлежащее ему право другому лицу на основании неимущественного или недействительного обязательства, вправе требовать восстановления прежнего положения, в том числе возвращения ему документов, удостоверяющих переданное право.

Статья 1022. Возмещение потерпевшему неполученных доходов

1. Лицо, которое неосновательно получило имущество, обязано возвратить или возместить потерпевшему все доходы, которые оно извлекло или должно было извлечь из этого имущества с того времени, когда узнало или должно было узнать о неосновательности обогащения.
2. На сумму неосновательного денежного обогащения подлежат начислению проценты за пользование чужими средствами с того времени, когда приобретатель узнал или должен был узнать о неосновательности получения денежных средств.

Статья 1023. Возмещение затрат на имущество, подлежащее возврату

При возврате неосновательно полученного или возмещении его стоимости получатель вправе требовать от исполнителя возмещения понесенных необходимых затрат на содержание и сохранение имущества с того времени, с которого он обязан возвратить доходы с зачетом полученных им выгод. Право на возмещение затрат утрачивается в случае, когда получатель умышленно удерживал имущество, подлежащее возврату.

Статья 1024. Повышенная ответственность при известном отсутствии правового основания

1. Если получатель в момент получения знает об отсутствии законного основания для приобретения или узнает об этом, то обязанность возврата неосновательного обогащения возникает в момент приобретения или в момент, когда получатель узнает об отсутствии такого основания, как если бы требование о возврате в этот момент было принято к судебному производству.
2. Если получатель принятием исполнения нарушит установленный законом запрет или добрые нравы, то он обязан к возврату с момента получения.

Статья 1025. Распоряжение неправомочного лица

1. Если неправомочное лицо распорядилось предметом и это распоряжение имеет силу для правомочного лица, то первое обязано возвратить правомочному лицу все полученное вследствие этого распоряжения. Если результат распоряжения имеет безвозмездный характер, то данная обязанность возлагается на лицо, которое непосредственно  извлекло правовую выгоду на основании такого распоряжения.
2. Если неправомочному лицу было произведено исполнение, которое действительно в отношении правомочного лица, то неправомочное лицо обязано возвратить правомочному лицу полученное вследствие  исполнения.

Статья 1026. Исполнение в нарушение закона или добрых нравов

Лицо, принявшее исполнение, обязано возвратить полученное, если цель исполнения была установлена таким образом, что вследствие принятия исполнения это лицо нарушило закон или добрые нравы. Требование о возврате не допускается, если лицо, осуществившее исполнение, само виновно в подобном нарушении, за исключением тех случаев, когда исполнение состояло в принятии обязательства; не допускается требование возврата того, что было предоставлено с целью исполнения подобного обязательства.