Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

24.01.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan meýilnamadan ugur almak bilen, ilat ýazuwyny geçirmegiň we onuň jemlerini jemlemegiň usullaryny öwrenmek hem-de ilat ýazuwyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek, onuň netijelerini işläp taýýarlamak üçin programma üpjünçiligini, zerur enjamlary satyn almak we bäsleşik geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň durmuş-ykdysady häsiýetnamalar we beýleki ähmiýetli ýagdaýlar bilen utgaşyklykda ilatyň sany, ýaş toparlary, düzümi hakynda doly we dogry maglumatlaryň möhüm çeşmesi bolup durýandygyny belledi. Alnan statistiki maglumatlar Türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň pudaklaýyn hem-de toplumlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder.

Şonuň bilen birlikde, 2022-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ilat ýazuwy Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2015-nji ýylda kabul edilen Kararnamasynyň maksatlary bilen kybap gelýär. Bu bolsa Bitarap Watanymyzyň BMG we onuň iri düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz täze sanly tehnologiýalary netijeli ulanyp, ilat ýazuwynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunda döwlet Baştutanymyz degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmek bilen ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga we önümçilik kuwwatyny hem-de eksport mümkinçiligini artdyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň öňe ilerledilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzir ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşmaga gönükdirilen nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmegiň, onuň düzümlerini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmagyň toplumyň öňünde goýlan wajyp wezipeleriň hataryna girýändigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyna maýadarlary çekmäge, energetika ulgamynda işlemekde uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet energetika institutynyň ýanyndaky ylmy-önümçilik merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde gün we ýel energiýasyny peýdalanmak meseleleri boýunça degişli hasaplamalar geçirildi. Şol işleriň netijesinde, çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň tebigy-howa şertlerimiziň gaýtadan dikeldilýän energiýany giňden peýdalanmak üçin örän amatlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ekologiýa taýdan howpsuz energiýa desgalarynyň ykdysady we durmuş maksadalaýyklygyny nazara almagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz döwrebap energiýa desgalaryny ornaşdyrmak üçin türkmen hünärmenleriniň uly tejribesiniň bardygyny aýdyp, bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagynyň ýurdumyzyň alys ýerlerindäki ilatly ýerleriň bökdençsiz elektrik üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, şol taslamalaryň tehniki taýdan seljerilmegini hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine kybap gelýän has amatly durmuş şertlerini döretmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyp, wise-premýere kesgitlenen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini gurmak hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere iberdi hem-de bu resminamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşigi geçirildi, şonuň netijeleri boýunça «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetiniň ýolagçy awtomenzilleriniň taslamasy seçilip alyndy.

Geçirilen hasaplamalara laýyklykda, bu desgalaryň gurluşygyny Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň hem-de «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetiniň arasynda paýly gatnaşykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri çözmek hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ykdysadyýete geçmek strategiýasy bilen baglylykda yzygiderli geçirilýän işler barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, senagat we kommunikasiýa ulgamlarynda häzirki wagtda amala aşyrylýan iri taslamalaryň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, halkymyza ýokary hilli önümleri we döwrebap hyzmatlary hödürlemek üçin amatly şertleri döredýändigini belledi.

Ýolagçy gatnatmagy döwrebaplaşdyrmak hem-de edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, iň täze ylmy gazanylanlardan netijeli peýdalanmak we sanly tehnologiýalara geçmek boýunça işi dowam etdirmek möhümdir. Dürli maksatly desgalar, şol sanda ýolagçy awtomenzilleri gurlanda, döwrebap timarlaýyş we beýleki serişdeleri ulanmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz döwrebap binalarda ýolagçylara ähli amatlyklaryň döredilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz senagat we kommunikasiýa toplumynda geçirilýän işleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurlarda sanly ulgamy hem-de elektron resminama dolanyşygyny ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion syýasaty durmuşa geçirmek, ulag düzüminde gurulýan desgalaryň dünýä ölçeglerine gabat gelmegini üpjün etmek maksady bilen, döwrebap tehnologik binýadyň döredilmegine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça görülýän çäreler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri we daşary ýurtlara iberilýän harytlary öndürmek ulgamynda, senagatyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda telekeçiligiň ornunyň artýandygyny belläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryny goldamagyň hem-de içerki bazary ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem daşary söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek we ýurdumyzda öndürilen azyk harytlarynyň artyk bölegini daşary ýurtlarda ýerlemegiň täze ugurlaryny gözlemek boýunça tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bazardaky ýagdaýy yzygiderli öwrenmegiň we ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleglerini seljermegiň, ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalara öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklady we resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow, öz nobatynda, milli ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek babatda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynyň işi barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek, bu okuw edarasynda bilimiň hilini gowulandyrmak hem-de işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak, döwlet gullukçylaryny taýýarlamaklyga bildirilýän talaplardan ugur alyp, täze hünär ugurlaryny açmak, wajyp ugurlar boýunça gaýtadan taýýarlamak, hünäri ýokarlandyryş we magistr taýýarlygy okuwlaryny girizmek meseleleri Mejlis, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde seljerildi we degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýetiň işgärleri taýýarlamagyň täze derejesini talap edýändigine ünsi çekip, bu babatda dünýäniň iň gowy tejribesine daýanmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda gurlan we häzirki wagtda gurulýan döwrebap senagat kärhanalaryna, döredilýän täze pudaklara sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary hünärli hünärmenleriň gerekdigini aýdyp, tutuş hünär taýýarlygy ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz giň möçberli milli taslamalaryň we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýokary hünärli işgärler düzümini göz öňünde tutýandygyny aýdyp, Döwlet gullugy akademiýasynda ýolbaşçylar üçin sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça okuwlaryň guralmagynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga ýardam etmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň meseleleri hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we şu babatda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 14-nji ýanwarda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň eden taryhy çykyşynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Meýilnama «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy we syýasy ähmiýeti», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady ugrunyň möhüm ähmiýeti», «Ynsanperwerlik meseleleri we medeni gymmatlyklar barada» hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy — häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimiz» atly dört bölümi özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli çäreler, şol sanda duşuşyklar, düşündiriş çäreleri, maslahatlar, brifingler, media-forumlar we beýlekiler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmeginde ynsanperwer ulgamyň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere meýilleşdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we umuman, Bitaraplygyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy hem-de welaýatlarda amala aşyrylýan meýdan işleri barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatlarda ýazky ekişe taýýarlyk görülýär. Gowaça ýetişdirmek üçin bölünip berlen meýdanlarda sürüm, ýerleri tekizlemek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak we doly taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli tohum taýýarlanylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ak ekini dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, etraplar we daýhan birleşikleri boýunça şu ýyl ýeralma, beýleki miwe we gök önümleriň ekiljek ýerleri kesgitlenildi. Şeýle hem şol ýerleri ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw bilen üpjün etmek ýaly ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň azyk ulgamyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, ilatyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde döredilen ýörite ýer gaznalaryndan kärendeçilere bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň netijeli özleşdirilmegine aýratyn üns bermek tabşyryldy. Şeýle hem obasenagat toplumynyň ekerançylyk ulgamyna agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de ýyladyşhana hojalygyny has-da ösdürmäge degişli anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 28-nji ýanwarynda sebitiň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde Berlin şäherinde geçiriljek «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forumyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň umumy howpsuzlyga ýetirýän täsiri bilen bagly meselelere seretmek bolup durýar.

