Ankarada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi

07.02.2020

Golaýda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreler barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ýerli jemgyýetçilige gi­ňişleýin maglumat bermek maksady bilen, brifing geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi, Daşary işler ministrliginiň, Palatalar we biržalar birleşiginiň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Ankaradaky wekilhanalarynyň wekilleri, ýurduň Mejlisiniň deputatlary, şeýle-de «ТRТ» teleradio kompaniýasynyň, «Anadolu Ajansi», «Dünya» gazetiniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 Çäräniň başynda Türkmenistanda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň taryhy we ähmiýeti, onuň sebit hem-de halkara derejesinde durnuklylygy pugtalandyrmakdaky orny, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada gürrüň berildi.

Türkmen Lideriniň eserleri hem-de halkyň taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan sergi çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Habarlar