Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek wezipelerini öňe sürýär, çünki sanly özgertmeler dünýä derejesinde ýokary gaýragoýulmasyz meseleler bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrma-tapgyr durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar, guramalar tarapyndan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzyň halkara internet toruna giňden aralaşyp, sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerinden ýerlikli hem-de netijeli peýdalanylmaga giň gerim berildi.
Agzalan ýuridik şahslar özleriniň ýörite web-saýtlaryny döredip, maglumat toruna işjeň goşulýarlar. Bu bolsa, ähli ugurlardaky işleriň netijeli we çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär, elektron dolanyşyk arkaly işleriň göwnejaý hem-de talabalaýyk derejede çalt durmuşa ornaşmagyna ähli şertler döredilýär.
Şu nukdaýnazaryndan okuw maslahatlarynyň, duşuşyklaryň sanly wideoaragatnaşyk arkaly alnyp barylmagy has-da giň gerime eýe bolýar, ýagny 2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan “Medeni taýdan özüni görkezmegiň dürliligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýanyň” sekretariatynyň hünärmenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşyga Türkmenistanyň Adalat, Medeniýet, Bilim ministrlikleriň, Döwlet neşirýat gullugyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Adalatçysynyň diwanynyň, Döwlet habarlar agentligiň we Ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Geçirilen duşuşygyň maksady UNESCO tarapyndan dolandyrylýan “Medeni taýdan özüni görkezmegiň dürliligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýasyna” goşulmak bilen ýurtlaryň milli derejede medeni dürliligi üpjün etmekde alyp barýan işlerini halkara derejesinde ykrar edilmeginde berýän mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) tarapyndan “Strategiki hyzmatdaşlygy arkaly guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek” atly ýokary derejeli wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata ÝHHG-niň agza döwletleriň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Adalat, Içeri işler ministrlikleriň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksady ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň arasynda guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek boýunça tejribeleri alyşmak boldy.
2020-nji ýylyň 12-14-nji oktýabrynda Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) tarapyndan “Korrupsiýa howpuny azaltmakda sanly tehnologiýalarynyň tutýan orny” atly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Içeri işler ministrlikleriň, Baş prokuraturasynyň, Merkezi bankynyň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynda korrupsiýa garşy çäreleri amala aşyrmakda sanly tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini ulanmak we bu babatda ýüze çykýan töwekgelçilikleri azaltmak boýunça tejribe alşyldy.
Türkmenistanyň adalat edaralarynyň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň bu ugurda iş alyp barýan edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahat korrupsiýanyň howpuny azaltmakda sanly tehnologiýalarynyň orny bilen bagly iş tejribeleri, degişli hukuk maglumatlary bilen tanyşmaga uly mümkinçiligi döretdi.
Görkezilenlerden ugur alnanda, ýurdumyzyň häzirki wagtda öňe okgunly hereket etmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, durmuşyň beýleki ugurlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary, ylmy - tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň örän wajypdygyna göz ýetirýäris. Adam hakynda aladalar edýän, adamynyň parahat we döwrebap ýaşaýşy üçin belent maksatlar esasynda netijeli işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.