Maslahatyň barşynda GFR-niň Hökümetiniň degişli başlangyjy beýan edilip, şonuň esasynda daşky gurşawy goramak we bioköpdürlülik, suw serişdelerini dolandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, tokaý hojalygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de energonetijelilik, oba hojalygy we ýer serişdelerini dolandyrmak ugurlary boýunça taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ulgamlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, 3-nji fewralda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda geçiriljek «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, şunuň ýaly derejedäki duşuşyk sebitiň bäş döwletiniň hem-de ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň köptaraplaýyn usuly bolup durýar. Şonuň çäklerinde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmek, söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşky gurşawy hem-de ekologiýany goramak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplere yzygiderli seredilýär.

Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek duşuşygyň gün tertibine ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler giriziler. Şolaryň hatarynda ykdysadyýet we energetika, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk hem-de adam söwdasy ýaly häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak ýaly meseleler bar.

Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, ony durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, Merkezi Aziýanyň energetika, ulag we söwda ulgamlaryna birikdirmäge ýardam etmek boýunça tagallalary birleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki degişli resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.

Şol döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Şonuň bilen birhatarda, biziň ýurdumyz sebit we sebitara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek ugrunda çykyş edip, goňşy ýurtlar bilen köptaraplaýyn görnüşlerde işjeň gatnaşyklary ösdürýär.

Milli Liderimiz Berlinde geçiriljek halkara maslahatynyň gün tertibi barada durup geçmek bilen, ekologiýa meselesiniň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, sebitde suwdan we tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak meselelerinde esasy orny eýelemek bilen, biziň ýurdumyz şolaryň amatly çözgütlerini işläp taýýarlamaga hem-de öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça köpugurly hyzmatdaşlyga taýýarlygyny iş ýüzünde tassyklaýan Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň we düzümleýin taslamalaryň «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen üznüksiz baglydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, fewral aýynyň başynda «C5+1» görnüşde geçiriljek duşuşygyň ähmiýetini nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň arasyndaky umumy bähbitlere kybap gelýän netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmen-amerikan gatnaşyklary barada aýdylanda, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletara gatnaşyklary, däp bolşy ýaly, deňhukukly, netijeli, okgunly häsiýete eýe bolup, onuň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi üçin uly mümkinçiliklere eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem sebitde hem-de dünýäde abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry üýtgewsiz durmuşa geçirjekdigini belläp, «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahatyna hem-de «C5+1» görnüşde ministrler derejesinde geçiriljek nobatdaky duşuşyga taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmagyň çäklerinde täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini talap edýän hukuk namalary seljerilýär.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli çäreleriň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz etmek boýunça işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäklerinde «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň jemleri barada ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guralýan maslahatlara we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ilerletmegiň, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmekde biz iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerinden ugur alyp, halkara hukugynyň esasy kadalaryny ugur edinmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Konstitusion toparyň işi barada durup geçmek bilen, bu düzümiň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň Taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp we hökümet agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda özgertmeleri çaltlandyrmak boýunça netijeli çäreleri görmegiň we täze teklipleri öňe sürmegiň, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegiň meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegiň, hojalygy ýöretmegiň, bazar gurallaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda hususy ulgamyň ornunyň barha artýandygy şol gurallaryň täsirliligini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz suwdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolan ylym-bilim ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşiniň üpjün edilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara gatnaşyklary giňeltmek meselesi barada durup geçip, TOPH we TOP taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarynyň gününi ýokary derejede, jemgyýetçilik guramalarynyň giňden gatnaşmagynda geçirmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri guramak babatda aýratyn görkezmeler berildi. Milli Liderimiz bu möhüm senäniň Türkmen döwletiniň garaşsyz taryhynda möhüm ähmiýete eýedigini, onuň daşary syýasatynda wajyp sepgitdigini we şoňa görä-de, bu senäniň ýokary derejede bellenilmelidigini nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar