Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

27.01.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Güýzlik bugdaýa ideg etmek boýunça hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi, ösüş suwuny tutmagy agrotehniki möhletde geçirmek, şeýle hem gowaça, gök-bakja we ýeralma ekiljek meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamak boýunça görülýän zerur çäreler barada habar berdi.

Şonuň bilen birlikde, howanyň häzirki sowuk günlerinde durmuş maksatly desgalary ýylylyk, gaz, suw we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi, sebitiň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň barşy barada habar berildi.

Häkim döwlet Baştutanymyzy 27-nji ýanwarda her ýyl bellenilýän baýramçylyk — Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynyň, tohum serişdeleriniň we oba hojalyk tehnikasynyň nobatdaky ekiş möwsümine göwnejaý derejede taýýarlanylmagyna ünsi çekdi, şunda degişli agrotehniki çäreleriň, şol sanda ýerleri sürmek we tekizlemek işleriniň öz wagtynda geçirilmegi uly ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz güýzlik bugdaýa toplumlaýyn ylmy esasda ýerli toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly, ýokary hilli ideg etmegiň wajypdygyny belläp, babadaýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, oba ýerlerinde we tutuş welaýatda ýaşaýyş-durmuş düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz sebitde Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän desgalaryň, hususan-da, welaýatyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň desgalarynyň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmeginiň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhümdigi barada aýdyp, öňde goýlan ähli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, dolandyryş we önümçilik düzümleriniň işleriniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek babatynda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaz paslynda, asylly däbe görä, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze bag nahallaryny ekmek çäresine badalga beriljekdigini belläp, sebitde Berkarar Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu parz çärä sebitde göwnejaý derejede taýýarlyk görmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim ýurdumyzyň günbatar sebitiniň oba hojalyk we beýleki pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hususan-da, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da hasabat berildi. Mundan başga-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.

Pursatdan peýdalanyp, häkim milli Liderimizi Watan goragçylarynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň artdyrylmalydygyna ünsi çekip, ak ekinlere ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy, ýazky ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn we ýokary hilli taýýarlyk görülmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, pudaga öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagyna, türkmen halkynyň baý daýhançylyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň, Oba milli maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, howanyň sowuk günleriniň dowam edýändigi sebäpli, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk bilen yzygiderli üpjün edilmegi, welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy, gaz we suw bilen bökdençsiz üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem sebitde Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna hem-de bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çärelere, şol sanda ýazky köpçülikleýin bag ekmek çäresine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň, şüdügär sürüminiň, gowaça ekmäge niýetlenen ýerlerde tekizleýiş işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny we ekiş enjamlaryny nobatdaky möwsüme taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada-da habar berildi.

Şeýle hem häkim milli Liderimize Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdyp, ähli meýdan işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilmegine jogapkärli we oýlanyşykly çemeleşilmeginiň wajypdygyny belledi.

Çünki ak ekinleriň ideg işleriniň ýokary hilli bolmagy, ýazky gowaça, ýeralma, gök we bakja ekinleriniň ekiş möwsüminiň bellenilen möhletinde geçirilmegi geljekki bol hasylyň girewidir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, desgalaryň bellenilen möhletinde gurlup gutarylmagynyň zerurdygyny belledi. Aýratyn-da, «Türkmenistan —Bitaraplygyň mekany» ýylynda ulanylmaga berilmeli desgalaryň gurluşyk işleri berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň durmuş düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we umuman, welaýatyň ähli durmuş üpjünçiligi ulgamynyň gyş paslynda bökdençsiz işlemegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazky köpçülikleýin bag ekmek möwsümi üçin niýetlenilen ýer böleklerini öz wagtynda we ýokary hilli taýýarlamak, çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hasabat berdi. Häkim obasenagat toplumynda, gurluşyk meýdançalarynda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy hem-de depgini, senagat pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, sebitiň ýaşaýyş-durmuş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ilaty ýylylyk, elektrik energiýasy, gaz we suw bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Sebitiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi şu gün bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, ýer-suw serişdelerinden tygşytly peýdalanylmagyna, bu ugurda netijeli ylmy usullaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň, ekerançylaryň höweslendirilmeginiň hem-de yzygiderli goldanylmagynyň we ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur mümkinçilikler bilen üpjün edilmeginiň bol hasyl almagyň möhüm şertidigini belledi.

Şunda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegi, gowaça, miwe, gök-bakja ekinleri we ýeralma ekmek üçin bölünip berlen ýerleriň göwnejaý derejede ekişe taýýarlanylmagy boýunça oýlanyşykly çäreler uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, sebitde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görmek, şeýle hem türkmen topragynyň bagy-bossanlyga bürenilmegine ýardam berýän ýazky bag ekmek möwsümine göwnejaý derejede taýýarlyk görmek boýunça zerur çäreleri görmek barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň sebitiň oba hojalygynda we milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda, hususan-da, durmuş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabaty diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük däne ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýän ideg işleri, ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary ýaz ekişine taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy.

Mundan başga-da, häkim sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, welaýatyň inženerçilik-tehniki ulgamynyň bökdençsiz işini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle-de häkim döwlet Baştutanymyzy Watan goragçylarynyň güni bilen mähirli gutlap, hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagatynda we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bar bolan mümkinçilikleri doly amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz alym agronomlaryň tekliplerini we ýerleriň tebigy hem-de toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, oba hojalygynyň netijeliligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmak, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary we hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny işjeň ornaşdyrmak boýunça çäreleriň ähmiýetlidigini belläp, pudaklaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň wajyp wezipeleri barada aýdyp, meýdan işlerini we öňde boljak möhüm oba hojalyk möwsümlerini bellenilen möhletde hem-de ýokary hilli geçirmek, welaýatda bugdaýyň, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen anyk çäreleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary öz wagtynda ulanmaga bermek, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine, şol sanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ýazky möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy we depgini barada aýdyp, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişine, ak ekinleriň ideg işlerine, ýazky ekiş möwsümine ýerleri, tehnikalary, tohumlyk we beýleki serişdeleri taýýarlamak meselelerine möhüm üns berilýändigini nygtady.

Şeýle hem ýazky köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek möwsümini guramak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi.

Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasy ugurlaryny kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň bar bolan ägirt uly kuwwatlyklaryny we mümkinçiliklerini, şol sanda gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik ulgamlaryny doly güýjünde ulanmagyň, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, pudagyň öňünde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak meýdan işlerini guramaçylykly geçirmek, agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, degişli gulluklaryň we düzümleriň özara sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tohumçylyk işini we umuman, pudaklaýyn ylmy mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň önümçilik bilen arabaglanyşygyny berkitmegiň, ýurdumyzyň oba hojalygyna täzeçil usullary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek möwsümi barada aýdyp, ýurdumyzda nobatdaky bag ekmek çäresine oýlanyşykly taýýarlyk görmegi tabşyryp, saýaly we gyrymsy ösümlikleriň dürli görnüşlerini saýlap almaga sebitleriň toprak – howa şertlerine laýyklykda ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramagyň hem-de durmuş ulgamy üçin amatly şertleri döretmegiň wajyp ugurlarynyň biri bolan BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli gün tertibinde» ekologiýa meselesine ähmiýetli ugur hökmünde möhüm üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çäresiniň wajypdygyny ýene bir ýola belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny ýokary derejede baýram etmäge we bu şanly senä bagyşlanan çärelere taýýarlygyň barşy boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmäge gönükdirilen iri täze desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar berildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde häkim gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Häkim şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli milli Liderimize tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň geljegi nazarlaýan toplumlaýyn ösüşe yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendigini belläp, şäher hojalygyny, jemagat gulluklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň işine öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady.

Şu maksat üçin bu ulgamdaky iň oňyn dünýä tejribelerini öwrenmek hem-de şolary gözellik we ekologiýa düzümlerini öz içine alýan abadançylyk boýunça gurluşyk taslamalary we meýilnamalar işlenip taýýarlanylanda ulanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen tanşyp hem-de olara birnäçe degişli düzedişleri girizip, bellikleri aýdyp, Aşgabadyň binagärlik keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleriniň we nusgalyk döwrebap çözgütleriň sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi.

Türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi babatda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, paýtagtymyzyň inžener-tehniki düzümleriniň bökdençsiz işlemeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň toýuna ýokary derejede taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, bu şanly waka gabatlanylyp geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň ahyrynda, paýtagtymyzda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň täze taryhy döwrüň ruhuna hem-de talaplaryna gabat gelmelidigini nygtady hem-de öňde goýlan jogapkärli wezipeleriň berjaý edilmegi üçin ähli tagallalaryň jemlenilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar